13:10 Gürgenç / 2-nji kitap -18 | |
XVIII BAP
Taryhy proza
Soltan Sanjar on ýyllap özüniň hyzmatynda bolan çaglarynda Atsyzy gowy görýärdi. Şonuň üçin ol näme etse-de, töweregindäki wezir-wekilleri näçeler ýamanlasalar-da, oňa garşy çäre ulanmaýardy. Çünki, gowy gören ýürek eýle-beýle zat üçin ýaman görüp bilmeýärdi. Belki, bu Mawerannahrdaky şikärde bolan wakanyň täsiridir. Şonda özüni ölümden halas eden Atsyza ýüreginde bergidarlyk duýgusy bilen bile mähribanlyk duýgusy hem döräpdi. Wagtyň geçmegi we wakalaryň gapma-garşylygy bilen assa-ýuwaş sönen şol duýgunyň kiçijik bir uçguny saklanyp galan bolsa gerek, şonuň üçin onuň Buhara eden ýörüşini ogly Atlygyñ öldürilenliginiñ ary hasap edip, bagyşlapdy. Horezmine eden birinji ýörüşinde-de, eger Atsyz eden-etdilikleri üçin ötünç soran ýagdaýynda şol bolan weýrançylyklar ýüze çykmazdy. Indi Atsyzyň bu saparky eden etdiligi, özi ýoklugynda ýurduny tozduryp gaýdany soltanyň etinden geçip, süňküne ýetipdi. Şonuň üçin ol bu sapar ony çynlakaý jezalamak maksadynda goşun toplamaga girişdi. Ol Horezminiň gazaply gyşynyň geçmegine garaşyp, 538-nji hijriniň (1143) baharynda uly goşun bilen Atsyzyň üstüne ýörüşe başlady. Soltan Sanjaryň leşgeri Nowruz baýramynyň yz ýanynda Horezminiň bir çetinden girip bardy. Tä ýurduň paýtagty Gürgenje ýetilýänçä hiç ýerde, hiç hili garşylyk görkezilmedi. Şundan soltan Atsyzyň açyk meýdanda söweşe çykmaga gaýraty çatmandygyny düşündi. Ol: "Bize bu hem ters däl. Açyk meýdanda jeň bolsa köp gan dökülerdi. Galaňy alyp, özüňi jezalandyrsam ýeterlik” diýip, şäheri gabady. Emma Gürgenjiň galasy gaty berkdi. Ony manjanyklardyr jamalukatlar bilen urup, ýakyn wagtyň içinde gädip hem boljak däldi. Galanyň depesinde bolsa elleri dürli ýaragly urşujylar doludy. Depedäkilere salalym-merdiwanlarda çykyp ýa-da mataryslarda baryp, hüjüm etseň hem berk gaýtawul berjekdiler. Şonuň üçin soltan şähere derwezeleri ýaryp girmekligi niýetläp, bir wagtyň özünde olaryň ikisine-günortadaky hem-de gündogardaky derwezelere zabt etmäge buýruk berdi. Derwezeler hem depeden goralýardy. Olaryň golaýyna baranlaryň üstüne peýkamlar ýagdyrylýardy. Berk agaçdan daşyna demir gaplanan derwezeler eýle-beýle urgulara ýan berjek däldi. Ýöne ýokardan ýagdyrylýan peýkamdyr daşlar zerarly çekiýän ýitgilere garamazdan jamalukatlaryň yzygiderli batly zarbasy olary birneme sarsdyryp ugrady. Emma şol bada-da, derwezeleriň arkasyndan güýçli direg berip berkidilýärdi. Bir wagt soltanyň duran ýeriniň golaýyna bir tagta kagyz dolanyp daňylan peýkam gelip sanjyldy. Soltan onuň Atsyzyň iberen hatydygyny şol bada aňdy. Ol mürzesine peýkamdan haty alyp, okap bermegi buýurdy. Hatyň mazmuny şeýledi: “Mertebesi daglardan hem beýik Soltanym! Siziň Horezmine goşun çekip, geljegiňizi bilýärdim. Men Siziň öňüňizden leşger bilen çykyp, garşyňyza gylyç götermegi özüme uslyp bilmedim. Çünki günäm boýnymda. Emma bu günäni men bilkastlaýyn etmedim. Men Merwe Siziň ýoklugyňyzda kesekiler gelip, köşgüňizi tozdurmasyn, hazynaňyzy alyp gitmesin diýip, bolaýmagy mümkin ýagdaýyň öňüni almak maksadynda bardym. Köşgüňiziň abatlygyny barlamak üçin adamlarymy iberenimde käbir bozgakçy ulamalar ilaty küşgürip, gozgalaň turuzypdyrlar, biziň adamlarymyzy öldüripdirler. Onsoň bu gozgalaňy güýç bilen ýatyrmaly bolduk. Elbetde, munuň ýaly ýagdaýda esgerler tarapyndan öte geçilýän hallar hem bolmagy mümkin. Hazynaly sandyklaryňyzy bolsa öz tugraňyz bilen tugralap, alyp gaýtdyk. Olary amanat hökmünde saklap goýduk. Şu bolan wakalarda bilip-bilmän eden günäm bolsa bagyşlarsyňyz, ýene-de öňki ýaly Siziň saýaňyzda ýaşamak bagtyndan bizi mahrum etmersiňiz diýip umyt edýärin". Mürze haty okap bolandan Soltan Sanjar ajy ýylgyryp, kellesini ýaýkady-da: “Gör-ä, onuň sapalak atyşyny" diýdi. Ýöne diýse-de köňli öňküsinden biraz ýumşady. Şu ýerde duran wezir-wekilleriň, serkerdeleriň köpçüligi soltanyň sözüni makullasalar käbirleri “Belki, Horezmşa dogrusyny aýdýandyr” diýdiler. Soltan olara gözüni alardyp seredip goýdy. Derwezelere hüjüm, arasynda birazrak arakesme bilen gün batyp, garaňky düşýänçä dowam etdi. Şamlyk iýilip, huptan namazy okalandan soň Gürgenji gabap ýatan leşgeriň giň meýdany tutan düşleginiň günorta çetinde iki atly peýda boldy. Olary sakçylykda duran esgerler saklady. Gelenler atlaryndan düşüp, sakçy ýigitler bilen görüşip, soraşdylar. Soňra gelenleriň ekabry (onuň Horemşanyň hajybydygyny bilen bolsaňyz gerek) sakçylaryň başlygyna ýüzlenip: -Goşunyňyzda Bugrategin Muhammet diýen emir bar bolsa, men ony göräýjekdim-diýdi. -Siziň soraýan emiriňiz bar, ýöne onuň ýanyna, siziň kimdigiňizi bilmän, goýbermek bolmaýar. Şeýle jogaby alan hajyba beýleki emiriň adyny aýtmak hajaty galmady. Ol indi şu emire duşmagyň alajyny edip başlady: -Men emiriň garyndaşy bolýan, ony köp ýyldan bäri görmedim. Meni onuň ýanyna eltmegiňizi haýyş edýän, hyzmat hakyňyzy hem berýän. Sakçy esger “hyzmat hakyna” gyzdymy ýa-da garyndaşyny eltip, emire gowy görünjek boldymy, hajybyň haýyşyny etmäge razy boldy. Hajyp atlaryň ýanynda ýoldaşyny galdyryp, esgeriň yzyna düşdi. Şeýlelikde, Horezmşanyň hajyby salym geçmän, emir Bugrateginiň huzurynda häzir boldy. Burnuňyň gany ýaly türkmen halysy düşelen çaklaňrak çadyryň töründe jüp ýassygy tirsekläp gyşaryp ýatan emir sakçy ýigidiň getirip, aýdyp giden "garyndaşyny” tanajak bolup, dikeldi-de, goşa şemiň ýagtysynda onuň ýüzüne siňe seretdi. Hajyp salam berip, iki elläp görüşdi, Emir oturmagy teklip etmezdenem öň önuň garşysynda dyzyny epip, saglyk-amanlyk soraşdy. Bugrategin onuň dilinden horezmli türkmendigini, özüne hiç hili garyndaşlygynyň ýoklugyny, özi hem bir möhüm iş bilen gelendigini aňdy. Ol: - Ýeri, "garyndaş" habaryňyzy berip oturyň, bizlik näme ýumuş?-diýip ýaňsyly gepledi. - Muhterem emir jenaplary, men hajyp Nyzameddin Baýdar Siziň huzuryňyza Horezmşa hezretleriniň mähirli salamyny alyp geldim. Hökümdarymyň mübärek salamyny Size ýetirmek bagtyna miýesser bolanyma begenjim çäksizdir-diýip, hajyp sag goluny gursagyna goýdy.- Horezmşa Atsyz hezretleri Merwde soltanyň hyzmatynda bolan ýyllarynda Siz onuň gowy görüşýän dostlarynyň biri ekeniňiz. -Ýalan, men Atsyz bilen dost däldim, ýöne ýakynrak tanyşlardyk. -Siziň ýakynrak tanyş hasap edeniňizi, ol ýüregine dostluk diýip kabul edendir. Ine şol dostlugyň hatyrasyna Size bir ýadygärlik sowgatjyk hem berip goýberdi - diýip, hajyp ýan kisesinden şemleriň ýagtysyna köz ýaly lowurdap duran ýakut daşlardan düzülen tesbini çykaryp emire uzatdy. Şobada emiriň ýüzündäki ýaňsyly ulumsylyk alamatlary zym-zyýat boldy, gözleri nebsewürlik bilen uçganaklady, elindäki adaty tesbini aşakda goýup, uzadylan tesbini aldy. Onuň sanawuny edeninde ýakut daşlaryň biri-biriniň üstüne şyrkyldap düşüşine keýpi göterilip, hajyba ýylgyryp garady-da: -Jenap hajyp, bu gymmat baha sowgatjygyň bir ýumuşjygy-da bardyr, diňe dostlugyň hatyrasyna däldir-diýdi. -Ýok, ýok! Jenap emir, diňe dostlugyň hatyrasyna, Ýumuşjygyň haky başga-diýip, hajyp goltuk jübüsinden göwher gaşly ýüzükleriň birini çykardy. Ýüzügiñ şemleriñ şöhlesi bilen bäsleşýän kimin şöhle saçyp duran göwher gaşyna kaklyşan emiriñ gözleri hem şöhlelenip gitdi. Ol ýüzügi eline alyp, bir salym synlady-da, barmaklaryna birin-birin sokup gördi, soňra goltuk jübüsine salyp, hakyny öňünden alan talaban kimin: -Ýumuşyňyzy aýdyň!-diýdi. Hajyp emiri ele alanyna begenip: -Ýumuş-ýaraşyk, muhterem Bugrategin. Soltany ýaraşyga yrmaly. Eger Siz bu sogaply işiň hötdesinden gelseňiz, müňlerçe adamy ölümden halas etdigiňiz bolar. Bu bilen tutuş Horezminiň halkynyň alkyşyna galarsyňyz-diýdi. Emir gara gyrçuw sakgalyny sypap, bir salym dymdy, soňra ardynjyrap: - Soltan Atsyza juda gaharly. Şeýle bolansoň ol meniň töwellamy alarmyka-diýip, hajyba ünjüli garady.-Muhterem Nyzametdin, bu bir adama başardýan iş däl. Horezmşanyň iberen hatyny okadyp, onuň uzur soraýanyny eşideninden soňam, azajyk bolsa-da ýumşamady. Gaýtam beter gaharlanyp, “Gör-ä, onuň sapalak atyşyny” diýdi. Ýogsam, hat örän täsirli ýazylan eken. Emiriň bu jogaby hajybyň teşwüşini artdyrdy. Ol işi Bugrateginiň özi bitiräýse, beýleki sowgatlyklary hazyna tabşyryp, Horezmşanyň öňünde uly abraý gazanjakdy. Bolmady, beýleki sowgatlary-da eçilmeli boldy. Ol emiriň “bu iş bir adama başartmaz” diýeninden many çykaryp, Horezmşanyň at beren ikinji emirini hem agzamaly boldy: -Muhterem Bugrategin, ýanyňyza ýene bir emiri, meselem Bargudar Gaýly jenaby alyp, soltanyň daşyna geçseňiz maksadymyz myrat bolar, enşalla. Bugrategin hajyba Bargudar Gaýlynyň adyny tutanyna geň galyp garady. -Siz Bargudar Gaýlyny nirden bilýäňiz? -Sizi bilişim ýaly bilýän, jenap Bugrategin. -Hä, hä. Horezmşa onuňam adyny berdi diýseňiz-le. Emma jenap Bargudar bu işde maňa goşularmyka? Hajyp goltuk jübüsinden ikinji göwher gaşlyny çykardy-da, emire uzatdy: -Muny ol jenaba sowgat etseňiz Siziň etjek bolýan sogap işiňizden boýun gaçyrmaz, öýdýän-diýdi hajyp. Ýüzügi eline alyp, synlaýan Bugrategin onuň özüne berleninden tapawudy ýokdugyna göz ýetirip, kellesini ýaýkap güldi: -Bäh, jenap hajyp, ýaman şeýtan adam ekeniňiz. Horezmşadan sowgatlary goşa-goşadan alyp, birisi bilen iş bitirjek bolduňyz-ow. Ýüzügiň ýanynda ýakut tesbi hem bolmaly. Çykaryň onam!-diýdi emir ýarym çyn, ýarym degişme äheňde. Nyzametdin hajyp ulurak syry paş bolanda-da, aljyrajak adamlardan däldi. Ol hem emire gülüp gaýtargy berdi: -Jenap emir, Siziň şeýtanlygyňyzam meniňkiden pes däl ekeni, tesbiniň bardygyny hem biläýdiňiz-diýip, bir ýan kisesinden ikinji tesbini çykaryp berdi. Bugrategin ýüzük bilen tesbini egnine ýelbegeý alyp oturan gara mahmal donunyň içki gapdal kisesine saldy-da, hajyba ýüzlendi: -Jenap Nyzametdin, enşalla bu işiňiz biter. Bu işi menem, jenap Bergudar hem bujagaz sowgatlaryňyz üçin däl, sogap üçin, gan dökülmezligi üçin halysalla bitirjek bolarys. Biter hem. Ýöne muňa azyndan bir hepde gerek bolar. Şu wagtyň içinde edilýän hüjümlere siziňkiler berk gaýtawul beribermeli. Meniň bu diýýänimiň sebäbine düşünýän bolsaňyz gerek. Soltan hiç hili garşylyk görmän, gelen badyna ýaraşyk etmez. Häzir oňa ýaraşyk edeli diýip, aýdyp hem bolmaz. Bugrateginiň bu aýdanynyň jany ýok däldi. Şonuň üçin hajyp onuň bilen ylalaşmaly boldy. Emir sözüni dowam edip: -Indi esasy mesele-diýdi. -Siz häzirki bolýan ýeriňizden iküç ulamany, kethudany ýanyňyza alyp, bir hepdeden soň soltanyň ýanyna geliň. Ol her gün irden çadyrynyň öňüne çykyp, esgerleri gözden geçirip durýar. Biz hem onuň ýanynda bolýas. Şo mahalam gelip, tagzym edeniňizden soň onuň adyna hamdu-senalar aýdyň. Soňra Horezmşanyň adyndan, öz adyňyzdan ilata aman diläň. Onsoň şu ýerde-de, soltanyň ýaraşyga razylygyny alarys, enşalla. Nyzametdin hajyp Bugrateginiň ynam bilen aýdan sözünden kanagatlanyp, onuň bilen hoşlaşdy. *** Emir Bugrateginiň aýdan bir hepdesi geçdi. Nyzameddin hajyp emiriň aýdyşy ýaly iki ak selleli ulamany, iki-de ak sakgally ýaşulyny yzyna tirkäp, irden ýaz güneşiniň şapaklary görnüp ugran mahaly uly meýdany tutup ýatan leşgeriň goşuna ýetip geldi. Sakçylara aýdyp goýlan bolmaga çemeli, olary atlaryndan düşürip, geçirip goýberdiler. Soltan Sanjaryň şahana çadyry goşuň bir çetinde beýigräk ýerde dikilen bolup, depesinde soltanlygyň tugunyň kiçiräk görnüşi ýuwaş öwüsýän şemalda çalarak pasyrdaýardy. Soltan Sanjar Bugrateginiň aýdyşy ýaly çadyrynyň öňünde zerbap donuny egnine ýelbegeý atyp, ýaňy örüp başlan esgerleri gözden geçirýärdi. Onuň biraz mama dişlän çal sakgally ýüzi ünjüli we çytyk görünýärdi. Ol özüne tarap gelýän del adamlara gözi düşende ýanyndakylara garap: - Şu gelýänler-ä aman dilemäge gelýän wekiller bolmaly-diýdi. - Kyblaýy älem, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam "Ýagşy dilegleri kanagatlandyrmak parzdyr” diýipdir-diýen Bugrategine gaňrylyp, düşnüksiz manyda garady, ýöne hiç zat diýmedi. Bargudar Gaýly-da: -Kyblaýy älem, köp gan dökülmän hazynany gaýtaryp alsaňyz, Horezmşany dyza çökerseňiz, aman diläne aman, saman diläne saman beribermeli-diýip, gülüşme tapjak boldy. Soltan onuň gepine gülmedi: -Bugra ikiňiz dilleşen ýaly-la. Nämä gyssanýaňyz ýa aýallaryňyzy küýsediňizmi?-diýip, soltan birneme gatyrganyp geplese-de, Bergudaryň “köp gan dökülmän” diýeni oýlandyrdy. Çünki geçen hepdäniň içinde derwezeleriň birini ýaryp, içeri giren urşujylarynyň topary giren ýerinde berk gaýtawul alyp yzyna serpikdirilipdi. Yzyna gaýdanlaram girenleriň hemmesi däldi, üçden birisi derwezeden içerde galypdy. Beýle ýitginiň sebäbi içerdäki urşujylar ini edi gezden köp bolmadyk derwezeden sygyp geçen topara hem maňlaýdan, hem iki gapdaldan daramak mümkinçiliginden peýdalanyp zarba urupdylar. Şeýlelikde iküç sapar edilen hüjümde gurban bolanlaryň sany goranýanlara garanda hüjüm edýänleriňki köpdi. Elbetde, Soltan Sanjar ýitgileriň sanyna garamazdan jäht edip, hüjümi has güýçlendirse şäheri eýelemegi mümkindi. Emma beýle uly ýitgisiz Horezmşany dyza çökerip, gazanyljak ýeňiş soltana has peýdaly duýlup başlady. Emma Atsyzyň keşbi göz öňüne gelende, ondan aryny almak maksady gazabyny egsildmeýärdi. Soltan Sanjar özüne golaýlap gelýän adamlara bilesigelijilik bilen dikilip durşuna olara näme jogap bermelidigini pikir edýärdi. Ýöne olar gelip ýetende bir karara gelip ýetişmändi. Şonuň üçin öz ýanyndan "Sakawyň soňuna seredeli, göreris" diýip goýdy. Nyzametdin hajyp başlyklaýyn gelen adamlar soltana iki epilip, salam bilen tagzym etdiler. Tagzymdan başlaryny göterenlerinden ulamalaryň biri: -Külli musulman äleminiň şahu-jahany, mertbesi daglardan hem beýik merhemetli soltanymyz-diýip, ýat bekläp gelen hamdu-senasyny başlap goýberdi. Öwginiň täsirindenmi Soltan Sanjaryň çytyk ýüzi barha açylýardy. Hamdu-senanyň soňuny ikinji ulama jemläp: -Merhemetli beýik soltanymyz musulman musulmanyň ganyny dökse şeýtan begenermiş. Şeýtany begendirmän, Allanyň halaýan zady-ýaraşygy etmek uly sogap işdir. Biz Sizden şu sogaply işe baş goşup, Horezminiň ilatyna aman bermegiňizi hem-de ýaraşyk etmegiňizi diläp, halkymyzyň adyndan wekil bolup geldik - diýdi. Ulamalardan soň Nyzameddin hajyp söze başlady: - Kyblaýy älem, şahu-jahan hezretleri, men Nyzametdin hajyp Horezmşanyň ynançly wekili hökmünde onuň Size öz eli bilen ýazyp goýberen namasynyň sözleriniň hakdygyny onuň adyndan tassyk edip, onuň ýene bir gezek uzuryny size ýetirýärin. Soltan Sanjara bu dilewarlyklar entek täsir edenokdy. Ol Nyzameddin hajyba kinaýaly nazar bilen seredip: - Horezmşa diýäniňiziň özüne ynanyp bolmaýarka, onuň ynançly wekiline nähili ynanyp bolýar-diýdi. - Kyblaýy älem, sözlerimiň hakdygyna imanymdan kasam edýän. - Eý musulman, imany ara goşma, eger ol sende bar bolsa. Hajyp bir hili boldy. Garşysynda duran hökümdar. Oňa näme diýip bolýar. Elbetde, diliňe gelenini aýdyp bolmaýar. Gaharyňy içiňe ýuwutmaly bolýar. Şeýle-de bolsa ol: - Kyblaýy älem, men imansyz adama mezeýänmi?-diýmän durup bilmedi. - Daşyňdan meňzäňok. Ýöne käbir adamlar bar zadyny gizläp, ýok zadyny bar edip görkezjek bolýar. Soltanyň bu sözi hajybyň has degnasyna degdi. Ýene bir zat diýse, mundanam beterini eşitjegini duýup, dilini dişledi. Ol soltanyň ýanynda sesini çykarman duran emir Bugrategine närazy nazaryny aýlady. Onuň bu garaýşynda: "şeýle gymmat baha sowgatlary alyp, hany bitiren işiňiz?” diýen many bardy. Soltan Sanjar ulamalara, aksakgallara garap, sözüni dowam etdirdi: - Horezmşa diýýänleriňiz bize goýberen söwgäntnamalarynda özüniň wepadarlygyny, tabynlygyny beýan edip, Allanyň adyndan ant içýär. Emma soňunda sözünde durup bilenok. Onuň biziň garşymyza eden hereketlerini bir näçe gezek bagyşladym. Öňkülerini aýdyp oturmaýyn, 534-nji ýylda Buharany tozduryp gaýdanyndan soň bize söwgantnama iberip, mundan beýläk beýle iş etmejegine ant içip, awy ýalady. Emma gara hytaýlar bilen bolan jeňde goşunymyzyň asgynlyk edip, biziň Termize gidenligimizden peýdalanyp, paýtagtymyz Merwde bigünä adamlaryň ganyny döküp, ilaty talap, hazynamyzy hem alyp gaýtdy. Mundan başga-da, Sarahs bilen Nişapurdan hem olja baryny alyp gaýdypdyr. Hany, aýdyň, musulmançylyga sygýan işmi bu edilen işler?! Ulamalar, aksakgallar näme jogap berjeklerini bilmän, biri-birine seredişdi. Soltan sowalyny gaýtalady. Ulamalaryň biri: - Kyblaýy älem, aýypsyz bir Allanyň özüdir. Horezmşadan hatalyk geçen bolsa-da, Siz beýiklik edip, geçirimli boluberiň. Geçirimlilik Allanyň iň halaýan-häsiýetleriniň biridir-diýip, jogap berdi. Soltan öňküsindenem gyzyp dowam etdi: - Ýok! Bu siziň aýdyşyňyz ýaly hatalyk däl, bu ýagşylyga ýamanlyk! Çünki, biziň onuň tohum-tijine, özüne eden ýagşylyklarymyz unudylýan ýagşylyk däl. Onuň kakasyna-da, özüne-de Horezmşa adyny biz berdik, olary Horezmine hökümdar edip biz belledik. Atsyz atasy Anuşteginiň kimdigini, onuň Horezmine biziň pederimiz Mälik şanyň eradasy bilen gelip, bu ýeri ýurt edinendigini bilmeýärmikä? Bilýär! Ol Horezminiň pederimiz Mälik şadan bize miras galan mülkimizdigini hem bilýär. Şeýle bolansoň onuň bize garşy baş göterimegi bagyşlap bolýan etmiş däl-ä! Bu sözden soň ýaraşykdan umydyny üzen Nyzametdin hajybyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol Bugrategine “Bu nähili boldy?” diýen manyda garady. Ol bolsa hajybyň nazaryndan ýüzüni başga ýana sowdy, hajybyň janyna ot düşdi. Soltan Sanjar bir salym säginip, sözüniň garşysynda duran wekillere nähili täsir edendigini bilmek üçin olara synçy nazaryny aýlady. Olar soltanyň ötgür nazaryna döz gelip bilmän başlaryny aşak egdiler. Şol mahal emir Bugrateginiň: “Kyblaýy älem, egilen başy gylyç kesmez diýipdirler. Horezmşanyň başy bir eýýäm egildi. Bu moýsepid kişiler hem aman diläp gelip, garşyňyzda baş egip durlar. Pygamberimiziň “Ýagşy dilegleri kanagatlandyrmak parzdyr” diýen dogaýy sözleriniň hatyrasyna aman beräýiň” diýen sözlerini eşiden Nyzametdin hajybyň kellesi galyp, gözleri Bugrategine minnetdarlyk bilen bakdy. Soltan Sanjar özüni emiriň sözüne üns bermedik ýaly edip görkezdi-de, Kybla tarapa öwrülip, asman gümmezine dikildi. Onuň bu bolşy göýä Hudaýa mynajat edip: “Eý Taňrym, Horezmşadan gören horluklarym zerarly ýüregimde dörän gazap oduny söndürmäge özüň kömek et, ýogsam men bu şäheri-de, onuň özüni-de ýere ýegsan ederin” diýýäne meňzeýärdi. Ol uludan demini alyp, wekillere tarap öwrüldi, olara agras nazar taşlap, agraslyk bilen gürledi: -Şu azym şäheriň zähmetkeş halkyna jebir ýetmezlik üçin men geçirimlilik edeýin. Baryp oňa aýdyň, alyp gaýdan sandyklarynyň üstüni dolduryp gaýtarsyn, özide-de gelip, aýagyma ýykylsyn! Wekiller gaýta-gaýta tagzym edip, yzyna dolandylar. Sakçylaryň ýanynda goýup, gaýdan atlaryna münüp her haýsy öz ýoluna-ulamalar bilen aksakgallar obalaryna, Nyzametdin hajyp şäheriň ýykylan derwezesi tarapa gitdiler. Gepleşikler wagtynda irden taýýarlanan hüjüm saklanypdy. Soltanyň soňky sözünden soň ol bütinleý ýatyryldy. Şonuň üçin hajyp hiç bir päsgelçiliksiz derwezä ýetip bardy. Ol derwezäniň goragynda duran urşujylaryň arasyndan geçip, göni köşge tarap ugrady. Horezmşa Atsyz takdyryna ten bermeli boldy. Soltanyň sandyklarynyň üstüni dolduryp ugradanyndan soň özi-de bir nökeri bilen iki atly bolup, galadan çykdy. Ol çykan ýerinde atynyň başyny çekip, giň meýdany tutup ýatan leşgeriň goşunyň arasyndan gözi bilen soltanyň çadyryny gözledi. Ähli çadyrlardan özüniň kaşaňlygy bilen tapawutlanyp duran soltanyň çadyry gözüne kaklyşandan şoňa tarap atyny äwmezlik bilen sürüp baryberdi. Soltana onuň gelýänini habar berenlerinden ol emirleri, wezir-wekilleri bilen çadyrynyň öňüne çykyp, üýtgeşik bir waka garaşýan ýaly bolup durdy. Horezmşa taýak atym aralykda atyndan düşdi, atynyň jylawyny еsgerine berip, pyýadalap soltana garşy ýöredi, iki ädim bärsinde ses-selemsiz dyzyna çöküp, soň maňlaýyny ýere berdi. Soltan Sanjar hem gep-sözsüz onuň hereketlerini synlap durdy. Bu sessiz görnüşi soltanyň ýanyndaky emeldarlar, töwerekdäki ähli esgerler birsalym tomaşa etdiler. Täçli kelleleriň şeýle ýere çenli egilýän pursatlary taryhda az bolmasa-da, häzirki bolup duran ýagdaý tomaşaçylara del we täsin görünýärdi. Maňlaýyny ýere berip ýatan Atsyz bolsa özüniň beýle peseldilip, abraýdan düşürilmegi üçin soltandan ýene-de arly boldy, ir-u-giç bu horlyk üçin soltandan ar almagy ýüregine düwdi. Bir salymdan soň Soltan Sanjar: - Kelläňi galdyr, dikelip meniň gözlerime seret-diýip buýurdy. Atsyz dikelip, soltanyñ gözlerine garady. Gözler kaklyşdy. Soltan onuň gözlerinde ökünç, tabynlyk alamatlaryny görjekdi. Emma arly, tekepbir nazara duç geldi. Soltanyň serinden “Egri agajy dogurlap bolmasa gerek. Bu geljekde-de hezil berjege meňzemeýär” diýen pikir geçdi kellesinden. Ýöne aman bermäge söz bereninden soň hiç hili çäre görüp boljak däldi. Emirler soltan Atsyza-da häli ol hakda wekillerine aýdan sözlerini gaýtalap, ony gep bilen ýenjer öýdüpdiler. Emma Soltan beýitmedi. Ol: -Jelaleddin!-diýip, Atsyzyň özüniñ gullugynda mahaly aýdýan adyny tutup, söze başlady.-Ýadyňdamy, ýurduňa gaýtmak üçin menden rugsat alanyňdan soň, biz Gazna, sen Horezmine ugranymyzda ýoluň aýrytynda saňa ak pata berip, näme diýipdim? - Ýadymda, Kyblaýy älem. “Seni inim ýaly görýän” diýipdiňiz. - Ýadyňda bolsa, sen inilik etmediň-ä! Gaýtam birinji ganymym bolduň. Sen meni bir sapar ölümden halas etdiň, senden bir jan karzym bar. Ýogsam bireýýäm kelläňi alardym-diýdi. Soltanyň bu gepi Atsyzyň ýüregindäki köne ody täzeläp goýberdi. Ol: - Meniň öz kellämden hem eziz görýän kellämi aldyňyz-a- diýmän durup bilmedi. Soltanyň ýüzi üýtgedi, ol Horezmşanyň iň agryly ýerine degenini duýdy: - Gahar gelende akyl gaçýar diýenleri dogry ekeni. Ol bolan zat saňa bolan gahar-gazabymyň etdiren işi. Soň özüm ökündimem-diýdi. Atsyz geplemedi, kellesinde bolsa, "seniň soň öküneniňi nädeýin. Entek senden arymy alyp bolamok" diýen pikir aýlanýardy. Soltan entegem dyzynyň üstünde oturan Atsyza : -Tur ýeriňden!- diýdi. Atsyz turup, kaddyny rastlandan soltan onuň gözlerine dik bakyp: - Bilip goý! Men seni iň soňky sapar geçirdim. Indiden beýläk biziň garşymyza bir iş edäýseň, ýagşylyk tamasyn etme! Tabynlygyňa boýun bolup, paç-hyrajyňy wagtynda goýber-diýdi. Atsyz bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. Soltan Sanjar onuň bu sessiz razylygyna barybir ynanmady. Ol Atsyzdan bir söz eşitjek bolup, oňa soragly nazar bilen dikildi.Ondan ses-seda çykmanyndan soň özi kinaýa bilen dillendi: - Muhterem Horezmşa hezretleri, şunça ýoldan şöwür çekip gelen biziň leşgere hödür keremiňiz ýokmy? Onsoňam esgerlere adam başyna bäş-on dinardan ýol haky paýlamaly bolar. Atsyz adynyň ýaňsa alyp aýdylanyna-da çydamaly boldy. Üstesine leşgerine pul paýlamalysy has agyr düşdi. - Kyblaýy älem, hazynada baryny Siziň sandyklaryňyzyň üstüne goşduk. - Men sandykdakylaryň üstüni dolduryň diýenimde şuny-leşgeriň hakyny nazarda tutupdym, ony özüm bererin. Sen mallaryňy soýduryp, gazanlaryňy atardyber. Bu goşa ýeňişi şagalañly toý edip belläli. Goşa ýeňiş diýenimiň birinjisi-seni teslim* edenimiz, ikinjisi-sen leşgeri şähere girizmän, aman alyp, gazanan ýeňişiň. Soltanyň soňky aýdanynyň jany ýok däldi. Çünki, ilatynyň ganyny dökdürmän, talatman ýaraşyk gazanmaklyk hem uly ýeňişdi. Emma, Atsyz muny bilse-de, soltanyň aýagyna ýykylyp, ýeri ogşap ýatany onuň üçin ýeňiş däl-de horlukdy. Indi ganym leşgerine söwüş edip, özüne-de şahana hezzet-hormat etmek horlugyň dowamydy. Şeýle bolsa-da edildi. Etmezlige alaç ýokdy. *** Soltan Sanjar özüniň hormatyna guralan meýlisde näçe hezzet-hormat edilen bolsa-da, Atsyza bolan ynamsyzlygy dolanyp Merwe geleninde hem ýüreginiň bir çetine agram saldy durdy. Şonuň üçin ol Gürgenje Atsyzyň ähli hereketlerine göz-gulak bolup durýan bir adam ibermegiň pikirini edýärdi. "Kimi goýbersem bolar, kimi ol biziň jansyzymyzdygyny güman etmän kabul eder?” diýen endişe bilen her taraplaýyn oýlanyşyp, ahyrsoňy köşk şahyrlarynyň serweri Edip Sabyry huzuryna çagyrdy. Şahyryň tagzymyndan soň soltan oňa täsin sorag berdi: - Möwlana, bardy geldi men Siziň göwnüňize degsem, Siz öýkeläp, nirä giderdiňiz? Beýle soraga garaşmadyk şahyr soltan oýun edýändir öýdüp, jogap berdi. - Kyblaýy älem, onuň ýaly bolsa, men Siziň saýaňyzyň has goýurak ýerine giderin. Soltan şahyryň jogabyndan hoşal bolup: - Bilýän Siziň wepadarlygyňyzy, möwlana-diýdi. Siziň şu wepadarlygyňyza bil baglap, men Size bir ýumuş tabşyrmakçy. - Buýruň, Soltanym, baş üstüne. -Teşekkür, möwlana. Ýaňy Siz menden öýkeleseňiz nirä giderdiňiz diýip, soranymyň sebäbi bar. Siz menden öýkeli ýagdaýda Horazmine gidersiñiz. Men Sizi ýaman görüp, özümden daşlaşdyrmak üçin ol ýere wekil edip iberen bolmaly. Horezmşa şygryýetiñ muştagy. Ol Sizi köşkunde köşk şahyry edip saklar. Siz ol ýerde ýaşamak bilen Horezmşanyň ähli hereketlerini göz astyna alyp, niýetlerinden habarly bolup, ýörmegiňiz gerek. “Ýykylan göreşden doýmaz” diýenleri ýaly ol menden aryny almak üçin hiç zatdan gaýtmaz. Siz ol ýere göwnüňize deglen, öýkeli adam bolup barsaňyz, Horezmşaga has ýakyn bolarsyňyz. Çünki, olam menden öýkeli. Iki öýkeli dertdeş, syrdaş bolýar. Siz şundan peýdalanjak boluň. Edip Sabyr bir hili boldy. Ol özüniň Gürgenje jansyz edip iberilýändigine düşündi. Bir salym näme diýjegini bilmän, alasarmyk ýagdaýda durdy. - Näme dymdyňyz, möwlana? Ýa meniň sözümi syndyrmakçymy? - Soltanyň gatyrganybrak aýdan gepi şahyry özüne getirdi: - Ýok, Kyblaýy älem. Siziň sözüňizi syndyrmaga het edip bilmen, ýöne meniň bu işde tejribäm ýok-da - diýip, Edip Sabyr naýynjar dillendi. - Onuň üçin tejribe gerek däl. Gözüňiz görse, gulagyňyz eşitse bolany! Bu gepden soň Edip Sabyr başga söz aýtmaga milt edip bilmedi. Razylyk manysynda başyny atyp, bir elini gursagyna goýdy. - Ýagşy -diýdi soltan şahyrdan hoşal bolup. - Indi möwlana, men Sizi ertirki meýlisde muşaýyra çagy “öýkeletmeli” bolýan. Bilýänsiňiz, köşkde bir üýtgeşik waka ýüze çyksa, şol günüň ertesi bütin şähere ýaýraýar. Şähere ýaýran gep özge ýurtlara-da ýetip barýar. Şeýtmesek Horezmşa Siziň öýkeläp gaýdanyňyza ynanmaz. Sizi öýkeletmegim üçin ertir meýlisde okajak şygryňyzyň soňuna meniň gazabymy gozgaýan iki setir ýazyň-diýip, soltan Edip Sabyra manyly seretdi. Soňra bir goşowuç altyn teňňe salnan keşdelenen haltajygy “Ýol harajaty” diýip berdi-de - Gaýdyberiň - diýdi. Edip Sabyr, yzyna basyp, soltanyň huzuryndan çykyp gaýtdy. Biçäre şahyr nätsin? Patyşanyň emri wajyp. Öýüne gelip, ertirki meýlisde okajak şygryny ýazmaga oturdy. Kasyda äheňinde ýazylan şygyrlary ýazmak Edip Sabyryň çep elinden gelýärdi. Ol öwgüden ybarat sözleri dürli görnüşde kapyýalaşdyryp, kyrk setir goşguny bir çäýnek çaý içer pursatda ýazdy. Emma soňky soltanyň gaharyny getirjek iki setiri ýene şonça wagt oturyp hem ýazyp bilmedi. Öwgüli sözlere öwrenen galam onuň tersine ýöremejek bolýardy. Ahyrsoňy şahyryň eradasy bilen galam aşakdaky setirleri ýazdy: Başda täji, ady Şah-u-Jahandyr, Belki, bu Jahan işiniň bary ýalandyr. Edip Sabyr bu beýti ýazyşyna ýazdy welin, soňunda onuň gizlin manysyny Soltan aňyp, özüni öte geçenlikde aýyplap, çynlakaý gazaba münmese ýagşy diýip, howatyr etdi. Etse-de, beýti üýtgetmän töwekkel edip, ertesi meýlise bardy. Köşgüň meýlisler eýwanynyň mähellesi ýetikdi. Meýlis başlandy, aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, meýler süzüldi. Aýdym-sazyň arasynda muşaýyra-şahyrlaryň şygyr okamasyna nobat berildi. Şahyrlar soltanyň adyna hamdu-senalardan ybarat kasydalaryny okadylar. Kasydalardaky öwgülerden göwni göterlen Soltan Sanjar soňunda Edip Sabyra ýüzlendi: -Möwlana Edip Sabyr, indi nobat Siziňki. Bir dilber şygryňyz bilen muşaýyrany jemläp beriň - diýdi. Edip Sabyr bir elini gursagyna goýup: -Lepbeý, Kyblaýy älem - diýip, orta çykdy. Ol şygrynyň kyrk setirini hemişekisi kimin labyzly okady, soňky iki setirde sesi biraz sandyrap çykdy. Soltanyň gaşlary çytyldy, Edip Sabyra gözüni alardyp: -Hany, eliňdäkini bäri ber!-diýdi. Şygyr ýazylan kagyzy onuñ elinden alyp , mürzesine berdi-de, - şygryň soňky bendini senem sesiñi sandyratman oka! - diýdi. Mürze okady: Başda täji ady Şah-u-jahandyr, Belki, bu jahan işiniň bary ýalandyr. -Bu näme diýdigiň, Edip?! - diýip, soltan gaharly seslendi. Onuň jogabyna garaşman jibrindi. - Sen näme, bizi bu beýtiñ manysyna düşünmez öýdýäňmi?! Başymgyzdaky täç hem, Şah-u-Jahan adymyz hem bu dünýädäki işimiz hem, bary ýalan diýdigiň dälmi?! - diýip, soltan mürzeniñ elinden şygyr ýazylan kagyzy alyp, dört bölüp zyňyp goýberdi-de - Biziň täjimize, adymyza dil ýetirýän adama köşgümizde ýer ýok!-diýdi. Hemmeler aň-taň bolyp, meýlisler eýwany suw sepilene döndi. Edip Sabyr bolsa tagzym bilen yzyna basyp, meýlisler eýwanyndan çykyp gitdi. Ol köşkden hiç hili päsgelçiliksiz, sag-aman çykanyna, soltanyň gazabynyň ýasamadygyna, hemmesi öň şertleşilen ýalydygyny aňyp, Hudaýa şükür etdi. Köşkde agşamky meýlisde bolan waka ertesi, soltanyň aýdyşy ýaly bütin şähere ýaýrady. *** Horezmşanyň Soltan Sanjardan gören horluklary-ogly Atlygy öldürenligi, özüni aýagyna ýykyp peseldip, masgaralany üçin ýüreginde kasas ody barha alawlanýardy. Arasynda özüniň hem oňa çekdiren horluklary ýadyna düşüp, biraz teselli tapýardy. Emma, barybir ar almak niýetinden dönmek pikiri ýokdy. Gaýtam, öjüni almagyň ýollaryny oýlanyp görýärdi. Nätmeli? Uly goşun toplap, onuň üstüne ýörüş etmelimi? Ýok. Açyk jeňde ony ýeňmek başartmasa gerek. Şol oýlanyp oturşyna kellesine bir aýylganç pikir gelip, özi-de tisginip gitdi. "Ýok, bolmaz, ol iş bolmaz... Emma kasas almagyň iň aňsat ýoly şu"... Bu pikir ýatsa-tursa kellesinden çykmady. Eger-de bu iş gizlin ýagdaýda, onda özüniň goly bardygy äşgär bolman amala aşyrylsa, ary-da ýerine düşer, garaşsyzlyk baradaky arzuwy-da wysal bolar. Atsyz şeýtanyň özüne çekiji bu ündewine eýerip, maslahatlaşmak üçin ynamdar hajyby Nyzameddin Baýdary huzuryna çagyrdy: - Jenap Nyzameddin, diňe ikimiziň aramyzda galmaly bir maslahatlaşmaly iş bar - diýip, Atsyz aýtjak zadynyň hajyba nähili täsir etjegini öňünden biljek bolýan dek oňa synçy nazaryny dikdi. Nyzameddin hajyp Horezmşanyň gaty syr saklanmaly bir zat aýtjakdygyny aňyp, oňa köp manyly seretdi-de: - Aly hezret, saljak maslahatyňyz diňe ikimiziň aramyzda galmaly bolsa, men ony özüm bilen gabryma alyp giderin-diýip, edep bilen başyny egdi. Atsyz hajybyndan synçy nazaryny aýyrman, pikirini beýan etdi. Horezmşanyň matlabyny aňan hajybyň içinde niçik harasat turan bolsa-da, daşyndan hiç zat bildirmedi. Ol: - Aly hezret, Siz şu işi makul gören bolsaňyz, men adam taparyn. "Gyzyl görse Hydyr hem gyzar" diýipdirler. Altynyň etdirmejek işi ýok. Köpüräk eçileris-diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |