18:13 Gürgenç / 2-nji kitap -19 | |
XIX BAB
Taryhy proza
Edip Sabyr Merwden çykan kerwen bilen nirede sen Horezmin diýip ýola düşdi. Onuň bagtyna kerwenbaşy sungata, şygryýete sarpa goýýan, sowatly hem-de Edip Sabyryň at-owazasyny eşiden, onuň şygyrlarynyň birnäçesini ýat bilýän adam eken. Ol ýolboýy şahyry hormatlap, onuň bilen söhbetdeş bolup geldi. Şeýlelikde Edip Sabyr uzak ýoly söküp, Nowruz baýramçylygynyň başlanan güni ikindinara kerwen bilen Gürgenjiň gündogar derwezesinden girdi. Uzak ýoluň ýadawlygyndan başga-da, üst-başynyň tozanlygy, sakgal-murtunyň ösenligi sebäpli köşge baryp, görnüş bermäge çekinip, şu gije kerwensaraýda düşlemegi makul gördi. Ol atyny we goşuny kerwensaraýyň hyzmatçysyna tabşyrdy-da, ajygany hem suwsany üçin beýleki işleri soňuna goýup, şamlyk edinmek üçin kerwensaraýyň garbanyşhanasyna girdi. Giren ýerinde ony eli kündük-legenli hyzmatçy ýigit garşy alyp, elini ýuwdurdy. Iýjek, işjek zatlaryny sorap, oturmaga ýer görkezdi. Edip Sabyr jaýlaşyp oturansoň töweregine göz aýlady. Eýwan ýaly bu uly jaýyň içini ýokardan asylan birnäçe panus-çyralar ýagtyldýardy. Bir giden ululy-kiçili sekilerde çaý içip, nahar edinip oturan adamlaryň özara gürrüňinden, gülküsinden dörän gowur ýadap gelen adamyñ gulagyna känbir ýakanokdy. Edip Sabyryň buýran nahary bilen çaýyny getiren hyzmatçy täze gelen iki adama-da onuň oturan sekisinden ýer görkezdi. Gelenleriň ikisi-de sakgal-murtsyz ýüzlerini gara tüý basan ýaş ýigit bolsalaram sakgaly çalaryp ugran Edip Sabyra edep bilen salam bermäge derek başlaryny çalarak atyp, üm-süm ýerleşip oturyberdiler. Olar ysmaýylylara meňzeş at ýüzli daýaw pyýadalar bolup, biriniň çep gaşynyň üstünde kiçiräk çandyk bardy. Ýüzleri hyrsyzdy, gözleri alady. Kellelerindäki gara baganadan tikilen başgaplarynyň ýokarsy galandarlaryňky ýaly süýridi. Eginlerindäki düýe ýüňünden dokalyp tikilen mele reňkli çäkmenlerine garanda garyp-gasara meňzemeýärdiler. Olaryň üst-başlarynyň, ýüz-keşpleriniň meňzeşligi ekiz taýlar bolaýmasa diýdirýärdi. Hyzmatçy olaryň öňüne naharsyz bir çäýnek çaý bilen iki käse getirip goýdy. Olar käselerine guýnan çaýlaryny göwünli-göwünsiz ellerine alyp, ýöne bir güýmenje üçin her mahal bir owurtlap oturdylar. Şuňa garanda olar bu ýere naharlanmaga ýa-da çaý içmäge däl-de, başga bir iş bilen gelene meňzeýärdiler. Şol wagt garbanyşhananyň gapysyndan aýratyn geýnüwli bir adam gelip girdi. Gara gyrçuw sakgally, orta boýly, orta ýaşlaryndaky bu adam giren ýerinde durup, birini gözleýän ýaly jaýyň içine dykgatly göz aýlady. Gözi Edip Sabyryň golaýynda oturan ýaňky ýigitlere düşende ýitigini tapan ýaly ýüzi açylyp, assa ýöräp olaryň ýanyna geldi. - Ýigitler, sizler talaban dälmi?-diýip sorady. - Talaban bolmasagam hakyny berseňiz talabanyň etjek işini ediberýäs-diýip, ýigitleriň biri jogap berdi. - Onuň ýaly bolsa meniň bilen ýörüň, edilmeli işi ýerinde görkezerin-diýip, ol adam ýigitleri yzyna tirkäp alyp gitdi. Olaryň arasynda bolan gürrüňi eşidip duran hyzmatçy Edip Sabyr bilen hasaplaşýarka: - Eý toba, talaban gerek bolsa, Gürgenjiň bazarlarynda isläniňçe bar-a, bu ýerden talaban gözlemek nämä gerekkä?-diýdi. - Bazardakylara pisindi oturan däldir-dä -diýdi Edip Sabyr. - Pisindi oturman näme, ol ýerde bular ýalylary sapana salyp atyp goýberýänlerem az däl. Ol adama diňe şular gerek bolmaly. Çünki, ol düýnem gelip, adamlara bir laý göz aýlap gitdi. Ine bu gün tapyp alyp gitdi. Olara buýruljak iş bazardakylaryň elinden gelmeýän başgaça iş bolaýmasa. Edip Sabyr hyzmatçynyň gepine kän bir üns bermän, iýen-içeniniň puluny töläp, çykyp gitdi. Ol garbanyşhanadan çykyp, kerwensaraýyň myhman otaglaryndan özüne bir gijelik ýer aldy. Ondaky ýumşak ýatalga gözi düşende ýadawlygy zerarlymy ýatmakdan başga zady islemän, üstki geýimlerini çykarnyp gyşaran badyna uka gitdi. Ir ýatyp mazaly dynjyny alan Edip Sabyr irden turdy, kerwensaraýyň hammamynda ýuwunyp, sakgal-murtuna timar berdi. Egnine täze ak ýüpek ýektaýyny, başyna dört oram ak ýüpek sellesini geýdi. Bu ak eşikler, ýaňy çalaryp ugran sakgal-murty bilen utgaşyp, bugdaýreňk ýüzüne özboluşly nuranalyk bagyşlady. Ol kerwensaraýyň atbakaryna iküç gün atyna seredip durmagy haýyş edip, köşge tarap pyýadalap ugrady. Kerwensaraý bilen köşgüň arasy pyýada kişä ýarym sagatlyk ýol ekeni. Ol şu ýarym sagadyň içinde Gürgenjiň ir ertirden durmuş gaýnaýan köçelerini synlap barşyna köşgüň öňündäki meýdana gelenini hem duýman galdy. Garşysynda horezmşalaryň nesilden nesile miras bolup gelýän haýbatly, kaşaň köşgi howalanyp durdy. Köşgüň peştagyna, küňrelerine ýasalan gök syrçaly ajaýyp nagyşlar, peştagyň ortasyna ýazylan Gurhanyň käbir aýatlary bilen utgaşyp, ýaşyl baglardaky ak gülleriň çemenzaryny ýatladýardy. Edip Sabyr köşgüň islimi nagyşlar oýulyp bezelen iki ganatly belent gapysynyň öňüne gelip, gapynyň iki ýan tarapynda duran elleri naýzaly serbazlara ýüzlendi: - Ýigitler, men Merwden geldim. Horezmşa hezretlerine soltanymyzdan salam getirdim. - Bir salym garaşyň-diýip, gapynyň sag tarapynda duran serbaz gapdalyndaka naýzasyny berip, içeri girip gitdi. Naýzany alan serbaz iki ädim süýşüp, içeri gideniň ýerinde durdy. Onuň gapdalyndakylar hem süýşüp, hatary doldurdylar. Içeri giden serbaz gaýdyp, çykanynda şol hatardaky serbazlar öz ýerlerine geçip, oňa ýerini boşatdylar. Ol ýoldaşyndan naýzasyny alyp, ýerine geçip durdy-da, Edip Sabyra garap: - Jenap, biraz sabyr ediň, bir salymdan Nyzameddin hajyp çykyp, Siziň habaryňyzy alar-diýdi. Edip Sabyr Horezmşanyň köşk emeldarlarynyň Reşiteddin Watwatdan başgasyny tanamaýardy. Watwat bilen birki gezek Yspyhanda, Merwde duşuşypdy, goşgy-da okaşypdy. Nyzameddin hajybyň we ýene birki emeldarlaryň atlaryny eşidipdi. Nyzametdin hajyby bolsa Horezmşanyň iň ynamdar kişisi diýip, Merwiň köşgünde gürrüň edýärdiler. Soltanyň Horezmine ikinji ýörüşinde hem ol töwellaçylara baş bolup gelip, Gürgenji basgydan gutaran eken. Köp garaşmaly bolmady. Edip Sabyr içerden çykan adamy görenden tanady. Ol düýn agşam kerwensaraýdaky garbanyşhana talaban gözläp baran adamdy. Edip Sabyr oňa elini gursagyna goýup salam berdi-de: - Muhteren hajyp jenaplary, men şahyr Edip Sabyr, soltanymyzyň emri bilen ýurduňyza wekil bolup, geldim-diýdi. Nyzameddin hajyp Edip Sabyryň özüni tanamasa-da, onuň Soltan Sanjaryň köşgündäki iň meşhur şahyrdygyny bilýärdi, şeýle-de onuň golaýda soltanyň gazabyna uçrap, köşkden çetleşdirilendigini hem eşidipdi. - Oho! Edip Sabyr, meşhur şahyr Edip Sabyr! Marhabo! Hoş geldiňiz!-diýip, Nyzameddin hajyp şahyry mähirli garşylady.-Haçan, kim bilen geldiňiz? - Düýn Merwden gelen kerwen bilen geldim. Siz kerwensaraýyň garbanyşhanasyna talaban gözläp baranyňyzda men şol ýerdedim, naharlanyp otyrdym. Edip Sabyryň jogaby Nyzameddin hajyba näme üçindir erbet täsir etdi, onuň ýüzi üýtgäp gitdi. Bu ýagdaý şahyryň nazaryndan sypmady, ýöne şol wagt munuň sebäbini pikirlenip görmäge pursat ýokdy. Hajyp oňa ýene mähribanlyk görkezen bolup: - Näme üçin şonda maňa özüňizi tanatmadyňyz? Men Sizi şol wagtyň özünde köşge alyp gaýdardym-diýdi. - Şol wagt men Siziň Nyzameddin hajypdygyňyzy nirden bileýin-diýip, Edip Sabyr ýylgyrdy. - Hä, hawa-diýip, hajyp ýylgyran boldy. Edip Sabyr hajypda bir hili ünjüniň döränini, ýöne muny bildirmejek bolýanyny aňdy. Şu gysga tanyşlykdan soň Nyzameddin hajyp Edip Sabyry köşge alyp girdi. Bu wagt Horezmşa Atsyz emeldarlary bilen gündelik işler barada her günki geçirýän ertirki ýygnagyndan soň tagtyndan düşüp aşakda baş weziri Ymam Mejdeddin bilen satranj oýnap otyrdy. Satranj tagtasyna dikilip, oýa çümüp oturan Atsyz birden janlanyp, bir göçüm etdi-de: - Indi-hä utulanyňyzy boýun almaly bolarsyňyz, jenap Mejdeddin!-diýip güldi. - Entek howlukmaň, Aly hezret. Ine bu göçümden soň näme diýersiňiz-diýip, Ymam Mejdeddin garaşylmadyk göçüm etdi. Şanyň gaşy çytyldy. Ol indi utup bilmejegine, eger oýny dowam etdirse utulaýmagy-da ähtimaldygyna gözi ýetip, ýeserlik bilen ýylgyrdy-da: - Bu sapar düreň* bolaýsyn-diýdi. Patyşanyň oýny dowam etdirmekden boýun gaçyrýanyna içinden gülen baş wezir: - Siz näme diýseňiz şol. Patyşanyň emri wajyp-diýip ýylgyrdy. Weziriň ýylgyryşyndaky kinaýany duýan Atsyz oýny dowam etdirmekçi boldy. Emma şol wagt gapydan giren Nyzametdin hajyp: - Aly hezret, Size bir hoş habar getirdim. Horasan şahyrlarynyň serweri Edip Sabyr jenaplary geldi-diýdi. - Edip Sabyr? Nirde ol? - Şu ýerde, kabulhanada. - Soltanyň köşgünden kowulany çyn ekeni-dä. Indi näme, bizden başpena sorap gelipmi? - Ýok, ol soltanyň wekili hökmünde gelipdir, Aly hezret. - Şeýlemi, çagyryň hany, özi näme diýer. Nyzametdin hajyp gapyny açyp: - Şahyr, geliberiň-diýdi. Edip Sabyr gelip, şalara edilýän adatdaky tagzymy berjaý edeninden soñ: -Essalawmaleýkim, merhemetli, muhterem Horezmşa hezretleri! Essalawmaleýkim, muhterem weziri agzam jenaplary! - diýip, ellerini edep bilen gursagyna goýdy. Atsyz salamy alyp: - Hoş gördük, hoş geldiňiz Horezmine, möwlana Edip Sabyr-diýdi. Edip Sabyr özüne Horezmşanyň uly ulamalara aýdylýan "möwlana" sözi bilen ýüzlenenine ruhy göterlip, dilewarlyk etdi: - Muhterem Horezmşa hezretleri, Horezmine myhman bolup gelmek meniň iň uly arzuwymdy. Emma ykbalyma sürgün bolup gelmek ýazylan ekeni. - Näme üçin beý diýýäňiz, Nyzameddin hajyp Sizi wekil bolup gelipdir diýd-ä. - Aly hezret, bu resmi taýdan şeýle, hakykatda bolsa men sürgün edildim. Muňa permanyň ýerine ýazylan bir setir şu hat hem güwä geçýär-diýip, Edip Sabyr sellesiniň gatynyň ýokarsyna gysdyrlan kiçijik naýça ýaly oralan kagyzy alyp, Horezmşaga berdi. Atsyz kagyzy açyp, ondaky “Edip Sabyr Horezmine wekil edip iberildi" diýen sözlere gözi düşende kellesini ýaýkap güldi-de: - Aýdýanyňyz dogry ekeni. Ýöne Siz sürgün edildim diýip gamlanmañ, möwlana. Biz Sizi iň gadyrly myhman hökmünde saklarys. Köşgümiziň gapysy Siz üçin hemişe açyk. Meýlislerimize gatnaşyň, muşaýyralarda şahyrlarymyz bilen goşgy okaşyň. Biziň Reşiteddin şahyrymyz üçin Siziň gelmegiňiz üýtgeşik waka bolar. Öňräk biri oňa “Siziň şygryýetiñiz gowy, emma Edip Sabyryň derejesinde däl” diýipdir. Ol bu gepe çişse-de, şondan bäri şygyrlaryny has syntgalap taraşlaýar-diýip, Atsyz Edip Sabyryň göwnüni hoşlady. -Aly hezret, Siz hem şygryýetde köplere gaýra dur diýýän şahyr ekeniňiz. Merwde-de Siziň gözel gazallaryňyzy ýat bilýänler bar-diýip, Edip Sabyr Atsyzyň “Sen özüň” diýen redifli gazalyny ýatdan aýdyp, ahyrky: “Ÿar, gara zülpleriñ şamardyr jan kastyna, Kim halas eýlär meni, halasgärim sen özüň”- -diýen bendini gaýtalap, has joşgunly aýtdy. Horezmşa Atsyz özüniň döwlet işlerini öwenlerinde kän bir halamasa-da, şygyrlary öwülse monça bolýardy. Ýakyn adamlary onuň şalyk şöhratyndan şahyrlyk şöhratyny kem görmeýändigini bilýärdiler. Edip Sabyr onuň bu häsiýetini bilipmi bilmänmi bir gazalyny ýat aýdyp hem öwüp, oňa ýarandy. -Ha, ýaşlykda ýazylan yşky gazallardan bu. Siziň hem yşka köýüp ýören çaglaryňyzda eliňize düşen bolmaly bu gazal, ýogsa ony şeýle ýat beklemezdiňiz-diýip, Atsyz şahyra degişdi. -Ýok, Aly hezret, Siziň gazallaryňyz yşk heseri ýok ýüreklerde hem yşk oduny ýakýar-diýip, Edip Sabyr öwgüsiniň üstüni ýetirdi. -“Derdi ýok, eşek, yşky ýok kesek” diýipdirler. Ýüreginde yşky ýok ynsan barmyka, beri? -Bar, Aly hezret. Gury kesekleriň üstüne-de joşgun bulaklar aksa, olaryň göwsünde hem giýa gögerip, al-ýaşyl öwsüp başlaýar. Siziň gazallaryňyz hem şol gury keseklere jan bagyşlaýan bulak suwy kimindir-diýip, Edip Sabyr Horezmşaga özüni aldyrdy. Bu öwgülerden göwni al asmana göterlen Horezmşa Edip Sabyra hoşallygyny bildirip, hajyba ýüzlendi: - Jenap Nyzametdin, Merwiň öňki wekiliniň jaýy boş duran bolmaly. Özüňiz baş bolup, Şahyry şol ýerde ýerleşdiriň. Ähli gerek-ýarak zatlar bilen üpjün ediň, hyzmatyna adam goýuň. -Hop, hop, Aly hezret, aýdyşyňyz ýaly ederis-diýip, Nyzametdin hajyp Edip Sabyr bilen yzyna basyp çykyp gitdiler. Häliden bäri ýeke agyz hem geplemän Edip Sabyry synlap oturan baş wezir ymam Mejdeddin: -Aly hezret, gözleri bir hili bijaý bu adamyň-diýdi. Özüni soltandan öýkeli edip görkezip, Siziň ynamyňyza girjek bolýana meňzeýär. Mundan onuň maksady näme-kä? -Siz nä, onuň gaýry bir maksady bardyr öýdýäňizmi? -Belki bardyr, Aly hezret. Soltanyň wekil diýip ibereni jansyz bolaýmasyn. -Aý ýok-leý. Sizem ýok ýerden wehim tapýaňyz. Onuň soltandan öýkelidigi çyn. Aradaky bir meýlisde bir goşgusy üçin soltanyň gazabyna uçrap, köşkden kowlanyny özüňizem eşitdiňiz ahyryn. Ymam Mejdeddin patyşanyň gepi bilen içinden ylalaşmasa-da, öz pikirini ýene-de gaýtalamagy uslyp bilmedi. -Belki, men ýalňyşýandyryn-diýdi ol. *** Horezmşanyň özüne ynamyny gazanan Edip Sabyr ähli amatlyklary bolan jaýda ýerleşip, atyny alyp gaýtmak üçin kerwensaraýyň athanasyna bardy. Giň howlunyň içinde ellä golaý at we atlaryň töwereginde birnäçe adamlar bardy. Olaryň edýän gürrüňlerine garanda at söwdasy edilýärdi. Bu ýere bazardan gaýdan, käte gyssagly satyljak atlar hem getirilýän eken. Edip Sabyr atynyň ýanyna barandan iki daýaw pyýada gelip, salam berdiler. Edip Sabyr olary gözi düşenden tanady. Olar düýn garbanyşhanadan Nyzamed6din hajybyň talaban diýip, alyp giden ysmaýylylara meňzeýän adamlarydy. Olaram ony tanadylar. - Jenap, düýnem Size gabat gelipdik, şeýle dälmi?-diýip, olaryň biri söz açdy. Edip Sabyr: -Hawa, garbanyşhanada bir sekide oturypdyk-diýdi. -Atyňyz tüweleme, daýaw at ekeni, satjak dälmisiňiz?-diýip, gaşynyň üsti çyndykly sorady. Edip Sabyryň atyny satmak pikiri ýokdy. Emma oňa indi atyň geregi hem ýokdy. Çünki onuň bu ýerde näçe wagt boljagy belli däldi. Şonuň üçin ol: -Aý, bilmedim-de, satjak pikirim-ä ýokdy-diýip, ikuçly gepledi. -Bize Siziňki ýaly uzak ýola münmäge iki sany daýaw at gerek. Eger Siz sataýsaňyz, ikinjisini öňümizdäki bazar güni bazardan saýlap alardyk. Bu ýerdäki satlyk atlaryň arasynda biziň diýen atymyz ýok ekeni-diýip, ol Edip Sabyry yryp boljagyna ynanyp, mylaýymsyrap gepledi. -Uzak ýola münmäge diýdiňizmi, nirä gitmekçi bolýaňyz?-diýip, Edip Sabyr gyzyklandy. - Merwe gitmeli biz. - Näme, ol sizi alyp giden jenabyň ýumşuny eýýäm bitiräýdiňizmi, ýa hakyny ylalaşmadyňyzmy?-diýip Edip Sabyr bilesigelijilik bilen sorady. -Ýumuş bu ýerde däl, Merwde-diýeninden ýoldaşy oňa ýaman gözi bilen garady. Bu garaýyş Edip Sabyryň ünsünden sypmady. Diýmek, aýdylmaly däl zat dilden sypdy. Ine şonda Edip Sabyryň göwnüne bir şübhe aralaşyp, ilki Soltan Sanjaryň "Ÿykylan göreşden doýmaz, Atsyz menden aryny almak üçin hiç zatdan gaýtmaz" diýeni ýadyňa düşdi hem-de Nyzametdin hajyba "Siz kerwensaraýyň garbanyşhanasyndan iki talabany alyp gideniňizde menem şol ýerdedim” diýeninde onuň ýüzüniň üýtgäp gideni göz öňüne geldi. Onsoňam, garbanyşhananyň hyzmatçysynyň "olara buýruljak iş bazardaky talabanlaryň elinden gelmeýän başgaça iş bolaýmasa" diýeni gulagynyň düýbünde gaýtadan eşidilen ýaly boldy. Ine şular Edip Sabyry şübhesiniň esassyz däldigine ynandyrdy. Ol özüniň soňky sözüne garaşyp duran “talabanlara”: -Ýok, ýigitler, pikirlenip gördüm, aty satsam boljak däl eken diýdi-de, atyny gazygynda galdyryp, athanadan çykdy. Onuň kellesinde “Jana kast, jana kast, soltanyň janyna kast!” diýen pikir at salýardy. Ol athanadan çykyşyna göni kerwensaraýdaky kerwenbaşynyň bolýan otagyna bardy. Kerwenbaşy bir zatlaryň hasap-hesibini edip, depderine ýazyp oturan eken. Edip Sabyra gözi düşenden kerwenbaşy: -Geliň, şahyr, geliň!-diýip, salamlaşanlaryndan soň -Şahyr, bir hili aladaly görünýäňiz, menlik ýumuşyñyz çykdymy?-diýdi. -Hawa, gadyrdan, özä örän uly ýumuş. -Nähili ýumuş bolsa-da aýdyberiň. Siziň bizden bitmejek ýumuşyňyz bolmaz-diýip, kerwenbaşy garaýañyz ýüzüne gelşik berip duran birlän-ikilän ak alalan sakgalyny sypap goýberdi. Edip Sabyr oňa minnetdarlyk bilen bakyp: - Onda maňa bir kagyz bilen galamyňyzy berip duruň, ýumuşymy soň aýdaryn-diýdi. Kerwenbaşy şahyryň syrly gep urşyna geň galmak bilen ýylgyryp, depderiniň soňky sahypasyny ýyrtyp aldy-da galam bilen onuň öňünde goýdy. Edip Sabyr kagyza şeýle sözleri ýazdy: “Kyblaýy älem, Siziň “ol aryny almak üçin hiç zatdan gaýtmaz” diýeniňiz bisebäp däl eken. Gürgençden Sizi görmäge sakgalyñ ýerine ýüzlerini tüý basan iki adam barar. Olar biri-birine gaty meňzeş, biriniň çep gaşynyň üstünde çandygy bar. Şolardan ägä boluň!” Edip Sabyr haty kerwenbaşa berdi: -Muny soltana gyssagly ýetirmeli, gadyrdan. Kerweniň goragyndaky nökerleriň birini şu bu gün Merwe ugradyň. Soltan bu hyzmatyňyz üçin Sizden juda minnetdar, hatda karyzdar bolar-diýdi. Hatyň mazmuny bilen tanyşyp, manysyna düşünen kerwenbaşy ony dört epläp goltuk kisesine saldy. Ol Edip Sabyryň soltanyň garşysyna guralan bu pitnäni nädip anyklanyny bilesi gelip dursa-da, oňa hiç bir sorag-sowal bermän: -Arkaýyn bolaýyň, gadyrdan, haty gizlinlik bilen şu gün ýetişmesem ertir irden ugradaryn-diýdi. Edip Sabyr kerwenbaşa minnetdarlyk bildirip, onuň ýanyndan çykyp gaýtdy. Ol bu pitne baradaky oý-pikirlere çolaşyp gelşine ýary ýola ýetende aty ýadyna düşdi. Ol kellesini ýaýkap, özüne-özi bir zatlar diýip hüňňürdedi-de yzyna gaýtdy, kerwensaraýyň öňüne geleninde ol ýerden çykyp gelýän ýaňky "talabanlara” ýene gabat geldi. Olaryň biri: -Ýaşuly, atyňyzy bize satanyňyzda, aýdan bahaňyzy berip alardyk, öňümizdäki bazar güni-de siziň atyňyza taý geljek birini tapardyk-diýdi. Edip Sabyr “talabanlara” gülümjiräp garady-da: -Biziň ata ýaman gözüňiz gitdow, ýigitler. Indi ony size bermesem boljak däl öýdýän-diýdi. Begenjine "talabanlaryň" ikisi-de deňine "Aý, ýaşa ýaşuly!-diýip, yzyna dolandylar. Athanada atyň söwdasy edilende Edip Sabyr bahasyny bilkastlaýyn has ýokary göterip aýtdy. Ýaňy “Aýdan bahaňyzy berip alardyk” diýenlerinden soň “gaýt-paýt” diýip durmadylar-da Edip Sabyryň aýdan bahasyny altyn dinardan sanap berdiler. Edip Sabyr atynyň maňlaýyndan bir sypady-da, athanadan çykyp, ýene kerwenbaşynyň otagyna bardy. Onuň gaýdyp gelenine geň galan kerwenbaşy: - Hä şahyr, ýene näme gep?-diýdi. - Haty maňa bir berip duruň, bir goşmaly zat bar-diýen Edip Sabyr Kerwenbaşynyň goltugyndan çykaryp beren dört eplenen kagyzy açyp, öňki ýazan hatynyň yzyna “Olaryň biri meniň atymy münüp barar, atymy Siziň seýsiňiz tanaýar” diýip ýazdy. Hata goşulan bu sözleri okap, haýran galan kerwenbaşy: -Şahyr, näme atyňyzy olara berdiňizmi?-diýip sorady. -Ýöne bermedim, satdym. Sebäbi olar keşbini üýtgedip barmaklary mümkin. Çandyklysy başgabyny çümre geýse çandygynyň görünmän galmagam ähtimal. Şonuň üçin at has ygtybarly belgi.Bu pikir kelläme soñ gelip yzyma gaýdym -diýip Edip Sabyr kerwenbaşa ýeserlik bilen gülümjiräp garady-da:-Şu sapar menem söwdagärlik etdim, aty has gymmat satdym. Aýdan bahamy berip aldylar. Pullary köp bolmaly. Etjek "ýumuşlary” üçin gowuja eçilendirler-diýdi. Kerwenbaşy kellesini ýaýkap: -“Pul bilen gurup-da bolýar, ýykyp-da” diýenleri biziň döwrümize dogry gelip dur. Bu pul diýen zadyň ýowuz güýjüniň ýa-da umuman özüniň ýok bolýan zamany-da bolarmyka, şahyr?-diýdi. Edip Sabyr: -Allanyň musulmanlara wada beren jennetinde bolaýmasa, bu ýalançy dünýäde bolmaz-diýip, ahmyr bilen gepini tassyklap, başyny atdy. Bir salym bu dünýäniň işleri hakynda pelsepe otaryp oturanlaryndan soñ Edip Sabyr kerwenbaşy bilen hoşlaşyp, köşge gaýtdy. Köşkde oňa geleli bäri duşup bilmän ýören Reşiteddin Watwat garaşyp oturan eken. Iki şahyr biri-birine gözleri düşenden gujaklaşyp görüşip, balyk suwa giren ýaly bolup gitdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |