06:44 Gürgenç / 2-nji kitap -2 | |
II BAP
Taryhy proza
Horezm. Ady äleme dolan baý ülke. Emma Anuştegin üçin ýat, nätanyş diýar. Adam özüniň dogduk mekanyndan, bagrynyň badaşan topragyndan özge ýere, nätanyş adamlaryň arasyna düşeninde ony bir hili ýalňyzlyk duýgusy gurşap alýar. Anuşteginiň kalbyna hem şeýle duýgy aralaşypdy. Ýogsam ony, soltanyň iberen permany esasynda köşk emeldarlary uly hormat bilen garşy aldylar, horezmşalaryñ neslinden galan kaşaň aýlaryň birinde ýerleşdirdiler, bir hyzmatkär, bir aşpez hem bediler. Ýaşamak üçin hiç bir kemçilik ýokdy. Anuştegin öýe göz aýlap ýören aýlyna: - Niçik, hanym, öý göwnüňe makul boldumy?- diýdi. -Yspyhandaky öýümiz munyň ýaly kaşaň bolmasa-da, gözüme yssy basylýardy. Bu bir ýat, bigäne zat ýaly duýulýar maňa – diýdi aýaly. Anuşteginiň özüne-de şeýle duýulýan bolsa-da, duýgusyny bildirmän, aýalynyň göwnini götermek üçin: - Entek bu öý hem gözüňe yssy basylar, hanym. Ertir seni şähere aýlajak, göreli gürgenjiň nähili şäherdigini. Belki, şäher bilen tanyşanyňdan soň bigänesiremekligiň aýrylar - diýdi. Şeýdip, ertesi Anuştegin aýaly bilen dünýäniň beýik şäherleriniň biri hasaplanýan gözel Gürgenje aýlanmaga çykdylar. Anuştegin öň Gürgenjiň tarypyny köp eşiden bolsa-da, ony soltanlygyň paýtagty Yspyhança ýokdur öýüdýärdi. Gürgenç ony özüniň kaşaň ymaratlary, peştaklaryna tylla suwy çaýylan kuhy nagyşly medresedir metjitleri, köşkleri, aýratyn-da biçak baý bazarlary, bazarlardaky dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirlen harytlary bilen, alyjysyndan köp satyjylary, dürli dillerde sözleşýän adamlary, diňe Horezmde bitýän şirin-şeker gawunlary, ir-iýmişleri, sanardan köp dürli hünärmentçilik ussahanalary, başga-da ajaýybatlary bilen haýran galdyrdy. Ine şundan soň Anuştegin Gürgenjiň at-owazasyna laýyk beýik şäherdigine göz ýetirdi. Gürgenjiň gözelligi diňe Anuşteginiň däl, aýalynyň hem göwnüni göterdi. Şeýlelikde öňki bigänesiremek duýgusynyň ýerini şäherden alan gowy täsirleri eýeledi. Emma Anuştegine erbet täsir edýen bir ýagdaý hem bardy. Bu - ýurduň walysy* Ekinçi ibn Koçkaryň özüni alypbaryşydy.. Ol göýä Anuşteginiň geleninden bihabar kimin ne adam iberip çagyrýardy, ne özi habar tutýardy. Anuştegin iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamajagyny bilýärdi. Şeýle-de bolsa, ol özüniň mütässäriflik we şyhnylyk wezipelerine hormat goýmagy ondan talap etmäge özüni hakly hasaplaýardy. Ýöne muny Ekinçiniň ýüzüne açyk aýtman, gep arasynda duýdurmagy ýüregine düwüp, köşge bardy Horezmşalardan galan zynatly tagtda oturan Ekinçi ibn Koçkara Anuşteginiň gelenini habar berenlerinde ol çalaja ýylgyryp: "Girsin" diýen yşaraty etdi. Ol Anuşteginiň adyny eşitse-de, özüni öň görmäni üçin ony soltanyň hyzmatynda ýören adatdaky gullaryň biridir-dä, ol indi kimem bolsa meniň işime gatyşyp bilmez diýen pikirdedi. Emma onuň özüne gözi düşeninde adatdaky gullaryň biri däl-de, sakgal-murty ýañy taban ýaş ýigit bolsa-da, begzada sypatly, akyl parasaty bugdaýreñk ýüzüne, gara gözlerine çaýylyp duran, erk-eradaly adamdygyna ten bermeli boldy. Ekinçi tagtyndan düşüp geleniň garşysyna ýöräp gelýärkä: -Märhäba! Märhäba! Muhterem Anuştegin Garçystany jenaplary!-diýip, şowhunly garşy aldy. Anuştegin garşysynda elini uzadyp duran gür gara sakgal-murtly, gyzyl ýüzli daýaw adamyň mylaýym ýylgyryşynyň aňyrsynda inçe mekirligiň bardygyny duýdy. Görşüp, soraşanlaryndan soň Ekinçi: - Hoş gördük, Horezmine gelmegiňizi, jenap Anuştegin!-diýip, ýasama ýylgyrdy. - Hoş görseňizem, görmeseňizem biz soltanymyzyň emri bilen geldik-diýip, Anuştegin kakdyryp gürledi. - Menden biraz kinelidigiňizi bilýän. Bagyşlarsyňyz jenap Anuştegin. Soňky wagtda iş-teşwüş şeýle bir köpeldi welin hiç ýetişip bilemok. Soltanymyz sizi maňa kömekçi edip iberip, örän gowy iş etdi-diýip, Ekinçi ibn Koçkar Anuştegini mütassarif we şyhny hökmünde däl-de, özüne kömekçi hökmünde ykrar edýändigini duýdurdy. Anuştegin wezipä, mertebä çapýan adam däl bolsa-da, Ekinçiniň soňky söziniň degnasyna degeni üçin: - Meniň mütassariflik we şyhnylyk işimde Siz näçe kömek etseňiz menem Size şonça kömek ederin-diýdi. Ekinçi ibn Koçkar Mälik şanyň ogly Sanjaryň iň ýakyn adamlarynyň biri bolany üçin başda “Dagdan arkasy baryň daşdan ýüregi bolýar” diýenlerini edip gürlänem bolsa, birden Anuşteginiň arkasynda soltanyň özüniň durandygy ýadyna düşüp, entek oglundan kakasynyň güýçlüdigini aňan bolmaga çemeli, soňky sözüni ylalaşyga ýazdy. - Birden iki ýagşy diýenleri ýaly ikiläp her niçik iş bolsa-da, hötdesinden geleris, enşalla. Anuştegin Ekinçiniň derrew gaýtmyşym edenine çalarak ýylgyryp, onuň sözüni tassyklaýan kimin başyny atdy. Şundan soňky aralarynda bolan söhbetdeşlik mylakatly geçdi. Agşamky şahana meýlisde bolsa Anuştegin Ekinçiniň sag gapdalyndan ýer aldy. Meýlisiň Mälik şanyň köşgündäki meýlislerden hem artyk bezelendigi, ortadaky naz-nygmatlaryň şeýle bollugy, sazandalaryň, rakkasalaryň köplügi Anuştegini haýran galdyrdy. Ol: "Pajyň pullary ine nirä gidýän ekeni. Ekinçi ibn Koçkar diýenleri soltanymyzyň tersine şeýle eli açyk, jomart häsiýetli adam bolsa gerek" diýip, pikirlenip oturdy. Anuşteginiň "soltanymyzyň tersine" diýeniniň sebäbi bardy. Mälik şa tygşytlylygy gowy görýän birneme gatyrak adamdy. Ol Mawerannahyra ýörüş edip, ýeňiş gazananda özünden öňki patyşalaryň edişi ýaly ýeňiş toýuny bermän, özüniñ urşujylaryny we ol ýeriň adamlaryny öýkeledipdi. Anuşteginiñ özi-de gatnaşan bu ýörüşi ýatlap öz ýanyndan: "Halkyň, döwletiň peýdasyna bolsa gatylyk hem şunuň ýaly jomartlykdan gowudyr” diýip goýdy. Meýlis gijäniň ýaryna golaý sowuldy. Anuştegin Ekinçi bilen hoşlaşýarka: - Şeýle meýlisler ýygy-ýygydan guralýarmy?-diýip sorady. - Ýok. Aýda iküç sapardan köp däl. Bu günki meýlis bolsa Siziň gelmegiňiziň hormatyna guraldy-diýip, Ekinçi mylakatly ýylgyrdy. Anuştegin juda bir sada-da adam däldi. Özüne mahsus birneme mekirligi-de, ýeserligi-de bardy. Ol Ekinçi ibn Koçkaryň özüne görkezýän hormatynyň, mylakatynyň ýasamadygyny, soltandan çekinýänligi üçindigini duýdy. Ekinçi bolsa soltanyň Anuştegini diñe mütassarif we şyhny hökmünde däl, başga-da gizlin tabşyryklar bilen iberendir diýip güman edýärdi. Indi ol öňküsi ýaly erkin, näme iş etse edip bilmejegi üçinem Anuştegini içinden halanokdy. Anuştegin muny bilýärdi. Ol özünden uly wezipeli adam tarapyndan halanmaýanlygy ýagdaýynda-da, arkasynda has uly adamyň durandygy üçin batyrgaý işe girişibermeli diýen pikire geldi. Ol işiniň guramaçylyk tarapyny waly Ekinçi bilen maslahatlaşyp, özüne berlen köşk pisint jaýyň boş duran bir gapdalyny edara edindi. Ekinçi oňa öňki şyhnynyň ygtyýarynda bolan nökerleri berdi. Anuştegin işde özüne bir kömekçi-kätip gerekdigini Ekinçä aýdanynda ol öň özüniň diwanynda işläp giden Hoja Huseýin äl Horezmi diýen adamy teklip etdi. Şyhny hökmünde ýurtdaky tertip-düzgüne jogapkär bolany üçin ýasawullar topary hem onuň ygtyýaryna berildi. Şeýlelikde Anuştegin işi kätiplige hödürlenen Hoja Hüseýin bilen tanyşlykdan başlady. Gapysynda goýlan sakçylaryň birini iberip, ol kişini çagyrtdy. Hoja Hüseýin al Horezmi diýen orta boýly, gysgarak goýlan ak sakgal-murty ýüzüne nuranalyk berip duran, ýaşy ýetmişe golaýlan hem bolsa, entek gurbaty egsilmedik adam ekeni. Huzuryna salam berip giren gojany görenden Anuştegin ýerinden turup, onuň bilen iki elläp görüşüp salamlaşdy, soraşdy. Soňra oturmaga ýer görkezip, özü-de oturdy. - Horezmine hoş geldiňiz, işiňiz oňüna bolsun, jenap şyhny-diýip, Hoja Hüseýin ilki dillendi. - Taňryýalkasyn, ýaşuly. Biziň işimiziň oňuna bolmagy üçin şu eden dilegiňiz bilen bile kömegiňiz hem gerek-diýip, Anuştegin ýaşula ýylgyryp seretdi. - Meniň kömegim?-diýip, Hoja Hüseýin geňirgenip, sägindi, soňra: -Men Size näme kömek edip bilerin?-diýdi. - Men Sizi özüme kömekçi-kätip edip işe almakçy bolýan. - Aý ýok. Siz nädogry edýäňiz. Meniň ketdelere ýaramaýan käbir edähedim bar. - O nähili edähet?-diýip Anuştegin geň galyp sorady. - Men dogry zady dogry, nädogry zady nädogry diýip, kimem bolsa ýüzüne aýdýan. Şonuň üçinem meni diwanda uzak işletmediler. - Onda siz dogruçyl, adalatly adam ekeniňiz. Maňa-da edil şeýle adam gerek. - Bäh! Şeýle adamy halaýan ketdelerem bar eken-ow! Meni Size kim hödürledi? - Waly hezretleriniň özi hödürledi. - Hä, ol Sizi bir çatakçy adama sataşdyraýyn diýen ekeni-dä... - Onda, ol maňa ýamanlyk etjek bolup, ýagşylyk edipdir. Indi Sizem maňa ýamanlygy rowa görmeýän bolsaňyz, meniň teklibime razy bolaýyň. Anuştegin bilen Hüseýin hojanyň biri-birini sulhy almagy üçin aralarynda bolan şu gysga gürrüňiň özi ýeterlik boldy. Çünki olaryň ikisi-de adamy bir görende tanaýan pähimdar adamlardy. Hoja Hüseýin Anuşteginiň teklibini kabul edip, şol günüň özünde işe başlady. Anuştegin ilki soltanyň, tabşyrygy boýunça ilatdan öndürilýän salgyt we Yspyhana iberilýän paç bilen gyzyklandy. Bu hakda Hoja Hüseýine aýdyp, diwandan soňky iki ýylyň maglumatyny getirmegi ondan haýyş etdi. Hoja Hüseýin Anuştegine ýaýdanybrak seredip: - Ony maňa bererlermikä?.. Walynyň özünden soraman bermezler öýüdýän-diýdi. - Sorasalar sorasynlar. Ýöne soltanyň maňa beren ygtyýarlylygy boýunça bermeli bolarlar. Şuny düşündiriň-diýip, Anuştegin nämäniňdir bir zadyň pikirini edýän ýaly bir salym dymdy-da soň: - Hojam, Siz bu ýeriň adamlaryna ýetik bolmaly, walynyň özi nähili adam?-diýdi. - Ekinçi ibn Koçkarmy?... Dogrymy aýtsam men oňa ýetik däl. Bir hili düşnüksiz adam. Ýöne käbir adamlaryň aýtmagyna görä ölemen humarbazmyşyn. - Bäh, döwletiň puluny humara utduryp ýörenokmyka özi? - Ýok. Ol örän ökde humarbazmyş, humar oýnap utduran wagty ýokmyş. - Onuñ oýunda bir karam ýollary bardyr, ýogsa birde bolmasa birde utulmaly ahyryn. - Bilmedim, belki şeýledir. - Aý ol näme bolsa şol bolsun. Biz öz işimiz bilen bolaly. Siz baryp gaýdyň. Anuşteginiň şu sözünden soň Hoja Hüseýin diwana ynam bilen bardy. Ony görenden öňki işdeşleri: - Oho! Hojam! Geliň, geliň! Sizi-de görmek bar ekenow-diýişip, ony şowhun bilen garşy aldylar. Hoja Hüseýini bu ýerde dogry sözlüligi, mertligi üçin köpçülik hormat edýärdi. Adatda dogry sözi aýdyp bilmeýän, saly gowşak adamlar dogry sözli adamyň mertligine ten bermeli bolýarlar. - Täze işiňiz mübärek bolsun, hojam!-diýişip, onuň bilen görüşýärkäler gutladylar. Arasynda degişgeniräk biri: - Hojam, “Dogry söz ataňa-da ýokmaz” diýenleri ýaly bu gelen mutassaryf bilen oňuşarmykaňyz-diýdi. - Mutassaryf jenaplary meniň ýaly dogruçyl adamy gowy görýän ekeni. Men oňa: “meni size hödürlän adam sizi bir çatakçy bilen sataşdyrmakçy bolupdyr” diýsem, ol: “Ol adam maňa ýamanlyk etjek bolup, ýagşylyk edipdir” diýdi. Onuň şu sözüne garanda men onuň bilen oňuşaryn öýüdýän. Bu gürrüňiň üstüne diwanyň başlygy girip geldi. Ol Hüseýin hojany görenden gaşy çytylsa-da, görüşüp soraşdy. - Şyhny jenaplarynyň ýanyna işe geçipsiňiz diýip eşitdik. Işiňiz oňuna bolsun!-diýip, diwanbaşy çyn ýürekden bolmasa-da, ýagşy dileg etdi. Soňundan: - Näme hyzmat, hojam?-diýdi. Hüseýin hoja Anuşteginiň haýyşyny aýtdanynda onuň ýüzi gamaşdy. Bir salym dymyp durdy-da: - Men ol jenabyň bu haýyşyny bitirip bilmeýän-diýdi. - Mütassarif jenaplary "Haýyş bilen iş bitmese soltanyň maňa beren ygtyýarlygy esasynda talap etmeli bolýar” diýdi. Siz muňa näme diýjeksiňiz?-diýip, Hüseýin hoja diwanbaşa sowal nazary bilen seretdi. Diwanbaşynyñ ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy: -"Talap etmeli bolýar" diýdi diýseňiz-le-diýip, kellesini ýaýkady. -Bolýar, men waly hezretleri bilen gürleşip göreýin. Ber, diýse iküç günüň içinde asyl nusgasyndan göçürüp bereris. Hüseýin hoja iş ýerine gelip, diwanda bolan gürrüňi aýdanynda Anuştegin: - Bolýar, iküç gün garaşmaly bolsa garaşaýarys-diýdi. Şol günüň ertesi Anuştegini Ekinçi Ibn Koçkar huzuryna çagyrtdy. Anuştegin bu çakylygyň sebäbini öz ýanyndan çak edip bardy. Çaky-da dogry bolup çykdy. Salam-helekden soň Ekinçi: - Jenap Anuştegin! Siz Horezmine bizi teftiş* etmek üçin geldiňizmi ýa-da ýurdy dolandyrmakda bize kömek etmek üçin geldiňizmi?-diýip, kinaýa gatyşykly gahar bilen aýtdy. Anuştegin ýolda eden çakyna görä şeýle soragyň jogabyny hem taýýarlap gelipdi: - Muhterem waly hezretleri, Men Horezmine soltanymyz Mälik şanyň permany bilen mutassarif we şyhny hökmünde geldim. Mutassarif we şyhnynyň wezipesine nämeler degişli bolsa, şony etmek meniň borjum. İlatdan alynýan salgyt hem-de Yspyhana iberilýän paç baradaky maglumat bilen soltanymyzyň özi gyzyklanyp otyr. Ol maňa baranyñdan şu maglumatlary alyp, iber diýip tabşyrdy. Ekinçi ibn Koçkar bir salym oýa çümüp durandan soñ: - Onuň ýaly bolsa, ol maglumaty soltanymyza meniň özüm ibererin, siz bolsa azara galmaň-diýdi. - Waly hezretleri, soltanymyz bu işi maňa tabşyrdy-diýip Anuştegin çürt-kesik aýtdy. Anuşteginiň bu sözi Ekinçiniň ýüzüni has gamaşdyrdy. Ol: - Biz soltanymyzyň nazarynda ynamdan gaçdykmykak? Näme sebäpden beýle maglumat soraýarka?-diýip, Anuştegine sowal nazary bilen seretdi. - Soňky wagtda Horezminden barýan pajyň mukdary öňküsine garanda ençeme kemelipdir. Belki şonuň üçindir. Ýöne soltanymyzyň Size çigit ýaly-da müňkürligini duýmadym. - Hmm...-diýip, waly bir salym dymdy-da - onda bu ýagdaýy men sahyp hyraçdan* anyklaryn, soň size netijesini aýdaryn-diýip, Ekinçi göýä bu ýagdaýy öň bilmeýän ýaly etdi. - Waly hezretleri-diýdi Anuştegin çynlakaý aheňde-sahyp hyrajy häzir çagyrtsaňyz, ondan meseläni anyklap, sanma-san hasabat iberip oturman, soltanymyza pajyň kemelmeginiň sebäbini habar beräýerin. Bu aňsat we tiz bolýan iş. Ekinçi ibn Koçkar Anuşteginiň bu teklibini, teklibem däl söz äheňine garanda talabyny ret etmäge sebäp tapyp bilmedi. - Bolýa, çagyraýarys-diýip, gaharlyrak aýtdy-da, gapyda duran nökerleriň birini çagyrdy, oňa: - Sahyp hyrajy, eger daş ýere gitmedik bolsa, çagyryp getir-diýdi. Onuň "Eger daş ýere gitmedik bolsa" diýenine Anuştegin düşündi, emma aýratyn äheň bilen aýtsa-da, nöker düşünmedik bolara çemeli, derhal çagyryp getirdi. Ekinçi nökeri gözi bilen iýäýjek bolup seretdi. - Jenap sahyp hyraç, - diýip, ol oňa köp manyly garap ýüzlendi: -Mutassaryf jenaplary soňky ýylda Yspyhana iberilen paç meselesi bilen gyzyklanýar. Näme, onuň öňki ýyllara garanda tapawudy ulumy? - Tapawudy esli bar, waly hezretleri. - Bardyr. Meniň hakydamdan göterilipdir, ýadyma indi düşdi, geçen ýyl derýa joşanda köp ekinleri suw basyp, ilatdan salgyt gaty az alyndy. Şeýle dälmi sahyp?-diýip, Ekinçi sözüni tassyklatmak üçin sahyp haraja ýüzlendi. Sahyp haraj köňlünde şeýtanlyk ýok adam bolmaga çemeli, gönüsinden geldi: - Dogry, ýöne harby harajatlara, goşuny güýçlendirmäge-de köp pul goýberildi. Ekinçiniň ýüzi üýtgäp gitdi. Tas sahyp hyraja "akmak! nadan!” diýip gygyrypdy. Bu sözleri daşyna çykmasa-da, içinde ýaňlanýandygy ýüzünden, garaýşyndan bildirip durdy. - Olam dogry, jenap mutassaryf - diýip Ekinçi Anuştegine ýüzlendi, sahyp haraja bolsa “gidiber” diýen yşaraty edip, sözuni dowam etdirdi.-Ýurduň daşynda tajawuzkär* göçmençi taýpalar köpeldi. Olaryň hüjümini gaýtarmak üçin güýçli goşun bolmasa bolanok. Ýogsa olar basdyryp girip, ilaty talap, weýrançylyk edýärler. Şonuň üçin harby harajatlara, goşunyň üstüni ýetirmek üçin biraz serişde goýberildi. Ýöne biziň bu tedbirimizi Yspyhanda başgaça düşünmekleri mümkin. - Näme üçin başgaça düşünmekleri mümkin? - Horezmin, ozaldan özbaşdaklyk üçin göreşip gelen ýurt. Gaznanyň tabynlygynda bolanynda-da, garaşsyz bolmak üçin köp tagalla edilen. Taryhyň bu sapagy Yspyhanda-da unudylan däldir. Şonuň üçin Siz soltana iberjek habaryňyzda ekinleri derýa joşup, suw basanlygy sebäpli ilatdan alynýan harajyň has kemelendigini görkezip, goşun hakynda agzamasaňyz, maňa uly ýagşylyk etdigiňiz bolardy. Mylaýymdan-mulaýym äheň bilen aýdylan bu sözler Anuşteginiň köňlüni birneme ýumşatdy. Şonuň üçin Ekinçini köşeşdirmekçi boldy: - Waly hezretleri, eger men Siziň aýdanyňyzy etsem, soltanymyza hyýanat etdigim bolar. Ýöne goşuny güýçlendirmek üçin köpräk serişde goýberilmegi barha güýçlenip barýan, göçmençi taýpalardan goranmak üçindigini delillendirip ýazarys.. - Mälik şa siziň deliliňize ynanarmyka? - Ynandyryp ýazarys, arkaýyn bolaýyň. Anuştegin bu sözi, hakykatdanam, Ekinçi ibn Koçkaryň goşuny diňe göçmençi taýpalaryň garşysyna göreşmek, ýurdy talaňçylykdan goramak üçin güýçlendirýändigine kän bir ynanmasa-da, ony köşeşdirmek hem-de özüne duşman gazanmazlyk üçin aýtdy. Ekinçi ibn Koçkar bolsa Anuşteginiň sözlerinden onuň özüne ýamanlygy ýokdugyny duýan ýaly boldy. Şonuň üçin onuň bilen hoşlaşýarka, minnetdarlyk bildirdi. Anuştegin iş ýerine gelýänçä ýolda Ekinçiniň harby harajatlara gereginden köp pul goýbermeginiň düýp sebäbi onuň özüniň aýdyşy ýaly bolman, özbaşdaklyga meýil edýanliginde bolaýmasa ýagşy diýen hyýallara bardy. Ol iş ýerine gelip, Ekinçi bilen bolan gürrüňi kömekçisi Hüseýin Hoja aýdyp berdi. Soňunda: - Men ilki maglumat soranymyzy onuň gaty göreniniň sebäbini düşünmedim. Dogrymy aýtsam, ogurlyk dagy barmyka diýibem güman etdim. Görüp otursam, onuň gorkusy başga zatdan ekeni. Näme, indi Siz ony soltandan gorajak bolýaňyzmy?-diýip, Hüseýin hoja Ekinçiniň goralmagyny islemeýändigini äheňinden bildirdi. - Eger onuň özüniň aýdyşy ýaly göçmençi taýpalaryň hüjüminden goranmak maksadyndan başga maksady bolmasa, soltanymyzyň ýüregini çişirip oturmaýyn diýýän. - Muhterem şyhny hezretleri, beýle güýçli goşun toplar ýaly alyp ýatan güýçli ýagy ýok. Ýurduň daşyndaky ygyp ýören taýpalaryň hüjümini gaýtarmak üçin goşunyň öňki güýji hem ýeterlik. Başga bir patyşalykdan Horezmine ýörüş etmäge hiç kim het edip bilmez. Sebäbi ol beýik soltanlygyň terkibinde*. Meniň pikirimçe onuň maksady başga.Özi-de Size aýdypdyr-a: "Horezmin hemişe özbaşdaklyk üçin göreşip gelen ýurt” diýip. Onuň özü-de özbaşdaklygyň hyýalynda bolaýmasyn. - Onda näme maslahat berýäňiz? - Meniň maslahatym: hakykaty ýaşyryp ýa-da ýuwmarlap oturmaň. - Ýok. Ýaşyrmak maksadym ýok. Ýöne soltanymyz Ekinçiniň bu işini özüne garşy pitne diýip düşünse goşun çekip gelip, gan döküşiklik bolaýmasa ýagşy, diýip gorkýän. - Onuň ýaly bolmaz. Meniň eşdişime görä Mälik şa sowuk ganly adam bolmaly.Ol Siziň iberjek bu habaryňyz bilen goşun çekmez, eger Ekinçi özbaşdaklyk yglan etse, ana şonda goşun çeker. Anuştegin dymyp, oýa çümdi. Hüseýin hojanyň diýenleri hakykata has ýakyn. Emma Ekinçä-de maglumaty oňa zyýansyz edip ýazmaga söz berdi. Nätmeli? Ol bu sowalyna jogap tapyp bilmän alasarmyk ýagdaýda galdy. Uzak wagt iki göwünli bolup, ýaýdanjyrap gezip bolanok, soltanyň sargan maglumatyny tiz goýbermelidi. Hüseýin hoja Anuşteginiň uzak dymmagynyň sebäbini özüçe düşünip, oňa aladaly ýüzlendi: -Şyhny hezretleri, eger meniň gepim Size makul bolmadyk bolsa... - Ýok, Siz dogry gep aýtdyňyz. Men başga zat hakynda pikirlenip otyryn. Biz soltanyň soran maglumatyny kän eglenmän ibermegimiz gerek. Siz ýagdaýy bolşy ýaly görkezip, nama taýýarlaň, ýöne harby harajatlara köp serişde goýbermeginiň sebäbini Ekinçiniň aýdanyna güwä geçip däl-de, onuň aýtmagyna görä diýip ýazyň. Ony soltanyň özi nähili düşünse düşünibersin. Anuşteginiň bu gelen karary Hüseýin hojanyň hem göwnünden turdy: -Hop, Şyhny hezretleri, namany şu günüň özünde, soltanymyza hämdu-senalar bilen aýdyşyňyz kimin taýýarlaryn. Şol günüň ertesi Hüseýin hojanyň taýýarlan namasy Anuşteginiň möhri basylyp, ýörite çapar bilen Yspyhana iberildi. Indi soltanyň oňa nä derejede üns berjegine garaşybermelidi. - Hojam, soltanymyz namany alandan soň näme çäre görer öýüdýäňiz?-diýip Anuştegin howatyrly sorady. - Eger Ekinçiniň deliline ynansa hiç hili çäre görmez. Eger ynanmasa... bilmedim. Belki, onuň özüni bir bahana bilen Yspyhana çagyryp aldyrar. - Dogry. Şeýle etmegi mümkin. Onsoň ol ýerde oňa näme çäre görse görer. -Emma Ekinçi barsa jezalandyryljagyny aňyp, barmazlygy mümkin. Şunuň ýaly ýagdaý Horezminiň Gazna tabynlyk wagtynda hem bolupdyr. Soltan Mahmyt Gaznalynyň Horezmine goýan dikmesi Altyntaş özbaşdaklyga meýil edip, goşun toplap başlanyndan habardar bolan soltan Mahmyt ony bir bahana bilen Gazna çagyrýar. Emma Altyntaş barsa jezalandyryljagyny bilip, barmaýar. - Onsoň näme bolýar? - Ondan soň bolan zat kän. Häzir Size gürrüň bersem köp wagt gerek. - Hojam, biz nesibämiz çekip gelen ýurdumyzyň geçmişini bilsek gowy. “Geçmişi bilmedik geljegi-de öňünden görüp bilmez" diýipdirler. Şonuň üçin Siz maňa Horezminiň taryhyndan birneme sapak berseňiz, Sizden biçak minnetdar bolardym. Siz ýurduň taryhyna belet bolsaňyz gerek? - Juda belet bolmasamam, azda-kände bilýän. Ýöne Siz Horezminiň gadymyýetini bilmekçi bolsaňyz, ony köne kitaplardan taparsyňyz. Horezminiň döwlet hökmünde taryh meýdanyna çykmagy miladydan öňki müň ýyllyklardan gaýdýar. Beýik watandaşymyz Aburaýhan Muhammet ben Ahmet al Biruny özüniň “Al Asar al bakyýa” atly kitabynda gadymda Horezminde höküm süren Horezmşalaryň üç ýüzden hem böp bolandygyny aýdyp, olardan ýigrim biriniň atlaryny getirýär. Ýakyn geçmiş barada bolsa ýagny Mämünler nesilşalygynyň syndyrylyp, Horezmin Gaznanyň tabynlygyna geçen wagtyndan beýlesindäki wakalar beýan edilen bir depder bar mende. Ony öz döwründe köşk şahyrlarynyň biri parsyda nazm bilen ýazypdyr. Men ony kyssada öz dilimize öwürdim. Okasañyz şu depderi bereýin, isleseňiz özüm gürrüň bereýin. Anuştegin Hüseýin hojanyň aýdan depderini alyp, ony işden soň agşamlaryna höwes bilen gyzygyp okady. Depderiň başky setirleri Allanyň adyna adatdaky hämdu-senalardan ybarat bolup, wakalaryň beýany şeýle başlanýardy. ___________ *Waly – häkim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |