18:16 Gürgenç / 2-nji kitap -20 | |
XX BAP
Taryhy proza
Gürgençde iki şahyr duşuşyp, balyk suwa giren ýaly bolup giden bolsalar, Merwde Nyzameddin hajybyň iberen iki “talabany” suwdan çykarlyp taşlanan balyklar ýaly dodaklary bir damja suwa zar tebsiräp, elleri arkasyna daňylgy ýatyrdylar. Olary ele salmak üçin Soltan Sanjar Edip Sabyryň hatyny alan badyna on sany ýasawul bilen özüniň seýsini şähere girilýän derwezede goýupdy. Aradan üç gün geçip-geçmän garaşylýan “myhmanlar” peýda boldy. Başgaplary çümre geýleni üçin kimiň maňlaýy çandyklydygyny bilip bolmady. Ine şonda Edip Sabyryň aty ygtybarly belgi boldy. Seýis oňa gözi düşenden tanap, ýasawullara üm edip goýberdi. Şeýdip ele salnan “talabanlary” şyhnynyň özi sorag etdi. Olar rehimsiz gynamalara çydaman soltanyň janyna kast etmek üçin gelendiklerini boýun alanlaryndan soň ölüme höküm edildiler. Soltan Sanjar Edip Sabyryň hatynyň mazmuny bilen tanyşanynda tutuş endamyny gurşan gazap oduny söndürip bilenokdy. Ol janyna kast etmäge gelenleri jezalandyrany bilenem köşeşmedi. Çünki esasy kast ediji entek jezadan daşdady. “Ah, sen Atsyz, Atsyz! Seni şeýle gabahat işe el urar diýseler ynanmazdym. Men seni öz inim ýaly görýärdim. Şonuň üçin bolsa gerek-näçe gezek seniň etmişleriňi, günäleriňi bagyşladym. Ýagşylyklarymy bilmediň-ä...” diýip, ol içini gepledýärkä birden Atsyz oña: “Meniň oglumy öldüreniňi ýadyňa sal! Şumy maňa eden ýagşylygyň? Adatda uruşda ýesir düşenleri öldürmeýärler. Sen meniň bagrymy köýdürmek üçin bu kadany bozup oglum Atlygy öldürdiň. Ogulyň ölümi ata üçin nähili agyr hasratdygyny sen biperzent bolansoň bilýänem dälsiň” diýen ýaly boldy. Şonda ol tisginip ýerinden turup gitdi. “Ýok! Geçmişde näme bolan bolsa-da sen meniň janyma kast etmegiň aýylganç dönüklikdir. Men muny hiç haçan bagyşlaman. Şu sapar Horezmine baraýsam, seniň Gürgenjiň bilen goşup külüňi ýele sowraryn!” diýip içini gepleden Soltan Sanjar şu mazmunda bar gahar-gazabyny kagyza döküp, Horezmşaga nama iberdi. *** Merwden soltanyň namasyny alyp gaýdan çapar geleninde Horezmşa köşgünde wezir-wekilleri bilen gündelik döwlet işleri barada maslahat geçirip, oturdy. Ol eli naý şeklinde dolanan kagyzly giren köşk hadymyna “Näme habar?” diýen manyda seretdi. - Aly hezret, Merwden çapar geldi, soltan Size nama iberipdir-diýip, köşk hadymy iki elläp namany Atsyza gowşurdy. Munuň gowulyga däldigini ýüregi duýan Horezmşa dolanan kagyzy ýazyp, oňa göz aýlanynda ýüzi agaryp gitdi. "Syr açylypdyr! Indi nätmeli?” diýen pikir kellesine urdy. Patyşanyň ýüzüniň üýtgänini gören emeldarlaryň hiç biri, özi aýdýança, soramaga milt etmedi. Atsyz hatyň näme hakdadygyny aýtmasa, adamlar her hili çaklamalar bilen gepi ulaldyp goýbermekleri mümkindigini oýlap: -Aý, bu Soltanyň gözi paçdan doýman geçdi-diýdi-de, syr bildirmejek bolup, maslahaty dowam etdirdi. Emma onuň dowamy patyşanyň keýpi bolmany üçin hemişekisi ýaly janly geçmedi. Maslahatdan soň Atsyz özüniň aram otagyna baryp, ýatalgasyna gyşardy-da, pikire batdy: “Soltan öňünden habardar edilipdir, ýogsa bu iş amala aşaýmalydy. Kim? Hajyp kime syr bildirdikä?” Birden baş wezir Ymam Mejdeddiniň Edip Sabyr barada aýdany ýadyna düşdi. “Edip Sabyr? Ol nirden bilsin? Ýa-da hajyp oňa soltandan arly bolany üçin aýdaýdymy-ka?.Bir ýagşysy, ysmaýylylar bilen özümiň gepleşmedigim. Olara özlerini kimiň goýberendigini aýtdyrandyrlar, elbetde. Şeýle bolsa, ol bu işden habarsyzdygyny aýdyp, özüni aklamagy mümkin. Ýöne soltan gury söze ynanmaz, ony ynandyrmak üçin hajyby jezalandyrmaly bolýar... Aý ýok, bolmaz. Näme bolman, täji-tagty saklamak üçin hajyp däl, süýtdeş aga-inisini hem öldürýärler. Onsoňam syryň açylmagyna hajybyň özi sebäpçi bolan bolsa, ol jezaga laýyk?" Atsyz şeýle iç hümletmeler bilen esli ýatandan soň dikelip, elini iki gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda duran iki nökeriň biri girip, elini gursagyna goýup, baş egdi. Atsyz: -Nyzametdin hajyby çagyryň!-diýip buýurdy. Ertirki maslahatda Nzameddin hajyp ýokdy. Ol patyşanyň özünden jogap alyp, öz şähsy işi bilen bir ýere gidipdi. Ol ýaňy öýüne gelip, bir çäýnek çaýy öňüne alan wagty Horezmşanyň çakylyk habary bardy. Patyşany garaşdyryp bolýamy, çaýam, çäýnegem el degirilmän, duran ýerinde galdy. Ol öýi köşkden daş bolmansoň, hemişekisi ýaly pyýadalap ýetip bardy. Horezmşanyň öwzaýy bozukdy. Muny hajyp otaga giren badyna salam bilen tagzymdan hem öň aňdy. -Geliň, geçiň-diýip, ýatalgada aýagyny aşak sallap oturan Atsyz hajyba özüne golaý ýerden oturmaga ýer görkezdi. Bir bimazalygyň bardygyny duýup, ýüregine bükgüldi giden hajyp görkezilen ýere çökdi. Atsyz oňa hyrsyz seredip: -Jenap Nyzameddin, Merwe iberen ysmaýylylaryňyz ele düşüpdir. Kimdir biri soltany öňünden habardar edipdir. Siz kime dil ýardyňyz bu hakda?-diýdi. Bu habar bir bada hajyby aljyratdy. -Aly hezret - diýdi özüni dürsän hajyp. - Ýadyňyzda bolsa, siz maňa “diňe ikimiziň aramyzda galmaly bir gep bar diýeniňizde, men “ony özüm bilen gabryma alyp giderin” diýipdim ahyryn. -Şeýle diýen bolsaňyzam, gabryňyzdan öň Soltan Sanjara baryp ýetipdir. Kim Siziň bu işe baş goşanyňyzdan habarly bolup biler? Bir oýlanyp görüň-diýip, Atsyz hajyba biraz purja berdi. Nyzameddin hajyp bu iş bilen bagly eden işlerini bir başdan göz öňüne getirýärkä Edip Sabyryň kerwensaraýyň garbanyşhanasynda ysmaýylylar bilen oturany we bu hakda soň özüne aýdany ýadyna düşüp, tapmaçany tapan kimin: -Aly hezret, bu Edip Sabyr bolaýmasa-diýip, goýberdi. -Ä-he! Ahyr boýun aldyňyz-a. Siz ony-da soltandan arly saýyp, “seniňem aryň alynýa” diýensiňiz, şeýlemi?-diýip, Atsyz hajyba synçy nazaryny dikdi. -Aly hezret, diýýäniňiz näme! Men däli ýa baryp ýatan samsyk däl-ä! Ölsemem beýle sözi aýtman ahyryn-diýip hajyp ör-gökden geldi. -Onda näme sebäpden onuň adyny aýtdyňyz? -Aýdanymyň sebäbi başga weçden, Aly hezret-diýip hajyp Edip Sabyrdan güman edýäniniň sebäbini aýdyp berdi. Atsyz barybir onuň gepine doly ynanmady. -Näme bolan bolsa-da, syr açylypdyr. Soltan hatynda Gürgenjiň bilen goşup, baryňyzyñ külüňizi ýele sowraryn diýipdir. Hany aýdyň, indi nätmeli-diýip, Atsyz hajyba soragly dikildi. Nyzameddin hajyp patşanyň nazaryndan gözüni sowup: -Bilmedim, Aly hezret. Allanyň halany bolar-da-diýdi. -Allanyň halany bolýan bolsa, meniň bu işden habarym ýok. Olara bolsa kimiň iberenini aýtdyrandyrlar, elbetde. Şeýle bolansoň, bu işi guran adamy ýagny Sizi jezalandyryp, tutuş Gürgenç bilen barymyzyň külümiziň ýele sowrulmagyndan gutulsa bolar. Jenaýatçy jezalansa soltan köşeşer. Nyzameddin hajybyň ýüzi ak esgä dönse-de, özüni ýitirmedi: -Aly hezret, bir meniň ölümim bilen ýurt hem Siz hem aman galsaňyz, men ýazgydyma boýun bolmaly bolaryn... Eger başga alajy bolmasa-diýen hajybyň soňky sözünde owazy biraz sandyrap çykdy. Atsyzyň ýüregi dilnip gitdi. “Ýok, munuň kimin mert adamy nähak jezalap bolmaz. Başga alajyny tapmaly” diýen pikir bilen kellesine başga alajy hakyndaky pikir hem ylahydan gelen ýaly boldy. -Ezizim Nyzameddin - diýdi - Siziñ mertligiňizi, meniň üçin janyňyzy hem gaýgyrmajagyňyzy bilýärdim. Muňa häzir ýene bir gezek göz ýetirdim. Men Size beýle nähak jeza bermäge dözýän zalym däldirin. Munuň başga alajyny ederis. Birinji alajy Siziň ysmaýylylar bilen gepleşeniňiziň şaýadyny ýok etmeli. Şaýat ýok bolsa, günäkärem ýok. Nyzameddin hajyp bolup, ysmaýylylar bilen gepleşen başga adam bolmaly. Bu iş soltan bilen biziň aramyzy bozmak, arada duşmançylyk döretmek maksadynda gara hytaýlaryň guran nejis hilesi bolmaly. Nyzameddin hajybyň ýüzüne gan, gözlerine ýaş indi. Ol ýerinden turup, Atsyzyň aýagyna ýykyldy. Atsyz: - Beýitmäň, turuň, Nyzameddin! Günäsi geçilen günäkärler aýaga ýykylýar. Bu işde esasy günäkär Siz däl, men ahyryn. Ýöne men Soltan Sanjaryň aýagyna ýykylman. Oňa derek hoşamadyny ýetirip hat ýazarys-diýip, sözüniň soňuna goşdy. Horezmşa aýdyşy ýaly, ýokardaky deliller bilen özüni aklap, wepadarlygyny nygtap, hoşamaý sözlerden ýüküni ýetirip, soltana nama ýazdy. Namasynyň soňuna soltandan gelen hata jogap hökmünde aşakdaky bir bent şygry hem goşdy. Hökümdaryň bedewi bolsa-da ýeldek ýüwrek, Meniň atym hem entek agsamany bilenok, Siz bäri gelseňiz, menem giderin o ýana, Şeýle-de şalara bu dünýä darlyk edenok. *** Soltan Sanjar Atsyzyň hatynda özüni aklamak üçin getiren deliline ynanjaňlyk häsiýetine görä bir göwni ynansa-da, bir göwni ynanmady. Bu iki göwünlilik hem-de hatyň soňundaky Siz bäri gelseňiz, men o ýana giderin diýenini gaçaryn diýen manyda düşünen soltan Horezmine ýörüşden saklandy. Emma goşgudaky ol setir soltanyň düşünişi ýaly däldi. Horezmşa gaçyp däl, ýurt almaga gitmekçidi. Ol şeýle-de etdi. Ine şu hem soltanyň sabyr käsesini doldurdy. Atsyzyň Syrderýa boýlaryna, Jende ýörüş edip, ol ýerleri ýene-de basyp alandygy hem-de Edip Sabyryň derýa akdyrylandygy hakyndaky yzly-yzyna gelip gowşan habarlar Soltan Sanjary üçünji gezek Horezme ýörüşe atlandyrdy 542-nji hijriniň baharynyñ başynda (1147-aprrel) ýetip gelen soltanyň goşuny paýtagt Gürgenje geçmän ýol ugrundaky Hazarasp galasyny gabady. Munuň sebäbi Horezmşanyň paýtagtda däl-de, Hazaraspdadygyny jansyzlar habar beripdiler. Soltan Hazaraspyň gaty berk galadygyny, ony almak aňsat däldigini bilýärdi. Şeýle-de bolsa, galalara zabt edýän sülsatlarynyň kämildigine, zordugyna daýanyp, hüjümi başlap goýberdi. Manjanyklardan atylýan äpet daşlaryň gala diwaryna baryp degendäki gürpüldisi, galanyň depesinden ýagylýan peýkamlaryň galkanlara gelip degendäki tarkyldysy, adamlaryň gykylygy gulaklary kamata getirip, gopgun, alazenzele turuzýardy. Şeýle ýagdaýdaky dört-bäş sagatlyk hüjüm, arasynda bir-iki sagatlyk arakesme bilen gün batyp, garaňky gatlyşýança dowam edýärdi. Bu aldym-berdimli pursatlarda-da şahyrlaryň öz şalaryny öwüp şygyr düzüşleri haýran galdyrýar. Soltan Sanjaryň köşk şahyry Muhammet ibn Aly Enweri parsça Hazarasp müň at diýen manyny berýändigi bilen söz oýny edip: Eý, şahu-jahan Sanjar, bütin Jahan seniňkidir. Hak eradasy bilen bagt we zaman seniňkidir. Algyn bu gün zabt eýläp Hazaraspy. Erte müň at bilen hazar mekan seniňkidir - diýip ýazan şygryny ýaýyň okuna baglap, gabawdaky galanyň içine atýar. Şonda gabawdakylar bilen bile bolan Reşiteddin Watwat Enweriniň bendine: Eý, şahym Atsyz, bolsa-da duşmanyň gahryman Rüstem, Alyp bilmez Hazaraspyň müň atyn, hatda bir eşegin hem- diýen beýt bilen jogap ýazyp, Sanjaryň goşuna peýkam bilen oklaýar. Watwatyň beýtine gahary gelen Soltan Sanjar: -Hazaraspda şygyr düzýän bir eşegiň bardygyny bildik. Ony şygrynda aýdyşy ýaly bir däl, şahyrlygy üçin iki eşegiň ýerine alyp müneris-diýdi. Soltanyň gepine ýanyndakylar baş atyp, ýylgyryşdylar. Emma Hazaraspy almak aňsat bolmady. Gabaw iki aýa golaýlap barýardy. Şäher bolsa entek-entekler teslim boljaga meňzemeýärdi. Ýöne galanyň üstündäki urşujylaryň peýkamlary saplandymy nämemi öňküsi ýaly depeden ok ýagdyrylmaýardy. Manjanyklardan ýagdyrylýan daşlar bolsa galanyň bir künjüni mazaly opurypdy. Diňe manjanyklar däl, beýleki zabt ediji sülsatlar hem işe girizilip, hüjüm gün-günden güýçlenýärdi. Salalym diýen uzyn merdiwanlar gala diwaryna goýlup, olardan ýokary dyrmaşýan urşujylar uly bir garşylyk görmän, galanyň depesine çykyp ugradylar. Depedäki gylyçlaşmada-da horasanlylar rüstem gelip başlady. Mahlasy, Soltan Sanjaryň gaban galasyny almadyk sapary bolupmy näme, Hazarasp hem şolaryň biri boldy. Emma galany alany bilen esasy almalysy-Horezmşany ele salyp bilmedi. Atsyz galada ýokdy. Ol galanyň gaýra diwarynyň düýbinden başlanyp, derýa golaý ýerden çykylýan ýerasty ýoly arkaly çykyp gidipdi. Soltan bu ýerde şeýle ýerasty ýolunyň bardygyna haýran galyp, onuň haçan gazylandygy bilen gyzyklandy. Aýtmaklaryna görä, bu ýerasty ýoly öňki patyşalaryň döwründe gazylan bolup, onuň girelgesi we çykylýan ýeri gizlenip saklanýan ekeni. Şonuň üçin ony köpçülik bilmeýän eken. Atsyz galanyň alynjagyna gözi ýetensoň janpenalary bilen şu ýol arkaly derýanyň golaýyndan çykyp ätiýaçdan taýýar edilip goýlan gämi bilen Gürgenje gidipdi. Atsyzyň ugurtapyjylygyna telpek goýan Soltan Sanjar goşuny Gürgenje çekmeli boldy. *** Atsyz Soltan Sanjaryň Hazaraspy alanyndan soň ony yzarlap Gürgenje goşun çekjegini bilse-de, galanyň üstüne leşger çykaryp, goranmak çäresini görmedi. Sebäbi depeden durup, näçe peýkam ýagdyranyň bilen soltanyň şäheri alman gaýdyp gitmejegi bellidi. Şonuň üçin ol beýle ok atyşyp, soltanyň beter gaharyny getirenden, hiç hili garşylyk görkezmän, onuň geçirimlilik häsiýetinden peýdalanmagy makul gördi. Emma özüne makul bolan zat Soltan Sanjara makul bolmasa nätjek? Ol bu “nätjege” jogap tapmak üçin birentek kelle döwdi. Soňra "Bir kelleden iki kelle gowy" diýenlerini edip, baş weziri ymam Mejdeddine maslahat saldy. Köpi gören goja wezir: -Aly hezret, Sanjary ähdinden gaýtarmak her kesiň elinden gelmez. Bu işi diňe Ahu-puş oňarmagy mümkin. Ony keramatly adam hökmünde Horasanda-da sylaýarlar-diýdi. Il içinde ýörgünli ady Ahu-puş bolan bu piriň näme keramaty bardygyny hiç kim bilmese-de, oňa keramatly, ylahy güýje eýe şahsyýet hökmünde uly sarpa goýulýardy. Onuň hakyky adyny iň ýakyn adamlary biläýmese, halkyň arasynda bilýän ýokdy. Onuň Ahu-puş adyny götermegine keýgiň (ahunyň) derisinden tikilen geýim geýip, diňe keýgiň eti bilen naharlanýarmyş diýen il içindäki gürrüň sebäp bolupdy. Pir şäherden kyrk çakyrym töweregi daşda, gyryň eteginde, uly howluly jaýda sopulary bilen ýaşaýardy. Horezmşa birki sapar şikärden gaýdyşyn piri zyýarat edipdi. Atsyz "hakykatdan hem soltana piriň sözi geçmegi mümkin” diýen netijä gelip, weziriň maslahatyny makullady. Ol wezirine ýüzlenip: -Jenap Mejdeddin, siziň pikiriňiz makul. Häziriň özünde pire tagtyrowanly araba bilen adam iberiň-diýdi-de, biraz säginip,-Gowusy özüňiz baryň. Meniň adymdan näme mesele hakda çagyrýanymyzy düşündiriň. Gan döküşikligiň öňüni almaklygyň uly sogapdygyny pir düşüner, çakylygymyzy ret etmez-diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. - Emriňiz berjaý ediler, Aly hezret-diýip, ymam Mejdeddin gol gowşuryp şanyň huzuryndan çykdy. *** Hazaraspdan ir bilen ýola düşen leşger dördünji güni gijara Gürgenje ýetip gelip, galanyň eteginde goş ýazdyrdy. Ertire çenli dem-dynjyny alan urşujylar hüjüme geçmek üçin irden zabt ediji sülsatlaryny gurnap başladylar. Ýöne galanyň depesinde hüjüme gaýtawul berjek, garşylyk görkezjek ne ýaýçylar, ne beýleki urşujylar bardy, hiç kim görnenokdy. Göýä Gürgenç tutuşlygyna göçüp giden ýalydy. Adatda goranýan galanyň depesinde bolýan garşylyk güýçleriniň ýokdugyndan Soltan Sanjar özüçe netije çykardy. Salym geçmän, soltanyň gelen netijesiniň dogrudygy mälim boldy: Galanyň garşydaky derwezesi jygyldyly uly ses edip açyldy-da, içerden ona golaý ak sakgally ýaşuly adamlar çykdy. Olaryň öňünde kellesi adatdaky ak däl-de, mawy-asman reňkindäki selleli, egninde ýalpyldap duran mele reňkli, ýeňi tirsegine çenli bolan uzyn eşikli, sakgaly beýlekileriňiden has uzyn-döşünden hem geçen moýsepit kişi bardy. Onuň yzyndakylaryň elleri boş däldi. Saçak göteren ýaly iki elläp öňlerinde tutup gelýän zatlarynyň gabarasy sakgallarynyň ujuna degjek-degjek bolup durdy. Olar gönüläp, soltanyň depesi altyn aýly çadyryna tarap geliberdiler. Çadyrynyň öňünde birnäçe emeldarlary bilen duran Soltan Sanjar olary gören badyna olaryň aman dilemäge sowgat-salam bilen gelýän wekillerdigini aňyp, öz içinden: “Atsyz ýene-de sapalak atýar-ow. Gelibersinler bakaly, menden mazaly jogabyny alarlar” diýip goýdy. Emma wekiller has golaýlap gelenlerinde olaryň öňündäki kişiniň egnindäki eşiginiň keýigiň derisidigini görüp onuň ady äleme ýaýran keramatly pir Ahu-puşdugyny çak eden soltanyň hörpi birneme peseldi. Soltan Sanjar Ahu-puş atly piriň adyny, onuň bilen baglanyşykly il arasyndaky rowaýatlary ençeme gezek eşideninden kalbynda oňa hormat-sarpa hasyl bolupdy. Şoňa görä soltan wekilleri güler ýüz bilen garşylady. Ahu-puş baş egip tagzym etmekçi bolanynda soltan muňa ýol bermedi: -Ýok, ýok! Pirim, Siz bize däl, biz Size tagzym etmeli. Siziň keramatyňyz şalaryň gudratyndan güýçlüdir-diýdi. Soňra elleri boş bolmansoň diňe baş egip salam beren beýleki ýaşulularyň salamyny alyp, öz ýanyndakylara "Ellerindäkileri alyň” diýen yşaraty etdi. Elleri boşan ýaşulular tagzym berjaý edip, bir çete çykyp durdylar. Soltan Sanjaryň nazarynda adynyň, mertebesiniň belentdigine göz ýetiren pir sözüniň geçjekdigine ynam edip, dilewarlyk bilen söze başlady: -Eý, Şahu-Jahan, Isgenderi zaman, külli musulman äleminiň hökümdary Soltan Sanjar ibn Mälik şa hezretleri! Biz Siziň haýru-sahawatyňyza, adalatu-diýanatyňyza, beýik ynsanlara mahsus bolan belent adamkärçiligiňiz bilen ynsanperwerligiňize, çyn musulmana mahsus geçirimliligiňize bil baglap, şu şahri-azym Gürgenjiň ilatyna aman diläp geldik. Soltan Sanjar Piriň öwgüli sözlerine kän bir pitiwa etmese-de, ony ynjytmazlyk üçin hoşamaý gepledi: - Muhterem Piri-sagadat! Siz Horezmşa Atsyz diýen kimsäniň biziň garşymyza eden etmişlerinden bihabar bolsaňyz gerek. Onuň etmişleriniň tygy etimizden geçip, süňkümize ýetensoň, goşun çekip geldik. Ähdim ony Gürgenji bilen goşup, ýer bilen ýegsan etmekdi. Emma... Indi Siziň sözüňizi syndyrmak bize uslyp däl. Şonuň üçin Siziň Gürgenjiň ilatyna aman bermek hakyndaky dilegiňizi kabul edýäs. Ýöne Horezmşa Atsyz barada gürrüň başga. Biz onuň öňem iki gezek eden etmişlerini bagyşladyk. Bu indi üçünji sapar. Onuň bu saparky etmişleri asla bagyşlar ýaly däl! Soltan Sanjar sözüni soňlanyndan bir çetde duran wekilleriň ekabry orta süýşip, soltana ýüzlendi: -Kyblaýy älem, ejaza berseňiz maňa Horezmşa hezretleriniň Size ýetirmegimi tabşyran sözlerini aýdaýyn-diýip, ol elini gursagyna goýup başyny egdi. - Ýene nähili sapalagy bar-ka, aýt bakaly-diýeninde soltanyň sesi gaharly çykdy. Wekil ýene bir gezek baş egip, söze başlady: - Kyblaýy älem, Horezmşa hezretleri Size sadyklygyny, tabynlygyny, Size hiç bir ýamanlygynyň ýokdugyny gaýta-gaýta nygtaýar. Siziň janyňyza kast etmek üçin ysmaýylylaryň iberilmegi Horezmşa bilen arañyzda duşmançylyk döretmek üçin gara hytaýlaryň eden hiýlesi bolmaly. Bu hakda Size iberilen namada hem Horezmşa öz eli bilen ýazypdy. - Besdir!-diýip Soltan wekiliň sözüni böldi.- Edip Sabyry kim derýa akdyrdy?! Ony-da gara hytaýlarmy?! Wekil soltanyň gazaply soraglaryna birneme aljyrajak bolup sägindi. -Näme dymdyň? Jogap ber meniň soragyma!-diýip, soltan öňkiden hem gaharly seslendi. -Kyblaýy älem, men Size Horezmşa hezretleriniň aýdanlaryny aýtdym. Edip Sabyr hakynda ol hiç zat diýmedi. Ýöne biziň eşitmişimize görä, Edip Sabyr Reşiteddin Watwat bilen iki şahyr bolup, Jeýhunyň boýlaryna atly seýle çykanlarynda gyrada tolkunlara tomaşa edip duran Edip Sabyryň atynyň aýagynyň aşagy opurlyp, aty bilen joşgun suwyň aşagyna gidýär. At janawar ýüzüp gyra çykýar. Edip Sabyryň ajaly ýeten eken, çykyp bilmeýär. Ýazgytdyr-da, -diýip, wekil ýene-de baş egip, ýoldaşlarynyň hataryna geçdi. Soltan Sanjaryň bu gepe ynanmandygy ýüzünden belli bolup durdy. Ol: -Ýazgyt diýeniň, Horezmşanyň eli bilen ýazylan bolaýmasyn!-diýdi. - Kyblaýy älem-diýip, wekilleriň başga biri öňe çykyp tagzym bilen soltana ýüzlendi: - Horezmşa hezretleriniň özi şahyr bolansoň şahyr Edip Sabyra juda uly hormat goýýardy. Onsoňam, Bu jahan içre bizden ýagşylykdan özge mülk galmaz, Dünýä mülkün berseň-de ýagşylygyň ornun almaz, ýaly beýtleri ýazan Horezmşa hezretleri özi kimin şahyr adama ýamanlyk edip bilmez ahyr. -Dil başga, ýürek başga, ýaşuly! - diýip, soltan bu sapar birneme gahardan düşüp gepledi. - Dile gelen zatlaryň hemmesi-de ýürekden çykýan däldir. Mundan beýläk men Horezmşaňyzyň sözüne-de, özüne-de ynanmaýaryn. Siz wekiller şaňyzyň ol işine-de bu işine-de bir weç tapyp ony aklajak boldyňyz. Al, onuň bizden birugsat Jende, Seýhun boýlaryna ýörüş edip, ol ýerleri basyp alandygyna näme diýjeksiňiz? Muňa delil tapyp bilmeseňiz gerek! - Sözüniň soňunda soltan ýene gahara mündi. - Ol ýerinde parahat oturyp bilenok. Haçan görseň at üstünde, oňarsa Horasany-da biziň elimizden alaýjak! Soltan sözüne dyngy berenden pir oňa ýüzlenip: -Kyblaýy älem, ýerinde parahat oturmak biziň ýaly terkidünýä kişilere mahsusdyr, şalara mahsus däldir-diýdi. Soltan piriň sözüniň özüne-de degişlidigini düşünse-de, gaharyny oňa dälde, Horezmşaga gönükdirdi: -Pirim, Siziň towakgaňyz bilen biz Gürgenjiň ilatyna aman berdik. Derwezäni açsynlar. Leşger şähere girmez, ýöne meniň janpenalarym girip, Horezmşany köşgünden boýnuna ýüp salyp, biziň öňümize getirerler. - Kyblaýy älem-diýip, Ahu-puş salyhatlylyk bilen soltana ýüzlendi. - Şalar Allatagalanyň nazar salan kişileridir. Şonuň üçin patyşanyň her bir sözüne Allanyň özi şaýatdyr. Siz Allanyň şaýatlygynda Gürgenjiň ilatyna aman berdiňiz. Indi Gürgenjiň ilatynyň bir adamyny boýnuna ýüp salyp, alyp çykyp, jezalasaňyz Size Allanyň gahary gelmezmi? Soltan piriň sözüne aň-taň bolup oňa seretdi. Pir: -Kyblaýy älem, Horezmşa häzir Gürgenjiň ilaty bilen bile, ol hem ilatyň biri hasaplanýar- diýip, pikirini mantyk bilen esaslady. Soltan Sanjar piriň Allany orta goýup, aýdan sözünden soň näme diýjegini bilmän, iki tarapyndaky emirlerine, emeldarlaryna göz aýlady. Olar hem lam-jim bolup durdylar. Çünki, pir aýtmyşlaýyn Allanyň şaýatlygynda aýdylan sözüň garşysyna söz aýtmaga hiç kim milt edip bilenokdy. Dowam edýän dymyşlykda hemmäniň ünsi soltana, has dogrusy onuň agzyna gönükdirilendi. Bu agyzdan çykjak söze sabyrsyzlyk bilen garaşylýardy. Soltan ahyry dillendi: -Wekiller! Baryp şaňyza aýdyň: biz onuň günäsini däl, ganyny geçdik. Günäsini ýuwmak üçin leşgerimiziň almaly oljasyny artygy bilen getirsin, soňundanam bize, tabynlygyny, sadyklygyny beýan edip, gelip aýagymyza ýykylsyn! Soltanyň şerti aňsat bolmasa-da, wekiller üstlerinden dag agdarlan kimin ýeňil dem alyp, Soltana tagzym etdiler. Soltanyň golaýynda duran pir hem elini gursagyna goýup, baş egdi. Soltan oňa garap, sowugrak äheňde: “Sizem, gaýdyberiň” diýdi. Pir bu sowuk äheňiň sebäbine düşündi. Çünki ol onuň äht edip gelen işlerini amala aşyryp bilmediginiň sebäpçisidi. Pir bilen wekiller galanyň derwezesiniň aňyrsyna geçenlerinden soň soltan bu gelip giden adamlardan humarda utulan ýaly bolup, ahmyr bilen dişini gyjady. Töweregindäki emirler, emeldarlar soltanyň lapykeçligini ýazmak üçin bolsa gerek, ony parahatçylyksöýüji, ynsanperwer, adalatly, geçirimlilikde taýsyz, duşmanyny hem dosta öwrüp bilýän danalaryň danasy diýip, dumly-duşdan öwgüsini ýetirdiler. Şundan soň bu hoşamatlara ynanan soltanyň keýpi ýerine gelip, olary çadyrynda ýazylan saçak başyna teklip etdi. Ertirlik üçin ýazylan bu saçak galanyň derwezesiniň jygyldyly uly ses edip açylmagy bilen el degirilmän galypdy. Indi ol ertirligiň wagty geçeni üçin günortanlyk bolupdy. Soltanyň işdäsi ýokdy. Ol saçakdaky dürli naz-nygmatlaryň her birinden azajykdan dadyp oturşyna Ahu-puş piriň sözi bilen Atsyzy jezasyz goýup gitjegine ahmyrynyň ýok däldigini diline çykardy: -Men bu Atsyz diýen adamyň häsiýetine düşünmän geçdim. Kakasynyň wepatyndan soň ony Horezmşa belläp, täji-tagtyň eýesi etdim. On ýyllap biziň hyzmatymyzda bolanynda şeýle bir edep-ekramly, pespäl, söweşlerde batyr, meniň üçin janyny hem aýamajakdygyny näçe gezek görkezen wepadar dost, mähriban inim ýalydy. Men hem ony gowy görýärdim. Ony maňa näçe ýamanlasalar-da, ynanmazdym, mährim sowamazdy. Emma Horezmine gideninden soň üýtgäp ugrady, biziň garşymyza açykdan açyk hereket edip başlady. Bu hereketleri üçin ötünç sorasa, öňki iki saparky ýörüşi etmezdik. Emma ol ötünç soramaga derek öňümize leşger bilen gylyç ýalaňaçlap çykdy. Derbi-dagyn boldy, gaçdy. Ýene biziň goýup giden adamymyzy kowup, täji-tagtyna eýe boldy. Biz muny bolaýmaly iş diýip bagyşladyk. Ikinji saparam goşun çekip gelip, hiç zat etmän, geçirimlilik edip gaýdyp gitdik. Ine indi üçünji saparam şeýle bolup dur. Bu näme, biziň emelsizligimiziň subudymy ýa Allanyň eradasymy? Ýogsa ýamanlygyň jezasy bolmaly ahryn! Soltan sözüne dyngy berende emirleriň biri: -Kyblaýy älem, danyşmentler: "Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işi, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işi” diýipdirler. Siz şu sapar hem är kişiniň işini etdiňiz. Şonuň üçin Horezmşa jezasyz galdy diýip ahmyr etmäň -diýdi. Soltan emire garap ajy ýylgyrdy. Onuň akjaryp görnen endigan irimçik dişleri mama dişlän garaýagyz ýüzünde bulutly gijede aý çykan ýaly boldy. Ol: -Är kişi boljak bolup, ähli ýamanlyklary jezasyz galdyrsak, dünýäni ýamanlyklar basyp gitmezmi?-diýdi. Edil şu wagt Horezmşanyň galanyň derwezesinden çykan habary emiri soltanyň kyn sowalyna jogap bermekden gutardy. Oturanlaryň hemmesi soltan bilen çadyrynyň öňüne çykdylar. Görseler, galadan çykyp gelýän diňe Horezmşanyň özi däl eken, onuň on-onbäş ädim öňünde iki nöker üsti gaba horjunly daýaw gatyry her haýsy bir ýanyndan tutup, idip gelýärdiler. Horezmşa taýak atym aralyga gelip, atynyň başyny çekdi. Gatyry idip gelýän nökerler bolsa soltanyň duran ýerinden bäş ädim bäri-de dyzlaryna çöküp tagzym etdiler. Olaryň biri tagzymdan başyny galdyryp soltana ýüzlendi. -Kyblaýy älem, horjundaky tyllalar leşgeriňiziň olja paýy. Ony kabul etmegiňizi Horezmşa hezretleri towakka etdi, bu-da ol hezretiň Size ýazan sawgantnamasy - diýip, goltugyndan çykaran, bir tarapy gotazly kagyzy soltana tarap uzatdy. Şol bada soltanyň münşüsi sawgantnamany aldy. Soltan dyzyna çöküp oturan nökerlere eli bilen “turaýyň” diýen yşaraty etdi. Nökerler turup bir çete çykyp durdylar. Şundan soň soltan entegem at üstünde oturan Atsyza nazaryny dikdi. Ol onuň atyndan düşüp, gelip aýagyna ýykylmagyna garaşdy. Emma Atsyz özüne seredip duran Soltana bir elini gursagyna goýup, başyny egdi-de, atynyň başyny yzyna dolap, sürüp gitdi. Horezmşanyň bu bolşuny soltandan başgalar hem heýwere gödeklik hasap etseler-de onuň soltana eden täsiriniň ýüze çykmagyna garaşyp, hiç kim dil ýarmady. Elbetde, bu ýagdaý soltana-da gowy täsir eden däldir, ýöne ol syr bildirmän ajy ýylgyryp, kellesini ýaýkady-da: -Geçen sapar ony aýagymyza ýykyp, ýer ogşadanymyz degnasyna gaty degen ekeni, şonuň yzasy ýüreginden henizem çykmandyr. Onuň häzirki boluşy şonuň alamaty bolsa gerek-diýdi. Dagy näme diýsin. Ol aman berdi, indi ony yzyna alyp bolmaýar, hökümdaryň sözi bir bolýar. Bu ýazylmadyk kanun. Soňra ol sawgantmamany okamagy buýurdy. Horezmşa Atsyz sawgantnamada ýaňky eden gödekliginiň tersine soltana sadyklygyny, tabynlygyny nygtap, onuň adyllykda, sahawatlylykda, ynsanperwerlikde, geçirimlilikde, danalykda taýsyz hökümdardygyny wasp edip, adyny arşa göteripdi. Soltan Sanjar sawgantnamany ahyryna çenli dodagynda kinaýaly çala ýylgyryş bilen diňläp, soňunda elini siltäp goýberdi-de: -Bu-da Atsyzyň nobatdaky sapalagy bolsa gerek-diýdi. Ýöne diýse-de sawgantnamadaky öwgüler hoş ýakan bolmaga çemeli murtuny sypap buýsançly ardyndy. Şol wagt galanyň gaýra tarapynda bir süri goýny öňlerine salyp sürüp gelýän iki atly göründi. -Söwüş gelýär! Söwüş!-diýen leşgeriň arasyndan çykan seslere soltan ýylgyryp: -Atsyz atyndan düşüp, aýagymyza ýykylmaly borjuny ýadyndan çykaran bolsa-da, myhmana söwüş etmek borjuny ýadyndan çykarmandyr-diýdi. Şol arada bolsa täsin bir ýagdaý soltany-da, beýlekileri-de geň galdyrdy. Sürüniň öňi leşgeriň goşunyň bir çetine ýetenden, ony sürüp gelýän adamlar atlarynyň başyny yzyna aýlap, gamça basdylar-da, ýüzün salyp gaçdylar. -Bä! Olar näme beýtdiler?-diýip soltan ýanyndakylara garady. Emirleriň biri: -Goýunlara goşup, bizem soýup iýäýmesinler diýip gorkup gaçandyrlar - diýdi. Bu gepe soltandan başga hemmeleri gülüşdiler. Soltan çalarak ýylgyrsa-da, soňunda gaşyny çytyp: - Olaryň beýle etmekleriniň bir manysy: "Alyň, zakgunyňyza iýiň!” diýdikleri dälmi-kä? Ýa-da bizi duş geleni tutup, gul edip alyp gidýän zalym saýyp gaçdylarmy-ka? Eger şeýle pikir eden bolsalar biziň peýdamyza däl. Halkyň içinde zalym diýip däl-de, adyl diýip tanalmak üçin çalyşyp geldik - diýdi. Soňra soltan duran ýerinden bäş ädim öňe ädip, çadyrynyň öňündäki uly meýdany tutup ýatan leşgere elini galdyryp ýüzlendi: - Gerçeklerim! Gylyjyňyz gana boýalman, pyçaklaryňyz söwüş soýup gana boýalsa oňa şükür ediň! Indi gazanlary ataryp, ýaraşygyň toýuny toýlabermeli! Soltanyň bu sözünden soň Gürgenjiň galasynyň daşynda saz-söhbetli toý tutuldy. Bir gije-gündiz dem dynjyny alan leşger ir säherde Horasan sary ýola düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |