18:17 Gürgenç / 2-nji kitap -21 | |
XXI BAP
Taryhy proza
Horasanlylar Gürgenjiň gabawyny aýryp, ýurduna gidenlerinden soň şäherde durmuş öňküsi ýaly gaýnap joşdy. Bazarlarda azyk harytlary,dürli ir-iýmişler bolelin boldy. Bakgallaryň dükanlarynda söwda, hünärmenleriň ussahanalarynda iş gyzgyndy. Dürli ýurtlardan gelýän kerwenlere ýol açyldy. Şäheriň ilaty arkaýyn, parahat ýaşap başlady. Köşkde bolsa köpden bäri unudylan aýdym-sazly, muşaýyraly meýlisler guraldy. Häsiýetine görä parahat oturyp bilmeýän Horezmşa Atsyz jeň-jedellerden ýadan bolmaga çemeli, täze ýörüşler barada entek pikir edenokdy. Şu arada ýaraşygyň hatyrasyna hem-de dostlugy berkitmek maksadynda Soltan Sanjaryň ilçilerinden iberen gymmat bahaly sowgatlary özüne goýlan belent sarpa hökmünde kabul eden Horezmşanyň kalbyna buýsanç şöhlesi saçyldy. Aslyýetinde bolsa bu sowgatlar garagol çagany tertiplije oturtmak üçin berilýän oýnawaçlaryň ýerinedi. Barybir Atsyz öz döwrüniň köp şalaryna mahsus bolan ýörüşler etmek, ýurt almak endiginden el çekenokdy. Ol ýurduň daşyndaky göçüp-gonup ýören taýpalaryň üstüne aram-aram ýörüşler edýärdi, müňläp atdyr düýeleri olja alyp, goşunynyň ulag üpjünçiligini kemsiz etmäge çalyşýardy. Atdyr ýarag taýýar bolsa, oňa eýe çykjak ýigitler az däldi. Şeýlelikde wagtyň geçmegi bilen uly goşun toplandy. Indi köpden bäri özüni biynjalyk edip gelýän Jendli meseläni çözmelidi. "Muazzämat-i sugur-i Yslam" ýagny Yslamyň möhüm serhedi hasaplanýan Jend gara hytaýlaryň çozuşy zerarly elden gidipdi. Ony gaýtaryp almasa Horezmşanyň köňli aram tapjak däldi. Jentde oturan gara hytaýlaryň dikmesi Kemaleddin ibn Arslan han Mahmyt bilen aralarynda dostlukly gatnaşyklar hem ýok däldi. Emma ortada ýer-ýurt durka dostluk nämemişin. Şoňa görä Atsyz Kemaleddinden Jendi gaýtaryp almagyň küýüne düşdi. Soňky döwürde ol harby meseleler boýunça uly meşsweret çagyryp, köpçülige maslahat salyp oturmaýardy. Baş wezirini, hajyplaryny, serkerdeleri çagyryp, meseläni çözerdi-de, herekete geçibererdi. Bu sapar hem şeýle etdi. Açyk söweşde ýitgileriň köp bolýandygyny tejribesinde göre-göre gelýän Horezmşa Kemaleddini gapyllykda basmagy meýilleşdirdi. Baş serkerde Aýuphan bilen munuň maslahatyny etdi: -Biziň goşunymyzyñ ýola çykyp-çykman oňa habar ýetirerler. Onuň bäride jansyzlarynyň bardygy şübhesiz. Habar ýeten badyna-da gara hytaýlary çagyrar, özi-de söweşe taýýarlanar. Munuň öňüni almak üçin näme iş etmeli?-diýip, Atsyz Aýuphana soragly nazaryny dikdi. Aýuphan hökümdarynyň häsiýetine beletdi. Ol özüniň eýýäm meýilleşdirip, kesgitläp goýan zadyny synamak üçin soraýardy. Häzir hem şeýledigini bilen Aýuphan gözlerini ýeserlik bilen güldürip: -Siziň şu meýilleşdirip goýan işiňizi edäýmeli, Aly hezret-diýdi. Atsyz baş serkerdesiniň ýeserligine ýylgyryp: -Seniň başga teklibiň ýokmy? Belki meniňkiden üýtgeşigräk teklibiň bardyr-diýdi. -Ýok, Aly hezret. -Onda bizden wekil bolup barjak serkerdeleriňden bäş adam taýynla. Olar biziň dinsizleriň ýurdy Sygnaga bilelikde ýörüş etmek baradaky teklibimizi Kemaleddine ýetirsinler we jogabyny alyp gelsinler-diýip, Horezmşa baş serkerdä gitmäge rugsat berdi. Şanyň huzuryndan çykan baş serkerde şol wagtyň özünde buýrugy ýerine ýetirmegiň ugruna çykdy. Aýuphan bäş adamdan ybarat wekilleri Horezmşanyñ teklibini Kemaleddin hana ýetirmek üçin ugratdy. Aradan bir hepde geçip-geçmän 547-hijriniñ muharem aýynyñ başynda (1152-aprel) Jende tarap goşun çekildi. Kemaleddiginiň Gürgençde jansyzynyň bardygy barada Horezmşanyň aýdany dogrudy.Olar birem däl ikidi. Olar golaýda Horezmşanyñ köşkde diñe serkerdeleri bilen gizlin maslahat geçirenini bildiler.Onda näme mesele garalanyny anyklamak üçin köp iş etdiler. Anykladylar hem. Ÿöne köp wagt ýitirdiler. Olaryň biri toplan maglumaty bilen Kemaleddin hanyň huzuryna baranda Horezmşanyň goşuny hem Jende golaýlap barypdy. Kemaleddin jansyzynyň maglumatyny diňläp, bir bada ynanmady. Ol: - Sygnaga bilelikde ýörüş etmek meselesi boýunça wekilleri gelip, meniň razylygymy alyp gitdiler ahyr -diýdi. - Han hezretleri, olaryň niýetleri başga. Bäri gelýän goşun Sygnaga däl, diňe Jendi nazarlap gelýär-diýip jansyz janygyp gepledi. Edil şu pursatda ejaza sorap, gapydan giren baş serkerde Kemaleddine ýüzlenip: - Han hezretleri, horezminlileriň leşgeriniň golaýlap gelýändigi hakynda habar geldi. Sygnaga gitmeli bolsak bizem taýarlanyberäli, - diýdi. Kemaletdin han: - Gürgençden gelen bu adam başga gep tapyp otyr. Hamana, Horezmşa Sygnaga däl-de, diňe Jendi nazarlap gelýärmiş - diýdi. Baş serkerde bir salym dymyp, birden: - Han hezretleri, bu gep dogry bolmaly - diýdi. – Men olaryň goşunynynyň golaýlan habaryny eşidenimde bir bada haýran galypdym. Sebäbi olaryň wekilleriniň gelip gideni ýaňydy. Entek olar Gürgenje baryp etenem däldirler. Horezmşa wekillerinden siziň razylygyňyzy bilmän niçik goşun çekipdir? Diýmek, onuň wekil iberip, yzyndanam goşun çekmegi gowylyga däl, han hezretleri. - Dogry! Dogry aýtdyň. Bu hakykatdanam şeýle bolmaly! – diýip Kemaleddin han ýanynda duran emeldarlaryna howsalaly göz aýlady-da, jansyza garap: - Sen goşun üstümize gelensoň habar getirip ýörmiň, öňräk nirdediň?!-diýip azgyryldy. - Gizlin maslahatda bolan gep-sözleriň änigine-şänigine ýetýänçäk köp wagt gitdi, han hezretleri. Ýetişibildigimizden... - Bihepbe! Menden alan dinarlaryňy iş bilen ödemediň, indi kelläň bilen ödärsiň!-diýip, jansyzyň sözüni böldi. Jansyz mert adam eken. Gorkmady, aljyramady’ -Han hezretleri!-diýdi Kemaleddine ýüzlenip:- Meniň kelläm Siziň kelläňiziň ýanynda hiç zat. Ony alybersinler. Ýöne meniň getiren habarym Siziň kelläňizi gutarmak üçindir. Kelläňizi gutaryň, wagty geçirmäň! Kemaleddin bu sözden soň özüni ölüm howpundan ägä eden adamy öldürtmekçi bolýanyna düşündi: Ara bir salym dymyşlyk düşdi. Kemaleddiniň töweregindäki howsala düşen adamlar onuň sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol dymyşlykda pikirini jemlän kimin adamlara aýgytly garap: -Jenaplar!-diýdi.-Biz bäş müň töweregi goşunymyz bilen horezminlileriň garşysyna durup bilmeris. Şonuň üçin gan döküşlik etmän, bu ýerden garamyzy saýlalyň. Goý, Horezmşa gelsin, garşylyksyz şäheri alsyn, maksadyna ýetsin. Ol bu ýerde uzak durmaz, gider. Onýança bizem goşunymyzyň üstüni dolduryp, täze güýç bilen dolanarys. Onuň goýup giden adamlaryny gylyçdan geçirip, ýene-de ýerimize eýe bolarys. Kemaleddin han şu maksat bilen goşunyny, goş-golamyny alyp, Jendi taşlap, çykyp gitdi. *** Horezmşanyň goşuny ir säherde Jende gelip ýeteninde garaşylmadyk bir ýagdaýyň üstünden çykyldy. Atsyz Jendiň walysy Kemaleddiniň goşuny bilen öňünden çykmagyna, bilelikde Sygnaga ýörüşe taýýardygyny habar bermegine garaşypdy. Emma Kemaletdinem, goşunam ýokdy. Jendiň derwezesi-de giňden açykdy, göni giribermelidi. Bu ýagdaýa bir hili geň galan Horezmşa: -A-how jenaplar, bu nähili ahwalat, siz näme pikir edýärsiňiz?-diýip ýanyndaky emeldarlaryna garady. Edil şol wagt açyk derwezeden ylgap çykan bir adam aýak aldygyna gelip, atlylaryň öň hatarynyň ortasynda duran başy tylla jygaly kişä gözi düşenden salam berip, dyzyna çökdi: -Merhemetli Horezmşa hezretleri! Men Jendiň gözüňiziň öňündäki derwezesiniň derwezebany Abul Kasym ibn Hasymdyryn-diýip, özüni tanyşdyran ýüzi horazyň kekeji kimin gyzyl, köseleç masgarabaza meňzeýän bu adam waşisiräp sözüni dowam etdi. - Siziň Jende sary gelýäniňiziň habary bu ýerde her kime her hili täsir etdi. Meselem, bu ýerde han bolup oturan Kemaletdin ibn Arslan hana aýylganç täsir eden bolmaly, ol goş-golamyny alyp, goşuny bilen zut gaçdy. Maňa bolsa juda mylaýym, ýakymly täsir etdi. Şonuň üçin Size derwezäni giňden açyp goýdum. Atsyz derwezebanyň sözlerini ýylgyryp diňledi, soň onuň öz degişme äheňinde sorady: - Muhterem Abul Kasym ibn Hasym derwezeban jenaplary! Kemaleddin han haçan we haýsy tarapa gitdi? -Ol öten gijäniň ýaryna golaý şäherden çykdy. Aýyň ýagtysynda seredip durdum, ugry ilerligine tarapdy. Horezmşa başyny atyp, jogapdan kanagatlananyny bildirdi, sahawat üçin hemişe ýanynda saklaýan bir gysym dinar salnan haltajygy kisesinden çykaryp, derwezebana oklady. Howada gaýyp gelen haltajygy çalasynlyk bilen gapjap alan derwezeban ýerinden turdy, baş egip tagzym etdi: “Döwletiňiz mundanam zyýada bolsun” diýip, dileg edip, bir gyra çekildi. Horezmşa derwezeban gelmezinden öň ýanyndakylara beren sowalyny gaýtalady. Birinji bolup, ýakyn geňeşdary Nyzameddin hajyp pikir bildirdi: -Aly hezret, meniň pikirimçe, Kemaleddin han biziň ýörüşimiz Sygnaga däl-de, Jendiň özünedigi barada habardar edilipdir. Ol güýjüniň deň gelmejegini bilip, şäheri taşlap çykyp gidipdir. - Aly hezret, jenap hajyp dogry aýdýar, çünki Kemaleddini habardar eden onuň özi bolmaly-diýip, Reşiteddin Watwat degişip, adamlary güldürdi. Baş serkerde Aýuphan: - Kim habardar eden bolsa-da, gowy edipdir. Jeň-jedelsiz, gan dökülmän şäher alyndy-diýdi. Horezmşadan başga hemmeler serkerdäniň sözüni makulladylar. -Eý adamlar!-diýip Horezmşa gatyrganybrak seslendi:-Sizler bu gowulygyň soňuny pikirlenip görmediňizmi? Siz, näme Kemaleddin “Alyň geregiňiz şu şäher bolsa” diýip, zut gidendir öýdýäňizmi?! Gadymda bir ýunan serkerdesinden şunuň ýaly ýagdaýda “Näme üçin gidýäňiz?” diýip soranlarynda “Gaýdyp gelmek üçin gidýän” diýipdir. Kemaleddiniň hem gaýdyp gelmek üçin gidendigi şübhesizdir. Ol biziň bu ýerde bu agyr leşger bilen köp wagt durmajagymyzy bilýär. Biz gidenden soň goýup giden leşgerimizi güýç toplap gelip, derbi-dagyn eder, adamlarymyzy gylyçdan geçirer. Näme, siziň şuňa aklyňyz ýetenokmy?! Ýaňyja Aýuphanyň sözüni makullap duranlar lam-jim boldular. Atsyz sözüni dowam etdirdi: - Ony özümiz gidenden soň getirmejek bolsak, häzir getirmegimiz gerek. Bu işi jenap Nyzameddin hajyp Size tabşyrýaryn. Ýanyňyza bäş-alty adam alyp, onuň yzyndan ýetiň. Oňa hiç bir howp-hataryň ýokdugyny, Sygnaga bilelikde ýörüş etmek hakyndaky öňki gepleşigimiziň güýjündedigini aýdyp, yzyna dolanmaga yryň. Ol Seýhuny ýakalap, ilerligine Otrar tarapa giden bolmaly. Goş-golamy bilen gaty gidip bilýänem däldir. Siz atlary haýdap sürseňiz bir, bir ýarym günde yzyndan ýetersiňiz. Patyşanyň emri bilen Nyzameddin hajyp wagty ýitirmän, bile gitmeli ýoldaşlaryny saýlap aldy-da, ýola düşdi. Şundan soň Horezmşa goşunyna goş ýazdyryp dynç almaga buýruk berdi, özi-de wezir-wekilleri, hyzmatyndaky, goragyndaky esgerleri bilen şähere girip, köşkde dynç almak kararyna geldi. Ýaňy soňuny seljermän aýdan sözi sebäpli Horezmşanyň gaharyny getiren baş serkerde Aýuphan öz göwnüne gowy teklip bilen şanyň göwnünden turjak bolup dillendi: -Aly hezret, bir az sabyr ediň. "Ätiýajy elden berme" diýipdirler. Içerini barlamak üçin bir ýüzbaşy serkerdäni topary bilen ibereli. Kim bilýä, Kemaleddin Siziň janyňyza kast etmek üçin bir topar pidaýy goýup giden bolaýmasyn. Atsyz kellesini ýaýkap, kinaýaly ýylgyrdy-da: -Meniň janym barada alada edýäniň üçin sag bol. Goragymdaky esgerlerim, janpenalarym bäş-alty pidaýyny, eger olar bar bolsa, ýok etmegiň hötdesinden gelerler. Şonuň üçin häzir şähere barlagçy topary däl-de, jarçylary ibermeli. Olar şäheri aýlanyp, bazarlara baryp, Jendiň mundan beýläk Horezminiň düzüminde bolýanlygyny, ýurtda parahatçylygyň, adalatyň berkarar ediljekdigini jar etsinler! Bu perman şol güniň özünde berjaý edildi. Elden ele geçip, käte talanyp, gözi gorkan ilat şatlanyp köçelere çykdy, bazarlarda söwda-satyk janlandy. Emma şol gije Horezmşanyň bolýan köşgünde ýüze çykan garaşylmadyk bir waka hemmeleriň keýpini uçurdy... Günortana golaý köşge gelip ýerleşen Horezmşa biraz dem dynjyny alansoň öýlän ýerli emeldarlary kabul etdi. Olaryň işleri bilen tanyşdy. Ol bu ýerli işgärleriň Kemaletdine ýa-da özüne däl-de, öz halkyna, döwletine hyzmat edýändigini nazara alyp, ýene-de öz wezipelerinde goýdy, gowy sözler bilen yhlasly işlemeklige ruhlandyrdy. Şu arada gün ýaşyp, barlyga agşam aralaşdy. Jendiň köçelerinde panuslar, köşkgünde şemler ýakyldy. Horezmşa Atsyz öz adamlary bilen jemagat bolup agşam namazyny okap, şamlyk edineninden soň taşdarynyň taýýarlap goýan hammamyna bardy. hammamyň öňünde duran taşdar ýigit Atsyza bir hili syrly garap: - Aly hezret, içerde çykarynylýan ýerde bir gyz gelip otyr-diýdi. Atsyz haýran galyp: - Nähili gyz, nirden, näme üçin gelipdir?-diýdi. - Haremhanada üç gyz galypdyr, bu şolaryň biri. Ol Size aýtmaly möhüm gepim bar diýýär. -Bä! Aýtmaly gepini hammamda aýtmalymyka?-diýip, Atsyz içeri girdi. Tagzymdan soň başyny galdyran gyza nazary düşen Atsyz onuň husny-jemalyna añk boldy. Gyzdan gözüni aýryp bilmän duran Atsyz biygtyýar ýylgyryp sorady: - Sen, kim sen? - Men Jendiň bolmaly emma Siziň gelmegiňiz bilen bolman galan melikesi. Adym Şahyna. Bu täsin jogaba oňly düşünmedik Atsyz gülümsiräp diýdi: -Düşnükliräk aýtsana, seniň melike bolman galmagyňa meniň näme dahylym bar? -Kemaleddin han meni öz nikasyna alyp melike etmekçidi. Siziň gelmegiňiz bu işi etmäge oňa maý bermedi, maňa bolsa onuň destinden gutulmaga mümkinçilik berdi. Men Siziň penaňyzda ýer taparyn diýip, iki kenizim bilen gaçyp galdym. -Meniň penamyň onuň penasyndan gowy boljagyny sen nä bilýäň? -Hökümdar şahyr bolsa, onuň penasy mähir-muhabbetli bolýar. Men Siziň şalygyňyza däl, şahyrlygyňyza aşyk. Gazallaryňyzyň köpüni ýat bilýän. - Bäh! Şeý diýsene. Sen şu sözleri aýtmak üçin hammama geldiňmi, başga ýer tapmadyňmy? - Men hammama Sizi ölümden halas etmek üçin geldim. - Diýýäniň näme?! Hammamda maňa ölüm garaşýarmy? - Siziň düşünjek suwuňyz zäherlenen, ol Sizi bir aýyň içinde ölüm düşegine ýatyrar. Atsyz bu gepe tisginip gitdi. Gapyda duran taşdary çagyrdy. Oňa gyzyň aýdan gürrüňini aýdanynda, taşdar: - Aly hezret, ylahydanmy meniň göwnüme-de şeýle şübhe geldi. Onsoň suwy täzeledim-diýdi. - Berekella! Ine görýäňmi Şahyna, Alla saklajak bolsa, her tarapdan halasgärler ýetişýän ekeni. Ägä edeniň üçin senem sag bol! Ine indi, suwumyz arassa bolan bolsa, düşünibermeli-diýip, Atsyz eli bilen abhananyň gapysyna yşarat etdi-de - Baş üstüne!-diýdi. Gyz aşak bakyp näzli ýylgyrdy: -Siziň bilenmi? -Eýse kim bilen... “Hudaý berse guluna çykaryp goýar ýoluna” diýip içini gepleden Atsyz hammamdan soň Şahynany aram otagyna alyp geldi. Şaha nabat bilen demlenip goýlan çaýdan içdiler. Çaý içilýärkä gyzy assyrynlyk bilen synlap oturan Atsyz onuň gözlerinde bir hili howsalanyň bardygyny aňdy. Bu onuň beýnisinde dörän bir pikiriň, içki dünýäsindäki bir duýgynyň alamatydygyny bilse-de muny ýamanlyga ýormady. - Şahyna, bir hili ynjalygyň gaçan ýaly, näme bolýar? - Ýok, ýok. Ynjalygym ýerinde. Ýöne bir az tolgunýan. - Näme tolgunýarsyň? Gyz gözlerini süzüp, uludan demini aldy-da: -Arzuwumdaky beýik adamyň gujagyna doljak pursadymyň ýakynlaşýany üçin bolaýmasa-diýdi. -Şeýlemi? - diýip, Atsyz mylaýym ýylgyrdy - Onda, düşege geçmezimizden öň men huptan namazymy okap alaýyn. Sen arkaýyn oturyp, çaýyňy içiber. Atsyz saçakdan bäş ädim aňyrda namazlygyny ýazyp, huptan namazyny okamaga durdy. Ine şonda Şahynanyň kimdigi belli boldy, Atsyzy hudaý saklady. Atsyz namazyň birinji rekadyny okap, ýaňy seždä başyny goýanda ýeňsesinde birden dörän şakyrda biygtyýar gaňrylanynda depesinden inip gelýän inçe tygly hanjara gözi düşüp, oturan ýerinde hanjarly ele ýapyşdy. Ol elem zenanyňky bolsa-da, güýçsüz däl eken hanjary nazarlan ýerine sanjyp bilmese-de, omzunyň birki ýerini ýaralady. Onýança ýerinden turup ýetişen Atsyz bir zarp bilen gyzy ýere ýazdy. Urgunyň zarbyna elinden gaçan hanjar ýykylyp ýatan çäýnek käseleriň üstüne düşdi. Şunda Atsyz özüni ölümden gutaran şu çäýnek-käseleriñ howlugyp hereket eden gyzyň aýagy degendäki şakyrdysydygyna düşündi. Munuň hem Allanyň eradasy bilen özüniň ölüm howpundan ägä edilmegidigine ynandy. Atsyz ýerde ýazylyp ýatan gyza hyrçyny dişläp seredip durşuna: - Ýeriňden tur, hany!-diýdi. Şahyna Horezmşanyň äheňinde hiç bir gahar-gazabyň ýokdugyna haýran galyp, ýerinden turdy. Atsyz ýene şeýle äheňde gepledi: - Şahyna, zenan halyňa gorkman şeýle işe bil baglanyňy men üýtgeşik batyrlyk hasaplaýaryn. Ýöne şeýle batyr, garadan gaýtmaz gyzy beýle jenaýaty etmäge Kemaleddin hanyň nädip yranyna akyl ýetirip bilemok. Şahyna Atsyza göni seredip dillendi: -Merhemetli şa hezretleri, Siz şahyr adam, söýginiň nämedigini, onuň güýjüni başgalardan gowy bilýäňiz. Men Kemaletddin hany janymdan artyk söýýän. Onuň hem meni şeýle söýmegini gazanmak üçin bu işe hut özüm bil bagladym. Onuň habary ýok. Hatda, meniň gaçyp galanymy-da, eger idemedik bolsa, häzir goşda ýokdugymy-da bilýän däldir. Atsyz gyzyň gepine ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän oňa bir salym synçy nazaryny dikip durdy. Gyzyň ýüzi-gözünde ýalançylykdan nam-nyşan görmän, onuň sözüne ynanç hasyl etdi. Soňra: - Kemaleddin han däl-de, söýgi yrdy diýsene. Ýöne sen biraz howlugypsyň, men uklanymdan soň işiňi arkaýyn edip bilerdiň, sakçylara-da “jogap berdi” diýip, çykybam giderdiň. - Siziň düşegiňize geçip, Kemaleddin hana biwepalyk etsem, soň eden işimiň ähmiýeti bolarmydy? Bolmazdy, tersine bolardy. Atsyz güldi: - Aýdýanda, hammamda-da suwa içki geýimiňde düşündiň. Bäh, şeýle wepadar gyrnaklaram bolýan ekeni!-diýip, Atsyz elini iki gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda duran sakçylaryñ ikisi girip, tagzyma baş egdiler. Şahyna sakçylara bir garap goýdy. Atsyz onuň ýüzünde gorky alamatyny görjek bolup seretdi. Ýok, hiç hili gorky alamaty ýokdy. Ol ölümine boýun bolan günäkär kimin parahat durdy. Atsyzyň serinden “Adam özi üçin mukaddes zatlaryň hatyrasyna ölmeli bolsa, ölümi şeýle mertlerçe garşy alsa gerek” diýen pikir geçdi. Şonda birden ýadyna Zübeýda, özüniň Zübeýdasy düşdi. Ol gyz hem Atsyz üçin janyny gaýgyrman, söýgisiniň ýolunda pida bolupdy. Onuň ölüminiň öň ýanynda “Şahym siziň bilen jennetde duşarmykak” diýen sözleri gulagynyň düýbünde ýaňlanan ýaly boldy. Birden ýüregi ýukalyp, gözleri nemlendi, Şahynadan ýüzüni sowup, göýä başga birine diýýän ýaly gepledi: -Şahyna, jenaýat jezasyz galmaly däl. Jenaýaty jezasyz galdyrmak hem adalatsyzlykdyr. Men adyl şa hökmünde bu düzgüni bozsam bolanok. Senem takdyryňa näme ýazylan bolsa şony görersiň - diýip, garaşyp duran sakçylara - Muny alyp baryp, jelladyñ ygtyýaryna tabşyryñ, näme etse öz işi - diýdi. Horezmşanyň soňky sözüne Şahynanyň gözlerinde umyt uçgunlary ýylpyldady. Emma söýginiň nämedigini bilýän, ýüreginde rehim-şepagat bolan adam jellat bolýamy... Nökerler Şahynany alyp çykyp gitdiler. Şundan soň ýaralanan omzy ýadyna düşüp, tebibini çagyrtdy. Tebip gelip, hanjaryň ujy degip, omzuň ganjaryp duran ýerlerine melhem çaldy, ak mata bilen goltugynyň aşagyndan aýlap, daňyp gitdi. Atsyz "Gyzyl görse" özüni saklap bilmeýänini ýazgardy, geleňsizligine ökünip, gijäniň bir mahalyna çenli uklap bilmän ýatdy. Ertesi bu bolan waka köşgüň içine, hat-da şäheriň daşynda düşleýän goşunyň arasyna-da ýaýrady. Patyşanyň ýaralananyna gynananlar az bolmady. Emma onuň eden işini özi ýazgarsa-da, başgalaryň ýazgarmak hyýalyna-da gelmedi. Çünki, şalaryň munuň ýaly işleri geň görülmeýärdi. *** Nyzameddin hajybyň topary az düşläp, köp ýöräp, atlary haýdap, üç gün diýende Kemaleddin hanyň yzyndan ýetdi. Han Seýhunyň ýakasynda bir salkyn ýerde adamlara, ulaglara dynç bermek üçin ýaňy goş ýazdyrdan mahaly özlerine tarap gelýän ona golaý atla gözi düşenden olaryň horezmlilerdigini we näme maksat bilen gelýändiklerini şol bada aňdy. “Geliberiň bakaly. Al bilen aldyrmaz size Arslan han ogly” diýip, içini gepleden Kemaletdin han horezmlilere berjek jogabyny kellesinde aýlap başlady. Horezmliler goşuň bir çetinde atlaryndan düşüp, öňlerinden çykan esgerler bilen salamlaşdylar. - Biz Horezmşa hezretleriniň tabşyrygy boýunça hanyňyz bilen gepleşik geçirmek üçin geldik, bizi onuň ýanyna eltiň-diýip, Nyzameddin hajyp esgerlere ýüzlendi. Esgerleriň ulusy: - Hanyň özünden soraman onuň ýanyna barmak bolanok. Bir salym sabyr ediň-diýip, esgerleriň birini hanyň ýanyna iberdi. Giden gaýdyp gelenden soň Nyzametdin hajyp ýoldaşlary bilen çadyrynyň öňünde özlerine garaşyp duran Kemaleddin hanyň öňüne baryp, ellerini gursagyna goýup, baş egip,salam berdiler. Han: -Hoş gördük, hoş geldiňiz jenaplar!-diýip, kinaýaly ýylgyryş bilen olaryň salamyny aldy, ýöne çadyryna teklip etmedi. Nyzametdin hajyp duran ýerinde bar dilewarlygyny ulanyp geplemeli boldy: -Muhterem Kemaleddin ibn Arlsan han jenaplary! Horezmşa Atsyz hezretleri Siziň bilen Sygnaga bilelikde ýörüş etmek baradaky gelnen ylalaşyga garamazdan Jendi taşlap gitmegiňiziň sebäbini bilmek üçin bizi iberdi. -Horezmşa hezretlerine Sygnaga garanda Jendiň möhümräkdigini bilip, ony oňa peşgeş hökmünde goýup gaýtdyk-diýip, Kemaleddin han ýene-de şol kinaýaly ýylgyryş bilen jogap berdi. -Siz kimdir bir arabozaryň gepine ynanyp, nädogry iş edipsiňiz. Men Nyzameddin hajyp, ýanymdaky bu mertebeli adamlaryň hemmesi hem Size hiç hili howp-hataryň ýokdygyna kepildiris. Hajybyň ýoldaşlary onuň sözüni ýekän-ýekän tassykladylar. Nyzameddin hajyp sözüni dowam etdirdi: -Bidinleriň ýurdy Sygnak juda baý ýurtmyşyn. Bidinlere Yslam gylyjynyň güýjüni görkezip, gazy bolmak hem sogap, hem parzdyr. Ol ýerden gaty köp olja bilen gaýdyp geleniňizden soň Horezmşa hezretleri bilen şertnamalaşyp, ýene öz ýeriňizde oturarsyňyz. Siziň ýurdy adalat bilen dolandyrjagyňyza ynanýarys.. - Şertnamalaşyp diýeniňiz Horezminiň garamagynda diýeniňiz dälmi?-diýip, Kemaleddin han öňki kinaýasyny sypdyrman sorady. - Horezminiň garamagynda bolmak gara hytaýlaryň garamagynda bolmakdan ýamanmy? Biz öz musulmanyňyz, ahyryn! Onsoňam, Atsyz hezretleriniň we Siziň pederleriňiziň dostlugy taryha ýazylandyr. Pederiňiz Arslan han ibn Muhammet bilen Soltan Sanjaryň aralaryna tow düşüp, soltany Samarkanda goşun çekmek niýetinden gaýtaran biziň şamyzyň pederi Kutbeddin Muhammet hezretleridigi ýadyňyzda ýokmy? Indi Siz pederleriňiziň döwründen bäri dowam edip gelýän dostlugy bozsaňyz, pederiňiziň ruhy ynjamazmy? Nyzametdin hajybyň aňyrdan aýlap aýdan sözleriniň täsiri Kemaleddiniň “Al bilen aldyrmaz size Arslan han ogly” diýen pikirini gowşatdy. Hajybyň "Pederleriňiziň döwründen bäri dowam edip gelýän dostlugy bozsaňyz pederiňiziň ruhy ynjamazmy?” diýen sözleri beýnisinde gaýtalandy durdy. “Hoş söz ýylany hininden çykarar” diýlişi ýaly, Kemaleddin han yzyna dolanmaga razylyk berdi. *** Şahynaly wakadan edi gün geçip, günortana golaý Horezmşaga Kemaleddin hanyň gelýänini habar berdiler. Atsyz derhal baş serkerde Aýuphany çagyryp, leşgeri ýaý şekilinde nyzama duruzmagy, Kemaleddiniň goşuny gelende ony gurşap almagy, goş-golamyny, haremini ýerleşdirip, özüni bolsa huzuryna alyp gelmegi buýurdy. Kemaleddin han gün öýleden agyp, kölegeler uzap başlan çagy gelip ýetdi. Şol bada-da Horezmşanyň buýrugy ýerine ýetirildi. Iki serkerde ony köşgüň tagtly eýwanyna alyp girenlerinde, ol wezir-wekilleri bilen özüne göz dikip, tagtda oturan Horezmşanyň ýüzünde gowulyk alamatynyň ýokdugyny görüp, aýylganç ýalňyşanyna düşündi. Şeýle bolsa-da, baş egip salam berdi. Atsyz salamy alyp, gepi gysga etdi: -Kemaleddin han, biziň size ýamanlygymyz ýokdy. Siz bolsa göwnüňize ýaman niýet düwüp, bize garaşman gitdiňiz. Niýetiňiz bize mälim. Siz biziň bu ýerde goýup giden adamlarymyzy, az sanly goşunymyzy gylyçdan geçirip, ýene ýurda eýe bolmakçydyňyz. Biz siziň etjek bu gandöküşligiňiziň öňüni almak üçin çagyryp getirdik. Indi bolsa biz adamlarymyzy, goşunymyzy aman saklamak üçin sizi zyndanda saklamaly bolýarys. Atsyz sözüne dyngy berip, “Alyp çykyň” diýen yşaraty etdi. Kemaleddin han “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýenleri ýaly bir agyz söz diýmän özüni getirenleriñ öňüne düşüp gitdi. Belki sözlemäge mejaly galan däldir. Kemaletdin han bendizyndan edilen dessine, onuň goşunyny dargadyp goýbermek barada Atsyz Aýuphana buýruk berdi. Kemaleddin hany we onuň goşunyny bir ýanly edip, howp-hatardan gutulan Horezmşa şol günüň ertesi ýerli emeldarlaryň hem gatnaşmagynda, gep-söze goşulman kakasynyň ýanynda edep saklap ýören ogly Il-Arslany Jendiñ walysy edip belledi. Soñunda: - Arslanym,-.diýip, ogluna ýüzlendi -İndi köşgem, ýurt hem seniň ygtyýaryňda. Adalat çyzygyndan çykman höküm sürmegiňi isleýärin. Häzir seniň atabegiňi, beýleki ýokary wezipeli emeldarlaryňy belläris. Olar bilen we meniň öz wezipelerinde galdyran ýerli emeldarlar bilen agzybirlikde, ilatyň razylygyny gazanyp, alkyşyny alyp, işlärsiňiz diýip umyt edýärin. Horezmşa sözüni tamamlandan Il-Arslan ýerinden turup, kakasyna minnetdarlygyny bildirip, tagzym etdi. Soňra özi bilen işleşjek adamlar wezipelere bellenenden soñ pederiniň ak patasyny aldy. Horezmşa Atsyz bolsa şol güniň özünde bäş müň kişilik leşgeri Jentde galdyryp, goşunyň esasy bölegi bilen Gürgenje dolandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |