18:19 Gürgenç / 2-nji kitap -22 | |
XXII BAP
Taryhy proza
Yslamyň möhüm serhedi hasaplanýan Jendiň jeňsiz, jedelsiz alynmagyny uly ýeňiş saýan Horezmşa Atsyzyň, diýseň keýpi kökdi. Gürgenje gelen gününiň ertesi Jendiň alynmagynyň hatyrasyna guralan meýlisde meýden serhoş bolan şa öz gazallaryny okaýarka märekäniň arasyndan çykan "Aperin!, Aperin!” diýen seslere joşup beýleki şahyrlara gezek bermegi-de unutdy. Bir dyngysynda Reşiteddin Watwat: - Aly hezret, biz Size “Iskenderi zaman” diýip at bermekçidik, indi “Şahyry zaman” diýip at bermeli bolduk diýeninde Atsyz: - Ikisini-de beriberiň, men garşy däl-diýip, adamlary gülüşdirdi. Horezmşadan soň goşgy okan şahyrlaryň hemmesi hem Alaweddin Abul Müzaffar Jelaleddin Atsyzy wasp edip, owuç-owuç altyn dinar aldylar. Meýlisde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar, rakkasalaryň kereşmeli rakslary ýeňişiň şatlygynyň üstüne şatlyk goşup, Atsyzyň göwnüni al-asmana göterdi. Ol şu gije has parahat, adatdakysyndan köpräk uklady. Ertesi hemişekisinden gijiräk oýanyp, gözüni açan Atsyzyň serinde agşamky meýlisiň keýpi-sapasyndan zat galmandy. Oňa derek gündelik döwlet işleri, çözülmeli meseleler, dürli aladalar kellesinde at salýardy. Ol täret kylyp, azan namazynyň kazasyny okady-da, taýýarlap goýlan ertirlik naharyna-da seretmän, köşgüň tagtly eýwanyna bardy. Şanyň ertirki kabulyna gelen döwlet işgärleri ony ör turup, tagzym bilen garşy aldylar. Horezmşa: -Uzur, jenaplar! Men sizi köpräk garaşdyrdym öýüdýän. Agşamky meýlisimiz uzaga çekenindenmi men köpräk ýatypdyryn. Sizler maňa garanda gaýratly çykyp irläpsiňiz-diýeninde gülüşmeli gürrüňlere ygtyýar berlen Reşiteddin Watwat: -Aly hezret, gep diňe gaýratda däl - diýdi. Watwatyň bir ýomak atjagyny duýan Horezmşa: -Eýsem nämede?-diýip sorady. -Gorkuda, Aly hezret. Bu bendeler, şol sanda men pahyram Sizden gorkanymyza irden bu ýerde dikil gazyk bolýarys. Siziň bolsa Alladan özge gorkjak adamyňyz ýok. Şonuň üçin Siz islän wagtyňyz ýatyp, islän wagtyňyz turup bilýärsiňiz. -Ýok, jenap Reşiteddin, sen ýalňyşýarsyň. Patyşanyň islän wagty ýatyp, islän wagty turmaga haky ýok. Ýurduň, halkyň aladasy, özüniň hökümdarlyk borjy, jogapkärçiligi isleginden ýokardadyr-diýip, Atsyz ýylgyrdy-da - Seniň şu zatlara akyl ýetirip bilmeýşiňe meniň aklym ýetenok-diýdi. Gep oňaýa geldi, Reşiteddin mundan peýdalandy: -Aly hezret, ikimiziň hem bu ýetmezimiziň üstüni dolmak üçin möwlana Hyjazy bir ajaýyp sowgat getiripdir-diýip bir elinde owadan daşly kitaby tutup, bir çetde duran tibbiýet ylmynyň hakany, meşhur feýlesuf alym Al Hekim Aly ibn Muhammet al Hyjazyny görkezdi. Köpçüligiň içinde ony saýgarmadyk Atsyz oňa gözi düşenden bir elini gursagyna goýup salam berdi. Al Hyjazy ýuwaş ýöräp Horezmşanyň öňüne geldi, baş egip tagzym etdi-de: -Aly hezret, Size bagyşlap, yhlas hem-de ylham bilen ýazan kitabymy özüňize gowşurmaga ejaza ediň-diýip, kitaby iki elläp Atsyza uzatdy. Atsyz alyma minnetdarlyk bildirip kitaby aldy, sahabyny açyp, onuň “Akyllylyk hakynda kitap” diýen adyna gözi kaklyşanda ýañy Watwatyñ "ikimiziñ hem ýetmezimiziñ üstüni dolmak üçin" dieniniñ manysynyñ kitabyñ adyndadygyny görüp, gülüp goýberdi. Reşiteddine garap: -Saňa ýöne ýere “Watwat” diýip, at dakmandyrlar-diýdi. Reşiteddin Watwat patyşany duzlanyna monça bolup, uzuryna baş egip, tagzym etdi. Degişme-de, gülüşme-de öz wagtynda ýagşy, uzaga çekse mazasy gaçýar. Şonuň üçin Horezmşa-da entegem aýak üstünde duran adamlara ýüzlenip: -Jenaplar, indi oturyp, esasy işe geçeli-diýdi-de tagtyna geçip oturdy. Adamlar hem öz bellenen ýerlerinde ýerleşenlerinden soň gündelik döwlet işlerine, gurluşyk, abadanlaşdyryş, daýhançylyk meselelerine garalyp başlandy. Horezmşa garalýan meseleleriň käbirleri boýunça degişli adamlara käýese, käbirlerine hoşallyk bildirdi. Aýratyn-da gurluşyk işleri sahybyna şäheriň derýanyň aňyrsyna geçip giňäp barýanlygy sebäpli iki taraplaýyn gatnawyň bökdençsiz bolmagy üçin köprüleri giňeldip abatlamak işleriniň talaba laýyk däldigi üçin gaty darady. Huşmiýan sebitindäki suw ýetmezçilik edýän täze dörän obalara ýörite ýap çekdirip, suw üpjünçiligini ýola goýan döwletiň baş mirabyna hoşallyk bildirip, bir aýlyk hakynyň mukdarynda pul bilen sylaglady. Gündelik meselelere seredip bolunandan soň arza-şikaýat bilen gelen adamlary-da diňlemek ertirlik hem edinmedik, ýaşy altmyşa golaýlap barýan şany gaty ýadatdy. Gün günortadan aganda surnugyp, aram otagyna gelen Atsyz “Alla janlarym uzak ülkelere ýörüşlerde, söweşlerde sagatlap gylyçlaşmalarda beýle ýadamaýardym. Garrap ýörmükäm ýa-da köşgüň howasy bilen meýdanyň howasynyň tapawudyndanmyka?”diýip pikirlendi. Eger bu soragyny Reşiteddin Watwata bereninde ol: “Aly hezret, gep meýdanyň howasynyň köşgüň howasyndan tapawudynda däl, agşamky içilen meýiň täsirinde” diýerdi. *** Horezmşa Atsyz döwletiň, ýurduň içerki işleri bilen meşgullanyp, tagtynda parahat oturanynda Horasan taraplarda parahatçyluk bozulyp ugrady. Öz wagtynda ägirt uly soltanlyk gurup, bir yklymyň deň ýarysynda hökmürowan bolan beýik Soltan Sanjaryň garşysyna baş göterýänler köpeldi. Özüniň tabynlygyndaky wassallaryň beýle herekete het edip bilmekleri soltanlygyň binýadynyň gowşanlygyndan derek berýärdi. Horasandan gelýän bu habarlar Atsyzy, elbetde, biparh goýanokdy. Ýöne ol häzirlikçe wakalara goşulman, olary pursaty gelýänçä daşdan synlap durmagy makul bildi. Gelýän habarlaryň içinde geň-taňlary, ynanyp bolmaýanlary hem bardy. Olaryň biri-de Soltan Sanjar bilen Guruň hökümdary Alaweddin Al Hüseýiniň arasynda bolan wakalardy.. Soňky wagtda güýçlenip ugran gurlylar Soltan Sanjaryň emir Kumaç başçylygyndaky goşunyny ýeňip, Balhy eýelänlerinden soň gaznalylaryň ýerlerini, şol sanda paýtagt Gaznany hem alýarlar. Gur döwletiniň baştutany Al Hüseýin ýurdyny özbaşdak, özüni soltan diýip yglan edýär we Merwe paç tölemegini bes edýär. Bu ýagdaýlar Soltan Sanjary gurlylaryň üstüne ýörüş etmäge mejbur edýär. Hyradyň golaýyndaky Mirabad diýen ýerde bolan jeňde Hüseýinyň goşuny derbi-dagyn edilýär, onuň özi-de ýesir düşýär. Emma Soltan Sanjar ony görlüp-eşidilmedik hormat bilen ýesirlikden boşadýar, ähli alnan oljalary özüne gaýtarýar, munuň üstesine özüniň hazynasyny hem-de köp sanly mal sürülerini hem berip oňa: "Hüseýin, sen meniň doganymyň ornuny tutýarsyň. Bu baýlyklary alyp, Gura dolan. Eger men ýeňiji bolup, hökmürowanlygym dowam etse bu zatlary talap eden wagtym gaýtararsyň. Eger-de tersine bolup, meniň hökümdarlygym soňuna ýeten bolsa we soltanlygym dargasa bu baýlyklar oguzlara galandan seniňki bolsun” diýenmişin. Horasandan gelen bu habary Horezmşa kellesini ýaýkap diňledi. Ol soltanyň geçirimliligini bilse-de, munuň ýaly baýlygy duşmanyna ynanyp berjegine ynanmady. Emma 548-nji hijriniň muharram aýynda (1153-aprel) Soltan Sanjaryň oguzlar bilen söweşde ýeňlip, özüniň hem ýesir düşeni hakyndaky habar Atsyzy ata çykardy. Diňe ata çykardy däl, agyr oýlara hem batyrdy: “Ady äleme dolan beýik soltanlygyň hökümdary, gudratly soltanyň Horasanyň çöllerinde göçüp-gonup ýören çarwalardan ýeňlip, olara ýesir düşmegi akyla sygjak zat däldi. Mälik şanyň döwründen bäri Horasanda oňňut edip, onuň ýaýlalaryndan peýdalanyp ýören oguzlar nädip öz soltanyna garşy baş göterdilerkä? Nädip soltanyň gudratly goşunyndan üstün çykdylarka?! "Gorkagy köp kowsaň batyr bolar" diýlişi ýaly soltanyň emeldarlary-da olara aşa zulum etdilermikä? Zuluma çydaman baş göteren mazlumlara söweşde Allanyň beren üstünligimikä? Şeýledir bu. Ylahydan bir yşarat bolmasa beýle bolmazdy. Ýa-da ähli janly-jandarlara Alla tarapyn ýaşaýyş möhleti berlişi kimin soltanlara, şalara-da höküm sürmek möhleti kesgitlenenmikä?. Seljuklar soltanlygynyň hem ýaşaýyş möhleti dolan bolsa, synmagyna oguzlar gozgalaňy bir bahanadyr" Atsyzyň oýlary munuň bilen hem ahyryna ýetmedi. Ol indi häzirki dörän ýagdaýdan peýdalanyp, soltana degişli käbir sebitlerde öz häkimiýetini ornatmagyň pikirini edip, goşuny Jeýhunyň ýokary akymy bilen Amula tarap çekdi. Emma onuň harby ähmiýetli bu şäheri öz tabynlygyna geçirmek niýeti amala aşmady. Amulyň kutwaly şäheri Horezmşaga bermekden boýun gaçyrdy. Atsyz bu ýerde Soltan Sanjaryñ ýesirlikde-de soltan hökmünde uly hormat bilen saklanýandygyny eşidip, Amuly özüne bermekligi sorap, oña hat iberdi. Emma soltandan gelen jogap hem ony begendirmedi. Soltan jogap hatynda “Men saňa diňe Amuly däl, başga ýerleri hem bereýin. Munuň üçin sen ogluň Il-Arslanyň başçylygynda meni ýesirlikden boşatmak üçin goşun iber” diýipdir. Horezmşa soltanyň hatyny okap, onuň şeýle güýçli goşunyny derbi-dagyn eden oguzlaryň üstüne ýeke özi goşun çekmäge milt etmän, olaryň garşysyna birleşme döretmegiň ugruna çykdy. Ol Horezme dolanyp gelen badyna Sijistanyň, Guryň, Mazandaranyň hökümdarlaryna oguzlaryň Horasanda edýän bozgakçylyklarynyň, talaňlarynyň soňuna çykmak, soltany ýsirlikden halas edip, onuň kanuny häkimiýetini dikeltmek üçin birleşmekligi teklip edip, namalar iberdi. Soñky döwürde Atsyzyñ Soltan Sanjara mynasebeti haýran galarly derejede üýtgedi. Ÿigrimi ýyllap garaşsyzlyk gazanmak maksadynda soltanyñ gaşysyna hereket edip gelen Horezmşanyñ indi oña mähriban çykmagy döwürdeşlerini-de, taryhçylary-da haýran galdyrypdy. Şu arada seljuklaryň gündogar soltanlygynyň tagtyna Soltan Sanjaryň ýegeni Rukneddin Mahmyt han çykaryldy.. Atsyz Mahmyt hany tagta çykmagy bilen gutlap, seljuklara hemişekisi ýaly wepalydygyna ynandyryp oňa-da nama gönderdi. Horezmşanyň namasy baryp gowuşanyndan Mahmyt han sebitdaki iñ güýçli goşunyñ eýesi bolan Horezmşadan Horasanda tutaşyp barýan "Oguz oduny" söndürmekde ýardam sorap, sowgat-salamlar bilen Horezme ilçilerini iberdi. Atsyz ilçileri Mahmyt hanyñ haýyşyny amal etjekdigine ynandyryp, olary sylag-serpaý bilen ugradyp goýberdi, Horezmşa Horasana nobatdaky ýörüşini diňe Mahmyt hanyň haýyşyna görä etmekçi däldi. Ol özüniň sebitdäki iň güýçli hökümdardygyny görkezmekligi we Soltan Sanjaryň beýleki wassalaryny öz baştutanlygynda birleşdirmek bilen oguzlary derbi-dagyn edip, soltanyñ nazarynda öz mertebesini has belende götermekligi göz öňünde tutýardy Ol bu ýörüşe uly ähmiýet berýänligi üçinmi ýa-da ýüregi atanlykda bolaýmagy mümkin bir ýagdaýy syzdymy nämemi ogly Il-Arslanyň ýanynda bolmagyny isläp, ony Jendden çagyryp aldy. Ýerine-de kiçi ogly Hytaý hany galdyryp, Horasana tarap uly goşun bilen ýola düşdi. Uzak ýoly söküp, Şähristana ýetip gelen goşun şäheriň golaýynda goş taşlady. Horezmşa oguzlaryň garşysyna birleşik döretmek baradaky öň başyny başlan işini indi amala aşyrmak üçin Sijistanyň, Guryň, Mazandaranyň hökümdarlaryna çakylyknamalar ýollady. Reşiteddin Watwatyñ galamynyň astyndan çykan namalaryň ýiti täsirli mazmuny namany alan hökümdarlaryň hiç birini-de biparh galdyrmady. Olar ýol taýýarlyklaryny görüp başladylar. Şu arada Soltan Sanjaryň ýesirlikden gaçyp, sag-aman Termize barandygy hakyndaky habar Atsyzyñ birleşen goşuna baştutanlyk edip, oguzlary derbi-dagyn etmek niýetini puja çykardy. Keýpi gaçdy. Çünki, soltany onuň özi azat edip, abraý, şöhrat gazanmakçydy. Ol bu habary has anyklamak üçin habary getiren Mahmyt hanyň wisak başysyny (kiçi serkerde) huzuryna çagyrtdy. Wisak başy habaryň anykdygyna güwä geçip, soltanyň nädip gaçanyny hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä öz nökerleri bilen soltana hyzmat hem-de gözegçilik edýän Haýrylbeý atly onbaşy serkerde üç ýylyň dowamynda soltan bilen gaty ysnyşýar, soltan hem ony özüne uly hormat goýýandygy, gowy hyzmat edýänligi üçin gowy görýär. Soltan oňa: “Haýrylbeý, men häkimiýetimi dikeldip alsam, seni goşunyma baş serkerde ederin. Seniň güýjiň-gaýratyň, ukybyň, edermenligiň baş serkerdelige laýyk-diýip, onuň göwnüni göterýän eken. Bu gepe ynanan Haýrylbeý oguzlaryň baştutany Tutubegi özüni şeýle pes derejede goýany üçin ýaman görüp başlaýar.Ol beýik soltanyň iň ýakyn adamy, goşunynyň baş serkerdesi bolmagyň arzuwynda soltany gaçyrmagyň ýoluny gözläp ugraýar. Şu arada oguzlar Jeýhuna golaýrak ýaýlalara göçýärler. Bu Haýrylbeýe gözleýän ýoluny tapmaga kömek edýär. Ol soltan bilen ikiçäk galanynda: - Kyblaýy älem, biziň oguzlar: “Myhman üç gün ýagşy, üç günden soň gitse ýagşy” diýýärler. Siziň bize myhman bolup geleniňize üç ýyla golaýlap barýar. Indi Siziň bu ýerden gitmek niýetiňiz ýokmy-diýýär. Soltan bu degişmäniň aňyrsynda çyn sözüň ýatanyny duýup: - Niýetim ýok däl. Ýöne sen-öý eýesi goýbermeseň men nädip gideýin-diýýär. Haýrylbeý indi çyny bilen soltana ýüzlenýär: -Kyblaýy älem, Siz Tutubegi çagyryp, oňa üç ýyl bäri aw-şikär etmedigiňizi, ertir bir şikära çykyp, aýak ýazyp gelesiňiziň gelýändigini aýdyň. Ol Siziň sözüňizi ýykyp bilmez. Maňa adamlaryň bilen soltany şikära aýlap gaýt diýer. Onsoň aňyrsyny görübereris. Soltan begenjine Haýrylbeýiň elini gysyp: “Berekella! Gowy oýlapsyň” diýýär. Şol günüň ertesi Soltan azan namazyndan soň adam iberip, Tutubegi çagyrýar. Tutubeg gelip, edep bilen salam bereninden soň: -Kyblaýy älem, näme hyzmat?-diýip soraýar. Soltan oňa özüniň şikår etmek islegini aýdanynda Tutubeg bir salym oýlanyp,“Hemişe aw-şikär edip ýören adamyň öňki göwün açýan güýmenjesini küýsemegi tebigy” diýen netijä gelip: -Kyblaýy älem, şikär etmek isleýän bolsaňyz, Haýrylbeý adamlary bilen Sizi islän ýeriňize aýlap gelerler-diýýär. Tutubegiň bu gepi soltanyň gulagyna azatlygyň hoş habary bolup eşdilýär. Azan namazynyň yz ýanynda alnan razylykdan soň Haýrylbeý şikär şaýyny tutup, nökerleri bilen soltany alyp ýola düşýär. Soltan Sanjar, Haýrylbeý we on sany nökerden ybarat awçylar topary ikindine golaý Jeýhunyň ýakasyndaky tokaýlyga ýetip gelip, düşleg üçin oňaýly ýerde goş taşlaýarlar. Baharyň sergin howasynda bu ýerde ertire çenli dem-dynjyny alýarlar. Ertesi irden ertirlik edinenlerinden soň Haýrylbeý nökerleri bäş-bäşden iki topara bölüp, her haýsysyny bir tarapa aw kowup gelmek üçin iberýär. Diňe şundan soň Soltan Sanjar Haýrylbeýiň rejesine düşünýär. -Kyblaýy älem, atyňyzy gorkman derýa salyberiň. Atlarymyz ýüzgür atlar, еnşalla olar bizi derýadan alyp çykarlar-diýip, Haýrylbeý soltany öňünden goýberýär, yzyndan özi düşýär. Emma Haýrylbeý şol pursatda ähli zat Allanyň eradasyna baglydygyny kellesine getirenem däldir. Onuň mertebä gyzyp, öz kowmuna dönüklik edeni üçinmi ýa-da sanalgysy dolupmy derýanyň ortasyna baranda aty birden ýüzmesini bes edip, ony özi bilen derýanyň düýbüne alyp gidýär. Soltan Sanjaryň bolsa entek görmeli günleri bar ekeni, ol sag-aman derýadan geçip, Termize aşýar. Wisak başynyň beren bu gürrüňini erteki diňlän ýaly diňlän Horezmşa: - Allanyň eradasy bilen bolan işler bu - diýip, başyny atdy. Ol indi üýtgän ýagdaýa görä hereket etmeli boldy. Oýlandy. Şähristandan Nusaýa gelýänçe-de oýlandy. Şundan soň onuñ bu ýerde birinji eden işi soltany ýesirlikden azat bolany bilen gutlap, özüniň oňa wepalylygyny, tabynlygyny nygtap nama gönderdi. Namada soltanyň buýrugyna garaşjakdygyny, goşunyny onuň aýdan ýerine çekmäge taýyndygyny hem ýaňzytdy. Şeýle-de, ol oguzlar meselesini birýanly etmek üçin taýýar durmaklyga çagyryp, Mahmyt hana, Sijistanyň, Mazandaranyñ, Guruň hökümdarlaryna ýene-de namalar ýollady. Horezmşanyň, namasyny alan Mahmyt han bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Habuşanda duşuşmagy teklip edip, Atsyza habar iberdi. Atsyz Habuşana baranda bu ýere Soltan Sanjaryň serkerdeleriniň biri Nejim al Mülk Lowuhi hem geldi. Ol Atsyza soltanyň minnetdarlyk hatyny gowşurdy. Mahmyt han hem gelenden soň maslahatda oguzlar meselesini soltanyň iberen hatyndan ugur alyp, gandöküşlik etmän çözmeklige karar edildi. Bu işi öz boýnuna alan Horezmşa oguzlary indi güýç bilen däl-de, söz bilen boýun egdirmegiň ugruna çykdy. Ol bu işi amala aşyrmak üçin ötgür sözli namalar ýazmagyň ussady, öz kätibi Reşiteddin Watwatyň galamyndan peýdalandy. Oguzlaryň baştutany Nasretdin Abu Sudja Tutubegiň adyna ýazylan namada Soltan Sanjaryň ýesirligi barada ýekeje söz hem ýokdy. Tersine, soltanyň oguzlary özüniňki hasap edip, olaryň arasyna öz ygtyýary bilen girendigi, emma oguzlaryň soltanyň bu merhemetine laýyk hezzet-hormat etmändikleri üçin soltanyň olary terk edip gidendigi, häzir bolsa onuň tabynlygyndaky ähli döwletleriň şalarynyň Termize gelip, soltanyň daşyna üýşendikleri we özleriniň bihasap goşunlaryny onuň ygtyýaryna berendikleri mahabatlandyrylyp beýan edilýärdi. Namanyň soñunda Horezmşa oguzlara soltandan ötünç sorap, oňa boýun egmeklerini teklip edýärdi. Özüniň hem beýleki şalar bilen bilelikde soltandan oguzlaryň günäsini geçmegi haýyş etjekdikleri ýaňzydylýardy. Şundan soň, bir tarapdan Soltan Sanjaryň häkimiýetiniň dikeldilmegi, ikinji tarapdan Horezmşanyň hatynyň täsiri bilen oguzlaryň öňki talaňçylyk hereketleri bes edildi. “Oguz odunyň” söndürilmeginde özüniň goşandynyň uly bolandygy üçin kalbynda buýsanç hasyl eden Atsyz meýilleşdirip goýan nobatdaky işlerine girişmekçidi, emma... *** Dünýäniň işleri täsinden täsin. Hiç kim ony paýawlap ahyryna ýetip bilmändir. Ýetdim diýende ýykylanlar hem az bolmandyr. Horezmşa Atsyz hem şolaryň biri boldy. 551-nji hijriniň jumadylowwal aýynyň soňky güni (1156.30-iýul) otuz iki ýyl hökümdarlyk eden Horezmşa Gazy Alaweddin, Jelaleddin Abul Muzaffar Hüseýin Emir al-Möminin Atsyz altmyş bir ýaşynda Habuşanda wagty beýnisine gan urup, dünýäden ötdi. Onuň köňlünde arzuwlary, beslän maksatlary kändi. Ol Horezmini garaşsyz, beýik döwlet etmekçidi. Edip ýetişmese-de, özünden soňky nesillerine şeýle döwletiň düýbüni tutup beripdi. Ondan soňky Anuşteginler nesilşalygynyň dowamçylary Atsyzyň arzuwyndaky dünýäniň ýaryny özüne tabyn eden öz döwrüniň iň beýik döwletini gurandyklaryna taryh şaýat. Indiki kyssamyz şol hakda. 2015-2017. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |