06:47 Gürgenç / 2-nji kitap -3 | |
III BAP
Taryhy proza
Elkyssa, sene 407-nji hijriniň esedinde Soltan Mahmyt Gaznalynyň eradasy bilen onuň ýakyn hajyplarynyň* biri emir Altyntaş Horezminiň tagtyna çykdy. Oňa Horezmşa unwany berildi. Täji-tagta eýe bolan adam tiz üýtgeýän bolmaga çemeli, Altyntaş hem ýaňy ýakynda soltanyň öňünde gol gowşuryp duran gulamdygyny unutdy. Ol indi hakyky hökümdarlara mahsus bolan endiklere, häsiýetlere eýe bolup başlady. Ol horezmşalardan galan altyn nagyşly tagtda oturyp, köp zatlara göwün ýüwürdýärdi: “Men şunça ýyllap soltan Mahmyda gol gowşuryp hyzmat etdim. Onuň igenjine-de, käýinjine-de çydadym. Indi Alla maňa şu täji-tagty rowa gören bolsa, mundan soň men özbaşdak, garaşsyz hökümdar bolmaly. Hörezmin öňde-de özbaşdak gudratly döwlet bolupdyr. Men onuň öňki gudratyny dikeltmegim gerek. Munuň üçin güýçli goşuna eýe bolmaly. Ondan soň soltan Mahmyda "Aňyrrakda gez, gözüňe çybyk deger" diýse bolar. Emma häzir muny aýdyp bolmaýar. Öňürti güýçli goşun toplamaly, goňşy ýurtlaryň birkisi bilen dostluk şertnamalaryny baglaşmaly"... Altyntaşyň hyýalyny salama gelen serkerde Arslan Jazyp böldi: - Aly hezret, bir hili aladaly görünýäňiz, nämäniň aladasyny edýäňiz-diýip, ol şalara edilýän adatdaky tagzymdan soň sorady. Altyntaş serkerde göýä onuň içindäkini bilen ýaly oňa şübheli seretdi. “Soltan muny ýöne ýere meniň ýanymda goýup giden däldir. Muňa ynanyp içiňdäkini aýdyp bolmaz” diýen kellesine gelip geçen pikirden soň: - Ýurduň baştutany bolandan soň onuň aladasyny etmän bolýamy. Biziň esasy aladamyz halkyň parahat durmuşyny saklamak, ony töwerekdäki göçmençi taýpalaryñ hüjüminden goramak. Munuň üçin güýçli goşun gerek. Häzir biziň ygtyýarymyzdaky soltanyň goýup giden ojagaz leşgeri bilen goranyp bolmaýar. Soltanyň goşuny bolsa daşda. Şonuň üçin özümiz goşun toplamaly-diýip, sözüniň serkerdä nähili täsir edenini bilmek üçin oňa synçy nazaryny dikdi. Serkerde Arslan Jazyp içindäkini daşyna çykarýan adamlardan däl ekeni. Ol: -Siz şeýle karara gelen bolsaňyz yzyny Alla oňarsyn-diýdi. Içinden bolsa “Onuň bu işi soltana ýararmyka? Adatda bir güýçli goşunyň eýesi başga ýerde ýene bir güýçli goşunyň döremegini halamaýar-a, onda-da öz garamagyndaky ýurtda” diýip gyjyndy. Arslan Jazyp Altyntaşyň täze toplajak goşunyny onuň ygtyýaryna bermejegini bilse-de, synamak üçin sorady: - Aly hezret, güýçli goşuna örän tejribeli serkerde-de gerek bolar. Bu ýurtda şeýle serkerde tapylarmyka? Altyntaş Arslan Jazyba garap, kinaýaly ýylgyrdy: - Güýçli goşuna tejribeli serkerde-de bar-a. Arslan Jazyp özüni nazarda tutup aýdylan söze düşünse-de, düşünmedik bolup, şeýle diýdi: - Siz şeýle güýçli goşun toplasaňyz, biziň bu ýerde geregimiz ýok. Men öz esgerlerim bilen ýurda gaýdybersem-de bolar. - Ýok! Men Sizi hiç ýere goýbermen. Goşuny bile toplarys. Arslan Jazyp soltanyň halamajak işine özüniň goşulmagyny islemese-de, “Patyşanyň emri wajy” diýen öňden gelýän düzgüne boýun egmeli boldy. Altyntaş aýdanyny edip, töwerekdäki türki taýpalaryñ, Horezmiň men diýen edermen ýigitlerinden goşun gullugyna çekip başlady. Gürgenjiň gylyç, galkan, naýza, keman, peýkam ýasaýan ussalary gije-gündiz körük basyp, ýarag ýasadylar. Bu işleriň başynda Altyntaş Arslan Jazybyň özüni goýdy. Bu işler barada Gazna habar ýetiräýmesin diýip onuň özüne bildirmän, berk gözegçiligiň astyna aldy. Bir ýyla ýetip ýetmän Altyntaşyň göwnündäki goşun toplandy. Arslan Jazyp kyn işden eli boşap, indi arkaýyn uly goşuna serkerdelik ederin diýen wagty Jeýhuna gark bolup, dereksiz ýitdi... Anuştegin ýazgynyň şu ýerine gelende tisginip gitdi, özüni Arslan Jazybyň, Ekinçini Altyntaşyň ýerinde goýup, göz öňüne getirdi. "Juda meňzeş ýagdaý, örän ogşaş waka. Taryh gaýtalanaýmasa ýagşy” diýen pikir geldi serine. Depderi ýapyp, bir salym dymyp oturdy. Onuň oýa çümüp oturanyny gören mährem aýaly garşysyna gelip çökdi-de ýuwaşlyk bilen elinden depderi aldy: - Okap ýadadyňyzmy?-diýdi. - Ýok, ýadamadym. Bu dünýäniň işlerine haýran galyp otyryn. Durmuşda arasyna asyrlar düşse-de biri-birine juda meňzeş wakalar bolýan ekeni-diýdi Anuştegin. - Bolsa bolsun, onuň Size näme dahyly bar. Irräk ýatyp, dynjyňyzy alyň, güni bilen işiňizde-de ýadaýaňyz ahyr. - diýip, aýaly depderi bermän turup gitdi. Anuştegin aýalynyň mähribanlygyny ret etmäge göwni bolman, huptan namazyny okap, ýatylýan otaga geçdi. Emma uzak wagt uklap bilmedi. Okan wakalarynyň soňy nähili bolarka diýip, özüçe çaklady. Olary häzirki ýagdaýa deňeşdirip, özüniň Ekinçi bilen aragatnaşygynyň soňuna göz ýetirjek bolup gördi. Birdenem kellesine Altyntaşyň Arslan Jazyba ulanan çäresini Ekinçi-de ulanaýmagy mümkin diýen pikir geldi. Ýene “Ÿok, ol beýle işi edip bilmez. Onsoňam soltana nama baryp ýeten bolsa, ony tizarada ýygnar” diýip, ýüregi düşüşdi. Ertesi Anuştegin işinden ýadap gelse-de, şamlyk naharyndan soň depderi ýene eline aldy, wakalary yzarlap ugrady: Serkerdeleri ýitirim bolandan soň onuň esgerlerinden ikisi gaçdylar. Olaryň gaçany köşge iki günden soň mälim boldy. Ýogsa yzlaryndan kowgy iberip, tutup getirerdiler. Gaçaklar sag-aman Gazna ýetip bardylar. Şeýlelikde Altyntaşyň uly goşun toplany, serkerde Arslan Jazybyň ýogalany hakyndaky habarlar soltan Mahmyda ýetip bardy. Horezminden gelen garaşylmadyk bu habar ýaşy bir çene baran soltany öňküleri ýaly derhal ýaraga ýapyşmaga ündemedi, tersine birneme ejizleden ýaly etdi: - Ýa Alla, bu adamlary nä tüýsli edip ýaratdyň! Düýn öňümde dyzyna çöküp, tagzym edýän gulamym bu gün özüni şa saýyp, bizden bidin güýçli goşun toplapdyr. Kimiň garşysyna?! Töweregindäki taýpalaryň garşysynamy? Ýok, olaryň garşysyna meniň goýup gaýdan leşgerim hem ýeterlikdi. Serkerde Arslan Jazybyň derýa gark bolmagynda-da onuň eli bolmaly. Bu şübhesiz-diýip, zeýrenip oturan soltany tagtyň töweregindäki wezir-wekiller eýle däldir, beýle däldir diýişip, köşeşdirmäge çalyşdylar. Soňunda hajyplaryň biri: - Kyblaýy älem, Altyntaşyň özüni bir bahana bilen çagyryň. Geleninden soň ony näme etseňiz ygtyýaryňyz-diýdi. Soltan Mahmyt Altyntaşyň geljegine gaty bir ynamy bolmasa-da, agtyklarynyň birine toý edýändigini aýdyp, toýa çakylykçy hökmünde bu maslahaty beren hajybyň özüni iberdi. Uzak ýoly söküp, Gürgenje baryp ýeten hajyby Altyntaş hormat bilen garşy aldy. Hezzet baryny etdi. Emma gezek çakylyga gelende ony ret etdi. - Muhterem hajyp jenaplary - diýip, ol mylaýymlyk bilen söze başlady.-Men Siziň bilen Gazna gidip biljek däl. Eger şeýle toý bar bolsa, toýy oňuna bolsun - diýmek bilen ol hiç hili toý ýok, bu bir bahana diýen manyny ýaňzytdy.Soñra - Dogrusyny aýdyp gepleşeli - diýdi - Soltanymyz meniň goşun toplanymy eşidip, ony başgaça düşünen bolmaly. Men goşuny biriniň üstüne ýörüş etmek üçin toplamadym. Ony Horezminiň üstüne ýörüş etjeklerden goranmak üçin topladym. Meniň şu sözlerimi soltanymyza ýetirmegiňizi Sizden towakga edýärin. Ine şu sözler bilen Altyntaş Horezmiň güýjini mälim edip, hajyby soltana sowgat-salamlar bilen ugradyp goýberdi. Hajyp Gazna ýetip gelende Soltan Mahmyt agyr dert bilen düşekde ýatyrdy. Ol: - Altyntaş gelmedimi?-diýip, hajyba getirip bilmediň diýen manyda ýaman gözi bilen garady. - Ol meniň çakylygymy ret etmäge niçik milt edip bildi. Sag-aman ýerimden galsam, onuň bilen hasaplaşaryn-diýdi. Emma ýerinden galmak oňa nesip etmedi, özüniň köp ganly gowgalar salan dünýäsi bilen hoşlaşdy. Soltanyň ölümi hakyndaky ajy habar Altyntaşyň gulagyna buşluk bolup degdi. Çünki, soltanyň çakylygyny ret edişine etdi welin, munuň soňunyň nähili boljagyny bilmän howatyrdady. Taryhda boşap galan tagt üçin göreşler, jedelli jeňler sanardan köpdir. Soltan Mahmyt Gaznalydan galan tagta eýe çykmak üçin onuň ogullarynyň arasynda göreş başlandy. Bu göreşde Altyntaş şazadalaryň hiç haýsysynyň tarapyny çalmady. Eger biriniň tarapyny çalsa beýlekisi oňa duşman boljakdy. Eger ol tagta çykaýsa has howply duşman gazanjakdygyny bilýärdi. Hernä bu göreş uly bir gandöküşliksiz uzaga çekmän çözüldi. Öz diýenli, gujurly, mekirlikden hem paýly şazada Masut agasy Muhammetden tagty gaýtaryp aldy. Indi ol şazada däl, Soltan Masut bolup, ýurda hökümdarlyk edip başlady. Entek onuñ taryha nähili hökümdar hökmünde girjegi belli bolmasa-da, pederiniñ göreldesine eýerp, ylma, edebiýata, sungata sarpa goýýandygy bellidi. Kakasynyň döwründe Gürgençden gelen horezmli beýik alym Aburaýhan al Biruna howandarlyk edýärdi. Altyntaş soltan Mahmydyň döwründe onuň köşgünde ýakyn adamlarynyň biri bolup işleýärkä şazada Masudyñ häsiýetlerine belet bolupdy. Ol özüniň tejribeli serkerde, parasatly syýasatçydygyny Masudyň hem bilýändigini nazarda tutup, oňa şu ugurlarda halypalyk etmekligiň hyýalyna mündi. Şu hyýal bilenem ýaş soltana maslahat hökmünde nama gönderdi. Nama ýetip gelende Masut köşgünde wezir-wekilleri bilen maslahat geçirip otyrdy. Köşk hadymy girip, Horezmden çapar gelenini habar bereninde Masut Altyntaşdan gutlag bilen sowgat-salamlara garaşýan bolsa-da: - Näme habar bilen gelipdir?-diýdi. Hadym: - Size Horezmşa Altyntaşdan sowgat-salamlar bilen bir nama getiripdir - diýeninde çaparbaşyny çagyrmagy buýurdy. Kyrk atly çaparyň baştutany girip, tagzym bilen iki elläp namany uzatdy. Namany okaýarka Masudyň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. wezir-wekiller soltanyñ ýüzündäki manydan namada möhüm gepiň ýokdygyny aňdylar. Masut Altyntaşyň akyl öwredýänini kinaýalap ýylgyrypdy. Altyntaş bolsa Masuda gutlaglar bilen hamdu-senalardan soň dogry maslahat berip, şeýle sözleri ýazypdy: "..Mawerannahyryň hökümdary Alytegin biziň ganym duşmanymyz. Duşman hiç haçan dost bolmaz. Şeýle-de bolsa, onuň bilen şertnama baglaşyp, ýakynlaşmak gerek. Bu juda zerur. Balh, Taharystan, Sagynýan, Termiz, Kuwadýan, Huttal welaýatlaryny goşun bilen üpjün etmek gerek. Çünki, ol bu goragsyz welaýatlara çem gelen wagty çozup talar. Kaşgaryň hökümdary Kadyr han bilen hem arany sazlamak gerek. Jaýy jennet pederiňiz ony tagta çykarmak üçin köp alada etdi. Indi onuň bilen dostlugyň berkleşmegi üçin ony goldamaly. Ol Size hakyky dost bolup bilmese-de, iş ýüzünde gowy gatnaşygy saklasañyz başgalary Size garşy küşgürmez...” Masut namany ilki okanynda ony kinaýa bilen kabul eden bolsa-da, Altyntaşyň maslahatlaryny amal etmegi ýüregine düwdi. Aradan köp wagt geçmän Kaşgara - Kadyr hanyñ huzuryna mertebeli adamlaryndan ilçiler iberdi. Ilçilere Masudyñ tagta çykanyny habar bermek bilen onuñ aralaryndaky dostlugy has berkleşdirmegi isleýändigini, munuň üçin Kadyr hanyň gyzyny Masudyň özüne, ogly Bogra teginiň gyzyny Masudyň miras düşer ogly Mawduda soraýandygyny aýtmak tabşyryldy. Kadyr han ilçileri güler ýüz bilen garşylap, Mesudyň tekliplerini hoşallyk bilen kabul etdi. Şeýlelikde soltan Masut Kadyr han bilen arany sazlap aldy. Indi onuň esasy ünjüsi Mawerannahyr hökümdary Alytegindi. Dogrusyny aýdanda, diňe olam däl, güýçli goşunyň eýesi Altyntaş hemdi. Elbetde, goşuny näçe güýçli bolsa-da ol Gaznanyň üstüne ýörüş etmäge milt edip bilmez. Ýöne goşunyna daýanyp, islän wagty garaşsyzlygyny yglan eder. Üstüne goşun çekjegiňi bilse-de, başga döwletler bilen garşyňa şertnama baglaşar. Kakasy soltan Mahmyt hem şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagyndan howatyr edýärdi. Eger ony Gazna çagyryp alyp, ýoguna ýanyp bolsady, bir ünjüden dynardy. Emma ol gelmez. Kakasy çagyranda-da gelmedi. Eger gelse Horezmine gaýdyp barmajagyny bilýär, bileni üçinem gelmez. Şonuň üçin onuň Alytegin bilen ýakynlaşmagynyň öňüni alyp, özi arany sazlamalydy. Emma soltan Masudyñ bu arzuw-hyýaly amala aşmady. Alytegin onuň bilen kes-kelläm ylalaşyga barmady. Çünki Masut agasy Muhammet bilen tagt üçin göreşip ýöreninde Alyteginden kömek sorap, oňa Huttaly bermegi wada edipdi. Emma tagta çykanyndan soň ol wada unudyldy. Şundan soň Alytegin guýrugyna basylan ýylana döndi. Alytegin bilen arany sazlap bolmajagyna gözi ýeten soltan Masut indi başga ýol tapdy. Ol bir okda iki towşany awlamakçy bolup, Altyntaşa Mawerannahyra ýörüş etmegi teklip etdi. Özüniň hem bäş müñ atly goşun berjegini duýdurdy. Horezm resmi taýdan Gaznanyň tabynlygynda bolansoň bu teklip buýruga barabardy. Şeýle bolsa-da, Altyntaş ony ret edip bilerdi, emma hökümdarlara mahsus bolan ýer-ýurt, olja, ýesir almak islegi oňa-da ýat däldi. Şoňa görä-de, ol soltan Masudyñ teklibini höwes bilen kabul etdi. Horezminiň gazaply gyşy çykyp, baharyň mylaýym ýelleri öwsüp başlanynda Altyntaş Mawerannahyra goşun çekdi. Alytegin Buharanyň goragyny gazylara tabşyryp, erk-galanyň goragyna 150 gulamy goýdy. Özi esasy goşuny bilen Dubusy tarapa çekildi. Altyntaşyň leşgeri Buharany gabanynda gazylar hem ilat hem aman diläp, teslim boldular. erk-galanyň goragçylary bolsa peýdasyz garşylyk görkezdiler, olaryň segseni heläk bolup, ýetmişi ýesir düşdi. erk-gala hem alyndy. Emma Dubusydaky esasy goşun bilen söweşde Altyntaş agyr ýaradar boldy. Ony söweş meýdanyndan çadyryna getirdiler. Bir salymdan özüne gelip, gözüni açan Altyntaş: - Söweş gidip durmy?-diýip sorady. Onuň başujunda oturan weziri: - Gidip dur, Aly hezret, duşman haýallap başlady, nesip bolsa eňiş biziňki bolar. - Onuň ýaly bolsa jeňi togtadyň, şunça gan döküleni ýeter-diýip Altyntaş weziriň sözüni böldi. Onuň bu gepi wezire-de makul boldy. Ol şu ýerde duran hajyplaryň birine: - Eşitdiňizmi? Şanyň emrini derhal leşgere ýetiriň!-diýdi. Söweş togtadyldy. Ýeňip barýan goşunyň birden söweşden el çekmegi diňe öz urşujylaryny däl, duşman tarapyny hem geň galdyrdy. - O tarapdan adam çagyryň, ýaraşygyň ýoluny ediň-diýip, naýynjar görnüşde ýatan Altyntaş wezirine ýüzlendi - Alytegin Gazna bilen ylalaşyk etmese soltan Masut ony parahat goýmaz. Bu sapar bizi goýberen bolsa, indiki sapar özi goşun çekip geler. Şony Alytegine düşündirmek gerek. Altyntaşyň soňky sözüniň äheňinden özüniň goşun çekip gelenine ökünýändigi bildirip durdy. Wezir hökümdarynyň agyr ýaralydygyny syr tutup, Alyteginiň weziri bilen ikiçäk duşuşyk gurady. - Muhterem kärdeş, biz Siziň üstüňize öz ygtyýarymyz bilen goşun çekip gelmedik. Bu soltan Masudyñ buýrugy bilen boldy. Munuň hem sebäpçisi Siziň hökümdaryňyz Alytegin hezretleriniň özi. Ol soltan Masudyñ ylalaşyk hakyndaky tekliplerini ret edip, arada duşmançylyk döretdi. Indi Size maslahatymyz: hökümdaryňyzy Gazna bilen ylalaşyk etmäge yryň. Bu işde horezmşa Altyntaşyň araçy boljakdygyny aýdyň. Ýogsa soltan Mesut sizi parahat ýaşatmaz. Alyteginiň weziri kärdeşiniň sözlerini üns bilen diňläp, maslahatyň dogrudygyna ynanç hasyl etdi we ony hökümdary Alytegine ýetirjekdigine söz berdi. Alytegin häzirlikçe başga çykalga bolmanyndan soň bu teklip bilen razylaşyp, Altyntaşyň karargähine ilçilerini iberdi. Ýagdaýynyň gowy däldigine garamazdan Altyntaş ilçileri kabul etdi. Ýaraşyga gol çekildi. Gazna bilen hem ylalaşyga gelinýän boldy. Şundan soň Alytegin Sagynýana gaýtdy. Horezme Altyntaşyň özi däl-de, jesedi geldi. Ony patyşalara mahsus bolan däp-dessur bilen uly hormat bilen jaýladylar. Altyntaşyň ölümi hakyndaky habar Gazna ýetip baranda soltan Masut gynanmagyň ýerine bir howply adamdan dynanyny kem görmedi. Emma Altyntaşyň Gürgençde iki gerçek ogullarynyň bardygyndan, goşun hem häzir olaryň elindediginden çekinip, döwleti olaryň elinden almaga milt edip bilmedi. Emma indi Altyntaşyň ýerine boljak onuň ogluna doly hökümdarlyk hukugyny bermezlige karar etdi. Şu mazmunda ýazylan perman bilen baş wezirini we ogly Mawdudy Gürgenje özüniň gynanjyny ýetirmek hem-de ýurda täze baştutan bellemek üçin iberdi. Üç hepde diýende kyrk atly nökeri bilen ýetip gelen şazada Mawdudy we soltanyň baş wezirini Gürgenjiň kethudalary, köşk emeldarlary, Altyntaşyň ogullary hormat görkezip, garşy aldylar. Gaznalylar soltanyň adyndan we özleri merhumyň maşgalasyna gynanç bildirip, onuň gubrunyň üstüne bardylar, aýat-töwir okatdylar. Şundan soň köşgüň öňündäki meýdanda bolan köp adamly ýygnanyşykda soltanyň baş weziri birinji bolup, nutk sözledi. Ol ilki Altyntaşyň ajaýyp feziletleri*, mertligi, tejribeli serkerde, parasatly hökümdardygy, öz soltanyna wepalylygy barada aýdyp, yzyndan soltan Masudyň Allanyň ýerdäki saýasydygyny, onuň adyllygyny sahawatlylygyny nygtap, Horezmine mydama adalat gözi bilen seredýändigi, bu ýurtda hemişe asudalygyň, bolelinligiň bolmagyny isleýändigi hakynda agyz köpürdip gürläninden soň esasy meselä geçdi: -Muhterem möminler, Allanyň eradasy bilen Horezmşa Altyntaş dünýäsini täzeledi. Indi şeýle tejribeli serkerde, parasatly döwlet baştutanynyň ýerini doldurmak gaty kyn. Şoňa görä soltanymyz Altyntaşyň işlerini dowam etdirmek, ýurdy parasatly dolandyrmak üçin bir kelleden iki kelle ýagşy diýen hak gepe eýerip, Horezmşa unwanyny özüniň ogly şazada Mawdud hezretlerine dakyp, onuň adyndan ýurdy dolandyrmaklyga Altyntaşyň ogly jenap Haruna ygtyýarnama berdi. Ine şular barada meniň elimde soltanymyzyň permany bar. Şu permana laýyklykda ýurda jar çekdirmeli. Wezir sözüni gutaryp gutarmanka märekede gowur başlandy. Harun bolsa kalbynda gaýnaýan gazabyny saklajak bolup, dişini gaýym gysyp durdy. Şazada Mawdut rejäniň düzüw däldigini aňyp, bir elini ýokary galdyryp, märekä ýüzlendi: -Halaýyk! Dynçlanyň! "Sakawuň soňuna seret" diýen gep bar. Men Gaznada şazada, Horezminde şa bolsam-da, şanyň tagtyna geçip oturjak däl. Ol tagt gardaşym Harunyňky. Eger ol ýurdy meniň adymdan dolandyranynda ýaman işleri etmän, ýagşy işleri amal etse, men razy... Şazada dile çeper adam eken, ol çyn ýüregindenmi ýa dil ujundanmy adamlaryň ýüreginden turýan sözleri tapyp, märekäni köşeşdirdi. Emma Harunyň gahary köşeşenokdy. Ol özüni kemsidilen, degnasyna deglen hasap edýärdi. Hernä ol gaznalylar bilen saçak başynda-da, Mawdut bilen ikiçäk gepleşikde-de gahar-kinesini daşyna çykarmady. Sebäbi kakasynyň döwründen bäri bir dogany Gaznada soltanyň hyzmatyndady. Soltanyň ony girew hökmünde saklaýandygyny kakasynyň namazyna-da goýbermändiginden bildi. Ýogsa özdiýenli, namysjaň Harun özüni kemsidiji perman üçin bu gelenleri yzyna it salyp kowardy. Gaznalylar Gürgençde köp eglenmediler. Iküç gün dem-dynçlaryny alyp, yzyna dolandylar.. *** Horezmşa unwanyny alan Mawdut daşda-Gaznada bolansoň Gürgençde hökümdarlyk edýän Harunyň öz eli, öz ýakasydy. Onuň hem kakasy Altyntaş ýaly özbaşdaklyga meýli ýok däldi. Arada garaşylmadyk ýerden bir pajygaly ýagdaýyň ýüze çykmagy Harunyň soltan Masut bilen arasynyň düýpgöter bozulmagyna sebäp boldy. Harunyň Gaznadaky dogany üçekden ýykylyp heläk bolýar. Bu habary ýetirenler onuň tötänden däl-de, soltan Masudyñ gizlin buýrugy bilen itip goýberilendigini ýaňzydýarlar. Öňem degnasyna deglen Harun bu habaryň anygyna ýetmän gazaba mündi. - Eziz adamlar, soltan Masut biziñ garaşyşymyz ýaly, pederi soltan Mahmyt Gaznaly kimin adalatly, hakykatçy, sahawatly soltan däl eken - diýip, bu sowuk habar mynasybetli köşge çagyran wezir-wekillerine, serkerdelere, şäheriň kethudalaryna ýüzlendi. - Ol jaýy jennet pederimizi Mawerannahra uruşa iberip, onuň ölümine sebäpkär boldy. Ol Horezmşa uruşda wepat bolaýsa, öz ogly Mawdudy Horezmşa edip, bizi onuň gullugynda goýmagy öňünden meýilleşdiren ekeni. Ine indi bolsa doganymyzy-da hile bilen öldüripdir. Biz bu horluklara çydap, ýene näme sütemleriň bolsa ediber diýip, ýaşasak pederimiziň ruhy bizi bagyşlamaz... Harun, entek, sözüni gutarmanka serkerdeleriň hatarynda oturan inisi Handan:8 -Masudyň hem, Mawdudyň hem atlaryny hütbeden aýyryp, Horezminiň özbaşdaklygyny jar etmeli-diýip gygyrdy. Bu elbetde, agasynyň pikiridi. Wezirleriň biri: - Harun ibn Altyntaşy Horezmşa diýip hem jar çekdirmeli-diýip ýerinden turup aýtdy. Oturanlaryň ählisi orta atylan teklipleri goldap seslendiler. Şundan soň Haruna aýdara söz hem galmady. Horezmiň garaşsyzlygy jar edilip, atlarynyň hutbeden aýrylandygy baradaky habar soltan Masudyň tas ýüregini togtadypdy. Ol gaharyny kimden çykarjagyny bilmän ogly Mawduda: - Men saňa Horezmşa unwanyny berdim, sen bäride däl-de, Gürgençde oturmalydyň!-diýip, ajysyny pürkdi. Mawdut: - Men Gürgençde bolan bolsam, üçekden ýykylyp ölen doganynyň ýerine Harun meni minaradan okladyp öldürerdi.- diýdi. - Doganynyň ýazgydy şeýle bolsa, biziň näme günämiz bar. Alla tarapyn bolan bu işde-diýip, soltan elini göterip ýokara yşarat etdi. Nedimleriñ biri: - Olar muny Siziň aýdyşyňyz ýaly düşünmändirler-de. Belki duşmanlarymyz bu bolan pajygadan peýdalanyp, olaryň ýüreklerini çişirendirler - diýdi. - Akylly başly adam her gep-gybata ynanmaz. Harun hem ynanan däldir. Çünki olaryñ inisiniñ ölüminden girew hökmünde elimizde bolany gow-a. Ýöne oňa bahana gerek bolan bolmaly. Näme bolsa-da, bu dönükligi bagyşlap bolmaz. Munuň bir çäresini görmeli bolarys-diýip, soltan özüni birneme köşeşdirdi. Harun bolsa garaşsyzlygyny jar edeni bilenem köşeşenokdy. Ol soltan Masutdan ar almaklygyň küýüne düşüp, goşunynyň sanyny artdyryp başlady. Munuň üstesine Mawerannahyryň hökümdary, gaznalylaryň ezeli duşmany Alytegin bilen harby hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Bu şertnama laýyklykda Harun Horasana, Alytegin Termez bilen Balha ýörüş etmelidiler. Emma Alyteginiň biwagt aradan çykmagy bu ýörüşi yza çekdirdi. Şundan soň Harun Horasana ýörüş etnek üçin Jendiň hökümdary Şa Mäligi ýardama çagyrdy. Şa Mälik ilki onuň bu işini sözde goldady we on bäş müň atly urşujy bermegi wada etdi. Olar bu barada ylalaşyga gol çekişmek üçin derýanyň ortasynda gämide duşuşmalydylar. Ikisi-de Jeýhunyň boýuna bardylar. Jendden derýanyň özi tarapdaky kenaryna gelen Şa Mälik günbatar kenardaky Harunyň agyr leşgerini görüp, göwnüne bir çiglik gitdimi, nämemi beren sözünden dänip, yzyna gaýdyp gitdi. Haruny başa barmadyk bu iş hem raýyndan gaýtaryp bilmedi. Ol indi Alyteginiň ogullaryna ýüzlendi. Öň kakalary bilen baglaşylan şertnamany gaýtadan güýje girizip, olar aňyrdan Harun bäriden ýörüşe başladylar. Harunyň çar tarapa at salyp Gaznanyň garşysyna güýç toplaýandygyndan habardar edilen soltan Masut onuň ilkinji hereketinden gazaplanan wagtynda dile alan çäresini tizleşdirdi. Ol bu çäräni amala aşyrmak üçin goşunyň, gylyjyň güýjüne däl-de, altyn-zeriň güýjüne daýandy. *** Özüniň ölüme höküm edilendiginden bihabar Harun Horasana tarap uly ynam bilen agyr leşgeriň öňüni çekip barýardy. Ýeterli sepelän ýaz ýagşy ýoluň tozanyny basypdy. Baharyň hoştap howasy leşgeriň ruhyýetine gowy täsir edipdi. Daň atandan giç öýläne çenli ýol söküp gelýän goşun düşelge üçin bir amatly ýeriň üstünden baryp, şu ýerde goş ýazdyrdy. Indi özüni Horezmşa yglan eden Harun üçin derhal şahana çadyr dikildi. Onuň keýpi kökdi. Şertnama baglaşan şärigi Mawerannahyryň hökümdarynyň eýýam Sagynýany alyp, Termize tarap barýandygy barada habar gelip gowuşdy. Termizden soň ol derýadan geçip, goşular, iki uly goşun birigip, Horasana aralaşanda soltan Masut bu uly güýjüň öňünde durup bilsin-dä! Şeýle süýji hyýallar bilen uka giden Haruna gaýta oýanmak nesip etmedi. Bu işi amala aşyrmak üçin öňräkden taýýarlyk görülýärdi. Harunyň Horasana ýörüşi başlanmazyndan bir aý çemesi öň, Gürgenje Gaznadan kerwen bilen gaýdan bir "söwdagär" kerwensaraýda düşlemän, köşge ýakyn ýerde, bir jaýda erleşdi. Öýüň eýesi ýeke özi ýaşaýan ýaşuly adam ekeni. Ol öň Horezmşa Abul Abbasyň döwründe köşkde hyzmatda bolup, ýurdy gaznalylar alansoň ony köşkden çetleşdiren ekenler. Häzir hem onuň köşkde hyzmatdakylardan birki tanyşlary bar eken . Söwdagär oňa gowuja eçilip, köşkdäki tanyşlarynyň biri bilen duşurmagyny haýyş etdi. Şol günüň ertesi giç agşam ýaşuly yzyna bir ýigidi tirkäp geldi. Ol ony patyşanyň ýakyn gulamlarynyň biri diýip tanyşdyrdy. Salam-helekden soň "söwdagär" onuň taryna kakyp gördi: - Byradar, meniň patyşaňyzdan bitjek bir işim bar, eger siz şuňa kömek etseňiz, meniňem size bir uly sowgadym bar. - Onuň näme işdigini aýtsaňyz bitirjek bolup görerin, eger özüm oňarmasam patyşamyza has ýakyn hyzmatda bir dostum bar şoňa haýyş ederin. "Söwdagär" bir salym dymyp bir zatlary oýlanan kişi boldy. Soňra: - Meniň işim patyşaňyzyň Horasana etjek ýörüşi bilen bagly. Öňürti ol ýörüşiň haçan başlanjakdygyny bilmeli. - Ony-da şol dostumdan anygyny bilip bererin, jenap. - Gowusy, siz onuň özüni şu ýere çagyryp getiriň. Üçümiz oturyp, meniň patyşaňyzdan bitjek işimiň maslahatyny bile ederis-diýip, "söwdagär" kisesinden bir gysym tylla alyp, gulamyň eline jyňgyrdadyp dökdi. Şunuň bilen gulamyň aýdylan teklibe gep-sözsüz razylygy gazanyldy. Şol günüň özünde gijäniň ýaryna golaý ol dostuny alyp geldi. Onuň “dostum” diýeni ýaşy jähetden özünden ekabyrrak, gözleri ýanyp duran hyjuwly, daýaw pyýada ekeni. Salam-hälekden, tanyşlykdan soň "söwdagär" patyşanyň endikleri, gylyk-häsiýeti barada soraşdyran boldy, soňundan: - Ýigitler, eger şu iş bitse, ikiňizem ömrüňiz ötýänçä, nädip sowsaňyzam ýetýän altyna eýe bolarsyňyz-diýdi. Bu gepden soň gulamlaryň ikisi-de, onça altynyň ýöne-möne iş üçin berilmeýändigini aňdylar. Soňky gelen ýigit: - Jenap, siz bize beýle uly baýlygy wada edip, näme ýumuş buýurmakçy bolýaňyz? Aýdyň biz näme iş etmeli? -Siz entek maňa Horasana ýörüşiň haçan başlanýandygyny aýtmadyňyz-diýip "söwdagär" soňky gelene ýüzlendi. - Ýörüş basym, baharyň girmegi bilen başlanýar-diýdi ol. - Onda patyşaňyza bu ýörüşi bes etdirmeli. Iş ine şu. Gulamlar bu gepiň hakyky manysyny aňşyrman, biri-birine geň galyp seredişdiler. Olaryň ekabry: - Ýörüşi bes etdirmäge patyşany yrmak biziň elimizden gelmeýär, jenap - diýdi. "Söwdagär" gulamlaryň sadalygyna ýylgyrdy, Soňra: - Ony yrmak diňe siziň däl, hiç kimiň hem elinden gelmez. Şonuň üçin siz eliňizden gelýän işi edäýmeli-diýdi. Häliden bäri edilýän gürrüňiň düýp maksadyna indi düşünen gulamlar: - Ýok, ýok! Bu mümkin däl!-diýişip ör gökden geldiler. "Söwdagär" rahatlygyny bozman, gürrüň göýä adam däl-de serçe soýmak hakynda ýaly parahat gürledi: - Bu ýerde, köşkde mümkin bolmasa, goý ol ýörüşe atlansyn, şonda birinji düşelgede ýa-da ikinji düşelgede siziň ýaly gerçek ýigitler munuň mümkinçiligini tapar. Onsoňam siziň bu haýyrly işiňizi Hudaý hem goldar. - Diýýäniňiz näme, jenap, adam öldürmek haýyrly işmi?! - Bir adamyň ölümi bilen müňlerçe adamy ölümden gutaryp bolýan bolsa, elbetde, haýyrly hem sogaply iş. Özüňiz pikir edip görüň, Harun Horasana goşun çekip baryp, soltanyň goşuny bilen ganly söweş başlansa näçe müňläp özüňiz ýaly ýigitler gurban bolar. Siziň özüňiziñ hem ol ýerden aman gaýtjagyňyz belli däl. Eger siz şu işi amala aşyrsaňyz, özüňiz bilen azyndan ýigrimi, otuz müň adamy ölümden halas etdigiňiz bolar. Onsoňam meniň berjegimden başga-da soltan Masut siziň ýedi arkaňyzy ýere degmez ýaly eder. Oýlanyp görüň, hem sogap, hem uly baýlyk. "Söwdagäriň" sözleri gulamlary çyny bilen oýlandyrdy. Harunyň goşunynda özleriniň hem dogan-garyndaşlary bar. Olar bilen özleriniň hem Horasandan sag-aman dolanyp geljekleri gümana... Eger şu işi gizlinlikde edip bolsa, hiç kim bulardan şübhe etmez. Onsoň bütin ömrüne ýetjek baýlyk... Bu pikirleri olary "söwdagåriň" teklibini kabul etmäge ündedi. "Söwdagär" içerki otaga girip, iki sany daşy zer nagyşly haltajyk alyp çykdy-da, olary gulamlaryň öňüne oklady. - Bular hamyr ujundan petir diýen ýaly. Iş bitensoň ýene iki şunça alarsyňyz-diýip söwdagar gulamlary ynandyrdy. *** Gulamlary "söwdagäriň" aýdan haýyr bilen sogabyndan başga daşy zer nagyşly haltajyklardaky tylla teňňeler herekete girizipdi. Wagt gijäniň ýaryndan agypdy. Daň atandan agşama çenli ýol söküp gelen adamlar süýji ukudady. Harunyň çadyrynyň öňündäki iki sakçy hem irkilip otyrdy. Gulamlar şu amatly pursatdan peýdalanyp, çadyryň arka tarapyndan hanjar bilen dikligine dilip, aýak ujunda girdiler-de, Haruny dynçlap çykdylar. Patyşanyň öldürilenligi daň atandan soň mälim bolup, goşunda alasarmyk, bulam-bujar ýagdaý döredi. Harunyň inisi Handanyň katyly* tapmak hakyndaky berk talaby boýunça birini tutup getirdiler. Gorkusyna dili tutulyp, idilli gepläp hem bilmedik ol biçäräni Handanyň buýrugy bilen deň ikä bolüp taşladylar. Gulamlar patyşanyň ýakyn adamlary bolansoň ilki olardan hiç kim şübhelenmedi. Emma soň geçirlen düýpli teftişiň netijesinde hakykat ýüze çykaryldy. Katyllygy eden gulamlara Gaznadan berlen altynlary sowmak nesip etmedi. *** Soltan Masut göz öňünde tutan maksadyna ýetdi. Emma ol Harundan dynany bilen Horezmden hatyrjem bolup bilmedi. Agasynyň ýerine soltandan ygtyýarsyz tagta çykan Handan gaznalylaryň Harundan hem beter duşmanyna öwrüldi. Soltan Masut indi bu duşmanyndan hem dynmak üçin çäre gözläp başlady. Onuň kakasynyň döwründen bäri hyzmatda gelýän bir dana geňeşdary bardy. Soltan Mahmyt ony käbir wezirlerinden hem ileri tutýardy. Masut ony özüne kän bir egilibermeýäni üçin halamasa-da, kakasynyň göreldesine eýerip, oňa sarpa goýýardy. Soltan Horezmli mesele barada şu geňeşdaryna maslahat saldy. -Möwlana, Siziň bilişiňiz ýaly jaýy jennet Pederi büzürükwarymyzdan bize miras galan Horezminiň özümiz bellän emiri bize tabynlykdan ýüz öwürip, adymyzy hütbeden aýyrdy. Munuň üstesine biziň garşymyza goşun toplap ýörüşe çykdy. Allatagala onuň bu işlerini hoş görmedi, öz gulamlary tarapyndan öldürildi. Indi onuň ýerine bizden bidin tagta çykan Harunyň inisi Handan agasyndan hem beter duşmanymyza öwrüldi. Indi näme etmeli, Horezmine goşun çekmelimi, ýene gan dökmelimi? Siz näme maslahat berýäňiz. -Kyblaýy älem, Horezmine Siziň goşun çekmegiňiz hökman däl. Siziň üçin Jendiň hökümdary Şa Mälik goşun çeker. Geňeşdaryň bu gepine geň galan Soltan: -Siz onuň goşun çekjekgini nirden bilýäňiz?-diýdi. -Siz Horezmini onuň tabynlygyna berýänligiňiz barada bir resminama gönderseňiz, bolany, başga zat gerek däl. Geňeşdaryň pikiri soltanyň göwnünden turdy. “Kelläň gowy işleýär garry köpek” diýip goýdy içinden. Emma şuña aklynyñ çatmanyny bildirmejek bolup, derhal makullamady. Aradan bir gün geçip, geçmän geňeşdaryň aýdan resminamasyny taýýarlap, bir salamnama bilen Jende iberdi. Namada Şa Mälige özüni dynçlykperwer edip görkezmek üçin ilki ilçiler arkaly parahatçylyk ýoly bilen Horezmini tabynlygyna almagy maslahat berdi. Resminamany alan Şa Mäligiň gökdäki dilegi ýere düşdi. Ol köpden bäri Horezmine, onuň baý we ajaýyp paýtagty Gürgenje göz gyzdyrýardy. Ol kanuny hökümdar soltan Mesudyň resminamasyny ellerine berip, mertebeli adamlardan üç kişini ilçi edip, ýanynda nökerleri bilen Gürgenje iberdi. Ilçiler Handanyň agasynyň ölümi hem-de Horasana paşmadyk ýörüş zerarly çekýän ezýetini ýüregine sygdyryp bilmän, kimdendir delalat isleýän mahaly geldiler. Handan olary bir döwletli teklip bilen gelendirler öýdüp, gowy kabul etdi. Hormat-hezzetden soň habaryny aýtmak pursaty gelende ilçileriň baştutany ýerinden turup Handanyň oturan tagtynyň öňüne bardy, tabşyryga görä diñe adyny aýdyp ýüzlendi: -Muhterem jenap Ysmaýyl Handan, Siziň hem, biziň hem kanuny hökümdarymyz Soltan Masut hezretleri Horezmini Jendiň tabynlygyna berenligi hakynda ine şu permany iberipdir -diýip, ilçi resminamany Handana iki elläp uzatdy-da, sözüni dowam etdirdi. - Soltanymyz iki ýurt goşulyp, bir güýçli döwlet bolsa hiç kes oňa hüjüm etmäge milt edip bilmez, diýen pikir bilen bu haýyrly işi edipdir. Resminama göz gezdirýärkä aňyrsyndan inip gelen gazabyny zordan jylawlap oturan Handan:. -Aýdyp boldyňyzmy gepiňizi?-diýip, gaharly gürledi. - Eger maksat iki ýurdy goşup, bir güýçli döwlet gurmak bolsa, Jendi Horezminiň tabynlygyna geçirse bolmazmy? Ilçi Handanyň kinaýasyna düşünmedimi nämemi: -Resminamada Horezmini Jendiň tabynlygyna diýip ýazylan, şonuň üçin Siziň aýdanyňyz bolmaz-diýdi. -Onda bu-da bolmaz!-diýip, Handan elindäki resminamany iki bölüp, zyňyp goýberdi. Ilçi patyşa men diýip tagtda oturan adamyň özüni tutup bilmän, beýle gödek hereket edenine gorkyp, ony beýikläp gepledi: - Aly Hezret, biz meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözmek maksadynda huzuryňyza gelipdik. Bolmady. Indi Siziň beýle jogabyňyza soltan Masut näme diýer... -Soltan Masut biziň üçin hiç kim! Biz bir eýýam Gaznanyň tabynlygyndan çykdyk. Horezmin garaşsyz, özbaşdak döwlet! Size jogap, ýurdyňyza gaýdyberiň-diýip Handan ýerinden turup, tagtyň arka tarapyndaky gapa girip gitdi. Ilçiler özlerine beýle hormatsyzlyk edilenine bir hili bolup, bu ýerden tizräk ugranlaryny kem görmediler. Handan indi Şa Mäligiň gyş düşüp, derýa doňan badyna üstüne goşun çekjegini bilýärdi. Goşun çeker ýaly ýagdaýda derýanyň doňmagyna entek wagt bar. Şu wagtdan peýdalanyp, gowy taýýarlyk görülse, Şa Mälikden ýeňilmejegine ynanýardy. Şa Mälik ilçileriň getiren habaryny diňläp, ajy ýylgyrdy: - Men Handanyň jeňsiz-jedelsiz boýun egmejegini bilýärdim, ýöne sizi soltanyň islegi boýunça iberipdim. Indi Horezmine goşun çekmeli bolýar. Soltandan hem on-onbäş müň serbazdan ybarat ýardam soramaly. Şa Mälik bu gelen kararyny soltana mälim etmek üçin nama bilen çapar iberdi. Soltan Masut Jentden gelen çaparyň getiren namasy bilen tanyşanyndan soň geňeşdarynyň nägadar öňdengörüji adamdygyna ýene bir sapar ynanç hasyl etdi. *** Derýa mazaly doňandan Şa Mälik Horezme goşun çekdi. Gyşyñ şatlama sowugynda Asyb düzlüginde üç günläp aldym- berdimli söweş gitdi. Horezmlileriň ýeňilmezligi hem mümkindi. Emma Gaznadan Şa Mälige kömek üçin iberilen leşgeriň ýetip gelýänligi hakyndaky habar Horezmiñ leşgerini ruhdan düşürdi. Goşunda jebislik gowşady. Bu ýagdaýda dönükligiň ýüze çykmagyndan howatyrlanyp, Handan ýeňlenini boýun alyp, söweşi togtatdy-da, assa gaçan namart diýip, ýakyn adamlary bilen seljuklara tarap, at saldy. Şa Mälik hiç bir garşylyksyz Gürgenji eýeledi. Onuň öňünden ilata aman diläp, duz-çörek bilen çykan ýaşulylar, oňa uzak ýyllar adalatly höküm sürmegine doga-dileg etdiler. Şa Mälik horezmşalaryň köşgüne girip, altyn çaýylyp nagyşlanan tagta gözi düşende bir salym iňkise batdy. “Kimler oturmady bu tagtda, kimlerden galmady ol. Eger oňa dili-zyban bitäýse: “Beýdip men elden-ele geçip, her kimiň aşagyna bir düşenimden, döwüp oda ýakanlary gowy meni!” diýerdi ol. Şa Mälik bu tagtda özüne-de köp oturmak miýesser etmejegini ýüregi duýdumy nämemi tagta geçip oturmady, aşakda ýerleşdi. Onuň bu boluşyny öz adamlary hem , täze hökümdara hyzmat etmäge gelen gürgençliler hem bir hili geň gördüler. Şa Mälik özüne tagzym edip, dik duran adamlar hem oturanlaryndan soň, giň eýwanyň içine göz aýlady. Özüniň tabşyrmagyna görä öň hatarda gürgençliler, olaryň yzynda öz adamlary oturdylar. Ýurt eýelerine bu ýasama hormat fatyhlaryň özlerini gowy görkezmek üçin ulanýan hileleriniň biridi. Şa Mälik sözüni ilki horezmlilere ýüzlenmek bilen başlady: - Muhterem Horezminiň asylzadalary, Gürgenji azymyň sarpaly kethudalary! Biz ýurduňyza öz ygtyýarymyz bilen däl, kanuny hökümdarymyz soltan Masudyň buýrugy bilen geldik. Size mälimki, Horezmin hem Gaznanyň tabynlygyndaky ülkeleriň biri. Häzirki soltanyň pederi jaýy jennet soltan Mahmyt hezretleri näçe müň gurban berip, Horezmini aldy. Özüniň iň ýakyn hajyby Altyntaşy oňa emir belledi. Kakalaryndan soň tagta çykan ogullary Harun hem Handan hem soltana dönüklik etdiler. Haruny soltan Masudyñ özi perman bilen kanuny hökümdar edip bellän bolsa, Handan soltanyň ygtyýarysyz bikanun tagta çykdy, agasy ýaly ol hem Gaznanyň duşmanyna öwrüldi. Şonuň üçin soltan Masut Horezmini Jende berdi. Emma biziň meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözmekçi bolup, iberen ilçilerimize Handan ret jogabyny berenden soň, goşun çekmeli boldy. Şeýdip, soltanyň islegi wysal boldy. Indi onuň adyny hutbede dikeltmeli... Şa Mäligiň köşkdäki çykyşyndan soň ady hutbä goşulan soltan Masudyñ özi bu mahal bakyýete göç edipdi. Onuň seljuklar bilen Daňdanakandaky söweşi şowsuzlyga uçrap, Horasany elden gidireninden soň şeýle bolupdy. Daňdanakanda gaznalylaryň üstünden ýeňiş gazanan seljuklar Şa Mäligi hem Horezmde köp oturtmadylar. Sene 435-nji hijride seljuklar Gürgenji eýelediler. Şa Melik Eýrana gaçdy. Şeýlelikde jepakeş Horezm elden-ele geçip, soňunda seljuklara tabyn boldy"... _____________ *Hajyp – geňeşdar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |