06:49 Gürgenç / 2-nji kitap -4 | |
IV BAP
Taryhy proza
Ýazgy şu ýere gelende yzy köp nokat bilen tamam bolýardy. Anuştegin depderi ýapyp oýa çümdi: “Bu gowgaly dünýäde başyňa täç geýip, ol başyň haçan kesiljegini bilmän ýaşandan çopan telpekli kelle bilen parahat ýaşan müň paý gowy dälmi? Bu azym şäher Gürgenç döräli bäri oňa dikilen gözler barha köpelip, näçe-näçe aldym-berdimli söweşler, gan döküşikler bolupdyr. Mundan soň hem bolaýmagy ähtimal” Anuşteginiň öňem ýok däl beýle howatyryny Hüseýin hojanyň taryhy ýazgylarynyň täsiri has güýçlendirdi. "Bardy-geldi Ekinçi özüniň güýçli goşunyna daýanyp, özbaşdaklyk yglan edäýse, ony-da bu ýerde saklamaz. Belki, kim bilýär... Mälik şanyň jansyzy diýip, jezalandyrmagy hem mümkin. Has beteri Mälik şa öz tabynlygyndaky ýurduň elinden gitjegini bilse goşun çekip geler. Ýene-de Horezminde gan döküşüklik bolar...” Anuşteginiň serinden geçen bu howatyrly pikirler onuň ynjalygyny gaçyrdy. Ol şu gije gowy uklamady. Ertesi iş ýerine-de hemişekisinden biraz gijräk geldi. Hüseýin hoja salam-hälekden soň onuň ýüzüne ünsli seredip: - Şyhny jenaplary, gije gowy ýatmansyňyz öýüdýän-diýdi. - Ýüzümden bildirýämi? - Hä, bildirýä. Nämäniň gaýgysyny etdiňiz? -Dogrusyny aýtsam, hojam, Siziň depderiňizi okanymdan soň onuň täsirindenmi nämemi, onda beýan edilen pajygaly wakalar ýene gaýtalanaýmasa ýagşy, diýen howatyra düşdüm. -Enşalla hiç gep bolmaz. Soltan biziň iberen habarnamamyzy alandan soň, özi bir netije çykarar. Ekinçä goşuny mundan beýläk hem güýçlendirmäge ýol bermez, tabynlykdan çykmak niýeti bolsa, onuň öňüni alar-diýip, Hüseýin hoja Anuşteginiň howatyryny ýazdy. Şol mahal daşarda, gapynyň öňünde turan bir goh olaryň gürrüňiniň arasyny kesdi. “Biz jenap şyhnyny görmekçi, oňa arzymyz bar. Bizi onuň ýanyna goýberiň!” diýen sesler eşidildi. Soňra gapyda duran sakçylaryñ biri içeri gerip: - Şyhny hezretleri, dört adam gelip, Sizi görjek, arzymyz bar, diýip dyzap durlar-diýdi. Anuştegin oňa närazy nazar bilen seredip: - Men size haçan ýanyma adam goýbermäň diýip aýtdym-diýdi. - Aý, öň bular ýaly dawaçylar kabul edilmeýärdi... - Arz etmäge gelene dawaçy diýip bolmaz, goýberiň! Arzlary bolsa diňläli. Sakçy çykandan dört adam girip, gollaryny gursagyna goýup, salam berdiler. Olaryň ikisi mäş-bürünç sakgally, ikisi ýaş ýigitdi. Anuştegin olaryň salamyny alyp: -Näme arzyňyz bar? Aýdyberiň-diýdi. Olaryň ekabyry dillendi: - Şyhny hezretleri, biziň arzymyz Gürgenjiň pukara halkynyň arzy. Bazarda gallanyň nyrhyny birden galdyryp goýberdiler. Bu ýagdaý pukaranyň çöregini kynlaşdyrýar. Anuştegin “hmm.." diýip, bir salym dymyp durdy-da: - Galla daýhanyň öz hususy zady. Gallany öndürmek gymmada düşen bolsa, biziň daýhana “zadyňy arzan sat” diýmäge hakymyz ýok-diýdi. - Wah! Jenap Şyhny, gallany gymmatladan daýhan däl, daýhandan arzan alyp galýan gallapuruşlar!-diýip, beýleki biri özelendi. - Şeýlemi?!-diýip Anuştegin sesine bat berenini duýman galdy.-Eger hakykatdan hem şeýle bolsa, ynsabyň çäginden çykan bolsalar, biz olara çäre göreris. Ýagdaý erte-birigün düzeler. Anuşteginiñ ynamly aýdan sözi arzaçylaryň gamaşyp duran ýüzlerini ýagtyldyp goýberdi. Olar gaýta-gaýta hoşallyk bildirip, çykyp gitdiler. Anuştegin Hüseýin hoja garap: - Hojam, pajymanlar, öz garamagyndaky bazarlarda nyrh-nowa gözegçilik etmeýärlermi?-diýdi. - Öňler munuň ýaly ýagdaýa ýol berilmeýärdi. Gürgenjiň galla bazarlarynyň hersiniň pajymany, olaryňam üstünden seredýän muhtasyp bar. Öňki muhtasyp garrap işe ýarawsyz bolany üçin ýakynda onuň ýerine täze muhtasyp bellenipdir. Ýagdaýy şol bulaşdyran bolaýmasa. - Bu ýagdaýy teftiş edip görmegimiz gerek. Siz şu günüñ özünde pajymanlary-da, muhtasyby-da çagyrdyň. Hüseýin hoja daş çykyp, gapyda duran sakçylaryñ birine Anuşteginiň buýrugyny ýetirdi. Öýläne golaý buýrugyň ýerine ýetirleni mälim boldy. Ejaza sorap içeri giren sakçylaryñ biri: - Şyhny hezretleri, pajymanlar bilen muhtasyp jenaplary geldiler-diýdi. Anuştegin Hüseýin hoja manyly garap goýdy-da, sakça: - Muhtasyp garaşsyn, pajumanlary çagyryň-diýdi. Içeri kelte, uzyn, orta boýly, çal, gara, sary sakgaly dürli keşpdäki alty adam girdi. Olar gollaryny gursagyna goýup, egilip salam berdiler. Anuştegin olaryň salamyny alyp, oturmaga ýer görkezdi. - Oturyň, jenaplar. Siziň bilen gürrüň bar-diýdi. Soňra olara synçy nazaryny aýlap: - Bazarda gallanyň nyrhynyň beýle göterlip gitmeginiň sebäbini haýsyňyz düşündirip berjek-diýdi. Pajymanlar biri-birine seredişip, bir salym dymanlaryndan soň olaryň çal sakgal biri dillendi: - Muhterem jenap şyhny, biziň hiç haýsymyz hem bu ýagdaýy düşündirip bilmeýäris. Muny jenap muhtasypdan sorasaňyz bolardy. - Täsin gep aýdýaňyz, jenap pajyman! Bazardaky ähli ýagdaýlara gös-göni gözegçilik edýän adam siz, muhtasyp bolsa resmi ýolbaşçy. Oňa garanda siz eliňiziň aşagyndaky zady gowy bilmeli ahyr. Ýa beýle dälmi? - Şeýle, jenap şyhny, ýöne Siziň aýdyşyňyz ýaly elimiziň aşagyndaky zady düzetmäge biziň güýjümiz ýetenok. Ýogsa, gallapuruşlaryň daýhandan alýan bahasyny hem bilýäs, üstüne näçe göterim goýup satylýandygyny hem bilýäs. Ýöne gallapuruşlar dilleşip, bahany galdyranlarynda biz ony düzetjek bolanymyzda jenap muhtasyp: “Işiňiz bolmasyn, bu bazar, her kim öz zadyny islän bahasyndan satmaga haky bar” diýdi. Men ol kişä: "Galla olaryň zähmet çekip öndüren zady däl, düzgün boýunça alan bahasynyň üstüne on göterimden artyk goýup satmaga haky ýok” diýdim. Ol: “Işlejek bolsaň, meniň bilen gaýtalaşma” diýdi. Anuşteginiň ýüzi gamaşdy. Ol Hüseýin hoja “Düşündiňizmi, belanyň körüginiň nirededigine?” diýen manyda garady. Hüseýin hoja hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Anuştegin gapyda duran sakça muhtasyby çagyrmagy buýurdy. Içeri giren uzyn boýly, dört oram gara sellesinden çykyp duran sakgalsapysynyň çalarandygyna garanda sakgalynyň boýalandygy bildirip duran saryýagyz adam goluny gursagyna goýup, salam berdi. Anuştegin onuň salamyna kellesini çalarak kakdy-da: -Jenap muhtasyp, bazardaky gallapuruşlar bilen näme gatnaşygyňyz bar?-diýdi. Anuşteginiň gahar gatyşykly sowalyna muhtasyp özüni tutup, sowukganlyk bilen jogap berdi: -Hiç hili gatnaşygym ýok, şyhny hezretleri. -Ýalan söz adamy imandan aýyrýar. Ýalan sözlemäň! -İmanymdan ant iç diýseňizem, içeýin-diýip, ol Anuştegine dik garap aýtdy. Anuştegin onuň aljyraman, özüni sowukganlyk bilen tutuşyny synlap: “Bu köp çarşenbäni başyndan geçiren mekir adam bolmaly” diýip pikirlendi we oňa dik bakyp: - Ýok imandan ant içmegiň geregi ýok!-diýdi. -Jenap şyhny, Siz meni imansyza çykarjak bolýaňyzmy?! - Gallapuruşlar bilen dilleşip, halkyň rysgalyndan nep görýän adama imanly diýip bolmaz. Men sizi wezipäňizden boşadýan. Baryň, çykyň! - Meni şäheriň häkimi belledi. Siziň boşatmaga hakyňyz ýok. - Hakym bolany üçin boşadýan. Indiden beýläk bazarda görünseňiz, ýasawullara buýuryp, zyndana taşladaryn! Zyndan sözi täsir etdimi ýa etmişiniň paş bolanyny bildimi, başga geplemän çykyp gitdi. Muhtasybyň kowulanyna wagtlary hoş bolan pajumanlar: - Adalat etdiňiz, şyhny hezretleri, adalat. Ömrüňiz uzak, mertebäňiz mundan hem belent bolsun!-diýişip, alkyş baryny etdiler. Anuştegin pajumanlara ýüzlenip: - Gallanyň bahasyny galdyran gallapuruşlaryň hemmesini bazaryňyzdan çykaryp kowuň. Olaryň ýerine ynsaply, halal adamlar tapyň-diýdi. Pajumanlar “hop, hop” diýişip, minnetdarlyk bildirişip gitdiler. Anuştegin kömekçisine: - Hüseýin aga, şu bolan ýagdaý hakynda şäher häkimine hat taýýarlaň, täze muhtasyp bellesin-diýdi. Hüseýin hoja Anuştegini mylakatly, ýuwaş adam öýüdýärdi. Emma onuň şu günki özüni alyp barşyny görüp, gerek ýerinde aýgytly hereket edip bilýändigine göz ýetirdi. *** Ýolbaşçylar hemişe halkyň dykgat merkezinde bolansoň olaryñ her bir eden işi, äden ädimi ilatyň ünsünden sypmaýar. Anuşteginiň hem muhtasyby işinden kowup, bazardaky ýagdaýy düzedenligi Gürgenjiň ilaty tarapyndan örän adalatly iş hökmünde kabul edilip, halk arasynda oňa uly abraý getirdi. Emma bu ýagdaýy ýokdurmadyk, görüp bilmedik adamlar hem ýok däldi. Şeýle adamlaryň täsiri bilenmi ýa-da özüni hasap edilmedik saýypmy, Ekinçi ibn Koçkar Anuştegini huzuryna çagyrdy. Anuştegin bu çakylygyň sebäbini duýany üçin Ekinçi bilen gepleşmäge taýýarlanyp bardy. Adatdaky salam-helekden soň Ekinçi ýanyndan oturmaga ýer görkezdi. Ilki bilen saglyk-amanlyk, işleri barada soraşdyryp, soňundan esasy gürrüňe geçdi: - Jenap Anuştegin, arada bazarda dörän bir ýagdaý barada bizden geňeşmän, gyssagly çäre görüpsiňiz. Şular ýaly işler bolsa, bile maslahatlaşyp etsek gowy bolmazmy?-diýip, ol Anuştegine göz astyndan synlap seretdi. Bu ýagdaý barada birneme ýüregi çişen Ekinçi Anuştegine gatyrak degmegi mümkindi. Emma golaýda Yspyhana iberilen habarnamada özi hakda Anuşteginiň beren sözi ýadyna düşüp, gatyrganyp bilmedi. Anuştegin hem oňa sypaýylyk bilen beren sowalyna laýyk mazmunda jogap berdi: - Waly hezretleri, bu bir uly bolmadyk, şyhnynyň wezipesine degişli, özi çözüp biljek mesele bolansoň Sizi biynjalyk etmedim. - Belki, bu gepiňiz dogrudyr, jenap şyhny, ýöne şäheriň häkimine buýruk äheňinde ýazan hatyňyzy nähili düşünmeli? - Birinjiden, ýazylan hat buýruk äheňinde däl, resmi teklip. Bu hakda ol bize närazylyk bildirip, Size arz eden bolsa onda ol şol napäk muhtasybyň tarapyny çaldygy bolýar. - Ýok, beýle däl, jenap Anuştegin. Ol Siziň hatyňyz boýunça täze reýis belläpdir. Ýöne ol hat ýazmazdan öň oňa şeýle ýagdaý bar bazarda diýip, habar etmäniňizi bir hili görüpdir öýdýän. - Hä, düşnükli. Jenap häkim şäherdäki işlere özüm jogap berýän diýip, meniň gatyşmagymy islemändir. Ýöne, waly hezretleri, şol bolan ýagdaýy özi düzeden bolsa adamlar meniň huzuryma arz edip gelmezdiler. Onsoňam, men şyhny hökmünde tutuş Horezmindäki tertip-düzgüne soltanyň öňünde hem-de Siziň öňüňizde jogap berýärin. Ekinçi ibn Koçkar Anuşteginiň sözüni dogry tapdymy ýa-da "hem-de Siziň öňüňizde” diýeni ýaradymy, bu mesele barada başga gürrüň gozgamady. Bir salym gündelik işler, ýurtdaky ýagdaýlar barada umumy söhbetdeşlikden soň Anuştegin bilen mylakatly hoşlaşdy. *** Anuşteginiň huzuryna arz we şikaýat bilen gelýän adamlaryň sany barha köpelýärdi. Soňabaka bu gelýän adamlary kabul edip, arz diňlemäge mümkinçiligi artdyrmak üçin ikinji kömekçi almaly boldy. Hüseýin hojanyň hödür etmegi bilen Nasyr atly bir ýaş ýigidi işe alyp, oňa gapysy göni köçä çykýan bir otag berdi. Onuň wezipesi arz etmäge gelen we şikaýatçy adamlaryň ýüz tutmalaryny aýry-aýry kagyza ýazyp alyp, işiň soňunda olary Anuştegine bermekden ybaratdy. Nasyr çalasyn, güler ýüzli, mylakatly ýigitdi. Bir hepde geçip geçmän işine-de jür boldy. Anuştegin onuň şu häsiýetleri üçin adyny Nasyr beg diýip, hormat bilen tutýardy. Arada bir gün çäş wagty Nasyr Anuşteginiň huzuryna girdi. Anuştegin Hüseýin hoja bilen haýsydyr bir mesele barada maslahatlaşyp otyrdy. Nasyr olaryň sözüni bölmän edep saklap, giren ýerinde durdy. Anuştegin onuň işini goýup geleniniň ýöne ýere däldigini aňyp, oňa tarap öwrüldi-de: - Hä, Nasyr beg, näme gep?-diýdi. Nasyr: - Şyhny hezretleri, bir adam geldi. Sizi görmekçi bolýar. Men näme arzyňyz bolsa aýdyň, ýazyp alyp, şyhny hezretlerine berýän diýsem, ol: "Siziň jansyz kagyza ýazjak dört kelime sözüňiz bolanok. Men özüm ol kişini görmesem bolmaýar. Ýüregimden çykaryp aýtjak sözlerim bar, meni onuň ýanyna giriziň!” diýip, dyzap dur-diýdi. Anuştegin: - Meni juda göresi gelýän bolsa alyp geliň, belki bir üýtgeşik arzy bardyr-diýdi. Nasyr “hop, ýagşy” diýip, yzyna öwrülenden Hüseýin hoja: - Nasyr, saklanyň-diýdi, soňra Anuştegine ýüzlendi: - Şyhny hezretleri, ol bir ýaman niýet bilen gelen adam bolaýmasyn. Kabul etseňizem, ýanyny barlap girizsinler-diýdi. Hüseýin hojanyň gepine Anuşteginiň gülküsi tutdy: - Hojam, Siz gaty ätýaçly adam-ow. Ol adamyň meni öldürmek niýeti bolsa, ol bu işi ýolda-yzda ýeke gelýärkäm ederdi. Bu ýerde, gapymda nökerler durka, Siz, Nasyr beg barka bu işi edip bilmejegine akly ýetýändir ahyry. - Şonda-da, ätýajy elden bermeli däl, şyhny hezretleri-diýip, Hüseýin hoja, soňunda Nasyra ýüzlendi: - Sakçylara aýt, ýanyny gowy barlasynlar. Anuştegin ýylgyryp, kellesini ýaýkap goýdy. Bir salymdan Nasyr gaharynamy ýüzi çym gyzyl, çala agaran gytyk sakgaly, 60 ýaşlaryň töweregindäki daýaw adamy alyp geldi. Gelen adam gapydan giren ýerinde aýak çekip, sowuk-sala salam berdi. Anuştegin onuň boluşuny bir hiliräk görse-de salamyny aldy, soñra: - Hany, aýdyberiň ýürekden çykaryp aýtjak arzyňyzy-diýip, onuň daşarda Nasyra aýdan sözüni ýaňsa alyp ýatlatdy. O - Jenap şyhny, il içinde Sizi adalatyň diregi, pukaranyň howandary diýip öwýänlerine ynanyp gelipdim. Emma görsem başgaça ekeni. Gapyňyzda duranlar bar ýerimi barlap, pul-sul tapmansoň, jübümde ýeke bir çakgym bardy, şony-da peýda bilip aldylar. Gapysynda şeýle talañçylar duran dergähde arzymy aýdanym bilen netije çykmasa gerek diýip, arzymy aýtjagymy-da, aýtmajagymy-da bilmän durun-diýdi ol. Anuştegin bu adamyň ýanyny barlanlaryna gahary gelip, "Bulary menem bir duzlaýyn” diýen pikir bilen aýdan sözlerini gaty görmedi. - Ýaşuly, gep urşuňyza garanda Siz gaty ýeser adama meňzeýäňiz. Siz ýanyňyzyň barlananyny talaňçylyk däldigini gowy bilýäňiz. Sizden şübhe edileni üçin bagyşlap bilseňiz, bagyşlaň. Anuşteginiň belent başy bilen ötünç soranyna ol adamyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Söz äheňi-de bütünleý özgerdi: - Muhterem şyhny jenaplary, Sizem meni bagyşlaň. Özüňden şübhelenseler adama gatyrak degýä-dä. Birneme biderek gepläýdim, günämi geçiň. Indi arzymy aýtsam, men şäheriň sabynçylar mähellesinde ýaşaýan, maňa Salyh sabynçy diýýärler. Beýleki mähelledeşlerim ýaly sabyn bişirip satýan. Meniň bir zalym goňşum bar... Ol şeýle diýeninden Anuştegin onuň sözüni böldi: - Salyh aga, goňşy dawasyny mähelläňiziň kethudasy çözýär. Siz şoña ýüz tutmaly ekeniňiz. - Ýok, şyhny jenaplary, ol mähellede çözülýän goňşy dawasy däl. Siz gepimi soňuna çenli diňläñ, eger gepim biderek bolsa çykaryp, kyrk gamçy urdursaňyzam, men razy. Anuştegin onuň soňky sözüne çalarak ýylgyryp: - Onda aýdyň, diňläli-diýdi. Salyh sabynçy ykjamlanyp söze başlady. - Size aýtsam, şyhny jenaplary, meniň ol goňşuma Tarkan täjir diýýärler. Pederi aýrylansoň ata kesbi sabynçylygy taşlap, täjirçilige başlady. Ganymat baýanyndan soň bir gul bir gyrnak satyn aldy. Ine şundan soň tomaşa başlandy. Ol guluny-da, gyrnagyny-da günde iki gezek waý-waýladyp gamçy bilen saýýar. Men bir ýüregi ýuka adam, şol bendeleriň waý-waýlap aglanlaryna gyýylyp erbet bolýan. Biz goňşular bolup, oňa sen näme beýdýärsiň, bu bendeleriň näme günäsi bar diýsek, ol: "Näme guly diňe günäsi bolsa urmalymy, men islän wagtym urjak, islesem öldürjek, siziň näme işiňiz bar” diýýär. Ýene bir goňşum bar, olam idilli adam däl, ol oňa: “Ursaň agzyna esgi dykyp, sesini çykarman ur. Olaryň sesinden biziň gulagymyz kamata geldi-le” diýdi. Onda Tarkan näme diýýär diýseňiz-ä: "Men olaryň waý-waýlaýan sesinden lezzet alýan” diýýär. - Bäh, şonuň ýaly adamlaram bar-ow?!-diýip, Anuştegin kellesini ýaýkady. Hüseýin hoja: - Ol şeýle kesel. Birine azap berip, şondan lezzet alýan keselli adamlar bar.-diýdi. - Biz onuň keselini örän gowy edip bejereris, gaýdyp eline gamçy almaz ýaly bolar-diýip, Anuştegin Salyh sabynça seretdi - Başga aýtjak zadyňyz barmy? - Ejaza berseňiz, men esasy gepimi indi aýtjak. - Hany onda ony-da diňläli-diýip Anuştegin sabynça has gyzygyp garady. - Şyhny jenaplary, gulam, gyrnagam, biziň hemmämizem Allanyň ýaradan bendeleri. Şeýle bolansoň gul eýesi adam, gul bolsa haýwan däl ahyr. Şerigatda haýwana-da azar bermek bolanok. “Şerigat isleseň öldür ýylany, hakykat isleseň agrytma jany” diýilýär. Emma muňa garamazdan, ýurtdaky gul eýeleriniň arasynda Tarkan täjir ýalylar gullaryny urup azar berip, islese sähelçe günäsi üçin öldürip hem bilýärler. Bu ýagdaýlar ynsanperwerlik diýilýän ýörelgä düýbünden dogry gelmeýär. Eger guluň şeýle agyr günäsi bolsa, ony-da kazyýetde günäsini anyklap, soň öldürse başga gep. Şonuň üçin, şyhny hezretleri, gul bilen gul eýesiniň gatnaşyklary barada bir adalatly kanun çykarylsa juda sogaply iş bolardy. Anuştegin bu adamyň gepini diňleýärkä ýönekeý sabynçynyň fikh ugrunyň adamy ýaly pikir ýöredişine haýran galyp: -Salyh aga, Siz sabynçy däl-de, fikhden ders berýän müderris bolaýmaň ýene-diýip Anuştegin ýylgyrdy. -Şyhny jenaplary, meniň üstümden güljek bolmaň, men bu gepleri janym ýanandan aýdýan... - Nädogry düşünmäň, men siziň üstüňizden güljek bolamok. Siziň fikhçiler ýaly gepläniňiz üçin aýtdym, Salyh aga. - Bagyşlañ, Men nädogry düşünipdirin. Indi fikh meselesine gelsek. Men medresede okanymda fikh sapaklaryna aýratyn gyzyklanýardym, fikhşynas bolmak niýetim hem ýok däldi. Ýöne maňa medresäni gutarmak nesip etmedi. Pederimiz gaýdyş bolup, güzeran üçin onuň kärini ýöretmeli boldum. Ine şonda durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolup, bir hakykata göz ýetirdim. Durmuş fikh däl ekeni ýagny ol fikh kanunlary boýunça däl-de, adamlaryň islegi boýunça dowam edýän ekeni. Islegler bolsa dürli-dürli. Meniň goňşym Tarkan täjiriňki ýaly adamlara azap berip, lezzet almak islegleri gandallaýan kanun gerek, şyhny jenaplary. Anuştegin bu adamyň gürrüňini diňledigi saýyn onuñ adalatperwer, ynsanperwer, hakykatçydygyny aňyp, oňa bolan hormaty artýardy. -Salyh aga, menem Siziň pikirleriňize goşulýaryn. Ýöne häzir Siziň aýdan kanunyňyzy çykarmak meniň elimden gelmeýär, Ol patyşalara degişli mesele. Siziň goňşuňyz ýaly adamlara azap berip, lezzet almak diýen zat juda gadym zamanlarda-da bolupdyr. Onda-da ýek-tük adam däl, döwlet derejesinde gadym Rimde gullary tomaşa meýdanyna çykaryp, biri-birini öldürýänçä uruşdyryp, el çarpyşyp alkyşlapdyrlar. Bu “tomaşa” gatnaşan müňlerçe adamyň içinden “Bes ediň, bu aýylganç tomaşany!” diýen birje rehimdar adam tapylmandyr. Indi Siziň goňşuňyza gelsek, Siziň aýdan kanunyňyz bolmasa-da, onuň ýaly adama degmeli däl diýen kanunyň hem ýokdygyndan peýdalanyp, ony gaýdyp eline gamçy almaz ýaly ederin. Siz şuňa razymysyňyz? -Elbetde razy, şyhny hezretleri, ýöne Siz ony nädip, eline gamçy almaz ýaly edersiňiz? -Biraz şu ýerde sabyr etseňiz, görersiňiz nädip etjegimi-diýip, Anuştegin ýylgyrdy, soňra Nasyra ýüzlendi: -Nasyr beg, ýasawulhana baryñ, iki sany ýasawul alyp, sabynçylar mähellesinden Salyh agaň aýdan adamyny alyp geliň. Gamçysyny-da alyp gaýdyň. -Hop, şyhny hezretleri-diýip, Nasyr çykyp barýarka yzyna öwrülip, sabynça ýüzlendi: -Ady Tarhan diýdiňizmi? -Tarhan däl, Tarkan, Tarkan täjir-diýip Salyh sabynçy has hejjikläp düşündirdi. Nasyr buýrugy ýerine ýetirmäge gitdi. Salyh sabynçy birhili oňaýsyzlanan ýaly ardynjyrap: -Şyhny hezretleri, menem gaýdyberäýin-diýdi. -Görjek dälmisiňiz, nädip eline gaýdyp gamçy almaz ýaly edişimizi?-diýip, Anuştegin sabynçydan synap sorady. -Gaýdyberäýin, görmegim hökman däl. Soň eşiderin nädeniňizi... -Gözel göwnüňiz, gaýtsaňyz bizden rugsat. Salyh sabynçy elini döşüne goýup, edep bilen çykyp gitdi. Anuştegin kellesini ýaýkap, ýylgyrdy: -Görýäňizmi, hojam, adamlar nähili. Ol adalatçy, hakykatçy bolsa-da, gorkagrak ekeni. Goňşusy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mertligi ýetmedi. *** Nasyr iki ýasawula baş bolup, Tarkan täjiriň öýüne bardy. Olar Tarkanyň howluda gyrnagyny waý-waýladyp, gamçylap duranynyň üstünden düşdüler. Tarkan gelenlere tarap öwrüleninden ýüzin ýatan gyrnak hasyr-husur turup gaçdy-da içeri sümüldi. -Tarkan täjir diýýänleri sizmi?-diýip, Nasyr oňa hyrsyz seredip sorady. -Edil özi. Näme gerek bolsa aýdyberiň, matamy, halymy ýa-da... -Bize siziň hiç zadyňyz gerek däl, özüňiz gerek, şonuň üçin siz häzir biziň bilen ýöremeli-diýip, Nasyr onuň sözüni kesdi. -Nirä ýöremeli, näme üçin ýöremeli? -Ony baranda bilersiňiz. -Men hiç ýere barjagam däl, biljegem däl. Nasyr ýasawullara “alyp çykyň” diýen manyda ümledi. Iki daýaw pyýada onuň iki ýanyna geçäge-de çigininden tutup, idirdedip ugradylar. Nasyr onuň elindäki gamçyny kakyp aldy. Garaşylmadyk bu hereketlere aňy uçan Tarkanyň özelenip soraýan sowallaryna-da jogap bermän şyhnynyň huzuryna eltdiler. Diňe şonda Nasyr ony içeri alyp girmezlerinden öň “Bu ýer şyhny hezretleriniň karargähi, seni ol kişi çagyrdy” diýip aýtdy. Tarkany içeri salanlaryndan ol gaharyna salam bermegi-de unudyp: -Jenap şyhny, bu nä zorluk, näme üçin meni bu ýere mejburlap getirdiler?!-diýip, Anuştegine garanda ýaşuly görünýän Hüseýin hoja ýüzlendi. -Sizi bu ýere getirmegi men buýurdym-diýeninden Tarkan Anuştegine ýalta seretdi, Hüseýin hojany şyhnydyr öýdüp, ýalňyşanyna düşündi. Barybir edep saklap, hormat görkezmedi. -Näme üçin buýurdyňyz, näme sebäpden? -Siziň bir üýtgeşik gamçyňyz bar diýip, eşitdik. Ony nämede ulanýanyňyzy bilmek üçin buýurdym. Tarkan indi bu ýere getirleniniň sebäbini düşünen ýaly boldy. Ol Nasyryň elindäki gamçysyna garap goýdy. Anuştegin: -Şu gamçy siziňkimi?-diýdi. -Hawa meniňki... -Ony nämede ulanýanyňyzy aýdyp beriň, hany. -Aý, kä wagt abaý-syýasat üçin gullara birki gamçy çalaýan. -Şyhny hezretleri, rugsat ediň, men aýdaýyn-diýip, Nasyr ara goşuldy.-Biz baranymyzda bu adamyň, "abaý-syýasat üçin" diýeniniň üstünden düşdük. Ol howlusynda bir gyrnagy ýüzün ýatyryp, şu gamçy bilen waý-waýladyp urup duran ekeni. -Näme, ursam men öz gyrnagymy urýan, urmaga hakym ýokmy? -Näme günäsi üçin?-diýip, Anuştegin oňa hyrsyz seredip sorady. -Hökman günäsi bolsa urmalymy, guly, gyrnagy günde birki gezek urup durmasaňyz, olar hetdinden aşyp gidýärler. Anuştegin Garçystanda gul mahaly iýen taýaklary ýadyna düşdi. Emma onda bigünä däldi, ýaşlygynda garagolrakdy. -Tarkan!-diýip ol gaharly seslendi.-Adamy, ol gulmy, gyrnakmy günäsiz ýere urmak günädir. Günäli adamy bolsa urmak sogapdyr. Men şu sogaby gazanmak üçin saňa, özäm ýalaňaç arkaňa kyrk gamçy buýurýaryn. Eger şu işiňi ýene gaýtalasaň ýüz gamçy buýuraryn!-diýip, ýasawullara garady. --- Alyp çykyň, bazara eltip, sezaýy edilýän ýerde uruň, başgalara-da, sapak bolsun! -Jenap şyhny, jenap şyhny! Bu bolýan zat däl! Üstüňizden waly hezretlerine arz ederin. -Walydan soň, soltana-da arz edäý! Ýasawullar Tarkan täjiri idirdedip alyp çykyp gitdiler. Anuştegin özüne makullaýjy nazar bilen garap oturan Hüseýin hoja ýylgyryp diýdi: -Hojam, gul gullaryň arkasyny tutmasa bolmaz ahyryn. Hüseýin hoja bu gepiň manysyna düşünmän seretdi. -Hojam, meniň gepime düşünmediňiz, men Size aýtsam, garşyňyzda oturan, şyhny hezretleri diýenleri hem ýaşlygynda gul bolupdy. Allanyň keremi bilen indi döwletiň bir mertebeli adamy hökmünde hondanbärisi bolup, adamlara jeza taýynlap otyr-diýip, Anuştegin özüne haýran galyp garap oturan Hüseýin hoja seredip ýylgyrdy. -Siziň yştymagy gelip çykyşyňyzdan meniň habarym ýoklugy hak, şyhny hezretleri. Şonuň üçin ilki gepiňize düşünmän seretdim. Men Size bir hakykady aýdaýyn, biziň hemmämizem Allanyň guly. Ol islese kimidir öz gulunyň guly edýär, islese ol gula Siziň kimin belent mertebe berýär. Hemme zat Allanyň eradasy bilendir. Alla Size mundanam belent mertebeleri taýynlap goýan bolsa bildiňizmi. *** Gürgenjiň ilaty Anuşteginiň ýene bir aýgytly hereketiniň şaýady boldy. Mämünler nesilşalygynyň döwründen bäri Horezmiň çäginde kerwen ýollarynyň howpsuzlygy doly üpjün edilipdi. Emma “Çöl börüsiz bolmaz” diýenleri ýaly arada bolan bir ýaramaz waka Anuştegini gylyç dakynyp ata çykmaga mejbur etdi. Çyn-maçyndan gelýän kerwen Horezmiň çägine girip, bir boşlaň ýerde düşlemek üçin goş ýazdyrýar. Bir mahal sen ýok, men ýok, derlikçäniň üstünde ýanbaşlap çaý içip oturan kerwenbaşyny üç pyýada gelip elini arkasyna daňyp başlaýar. Aň-taň bolan kerwenbaşy: - Edýäniňiz näme, ýigitler?!-diýip, olara dikanlap seretse, olar kerweniň goragyndaky nökerlerden bolsa nätjek! Töweregine göz aýlanynda nökerleriñ beýlekileri hem onuň adamlaryny daňyp ýörenlerini görýär. - Düşnükli-diýip, bularyň maksadyny añan kerwenbaşy -Hany, meniň ýanyma baştutanyňyzy çagyryň, belki, ylalaşarys-diýdi. Olar kerwenbaşa jogap bermän, biri-birine seredişdi. - Näme dursuňyz, çagyryň ony! Men size peýdaly teklip etjek bolýan-diýip, kerwenbaşy dogumly gepledi. Olaryň biri: - Peýdany özümiz taparys-diýip, ajy ýylgyrdy. - Dar agajynyň aşagynda seniň isleýän peýdaň ýok. Bar çagyr başlygyňy! Kerwenbaşynyň dar agajyny ýatladany täsir etdimi nämemi, beýleki biri ýaňky ajy ýylgyrana: - Bar çagyryp gel. Näme diýjekkä eşideli- diýdi. Giden bir salymdan başlyk diýenleri bilen tirkeşip geldi. -Sen nökerbaşy bolsaň, men kerwenbaşy. Ikimiziň derejämiz deň. Şeýle bolansoň, sen näme meni özüň gelip daňman, garamaýaklaryňa daňdyryp, derejämi peseldip ýörsüň?-diýip, kerwenbaşy kinaýaly ýylgyrdy. Şeýle gözgyny ýagdaýynda birjigem aljyraman, sowukganlyk bilen şeýle kinaýaly gürrüň tapýan kerwenbaşynyň mertligine telpek goýaýmalydy. Nökerbaşy diýilýäni ýüzüniň deň ýarysyny timarlanmadyk gara sakgal basan, daýaw garaýagyz pyýada kerwenbaşa geň galyp, bir salym seredip durdy-da: - Meni şu gepi aýtmak üçin çagyrdyňmy?-diýdi. -Ýok, başga gepem bar. Gowuja diňle. Men siziň maksadyňyza düşündim. Siz kerweni talamakçy. Bizi öldürmek niýetiňiziň ýokdugy-da bir ýagşy. Onuň ýaly ýaman niýetiňiz bolanda bizi daňyp oturman bir eýýäm gylyçdan geçirerdiňiz. Ýöne siz kerweni talap, nirä gitseňizem ir-u-giç baryňy tutup, dardan asarlar. Gowusy ylalaşaly. Siz maňa aýdyň, kerweni talap, näme iş etjeksiňiz? Kerwenbaşynyň sözi täsir etdimi ýa-da göz öňüne dar agajy geldimi, nökerbaşy biraz gowşady: - Dogrymy aýtsam, tomusyň jöwzaly yssysynda, gyşyň aňzak aýazynda kerwen bilen çöl söküp, sähra söküp ýörmek jana degdi. Atlarymyzam garrap lagşady. Şonuň üçin bir gowy at-ýarag edinip, Gürgençde Ekinçi ibn Koçkaryň goşunynyň hataryna girmek isleýäris. Ol ýerde iýmek-içmekden kemiň ýok, onsoňam aýda serbaz haky hem berilýärmiş. - Düşündim. Ýöne siz kerwenden alan zatlaryňyzy hiç bazarda-da satyp bilmersiňiz. Sebäbi siziň söwdagär däldigiňizi, harytlaryň bolsa talap alnandygyny bilerler, şeýdibem tutularsyňyz. Gürgençde biziň kerweniň gelerine garaşýan ýerli täjirler bar. Biz olara zatlarmyzyň bir bölegini geçirip puluny alansoň, siz ýigrimi adammy, ýigrimiňize-de at-ýaraga ýeter ýaly puly özüm bererin... Nökerbaşy kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy: - Heý kerwenbaşy, sen näme bizi samsykdyr öýüdýäňmi. Sen Gürgenje baransoň pula derek dar agajynyň ýüpüni boýnumyza ildirdersiň. Tapdyň sen gury gepiňe ynanjak akmagy! - Gyzyberme, "sakawuň soňuna seret" diýipdirler. Gury gepe ynanmajagyňyzy bilýän. Şonuň üçin size zamun hökmünde öz adamlarymyzdan onusyny goýup gidýäs, Özüňizem olar bilen bir hepde, aňry barsa on gün şu ýerde iýip-içip ýatyberiň. Şu möhlet içinde men puly jemläp birimizden berip goýbererin. Puly alanyňyzdan soň sizem zamunlary goýberersiňiz. Niçik, şeýtsek bolmaýarmy? Nökerbaşy ýanyndakylara “Bu gepi nähili görýäňiz?” diýen manyda garap dymdy. Bir salym dymyşlykdan soň nökerleriň biri başyny atdy, beýlekileri-de oňa eýerdi. Nökerbaşynyň özüne-de makul bolan bolsa gerek: - Onda sözüňiz sözmi?-diýdi. - Sözüm söz. Ýogsa-da siziň başga çykalgaňyz ýok. - Bir çykalgamyz bar. Eger üstümize gelýän urşujylaryň garasy görünäýse adamlaryňyzyň onusynam şol demde gylyçdan geçireris. - Düşnükli. Biz adamlarymyzy pula çalyşmarys, arkaýyn bolaýyň-diýdi kerwenbaşy. Şundan soñ nökerler daňan adamlaryny boşatdylar. Kerwenbaşy on adamy zamun galdyryp, goragsyz ýola düşdi. Horezmiň çäginde ýollar howpsyz bolany üçin goragyň geregi hem ýokdy. Kerwen üç günde Gürgenje gelip ýetdi. Tibbi gözden geçirişden soň kerwensaraýa ýerleşdiler. Kerwenbaşy haýal etmän şyhnynyň huzuryna bardy. Anuştegin kerwenbaşynyň habaryny diňläp, gaty dergazap boldy. Çünki onuň şyhnylyk döwründe kerweniň talanmagy öz abraýyna-da zeper ýetirýärdi. - Men olaryň ýigrimisini-de bir dara asdyraryn! - Şyhny hezretleri, Siz häzir olaryň üstüne esger iberseňiz, esgeriň garasy görünenden biziň adamlarymyzy öldürerler. Olaryň aýdyşy-da şeýle. Şonuň üçin biraz sabyr ediň. Men pullary jemläýin-de, birimizden berip goýbereýin, olar zamunlary boşatsynlar. Onsoň Gürgenje at-ýarag almak üçin gelenlerinde tutaýmaly-diýdi. Kerwenbaşy aýdan sözüne şyhnynyň kinaýaly ýylgyranyny görüp, bir hili boldy, samsyklaç gürrüň edenine düşündi. - Jenap, siz gaty degişmeçi ýa-da örän sada adam bolmaly. - Uzur, şyhny hezretleri. Men degişmeçi-de däl, sada-da däl. Biderek geplänimi soň düşündim. Elbetde, olar at-ýarag almak üçin Gürgenje gelmezler. Ýöne men bu gepi olaryň elinde galan adamlarymyň janyny saklamak üçin aýdan bolsam gerek. - Berekella, ýalňyşyňyzy düşünipsiňiz. Siz adamlaryňyzyň jany barada howp etmäň. Biz olara zeper ýetmez ýaly tedbir ulanarys. Siz puly on günden bäride berip goýbermäň. Biz şu wagtdan peýdalanyp, olaryň üç tarapyna-da daşdan aýlap, esger taşlarys. Olar puly alansoň haýsy tarapa gitselerem ele düşerler. - Taňryýalkasyn, şyhny hezretleri! Alla Size uzak ömür bersin. Mertebäňiz egsilmesin. Siz meseläni hemme taraplaýyn oýlanyp, ölçerip çözýän ýiti zehinli adam ekeniňiz... - Goýsaňyz-la, jenap. Bu bir çözmesi kyn mesele däl-ä. Munuň üçin iliňkiden artyk zehin, parasat gerek däl-le. Anuşteginiñ bu gepi kerwenbaşa gyjalat berdi. Ol onuň öwgüni gowy görmeýänini aňdy."Horezmin şyhnydan gönenipdir. Örän parasatly, adalatly adama meňzeýär” diýip, içini gepleden kerwenbaşy Anuştegine minnetdarlyk baryny aýdyp hoşlaşdy. Kerwenbaşy gideninden soň Anuştegin hem bu wakadan walyny habardar etmek hem-de ondan esger almak üçin köşge gitdi. Aradan on gün geçdi. Kerwenbaşy şyhnyny habardar edip, bir adamyndan talaňçylara puly berip goýberdi. Pul baryp gowuşanyndan zamunlar azat edildi. Şonça pula eýe bolan talaňçylar Anuşteginiň çak edişi ýaly at başyny yza tarap tutdurdylar. Emma olaryň heşelle kakyşyp gidişleri uzaga barmady. Degre-daşy gabalyp tutuldylar. Nebsiň, açgözlügiň ündewi bilen uzak ýolda duz-emek bolup gelen hemralarynyň ellerini arkasyna daňan bu adamlaryň indi öz elleri daňylyp, at öňünde sürülip baryşlaryna “Ýakma bişersiň, gazma düşersiň” diýen halk nakyly ýatlaryna düşen bolsa gerek. Anuştegin aýdyşy ýaly etdi. Gürgenjiň uly meýdanynda uzyny kyrk geze golaý dar gurduryp, talaňçylaryň ýigrimisinem şol dardan asdyrdy. Ýaman adamlara sapak hökmünde berlen bu jezany Gürgenjiň ilaty adalat hökmünde makullady. Çünki ýamana berlen jeza, ýagşa berlen sylag ýaly adalatyň bir görnüşidir. Anuştegin Horezme şyhny we mütassarif bellenip, geleninden bäri geçen on bäş ýyla golaý wagtyň içinde şyhny hökmünde ýurtda tertip-düzgüniň berkemegi, arza-şikaýatlaryň adalatly çözülmegi, mütassarif hökmünde bolsa girdeji-çykdaýjylaryň deňagramlygyny gazanmak ugrunda köp we netijeli işler etdi. Şonuň üçin onuň halkyň arasynda abraýy has belende galdy. Halkyň şeýle sarpa goýýan adamyna ýurduň walysy Ekinçi ibn Koçkaryň hem hormat goýmazlygy mümkin däldi. Diňe hormat däl, soňky wagtda oňa uly ynam hem bildiripdi. Adamyň işi oňuna bolup, il içinde hormata mynasyp bolsa, kalbyna ruhubelentlik, tenine gujur-gaýrat ylahydan inen ýaly bolýar. Şonlukda Anuştegin hem belent ruh we gujur-gaýrat bilen il-ýurt bähbitli işleri dowam etdirdi. Döwlet gelse goşa-goşadan diýlişi ýaly, şu arada Anuşteginiň Merwde tälim-terbiýe alyp ýören ogly Kutbeddin Muhammet medresäni tamamlap, öýüne özi bilen uly şatlyk alyp geldi. ýigrimi ýaşa dolan syratly, görmegeý, parasatly, edermen ogul ene-atasynyň buýsanjy hem guwanjydy. Muhammet diňe daş görnüşi bilen däl, baý içki dünýäsi bilen hem tapawutlanýardy. Ol edepli, salyhatly, edebiýaty, sungaty gowy görýän, pelsepeden, beýleki dünýewi we dini ylymlardan hem başy çykýan, arap, pars dillerini-de bilýän ylymly adam bolup ýetişipdi. Onuň tarypyny eşiden waly Ekinçi ibn Koçkar ony köşge öz ýanyna işe aldy. Ilki ol walynyň kömekçisi we maslahatçysy bolup hyzmat etdi. Soňra, aradan bir ýyl geçip geçmän harby hyzmata, ýokary serkerdelik gullugyna çekildi. Şu arada Anuştegin ony uly toý tutup öerdi, öýli-işikli etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |