06:53 Gürgenç / 2-nji kitap -5 | |
V BAP
Taryhy proza
Wagt diýip atlandyrylýan dünýädäki iň şepagatsyz zadyň geçmişden geljege tarap ýel kimin öwsüp geçenini adam duýman galýar. Şalara-da, gedaýlara-da deň daraýan wagt özüni jahan soltany hasaplaýan Mälik şany-da geçmişe ugratdy. Demini sanap ýatanynda onuň bilen didarlaşmak Anuşteginiň nesibesinde bar eken. Ol soltanyň çagyrmagy boýunça Yspyhana geleninde onuň ölüm düşeginde ýatanynyň üstünden çykdy. Soltanyň ýakyn adamlarynyň biri bolany üçin ony hassanyň ýatan otagyna goýberdiler. Içeri gireninde soltanyň başujunda özüniň köne tanyşy Omar Haýýam bilen iki tebibiň oturanyny gördi. Ol ýuwaş gelip, Haýýamyň ýanyna çökdi. Kelle kakyp, olar bilen sessiz salamlaşdy. Soňra gözleri ýumuk soltana ýüzlenip: "Kyblaýy älem, men geldim, men Anuş...” diýip, ýuwaş dillendi. Soltan gözüni çala açyp seretdi, ony tanady, bir zatlar diýmekçi boldumy, dodaklary müňküldedi, emma aýdyp bilmedi, gözleri ýene ýumuldy, şonda agzynyň bir çetinden ak köpük çogup çykdy. Omar Haýýam el ýaglygy bilen köpügi sürtüp aýyrdy. Ol Anuştegine manyly garap: -Beýle köpügiň üçünji ýola çykyşy-diýip pyşyrdady. Anuştegin onuñ sözünden we özüne manyly garaýşyndan soltanyň zäherlenenini aňdy. Zäherlenen adamyň agzyndan ak köpük gelýänini ol bilýärdi, “Bu işi kimiň etmegi mümkin” diýip, iç gepledip, iňkise gitdi. Şol wagt soltanyň kiçi aýaly melike Terkan, sekiz ýaşly ogly şazada Nasyreddin Mahmut hem-de serkerdebaşy Aýýuby al Kazwin dagy geldiler. Melike Omar Haýýama bir hili seredip, gözi bilen “gidiberiň” diýen yşaraty etdi. Anuştegin Omar Haýýam bilen soltanyň ýanyndan çykanlarynda: -Möwlana, bu işi kimiň etmegi mümkin?-diýip sorady. -Soltanyň ölümi kime bähbitli bolsa şonuň... Omar Haýýamyň soňuny aýtmadyk jogaby Anuştegini has gyzyklandyrdy. "Kimiň bähbidi bolmagy mümkin... Adamyň ölüminden hem bähbit araýan kim-kä? Kimem bolsa täji-tagta göz dikýän kimse bolmaly. Ähli belanyň körügi-täji-tagt! Bäş günem bolsa oňa eýe bolmak üçin hiç zatdan gaýtjak däller-ow!” diýip içini gepledip, oýa çümüp barýan Anuştegini Omar Haýýamyň: -Ýene iki-üç sagatlyk ömri galdy-diýeni özüne getirdi. Soltanyň bu dünýäni terk etmegi Omar Haýýamyň Anuştegine aýdan möhletinden hem öňräk ýüze çykdy. Bu wagtda olar köşkden uzak bolmadyk bir kahwahanada kahwa içip, gürleşip otyrdylar. Şo mahal daşardan howlugyp giren bir adam: -Eşitdiňizmi, Mälik şa wepat edipdir. Onuň ýerine kiçi ogly şazada Nasyreddin Mahmut tagta çykarlypdyr. Şazadanyň entek ýaşlygy zerarly döwlet ygtyýarlylygy ejesi melike Terkana berlipdir...-diýip, sözüni gutarmanka, oturanlaryň biri: -Biderek gepleme how, gulagyňy keserler!-diýdi. Ýene biri: -Diliňi keserler!-diýdi. -Eý, biderek däl, ynanmasaňyz daşary çykyň! Eýýäm köçelere, bazarlara bu hakda jar çekilip dur. Men öz gulagym bilen eşitdim-diýip, gelen adam ynandyryp aýdansoň, gowur başlandy, her kim bir zat diýdi. “Näme üçin, uly ogly Bark Ýaruk barka ýaş çagany tagta çykarypdyrlar?” diýenler köpçülikdi. Omar Haýýam Anuştegine "Ine, ýaňy maňa beren sowalyňyzyň anyk jogaby” diýen manyda seretdi. Olar kahwahanadan çykyp köşge baranlarynda häzir bolan wezir-wekiller, beýleki köşk emeldarlary matam görnüşinde aýak üstünde durdylar. Serkerdebaşy Aýýuby al Kazwin soltanyň ýatan jaýyna girip-çykyp, baş wezire bir zatlar diýýärdi. Anuştegin bilen Omar Haýýam çeträkde duranlary üçin ýuwaş gepleýän serkerdebaşynyň nämeler diýeni olara eşdilenokdy. Omar Haýýam Anuştegine ony ümläp görkezip: "Pitnäniň başynda duran şu adam bolmaly” diýip pyşyrdady. Anuştegin oňa ünsli seredip, keşbini ýadynda saklady. Ol içinden "Şeýle adamlardan ägä bolmaly” diýip goýdy. Agşama golaý köşk emeldarlaryndan başga adamlar dagaşdylar. Omar Haýýam daşary çykanlarynda Anuştegini öýüne myhmançylyga çagyrdy. Anuştegin: -Sag, boluň, möwlana. Men bolýan ýerime baryberäýin, Sizem öýüñize baryp, dynç alyň. Entek, soltanymyzyň jaýlanyş merasymynda duşarys-diýdi. Nämedir ýüregine sygman içini hümledip barýan Omar Haýýam: -Barsaňyz, gürrüňi edilmeli däl zatlary gürrüň beräýjekdim-diýdi. Ýoldaşynyň “Gürrüňi edilmeli däl zatlar” diýeni Anuşteginiñ bilesigelijiligini oýardy. Ol Omar Haýýamyňka bararman boldy. Bardylar. Omar Haýýamyň maşgalasy ýokdy. Ol özüniň bazardan satyn alan Saýyda atly gözel gyrnagy we bir bagbany bilen ýaşaýardy. Saýyda naharyna ökde ekeni, juda tagamly naharlar taýýarlap berdi. Omar Haýýamyň rubagylarynyň esasy mowzugy bolan gülgün reňkliden hem biraz süzdüler. Emma Omar Haýýamyň ýolda beren wadasyndan derek bolmady. Anuştegin hem ahyr özi dil ýarar diýip, çydap garaşdy. Omar Haýýam myhmanynyň ýüzüne bakyp, pikirini okady, onuň sabyrsyzlyk bilen garaşýanyny bilse-de saklandy. Dogrusyny aýdanda, ýolda ol gepiň dilinden sypanyna ökündi. Şonda diline erk edip bilmändiginiň sebäbi-de ylmyň, bilimiñ howandary, Omar Haýýam başlyklaýyn alymlaryň asman jisimlerini öwrenmekleri üçin ajaýyp resedhana gurduryp beren, ol ýerde işlemek üçin ähli şertleri döredip goýan, şeýle ylymperwer, beýik hökümdaryň bir aýalyñ elinden namyrat gidenligini içine sygdyryp bilmänligi bolsa gerek. Indi bolsa öz öýünde gahar - gazaby köşeşip, özi aýtmyşlaýyn "gürrüňi "edilmeli däl zatlaryň" gürrüňini etmegi islänokdy. Emma gürrüň etmese-de, Anuştegini aldadygy boljakdy. Şonuň üçin Omar Haýýam: -Ezizim Anuştegin,-diýip, söze başlady. - Bilýän nämä garaşýandygyňyzy. Ýöne meniň Size gürrüň berjek diýen zadym iki adamyň arasyndaky örän gizlin syr. Men ony Size gürrüň bersem ol üç adamyň arasyndaky syra öwrüler. Eger ol şundan aňry geçse meniň kelläm gider. Şonuň üçin Siz şu gürrüňiň şu ýerde, ikimiziň aramyzda galjakdygyna söz bermegiňiz gerek. -Möwlana, eger dostuň saňa ynanyp syryny aýtsa, senem ony äşgär etseň, diňe dostuňa däl, iman diýilýän mukaddeslige hem dönüklik etdigiň bolar. Men entek hiç kime, hiç haçan dönüklik etmedim. Mundan beýlägem etmerin. Meniň imanym kämildir. Omar Haýýam Anuşteginiň sözünden kanagatlanyp, oňa ýylgyryp garady-da: - Siz ömrüňizde näçe gezek söýdüňiz?-diýip, Anuştegini geň galdyran sowaly berdi. - Möwlana, Siz meniñ söýgi möwsümi bolan ýaşlyk döwrümde kim bolandygymy ýatdan çykaraýdyňyz öýüdýän... Omar Haýýam myhmanyny ynjydanyny duýdy. - Ezizim Anuştegin, meni bagyşlaň, Size ýerliksiz sowal beripdirin. Ýöne men söýgüniň lezzeti bilen azaby hakynda Siziň bilen dertleşip, hälki gürrüňi edilmeli däl diýen wakalara geçmekçidim -diýip, biraz säginip, dowam etdi: -Men ony Buhara hakany Şemis al Mülükiň hyzmatynda mahalym duşurdym. Ol on alty ýaşyndaky gözellikde tenha, ýaşyna garamazdan kämillige ser uran, göze doly görünýän gyzdy. Ol hakanyň süýtdeş dogany Hyzyr Hanyň gyzy bolansoň özüni erkin hem läligräk alyp barýardy. Häliden bäri haýran bolup oturan Anuştegin gürrüň diňe şu ýere ýetende onuň kim hakdadygyny aňdy. Şunda özlerini soltanyň ýatan jaýyndan gözi bilen ümläp çykaryp goýberen aýalyň Omar Haýýama üýtgeşik nazar bilen seredeni göz öňüne geldi. Şundan soň gürrüňiň dowamyny has gyzyklanyp diñläp başlady. - Tebigatyň we adamyň näzik duýgularynyň oýanýan bahar aýydy. Men hakanyň derýanyň golaýyndaky mülkünde dynç alýardym. Ol hem hyzmatkärleri bilen şol ýerde ekeni. Bir güni ol guşluga golaý meniň ýanyma geldi-de: - Omar jan, meniň bu ýerde ýüregim gysýar, bile atly gezelenje gitmeýäsmi?-diýip, birhili jadylaýjy ýylgyrdy. Men bir bada näme diýjegimi bilmän ýaýdandym, soňra: -Meniň çapyksuwarlygymyň ugry ýok, Siz meni birinji öwrümde ýitirersiňiz-diýdim. -Biz saňa ýuwaşyrak at tapyp bereris. Onsoňam bilip goý, men haýyş etmän, buýrup hem bilerin. Ol bu sözi bilen özüniň hökmürowan melikedigini ýatlatdy. Maňa bolsa “Hop, melikäm, men hyzmatyňyza taýýar” diýmekden özge çäre galmady. Gitdik. Atlaryň başyny deň tutup, gürleşip, uzaklara gitdik. Uly öwrüm edip, gaýdyşynymyz ýolumyz bir saýyň üstünden dogry geldi. Atlary suwa salyp, geçip barýarkak, gyra golaýlaşanymyzda melike atdan suwa ýykylyp düşdi. Men bu wagt gyra çykypdym. Derhal donumy çykaryp zyňdym-da, melikä kömek bermäge howlukdym. Ýöne maňa suwa düşmek gerek bolmady, melike gyra ýetip, elini uzatdy, men çekip aldym. Soňra atlar gaçyp gidäýmesin diýip, olary gyrymsy agaçlara daňyşdyryp, yzyma öwrülenimde ilki gözüm gyrymsy agaçlara serilen melikäniň geýimlerine, soňra ýumşak maýsalaryň üstüne ýazylan meniň donumyň üstünde çuw ýalaňaç ýatan onuň özüne gözüm düşüp, aňalyp galdym. Içimden "Beýle-de uýatsyzlyk bolar eken-ow" diýip, dodagymy dişledim. Ol: - Nämä aňalyp dursuň, gel, meniň ýanymda ýat! -diýdi, soňra meniň entegem gozganman saňalyp duranyma kinaýaly äheňde-Sen näme, "Çakylyga jogap ber" diýen hadysy bileňokmy?-diýdi. - Ýok melikäm. Beýle iş etsek bolmaz... - Näme bolman, sen ýazgyt diýen zada ynanaňokmy? Adamyň ykbaly, ähli edim-gylymlary maňlaýyňa ýazylýan bolsa, ferjä-de1 oňa dahyl boljak her bir erkegiň ady ýazylandyr. Men onda seniň adyňy gördüm, gel... Ygtyýarymy elimden alan bir güýç, meni oňa tarap çekdi. Boljak iş boldy. Men biraz aljyranym hem-de tejribesizligim zerarly onuň bakyradygyny ýa-da däldigini hem bilmedim. Belki, onuň özi aýtmyşlaýyn ol ýere ady ýazylan biri menden öň dahyl bolandyr. Ol guran geýimlerini geýdi. Atlarymyza atlanyp, ýola düşdük. Onuň keýpi kökdi, özi gepläp, özi gülýärdi. Men bolsa, ömür garaşmadyk bu bolan işden henizem özüme gelibilmän, aljyraňňy ýagdaýdadym. Soñ oýlanyp görsem, suwa onuñ özi bilgeşleýin ýykylan eken. Biziň duşuşyklarymyz günde- günaşa şol “ýazgytda ýazylan" ýerde dowam etdi. Men oňa barha öwrenişýärdim. Dogrusyny aýtsam, ony söýüpdim. Bir güni ýatdan çykmajak üýtgeşik bir waka boldy. Biz hemişeki, melike aýtmyşlaýyn ýazgytdaky ýerimizde söýüşmegiň lezzetinden serhoş bolup ýatyrkak, men kimdir biriniň bize dikilen nazaryny ylahy duýgum bilen duýup, öwrülip seretdim. Bizden on bäş ädim çemesi aňyrda, gyrymsy agaçlaryň arasynda gözleri ýanyp duran ýolbarsa gözüm düşüp, inim tikenekläp gitdi. Meniň tisginenimi duýup, melike kellesini galdyryp seretdi, ýolbarsy gördi. Emma gorkmady. Ol: "Bu Turanyň şasy adamlar meniň mülkümde näme işleýärkä diýip görmek üçin gelendir”-diýip ýylgyrdy. Men bu näzik göwrede şeýle batyrgaý ýüregiň bardygyna haýran galdym. Özüm bolsa, içimden bilen dogalarymy okap, gorkup ýatyrdym. Hernä, ýolbars dok ekeni, ol bir salym bize seredip durdy-da, yzyna öwrülip gitdi. Men Hudaýa şükürler etdim. Ähli eşretli döwranlaryň hem bir gün gelip, sowluşy kimin biziň bagtly günlerimiz hem ömürlik däl eken... Şemis al Mülük dogany Türkän melikäni Mälik şaga aýallyga berip, özi-de onuň tabynlygyna geçdi. Şundan soň melike meniň üçin asmandaky el ýetmez aýa döndi. Meni-de Mälik şanyň weziri, özüniň danalygy, ökde syýasatçydygy bilen şöhrat gazanan Nyzamulmülk birnäçe alymlar bilen Yspyhana alyp gaýtdy. Bu ýerde ylmy işlerimi has gowy ýola goýdum. Meniň haýyşym boýunça Mälik şanyň emri bilen bir resedhana* gurup berdiler. Meniň ýolbaşçylygymda resedhanada hem işler gowy gidýärdi. Mälik şa biziň ylmy işlerimize uly üns berýärdi, maddy taýdan höweslendirýärdi. Bir gün Mälik şa men başlyklaýyn resedhanada, kitaphanadyr medresede işleýän alymlary, müderrisleri köşge çagyryp, meýlis gurady. Hezzet-hormatdan soň menden başgalara serpaý ýapdy. Iñ soñunda şadyýan ýylgyryp: -Alymlarymyzyň baştutany, feýlesüf şahyr Abul Fatyh Omar ibn Ibrahym al Haýýam jenaplaryna aýratyn bir sowgadymyz bar-diýdi-de, hyzmatda duran hadymlara “Getiriň” diýen yşaraty etdi. Getirdiler. Oňa gözüm düşende inim tikenekläp gitdi. Ol saý boýunda melike bilen ýatanymyzda üstümize gelen ýolbarsyň derisi ýaly şiriň derisidi. -Muhterem Omar Haýýam, men Siziň hemişe şir ýürekli, şir kimin gujur-gaýratly bolmagyňyzy arzuw edip, şu şiriñ derisini sowgat bermegi makul bildim-diýip, Mälik şa ony hadymyñ elinden alyp, maňa gowşurdy. Men tagzym edip, minnetdarlygymy bildirdim. Ýöne özüme ýolbars derisiniň sowgat berilmegi Mälik şanyň özüniň pikiri bolman, mekir melikäniň maslahaty bilen bolandygyny derä gözüm düşenden aňypdym. Melike bu deri bilen maňa geçen günlerimizi ýatlatmakçydy*. Görýäňizmi, bu şetdat aýalyň elinden her zat geler. Onuň serkerdebaşy Aýýuby bilen tirkeşip ýörmegi-de, ýöne ýere däl bolmaly... Omar Haýýam gürrüňini şu ýerinde kesdi, dowamyny gybat bolaýmasyn diýen pikir bilen bolsa gerek, aýtmakdan saklandy. Aýtmasa-da, aňyrsy düşnüklidi. Anuştegine Omar Haýýamyň eden hezzet-hormatyndanam bu beren gürrüňi has täsirli boldy. Ol bu dünýäniň beýle işlerine haýran galyp oturşyna Omar Haýýamyň rubagylarynda teswir edilen dünýäniň beýleki işleri barada-da eşidesi, diňläsi geldi. Omar Haýýam myhmanynyň haýyşyny ýerde goýman, täze ýazan rubagylaryndan birnäçesini okap berdi. Anuştegine aýratyn-da onuň: Jahana ýetsedi mendäki kuwwat, Bu harap düzgüni ederdim berbat. Ýaňadan gurardym şeýle bir dünýä, Adamlaň maksady bolardy myrat- -diýen rubagysy has ýarady. Çünki bu setirler onuň häzirki ruhy halaty bilen kybapdaşdy. Anuştegin Omar Haýýama myhmandarçylygy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy. *** Mälik şanyň ölümi Anuştegine agyr degdi. Çünki ol ýönekeý bir guly terbiýeläp, gadyrlap, uly wezipeler beren, şu güne çenli arkasynda dag ýaly bolup duran howandaryndan aýrylypdy. Indi onuň mundan beýläkki ýagdaýynyň, işiniň nähili boljagy belli däldi. Bir ýagşysy, waly Ekinçi ibn Koçkar bilen soňky döwürde aralary sazlaşypdy, düşünişip işleşýärdiler. Ekinçiniň özü-de ýaman adam däldi, kişä ýamanlygy ýokdy. Şonuň üçin ondan bir zyýan ýeter diýip howatyr etmese-de bolýardy. Emma bäride tagtyň töweregindäkileriň, melikäniň özüniň hem oňa garaýşy näbellidi. Ol şeýle alasarmyk oýlar bilen Målik şanyň jaýlanyş merasymy gutarýança Yspyhanda galdy. Mälik şa patyşalara mahsus bolan düzgün boýunça uly hormat bilen örän köp adamyň gatnaşmagynda jaýlandy. Şundan soň Anuştegin Horezme gaýtmaly boldy. Emma döwlet başynda oturan melikäni görmän, özi barada habarly etmän gaýdybermek düzgüne dogry gelmeýärdi. Melike bolsa matamda ýas tutup otyrdy. Garaşmalydy. Aradan bir hepde geçip-geçmän melike zerur işli adamlary kabul edip başlady. Anuştegin hem melikäniň huzuryna girmek üçin köşge barýarka nätanyş, onda-da aýal hökümdaryň özüni nähili kabul etjegi, iş meselesiniň nähili boljagy baradaky oýlary ädimlerini öňe däl-de, yza çekýän ýalydy. Onuň bagtyna köşkde, resedhananyň işi boýunça diwana gelen Omar Haýýam sataşdy. Ol Anuşteginiň howatyrly görnüşinden melikäniň kabulyna gelenini aňdy. Ol: - Näme beýle howatyrly görünýäňiz, dostum, ýa melikeden gorkýaňyzmy?-diýip, degişip ýylgyrdy. - Melikäňiz öň kim bolan bolsa-da, häzir hökmürowan, şonuň üçin çekinmänem duramok. Omar Haýýama-da melikäniň huzuryna girmäge bahana gerek bolmaga çemeli, ol: - Çekinýän bolsaňyz, özüm bile girip tanyşdyraýaýyn-diýdi. -Şeýitseňiz-ä gowy bolardy, möwlana-diýip, Anuştegin haýyş äheňinde dillendi. Olar tagt eýwanynyň tylla çaýylyp, islimi nagyşlar bilen bezelen belent gapysynyň öňüne baranlarynda ol ýerde duran sakşy Omar Haýýamy tanap salam berdi. Ol gulluga iküç ýyllykda gelen bolmaga çemeli, sebäbi on bäş ýyl öň Horezme giden taşdar Anuştegini tanamady. Sakçy: - Jenaplar, melikämiziň huzuryna ikiňiz bile girmekçimi, ýa aýrymy?-diýip sorady. Omar Haýýam ikisi bile girmekçidigini aýtdy. Sakçy içeri girip, Omar Haýýam ýanynda bir adam bilen kabul edilmegini soraýandygyny aýdanynda melikäniň gaşy çytylsa-da, rugsat berdi. Anuştegin bilen Omar Haýýam içeri girip, tagtda däl-de, tagtyñ gapdalyndaky oturgyçda oturan melike Terkene, düzgün boýunça tagt eýesi bolmadyk, täçsiz hökümdara patyşalara edilýän tagzymyñ edilmeýänligi üçin diñe baş egip, salam berdiler. Melike ýüzünde bir hili kinaýa bilen olary ýekän-ýekän gözden geçirdi, soňra Omar Haýýama ýüzlenip: - Möwlana, näme arz bilen geldiňiz-diýdi. Omar Haýýam: - Melikäm, ýoldaşym Horezminiň şyhnysy hem mutasserifi Anuştegin Garçystany jenaplaryny, onuň haýyşy boýunça Siziň bilen tanyşdyrmaga alyp geldim-diýeninde melikäniň ýüzünde ajy ýylgyryş peýda boldy: - Men bilýän-ä bu guly. Taşdar mahaly Mälik şanyň otagyna gyzlary, müşk-anbar sepip, eltip berýärdi-diýdi. Anuştegin gaty erbet boldy. Bir bada näme diýjegini bilmän, dili tutuldy. Emma salym geçmän özüni ele aldy. Tas bolmasa, "Müşki-anbaryň güýji bilen soltana deşik teňňesini geçiren biri hem bolan eken" diýipdi. Emma beý diýse Omar Haýýama beren sözüne dönüklik etjekdi. Onsoňam, onuňam, özüniňem başlaryna näme belalar geljegini oýlanyp, dilini dişledi. Soňra: - Melikäm, nähak aýtdyňyz. Men onuň ýaly iş edemok. Gaýtam, gyrnaklaryň abhanasyna müşk-anbar goýmanym üçin soltandan gep eşitdIm-diýdi. Melike: -Ony-da bilýän. Haremde aýallar: "Soltan Anuştegini Horezmine müşki-anbar üçin pul ýygnamaga iberdi" diýip gürrüň edýärdiler-diýip, sypaýysyrap ýylgyrdy, soňra - Bu ýerde başga işiňiz bolmasa gaýdyberiň, işiňize baryň-diýdi. Anuştegin baş egip, çykjak mahaly Omar Haýýam: “Men hem gaýdyberäýinmi?” diýen manyda melikä garady, ol başyny atdy. Omar Haýýamyň eden tamasy çykmady. Ol içinden: “Bu heleý meniň bilen ikiçäk galmaga Aýýubydan çekinýän bolmaly” diýip, Anuştegin bilen bile çykyp gaýtdy. Anuştegin ýoldaşynyň şu mahal kalbynda dörän duýgularyny aňsa-da, bu hakda gürrüň gozgamady. Omar Haýýam hem içindäkini daşyna çykarman dymyp barýardy. Ol mundan bir sagat öňki şähdi açyk, gürrüñçi Omar Haýýam däldi. Olar bir çatryga ýetenlerinde aýrylyşmaly boldular. Omar Haýýam melikäniň özüne biparh seredenine göýä Anuştegin günäkär ýaly onuň bilen sowuk-sala hoşlaşdy. Anuştegin Horezme gaýtmak üçin melikeden rugsat bolanyndan soň Yspyhanda uzak saklanmady. Tizara ýol şaýyny tutup özüniň iki hyzmatkär nökeri bilen üç atly bolup, ýola düşdüler. Olar özlerinden bir gün öň Gürgenje ugran kerweniň yzyndan ýetmek üçin atlaryny mazaly haýdap, üçünji güni kerwene goşuldylar. Şeýlelikde, güýz aýynyň salkyn howasynda kerwen bilen uzak ýoly söküp, Gürgenje ýetip geldiler. *** Anuştegin Yspyhandan geleninden öz işini öňküsi ýaly erjellik bilen dowam etdirdi. Emma Ekinçi ibn Koçkar bilen aralary öňküsinden barha daşlaşýardy. Munuň sebäbi Anuştegine düşnüklidi. Ekinçi Mälik şanyň aradan çykmagy bilen özüni has erkin duýup başlady. Şuňa çenli güýçli hökümdaryň hökmürowanlygynyň labyry onuň üstünden basyp durany üçin özbaşdak hereket edip bilmeýärdi. Öň Anuştegin bilen arasynyň gowulygy hem onuň Mälik şanyň adamy bolany üçindi. Indi köpden bäri ýüreginde besläp ýören matlabyny ýüze çykarsa-da bolman durjak däldi. Ol şeýle-de etdi, özüni Horezmşa diýip atlandyrdy. Horezmşa hökmünde sebitdäki syýasy meselelere-de gatyşyp, käte güýç ulanyp hem başlady. Öň waly diýip atlandyrylýan döwründe döwlet derejesindäki işleri egindeşleri, emirler bilen maslahatlaşyp, edýän bolsa, indi hiç kim bilen geňeşmeýärdi. Onuň beýle tiz howalanyp gitmegi käbir emirleriň närazylygyna sebäp boldy. Adatda öz içiňde agzybirlik bozulsa, mundan daşardakylar peýdalanmagyň ugruna çykýarlar. Mälik şanyň ölüminden soň özbaşdaklyk yglan eden Horasanyň hökümdary emir Dadbek Hebeşi Horezmdäki ýagdaýdan habar tapyp, ony özüne tabyn etmek maksadynda çäre gözläp başlady. “Gözlän tapar” diýlişi ýaly ol oýlap tapan çäresini amala aşyrmak üçin Horezme adam iberdi. Bir güni agşamara Anuşteginiň öýüne iki nätanyş adam geldi. Gelenleriň biri 40, beýlekisi 50 ýaşlar töweregindäki, gyrçuw sakgal-murtuna entek ak aralamadyk, daýaw, geýnüwli adamlardy. Anuştegin olaryň ýadaw görnüşinden şu gün kerwen bilen gelen adamlardygyny aňdy. Ýöne näme maksatda gelendiklerini çakdanam bilip bilmedi. Salam-helekden soň gelenleriň ekabyry: - Muhterem şyhny hezretleri, bizi myhman alarsyňyz diýen tama bilen öňünden habar etmänem göni geliberdik-diýdi. -“Gelen döwlet” diýipdirler, hoş geldiňiz, geçiberiň-diýip, Anuştegin olary myhman hökmünde öýüniň törüne geçirip, hezzet-hormat etdi. Olaryň bolup oturşyndan bir möhüm gepiň bardygy duýulýardy. Ýöne oňa derek, olar Anuşteginiň ogly Muhammet barada söz açdylar. Olar hamana Muhammedi gowy tanaýan ýaly biri alyp, biri goýup öwüp başladylar. -Şunuň ýaly ylymly, edermen ogly bar adamyň armany bolmaz -diýip, myhmanlaryň biri soňundan - Ol Sizden aýry ýaşaýarmy, görnenok-la? - diýip sorady. Anuştegin: - Ýok, ýeke ogul aýry ýaşarmy. Ol gullukda, eger bir ýere gitmedik bolsalar geler öz-ä - diýdi. Naharyň omyny edilenden soňam myhmanlar öz habarlary barada dil ýarmadylar. Ahyr sabyr käsesi dolan Anuşteginiň özi habar sorady: -Myhmanlar, indi özüňizi tanyşdyraýsaňyz, onsoňam menlik näme ýumuşyňyz bolsa, aýdyp oturyň, çekinmäň-diýdi. Olar çekinmegiň näme zatdygyny bilýän adamlar däldi. Ýöne orta atyljak mesele örän möhüm bolany üçin öý eýesiniň özi habar soraýança garaşypdylar. Çünki garaşdyryp aýdylan gep has täsirli bolýar. - Muhterem jenap Anuştegin, biz bäri ýöne-möne ýumuş bilen gelmedik. Bize özüne özi Horezmşa diýip at dakyp, sebitde bulagaýçylyk edip ýören Ekinçini aýyryp, Sizi Horezminiň tagtyna çykarmak wezipesi tabşyryldy - diýip, myhmanlaryň ekabyry söze başlady, beýlekisi onuň sözüni dowam edip: - Horezminiň tagty, Horezmşa unwany Ekinçi ibn Koçkara däl, Size mynasyp-diýdi. Ýedi ýatyp turanda-da oýuna gelmejek bu gep Anuştegine gündüziň güneşli güni ýyldyrym çakan ýaly boldy. Birdenem köňlünde bir şübhe döredi. Myhmanlaryna seredip ajy ýylgyrdy, kellesini ýaýkap: - Gaty täsin gürrüň edýäňiz, ýigitler!-diýdi. - Meniň tagt dawam ýok, hiç haçanam bolmandy. Eger Yspyhana Ekinçiden başga Horezmşa gerek bolsa, ony başga ýerden gözläň. Myhmanlar bu gepden soň Anuşteginiň özlerine ynanmaýandygyny aňdylar. Olar biri-birine manyly seredişip, kelle kakyşanlaryndan soň ýene-de ekabyry dillendi: -Jenap Anuştegin, Siz bize nähak ynanmazlyk edýäňiz. Gepimiziň hakdygyna Gurhany Kerimden ant içmeli bolsa-da içeli. Gurhan agzalandan soň Anuşteginiň göwnündäki şübhesi biraz aýrylan ýaly boldy. Ol: “Göreýin, hany, soňunda näme diýerkäler” diýip, içini gepletdi-de: -Ant içmek gerek däl, aýdyberiň-diýdi. Myhman sözüni dowam etdi. -Onda açyk gürleşeli. Ekinçiden başga Horezmşa Siziň aýdyşyňyz ýaly Yspyhana däl, Merwe gerek. Häzir Yspyhanda baş-başdaklyk. Horasan Yspyhanyň tabynlygyndan çykyp, emir Dadbek Habaşynyň başçylygynda özbaşdak döwlet boldy. İndi Horasan bilen Horezmin birleşse onuň öňünde durup biljek güýç bolmaz. İki ýurdy birleşdirmek üçin Horezminiň başynda şu maksada eýerýän adam bolmaly. Emirimiz Dadbek Habaşy şeýle adam hökmünde Sizi nazarda tutýar. Munuň birinji sebäbi, ol Sizi Mälik şanyň köşgünde hyzmatda wagtyňyzdan bäri tanaýan ekeni. Siziň ýüregi arassa, dostlaryna wepaly adamdygyňyza göz ýetiripdir. Ikinji sebäbi, Siz işiňize erjelligiňiz, adalatlylygyňyz, ynsanperwerligiňiz bilen halkyň arasynda uly abraý gazanypsyňyz. Eger Siz Horezmşa hökmünde tagta çyksaňyz halk hem Sizi iki elläp goldar. Onsoňam, emirimiz Dadbek ogluňyz Muhammet barada hem gowy sözler aýtdy. "Mert, edermen ýigit bolmaly ol” diýdi. Daşarda at aýagynyň sesi eşidildi. Myhman howatyrlanyp, sözüni kesdi. Anuştegin: -Howatyr etmäň. Bu gelen Muhammet bolmaly, käte şunuň ýaly gullukdan giç gaýdýar-diýdi. Myhman sözüni dowam etdirdi: -Muhammediň sözümiziň üstüne gelmegi, işimiziň oňjagynyň alamaty, jenap Anuştegin. Çünki işimiziň bir tarapy Muhammede hem degişli. - Muhammede nämesi degişli?-diýip, Anuştegin geňirgäp sorady. Myhman jogap bermezinden öň ýoldaşyna manyly seredip aldy-da, dogry jogaby soňa goýup, başga göçüm etdi. - Alla nesip etdirse, Sizden soň Muhammet, ondan soň agtyklaryňyz, çowluklaryňyz Horezminiň tagtyna çykyp, asyrlar aşa Anuşteginler nesilşalygy gider oturar. Myhmanyň bu sözüne Anuştegin ýylgyryp, kellesini ýaýkady. Şol wagt atyny ýerleşdirip, öýe giren Muhammet bu nätanyş myhmanlaryň kakasy bilen edip oturan bir möhüm gürrüňiniň üstüne gelenini aňdy. Ol myhmanlar bilen görüşip soraşanyndan soň, gaty ýadawlygyny aýdyp, uzur sorady-da, dynç almaga öz otagyna gitdi. Myhmanlar onuň gidenini kemem görmediler. Ilki kakasyny yrsalar, kakasy ogluny yrar öýtdiler. -Jenap Anuştegin-diýip, myhman Muhammediň gelmegi bilen kesilip galan sözüni dowam etdirdi -Size, geljekki nesilleriňize şeýle beýik ykbala ýol açyp bermegi Alla biziň emirimiz Dadbek Habaşynyň gursagyna salan bolsa bildiñizmi. Size-de bu ykbaldan gaçyp gutulma ýok bolsa gerek. Myhmanlar bilen edilen gürrüňiň dowamynda Anuşteginiň olar baradaky şübhesi aýrylypdy. Olaryň synçy däl-de, öz bähbidini araýan hökümdarynyň buýrugy bilen gelendiklerine göz ýetirdi. Bularyň hem, hökümdarynyň hem gaýgysy Anuşteginler nesilşalygyny döretmek däl-de, Horezmini Horasana tabyn etmekdi. Indi Anuştegine arkadaýanjy, howandary Mälik şadan soň Horezminiň kime tabyn bolanynyň kän bir parhy ýokdy. Eger ykbalynda Horezminiň tagtyna çykmaklyk bar bolsa, tabynlyk hem uzaga gitmez. Anuşteginiň dymyp, oýlanyp oturanyny razylyk alamaty diýip düşünen myhmanlaryň ekabyry ýene-de söz açdy: -Jenap Anuştegin, täji-tagt diýilýän zat, diňe Allanyň nazary düşen adama miýesser bolýandyr. Sizem Allanyň nazary düşen adamlaryň biri bolmaly. - Ýeri, şeýle ekeni-dä, ýöne biriniň eýeläp oturan tagtyny diňe Allanyň nazary bilen alyp bolmaz-diýip, Anuştegin çalarak ýylgyryp, myhmana synçy nazaryny dikdi. -Siz meseläniň o ýanyny gaýgy etmäň, bu işde Allatagalaga kömek etjekler bar. Muhammet hem biraz kömekleşip goýberse iş ýagdan gyl sogurlan ýaly biter. Anuştegine myhmanyň soňky gepi ýaramady. Ol kellesini ýaýkap: -Meniň oglum katyllyga goşulmaz-diýdi. Myhman soňky gepini sähel öňräk aýdyp, Anuştegini howatyrlandyrandygyny duýdy. Emma indi gaýtmyşym etse-de boljak däldi. -Jenap Anuştegin, "Janyňy gaýgyrsaň janana nirde" diýipdirler. Janan Sizdenem beter Muhammede gerek. Siziň ýaşyňyz ötüşip barýar, Muhammet ýaş ýigit. Sizden miras galjak Horezmşa ady bilen, Alla miýesser etse, uzak ýyllar höküm sürer. Muhammet özüniň şeýle parlak geljegi üçin bu işe birazrak baş goşmaly bolar. Beýle diýdigim, Ekinçiniň gol-aýagyny daňyp bermeli diýdigim däl. Ol indi iküç ýyl bäri Ekinçiniň golaýynda gullukda. Ol onuň ähli hereketlerine, endiklerine, meýillerine belet bolmaly. Ol haçan nire ýa-da şikära gidýär, kimler bilen gidýär, näçe günlük gidýär. Ine şu zatlardan bizi habardar edip dursa bolany. Onsoňam, jenap Anuştegin, Ekinçini aradan aýyrmak üçin gylyç ýa hanjar ulanmak hökman däl. Ekinçi ibn Koçgar hezretleri bir bagtsyz hadysa zerarly dünýäsini täzelemegi-de ähtimal. -Munyňyz hem katyllygyň bir görnüşi-de -diýen Anuştegine myhman ajy ýylgyryş bilen garady: - Eýsem nätmeli? Baryp, Ekinçiniň özünden “Tagtyňyzy bize beriň” diýip haýyş etmelimi? Anuştegin söhbetdeşiniň ajy kinaýa bilen aýdan bu gepine bir bada jogap tapmady, soň: - Özüňiz görüň-dä... Maňa galsa onuň özi-de, tagty-da gerek däl-diýdi. Bu gepe beter jany ýanan myhman janygyp dillendi: -Size gerekmese Muhammede gerek, geljekki nesilleriňize gerek! Adam yzynda galjak nesilleriniň ykbalyna biparh bolmaly däl-ä. Siz nä şuňa düşüneňizokmy?! Anuştegin özüniň hem islemän durmadyk zady üçin mundan soňam nyrh kesişip oturmagy islemän: -Düşünýän. Şonuň üçin ýaňy "özüňiz görüň-dä" diýdim-ä-diýdi. Şundan soň myhmanlar uzak eglenmediler. Meseläni çözüldi hasap edip, gaýtmak üçin rugsat soradylar. Myhmanlaryny ugradan Anuştegin hemişekisinden gijiräk ýatsa-da, dürli oý-hyýallaryň ummanynda ýüzüp, uzak wagt uklap bilmedi. *** Şol günüň ertesi irden çaý başynda oturan kakasyna salama gelen Muhammede Anuştegin: -Gel oglum, özüňem maňa ýakynrak otur, bir möhüm gep bar-diýdi. Muhammet kakasynyň görkezen ýerinde oturdy-da: -Möhüm gep diýýäniňiz gijeki myhmanlaryňyzyň gepi bolsa, men ony bilýän, kaka-diýip, ýeserlik bilen ýylgyrdy. Muhammediň gepini geň-taň gören Anuştegin oňa çiňerilip seretdi-de: -Sen ony nirden bilýärsiň?-diýdi. -Men myhmanlaryňyza nazarym düşenden olaryň horezminli däldigini, ilerden gelen adamlardygyny aňdym. Häzir goşunyň içinde-de olaryň adamlary bar. Ekinçiden närazy emirler bilen olaryň bir hyşy-wyşylary bardygyny men duýýan. Maksatlary Ekinçini agdarmak bolmaly. Başga gürrüňiñ beýle gizlin bolmajagy belli. Ol adamlaryň Siziň ýanyňyza gelmegi bolsa, Siz Ekinçiden soňky ikinji emeldar. Abraýyňyz halkyň arasynda onuňkydan hem zyýada. Şonuň üçin agdarlyşyk bolaýsa, Sizden başga tagta çykarmaga mynasyp, halkyň goldajak adamy ýok. Oglunyň beýle duýgurlygyna, parasatyna ýüreginde buýsanç dörän Anuştegin Muhammede atalyk mähri bilen seredip: - Tüweleme, oglum, akyl-paýhasyňa göz degmesin-diýdi. Ataly-ogul çaýyň başynda mundan soň boljak-goýjak ýagdaýlary bir salym ara alyp maslahatlaşanlaryndan soňra Muhammet gullugyna ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |