07:03 Gürgenç / 2-nji kitap -7 | |
VII BAP
Taryhy proza
Kutbeddin Muhammet başyna täç geýeli bäri-indi ýarym ýyldyr Ekinçi ibn Koçkardan galan birneme çagşan döwlet arabasyny düzedip, özüniň çygyryndan ýöretmek üçin işden başga zada üns bermän ýaşady. Tagta çykan güni eden çykyşynda ähli ugurlar boýunça döwlet emeldarlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň aglabasynyň berjaý edilmegini gazandy. Baş hajyp Hüseýin hojanyň kömegi bilen köşgi käbir napäk adamlardan arassalady. Şundan soň biraz arkaýynlaşyp, maşgalasyna, şahsy durmuşyna, özüniň ruhy lezzet alýan ugurlary-edebiýata, sungata, ylyma hem üns berip başlady. Her wagt köşkde guralýan meýlislere ol şahyrlary çagyryp, muşaýyralar*, alymlary çagyryp ylmy söhbetler geçirýärdi. Bu meÿlislere gatnaşýan alymlara, şahyrlara aÿratyn hormat görkezip, olaryň döredijiligine hemaýat edýardi. Aýratyn-da, ol Horezminiň buýsanjy bolan beýik alym Abul Kasym ibn Omar Mahmyt az Zamahşarynyň sarpasyny has belentde goýýardy. Alym bir näçe wagt Mekgede, Medinede bolup, Watanyna gaýdyp geleninde Gürgençde ony uly dabara bilen garşy aldy. “Zer gadryny zergär biler” diýenleri dek ylmyň, sungatyň şygryýetiň gadryny şu ugurlara dahylly adam bilýär. Horezmşa Kutbeddin Muhammet şu ugurlaryň muştagydy. Şonuñ üçin olara howandarlyk edýärdi. Ol kakasynyň döwründe Merwde medresede tälim alan ýyllary şahyr tebigatly adam bolansoň edebiýata aýratyn yhlas goýupdy. Ol nusgawy we öz zamanasynyň meşhur şahyrlarynyň köp gazallaryny ýatdan bilýärdi. Özü-de dürli tahaluslar bilen gazallar ýazýardy. Merwden geleninden soň harby gullukda wagtynyň bolmanlygy, soňam patyşalykda işleri ýola goýýança uly aladalar bilen bent bolanlygy sebäpli ylhamdan daşlaşan arasy ýene ýakynlaşypdy. Bu hem sebäpsiz däldi. Musulmanlaryň iň dabaraly geçirilýän Gurban baýramy ýetip gelipdi. Ertirden başlap baýramçylyk şagalaňy başlanýardy. Köşgüň giň bagynyň içinde haremdäki gyzlar üçin Gürgenjiň meýdanlaryndaky ýaly hiňňildikler hem guruldy. Şonda Kutbeddin Muhammediň köñlünde edil ylahydan buýruk bolan ýaly haremhanada Ekinçiniň döwründen bäri saklanýan gyzlara baýram mynasybetli sowgat etmek islegi döredi. Kä mahal köşgüň uzyn dälizlerinde gabat gelýän käbir gyzlaryň özi geçip gidýänçä tagzyma egilip duranlaryny görýärdi. Emma işiniň köplügi sebäpli olara kän bir üns bermeýärdi. Indi eli birneme boşan, işinden göwni dok, hökmürowan ýaş ýigidiň aýal-gyzlar bilen gyzyklanmagy tebigydy. Şol gün ol irden harem agasyny çagyrtdy. -Lepbeý, Aly hezret-diýip, aýallaryňky ýaly inçe ses bilen dillenen bu köse adamy synlaýarka Horezmşanyň oňa rehimi geldi. “Bu görgülini haremhana gözegçi etmek üçin biçenlerinden soň sesi üýtgedimikä?” diýip içinden öz-özüne sowal beren Horezmşa garşysynda iki epilip duran adama ýüzlendi: - Haremhanada näçe gyz bar? - Aly hezretleri, häzir ýedi gyz bar, öň sekizdi. Biri Siziň jübti halalyňyz-melikemize kenizlige berildi. - Ony bilýän. Sen şol gyzlaryň kimlerdigini, nireden, nädip hareme düşendiklerini aýdyp berip biljekmi? - Lepbeý, Aly hezretleri, aýdyp bereýin-diýip harem agasy gyzlary ýekän-ýekän taryplap, olar hakda Horezmşanyň islän maglumatyny berdi. Olaryň içinde Zülpüzer atly bir gyzyň ykbaly Horezmşany has gyzyklandyrdy. Harem agasynyň aýtmagyna görä Zülpüzer şu ýerli-Gürgençli bir baýyň gyzy ekeni. Onuň humarbaz kakasy waly Ekinçi ibn Koçkar bilen humar oýnap, köp mukdarda karzdar bolýar. Ekinçiniň talap etmegi boýunça karzyny töläp bolýança gyzyny girewe goýýar. Tölejek bolup, bar zadyndan aýrylýar. Soňuna çenli töläp bilmänem dünýäden ötýär. Onuň yz ýanyndan waly hem aradan çykýar. Gyz öz islegi bilen haremde galýar. -Dagy, nirä barsyn-diýip, harem agasy sözüni soňlajak boldy-da, bir zat ýadyna düşen ýaly ýene dowam etdi.-Ol üýtgeşik häsiýetli gyz. Men onuň özüniň keç ykbalyndan nalanyny hiç eşitmedim. Gaýtam gyzlaryň içinde iň şadyýany. Özem mert, bir sözli, şahyrlykdan hem habary bar. Kä mahal gyzlara ýazan gazallaryny okap berip oturanyna duş gelýän. -Bäh! Gazalam ýazýa diýsene. Ertir gyzlara baýram mynasybetli sowgat etmekçi. Şonda ol üýtgeşik gyzy-da göreris. Sowgat barada öňünden aýdyp, begendirip bilersiň gyzlaryňy-diýip, Horezmşa harem agasyna rugsat berdi. Harem agasy iki epilip, yzyna basyp, çykyp gideninden soň Kutbeddin Muhammet onuň taryp eden gyzyny göz öňüne getirjek bolup, gözlerini ýumdy. Göz öňüne ýylgyryp duran şähdiaçyk bir sahypjemal geldi. Ertir oňa beýleki gyzlaryňkydan üýtgeşik sowgat etmekligi ýüregine düwdi. Ol köşk işleri sahybyny çagyryp, bir gowy zergäre alty sany ýakut gaşly, bir sany-da göwher gaşly gulakhalka buýuryp gelmegi tabşyrdy, soňundan: -Gulakhalkalar ertir azana taýýar bolsun. Puluny häzir hazynadan alyp gidiň-diýdi. Patyşanyň emri wajyp. Zergär gijesine-de işläp, gulakhalkalary aýdylan wagtyna taýýar etdi. Köşk işleri sahyby olary getirip, Horezmşanyň özüne gowşurdy. Guşluga golaý hiňňildik uçmaga çykan gyzlar Horezmşanyň gelýän habaryny eşidip, hatara durdylar. Patyşanyň garasy görünenden tagzyma egildiler. Kutbeddin Muhammet gyzlaryň öňüne gelip: -Baýramyňyz mübärek bolsun, gyzlar! Katdyňyzy göteräýiň!-diýdi. Gyzlar dikelseler-de, patyşanyň ýüzüne seretmäge milt etmän, gözlerini aşak salyp durdular. Emma hataryň başynda duran sahypjemal gyz mähir doly gözlerini gyrpman patyşanyň ýüzüne seredip durdy. Kutbeddin Muhammet “Megerem Zülpüzer sen bolsaň gerek” diýip içini gepledip, onuň deňine geldi. Gyz bir elini arkasyna tutup, nämänidir gizläp durdy. Muňa üns beren Kutbeddin Muhammet: -Aý gyz, arkaňa tutup duran eliňde näme bar? Hanjar dälmi, maňa süýkast* etjek dälmi?-diýip ýylgyrdy. -Ýok, Aly hezret, hanjar däl. Men Size bagyşlap kasyda ýazdym. Entek Size kasyda ýazan köşk şahyrlary ýokdyr. Şonuň üçin Size birinji kasydany özüm ýazmagy isledim. Diňleseňiz okap berjek. -Men öwgüleri gowy görmeýän. Şonda-da diňläýin, okaý. Gyz şirin owazy bilen kasydany şeýle bir labyzly okady welin, öwgüleri gowy görmeýän diýen Kutbeddin Muhammet pagyş-para eredi. Kasydanyň soňundaky: -Biçäre Zülpüzer kasyda ýazyp, Maksada ýetmeýin gitmesin tozup - diýen setirleriñ gizlin manysyna düşünen Horezmşa “Sen maksadyňa mynasyp gyz ekeniñ” diýip içini gepletdi. Gyzyň uzadan kagyzyny alýarka: -Berekella, Zülpüzer! Sen hakyky şahyr ekeniň. Kasydanyň hakyny soň bererin. Häzir bu saňa baýram sowgady-diýip, göwher gaşly gulak halkany onuň eliniň aýasyna goýdy. Soňra beýleki gyzlara-da sowgatlaryny gowşurdy. Patyşadan sowgat alyp, monça bolan gyzlar: -Teşekkür, Size Aly hezret! Ömrüňiz uzak bolsun!-diýişip, alkyş aýtdylar. Kutbeddin Muhammet şu tapda gyzlar bilen bälçireşip, olar bilen, aýratynda Zülpüzer bilen hiňňildik uçasy geldi. Emma bu mümkin däldi. Patyşalyk mertebesi muňa ýol bermeýärdi. Ol gyzlar bilen başyny atyp, Zülpüzer bilen bolsa gözler arkaly hoşlaşdy. *** Zülpüzer Gürgenjiň atly baýlarynyň biri Syddyk söwdagär diýeniň iki oguldan soň bolan ýeke-täk gyzydy. Çaganyň daşky görnüşi göze ýakymly bolsa ol artygrak söýülýär. Zülpüzer hem çagalygynda-da göze ýakymly hoşroý keşbi bilen ata-enesiniň artykmaç söýgüsinden peýdalanyp, biraz lälik, öz diýenli, agalarynyň abyr-zabyryndan özüni gorap bilýän, dili duzluja bolup ösdi. Uly gyz çykanynda çagalykdaky häsiýetleri üýtgäp, edaly, haýaly gözellikde tenha sahypjemala öwrüldi. Ol daşyndan ýuwaş, äwmezek görünse-de, içki dünýäsi joşgun, özüne ynamy güýçlidi. Kakasy ony ogullaryndan hem gowy görýärdi. Ogullarynyň garagollugy, özüne olardan hakyky hormat görmeýänligi üçin birneme kinelidi. Emma perzent perzent bolýar. Iň ýaman diýen perzendiň hem ölümi ata-ene üçin juda uly urgy bolýanyny Syddyk baý iki oglunyň derýa gark bolanynda duýdy. Bu ajy aýralyga döz gelip bilmän aýaly hem dünýäsini täzeledi. Zülpüzer başlaryna düşen bu külpetden ýüregi näçe gyýylsa-da, mert durdy. Emma kakasy hasratyny basjak bolup, äfýun çekip başlady. Neşe onuň ýaşlykdaky humarbazlyk endigini oýardy. Ol oýunda ähli zady, hat-da hasratyny-da unudýardy. Şonuň üçin günde humar oýnamaga gidýärdi. Zülpüzer kakasyndan nirä gidip gelýänini soramagy biedeplik saýyp soramaýardy. Bir güni ony özi ýaly humarbaz waly Ekinçi ibn Koçkar bilen duşurdylar. Bu duşuşyk tötänden bolan ýaly bolsa-da, walynyň tabşyrygy bilen öňden oýlanylyp, guralan bolmagy hem ähtimaldan daşda däldi. Ine şundan soň onuň işi gaýdyp başlady. Ekinçi bilen näçe sapar oýnasa-da, utan sapary bolmady. Şeýdip ol bar baýlygyny utduryp, uly bergä-de batdy. Waly bergisini töleýänçä gyzyny girewe goýmagyny talap etdi. Şundan soň Syddyk baý “Bagrynda daş, gözünde ýaş” diýilýän ýagdaýda gyzynyň ýanyna geldi. -Zülpüzer, gyzym, meniň ýeke-täk halasgärim sen. Sen meniň aýdanyma razy bolmasaň, kakaňy zyndana taşlaýarlar-diýip, bassyr-bussursyz bolan wakany gürrüň berdi. Zülpüzer garaşylmadyk bu aýylganç ýagdaýyň öňünde ilki aljyrady, soň kakasyna gaty gahary geldi. Şonda-da oňa igenmedi, mertlik etdi, ýöne: -Sen onsoň bergiňi nädip tölejek, nädip meni girewden alyp çykjak?-diýdi. -Meniň söwdagär dostlarym bar. Howlymyzy girewe goýup, olardan pul alaryn, alan pulumy dolanyşyga goýbererin, gelen peýdadan bergimi üzüp, seni girewden çykaryp alaryn, gyzym. Alty aýdan aňry geçmez. Zülpüzer kakasyna dözmedi, alty aý uzak möhlet däl diýip, girewde oturmaga razy boldy. Zülpüzer haremhanadaky gyzlar bilen tiz-iküç günüň içinde öwrenişdi. Olar bilen öňden boýdaş ýaly bolup gitdi. Ol özüniň ruhy taýdan güýçlüligi sebäpli başyndan geçen külpetleri bildirmän, şähdaçyk, şadyýan görünýärdi. Emma aradan bir hepde geçip-geçmän parahat gezip ýören gyzyň rahatlygyny bozan bir ýakymsyz waka boldy. Gijäniň ýaryna golaý orta ýaşlaryndaky bir aýal gelip, Zülpüzeri haremhanadan çagyryp çykdy-da, elinden tutup, uzyn däliziň ugry bilen alyp gidip ugrady. On ädim çemesi ýörelenden gyzyň göwnüne güpbe bir güman geldi-de, takga togtady, elini ol aýalyň elinden çekip aldy. -Näme durduň? Ýör, tizräk! -Nirä barýas? -Saňa waly hezretleri garaşyp otyr. -Şeýlemi?! -Hawa, seniň bagtyň getirdi. -Maňa onuň ýaly bagt gerek däl! Waly hezretleriňe baryp aýt, men haremhanadaky gyrnaklaryň biri däl. Men girewe goýlan baýyň gyzy. Kakam waly bilen üzlüşensoň men bu ýerden gidýän. Eger ol meni öz günüme goýmajak bolsa üstünden soltana arza goýbererin. Şonda onuň humarbazdygynyň hem üsti açylar. Soltan hem humarbaz walyny aýap oturmaz-diýip, Zülpüzer gahar bilen yzyna öwrülip gitdi. Şundan soň oňa ýüzüň üstünde burnuň barmy diýen bolmady. Aradan köp wagt geçmän, pelegiň çarhynyň aýlanyşy köp zatlary üýtgedip goýberdi. Zülpüzeriň kakasy-da, waly-da yzly-yzyna dünýäsini täzelediler. Walynyň ýerine ýurdyň tagtyna Horezmşa unwany bilen täze patyşa çykdy. Bu patyşanyň kimdigi, nähili adamdygy hemmeleriň hatarynda haremhanadaky gyzlary hem gyzyklandyrýardy. Gyzlaryň käbirleri ony görmek üçin köşgüň uly dälizine bir bahana bilen çykyp, patyşanyň şu ýerden geçerine garaşýardylar. Haçanda onuň däliziň aňyrky başyndan salyhatly ädimläp gelýänini görenlerinde ol geçip gidýänçä tagzyma baş egip duran gyzlar göz astyndan seredip, ony synlap galýardylar. Şondan soň görenler görmediklere onuň tarypyny ýetirip, gyzlaryň arasynda uly gürrüň edilýärdi. Gyzlaryň biri: “Patyşamyz şeýle syratly, owadan ýaş ýigit bolsa-da, onuň birje, özem görmeksizräk aýaly barmyş. Ondan çagasy ýokmyş” diýip, niredendir eşidenini aýtdy. Zülpüzer hem beýleki gyzlar ýaly bilesigelijilikden mahrum gyz däldi. Ol gürrüňi edilýän bu ýaş patyşany öz gözi bilen görmegi isläp, onuň geçýän wagty, geçýän ýerine çykdy. Ol uzyn däliziň aňry çetinden gelýän patyşa özüniň deňine golaýlanda tagzyma eňilmezinden öň bir bakyşda onuň göze ýakymly keşbini kalbyna möhürläp aldy. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýleni dek, ony öz gözi bilen gören Zülpizeriň oňa içi imrinmän durmady. Şundan soñ ol haremhananyň bir çetinde duran uly aýnanyň öňüne gelip, öz keşbini synlady. Aýnadan oňa gözellikde taýsyz bir sahypjemal ahmyrly garaýyş bilen bakyp durdy. Ol öz-özüne göwünlik berip: -Hiç zatdan ahmyr çekme, eý sahypjemal, sen şu hüsni-jemalyň, şu akyl-huşuň bilen melike bolmaga haklysyň-diýdi içinden. Şundan köp wagt geçmän, harem agasynyň Gurban baýramy mynasybetli Horezmşanyň gyzlara sowgat etjekdigini, sowgatlary gowşurmak üçin ertir özüniň geljekdigini aýdanynda Zülpüzeriň ýüregi atygsap gitdi. Göýä onuň arzuwyna tarap ýol açylan dek boldy. Iň aňsady, elinden gelýäni kasyda ýazmakdy. Ol gijesi bilen oturup Horezmşanyň şanyna kyrk setirden ybarat kasyda ýazdy. Horezmşa Kutbeddin Muhammet bagdan, gyzlaryň ýanyndan gaýdyp gelende özüni başga bir dünýäden gelen ýaly duýdy. Ol elindäki kasyda ýazylan kagyzy açyp, ünüs bilen okamaga durdy. Gözleri kagyzdaky setirleri yzarlaýarka sözleri Zülpüzeriň ýakymly şirin owazy bilen gulagynda ýaňlanýardy. Kasyda çeperçilik taýdan kämil bolmasa-da, ýürekden çykan sözler ýürege baryp ornaşýardy. Şu tapda ol kasydany ýazanda galam tutan näzik barmaklary sypasy, olary ýekän-ýekän ogşasy geldi. Bu islegini amala aşyrmak onuň üçin kyn zat däldi. Emma patyşalaryň hem islän zadyny islän wagty amala aşyrmaga ejizleýän wagty bolýar. Sebäbi patyşalyk salyhatlylygy olar üçin islegden möhümdir. Şoňa görä Kutbeddin Muhammet hem biraz sabyr etmeklige karar berdi. Aradan bir hepde geçdi. Ol döwlet işleri bilen näçe bent bolsa-da, hyýalynyň bir çetinden Zülpüzeriň keşbi aýrylmady. Iňrik garalyp, aram otagynda şemler ýakylanda hattagtanyň üstündäki kagyz-galama, şol ýerde oralyp ýatan Zülpüzeriň kasydasyna gözi düşüp, kalbynyň töründe ýatan gizlin küýseg, arzuw gazal setirlerine öwrülip, guýulyp gelip başlady. Oturyp ýazdy. Köpden bäri gazal ýazmadyk Kutbeddin Muhammet bu gazalynyň şeýle aňsat, tiz ýazylanyna haýran galdy. Ol gazaly gaýta okap çykyp: “Ine Zülpüzeriň kasydasyna jogap” diýip içini gepletdi we ony şy wagtyň özünde çagyrasy geldi. Ýöne bu mahal gije bolansoň, çagyrsa gyzyň göwnüne başga zat geler öýdüp, goýbolsun etmekçi boldy. Emma bu sapar onuň islegi endişesinden güýçli çykyp, Zülpüzeri çagyrtdy. Bir hepde bäri bu çakylyga intizarlyk bilen garaşan, indi tamasyny üzere gelen gyz, ýüreginiň urgusyna demi içine sygman, gapydan girip geldi. Kutbeddin Muhammet ony elinde gazaly bilen otagyň ortasynda dik durup, garşy aldy. Zülpüzer onuň garşysyna gelip, tagzyma egildi. Kutbeddin Muhammet gyzyň eňeginiň aşagyndan bir eli bilen göterip, başyny ýokary galdyrdy. Şonda şanyň göreçlerine göni sereden gyzyň şahla gözlerinde bir enaýy ot lowurdaýardy. Bu ot, oňa gözi düşen Kutbeddin Muhammediň bütin endamyna tutaşdy. Şunda gyzy çekip alyp, bagryna basasy, ýaňaklaryndan ogşasy geldi. Emma birden beýle herekete geçmeklik gödeklik bolaýmasyn diýip saklandy. Ol elindäki gazal ýazylan kagyzy güjeňlän ýaly tutup görkezdi: -Zülpüzer, ine, seniň kasydaňa jogap ýazdym, okap görjekmi?-diýip, kagyzy gyzyň eline berdi. Çykdy kalbym älemine, ýar, yşkyň kuýaşy, Jilwelendi gözlerimde jady çeşmiň garaýşy. Hiç muhabbet bilbiline ýokdy köňlümde äşýan*, Men ýesiriň, eý gözel, gelmez eradam berdaşy...- -diýen setirleri tolgunyp okan gyzyň bagtyýarlykdan gözleri parlap, ýaňaklary elwan öwüsdi. Ol gazaly soňuna çenli okap, begençden ýaşaran gözlerini Kutbeddin Muhammede dikdi-de: -Aly hezret, şu gazaly maňa ýazdyňyzmy?-diýdi. -Başga kime ýazaýyn, elbetde saňa ýazdym, Zülpüzer. Mylaýym, mähirli äheň bilen aýdylan bu jogap, gyzy dyzyna çökerdi. Ol Kutbeddiniň ellerini, eliniň aýasyna alyp, ogşaýardy, maňlaýyna degirýärdi. Kutbeddin Muhammet gyzyň göz ýaşlary daman elleri bilen ony goltugyndan göterip, aýaga galdyrdy: -Näme üçin beýtdiň, Zülpüzer? Sen däl, men seniň öňüňde dyza çökmeli. Çünki sen meniň birinji muhabbetim, ilkinji söýgüm. Söýgüni dyza çökermeýärler, onuň öňünde dyza çökýärler. Çünki söýgi dünýädäki ähli zatdan beýikdir... Adamyň tebigaty täsin. Käte iň arzyly zada-da şübhe bilen garalýar. Zülpüzeriň hem arzyly duşuşygyň başyndaky tolgunmasy, guwançlary biraz ýatyşansoň patyşanyň bu belentperwaz sözleriniň aňyrsynda näme maksadynyň bardygyny bilmän, köňlünde bir hili ynamsyzlyk döredi. “Ol meni oýnaş hökmünde saklajak bolaýmasyn. Muny anyklamagym gerek” diýip içini gepletdi-de: -Aly hezret, söýgi ähli zatdan beýikdir diýdiňiz, mukaddesdir hem diýmediňiz-diýdi. -Dogry, söýgi hemme zatdan beýikdir hem mukaddesdir... -Ol şäri bolanda mukaddesdir, Aly hezret. Men söýgimiziň diňe şäri söýgi bolmagyny isleýän. Maňa naşäri söýgi gerek däl, şahym. Kutbeddin Muhammet Zülpüzeriň köňlünde dörän şübhäni aňdy. Onuň öz pikirini batyrgaýlyk bilen aýdanyny hem ýaman görmedi. -Biziň söýgümiz şäri hem mukaddes bolar, Zülpüzer. Göwniňe başga zat gelmesin. Sen meniň şäri, nikaly aýalym bolarsyň, maňa dogumly, gerçek ogullar, özüň ýaly gözel gyzlar dogrup berersiň. Zülpüzeriň uýalyp aşak bakan gözlerine, ýüzüne hakyky bagtyň nury çaýyldy. Ol başyna bagt guşunyň gonanyna ynam hasyl etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |