07:08 Gürgenç / 2-nji kitap -8 | |
VIII BAP
Taryhy proza
Horezmşa Kutbeddin Muhammediň synan Syddyk baýyň ýetim galan gyzyna öýlenendigi, dabaraly toý edilmese-de, bütin Gürgenje ýaýrady. Köp adamlar: “Ýetim gyzyň bagty getiripdir” diýseler, “Patyşa bolanyna bir ýylam bolman eýýäm azyp başlapdyr” diýenler hem tapyldy. Patyşalaryň, baýlaryň şerigata esaslanyp, aýal üstüne aýal almaklary adaty bir zat hasaplansa-da, käbir adamlaryň nazarynda azgynlykdy. Emma Kutbeddin Muhammediň halkyň arasynda tarapdarlary köpdi. Ol özüniň adalatlylygy, halkperwerligi, işjeňligi bilen özüni aldyrypdy. Onuň özi-de bir sapar muhtäsip,* şäher häkimi we beýleki degişli adamlar bilen Gürgenjiň bazarlaryny aýlanmaga çykanynda halkyň özüne garaýşynyň gowudygyny duýdy. Şonda üç-dört sany ak sakgally moýsepid adamlar onuň öňünden çykyp sakladylar. Horezmşa bir elini gursagyna goýup, olara salam berdi. Şol bada satyjylardyr alyjylardan bir topar adam patyşany görmek, onuň sözlerini diňlemek üçin ony gurşap aldy. Öňünden çykan ýaşulularyň biri: -Aly hezret, “Patyşanyň gadamy düşen ýere bereket inýär” diýen gadymdan gelýän hikmetli söz bar. Bu hak aýdylan hikmet. Siz birinji sapar bazarlara aýlananyňyzdan soň bazarlarymyza bereket inip nyrh-nowa arzanlap gitdi. Biz Siziň adalatly hökümdardygyňyzy bilýäris. Siziň pederiňiz Anuştegin hezretleri şyhny wagtynda köp adalatly işler etdi. Jaýy jennetde bolsun! Adama ýagşy-ýaman häsiýetler atadan geçýär. Size-de adalatlylyk pederiňizden geçendir. Adalatly şalar hemişe halkynyň aladasy bilen bolup, halky üçin elinden gelenini edýärler. Biziň hem Sizden tamamyz uly. Biz Size şu pirli bazarda bir gowy doga-dilegler etmek üçin öňüňizden çykdyk. Hany, eliňizi galdyryň, omin!-diýip, Horezmşanyň ömrüniň uzak, täji-tagtynyň berkarar, işleriniň rowaç bolmagyny dileg edeninde beýleki ýaşulular bilen deňine töwerekde olary gurşap duran adamlar hem “omin” diýişip, dilege goşuldylar. - Taňyrýalkasyn, muhterem moýsepidler! Hemmäňize-de teşekkür, eziz adamlar-diýip, Horezmşa ilki ýaşululara, soñra töwerekde duranlara minnetdarlyk bildirdi. - Allanyň eradasy bilen Horezmşa adyny alanymyzdan soň Horezmin ýurdunyň we onuň halkynyň ykbalyna jogapkärdiris.. Şonuň üçin sizler aýtsaňyz hem, aýtmasaňyz hem, ýurduň we halkyň aladasy bilen bolmak biziň borjumyzdyr. Ýakynda hyraç hakynda täze kanun kabul etmekçi. Onda daýhanlara birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bazarlarda-da daýhanlara öndüren önümlerini satmaklary üçin oňaýly şertler bolmaly. Bazarlarymyzda gowy söwda resteleri bar. Ýöne olar söwdagärler, hünärmenler üçin edilipdir. Daýhanlar üçin hem şolar ýaly üsti saýawanly hatarlar ederis. “Ýurdy bazaryndan tana" diýen gep bar. Biziň ýurdumyza dünýäniň çar künjünden söwdagärler, jahankeşdeler gelýärler. Gelenler bazarlarymyza at dakyp gitmezligi üçin olar abat we arassa bolmaly. Sözüniň şu ýerine gelip, ol bir dem säginen mahaly märekäniň çeträginde duran biri: -Horezmşa hezretleri, gul bazary hakynda aýtmadyňyz-a, ony has abatlamak gerek-diýip kinaýaly seslendi. Onuň äheňinde Horezmşanyň gelip çykyşyna yşarat bardy. Muny köpçülik duýdy. Halkdan aslyňy gizlejek gümanyň ýok. Anuştegin Horezmine şyhny bellenip geleninde onuň asly bilen gyzyklanyp, ýaşlygynda gul bolandygyny anyklapdylar. Horezmşa birhili oduksa-da, syr bildirmedi, arkaýyn gürledi: - Düşnükli. Bu sözüň bilen sen biziň aslymyza yşarat edýäň dälmi? Biz aslymyzy hiç kimden gizlejek bolmadyk, onuň üçin kemsinmeýäris hem. Çünki gul diýilýäni başga toprakdan ýaradylan däl. Ol hem öz ýurdunda azat, erkin adam bolan. Ol basybalyjylygyň, zoruň ejize zulmunyň netijesinde gul bolan. Şeýle bolansoň gul ýaman, asylzada ýagşy diýip aýtmaga näme esas bar? Asylzadalardan çykan zalymlar, ýaman adamlar ýokmy? Gullardan çykan adalatly, ýagşy kişiler azmy? Ýaňy şu ýerde biziň pederimiziň şyhny hökmünde nähili adalatly adam bolandygy aýdyldy. Diýmek, asly gul bolan adam hem halkyň söýgüsine mynasyp bolup biljek ekeni. Ýöne sen aslyň kim bolsaň hem ýurduň patyşasynyň mertebesini kemsitjek bolanyň üçin jeza çekmeli bolarsyň. Tutuň ony!-diýeninden märekede gowur turdy. Adamlar ony näletläp, urup başladylar. Horezmşa bir elini galdyryp: “Adamlar! Köşeşiň!” diýdi. Gowur ýuwaşady. “Ol nejisi öldürmeli! Dara asmaly!” diýen sesler gaýtalandy. Patyşanyň sakçylaryndan ikisi ony adamlaryň arasyndan çykaryp alyp gitdiler. “Aly hezret, ony hökman dara çekmeli!” diýip, biri batly seslendi. -Dara çekerismi, başga jeza bererismi, entek teftiş* edip göreris. Çünki bu adam oýlanman, agzyna gelenini şeýle aýdyp goýberen däldir. Ony öjükdiren, belki mejbur eden adamlar bolmaly. Eger ony dara çekmeli bolsa şol adamlar bilen bile çekmeli. Sebäbi ýandagy köki bilen aýyrmasaň, üstüni aýranyň bilen ýene ösüp çykýar. Dogrumy? Ýa-da Horezmşa bir agyz söz üçin bir däl, birnäçe adamy jezalandyrmakçy bolýar, bu adalatdan däl diýen pikiriňiz bolsa-da aýdyň, adamlar! Hiç kimden seda çykmady. Ýaňyja “Asmaly”, “Öldürmeli” diýip dyzap duran adamlaryň beýle lam-jim bolup duranlaryna haýran galan Horezmşa garşysynda duran ýaşululara sowal nazary bilen garady. Ýaşulularyň biri: -Aly hezret, köp adamyň jezalanmagy gowy däl. Sebäbi köpüň içinde günälem gider, günäsizem. Bu duran adamlaram köpüň içinde biziňem dogan-garyndaşlarymyz bolaýmasa ýagşy diýen ýaly dymyşyp durlar öýdýän-diýdi. Horezmşa özüne nädogry düşünen adamlara gaýtadan düşündirmäge çalyşdy: -Muhterem jemagat, günäsiz adamy jezalandyrmak zalymlykdyr. Günäli adamy jezalamak bolsa adyllykdyr. Çünki, jenaýat jezasyz galsa adalatyň ýoýuldygydyr. Biz hiç haçan bigünä adama jeza bermeris. Ýadyňyzda bolsa, tagta çykan günümiz köşkde sözlän nutgymyzda “Meniň ähli hereketlerime imanym we ynsabym gözegçilik eder” diýipdim. Häzirem biz şol iki gözegçiniň göz astyndadyrys. Olar bize hakykatyň ýolundan gyşarmaga idn bermez. Emma başga bir zat bar. Eger-de teftiş mahaly ol adamyň meslekdeşleriniň ýaman niýetleri ýüze çykarylsa, olar jezadan çetde galmaz. Çünki, ýaman niýet bir gün gelip, herekete geçer, ýurtda agdarylyşyk etmäge synanyşylar. Şonuň üçin biz bu zadyň öňüni almalydyrys. Özüni, täji-tagtyny gorap bilmeýän patyşa emelsiz adamdyr. Şundan soň adamlar patyşanyň sözüni makullap, dumly- duşdan seslendiler. Horezmşa: - Indi bize ýol berseňiz, beýleki bazarlary hem aýlanyp göreli-diýdi. Adamlar dargaşdy. Horezmşa şol güni paýtagtyň ähli bazarlaryna aýlandy. Gözüne ilen kemçilikleri düzetmekligi ýanyndaky muhtäsip bilen şäher häkimine tabşyrdy. Bazarlaryň birinde ýene bir topar adam ony gurşap aldy. Alkyş etdiler, arzlaryny aýdanlar hem boldy. Olaryň arasyndan bir daýhan adam Horezmşanyň öz göwnünde hem bar bolan meseläni gozgady: -Aly hezret, men Jeýhunyň gaýrasynda Gürgenjiň dogrusyndaky obalaryň birinde ýaşaýaryn. Biziň obalarymyz giden bag-bakjalyk. Eger-de bäri atly arabaly geçer ýaly bir uly köpri gurulsa, biz Gürgenjiň bazarlaryny galla, ir-iýmiş bakja önümleri bilen ýene-de baýadardyk. -Hak gepi aýtdyňyz, byradar. Bu mesele biziň hem ýadymyzda bar. Derýadan gämide, salda köp zat geçirip bolmaýar. Şonuň üçin köpri gerek. Mämünler döwründen başlap, Jeýhuna birnäçe gezek köpri gurupdyrlar. Emma olar ýönekeý bir zat bolup, derýanyň joşgun akymyna uzak wagt berdaş berip bilmändir. Indiki guruljak köpri has berk, has çydamly bolmaly, Biz bu meseläni muhandisler* bilen maslahatlaşyp göreris. Köpri gurular! Gerek bolsa , bir däl, ikisini gurarys. *** Horezmşa Kutbeddin Muhammediň “Demiri gyzgynynda ýenç” diýenleri ýaly ýadyna düşen işi gaýra goýman, amal edýän häsiýeti bardy. Ol bazarda köpri hakda gozgalan gürrüňi köşge gelip, muhandisler we gurluşyk hünärmenleri bilen dowam etdirdi. - Aly hezret, ejaza berseňiz men öz pikirimi aýdaýyn-diýip, söz alan baş muhandis teklibini beýan etdi. - Häzir bahar aýy, derýanyň has joşup akyp duran wagty, oňa sütün kakyp, Siziň aýdan berk köprüňizi gurup bolmaýar. Şonuň üçin häzirlikçe, gämiler geçjek mahaly ortasy açylýan, ýene gaýym sepleşýän sal-köpri guraýaly. -Ony nädip gurjaksyňyz, görnüşi nähili bolar? -Aly hezret, ýurdumyzda uzynlygy kyrk geze golaý boý derekler näçe diýseňiz bar. Şolardan müň töweregi derek alyp, olary ýigrimi bäş gezden gyra deň kesip, keseligine biri-birine demir bilen sepläris, iki ýan gyrasyna-da germew ederis. Ony suwa taşlap derýanyň iki kenaryna kakylan sütünlere zynjyr bilen daňarys. Şeýlelikde atly, arabaly geçibermeli ini ýigrimi bäş gez köpri bolar. -Ýagşy, makul. Muny häzirlikçe diýdiňiz, müdümilik köprüni nähili gurjaksyňyz? -Aly hezret, ata-babalaryň döwründen bäri sütünleriň üstüne gurulýan köprüden başgaça “Asma köpri” diýilýäni hem bar. Şeýle köpri Bagdatda Tigir derýasynyň üstüne gurlupdyr. Eger ejaza berseňiz gidip, onuň gurluşyny öwrenip gelsek, bizem Jeýhunyň üstüne şeýle köpri gurardyk. Horezmşa baş muhandisiň teklibini makullap: -Onda haýyr işi gijä goýman sal-köprüň gurluşygyny başlabermeli-diýdi. Bagdada-da näçe adam ibermegi makul görseňiz, ertiriň özünde iberiň, öwrenip, tarhyny* çyzyp getirsinler. Sal-köpri diýeniňizi bolsa ekin-dikiniň bişip ýetişýän döwri-güýze çenli gurup gutarmak gerek. Ine şonda, Jeýhunyň gaýrasyndaky daýhanlara ýetişdiren önümlerini Gürgenjiň bazarlaryna getirip satmaklaryna uly kömek etdigimiz bolar-diýdi. Soňra sag tarapynda oturan baş wezire ýüzlendi: -Weziri agzam jenaplary, köprüñ gurluşygyna, Bagdada gitjekleriň ýol harajadyna näçe pul gerek bolsa hasaplap, hazynadan alyp beriň. Patyşa bu meseläni gutarnykly gepleşip, adamlara jogap berdi. *** Horezmşa Kutbeddin Muhammet bazarda adamlar bilen söhbetdeşlik mahaly bir ýalňyşlyk goýberdi, muny şol wagt özi-de duýmady. Ol mertebesine dil ýetiren adamyň meslekdeşleri barada hiç zat aýtmaly däldi, aýdyp olary ägä etdi. Ol bazardan gelip, ol ýerde gozgalan köpri gurmak baradaky mesele boýunça köşkde muhandisler bilen maslahat geçirýän wagty köşkden daş bolmadyk bir öýde-de ona golaý adam gyssagly ýygnanypdylar. -Ol haramzadany haýsyňyz küşgürdiňiz, kim?!-diýip, ýygnanlaryň ekabry gaharly gygyrdy. Ol soragyny iküç ýola gaýtalasa-da hiç kim boýun almady. Bular Kutbeddin Muhammet tagta çykan güni howp edip, Gürgençden gizlin çykyp giden Ekinçi ibn Koçkaryň ogly Togrulteginiñ tarapdarlarydy. Olaryň maksady Ekinçiniň ýerine entek kämillik ýaşyna-da ýetmedik oglany oturdyp, ýurdy özleri dolandyrmakçydylar. Emma bu işi şol wagtda amala aşyrmagyň mümkinçiligi bolmany üçin “Indem bir pille” diýişip, nähili ýol bilen bolsa-da Togrultegini getirip, tagta çykarmagyň hyýalynda ýören adamlardy. -Al indi, bu gün, erte ony sorag ederler, sorag edende-de, ýöne-möne edip etmezler. Olam gynaga çydaman baryñy satar. Men-ä ol tanamaýar, oňa derek meni siziň hemmäňiz tanaýarsyňyz. Meni-de biriňiz bolmasa, biriňiz satarsyňyz. Şonuň üçin häziriň özünde Gürgençden garaňyzy saýlaň. Togrulteginiň ýanyna baryň. Indi olam ýigit ýetdi, oňa goşun toplamaga kömek ediň!-diýip, olaryň ekabry buýruk beriji äheňde aýtdy... Bu buýruk hökman ýerine ýetiriler, çünki jan şirin. Horezmşa bolsa goýberen ýalňyşy sebäpli duşmanlaryny ele salyp bilmez. Tutulanyň ýeke özi jezalandyrylar. *** Ikindä golaý köpri baradaky ýygnak gutarandan soň Horezmşa dynç almak üçin gaýtmakçy bolup duran mahaly nirdendir gelen ilçileri garşylamak üçin giden baş hajyp Hüseýin hoja geldi. Onuň şähdi açykdy. Bir hoşhabar bilen gelendigi bildirip durdy. Ol patyşa salam bilen tagzym etdi-de: -Aly hezret, Siziň welilikden hem habaryňyz bar bolmaly-diýdi. -Beýle diýmegiňiziň sebäbi näme, hojam? -Ilçiler Yspyhandan geldiler. Siziň Horasandan gelen Habaşynyň wekillerini ugradanda aýdan sözüňiz yjabat bolupdyr. -Bäh! Mälik şanyň ogullary Habaşynyñ ýoguna ýanypdyrlar-da, onda. - Şeýle bolupdyr. Soltan Barkýaryk Sizi Horezminiň kanuny hökümdary diýen permany berip goýberipdir ilçilerden. Men olary “Dem-dynjyňyzy alyberiň” diýip ýerleşdirip gaýtdym. Ertir olary dabaraly ýagdaýda kabul edersiňiz. - Getiren hoş habaryňyz üçin teşekkür, hojam-diýip, Hüseýin hoja bilen hoşlaşdy. Ol bu hoş habardan wagty hoş bolup, Zülpüzeriiñ jaýyna geleninde oňa ýene bir şatlyk garaşýan eken. Zülpüzer utanypmy ýa-da näzlenipmi göni aýtmaly sözüni boýnundan gujaklap, gulagyna çawuş çakdy. Kutbeddin Muhammediň ýüzi ýagtylyp, gözleri nurlanyp gitdi. Ol aýalyny gujagyna alyp, ýaňaklaryndan ogşaýarka: -Eger ogul bolsa, ol meniň mirasdüşerim bolar, täji-tagtymyň eýesi bolar... -Eger gyz bolaýsa ýaman görersiňizmi? -Ýok, ýok. Gyzym bolsa, ol meniň mähribanym bolar. Gyz oglan ogula garanda pederine has mähriban bolýandyr. Öleniňde üstüňde zar-zar aglajak hem şoldur. - Hökümdarym, ölümden sözlemäň. Siz hiç haçan ölmäň! Ölüm ýaman, men gorkýan. - Çaganyň gepini aýtdyň, Zülpüzer. Hiç haçan ölmeýan adam bolmaýar. Onsoňam ölüm diýilýän zat seniň oýlaýşyň ýaly ýaman däl. Ol hem Allanyň ýer ýüzüne iberen zerur zatlarynyň biri. Ölüm-täzeleniş diýmekdir. Onuň bilen dünýä, ýagny adamzat we ähli mäwjudat täzelenip, ýaşaryp durýar. Onsoňam adamlar bu bäş günlük ömründe-de biri-biri bilen oňuşanoklar. Eger-de ýaşaýyş ebedi bolsa, onda nähili bolar, gaty aýylgançlyklar bolar. Zülpüzer bu hakda hiç haçan oýlanyp görmän ekeni. Ol adamsynyň aýdanlaryny ykrar etse-de, bu mowzukdan daşyrakda bolanyny kem görmedi: -Hökümdarym, Siziň aýdanlaryňyz hak, ýöne men ony boýun alasym gelenok. Gowusy, gowy zatlar hakynda, nazm, gazal, sungat hakynda sözleşeli. Men Siziň depderleriňiziň arasyndan talyplyk ýyllaryňyzda ýazan gazallaryňyzy tapyp okadym. Juda gözel gazallar ýazan ekeniňiz. -Aý ýok-la, olar ýöne bir maşklardy-leý -Ýöne-möne däl: Janyma melhem meniň, janan seniň bakyşlaryň, Bakmasaň azar maňa yşk oduna ýakyşlaryň- -diýip başlanýan gazalyňyz galamyňyzyň kämildigini bildirip dur, şahym. Bu kämil ýazylan gazaly merwli bir kämil gözele bagyşlan bolsaňyz gerek. Şeýle dälmi? -Ýok, şeýle däl. Men ähli gazallarymy hyýalymda ýaşaýan bir kämil gözele bagyşlap ýazypdym. Indi ol gözel hyýalymdan aýrylyp, öýümize düşdi oturyberdi-diýip, Kutbeddin Muhammediň mylaýym ýylgyrmagy Zülpüzeriň ýüzüne bagtyýarlyk nuryny çaýdy. Aýalynyň keşbindäki bagtyýarlyk alamatyny gören Kutbeddin Muhammediň hem göwün guşy al-asmana göterildi. *** Bagtyýar adamlar wagtyň geçenini duýmaýarmyş diýÿärler. Emma Kutbeddin Muhammet aýalynyň hamylasynyň aý-gününiň dolmagyna howlukdygyça wagt geçmeýän ýalydy. Wagt geçirmek üçinmi ýa-da köňli şikär isläpmi, ol emir-şikär başlyklaýyn ýigrimi adam bilen Gürgençden daş bolmadyk tokaýlyga awa çykdy. Jeýhunyň boýlary giden gyrymsy we iri tokaýzar bolup, bu ýerlerde awdan köp zat ýokdy. Kutbeddin Muhammediň tagta çykaly bäri bu ilkinji şikäridi. Ýöne öň Ekinçiniň döwründe aram-aram özi ýaly serkerdeler bilen bu ýerlere awa çykýardylar. Şonuň üçin ol bu ýerlere beletdi. Käte, adamyň köp garaşan zadynyň garaşmadyk mahaly ýüze çykaýmasy hem bolýar. Horezmşanyň hem awa kellesi gyzyp, çar tarapa at salyp ýören mahaly yzyndan buşlukçy geläýmezmi, ol şol badada atynyň başyny Gürgenje tarap burdy. Awçylaryň hemmesi-de patyşanyň yzyna düşdüler. Olar şähere ýetip gelenlerinde galanyň üstünde çalynýan goşa-goşa kernaý-surnaýlaryň owazy al-asmana galýardy. Bu patyşanyň oglunyň-mirasdüşeriniň dünýä inenini dabaraly buşlamagyň alamatydy. Köşgüň öňündäki meýdana toplanan jemagatyň şadyýan şowhuny hem howada ýañlanýardy. Ýigrimi atlynyň öňünde gelýän Horezmşany gören jemagatyň şowhuny ýene-de belende göterildi: “Ogul mübärek, Aly hezret!" "Şazadanyñ ömri uzyn bolsun!” diýen sözler gaýta-gaýta ýaňlanýardy. Horezmşa bir elini gursagyna goýup, başyny egmek bilen adamlara minnetdarlygyny bildirýärdi. Kutbeddin Muhammet tolgunmadan gözleri ýaşaryp, köşgüň özi ýaşaýan bölümine geleninde Zülpüzeriň otagyndan çykýan bäbegiň “Iňňä-iňňäsini” eşidip, ýüregi jigläp gitdi. Ol gapyny ýuwaşja açyp, içeri esewan edeninde giň nagşynkär ýatalgada per düşekleriň üstünde gül ýaly açylyp ýatan aýaly Zülpüzere, onuň ýanynda oturan käbesine, ýatalganyň aýakujunda gar ýaly akja mata gundalan bäbegi diňdirjek bolup, elinde iki ýana yralap duran enekä gözi düşdi. Ol bosagadan ätläninden çaga göýä kakasynyň gelenini duýan ýaly sesini tapba kesip, hemmäni haýran galdyrdy. Enege başyny egip tagzym etdi-de, bäbegi kakasynyň eline berdi. Kutbeddin Muhammet özüne uçganaklap duran gözlerini diken bäbegi synlaýarka: -Tüweleme dogumlyja-diýdi tolgunyp. Soňra çaganyň maňlaýyndan ogşap, -Alla saňa uzak ömür, egsilmez bagt bersin oglum!-diýip, bäbegi enekä gaýtaryp berdi. Onýança ýerinden turup onuň garşysyna gelen käbesi: -Ogul mübärek, oglum!-diýdi. -Sizede agtyk mübärek, Käbäm!-diýip, ejesiniň ellerini ogşady. Soňra Zülpüzeriň ýatalgasynyň bir çetine baryp oturdy, aýalynyň bir elini tutup, ýuwaşja gysdy: -Ogul dogurmak kyn ekenmi, Zülpüzer? -Aňsadam däl eken, şahym-diýip, Zülpüzer adamsynyň mähirli ýylgyryp beren sowalyna gülümjiräp jogap berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |