07:11 Gürgenç / 1-nji kitap -2 | |
II BAP
Taryhy proza
Tibbi gözden geçiriliş tamam boldy. Lukmanlaryň ýolbaşçysy kerwende keselli adamyň ýokdugy üçin hemmesine şähere girmäge rugsat berýän resminama möhür basyp, kerwenbaşa gowşurdy. Şundan soň kerwende gozganyş başlandy. Bir mahaldan gyrnaklaryň oturan ýerinde bir gowur turdy. Burunlak burnuny asmana tutup, çar tarapa ylgaýardy, dat salýardy: «Heý adamlar! Meniň bir gyrnagym ýok! Rugsar ýok! Görmediňizmi?! Ol gaçypdyr, ýa ony ogurlapdyrlar! Eý musulmanlar, göreniňiz, bileniňiz bolsa aýdyň!»-diýip, gygyryp ýörüşine adamlaryň arasyndan Ibn Salamy gözleýärdi. Ol kerweniň başynda kerwenbaşy bilen duran Ibn Salama gözi düşenden ylgap baryp, onuň alkymyna dykyldy: -Siz şu gyrnak bilen gyzyklanyp ýördüňiz, musulman bolsaňyz aýdyň, ol nirede, ony nätdiňiz? Ibn Salam sowukganlylyk bilen jogap berdi: -Eý gardaş, «Guman imandan aýyrar» diýärler. Meniň ol gyz bilen gyzyklanýanlygymdan başga deliliňiz barmy? Ýok! Şonuň üçinem menden guman etmäge-de hakyňyz ýok. -Delil-peliliňi bilemok, meniň ýüregim syzyp dur. -Häli sizde ýürek hem barmy? Eger sizde ynsana mahsus ýürek bolanda özüňiz ýaly adamlary, gyzyňyz ýaly gyzlary o bazardan alyp, bu bazarda satyp ýörmezdiňiz, gazanç etmegiň hakyky, arassa ýoluny tapardyňyz. -Siz näme diýjek bolýaňyz?! Bu iş, ýagny, gul söwdasy pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň döwründe-de ýörgünli işdi. -Diýmek, şol döwürde-de siziň ýaly rehimsiz, şepagatsyz adamlar bolan ekeni-dä. Ara kerwenbaşy düşdi: -Bes ediň, jenaplar-diýdi. Soňra burunlaga garap: - esasly deliliňiz bolmasa, bu dawaňyzdan peýda ýok. Baryň, beýleki gyrnaklaryňyza ägä boluň, olardanam birde-ýarymy eliňizden gidäýmesin. Biz häzir şähere girýäs. Baryň, eglenmäň bu ýerde-diýdi. Şundan soň burunlak Ibn Salama şübheli nazar bilen ýene bir seredip, bir zatdan howatyr edýän ýaly howlukmaç ýöräp, goşuna tarap gitdi. Ol gidenden soň Ibn Salama dikilen kerwenbaşynyň nazary hem gumandan daşda däldi. Ibn Salamyň Horezmşa sowgat bermeli diýlen gyrnak hakynda sorap, bir hili gülümjiräni ýadyna düşdi. Şonda-da ol bu nämä gülümjireýärkä diýip, geň galypdy. Ýöne hiç zat diýmändi. Häzir hem bilesigelijiligi böwrüne dürtüp dursa-da dil ýarmady. Soňra ýerinden turuzylyp, nyzama düzülen düýelere we adamlara göz aýlady-da kömekçisiniň idip gelen atyna atlanyp, şäheriň derwezesine tarap kerweniň öňüni çekip ugrady. Kerwen şähere girip, derwezäniň golaýyndaky kerwensaraýda ýerleşdi. Bu kerwensaraý hem Gürgenjiň beýleki kerwensaraýlary ýaly düýeler, atlar, gatyrlar üçin niýetlenen uly meýdanyň daşyna aýlap gurulan eýwandyr otaglardan ybarat bolup, ol ýerde ýüzlerçe adam arkaýyn ýerleşýärdi. Ibn Salam şu ýerde uzak ýoluň dowamynda duz-emek bolan, dostlaşan kerwenbaşy bilen hoşlaşmaly boldy. Kerwenbaşy ony ugratmak üçin kerwensaraýdan çykanlarynda oňa syrly seredip, ýylgyrdy-da: -Rugsar jana gowuja serediň-diýdi. Ibn Salam bu synçy, duýgyr adamdan hiç zady gizläp bolmajagyny aňyp, gözüni bir gyrpdy-da, onuň elini mäkäm gysdy. Soňra kerwensaraýdan idip çykan atyna atlanyp, şäheriň derwezesine tarap sürüp gitdi. *** Kerwenbaşynyň «Rugsar jana gowuja serediň» diýeni ýöne ýere däldi. Ibn Salam ol gyzyň gelip çykyşyny, örän näzik kalp eýesidigini özüniň beren gürrüňinden soň oňa juda rehmi, diňe rehmi däl, mähri hem inipdi. Şonda ol nädip bolsa-da, bu gyzy bendilikden azat etmegi ýüregine düwdi. "Nädip? Satyp alaýyn diýse hany pul... Alyp gaçmasa başga yoly ýok. Onda biriniñ hususy zadyny ogurlan ýaly bolmazmy? Ÿok! Hudaýyñ bir bendesini ikinji bendesiniñ hususylaşdyrmaklygy nähaklyk. Meniñ etjek bolýan işim bu nähaklygyñ gaşysyna baş götermekdir" diýen karara geldi ol. Şonuň üçinem ol ýigrenýän adamy burunlak bilen arany bozman, gatnaşyk saklaýardy. Özüniň niýetini gyza göni aýtmagyň alajy ýokdy, onuň ýanyna baryp gepleşmek mümkin däldi. Şonuň üçin ol başka bir ýol tapmalydy. Ol köp oýlanyp, özüniň niýetini Rugsara duýdurmagyň bir ýolyny tapdy. Ol oturup, bir gazal ýazdy. Gazalyň başdaky iki setiriniň aşagyny çyzdy. Gazaly Rugsar okasa, aşagy çyzylan: Terk etse bilbil kapasny çydaman azaryna, Hoş görüp bagban ony gondurar gülzaryna- -diýen setirleriň manysyna düşünjekdigine şübhe ýokdy. Şu ynam bilen Ibn Salam nobatdaky dynç alyşlykda burynlagyň goşuna bardy. «Täze ýazan gazalym» diýip, okap berdi. Soňundanam «gyrnaklaryňyza beriň, okap göwünlerini götersin biçäreler» diýdi. Ibn Salamyň bu pirimi amala aşdy. Ol gyrnaпklaryň deňinden geçeninde Rugsar oňa köpmanyly seredip, gözüni gyrpdy. Indi bu işi amala aşyrmak üçin oňaýly pursat gerekdi. Şeýle pursat bolsa, kerweniň Gürgenjiň derwezesiniň öňüne gelip ýeteninde garaňky düşeni üçin daňdana çenli garaşmaly bolan gijesidi. Adamlar düýeleri çökörip, gyşaryşyp, dem alýardylar. Ýene bir pirim oýlap tapan Ibn Salam gyrnaklarynyň golaýyragynda ýumşak keçäniň üstünde gyşaryp ýatan burunlagyň ýanyna bardy: -Eý, byradar, Horezminiň paýtagtyna ýetip gelenimiz üçin bolsa gerek, ylhamym joşup, ýene bir gazal ýazdym, isleseňiz okap bereýin-diýdi. Burunlak: -Okaň, okaň, tagsyr, eşideli-diýip, ýerinden turup oturdy. Ibn Salam gyzlar hem eşider ýaly belent owaz bilen labyzly okap başlady. Gazal yşk-muhabbete ýugrulany üçin onuň: Ukyny terk eýläp, maksada ýetsek şu gije, Goý, rakyplar ah çekip, galsynlar agyr ünjä- diýen mazmundaky soňky iki setirine Rugsardan başga hiç kim üns bermedi. Gyz düşünenini bildirip, ardynjyrap goýdy. Burunlak bolsa gazal ýarany üçinmi ýa Ibn Salam bilen ýene söhbetleşesi gelipmi ony öwüp başlady: -Aperin, aperin! Siz parsyda çoh gözel sözleýärsiňiz. Indi meniň bilen bir salym oturyň. Häzir çaý aldyrýan, Merw nabady bilen çaý içýäs. Ibn Salam ony çakyrdan doýuryp bilse, maksadyny amala aşymak üçin has oñaýly pursat dörejekdi. Şonuñ üçin: -Çaýdan çakyr gowy dälmi, byradar-diýdi. Çakyr içmegi gowy görýän burunlaga-da geregi şudy. Ol: -Wah, wah, diliňize döneýin, Çakyra ýetesi zat barmy-diýip çakyr aldyrdy. Ibn Salam bir käse içýänçä ol iki käsäni urup, ugrady. Ibn Salam burunlagyň samsyklaç sowallaryna jogap berip, söhbetleşip oturmaly boldy. Şonda onuň ýadyna bir danyşmendiň: «Kyrk ýyl zyndanda oturmak-bir nadan söhbetinden ýagşyrak» diýen sözleri düşdi. Hernä söhbetdeşlik uzaga çekmedi, çakyr güýjini görkezdi. Burunlak oturan ýerinde gyşardy. Rugsar gazal arkaly edilen duýduryşa görä uklamazlyga äht edip, gözüni açyp ýatdy. Ýadawlygy ýetik adamlaryň ählisi gijäniň ýaryna ýetmän uka gitdiler. Ýaňky ýerinde ýatan burunlagyň çekýän hory al asmana çykýardy. Ibn Salam amatly pursatyň ýetip gelenini duýup, ýerinden turdy. Seýkin basyp atynyň ýanyna bardy. Ony ýuwaşja idip, kerwenden sesýetim ýere çenli arany açdy. Ol Rugsaryň özüniň hereketlerine göz-gulak bolup ýatanyna ynanýardy. Hakykatdan-da şeýledi. Seýregräk bulutlaryñ arkasyna kä gizlenip, kä görnüş berýan aýyñ ýagtysynda Ibn Salamyñ atyny idip ugranyny gören Rugsar ýuwaşlyk bilen süýşüp, golaýynda ýatan düýäniň boýnunyň aşagyndan aňry geçdi-de, ýerinden turup, Ibn Salamyň barýan tarapyna ýöneldi. Gyz gelip ýeten badyna Ibn Salam ony atyň ardyna alyp, gamçyny basdy. Atyň ardynda Ibn Salamyň bilinden tutup oturan gyzyň begenji içine syganokdy. Ol özüni alyp gaçyp barýan Ibn Salamyň näme maksady bardygyny bilmese-de, hiç bir ýamanlygy göwnüne getirenokdy. Çünki, Ibn Salamyň mylaýym keşbine, mähir çogup duran gözlerine gözi düşen adamyň onuň kalbynda ýagşylykdan başga zat ýokdugyna ýüreginde ynam hasyl bolýardy. Rugsar hem daşyrakdan bolsa-da, oňa gözi düşende: «Dünýädäki ähli adamlar hem şu adam ýaly bolaýsa, gulçulyk diýen elhenç zadam bolmazdy» diýip oýlanypdy. Ibn Salamyň daýaw aty olary bir sagada-da galman menziline ýetirdi. Bu Ibn Salamyň dokduk mekany, mähriban obasydy. Ol obasynyň bir çetinden gireninden atynyň başyny çekdi, ony ýuwaş ädimledip, öz öýlerine geldi. Toýun laýdan daşy taraşlanyp salynan onçakly uly bolmadyk jaýyň öňüne özüniň oturdan güjüm nahallary indi jaýdan hem esli ýokary galyp, uly saýaly daragtlara öwrülipdirler. Aýyň ýagtysynda öňi süpürilip gül pürkülen ýaly edip goýlan, abat saklanan jaýyna nazary düşende Ibn Salamyň gözlerine ýaş indi. Ol atdan düşüp, Rugsary-da göterip düşürdi. Soňra derweze bilen ýanaşyk duran gapyny ýuwaşlyk bilen kakdy. Gijäniň ýaryndan esli agan wagty süýji ukuda ýatan adamlary oýaryp turuzaýmak aňsat däldi. Gapy üç, dört sapar kakylanda «Kim? Näme gerek?» diýen garyljyk ses eşidildi. Ibn Salam käbesiniň sesini garyljyk bolsa-da tanady: -Men Muhammet, gapyny açyň! Içerden «Kakasy, tur! Biri men Muhammet gapyny açyň-diýip dur» diýen sözler eşidildi. Soňra erkek adamyň «Kim sen, kim Muhammet?» diýen ses geldi. -Men, kaka, eje, ogluňyz Muhammet-diýeninden içerde ala takyrdy başlandy. «Çyrany ýak! Çakmak daş nirede?!» diýişip, çal bilen kempir alabasga galdylar. Bir mahal gapynyň deşiklerinden ýakylan çyranyň yşygy göründi. Gapy jygyldap açylanda Muhammediň garşysynda eli çyraly ýetmiş ýaşlaryndaky entek daýaw çal durdy. -Kaka, men geldim-diýeninden çal elindäki çyrany kempirine berip, ogluny garsa gujaklady. Çyrany ýerde goýan kempir ogluny kakasynyň gujagyndan aýyryp alyp, bagryna basdy. -Geldiňmi, oglum, nury-didäm, gözlerimiz ýoluňda intizar galdy-diýip, kempir aglamjyraýardy. Ejesiniň gujagyndan boşanan Muhammet içeriden aýalynyň, oglunyň, gyzynyň çykmagyna göz dikýärdi. Muny aňan kakasy: -Howatyr etme, oglum, aýalyňam, ogluňam, gyzyňam sag-salamat. Olar toýa gitdiler. Ertir gelerler-diýdi. Bir mahal Muhammediň arkasynda duran gyza gözi düşen kempir birhili bolup, adamsyny dürtdi. Şundan soň kakasy hem oglunyň yzynda duran gyzy saýgardy-da, ogluna «munyň näme?» diýen manyda garady. Muhammet bu garaýşyň manysyna düşündi. Elbetde, öýli-işikli ogul uzak ýoldan yzyna aýal tirkäp gelse ata-enäniň uly ünjä galjagy düşnükli. -Kaka, eje, siz başga hili pikir etmäň, bu gyz maňa dogan ýaly. Men ony bendilikden azat etdim. Size içerde düşündirerin-diýip, Muhammet, içeri girenlerinden soň Rugsar baradaky gürrüňi gysgaça aýtdy. Soňra özüniň gyssagly gaýtmalydygynyň sebäbini düşündirip, atyna atlandy-da: -Nesip bolsa ertir gelerin-diýip, ýola düşdi. Obadan saýlananyndan soň kerweniň goş basan ýerine wagtynda ýetip barmak üçin ol atyna gamçy basdy. Janawer eýesiniň aladasyny duýan ýaly ikinji sapar gamçy urdurman ýel ýaly süýnüp gitdi. Entek daň atmagyna biraz wagt bardy. Hemmeler süýji ukudady. Muhammet ibn Salam goşa ýakyn geleninde atyň başyny çekdi. Ol sesýetimden atyny ýuwaşja idip gelip, ýerine baglady, özü-de aýagynyň ujunda ýöräp gelip, ýazylyp duran jaýnamazynyň üstüne uzaldy. «Ak düýäni gördüňmi? Ýok». | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||