18:22 Gürgenç / 3-nji kitap -1 | |
ÜÇÜNJI KITAP
Taryhy proza
ANUŞTEGINLER NESILŞALYGYNYÑ DÖWRI I BAP 551-nji hijriniň Rejep aýynyň üçünde (1156-njy ýylyñ 22-nji awgusty) Abyl Fath Il-Arslan adaty dabara bilen Horezmiň tagtyna çykdy. Emma onuň tagta tarap ýoly-da, taryh sahypalarynda beýan edilen täji-tagt ugrundaky ganly göreşlerden çetde bolmady. Ol hem birnäçe kesilen kelleleriň üstünden geçmeli boldy. Ol özüne wepalylyk hakynda kasam eden goşuny bilen kakasynyň meýdini alyp, Habuşandan Gürgenje geleninde, inisi Süleýmanşany tagta çykarmaga synanyşýan adamlaryň garşylygyna duş geldi. Goşun, güýç elinde bolansoň, ol hem etjegini etdi. Ortada täji-tagt duranda rehim-şepagat diýen zadyň ýürekleri terk edýändigi taryhdan mälim. Il-Arslan hem özüne garşy adamlaryň hiç birine-de rehim-şepagat etmedi. Süleýmanşany zyndana atdy. Onuň atabegi Ogul begi, kakasynyň dogany Ýusuby we beýlekileri mertbesine seretmezden katl etdirdi. Inisiniň gözüne mil çekdirdi. Ol hem horluga çydaman üç günden soň öz janyna kast edip, aradan çykdy. Ony-da, şalara mynasyp hormat bilen jaýlanan kakasynyň ýanynda jaýlatdy. Ine şunda Il-Arslanyň ýüreginiň hem demirden däldigi bildirdi. Bu dökülen ganlar, onda-da öz ýakynlarynyň ganlary kalbyna ezýetli duýgular bolup guýuldy. Göz öňüne çagalygy, Süleýmanşa bilen oýnan çaglary geldi. Bir sapar atasy horezmşa Kutbeddin Muhammediň öňünde Süleýmanşa bilen her haýsy bir dyzynda oturanlarynda atasyna beren sowalyndan soñ bolan gep-sözler hakydasynda gaýtalandy: -Ata, patyşa bolsaň gowumy? -Özüň gowy bolsaň gowy, oglum. -Onda men patyşa boljak. -Menem patyşa boljak, ata! - diýip Süleýmanjyk çasly dillenip gepe goşuldy. Şonda atasy hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkapdy. Şol wagt atasynyň beýitmeginiň manysyna Arslanjyk düşünmändi. Patyşa Il-Arslan indi düşündi. Şonda atasynyň serinden şeýle pikirler geçipdi: “Bir zada iki adamyň göz dikmegi arada duşmançylyk döredýändigi ikuçsyz. Ylaýta-da ol zat täji-tagt bolsa. Häzir meniň iki dyzymyň üstüne sygyp oturan bu oglanjyklar ulalyp, ata çykanlarynda bir ýurda sygarmykalar? Ýa-da täji-tagt dawalaşyp, biri-birine gylyç... Ýok, Alla saklasyn!" Ine şol oglanjyklar ulalyp, ata çykdylar. Atalarynyň “Alla saklasyn” diýeni-de Allanyň dergähine ýetmedik bolsa gerek. Boljak işler boldy. Il-Arslan dawagärlerinden dynyp, öz göwnüne tagtynyň berkararlygyny üpjün eden ýaly boldy. Indi işe, köňüldäki maksatlary amala aşyrmaga başlabermelidi. Emma pederiniň döwründäki wezir-wekilleriň, beýleki emeldarlaryň arasynda Süleýmanşa bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamlaryň bardygy ony birneme ynjalykdan gaçyrýardy. Şonuň üçin köşgi olardan arassalanyny kem görenokdy. Ýöne bu işi bir bada etmekden saklandy. Bu hakda kakasynyň iň ýakyn adamy bolan baş wezir Ymam Mejdeddin bilen maslahatlaşmagy makul bilip, ony huzuryna çagyrdy. Haçanda ol Ymam Mejdeddine üç kişiniň adyny aýdyp, olar baradaky öz pikirini bildireninde, köpi gören, döwlet işlerinde uly tejribä eýe bolan goja wezir gar ýaly ap-ak bir tutam sakgalyny sypap bir salym dymdy. Ol tagta täzelikde çykan ýaş hökümdaryň entek özi bilen ikiçäk maslahatlaşmaly meseleleriniň köp boljakdygyny bilýärdi. Şeýle ýagdaýda ol şanyň göwnüne garaman, döwletiň, ýurduň bähbidi üçin dogry sözi aýtmagy aht edipdi. -Aly hezret, men häzir Siziň göwnüňize garap, bu adamlar baradaky pikiriňizi makullasam, döwletiň işine zyýan ýetirdigim bolar. Çünki olar öz işine jür, tejribeli kişiler. Häzir olary çalşyrmak üçin olaryň derejesindäki ökde adamlary tapaýmak aňsat däl. Onsoňam, olar öň Süleýmanşa bilen ýakyn gatnaşykda bolan bolsalaram, häzir Size hiç hili duşmançylyklary bolmasa gerek. Siz hem olara gowy sözüňizi aýdyp, göwünlerini göterseňiz, köňüllerinde näme kinesi bolsa çykar gider. Gadymdan galan patyşalara degişli bir nakylda: “Duşmanyňdan dynmak üçin ony öldürenden, dostuňa öwren peýdalydyr” diýilýär. Il-Arslan goja weziriň sözüni bölmän, ahyryna çenli edep bilen diňledi. Ýöne soňunda onuň bilen doly ylalaşmaýany mälim boldy: -Möwlana, taryhda duşmanyny köki-damary bilen ýok etmän, rehim-şepagat edenleriniň elinde heläk bolanlar hem bar. Ol adamlar Süleýmanşa tagta çyksa has ýokary mertebelere eýe bolup, has eşretli durmuşda ýaşajakdylar. Men olaryň bu arzuwlaryny berbat etdim. Şeýle bolansoň olaryň meni gowy görmejekleri belli ahryn. -Aly hezret, dogry aýdýaňyz. Olar Sizi içlerinden gowy görýän däldirler. Ýöne olar içindäki duýgularyny hiç haçan daşyna çykaryp bilmezler. Olar Siziň aýdan arzuwlaryny eger şeýle arzuwlary bar bolsa, ony amala aşyrmak üçin Süleýmanşany tagta çykarmaga synanyşyk edenleriň hataryna goşulmadylar. Mundan beýläk hem Siziň garşyňyza hiç hili hereket etmezler. Ýaňy aýdanym dek, Siziň ýagşy sözleriňiz ýaman görmekligi gowy görmeklige öwürer, elbetde. Meniň maslahatymy alsaňyz, häzir olara degmäň, goý işlesinler. Il-Arslan weziriň sözüne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän dymdy. Patyşanyñ dymmagyny özüniñ aýdanlaryna pitiwa edilmedik hasaplan goja weziriň bir hili gahary geldi, patyşalara gahar edip bolmaýandygyny bilse-de, gödegräk gepledi: -Aly hezret, meniň maslahatymy alman, öz diýeniňizi etjek bolsaňyz, meni huzuryňyza çagyryp, maslahat sorap oturmaly däl ekeniňiz. Weziriň bu sözi Il-Arslanyň çetine mazaly degdi. Beýle söz onuň şazadalyk wagtynda aýdylan bolsa känbir gatam görmezdi. Emma indi şalyk tagtynda oturan hökümdara beýle dikdüşdilik eden adam başga biri bolanda degerli jezasyny alardy. Ýöne pederiniň sarpalan goja wezirine gaty-gaýrym sözem aýdyp bilmedi. Ÿöne gaşyny çytyp, ýüzüni kesä sowdy. Ýagdaýy aňan wezir işden gidenini kem görmedi: -Aly hezret, dogrymy aýtsam, men indi garrapdyryn, garry adam ynjyk bolýar, ynjyk adam bilen işleşmegem kyn bolÿar. Şonuñ üçin ejaza berseňiz, men indi dynjymy alyberäýin. Il-Arslan wezire bir hili düşnüksiz nazar bilen garap: -Jenap Mejdeddin, ol üç adam baradaky pikriñizi makullamanym üçin işden gitmekçi bolýanyñyz hem ynjyklygyñ alamaty bolsa gerek-diýdi. -Ýok, ýok! Aly hezret, ynjyklygyñ alamaty däl. Ÿañy Siziñ ol adamlar baradaky pikiriñiz bilen ylalaşmadygymyñ sebäbiniñ dwleletiñ bähbidi üçindigi ýaly, işden gitjegimiñ sebäbi hem döwletiñ bahbidi üçin. -Eger hakykatdan hem şeýle bolsa, ýeriñize döwletiñ bähbidini araýan, özüñiz dek dana, işjeñ adam tapyp beriñ. Ÿöne ynjyk bolmasyn. -Aly hezret, ynjyk bolmaýyn diýip, name diýseñiz "lepbeý" diýýen adam döwletiñ bähbidini arap bilmez. Birkelleden iki kelle akyllyrakdyr-diýen wezire İl-Arslan kinaýaly gülümjiräp garap: -Onda biz onuñ diýenine "lepbeý" diýip durmalymy?-diýdi. -Ÿok, Aly hezret, meniñ gepime beýle düşünmäñ. Adamçylykdyr, käte patyşanyñ hem bir meselede säwlik goýberäýmegi mümkin. Ine şunuñ ýaly ýagdaýda wezir öz pikirini aýdyp, düzediş girizmese, döwletiñ bähbidine zyýan ýeter. Şonuñ uçin men bir kelleden iki kelle akyllyrakdyr diýdim. -Düşnükli, möwlana. Hany onda şonuñ ýaly adam barmy? -Meniñ bir dostym bar, özümden has ýaş, elli ýaşlaryñ töwereginde, danalykda, tedbirkärlikde mendenem geçiren, ylymly, müderris, ylmy rysalalary hem bar, adyna Kawameddin Suhaýl ibn Abdal Azyz al Horezmi diýýärler-diýip Ymam Mejdeddin teklibiniñ makul bolanyny-bolmanyny ýüzünden añjak bolup, Il-Arslana siñe seretdi. -Möwlana, men ol dostuñyzyñ özüni tanamasam-da, adyny gowulykda dile alanlarynda eşidipdim. Eger ol kişi baş wezir bolmaga razy bolsa, Size jogap bereli. Häzirlikje gaýdyberiñ. Ymam Mejdeddin ýerinden turup, baş egip, çykyp gitdi. Ýeke galan Il-Arslan wezirli gürrüñden öñki mesele barada oýa çümdi. Weziriň aýdanlaryny aňynda gaýtalap, onuň pikirini seljerip gördi. Eger hakykaty hatyralasa weziriň hakdygyny boýun alaýmalydy. Emma bir zat barada adamyň kalbyna çöken müňkürligiň aňsat çykyp gitmeýşi ýaly, Il-Arslanyň hem ol adamlara bolan müňkürligi birden aýrylmady. Şonuň üçin olaryň özleri bilen gürleşip, taryna kakyp görmek maksadynda huzuryna çagyrtdy. Olaryň üçisi-de otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky daşky görnüşleri göze ýakymly ýigitlerdi. Olaryň biri Diwan al ardda beýleki ikisi mutassaryfatda işleýärdiler. Olar patyşanyñ huzuryna girenden tagzym edip, gol gowşuryp durdular. -Jenaplar!-diýip, olara ýüzlenen Il-Arslan synçy nazaryny aýyrman sözüni dowam etdi. -Sizi jenap Ymam Mejdeddin öz işlerine örän ökde, tejribeli hadymlar diýip öwdi. Tejribeli, işine jür kişiler döwletiň bir sütüni. Döwletimizde bolan özgerişlik eliňizi işden sowatmadymy? Patyşanyň bu aýlawly sowalynyň düýp manysy düşnüklidi. Ol Süleýmanşanyň ýakyn adamlary bolany üçin Il-Arslanda özlerine müňkürligiň döremegi mümkindigini bilýärdiler. Üçleriň ikisi üçünjisine “Sen geple” diýen manyda ümlediler. -Aly hezret-diýip Diwan al ardyň işgäri bir elini gursagyna goýup, söze başlady -Biz jaýy jennet pederiňiziň döwründe şazada Süleýmanşa bilen ýakyn gatnaşykda bolduk, gowy görüşýärdik. Şazadanyň biwagt ölümi bizi biçak gynandyrdy. Emma elimizi işden sowatmady. Çünki biz belli bir şahsyýete däl, döwletimize, Watanymza gulluk edýäris. -Şazadany biz öldürtmedik. Onuň özi öz janyna kast edip, heläk boldy. Üçleriň ýene biri patyşanyň bu sözüne jogap aýtman durup bilmedi: -Şazada gözsüz-göreçsiz zyndanda ýaşanyndan bu dünýäniň jebri-jepasyndan gutulanyny kem görmedi. Il-Arslanyň gaşlarynyň arasy çytylyp gitdi. Ýöne gaharyny daşyna çykarmady. “Bular meniň şalyk haýbatymdan gorkjak adamlar däl öýdýän” diýip, içini gepleden Il-Arslan: -Dogry aýtdyňyz. Sizlerem ýakyn dostuňyzyň bu dünýäden gidenine, ýaňy aýdyşyňyz ýaly, biçak gynanyp ýören bolsaňyz, onuň ýanyna gitmekleriňizie kömek etmeklerini buýraryn-diýdi. Jan şirin. Olaryň üçüsiniňem ýüzleri ak esgä döndi. Muny gören Il-Arslan kinaýaly ýylgyrdy: -Näme, gorkduňyzmy? Ýaňyja merdemsiräp gürleýärdiňiz-le. Üçler biri-birine garadylar, bu garaşlarda biri-birlerine ruhy medet beriji “Näme indi, ejizledikmi, munuň aýagyna ýykylyp, aman dilemelimi” diýen many bardy. Özlerini rastlan üçleriň biri: -Aly hezret -diýdi Il-Arslana göni bakyp.-Wehimden adamyň duýgular dünýäsi tisginýär, olam ýüzüňde alamatlanýar. Siz şuny görüp, sowal berdiňiz. Sowalyňyza jogap: Biz ölümden gorkamyzok, eger Siziň şuňa adalatyňyz, ynsabyňyz çatsa buýryberiň. “Hakykatdan hem ölüm howpunyň merdiň hem, namardyň hem içgi dünýäsine täsir edýändigi belli. Emma merdiň aňy, eradasy ol howpuň öňünde ejizlemese gerek” diýip içini gepleden Il-Arslan muny garşysynda duran üçleriň mysalynda gördi. Ol gülümjiräp: -Jenaplar! - diýdi - Men buýurmaly bolsam, döwletimiziň berkararlygy, ýurdumyzyň abadanlygy ugrunda öňküňizden hem has gowy işlemegiňizi buýurýaryn! Gaýdyberiň-diýdi. Üçler patyşanyň birden üýtgänine haýran galyp, baş egip tagzym etdiler-de, yzyna basyp çykyp gitdiler. Mundan bir sagat öň olardan dynmagy kem görmän oturan Il-Arslan indi bular ýaly dogry sözli, seniň haýbatyňdan haýykmaýan döwlet üçin peýdaly şeýle mert adamlaryň gerekdigine göz ýetirdi. Baş wezir edip täze işe alan kişisi - Kawameddin Suhaýl ibn Abdal Azyz al Horezmi hem şeÿle adamdy. *** Il-Arslanyň tagta çykanyna iki aý geçip-geçmän Soltan Sanjardan onuň hökümdarlygyny we Horezmşa unwanyny tassyklaýan manşur (ykrarnama) geldi. Il-Arslan indi ykrar edilen Horezmşa, doly hukukly hökümdar hökmünde, özüniň döwlet syýasatyny meýilleşdirip başlady. Döwletiň halkara abraýy, mertebesi goşunynyň güýjüne baglydygyna gowy düşünýän ýaş Horezmşanyň ilkinji permany esgerleriň aýlyk haklaryny, ykta ýerleriniň möçberini artdyrmak hakda boldy. Bu perman goşunyň hataryna täze-täze güýçleriň gelip goşulmagyna getirdi. Indi has güýçli goşuna eýe bolan Horezmşa Il-Arslan pederi bilen Horasanda bolan wagtynda türki taýpalar tarapyndan basyp alnan Mangyşlak we Jendi gaýtaryp almagyň hyýalyna mündi. “Guş höwürtgesinde görenini eder” diýenleri dek, ol hem pederiniň soňky wagtda edişi ýaly, ýörüşiň öňünden meşweret-maslahat çagyryp oturman, diňe serkerdeler bilen geňeşip, goşunyň bir bölümini baş serkerde Aýuphanyň başçylygynda Maňgyşlaga ugratdy. Ikinji bölüme özi baş bolup, Jende tarap ýola düşdi. Jend "Muazzamat-i sugur-i Yslam"-Yslamyň beýik serhedi adyny alan, özüniň dört ýyl waly bolup, höküm süren şäheri. Pederi ony iki gezek zabt edip, Horezmiň tabynlygyna geçiripdi. Ine, indi ony üçünji sapar almak üçin özi barýar. Goşunyň başynda uzak ýoluň tanapyny külterläp barýan Il-Arslanyň hyýaly özüniň Jendde geçen ýyllaryna dolandy. Pederi ony Jende waly edip, goýup gideninden soň, ol şazadalyk bilen şalyk başga-başga ýagdaýlardygyna göz ýetirdi. “Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar” diýleni ýaly, pederiniň arkasyndan aladasyz-azarsyz, buýrulanyny edip, arkaýyn ýören Il-Arslan indi tutuş bir ýurdy dolandyrmak, onda-da, pederiniň sargaýşy boýunça adalatly dolandyrmak ilki aňsat düşmedi. Aýratyn-da, janpenalarynyň bolmagyna garamazdan, özüniň şahsy howpsuzlygyna gaty ynamy ýokdy. Çünki entek Kemaletdiniň tarapdarlarynyň bolmagy mümkindi. Olary tapmak, tanamak özi bilen Gürgençden gelen wezir-wekillerine başartmajagy bellidi. Şonuň üçin ol “Her ýurduň towşanyny özüniň tazysy bilen awlamaly” diýlenini edip, öňki ýerli emeldarlaryň birnäçesini işe çekdi. Kim ýal berse şonuň wepadar iti bolýan bu adamlar. Il-Arslana ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam etdiler. Kasamyna ygrarlylyk eden bu adamlaryň kömegi bilen täze häkimiýete garşy bir pitnäniň üsti açylyp, pitneçiler jezalandyryldy. Şundan soň Il-Arslanyň şahsy howpsuzlygy we şäherde asudalyk üpjün edilen ýaly boldy. Bazarlarda nyrh-nawalar tertipleşdirilip, mätäçlik çekýän maşgalalara kömek çäreleri bellenildi. Pederiniň adalatlylyk hakyndaky sargydyny ýadynda berk bellän Il-Arslanyň kabulyna arz bilen gelen adamlar onuň huzuryndan doly kanagatlanma bilen çykýardylar. Arzlaryň dürli-dürli boluşy ýaly, arzçylaryň özleri hem dürli-dürli adamlardy. Şu arada bir täsin arzçynyň täsin arzy Il-Arslanyň hakydasyna bir ömür möhürlendi. Bu şeýle bolupdy: Arz gününiň soňunda arzçylary bir-birden goýberip duran hadymyň özi girdi-de: -Waly hezretleri, bir gyz maşgala ony ýeke özüňiziň kabul etmegiňizi haýyş edýär-diýdi. -Ol nähili gyz?-diýip, Il-Arslan gyzyklanyp sorady. - Bilmedim, ýüzi haryr perdeli. Il-Arslan tagtyň iki ýan tarapynda oturan emeldarlara seredip: - Jenaplar, bu arzçynyň haýyşyny kanagatlandyryp, arzyny diňläýin. Sizlere rugsat-diýdi. Emeldarlar çykyp gidenlerinden soň Il Arslan: - Goýberiň, gelsin!-diýip, şu ýerde duran hadyma buýurdy. Hadym çykdy, içeri orta boýly syratly bir maşgala girip tagzym etdi. Il-Arslan ony boýdan-başa gözden geçirip: - Kim sen, näme arzyň bar? Ýöne ýüzüňi açyp geple:-diýdi. Gyz ýene bir gezek tagzym edip, ýüzündäki haryr perdäni serpip goýberdi, perde başynyň üstünde ýerleşdi. Ine şunda rawylaryň aýdyşy ýaly, bulutdan aý çykan deý boldy. Il-Arslan beýle kämil gözelligi öň görmänine öz ýanyndan ykrar bolup, bir salym ondan gözüni aýryp bilmän galdy. Ýöne arza gelen raýata göwün ýüwürtmäge haky ýokdygyny duýup: -Aýdyber arzyňy, aý gyz-diýdi. -Muhterem waly hezretleri-diýip, gyz aşak bakyp, söze başlady. Men şu ýerli dükandar baý Abul Kasym Nadyr begiň gyzy, adym Nazyrat. Sizi adalatly walymyz, Dini-Yslamyň diregi saýyp, arza gelmegimiň sebäbi: Pederim meni halamaýan adamyma durmuşa çykarjak bolýar. Yslamda gyzyň razylygy bolmasa-da, ony durmuşa çykarmaga rugsat edilýärmi? Il-Arslan bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Dogrusy, Yslamda bu hakda näme diýilýänini ýadyna düşrüp bilmedi. Şonuň üçin ikuçlyrak jogap berdi: -Nazyrat, ata-ene hiç haçan perzendine ýamanlygy rowa görmeýär. Pederiň hem seniň bagtyňy, bagtly durmuşda ýaşamagyňy isläp, degerli ýere durmuşa çykarjak bolýandyr. Şonuň üçin pederiňe razylyk berseň gowy bolar. Nazyrat başyny galdyryp, Il-Arslana şeýle bir jadylaýjy nazar bilen dikildi welin, entek onuň ýigitligiň joşguny sönmedik kalbyna ylahydan ot taşlanan deý boldy. Il-Arslan düşen ýagdaýyny bildirmejek bolup, gatyrganybrak sorady: -Näme dymdyň? Meniň aýdanym makul bolmadymy? -Waly hezretleri, men Sizden haraý isläp gelipdim. Beren nesihatyňyz üçin sag boluň-diýip, Nazyrat aşak bakdy. Il-Arslan gyzyň soňky sözüniň “Men Sizden nesihat bermegiňizi sorap gelmedim” diýen manysy bardygyna düşünse-de, gahary gelmedi. Gözelligiň öňünde gaharyň hem ejizleýänligi mälim boldy şu tapda. Il-Arslan: -Nazyrat, pederiň seni berjek bolýan adamynyň nämesini halamaýarsyň? Ol nähili adam?-diýip sorady. -Pederim bilen gatnaşýan bir baýyň sölpi ogly. Pederim, belki, Siziň aýdyşyňyz ýaly, gyzym baý ýere düşse durmuşy gowy bolar diýýändir. Ýöne maňa onuň ýaly baýlyk gerek däl. Halaýan adamym bilen garyp çatmada ýaşasamam özümi bagtly duýaryn. Indi Il-Arslan dymdy. Ýöne dymmady, kellesine gelen dürli hyýallar, pikirler dymdyrdy ony. “Belki, bu gyz maňa özüniň husny-jemalyny görkezmäge gelendir, belki, pederi bilenem dillidir. Şeýle bolsa, bolmasa-da, aýallyga mynasyp maşgala ekeni.Tekeşiň ejesi-de, iki çagasy aýrylyp, şundan soň dogurmady. Tekeşem on ýaşa gadam basdy. Ejesi indiden soň dogurmazam. Oglum ýeke bolmasyn, bu gyzy özüme alaýyn, Hudaý berse ogulam dogrup berer”-diýip, pikirini jemlän Il-Arslan ýylgyryp, gyza ýüzlendi: -Nazyrat, sen özüňi çatmadan başga ýerde, meselem köşkde ýaşasaň bagtly duýmazmyñ? Nazyrat Il-Arslana bir gyýa bakdy-da, gözlerini aşak goýberip: -Eger maňa şeýle bagt miýesser etse...-diýdi. Hemmesi düşnikli boldy. Il-Arslan gülümjiräp, başyny atdy. -Nazyrat, men ertiriň özünde Abul Kasym Nadyr begiň öýüne gyzynа sawçylary iberýän. Meniň sawçylarym barýança ol gyzyny aýdan adamyna berip goýbermez-ä? Nazyrat göwnüne düwüp gelen niýetiniň amala aşanyna bagtyýarlyk nury çaýlan gözlerini galdyryp, ýuwaşja: -Berip goýbermez-diýdi. Il-Arslan köşkde uly toý tutmady. Dabaraly uly toý gyzyň atasynyň öýünde boldy. Nadyrbeg gyzyny şazada Il-Arslana durmuşa çykarýandygy baradaky habar tutuş şähere ýaýrap, toýuň şatlyk-şagalaňy al-asmsna çykdy.. Köşkde Nazyrat ikinji melike bolsa-da, Il-Arslanyň ýüreginde birinjidi. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Wagt geçýärdi. Il-Arslan Nazyratdan ogula garaşýardy. Allatagala bendesine berjek bolsa, wagty-sähedi bilen berse gerek, Il-Arslany pederi Horasana ýörüşe bile alyp gitmek üçin çagyryp alanynda Nazyrat Gürgenje elinde Soltanşa atly alty aýlyk bäbegi bilen geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |