06:54 Gürgenç / 3-nji kitap -10 | |
X BAP
Taryhy proza
Garşysyna goşun çekip gelen inisi Soltanşanyň hüjüme geçmän, yzyna gaýdyp gidenine şükür edip, Gürgenje dolanan Tekeş soltan öz köşgünde aýaly, Terken hatynyň hüjümine uçrady. Terken hatyn özüniň demir häsiýeti bilen köşkde ýeke-täk hökmürowan aýaldy. Ähli köşk hyzmatkärleri ondan haýpygýardylar. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Hiç kim onuň sözüni iki etmäge milt etmezdi. Bu aýal arkasynyň güýçlidigine bauýsanyp, äri Tekeş soltana hem sözüni geçirýärdi. Diňe sözüni geçirmek bilen çäklenmän, onuň garşysyna hereket etmekden hem çekinmeýärdi. Patyşa kişileriň ygtyýaryndaky gözel gyrnaklar bilen yşky gatnaşykda bolmagy adaty ýagdaý hasaplansa-da, Terken hatyn bu ýagdaýa biparh seredip bilmeýärdi. Sapardan söweşsiz-gan döküşiksiz gaýdan Tekeş taşdaryna köşkdäki kiçi howuzly hammamy gyzdyrmagy tabşyrdy. Hammam gyzyp, taýýar bolansoň Tekeş hammama iki gözel gyrnak bilen girip, dynç alýarka mundan habar tapan Terken hatyn hammamyň gapysyny üstünden gulplap, ony has gyzdyrmak üçin ýene-de ot ýakdyrdy. Hammamyň içi gyzyp-bugaryp, dem almak kynlaşyp başlady. Tekeş gapyny açmakçy bolup, iteninde onuň gulplanandygyny duýdy. Bu işi eden Terken hatyndan başga kişi däldigini şo bada aňdy. Ol gapyny urup, gygyryp başlady. Gyrnaklaryň biri demi tutulyp ýykyldy. Hernä, taşdar wagtynda ýetip gelip, gulpy döwüp, gapyny açdy. Tas bolmasa, Horezmşa Tekeş soltan hammamda buga bogulyp ölüpdir diýen habaryň dünýäni haýran etmegi ähtimaldan daşda däldi. Tekeş bu bolan ýagdaýa gahary depesine ursa-da, özüni sowukganlyga salyp, aram otagyna bardy. Biraz demini dürsäninden soň kellesi işläp başlady: “Terken näme üçin beýtdi-kä? Gabanjaňlykdanmy? Ýa-da başga maksady barmyka? Belki bardyr. Ogly Muhammet ýigit çykyp gelýär. Ornuma ogluny oturdyp, özi hökümdarlyk etjek bolýarmyka? Muhammetden uly oglum Nasreddin Mälikşa durka onuň ogluna tagt ýetmejegini bilmeýärmikä? Dur, dur... bu aýalyň başga bir ynamy bolmaly. Hany, onuň taryna kakyp göreýin, haýsy perdeden goparka” diýip, içini gepleden Tekeş huzuryna Terken hatyny çagyrtdy. Terken hiç zat bolmadyk ýaly näz bilen ýylgyryp geldi. Ol çalarak tagzym edip, Tekeşe göni seredip duruberdi. - Sen heleý, näme maksatda bu işi etdiň?! Meni öldürip, ýerime ogluňy oturtjak bolýaňmy? - Meniň Sizi öldürmek maksadym ýok, soltanym. Ýöne ýanyňyza alyp giren gyrnaklaryň gyzgyny pesiräk bolsa sowuklaýmaň diýip... -Bes et oýnuňy!-diýip Tekeş onuň sözüni böldi-de, hyrsyz nazaryny dikip: - Bilip goý, eger men buga boglup, jan teslim eden bolsam-da, seniň ogluňa tagt ýetmezdi. Tagta çykan uly oglum Nasreddin Mälikşa bu eden işiň üçin seniň deriňe saman dykardy-diýdi. - Soltanym, Alla Sizi hemişe penasynda saklasyn. Ýüz ýaşaň. Emma bolmasyz bir iş bolanda-da, Mälik şa meniň derime saman dykyp bilmezdi. - Beh! Ýaman ynamly gepleýäň-le, adalatyň hatyrasyna günäkäre jeza berjek hökümdara kim päsgel berip biler?! - Diýýäniňiz men hakda bolsa, Siz aýdan adalatyň özi päsgel bererdi. - Düşünmedim, o nähili adalatyň özi päsgel bererdi? - Düşünmeseňiz düşündireýin. “Adalat güýçdedir” diýen gadymdan gelýän aýtgyny Sizem bilýäňiz-ä, soltanym. Güýç men tarapda bolansoň adalat hem men tarapdadyr. “Eh! Seni... mekir heleý! Ýaňy “munuň başga bir ynamy bolaýmasyn” diýen kelläme gelen gumanym dogry ekeni. Goşunyň aglaba bölegi Terkeniň kowmyndan-gypjaklar. Arkasynda şeýle uly güýç bolansoň ogluny tagta çykarmaga ynamy güýçli bolmaly munuň. Belki häzirden başlap goşundaky ketdeleri bilen hyşy-wyşylary hem bolaýmagy ahmal munuň” diýen iç gepletmeler bilen sowuk nazaryny aýalyndan sowman duran Tekeş: -Zalymlar üçin adalat güýçde, adyllar üçin güýç adalatdadyr. Men özümi adyl hökümdar hasap edýärin, saňa güýjiň adalatdadygyny görkezerin, hanym! Indi gaýdyber-diýip ýüzüni kesä sowdy. Terken hatyn öz içinden “Görkez bakaly” diýip, çalarak tagzym etdi-de otagdan çykdy. Ýeke galan Tekeşi dürli hyýallar alyp gaçdy. Ol gypjak aýaly bilen şu güne çenli geçen ömrüni bir başdan hakydasyndan geçirdi. Ilkide Aýşe göräýmäge ýuwaş, ybaly, edepli gelindi. Bu häsiýetleri bilen bir hatarda ärini meftun edýän näz-kereşmesi hem ýok däldi. Horezmiň goşunyna gypçaklaryň gelip goşulyp başlamagy bilen Aýşe Tekeşe has gowy görnüp başlady. "Aýalymyň kowmy goşunymy güýçlendirýär" diýip öz içinden begenýärdi. Şol arada oňa Terken hatyn adyny berip, ony has götergiledi. Terken hatyn bolsa pursatdan peýdalanyp, goşundaky öz kowmunyň adamlaryny ýokary wezipelere çekdirip ugrady. Beýitmek bilen aýalynyň özüne arkadaýanç döredýändigi barada Tekeş pikir hem etmeýärdi, ýeke-täk arkadaýanjy özüdir öýdýärdi. Ine bu gün Tekeş soltanyň gözi açyldy. Ol özüniň akyl-parasady öňdengörüjiligi bilen bir aýalyň mekrinden asgyn gelenine düşündi. “Bu aýal oglunyň tagta tarap ýoluny arçamak üçin hiç zatdan gaýtmasa gerek” diýen pikir kellesine gelende ýadyna Iskender Zülkarnaýyň tagta çykmasy düşdi. Isgenderiň kakasy Filip entek ýaşdy, gujurly-gaýratly hökümdardy. Onuň söýgüli aýalyndan alty-ýedi ýaşlaryndaky ogly bardy. Isgender bolsa ýigit çykypdy. Wagt geçip, söýgüli aýaldan bolan ogul ulalsa Filip ony mirasdüşer etmegi ahmaldy. Eger Filip hazir ölse, tagta ýaş çaga däl-de, ýigit ýaşyna ýeten Iskenderiň çykjagy ikuçsyzdy. Garaşylmadyk wagty Filip tarpa taýyn aradan çykdy. Lukmanlar hökümdaryň ölümi ýylan zäheriniň işidigini anykladylar. Iskenderiň ejesi Alympyýadanyň täsin pişesi bardy. Ol ýylanlary özüne öwredip, ekde maly ýaly saklaýardy. Tekeş bu taryhy wakany göz öňüne getirip, uludan demini aldy. “Terken Alympyýadanyň işini edip bilmez, elbetde. Ýöne men ölsem uly oglum Mälikşany aradan aýyrmak üçin her zat eder. Şonuň üçin munuň arkadaýançlaryny çetleşdirmegim gerek" diýip, içini gepleden Tekeş ýerinden turup, iş ýeri-tagt eýwanyna tarap ugrady. Tagt eýwanynyň öňündäki kabulhanada hyzmatda duran hadymlaryň birine wezirini çagyryp gelmegi buýurdy. Tekeş Soltanyň weziri Şemseddin Masud ibn Aly al Harawy öz döwrüniň ötgür zehinli, dana şahsyýetleriniň biri bolup, döwleti dolandyrmakda patyşadan soňky adam hökmünde köp haýyrly işleri öz başlangyjy bilen amala aşyryp gelýärdi. Şonuň üçin oňa adynyň öňüne goşulyp aýdylýan Nyzamyl Mülk unwany berilipdi. Patyşanyň çakylygyna eglenmän ýetip gelen wezir adatdaky tagzymdan soň tagtyndan aşakda halynyň üstünde oturan Tekeş soltanyň garşysynda dyzyny epdi. -Ornaşykly oturyň möwlana, Siziň bilen üç gün bäri ikiçäk gürrüň etmedik-diýip, soňundan ýurtdaky umumy ýagdaý, paýtagtdaky gurluşyk, abadançylyk işleriniň gidişi, obalardaky ekin-tikin, suw bilen üpjünçilik ýaly zatlar barada sorap başlady. Patyşanyň sowallaryna jogap berýärkä wezir esasy mesele bu sowallar däl-de, başgadygyny duýup otyrdy. Hakykatdan hem, soňundan Tekeş göwnüne düwüp gelen meselesini orta atdy: -Möwlana, Siziň bilen maslahatlaşmaly ýene bir mesele bar. -Sizi biynjalyk edýän bir meseläniň ýüze çykanlygyny duýup otyryn, Aly hezret-diýip, wezir Tekeşe ýylgyryp seretdi-de, -akyl-parasat bilen çözülmejek mesele bolmaz, aýdyberiň-diýdi. -Möwlana, gadymky ýunan akyldary Eflatun: "Dost diýýäniňe ynansaň ynan welin, emma ondanam ätiýaçly bolsaň zyýan etmez" diýipdir. Bizem käbir işlerde ätiýajy elden bermesek zyýanyň öňüni aldygymyz bolar. Meniň diýjek bolýanym, gypjaklylar barada. Goşunymyzyň aglaba bölegini gypjaklylar tutýar. Olaryň müňbaşylaram, onmüňlikleriň serkerdelerem özlerinden. Bardy-geldi olar bir zatdan närazy bolup, bize garşy gozgalaň edäýseler, olaryň elini tutjak tapylmaz. Şonuň üçin olaryň serkerdelerini aýryp, ýerine özümiziň horezmlilerden goýaýsak has ynançly bolar öýüdýän. Wezir Nyzamyl Mülk Şemseddin patyşanyň beýle pikire gelmegine Terken hatynyň bu günki eden işiniň sebäp bolandygyny, bu aýalyň mundan soňam gypjaklylaryna daýanyp başga bir işleri hem edäýmeginden ätiýaç edýändigini aňdy. -Dogry pikire gelipsiňiz, Aly hezret. Bu çäre amala aşyrylsa, şazadalaryň agramy hem deňräk bolar-diýip, wezir soltanyň ýüzüne manyly seretdi. Tekeş soltan dana weziriniň soňky sözünden öz kellesine bu gün gelen pikiri onuň öňräkden oýlanyp ýörenini duýdy. -Hak aýtdyňyz, möwlana. Ýogsa Muhammediň arkasy Mälikşanyňka garanda has güýçli. Şu gün maňa biri “Adalat güýçdedir” diýdi. Jan bar ýerde kaza bar. Meniň kazam dolan güni tagt adalat esasynda däl-de, güýç bilen eýelener. Biz beýle bolmagynyň öňüni almak üçin şu çäräni amala aşyrmagymyz gerek. Ýöne serkerdelikden boşadylan gypjaklylary näderis? Şeýle boşadyp goýbersek, olar bir ýerde bir hokga çykaraýmaklary mümkin. -Olary şeýle boşadyp goýbermeris, Aly hezret. Olary Jenddäki goşuny tejribeli serkerdeler bilen güýçlendirmek üçin Jende ibermeli. Sebäbi, Jendiň töweregindäki bidin taýpalar güýçlenip başlapdyr. -Berekella, möwlana! Aklyňyza telpek goýaýmaly. Sebäbi hem ynandyryjy-diýip, Tekeş weziriniň teklibini begenip makullady. Horezmşa Tekeş bu çäräni haýal etmän, ezberlik bilen amala aşyrdy. Munuň bilen ol Terken hatynyň “Adalat güýçdedir” diýen ynamyna zarba urdum diýip hasaplady. Emma Mälikşanyň jany barybir howp astyndady. Çünki Terken hatyn ogluny tagta çykarmak üçin indi güýç ulanyp bilmese, “Maksat serişde saýlamaýar” diýen ýörelgä uýup, islendik nejislikden gaýtmazlygy ahmaldy. Bu wagt Tekeşiň kellesine beýle pikir gelmedi, kellesinde özüniň daşary syýasatynyň oýunlary at salýardy. Tekeş soltanyň kellesinde at salýan pikirleriň bir ujy Azerbaýjan atabekleriniň gol astyndaky sebitlerde bolup geçýän wakalara gönükdirilendi. Atabek Jahan Pehlewandan soň tagta çykan Gyzyl Arslan seljuklaryň iň soňky soltany Togrul lII-iň soltanlygy basyp alnandan soň onuň özüni zyndana taşlapdy. Togrulyň tarapdarlary hökümdarlaryny zyndandan boşatmaklygyň ýollaryny gözläp, ahyr soňy ony zyndana salany öldürmekden özge çäre tapmadylar. Gyzyl Arslanyň ölüminden soň azatlyga çykan Togrul soltan goşun toplap başlaýar. Gyzyl Arslanyň ölümi diňe Togrul soltanyň tussaglykdan boşamagyna sebäp bolman, atabekler döwletiniň böleklere bölünip gitmegine hem getirÿär. Ýurt Jahan Pehlewanyň dört ogly tarapyndan bölünip alynýar. Onuň reýli aýaly ýagny Reýiň öňki hökümdary Ynanç bilen Ynanç hatynyň gyzyndan bolan ogullary Kutlug Ynanç bilen Ämir Ämiran hemedany, Pars Yragyny we oňa goňşy welaýatlary hem eýeleýärler. Ynanç hatyn bolsa öz ýerinde-Reýde galýar. *** Togrul soltan Pars Yragyny tizräk gaýtaryp alyp, özüniň soltanlygyny dikeltmäge howlugýardy. Emma gysga wagtda toplan goşuny bu maksada ýetmek üçin entek kemlik edýärdi. Allatagala bendesiniň işini oňaraýyn diýse garaşylmadyk ýerden meded gelýän eken. Soltan çadyrynda nedimleri, serkerdeleri bilen goşunyň sanyny artdyrmak barada maslahat geçirip oturan wagty serbazlar iki del adamy öňlerine salyp gelip soltanyň çadyrynyň öňünde sakladylar. Bir salymdan maslahat gutaryp, hemmeleri çadyrdan çykdylar. Togrul soltan del geýimli bu adamlara nazary kaklyşandan: -Bular kim?-diýip sorady. Olaryň biri: -Beýik soltan, bizi çadyryňyzda kabul etseňiz, kimdigimizi hem-de aýtmaly zadymyzy özüñize aýdarys-diýdi. Soltan göwnüne bir şübhe gidip, olara synçy nazaryny dikip durdy-da: -Näme, çadyrda aýtjak zadyňyzy bu ýerde aýtsaňyz bolmaýarmy?-diýdi. -Biziň Size aýtjak zadymyz harby syr. Ony bu ýerde, bu adamlaryň ýanynda aýtsak ol syr bolman galýar. Togrul soltan bu gepe çalarak ýylgyryp: -Onuň ýaly bolsa çadyra biriňiz bilen gireýin, eger ýaman niýet bilen gelen bolsaňyz biriňize güýjüm ýeter-diýdi. Gelenler bir hili bolup, biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Olaryň biri: -Togrul soltan hezretleri, biz ýüzi-gözümizden ýaman niýetli adamlara meňzeýäsmi?-diýdi. -Ýüzi-gözüňizden-ä meňzäňizok, ýöne “Adam alasy içinde” diýen bir gepem bar - diýip, Togrul soltan degişýändigini bildirip ýylgyrdy: Çadyra girdiler. Togrulyň adamlary birden onuň aýdan degişmesi çyna öwrüläýmesin diýip, çadyryň içine gulaklaryny dikip durdylar. Çalarak eşidilýän hümürdiden başga hiç hili güpür-tapyr bolmady. Ýarym sagatdan soň bile girenleri bilen Togrul soltan ýüzi açylyp çadyrdan çykdy. Ol töwerekde özüniň çadyrdan çykaryna garaşyp duran adamlarynyň arasyndan baş serkerdesini ýanyna çagyrdy. Oňa: -Bu ýigitlere-de öz esgerlerimiziň eşigine meňzeş geýim geýdiriň. Bularam biziň bilen bile söweşe girmekçiler. Onsoňam goşuny söweşe taýynlaň-diýip buýruk berdi. Serkerde: -Soltanym, entek söweşe girer ýaly güýjümiz ýeterlik däl, Kutlug ynanjyň goşuny biziňkiden has agdyklyk edýär - diýdi. -“Töwekgeliň işini Alla oňarar” diýipdirler. Ine bu iki ýigidiň hem bize goşulmagy bilen biziň goşunymyz agdyklyk eder enşalla. Serkerde soltanyň ynam bilen aýdan bu gepiniň aňyrsynda bir syryň, özem soltanyň ýanynda ýylgyryp duran bu ýigitleriň biriniň aýdan “harby syrynyň” bardygyny aňdy. Togrul soltanam şu syry bilmek üçin olar bilen çadyra giripdi. -Hany, “harby syr” diýeniňizi diňläýin, aýdyberiň-diýip Togrul soltan garşysynda jaýlaşyp oturan ýigitlere ýüzlendi. -Merhemetli Togrul soltan hezretleri!-diýip, ýigitleriň biri söze başlady. Ol Kutlug Ynanjyň goşunynyň adam sany on müňden geçmeýändigini, bir näçe ýüz başy, müňbaşy serkerdeleriň ondan närazydyklaryny, dört müňbaşynyň atlaryny aýdyp, olaryň söweş başlansa soltan tarapa geçjekdiklerini mälim etdi. Togrul soltan gürrüňi soňuna çenli arasyny kesmän diňledi-de, garşysynda uly iş bitiren kimin hondan bärisi bolup oturan ýigitlere garap: -Eger Kutlug Ynanç bir wagtlar ulanylan şujagaz hiýle bilen meni duzaga düşürerin diýip, ynanýan bolsa, ol meni juda bir sada, aňkow adamdyr öýüdýän ekeni-de - diýip ajy ýylgyry. -Ýok, merhemetli soltan, siziň çuňňur parasatly, öňden görüji dana, mert, batyr serkerdeligiňizi bütin dünýä bilýär, şol sanda Kutlug Ynanç hem bilse gerek-diýen ýigide soltan bu sapar ajy däl-de, kinaýaly ýylgyryp garap: -Onda näme sizi meniň ýanyma iberip ýör? -Bizi Siziň ýanyňyza iberen müňbaşy serkerdeler, olaryň atlaryny hem aýtdym gerek. Ýöne gepimiziň hiýle däl-de hakdygyny delillendirip ýetişmedik, has dogrusy, muňa maý bermediňiz. Ine şonuň üçinem Siz bize ynanman otyrsyňyz. Bu sapar soltan ýigitlere kinaýa bilen däl-de, mylaýym ýylgyryp, diýdi: -Hany, onda delilleriňizi hem orta goýuň! --Merhemetli soltan, birinji delilimiz Siziň eliňizde girew bolup galýan şu iki gara kelle. Sözümiziň ýalandygyna göz ýetiren pursadyňyz olary togalandyryp goýbermäge hakyňyz bar. Ikinjiden, bizi bu dünýäden geçip gelen pidaýylardyr diýip pikir etseňiz, Gurhany orta goýuň, biz ýalan söz üçin Gurhandan ant içip, o dünýämizi köýdürmeris ahbetin! Özelenip aýdylan bu sözlerden soň Togrul soltanyň köňlünden şübhe aýrylan ýaly boldy. Şonuň üçin ol Gurhany orta goýup hem oturmady-da, Kutlug Ynanç bilen söweşe girmäge karar etdi. 588-nji hijriniň jumadylowal aýynyň 15-inde (28-nji iýun 1192) Kazwiniň golaýynda iki goşun gözýetimde gabat geldi. Togrul soltan, ätýajy elden bermän, öz goragynyň gurşawynda, ýanynda-da girewe goýlan “iki gara kelle” bilen goşunyň yzynda gelýärdi. Kutlug Ynanç garşysyndaky goşunyň özüniňkä garanda has azdygyny görüp, begenjine haýal etmän hüjüme buýruk berdi. Goşunlar garpyşyp-garpyşmanka Ynanjyň goşundan ilki iki uly topar, olaryň yzyndan ýene iki topar soltan tarapa geçip, Ynanjyň galan leşgerlerini derbi-dagyn etdiler. Ynanjyň özi bolsa zordan gaçyp gutuldy. Indi uly goşuna eýe bolan Togrul soltan Hemedana baryp, uly dabara bilen özüniň soltanlyk tagtyna oturdy. Üç gün dowam eden dabaranyň ilkinji güni Togrul soltan özüniň tarapyna geçip, ýeňişini, tagtyna eýe bolmagyny üpjün eden serkerdelere gymmat bahaly serpaýlar ýapyp, minnetdarlygyny bildirdi. Dabara dowam edýärdi. Togrul soltan dabaralaryň hemişelik däldigi, olaryň yzyndan dürli teşwüşler, aladalar gelýändigi, iň ýamany gandöküşikli söweşleriň hem gutulgysyzdygy barada pikir edýärdi. Onuň kellesine soňky pikiriň gelmegi ýöne ýere däldi. Ol gaçyp gutulan Kutlug Ynanjyň Reýde ejesiniň ýanyndadygyny çak edýärdi. Ol nirde bolsa-da Horezmşaga arz edip, özüniň Pars Yragyny eýeländigini habar berjegini bilýärdi. Horezmşanyň hem täze ýörüşlere bahana tapylsa haýal etmän, ata çykjagy ikuçsyzdy. Horezmşanyň goşunyna bäs geljek goşun onda ýokdy. Nätmeli? Uzak oýlandy. Belli bir karara gelip bilmän, "gelibersin entek, soň göreris nätmelisini” diýen pikir bilen garaşmaly boldy. Togrul soltan Horezmşanyň gelerine howatyr bilen garaşsa, Kutlug Ynanç onuň ýardamyna uly umyt bilen garaşýardy. Şu arada Horezmden Reýe kerwen bilen gelen bir adam kerwen saraýda köpçüligiň içinde: “Horezmşa Reýi, Hemedany, Yspyhany basyp alyp, ol ýerlere öz dikmelerini goýmak üçin uly goşun bilen ýetip gelýär” diýip gürrüň edýär. Bu gürrüň şo bada şähere ýaýrap, Reýiň köşgüne hem baryp ýetýär. Şalaryň päli-niýetiniň üýtgemegi kyn däldigini bilýän Kutlug Ynanç gorkusyna ejesi bilen Reýden gidip, Sarjahan galasynda penalaýarlar. Horezmşa-da köp garaşdyrmady. Geldi, özem uly güýç bilen geldi. Ol Reýiň köşgünde özünden ýardam soran ne Kutlug Ynanjy, ne beýleki döwlet işgärlerini tapdy. Olaryň Reýi taşlap gitmeklerine bir sebäp bolandygyny aňan Tekeş Soltan özüniň wezir-wekilleri, hyzmatyndaky nökerleri bilen boşap galan köşkde ýerleşdi. Şol bir wagtda goşunyň bir bölümi Tabarak galasyny hem aldy. Leşger diňe gala almak bilen oňman, ýurtdan olja almaga hem başlady. Bu bolsa ýurt alnanda adaty ýagdaý bolup, ony bes etdiren patyşanyň goşun bilen jebisligi gowşaýardy. Şonuň üçin Horezmşa hem serkerdelerine “Juda hetdinden aşybermesinler, garyp- gasaryň golaýyna barmasynlar” diýmek bilen çäklendi. Horezmşa indi Togrul soltan bilen hasaplaşyp, Pars Yragyny öz tabynlygyna geçirmelidi. Bu saparky ýörüşiň esasy maksady hem şoldy. Bu işiň jeňsiz-söweşsiz amala aşmagy mümkin däldi. Şonuň üçin ol boljak söweşiň rejesini düzüp başlady. Emma birden ýagdaý üýtgäp, onuň meýilleşdiren söweş tärleri gerek bolman galdy. Näme diýseňiz, Togrul soltan pursatdan peýdalanyp, oňa gymmat bahaly sowgatlar bilen ilçiler iberdi. Dört adamdan ybarat ilçileri Horezmşa Reýiň köşgünde hormat bilen kabul etdi. Adatdaky salam-älek, tagzymdan soň ilçileriň baştutany döşüne düşüp duran ak sakgalynyň üstüne sag elini goýup, Horezmşaga ýüzlendi: -Merhemetli Horezmşa Tekeş soltan hezretleri, biziň hökümdarymyz Togrul soltan hezretleri Size özüniň mähirli salamlary bilen siziň beýik mertebäňize laýyk sowgatlaryny gowşurmagymyzy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde ol hezret Siziň bilen dost-doganlyk gatnaşygynda bolmak isleginiň bardygyny, eger siz onuň bu islegine garşy bolmasaňyz, adyňyzy Yrak soltanlygynyň ähli ýerinde hütbä goşdurjakdygyny hem-de adyňyzdan pul zikkeletjekdigini Size ýetirmegimizi sargap goýberdi-diýip, ilçi elini gursagyndan aýyryp başyny egdi. -Gowy teklip-diýip, Horezmşa ýanynda oturan hajyby Şyhabetdin Mesude “Siz näme diýersiňiz” diýen manyda seretdi. Hajyp hem başyny atyp makullady. Tekeş sözüni dowam etdi. -Muhterem ilçi jenaplary, Togrul soltanyň teklibi gowy teklip, dostluga ýetesi zat barmy. Ýöne ol häzir siziň agzyňyzdan çykan gury owaz. Eger Togrul soltan hakykatdan hem biziň bilen dost bolup, adymyzy hütbä goşdurmakçy, pul zekkeletmekçi bolsa bu dostluk gatnaşygymyzy resminama bilen tassyklamaly bolýar. Şonuň üçin onuň özi huzurymyza gelsin, şertnama düzüşeli. Ine şonda dostlugymyz hakyky bolýar. -Muhterem Horezmşa hezretleri, siziň şu aýdan pikiriňiz Togrul soltan hezretleriniň hem kellesine gelen bolmaly. Ol şol şertnamany öňünden taýýarlap goýan ekeni-diýip, ilçibaşy yzynda duranlaryň biriniň uzadan naý şekilli dolanan kagyzy alyp, Horezmşaga iki elläp gowşurdy. Tekeş soltan kagyzy açdy. Ol iki nusgada taýýarlanan, ilçiden aýdyp goýberen zatlarynyň ählisi ýazylan, çep tarapyna möhri-de basylan, sag tarapynda Horezmşanyň möhri üçin ýer goýlan resmi şertnamady. Tekeş soltan şertnamany gözden geçirip, täsin galmak bilen ýylgyrdy. Ol Togrul soltan bilen hasaplaşygyň jeňsiz-jedelsiz ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup barýanlygyna bir tarapdan täsin galsa, ikinji tarapdan munuň sebäbini uly güýç bilen gelmeginiň netijesi diýip düşünjek bolýardy. Bir wagt pederi Il Arslan hezretleri “Uly goşun diňe söweşde ýeňiş getirmän, haýbaty bilen-de duşmany boýun hem egdirýär” diýipdi. Bu sapar hem pederiniň aýdany bolaýdy gerek. Horezmşany bu oýunda ýene bir ýagdaý geň galdyrypdy. Ol bu ýagdaýy anyklamak üçin ilçilere ýüzlendi: -Jenaplar! Hökümdaryňyzyň şeýle gowy niýeti, teklibi bolubam, näme üçin onuň özi gelip, biziň huzurymyzda şertnama düzüşip, sylag-serpaýyny alyp gidäýmedi? Ýa-da ýarawy ýokmy? Ilçibaşy bir hili düşnüksiz gülümjiräp: -Saglygy gowy, ýöne Siziň huzuryňyza özüniň gelmändiginiň sebäbini bilmeýän diýsem ýalan aýtdygym bolar, şonuň üçin ony maňa aýtdyrman, özüňiz biljek bolaýyň, Aly hezret-diýdi. -Ä-he! Düşnükli. Siziň “Sebäbini maňa aýtdyrmaň” diýeniňiz maňa sebäbini mälim etdi. Diýmek, Togrul Soltan huzurymyza gelmekden gorkupdyr-da. Ol biziň hoşniýetli, adalatly, adamkärçilikli ynsandygymyzdan bihabar ekeni-dä. Ýa-da özi zalym bolsa, bizi-de özi ýaly zalymdyr diýip pikir edýärmikä? -Ýok, Aly hezret. Togrul Soltan zalym däl-diýip, ilçi ardynjyrap goýdy. -Onda onuň bizden gorkmagyna esas ýok. Biziň şu geplerimizi baranyňyzda oňa aýdyň! Indiki mesele: Biz şertnamany makul gördük, oňa möhrümizi basyp bir nusgasyny size berip goýbereris. Siz häzir gidip, dem-dynjyňyzy alyberiň, bir gün myhmanymyz boluň, hezzetimizi görüň. Ertir bolsa Togrul soltana sowgatlarymyz, sizlere-de serpaýlarymyz bilen ugradyp goýbereris. Horezmşanyň soňky sözüni ellerini gursagyna goýup diňlän ilçiler yzlaryna tesip, çykyp gitdiler. Horezmşa baş hajyby Şyhabetdin Mesutden başga hadymlara-da jogap berdi. Baş hajyp bilen ikiçäk galan Tekeş soltan ýaňyrak kellesine gelen pikirini orta atdy: -Jenap Şyhabetdin, bu zaňňar Togrul bize ap-aňsat boýun egişine egdi welin, soňuny bozmasa ýagşy. Siz näme pikir edýäňiz? -Aly hezret, Siziň görnüp duran güýç-gudratyňyzyň öňünde onuň boýun egmekden başga alajy hem ýokdy.Ýöne munuň ýaly mejbur bolup edilen işiň soňy bolmasa gerek. -Menem şeýle pikir edýän. Ýöne bir tedbir oýlap tapsak, bu işiň soňunyň bozulmazlygy hem mümkin. Hany, kelläňize hiç bir tedbir gelenokmy?-diýip, Tekeş soltan Şyhabetdin Mesüde nazaryny dikdi. Ol bolsa kellesini ýaýkap, gülümjiredi-de: -Aly hezret, oýlanyp görmesem, häzir kelläme bir degerli pikir gelenok-diýdi. -Onda meniň kelläm gowrak eken siziňkä garanda, häzir oňa bir bolaýjak tedbiriň pikiri geldi. Biz Togrul soltan bilen garyndaşlyk açsak, bolmazmy. Meniň bilişime görä onuň entek durmuşa çykmadyk gyzy bolmaly, şol gyzy oglum Ýunushana alyp bersek, gyzy biziň dulumyzda bolsa, ol bize hemişelik tabyn bolup galmazmy? -Aly hezret, gowy tedbir tapdyňyz. Garyndaşlyk açaly, bolsa-da, bolmasa-da-diýdi hajyp. -Näme sebäpden “Bolsa-da, bolmasa-da” diýýäňiz. -Sebäbi, Aly hezret, Togrul soltanyň hemişelik tabyn bolup galmagy onuň atalyk mährine bagly. Eger ol bilimden syzan bir damja suwum nirde galmandyr diýse, islän wagty dönüklik eder. Tekeş soltan uludan demini alyp: -Bäh! Şeýle-de atalar bolýamy?-diýdi. -Aly hezret, soňuny dyrnagymyzda görüp bilemizok. Gudaçylyga baryberäli, belki soňy haýyr bolar-diýip hajyp maslahat beren boldy. -Onda ertir ilçiler bilen gudaçylyga sowgat-serpaýlaryny alyp, özüňiz gidiň-diýdi Tekeş Soltan. *** Togrul soltana özüniň ilçileri bilen bile Horezmşanyň wekilleriniň hem gelendigini habar berenlerinde ol: “Bu wekiller bizi ýene nämädir boýun etmek üçin gelendirler” diýip, iňkise gitdi. Wekilleri kabul edeninde nämä boýun etmek üçin gelendikleri mälim boldy. -Biz gyzymyzyň Horezmşa hezretleriniň hanadanyna gelin bolup düşmegini özümize uly bagt hasap edýäris-diýip Togrul soltan hoşwagt ýylgyrdy. Ol bu sözüni çyn ýüreginden aýtdymy ýa-da özüňden zoryň haýyşyny ret edip bolmaýanlygy üçin mejbur bolup aýtdymy belli bolmady. “Belli bolmasa bolmasyn, iş bitse boldy” diýip, içini gepleden hajyp Şyhabetdin toýuň sähedini hem belleşip gitmegi ýüregine düwdi. Togrul soltanyň özüne, gelne getirlen serpaý-sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşurylandan soň toýuň sähedi hem bellendi. Toý ilki Hemedan-da, soň Horezmşanyň şol wagtdaky karargähi Reýde boldy. Toý sowlup, gelniň otagyna giren Ýunus han gyzy däl-de, kakasynyň syýasatyny guçan ýaly boldy. Syýasat! Onuň emri bilen näler edilmeýär. Ol dünýäni, döwri dolandyryp oturan gudrat. Döwrüň hökümdarlary hem onuň ygtyýarynda. Horezmşa Tekeş soltan hem syýasatyň emri bilen ogluny öýerip, toýdan soň dem-dynjyny almak üçin bäş gün bolsa-da, asuda durmuşyň hözürini görmekçidi bolmady, ýene atlanmaly boldy. Peýt peýläp ýören inisi Soltanşanyň Horezme goşun çekeni baradaky habar ony ýurda dolanmaga mejbur etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |