12:05 Gürgenç / 3-nji kitap -11 | |
XI BAP
Taryhy proza
Soltanşa Mahmydyň agasy bilen söweşe girmän, yzyna gaýtmagy onuň pälinden gaýtdygy däldi. Ol başga-özüne oňaýly pursada garaşýardy. Aradan bir ýyl geçip-geçmän, Tekeş soltanyň Pars Yragyna goşun çekmegi bilen Soltanşanyň garaşan pursady geldi. Ol agasynyň ýurtda ýoklygyndan peýdalanyp, Horezme goşun çekdi, gelip Gürgenji gabady. Ol ýurdyma barsam halk meni mirasdüşer şazada hökmünde kabul eder, tagty almagyma garşylyk etmez diýen pikirdedi. Emma oňa Gürgenjiň derwezeleri açylmady. Ol galanyň depesindäki elleri okýaýly serbazlara özüni tanadyp: -Eý watandaşlar! Men şazada Soltanşa Mahmyt. Pederimiz Il Arslan hezretleriniň emri bilen mirasdüşer bellenenim üçin tagtyň kanuny eýesi men bolmaly. Tekeş tagtda bikanun otyr. Adalatyň dikeldilmeginiň hatyrasyna derwezäni açyň!-diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Depeden şeýle jogap sesi geldi: “Möhterem şazada, biz Gürgenjiň goragçylary Horezmşa Tekeş soltana wepalylyk kasamyny etdik. Biz kasamymyza dönüklik edip bilmeýäris”. Soltanşa bu jogapdan soň hem şäheri dynçlyk ýoly bilen almakdan umydyny üzmedi. Ol Gürgenjiň, diňe Gürgenjiň däl, külli Horezmiň baş ulamasy piri büzrük Şyhabetdin al Hywaky hezretlerine ilçi taýynlady. Pire aýtmaly gepleri gulagyna guýup, ony şähere girizmek barada ýene-de galanyň depesindäkilere ýüzlendi. Depeden: “Merhemetli şazada, biz piriň huzuryna adam iberip, onuň siziň ilçiňizi kabul etjegini-etmejegini bilmegimiz gerek. Eger kabul edýän bolsa ilçiňizi şähere goýbereris. Siz pirden jogap gelýänçä sabyr etmeli bolarsyňyz” diýen öňki ýüzlenmesine jogap beren tanyş owaz geldi. Soltanşa pirden jogap gelýänçä içini it ýyrtyp garaşdy. Iberilen adam piriň huzuryna baryp, Soltanşanyň haýyşyny aýdanynda pir bir göwni şazadanyň ilçisini kabul edip, oňa aýtjagyny aýdyp goýbermekçi hem boldy, emma bir atanyň iki oglunyň arasyndaky köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän duşmançylyk piriň özüni hem gynandyrýardy. Şonuň üçin pir aradaky bu duşmançylygy söz bilen, pent bilen aýryp bolmazmyka diýen niýet bilen şazadanyň ýanyna özi barmakçy boldy. Soltanşaga piriň gelen kararyny ýetirenlerinde ol bir bada begenjegini-de, gynanjagyny-da bilmedi. Piriň ilçini kabul etmän, özüniň näme maksatda geljekdigini bilebilmän bir hilli gümürtük ýagdaýa düşdi. Aradan biraz wagt geçip, galanyň garşydaky derwezesiniň bir ganaty uly ses edip ýarym açyldy, ondan astynda egnindäki ap-ak lybasy kimin ak atda pir çykdy. Atynyň jylawynda iki pyýada müridi hem bardy. Soltanşa özüniň çadyryna tarap gönüläp gelýän pire gözi düşenden ony çadyra ýetirmän öňünden çykdy. Müritleriň kömegi bilen atyndan düşen piriň öňünde bir dyzyny epip, onuň donunyň synyny maňlaýyna degirdi, soňra dikelip, iki elläp görüşdi. Pir ony ýiti nazary bilen synlap durşyna mylakatly soraşdy. Soltanşa piri kakasynyň döwründe köşge gelenlerinde görýärdi. O mahallar ol otuz ýaşlar töweregindäki ýaş ýigitdi. Indi sakgal-murty çalaryp ugran, ellisine golaýlan epeý adam bolupdyr. Saçak ýazylyp, bezelip goýlan çadyra girip, ornaşyp oturanlaryndan soň Soltanşa myhmanyna ýüzlendi. -Merhemetli beýik pirim, Siz horlananlaryň howandary, adalatyň sütüni hökmünde halkymyzyň kalbyndan ýer aldyňyz. Menem özümi adalatyň ýoýulmagy bilen horlanan hasap edýärin. Çünki pederimiz Horezmşa Il Arslan hezretleri meni mirasdüşer belläp, tagtyny, ýurdy dolandyrmagy maňa wesýet edipdi. Tekeş bolsa bidin gara hytaýlar bilen gelip, tagty bikanun eýeledi. Beýik pirim, Siz ýurdyndan kowulyp, horlanan şazadaga hak howandarlyk edip, atamiras tagtymy gaýtaryp alyp berseňiz, adyňyz, şöhratyňyz äleme dolar. Şyhabetdin äl Hywaky Soltanşanyň sözüni diňleýärkä ýumup oturan gözlerini açyp, oňa çalarak ýylgyryp seretdi-de: -Muhterem şazada, birinjiden men şöhrata kowalaşýan adam däl. Ikinjiden, Tekeş soltan meniň birki agyz sözüm bilen oturan tagtyny size boşadyp beräýmez ahbetin. -Pirim, men onuň tagt barada Siziň sözüňizi diňlemejegini bilýän Siz oňa däl, halka ýüzlenseňiz, halk Siziň sözüňizi diňlär. Ony halkyň özi kowar. Goý, ol gidip Horasanda meniň soraýan ýerlerimde hökümdarlyk edibersin. Horezm meniň ata mirasym! Pir bu sapar oňa ýylgyryp däl, çytyk nazar bilen seretdi: -Şazada, birinjiden tagtda oturan patyşanyň garşysyna halky gozgap, gozgalaň turuzmak pitneçileriň işi. Ol işi etmek bize gelişmeýär. Ikinjiden, men siziň mirasdüşer belleneniňiz barada öňem gyzyklanyp gördüm, ýöne hiç bir muňa delil tapmadym. Ne pederiňiziň permany, ne bir janly şaýat bar. Gep şu ýere gelende Soltanşa durup bilmedi: -Pirim, pederimiň wesiýetine käbäm ejem janly şaýatdy, ony-da zalym Tekeş katl etdirdi. Bu sözi eşidip, piriň ýüzi gamaşdy. Onuň Tekeşiň bu işini halamandygy görnüşinden bildirip durdy. Ýöne tagt üçin göreşde iň ýakyn ganybirleriniň hem serinden geçilýändigi adaty ýagdaýdygyny bilýänligi üçin bu barada söz açman: -Käbäňiz şehit bolan bolsa jany jennetde bolsun-diýdi-de, Soltanşaga mylakatly garap, öz maksadyna geçdi. -Muhterem şazada, men huzuryňyza siziň aýdýan meseläňiz barada däl, başga has haýyrly mesele barada gepleşmäge geldim. Eger meni diňleseňiz... Pirden işiniň bitmejegini bilen Soltanşanyň häsiýetindäki kesirligi tutup, onuň sözüni böldi: -Merhemetli piri büzrük, meni öz meselämden başga mesele, Siziň aýtjak bolýan “has haýyrly” diýen meseläňiz hem gyzykdyrmaýar. Şonuň üçin ony aýdyp, azara galyp oturmaň. Size rugsat. Bu gepe pir birhili boldy. Indi bu adama söz aýdyp, sözüni düşündirip bilmejegine gözi ýeten pir: -Rugsat berýäniňiz üçin sag boluň!-diýdi-de ýerinden turdy. Hiç haçan hiç kimden beýle gödek gep eşidip görmedik pir Soltanşanyň ýüzüne-de seretmän çadyrdan çykdy. Ol aňyrrakda mürütleri tutup duran atyna atlandy-da yzyna dolandy. Galanyň ýarym açyk duran derwezesi pir mürütleri bilen baryp gireninden ýapylyp, öňküsi ýaly berkidildi. Pirden soň çadydan çykan Soltanşa ýapylan derwezä, galanyň depesindäki serbazlara seredip durşuna oýa çümdi: “Indi nätmeli?” Ykbal işidir-dä, onuň bu sowalyna şu pursatda aňsatja jogap tapyldy. leşgeriň goşuna tarap gündogardan at salyp gelýän iki atla nazary kaklyşanda, olaryň bir möhüm habar bilen gelýän arkada galan öz aňtawçylarydygyny aňdy. Atlylar gelip, Tekeş soltanyň Horasandan gaýdanyny, tiz güne bu ýere ýetip geljegini habar berdiler. Soltanşa agasy bilen söweşe girmek barada pikir hem etmedi, çünki güýjüniň deň gelmejegini bilýärdi, şonuň üçin bu ýerden tizräk ökjäni götermeli boldy. Soltanşanyňky bu sapar hem bolmady. *** Belki, bu-da ykbal işidir. Eger Soltanşanyň Horezme goşun çekenligi baradaky, habar wagtynda Tekeş Soltana ýetmese, olam eglense Soltanşanyň güýç ulanyp gürgenji eýeläýmegi hem ahmaldy. Onsoň paýtagty gaýtaryp almak oňa aňsat düşmezdi. Belki-de, Soltanşanyň arzuwy wysal bolup, Horezmiň tagty agasyndan inisine geçmegi mümkindi. Hernä taryh beýle ýazylmady, Tekeş soltan sag-aman paýtagtyna gelip ýetdi. Ol özüniň ýoklugynda Soltanşanyň goşun çekip gelip, paýtagty almak üçin eden synanyşygyny eşideninde içinde gahary gaýnasa-da, daşyna çykarmady. “Inimiz kysmatyna kaýyl boljak däl-ow” diýip kellesini ýaýkap goýdy. Emma öz ýanyndan gyş geçip, bahar geldigi onuň bu hereketleriniň soňuna çykmaga äht etdi. Eden ähdine görä 589-njy hijriniň baharynyň (mart 1193) başlanmagy bilen Tekeş Soltanşanyň üstüne goşun çekdi. Agasynyň üstüne agyr goşun bilen gelýänini eşiden Soltanşa bir bada hopukdy. Çünki şol wagt onuň ygtyýaryndaky leşger Horezmiň goşunyna bäs gelip biljek däldi. Ol wagtdan utmak üçin ýene-de mekirlige ýüz urup, ýene-de ýaraşyk sorap, agasynyň öňüne wekillerini iberdi. Horszmiň goşuny Abuwerde gelip ýetipdi. Tekeş soltan Soltanşanyň wekillerini şol ýerde kabul etdi. Ol wekilleriň habaryny diňläp: -Jenaplar, “Kör hasasyny bir gezek aldyrýar” diýen gep bar. Bizem Soltanşanyň gepine ynanyp, hasamyzy bir gezek aldyrypdyk. Indi aldyrmarys. Ýöne siziň aýdyşyňyz ýaly ol hakykatdan parahatçylygy, dynçlykda ýaşamagy isleýän bolsa, meniň oňa şeýle teklibim bar. Ol häzir özüniň sorap oturan ýerlerini Horezmiň tabynlygyna geçirsin, özi-de gelip, biziň gulamlarymyzyň hatarynda gulluga dursun. Men oňa bir gowy wezipe bererin. Ine şonda ol aladasyz, teşwüşsiz parahat durmuşda ýaşar.Wekiller Soltanşanyň hiç haçan bu teklibi kabul etmejegini bilýärdiler. Muny Tekeşiň özi-de bilýärdi. Emma beýle gowy teklibiň kabul edilmeýşini bilmeýän, oňa düşünmeýän adamlar hem bar. Olar özleri ýaly adamyň uly gowgalaryň içinde, janyny hemişe howp astynda goýup, nädynç ýaşandan, hiç bir alada-teşwüşsiz rahatlykda ýaşamagyň gowudygyna düşünmeýändigine düşünmeýärler. Soltanşa hem gowgaly durmuşdan parahat durmuşyň gowudygyna düşünmeýän adamlaryň hilinden bolany üçin Tekeş Soltanyň teklibini wekiller ýetirenlerinde ör-gökden geldi. Ýöne weli ýene-de wagtdan utmak üçin oýlanýan kişi bolup, jogabyny egledi. Şoňa görä Tekeş soltan inisiniň başga çykalgasy ýokdygyny düşünip, teklibine razy bolaýmagy mümkin diýen pikir bilen sabyr edip garaşdy. Emma onuň garaşan habary däl-de, asla garaşylmadyk bir habar: Sarahs galasynyň mustahdizi Badreddin Çakyryň galany gelse Horezmşaga tabşyrjakdygy baradaky habar geldi. Hudaý beren oljadan ýüz dönderjek adam barmy. Tekeş soltan derhal Sarahsa ýetip bardy. Badreddin Horezmşanyň öňünden çykyp, tagzym bilen galanyň açaryny oňa tabşyrdy. Bu habar Soltanşaga ýetip baranda ol: “Çakyr dönük, dönük...” diýdi-de özünden gidip ýykyldy. Ýykylmazça däldi. Onuň ähli baýlygy, hazynasy, gural-ýarag zahyrasy Sarahsda saklanýardy. Indi ol hiç kimdi, çünki hazynasyz, serişdesiz patyşa patyşa däldi. Tekeş bolsa onuň hazynasyny, gural-ýarag zahyrasyny ele salansoň öňki patyşalyk gudratynyň üstüne gudrat goşulan dek duýdy. Emma bu baýlygy peşgeş beren Badreddin Çakyr barada köňlüniň bir ýerinde müňkürlik döredi. Asly horezmli beglerden bolan Badreddin Çakyr Soltanşa bilen ýurtdan bile çykyp gaýdyp, oňa şunça ýyllaryň dowamynda hyzmar edip, indi dönüklik etmeginiň onuň özüniň aýdan sebäbinden başga hakyky sebäbi ýokmuka diýen pikir Tekeşe ynjalyk berenokdy. Badreddin Çakyr galanyň açaryny tabşyranynda Soltanşaga dönüklik etmeginiň sebäbini şeýle düşündiripdi: -Merhemetli Horezmşa Tekeş soltan hezretleri, men dönükleriň jezasy ölümdigini bilýärin. Şeýle-de bolsa men şu işi etdim. Sebäbi Sarahs galasy Soltanşanyň esasy daýanjy bolup, onuň ygtyýarynda dursa ol hiç haçan Siziň bilen hakyky ýaraşyk etmez. Bu sapar hem ol wagtdan utmak üçin ýalandan ýaraşyk teklip etdi. Häzir bolsa söweşe taýýarlanyp ýör. Söweş bolsa müňläp kelleler, şol sanda meniň horezmli watandaşlarymyň hem kelleleri gider. Şonuň üçin hem özümiň bir kellämi müňlerçe kelleleriň halas bolmagy ugrunda goýdum. Eger meni dönük hökmünde jezalap katl etdirseňiz, haýyşym, läşimi Horezme iberiň, tenim öz topragymda jaýlansyn. -Jenap Badreddin! Seni men jezalandyrmaryn, eger galany bize tabşyrmagyň hakykatdan hem urşyň öňüni almak üçin bolsa, saňa minnetdarlyk bildirmegimiz gerek. Seni dönük hökmünde jezalandyrmak bolsa ýagşylyga ýamanlyk etmek bolar. Eger sen mundan soň Soltanşanyň eline düşäýseň, ol seni hökman katl etdirer-diýip, Tekeş soñky sözüni “degişip aýdýan” diýen manyda ýylgyrdy. Tekeş degişip aýtsa-da, Soltanşanyň çynydy. Ol Çakyry nirede bolsa-da tapdyryp öldürtmekçidi. Arman, ol muňa ýetişmedi. Sarahsyň elden giden habary geleninde özünden gidip ýykylanyndan soň özüne gelip iki gün ýaşady. Onuň şu iki günlük ömri hem ýigirmi ýyllap tagt üçin alyp baran göreşiniň netijesiz bolmagy, aýratynda, iň bir ynamdar adamy Badreddin Çakyryň eden dönükligi baradaky azaply oýlar girdabynda geçdi. Şeýlelikde 589-njy hijriniň Ramazan aýynyň soňky güni (19-njy sentýabr 1193 ý) Jelaleddin Soltanşa Mahmyt dünýäden ötdi. *** Soltanşanyň ölümi ýigirmi ýyllyk garşydaşlyga soňky nokady goýanam bolsa Tekeş soltany begendirmedi. Soltanşa duşmany hem bolsa, gany bir gardaşydy. Bu ajy habar geleninde Tekeş wezir-wekilleri, serkerdeleri bilen geçiren maslahatyny ýaňy jemläpdi. Gapydanlaryň biri girip, Merwden Soltanşanyň weziri bilen baş serkerdesiniň gelendigini habar bereninde Tekeşiň ýüregi şo bada garaşylmadyk habaryň bardygyny duýup: -Girsinler-diýdi. Gelenler adatdaky tagzymy berjaý edenlerinden soň wezir Tekeşe ýüzlendi: -Merhemetli Horezmşa hezretleri, Siziň iniňiz, biziň hökümdarymyz. Jelaletdin Soltanşa Mahmyt hezretleri dünýäsini täzeledi. Biz bu ajy habar bilen birlikde merhumyň soran sebitini Horezmiň tabynlygyna, leşgerini öz goşunyñyzyň hataryna kabul etmegiňize ähli döwlet işgärlerimiziň, serkerdelerimiziň, emirlerimiziň isleg bildirýändiklerini mälim etmek üçin olaryň adyndan wekil bolup geldik. Tekeş soltan hiç zat diýmän uludan demini alyp, gelenlere “oturyň” diýen yşaraty etdi, gözüni ýumup dymdy. Ol Soltanşa aradan çyksa, yzynda galanlaryň ýurt bilen goşuny özüne tabşyrmakdan başga alaçlarynyň ýokdygyny bilýärdi. Ýöne häzir ol bu hakda däl, dünýäniň ötegçiligi, adamyň bolsa onda ebedi ýaşajak ýaly at üçin, şöhrat üçin, mertebe üçin, mal-dünýä üçin hars urup, çar tarapa at salyp, gylyç ýalaňaçlap, gan döküp ýörmeginiň bary ölümiň ýanynda biderek ekenligi hakynda oýa çümüpdi. Onuň ýumulan gözleriniň öňünden geçmişiň käbir pursatlary, çagalyk döwri, Soltanşa bilen äbe-de-jüýje bolup oýnan çaglary ýekän-ýekän geçýärdi. Ol: “Soltanşa bilen şol oýnap ýören çagalyk döwrümizde biri bize “Sizler erte ulalyp ata çykanyňyzda ýigirmi ýyllap biri-biriňiziň garşyňyza dyngysyz göreş alyp bararsyňyz” diýse ynanarmydyk?! Heý dünýä, geçýän ekeniň-ä!” diýip içini hümletdi. Tekeş soltanyň beýle iňkise batmagy töwereginde lam-jim oturan adamlaryň käbirlerini geň galdyrdy. “Atma-çapma şunça baýlyk ele salynsa, ýigirmi ýyllap dowam eden garşydaşlykdan dynylsa muňa begenmän gynanmalymy näme” diýen düşünjeli adamlardan düşünjesi tapawutlylar bolsa Tekeş soltanyň merhum duşmany hem bolsa bagyşlap bilýän, eger ol ganybiri bolsa bagyşlamak bilen oňa gyýylýan ýürekli, belent adamkärçilikli ynsandygyna ýene bir gezek şaýat boldylar. Bir salymdan gözüni açan Tekeş soltan ilki öz adamlaryna: -Bu jenaplaryň çaý-suwuna seredip, ugradyp goýberiň-diýdi. Soňra wekilleriň özlerine ýüzlendi: -Jenaplar, bizem siziň yz ýanyňyzdan ýetip bararys. Merhumyň jenazasyny bile okarys. Merhumy patyşalara laýyk merasym bilen jaýlamaly, şoňa taýýarlyk görüň!-diýip, Tekeş ýerinden turdy. Patyşanyň rugsady bilen adamlar hem dagaşdy. *** Wekilleriň yzysüre Tekeş soltan hem ýola çykdy. Agyr goşun bilen gelen Horezmşany Merwiň ulamalary, kethudalary döwlet işgärleri öňünden çykyp uly hormat bilen garşy aldylar. Soltanşanyň jenaza namazy Horezmşanyň gatnaşmagynda uly il bolup okaldy. Ony patyşalara laýyk dabara bilen jaýladylar. Şundan soň Horezmşa Tekeş soltan özüniň tabynlygyna geçen Soltanşanyň emirleri, serkerdeleri, döwlet emeldarlary bilen ýurtda tertip-düzgüni berkleşdirmek, adalat kadalaryny ornaşdyrmak barada uly meşweret geçirdi. -Horasanyň muhterem asylzadalary!-diýip, Horezmşa maslahata gatnaşyp oturanlara ýüzlenip, nutk sözledi.-Biziň Soltanşa hezretleri bilen aga-iniligimiz size mälim. Aga-ini bolubam biri-birimize duşmançylygymyz hem size mälim. Bu duşmançylygyň sebäpkäri täji-tagt belasy. Men aga bolup, inimiň gol astynda bolmagy islemedim, ol hem ini bolsa-da meniň üstümden agalyk etmegi isledi. Onuň islegi, meniň islemezligim aramyzda duşmaçylygy döretdi. Ýöne ölüm diýilýän zat her niçik duşmançylygy-da aradan aýyrýar. Indi biz enemizden dogan wagtymyzdaky ýaly aga-ini bolduk. Indi sizem hökümdaryňyzyň duşmanynyň däl-de, agasynyň tabynlygyna geçdiňiz. Alla Tagala agzybirligimizi bersin. Indi Horezm bilen Horasan agzybir bolup, bir döwlete gulluk etse, hiç bir kes biziň garşymyza çykmaga het edip bilmez, bize ýaranmaga, ýakynlaşmaga hereket ederler. Habaryňyz bardyr, öňräk Pars yragynyň hökümdary Togrul soltan adymyzy ýurduň ähli metjitlerinde hütbä goşduryp, bize tabynlygyny yzhar etdi. Horezmşa nutugynyň şu ýerine gelip, sözüne dyngy bereninde garşysynda oturan emirleriň biri elini gursagyna goýup, oňa ýüzlendi: -Aly hezret, ejaza berseňiz, Size bir habar aýtmakçy. -Aýdyň! Aýtjagyňyz hoş habardyr, elbetde. -Ýok, Aly hezret, hoş habar däl. Şonuň üçin muny öňräginden bilseňiz gowy. Men ýakynda bir adam bilen söhbetdeş boldum. Onuň aýtmagyna görä Togrul soltan özüniň ýakyn adamlary bilen oturanynda: “Bu horezminlileriň ýoguna ýanmasak hezil berjek däller” diýipdir. Horezmşanyň ýüzi üýtgedi: -Kim, näme edip, hezil bermändir oňa? -Siziň ol ýerde goýup gaýdan ygtyýarly wekiliňiz serkerde emir Tamgaç bilen aralarynda bir ýakymsyz zat bolan bolmaly. -Size bu gepi aýdan kim? Ol bu gepi kimden eşidipdir? -Aly hezret, bu gepi aýdan hemadanly söwdegär dostum. Ol bu gepi Togrul soltanyň, şol oturlyşygyna gatnaşanlaryň birinden eşiden adamdan eşidipdir. Horezmşa güldi: -“It ite buýrupdyr, item guýrugyna” diýen ýaly boldy bu gepiňiz, emir jenaplary! Gep dilden dile geçiberse üstüne goşulup gybata öwrülýär. Togrul soltanyň gyzy biziň gelnimiz. Garyndaşçylygymyzyň hatyrasyny saklajak bolsa, biziň garşymyza gidip bilmez, gitmegi mümkin däl-diýip, Tekeş soltan gaty ynam bilen aýtdy. Şol arada Horezmşanyň karargähine Bagdatdan halyf An Nasyryň wekili geldi. Ol ähli musulmanlaryň ymamy An Nasyr hezretleriniň sowgat-salamlaryny gowşuryp, halyfyň Togrul soltandan gaty närazydygyny, onuň halyfatyň ýerlerine-de hüjüm etmegini bes etmeýändigini aýtdy. Soňunda Togrul soltana degişli ýerleri Horezmşaga ykta hökmünde bermek baradaky halyfyñ manşuryny gowşurdy. Horezmşa Tekeş halyf bu sowgat-salamlar bilen özüni Togrul soltanyň garşysyna küşgürse-de, gan döküşikli söweş etmekçi däldi. Çünki Togrul soltanyň özüne hiç hili duşmançylygynyň ýokdugyna ynanýardy, ortada guda-garyndaşlyk bolan soň duşmançylygyñ bolmagy mümkin däl diýýärdi. Tekeş soltan “mümkin däl” diýip gaty ynam bilen aýtsa-da, Togrul soltan mümkin etdi. Onuň Reý bilen Tabaräkdäki Horezmiň goşun bölümlerine hüjüm edip, olary derbi-dagyn edendigini şol töwereklerde penalap ýören Kutlug Ynanç Horezmşaga habar etdi. Togrul soltan bu habarda aýdylmadyk başga-da bir aýylganç iş etdi. Ol söweşde ýesir düşen Horezmiň serkerdesi emir Tamgaçy katl edip, kellesini Horezmşaga iberdi. Togrul soltanyň bu etmişine ilki gaty dergazap bolan Horezmşa beýle zalymlyga Togruly näme mejbur etdikä, diýip inkise gitdi. Merwli emiriň meşweretde aýdany ýadyna düşdi, Tamgaç oňa näme ýamanlyk etdikä? diýen sowalyna jogap tapyp, şoňa görä hereket etmek kararyna geldi. Soňra huzuryna maslahatçysy baş hajyp Şyhabetdin Mäsudy çagyrdy: -Jenap Şyhabetdin, Togrul soltanyň bu eden işi barada pikirlenip gördüňizmi? -Gördüm, Aly hezret, sebäpsiz çöp başy gymyldamaýar. Emir Tamgaç bilen aralarynda bir erbet zat bolan bolmaly. -Ony nädip bilip bolar? -Aly hezret, indi ony Togrulyň özünden soramaly bolar. -Özünden nädip sorajak? -Men hat üsti bilen ony ýaraşyga çagyraýyn. Siz ýörüşi başlaberiň. Üstüne gelýän agyr goşun meniň hatymyň täsirini güýçlendirer. Şeýdip ony ele alsa bolar. Horezmşa hajybyň aýdanynyň amala aşjagyna kän bir ynanmasa-da, guda-garyndaşlygynyň hatyrasyna söweşden ýaraşygy makul gördi. Şeýlelikde Şyhabetdin hajyp Togrul soltana bir nama ýazyp gönderdi, Horezmşa Tekeş hem onuň üstüne ýörüşe başlady. Horezmşanyň goşuny Semnane gelip ýetende, oňa Kutlug Ynanç öz tarapdarlary hem-de Togrul soltany taşlap gaýdan emirleri bilen gelip goşuldy. Ol Horezmşanyň aýagyna ýykylyp, özüne hemaýat etmegini, Togrulyň garşysyna onuň bilen bile söweşe girmäge taýyndygyny mälim etdi. Tekeş soltan aýagyna ýykylyp, ýer ogşap ýatan bendäni galdyryp, sylag serpaý etdi. Oňa hemme taraplaýyn kömek etjegini bildirdi hem-de goşunyň öňdäki bölümine serkerde edip belledi. Şu arada Şyhabetdin hajybyň haty hem Togrul soltana baryp gowuşdy. Hajyp hatynda Togrul soltanyň ata-babalarynyň beýik hökümdarlar bolandygyny, özüniň hem şeýle hökümdar bolmaga hakynyň bardygyny ýatladyp, özi ýaly beýik hökümdar Horezmşa bilen ýaraşyga çagyrýar. Munuň üçin ol Reýi Horezmşaga tabşyryp, özi Sawe çekilse ýeterlikdigini nygtap, şunuň bilen Horezmşanyň kanagatlanjakdygyny, Reýe ogly Ýunushany goýup, özi Horezme gaýtjakdygyny, Ýunushan bolsa öz giýewisi onuň ygtyýarynda boljakdygyny düşündirýär. Emma Allatagala bendesini belalara sataşdyrjak bolsa, ilki onuň aklyny alyp, kalbyna men-menlik, kibry-nyhwat salýarmyş. Togrul Soltan hem kalbyndaky kibri ýeňip bilmedi, Şyhabetdin hajybyň näler özelenip, ýazan hatyna-da özüniň emirleriniň ýaraşyk hakyndaky maslahatyna-da gulak asmady. Maslahat beren emirlerine: “Belki, siziň aýdanlaryňyz dogrudyr. Emma meniň ýüregim şeýle etmegime idin berenok. Reýiň ilaty meni hormatlaýar, maňa ynanýar. Men ol ýerden gitsem horezmliler hökmürowan bolup, ilaty gysar, horlar. Meni bolsa gorkak, gaçyp gitdi diýip, näletlärler. Ýök! Men Reýi taşlap gitmen!” diýdi. Şeýlelikde ol söweşmegiň kararyna gelip, Yspyhandan, Zanjandan goşunlarynyň ýetip gelmegine-de garaşman özüniň az sanly topary bilen Reýiň golaýyna gelip ýeten Horezm goşunynyň öňdäki, Kutlug Ynanjyň başçylyk edýän bölümine hüjüme geçdi. Üstlerine at salyp, gylyç ýalaňaçlap gelýän duşman leşgerini gören badyna horezmlileriň ýaýçylary ilki bilen oka tutdular, peýkamlaryň jaýdar degenleri atlaryndan agyp, ýere ýazyldylar. Kutlug Ynanç atly toparyny öňe sürüp, garşydan gelýänler bilen garpyşdy. Gylyçlaryň biri-birine we galkanlara urlandaky darkyldysy, urşujylaryň ala-gykylygy bilen uly bolmadyk bu iki toparyň çaknyşygy uly zenzele turuzdy, ýöne zenzele-de garpyşygam uzaga gitmedi. Togrul soltanyň toparynyň aman galanlary atlarynyň başyny yzyna aýlap gaçdylar. Ine şonda Kutlug Ynanjyň, bir garagyna peýkam sanjylyp ýatan Togrul soltana gözi düşdi. Ol atyndan böküp düşdi-de, onuň üstüne abanyp, ajy ýylgyrdy. -Mahmyt, meni galdyr, alyp git. Şeýitseň ikimiz üçin hem gowy bolar-diýip, Togrul soltan ýalbardy. Kutlug Ynanç adyny tutup, ýalbaryp ýatan duşmanyna ýigrenç bilen seredip: -Seni, haýsy eden ýagşylygyň üçin şeýdeýin? Sen maňa ýamanlykdan başga zat etmediň-ä! Kazwiniň golaýyndaky söweşde men senden gaçyp gutuldym. Eliňe düşsem, näderdiň? Elbetde, öldürerdiň. Seniň meni öldüreniňden, meniň seni öldürenim gowy dälmi, maňa?-diýip, ýaňy dikelmäge çemelenen Togrul soltanyň ýeňse tarapyndan boýnunyň çykan ýerine zarp bilen gylyç saldy, kelle togalanyp düşdi, gana boýalan göwre ýene ýere ýazyldy. Kutlug Ynanç ýanyndaky urşujylarynyň birine kelläni alyp torba salmagy buýurdy. Şunuň bilen hemme meseläni çözen gysga pursatly bu kiçjik söweş Horezmşanyň ýetip gelen uly goşunyna uly söweş etmäge zerurlyk galdyrmady. Kutlug Ynanç Horezmşaga uly iş bitiren kişi bolup, buýsanç bilen Togrul soltanyň kellesini torbadan çykaryp görkezeninde Kutlug Ynanjyň garaşanynyň tersine Tekeş soltanyň ýüzi gamaşdy: -Mahmyt, şu işi nädogry edipsiň. Ony maňa diri tutup getireniňde has gowy bolardy-diýdi. Diýmesine diýdi welin, soňundan bu kelläni Bagdada iberip, halyfyň göwnüni hoşlajagyny oýlanyp, ýüzi birneme açyldy. Ol şeýle-de etdi. Kelläni şol günüň ertesi çapar bilen Bagdada iberdi. Horezmşanyň iberen “sowgady” halyf an Nasyry bir duşmanyndan dynanyna begendirip, ony Bagdadyň baş derwezesinden asdyryp goýdy. Emma indi ol minnetdarlygyň deregine özüni duşmanyndan dyndyranyň özündenem dynmagyň ugruna çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |