12:09 Gürgenç / 3-nji kitap -12 | |
XII BAP
Taryhy proza
Seljuklar nesilşalygynyň iň soňky wekili Togrul soltanyň ölüminden soň Horezmşa Tekeş 590-njy hijriniň rejep aýynda (1194 mart) onuň galan-gaçan leşgerini-de çym pytrak edip, Hemedany, Yspyhany we Pars Yragynyň aglaba bölegini eýeledi. Basyp alnan ýerleri öz emirlerine paýlap berdi. Şäherlerde döwlet emeldarlaryny aýryp, olaryň ýerlerine-de öz adamlaryny goýdy. Yspyhany Kutlug Ynanja, Hemedany, Reýi ogly Ýunushana berip, oňa atabek edip emir Maýaçugy belledi. Şeýdip, ähli işleri göwnüne jaý edip, Hemedanda ýeňişiň şanyna dabaraly toý tutdy. Toýuň dabarasy Bagdada hem baryp ýetdi. Halyf an Nasyr toýa çagyrylmanyna özüni hasap edilmedik saýyp, ýüregi çişen bolsa, basyp alnan Pars yragyndan hiç ýeriň özüne berilmedigine gahary bir çene bardy. Ol harby weziri Ibn al Kassaby huzuryna çagyrdy: - Jenap Ibn al Kassap, Horezmşa biziň halyflyk mertebämizi äsgermek islemeýär öýüdýän. Indi onuň bilen nähili dilde düşünişmeli-diýip halyp wezire soragly nazaryny dikdi. - Höküm siziňkidir, Halyfaýy zaman hezretleri, Siz näme emir etseňiz, ony berjaý etmek biziň borjumyzdyr. - Onda Siz on müň atly leşger bilen Asadabad belentligine baryp, goş taşlaň. Şol ýerdenem Horezmşaga biziň sowgat-serpaýlarymyzy hem-de, alan ýerlerine kanuny eýelik etmek hukugyny berýän manşurymyzy gowşurjakdygyňyzy aýdyp, çakylyk iberiň. Gelen badyna-da el-aýagyny daňyp, alyp gaýdyň. Şu işi başaraýsaňyz bu ýerde onuň bilen özüm hasaplaşaryn. Halyfyň emrini ýerine ýetirmek aňsat iş däldi. Ibn al Kassap muňa pugta taýýarlandy. Atarman-çaparman Kürtlerden, araplaryň beduinlerinden on müň atly goşun düzdi. Asatabada barýança ýolboýy Horezmşaga iberjek çakylygynyň mazmunyny kellesinde bişirdi. Menzile ýetip goş ýazdyranlaryndan, ol çakylyk namany ýazyp, çapar bilen Horezmşanyň karargähine iberdi. Bu mahal Tekeş soltan Pars Yragyndaky işleri bir ýüzli edip, Watana-Horezme gaýdarman bolup, uzak ýola taýýarlyk görýärdi. Şu arada Ibn Kassabyň çapary gelip, namany gowşurdy. Tekeş soltan halyfyň ondan eden tamasynyň çykmanlygy üçin nägile boljagyny bilýärdi. Şonuň üçin bu hatyň närazylyk namasydyr diýip pikir etdi. Emma haty açyp okanynda onuň bütinleý başga äheňde-özüne üýtgeşik hormat äheňinde ýazylandygyna bir bada geň galdy. Haty ikinji gezek ünsli okap, kinaýaly ýylgyrdy. Hat şeýle başlanýardy: “Muhterem Horezmşa Tekeş soltan hezretleri, Size külli musulman äleminiň ymamy Halyf An Nasyr hezretleriniň goýberen gymmat bahaly sylag-serpaýlaryny hem-de häzirde alan sebitleriňize kanuny eýelik etmek hukugyny berýän manşuryny dabaraly ýagdaýda gowşurmaklyga maňa emir etdi. Biz şu emri berjaý etmek üçin Asadabad belentligine gelip, karar tapdyk. Biz Siziň ýoluňyza gözýetimden başlap atlas-parçadan paýandaz düşäris. Siz hem öz goragyňyzdaky serbazlaryñyz bilen paýandazyň başlanan ýerinde halyf hezretleriniň hormatyna atyňyzdan düşüp, paýandazyň üstünden pyýadalap gelersiňiz. Siz gelip ýetýänçäňiz kernaý-sürnaý, deprekleriň çalýan sazy bilen Sizi dabaraly garşy alarys. Soňra uly dabara bilen halyf hezretleriniň hedýelerini gowşurarys. Size dogaýy salamlar bilen Beýik diwanyň harby weziri Ibn al Kassap” “Hop, şeý diýsene, jenap Ibn al Kassap! Meni şu gepleriňe ynanar öýdýen bolsañ, jüýjäni ir sanapsyň. Indi men ýok hedýeleri almaga barjagyma seni ynandyrmak üçin çaparyňa serpaý ýapyp goýbererin. Onsoň garaş bakaly, gözüň nämeler görer” diýip içini gepleden Horezmşa: -Çaparyň serpaýyny getiriň!-diýip, şu ýerde hyzmatda duran hadymlaryň birine buýurdy. Salym geçmän, bir ýaşyl mahmal don getirlip, çapar ýigidiň egnine atdylar. Serpaýdan wagty has bolan çapar Horezmşaga iki epilip tagzym etdi. -Ýagşy ýigit-diýip, Tekeş çapara ýüzlendi. -Bizem öz gezegimizde çagyryp myhmandarçylyk etsek birki öküz öldürsek ýetermi? Ýa köpçülikmi siz? Sada ýigit soragyň näme maksatda berlenini oýlanman, dogrusyny aýtdy: -Çagyrsaňyz, köp mal soýmaly bolar, on müň atly-da biz. -Hä, özümem şeýleräk bardyr öýdüpdim. Saňa rugsat, bizem basym ýola çykarys. Çapar gitdi. Horezmşa baş serkerdesi Şemseddin Aýuphany çagyrdy. Oña namany berip “oka!” diýdi. Namany okap bolansoň: -Nämäniň nämedigine düşündiňmi? - diýdi. -Düşündim, Aly hezret. Sizi duzaga düşürmekçiler. -Biz olaryň özüni duzaga düşüreris. Kassabyň goşunynyň sanyny çapardan anyklanymy hem eşitdiň gerek. -Eşitdim, Aly hezret. On müň ekeni. -Şol goşuny derbi-dagyn etmek üçin saňa näçe atly gerek? -Näçe köp bolsa, şonça ýagşy, iş tizräk bitýär. -Onuň ýaly bolsa özüňde ygtyýar. Bu işi tizräk gutar. Onsoň ýurda gaýdaly. Gürgenji juda kuýsedim-diýip, Tekeş serkerdesini Ibn al Kassap bilen söweşe ýollady, özi bu söweşi söweş hasap etmäni üçinmi ýa-da ýadawlykdanmy Hemedanda galdy. Ýogsa ol başga wagtda söweşlere özi ýolbaşçylyk ederdi. Ol: “Söweşi özi dolandyryp bilmeýän hökümdar ýurdyny-da dolandyryp bilmez, aýaldan tapawudy bolmaz” diýerdi. *** Çaparynyň serpaý geýip geleninden soň Horezmşanyň geljegine ynamy has artan wezir irden azan namazyny okap, çadyrynyň öňünde Hemedan tarapdan gaýdýan ýola garap durdy. Birden gara görümde ýer süýşen ýaly sansyz leşgeriň eňip gelýänine gözi düşen wezir aljyrady. Horezmşanyň özüne derek üstüne leşger iberendigini aňdy. Ol: - Adamlar! Atlanyň tiz! Ýagy gelýär!- diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Weziriň beýle aýylganç sesi leşgeriň goşunda şeýle bir başagaýlyk döretdi welin, entek ukusyndan doly açylmadyk urşujylar eşiklerini howul-halat, tersli-oňly geýip, biri-birine gygyryp, atlaryna tarap ylgaşýardylar. Wezir hem çadyryndan nämedir bir zadyny alyp çykyp, seýsi getiren atyna hasyr-husur atlandy-da, atyň başyny günorta öwrüp, Bagdada tarap tutdurdy. urşujylar hem onuň yzyna düşdüler. Horezmliler olary Dinawara çenli kowup bardylar-da yzyna dolandylar. Olaryň goşundaky zatlar galan ýerinde durdy. Ol zatlar horezmlilere olja boldy. Tekeş soltan bu bolan wakadan soň halyf bilen arasynyň bozulandygyny piňine-de alman, ýurdyna – köňül küýsegi Gürgenje gaýtdy. Emma oňa Gürgençde uzak wagtlap parahat durmuşda, ýurduň aladasy bilen ýaşamak nesip edermikä? Ol entek bu hakda oýlanman, sag-aman paýtagtyna gelip, adaty döwlet işleri bilen asuda durmuşyň lezzetinden bährement bolup ýaşaýarka, her haýsyna bir ýurt berip, yzynda goýup gaýdanlary nätdikä? Olaram parahat ýaşaýarmykalar? Eger Allatagala asy bendeleriniň kalbyna nebis diýen belanyň ÿerine kanagat diýen zady salan bolsady, ýer ýüzünde baky parahatçylyk bolardy. Barmana ýer, girmäge deşik tapman ýören Kutlug Ynanç diýen Allanyň asy bendesi Horezmşanyň eradasy bilen Yspyhan deý ne gözel ýurda eýe bolansoň şunuň bilen kanagatlanyp, parahat oturyberse bolmaýarmy? Bolanok. Ol Hemedany-da, Reýide, Pars Yragyny-da özüniňki etmese ýatyp ukysy gelenok. Ine şonuň üçin hem ol halyp an Nasyryň gepine gidip, öz ýarany Horezmşanyň ogly Ýunushan bilen onuň atabegi Maýaçygyň garşysyna göreşe başlady. Zanjanyň golaýyndaky söweşde Kutlug Ynanjyň goşuny derbi-dagyn edildi. Onuň özi galan-gaçan urşujylary bilen gaçyp, halyfyň weziri Ibn al Kassabyň Hulwan geçelgesindäki karargähine bardy. Wezir ony gujak açyp garşy aldy, hezzet-hormat etdi. Soňra oňa özüniň atly goşunyny berip, täzeden söweşe ýollady. 591-nji hijriniň şawwal aýynda (1195 ý. Sentýabr) bolan söweşde Kutlug Ynanjyň başçylygyndaky leşger horezmlilerden üstün çykdy. Ýunushan bilen Maýaçuk Hemadandan Reýe çekildiler, ol ýerdäki jeňde-de ýeňlişe sezewar bolup, Bistama, ondan Jurjana çekilmäge mejbur boldylar. Şeýlelikde tiz arada Pars Yragy horezmlilerden täzelendi. Ýunushan bilen Maýaçuk Horasana baryp, ol ýerden Horezmşaga bolan wakalar barada habar iberdiler. Horezm uzak ülke, ol ýere habar ýetip barýança, Horezmşa goşun toplap gelýänçe geçen aýlaryň dowamynda horezmlilerden alan ýerlerinde Ibn al Kassap halyfyň hazynasyny baýatmak üçin halka salgyt üstüne salgyt salyp almak bilen hem çäklenmän, şäherlerde göze ýakymly zat görse alyp, Bagdada iberip başlady. Kutlug Ynanç we onuň öz goşunyndaky Pars Yragynyň emirleri ýurduň beýle talanýandygyna närazylyk bildirenleri sebäpli aralaryna tow düşüp, gylyçlar ýalaňaçlandy. Weziriň goşuny Kutlug Ynançyňkydan on ese dagy köp bolany üçin ol gaçmaly boldy. Wezir ony kowup baryp Karaja şäheriniň golaýynda yzyndan ýetdi, şol ýerde-de Kutlug Ynanjyň goşuny doly derbi-dagyn edildi. Özi gaçyp zordan başyny gutardy. Şundan soň Ibn al Kassap Hemedana dolandy. Onuň Hemedanda keýpi-sapa sürüp oturmagy uzaga barmady. Horezmşanyň agyr leşgeri ýetip gelýärdi. Bu habary eşiden Ibn al Kassabyň ýüregine bükgüldi gitdi. Nätmeli? Gaçmalymy ýa garpyşmalymy? Bu sowallary çözmäge ol bende ýetişmedi-peýmanasy dolan eken, dünýäsini täzeledi. Horezmşa ýetip gelip, eýesiz galan goşuny derbi-dagyn etdi, olja baryny aldy. Hemedany eýeläp, bäş gün bolsa-da, jeňsiz-jedelsiz, dynç almak üçin şäheriň kaşaň köşkünde ýerleşdi. Horezmşa indi dostundan duşmanyna öwrülen Kutlug Ynanç bilen hem hasaplaşmalydy. Tekeş soltan onuň şu töwerekde bir ýerlerde bardygyny çak edýärdi. Ony tutup getirseler, bu dönüge eden ýagşylyklaryny, goldawyny, geýdiren serpaýlaryny ýadyna salyp, näme sebäpden Ibn Kassaba goşulup, öz ýaranlarynyň garşysyna uruş açandygynyň magadyna ýetesi gelýärdi. Tekeş soltany beýle dönükligiň gelip çykyşy gyzyklandyrýardy. Şonuň üçin ol emir Maýaçygy çagyryp, Kutlug Ynanjy nirede bolsa-da, tapyp, tutup getirmegi buýurdy. -Aly hezret, emriňiz haýal etmän berjaý ediler. Men ol näkesi dirileý ele alyp bilmesem, kellesini getirerin!-diýip, Maýaçuk ýerinden turup, tagzym etdi. -Emir!-diýip, Horezmşa gatyrnybrak aýtdy.-Maňa onuň kellesi gerek däl, özi gerek, düşündiňmi? -Düşündim, Aly hezret. Gitmäge ejaza berseňiz, men häziriň özünde onuň ugruna çykjak. Tekeş soltan geplemän, kellesini atyp, ejaza berdi. Maýaçuk Horezmşanyň huzuryndan kyn ýagdaýa düşüp çykdy. Çünki ol Tekeş soltan çagyrmazyndan öň Ýunushanyň köşkdäki otagynda başga gürrüň bolupdy. Ýunushanyň aýaly, Togrul soltanyň gyzy Aýdyň hatyn adamsyna “Kakaňyz kakamy öldürmekçi däl ekeni. Kutlug Ynanç kellesini alyp geleninde oňa: “Şu işi nädogry edipsiň” diýipdir. Kutlug Ynanç kakamyň katyly. Ol aýatda diri gezip ýörse meniň ýüregimiň ody öçmez. Indi ol siziňem duşmanyňyza öwrüldi. Ondan kakamyň aryny almak pursady geldi” diýip, gulagyny gazap başlady. Ýunushan aýalynyň göwni üçin Maýaçugy çagyryp, Horezmşanyñ Kutlug Ynanja aýdan "nädogry işini" onuñ özüne dogurlamagy maslahat berdi. Aýdyň gelin hem adamsynyň sözüniñ üstüni ýetirip: -Muhterem, Şemseddin aga, eger siz kakamyň ganyny alyp berseňiz, sizden bir ömür minnetdar bolardym, minnetdarlygymyň nyşany hökmünde size başgaça serpaý hem ederin-diýdi. Maýaçuk şonda Horezmşanyň niýetinden bihabar bolansoň Aýdyň gelne kakasynyň ganyny alyp bermäge söz beripdi. Tekeş soltana “Kellesini getirerin” diýeni şonuñ üçindi. Maýaçuk bu ýagdaýdan çykmagyň ýoluny agtaryp, ahyr bir netijä geldi. Ol Horezmşaga "Kutlug Ynanjy diri tutup getirerin" diýip söz bermändi, diňe buýruk alypdy. Ýunushan bilen onuň aýalyna bolsa söz beripdi. Ol buýrugy ýerine ýetirmezlikden sözünde durmazlygy has namys bilipmi ýa-da Aýdyň gelniñ “başgaça serpaý” diýeniniň nämedigini bilmek üçinmi, ýok, bularyň ikisi üçinem däl, Kutlug Ynanja berlen Yspyhan üçin onuň kellesini getirmegiň ugruna çykdy. Eger ony diri tutup getirse Tekeş soltan onuň günäsini geçäýmegi hem ahmal. Kellesini getirse Yspyhany özi eýelemegi mümkin. Maýaçuk Kutlug Ynanjyň nirede gizlenenini anyklamak üçin çar tarapa aňtaýjylary iberdi. Anyklady. Onuň ýanyndaky serbazlarynyñ ýüzden köp däldigini hem bildi. Indi ony ele salmagyň ugruny tapmalydy. Üstüne leşger çekip barsa, gaçar, tutdurmaz,şonuň üçin ony al bilen ele salmaly diýen karara gelen Maýaçuk onuň karargähine üç kişini ilçi edip iberdi. Ilçileriň aýtmaly-diýmeli sözleri, etmeli teklipleri öňünden gepleşildi. Kutlug Ynanjyň karargähi ýakynam däl eken, irden ýola düşen ilçiler atlaryny haýdap sürüp gün batmazyň öň ýanynda barmaly ýere baryp ýetdiler. Kutlug Ynanç ilçileri ynamsyzlyk bilen kabul etdi. Emma goşunynda gullukda ýören Yragyň emirleri hem ony taşlap gidenlerinden soň özüni işi gaýdan adam hökmünde görýän Kutlug Ynanç kimdenem bolsa haraý isleýänligi üçin ilçileriň gepini soňuna çenli ünüsli, umytly diňledi. Soňunda bir uludan demini alyp: -Aýdanlaryňyz dogry jenaplar. Ýöne meniň günäm juda agyr. Şonuň üçin Horezmşa hezretleriniň meni bagyşlajagyna nädip ynanjagymy bilemok-diýdi. Ilçileriň başçysy: -Muhterem Mahmyt beg!-diýip, adyny has mähirli äheň bilen tutup, Kutlug Ynanjy yrmagyny dowam etdirdi - siziň özüňiz hem Horezmşa hezretleriniň nähili giň göwünli, geçirimli, alyjenap adamdygyny bilseňiz gerek. Ol hezret siz barada şeýle diýýär: “Men Mahmyda az ýagşylyk etmedim, ony gerek ýerinde goldadym, kömek etdim, ýurt berdim. Munça ýagşylyklaryň yzyndan ýamanlyk etsem, meniň öňki eden ýagşylyklarymyň puç boldygy bolar. Men şu sapar hem onuň eden ýamanlygyna günäsini geçmek bilen ýagşylyk edeýin, jezasyny, goý, onuň wyždany bersin”. Onuň şu gepinden hem size jeza bermekçi däldigi mälim. Meniň pikirimçe: Horezmşa siziň söweş tälimini gowy bilýän ökde serkerdedigiňizi bilýändigi üçin goşunda sizden peýdalanmakçy bolsa gerek. Ilçiniň bu gürrüňleri Kutlug Ynanja birneme täsir eden ýaly boldy: -Bolýar, men baraýyn-diýdi. Ol bir salym dymyp durandan soň. -Ýöne men serbazlarymy alyp gitmäýin, näme bolsa ýeke özüme bolsun. Men olara häziriň özünde hoşlaşyp, jogap berjek. -Siz beýtmäň, jenap Mahmyt beg, serbazlaryñyzy hem alyp ýörüň. Horezmşaga näçe serbaz bolsa-da, gerek-diýdi Ilçi. -Horezmşaga gerek bolsa gerekdir, ýöne ortada Maýaçuk bar. Ol meni-de, serbazlarymy-da geçirmez. Horezmşanyň meniň günämi bagyşlany çyn bolsa, ol maňa degip bilmez, serbazlarymdan öjüni alar. -Nädogry pikir edýäňiz, jenap Mahmyt beg, Maýaçuk Horezmşadan birugsat bir adamyňyzyň bir tüýüni hem ýolup bilmez. Horezmşa bolsa oňa öç almaga hiç haçan rugsat bermez. Şonuň üçin hiç kimden gorkman, hemmäňiz bile ýöräberiň. Kutlug Ynanç ilçiniň sözüne doly ynanmasa-da töwekkel etdi. Ýüze golaý atlysy bilen ilçileriň yzyndan ýola düşdi. Bu mahal Hemedanyň golaýragynda iki ýüz esger bilen bukuda ýatan Maýaçuk Kutlug Ynanç deňine gelende birden hüjüme geçdi. “Iki adam bir adamyň hudaýy” diýlişi ýaly özlerinden iki esse köp leşgere Kutlug Ynanjyň esgerleri idilli garşylyk hem görkezip bilmediler, gaçany gaçdy, öleni öldi. Bu gysga jeňde ilki bilen Kutlug Ynanjyň kellesini aldylar. Şeýdip, Şemseddin Maýaçuk Ýunushanyň aýalyna beren sözüniň üstünden çykdy. Horezmşa oňa gaharlanyp: -Barybir öz aýdanyňy edipsiň-dä!-diýeninde ol: -Aly hezret, meniň aýdanym däl, Allanyň aýdany boldy-diýip, şanyň gazabyndan gutuldy. *** Horezmşa Tekeş soltan bu üznüksiz ýörüşlerden, uruşlardan birneme ýadapdy. Kutlug Ynanjyň dönükligi bolsa oňa juda agyr degipdi. “Ýa Taňrym, bu dünýäni, bu adamlary nätüýsli edip ýaratdyň? Kime ynanjagyňy, haýsy dostuňyň ýeňsäňden gelip, hanjar urjagyny bilip bolanok. Kime ýagşylyk etseň, ýerine ýamanlyk gaýdýar” diýip, içini hümledip oturan Tekeş soltan barybir töwekkel edip, birine ynanmaly boldy. Ol ogly Ýunushany ýurda alyp gitmekçi bolany üçin Pars Yragyny atabek Jahan Pehlewanyň ogly Özbege ynanyp tabşyrdy. Ýurdy dolandyrmakda oňa işbaşçy edip emir Jemaleddin Aý Abany belledi. Yspyhany bolsa Maýaçuga berdi. Maýaçuk munuň bilen maksadyna ýetenokdy, ol özüniň öňki ýerleri-Hemedana-da, Pars Yragyna-da eýelik etmekçidi, bolmady, atabek Özbek oňa aýalyň üstüne gelen güni ýaly boldy. Näme bolsa-da hökümdaryň emri. Etjek alajyň ýok. Emma taryhda hökümdaryň emrine garşy edilýän işler hem az däl. Tekeş soltan Horezme gaýdanyndan soň köp wagt geçmän horezmlileriň garşysyna uruş hereketleri başlandy. Ilki bilen halyf an Nasyr Yspyhany almak üçin Saýfetdin Togrulyň başçylygynda uly goşun iberdi. Maýaçugyň gol astyndaky Horezm goşuny arap goşunyndan iki esse az bolansoň garpyşyp, gandöküşlik edenden peýda ýokdugyny bilen Maýaçyk şäheri taşlap, leşgerine zeper ýetirmän Horasana gitdi. Yspyhan ýene Halyf an Nasyryň eýeçiligine geçdi. Şundan soň 591-nji hijriniň (1195 ý.) başynda Pars Yragynda Emir Izzeddin Gökçe başlyklaýyn Jahan Pehlewanyň gulamlary Pars Yragynyň käbir emirleri bilen dil birikdirip, horezmlileriň garşysyna uruş başladylar. Horezmşanyň bu ýurda baştutan edip goýup giden adamy Özbek elinden hiç zat gelmän soň bitarap bolup galdy. Onuň işbaşçysy horezmli Jemaleddin Aý Aba bolsa gaçyp, zordan başyny gutardy. Gökçeniň goşuny Reýi eýeläp, Yspyhana ýörüş etdi. Ol ýere baranlarynda şäheriň eýýam Seýfetdin Togrulyň başçylygyndaky halyfyň goşunynyň eýeländigini gördüler. Gökçe Togrul bilen bile hereket edip, tiz arada Pars Yragyny horezmlilerden täzelediler. Şeýlelikde Reýi degişli ýerleri bilen, Sawe, Kum we Kasan Gökçäniň eýeçiligine geçip, Yspyhan, Hemedan, Zanjan we Kazwin halyf an Nasyra degişli boldy. Halyf Gökçä alan ýerlerine kanuny eýeçilik hukugyny berýän manşur iberdi. Ýöne ol ýerlerden alynýan salgytlar halyfatyň hazynasyna iberilmeli edildi. Şeýlelikde bu sebitler ýene-de Horezmiň tabynlygyndan gitdi. Emma Horezmşa Tekeş soltan bu ýagdaýa kaýyl bolup oturyberermikä? Bu sowaly onuň özüne berseler, ol: “Eger men hökümdarlygy goýup, bir işana sopy bolsam bolar, ýogsa bolmaz, men hökümdar bolýan bolsam ol ýurtlary hökman gaýtaryp alarys” diýjegi hakdy. Emma entek muňa çenli biraz wagt bardy. Entek ol taraplarda bolan wakalaryň habary gelip ýetmändi. Horezmşa arkaýyn ýurdyň içerki işleri bilen gümrady. Şäherleriň, obalaryň abadançylygy, daýhanlaryň suw üpjünçiligi boýunça geçirilen işler bilen ýekän-ýekän tanyşýardy. Bazarlaryň haryt bolçylygyny görüp guwanýardy. Aýratyn-da hünärmentçilik işleri bilen gyzyklanýardy. Hünärmenlere döwlet tarapyndan salynýan salgyt juda ujypsyzdy. Bu bolsa hünärmentçiligiň pajarlap ösmegine getiripdi. Salgydyň şeýle ujypsyzdygyny Tekeş soltanyň bir neçjar bilen eden oýnundan hem bilse bolýar. Bu şeýle bolupdy: Tekeş ýanynda bir nedimi bilen hünärmentleriň ussahanalaryny aýlanyp görüp ýörkä bir neçjaryň ýasan oýmakär nagyşly gapysyna höwes bilen seredip durýar. Ussa bir baý hyrydar tapyldy öýdüp: -Göwnüňize ýaran bolsa alyň, size arzan bereýin-diýýär. Tekeş soltan ýylgyryp: -“Ýok, maňa gapy gerek däl” diýýär. Neçjar: -Onda saňa näme gerek aýt, ýasap bereýin-diýýär. -Ýasap bilseň maňa Horezmşanyň tagtyna meňzeş tagt ýasap beräý, alaýyn-diýip, Tekeş çyny bilen diýýär. -Bäh! Sen ýaman uludan tutdyň-ow. Men Horezmşanyň tagtyny görmedim, eger görsem ýasaryn. -Görmedik bolsaň arza gelen kişi bolup baraý, tagtynam görersiň, özünem. -Bolýa, baryp göreýin. Ýöne öňünden gepleşeli. Men aýdanyňy ýasap bersem, sen onsoň näme eçiljek, näçe berjek? -Eger ýasanyň göwnümden tursa, men seniň bir ýyllyk salgydyňy töläýin-diýeninden neçjar haha-haýlap gülüp goýberýär. -Eý musulman, meniň bir ýyllyk salgydymyň puluna bazarda tir tokluda bermeýärler. Berjegiň şu bolsa gidiber. Menden saňa tagt ýasan ýok! -Git diýseň gideýin, ýöne tagty baryp gör. Gowyny görmegem sogap diýýärler-diýip, Tekeş soltan ýylgyryp, ýoluny dowam etdirýär. Neçjara bu adamyň aýdany bir hili täsir edip, Horezmşanyň tagtyny baryp görmegi ýüregine düwýär. Ýöne näme arz bilen barjagyny iki günläp oýlanýar. Arz edere sebäp ýok. Hemme zady ýerbe-ýer. Hiç kimden ýamanlyk görmedi. Sebäp tapmanyndan soň dogrusyny-şol günki hyrydar bilen bolan gürrüňi we tagty görmäge gelendigini aýtmakçy bolup köşke barýar. Arzçylar köp däl eken, olam nobaty bilen şanyň huzuryna gireninde tagtda oturan Horezmşaga gözi düşüp, aň-taň bolýar. Aljyrap, tagzym etmegi-de unudýar. -Hä, neçjar! Tagty görmäge geldiňmi?-diýip Horezmşa gülýär. Şundan soň özüne gelen neçjar yzly-yzyna iki gezek tagzym edip, kellesini galdyransoñ: -Meni oýnan ekeniňiz-ow, Aly hezret-diýýär. Horezmşa: -Ýakynrak gel-diýip, golaýyna çagyryp, eline bir gysym tylla teňňe berýär-de: - Men saña bir ýyllyk salgydyñy töläýin diýpdim. Bu puluñ iki teññesi salgydyñyñ puly, galany seni oýnanymyñ jerimesi - diýýär. Neçjar sylag üçin tagzym edip, gitmäge ejaza soraýar. Horezmşanyň başyny atyp rugsat bermegi bilen ol yzyna tesip çykyp gidýär. Edil şol wagtda-da şanyň keýpini uçuran habar geldi. Şemsetdin Maýaçugyň iberen çapary Pars Yragynda bolan wakalary, sebitiň ýerlerini, şäherlerini halyf an-Nasyr bilen emir Gökçäniň paýlaşyp alandyklaryny gürrüň berdi. Horezmşa ýumrugyny düwüp, ýerinden turdy. Gahar-gazapdan ýüzine gany urup, çym gyzyl boldy. Ýanyndaky wezir-wekilleriň hem keýpi gaçdy. Horezmşa şu ýerde oturan serkerdebaşa garap: -Goşuny ýörüşe häzirle-diýdi-de çykyp gitdi. Hökümdar gidensoň başgalar hem dargaşdy. Adatça Horezmşa ýygnanyşykdan soň ilki adamlara rugsat berip, özi soňunda giderdi. Bu günki ýagdaý bolsa onuň gaharynyň aňry çäge ýetendigini görkezdi. Şeýlelikde, Horezmşanyň parahat durmuşy uzaga gitmedi. Ýene ýörüş, ýene söweş. Muňa ony ýene-de şol döwrüñ talaby mejbur edýärdi. Ýogsa paýtagtda gündelik iş-aladalardan soň meýlisler gurap, käte Terken hatyndan gizlin gözeller bilen eşrete maýyl bolup ýaşana ýetesi zat barmy. *** Üstlerine Horezmşanyň goşun çekip gelýändigini eşiden emir Gökçe bu habary derhal halyf an-Nasyra ýetirdi. Halyfyň iberen goşunyna özüniň leşgerini hem goşansoñ öz göwnüne uly goşun toplan kişi bolup, horezmlilere garaşdy. Horezmşanyň goşunyna Horasanda garaşyp oturan Maýaçuk bilen Ÿunushan hem özleriniň az-owlak leşgeri bilen goşuldylar. 592-nji hijriniň hamal aýynyň 30-ynda (1196 mart) Sawe şäheriniň golaýyndaky düzlükde iki goşun garpyşdy. Ilki araplaryň goşuny biraz ýadap gelen goşuny iki tarapdan hüjüme geçip, birneme aljyratjak ýaly etdi. Emma gylyç ýalaňaçlap söweşe giren Tekeş soltanyň: "Gerçeklerim! Horezminiň güýjüni görkeziň duşmana!” diýen haýkyrygy horezmlileriň bileklerine egsilmez güýç bolup indi-de, bir salym geçip, üstünligi ele aldylar. Şeýle ýagdaýda guşlukda başlanan söweş öýläne golaý araplaryň doly derbi-dagyn edilmegi bilen tamamlandy. Toýdan soň onuň yzyny ýygnamakdan söweşiň yzyny ýygnamak has kyn. Gurban bolanlaryň gural-ýaraglaryny ýygyp alyp, özlerini jaýlamak, olaryň dargap giden atlaryny tutup getirip daňmak uly iş bolýar. Söweş bir gün bolsa yzyny ýygnamak iküç güne çekýärdi. Näçe güne çekse-de, Tekeş soltan söweşden soň yzyny çaşyryp gitmeýärdi. Söweş bolan meýdanda söweşden yz goýmaýardy. Ol: “Ýagşy zatlardan yz galsa ýagşy, ýaman zatlardan yz galsa ýaman” diýýärdi. Tekeş soltan depede gurlan çadyrynyň öňünde söweş bolan meýdanda işleriň gidişine esewan edip durka iki serbaz bir kelle ýalaňaç adamy öňlerine salyp getirdiler-de onuň öňünde dyza çökdürdiler. -Bu kim?-diýip, Horezmşa dyzyna çöküp oturany tanajak bolup, oňa synlap seretdi. -Aly hezret, bu emir Gökçe bolmaly. Ýesirleriň arasyndan tapdyk-diýdi serbazlaryň biri. -Emir Gökçe diýsene, pitneçileriň baştutany!-diýip, Horezmşa oňa ýigrenç bilen garady. -Sen nä, halyfyň alkyşyny alsam, jenneti bolaryn diýip, bu işe baş goşduňmy?! Gökçe demini çykarmady. -Geplemeseň seni tama eden jennetiňe ugradaýyn, alyp gidiň muny!-diýdi. Serbazlar Gökçäni iki goltugyndan tutup, galdyranlaryndan ölüme gitjegini aňyp: -Beýik Soltan hezretleri, meniň günämi geçiň, galan ömrümi Siziň hyzmatyňyzda geçireýin-diýip ýalbaryp başlady. Horezmşa: -Meniň hyzmatymda adam köp, saňa zerurlygym ýok. Jennetiňe tizräk baryber!-diýdi. Serbazlar ony idirdedip ugranlaryndan ol Horezmşaga gaňyrylyp: -Onda meniň soňky sözümi diñle!-diýip, çasly seslendi. Horezmşa serbazlara: -Duruň! Ony bäri öwrüň, soňky sözüni diňläli, näme diýjekkä-diýdi. Gökçe “Barybir ölmeli bolsam, içimi sowadyp gideýin-de” diýen pikir bilen söze başlady: -Tekeş! Men jennetden tama edip, halyf bilen birleşmedim. Maňa jennet nesip edermi ýokmy, ony Alla bilýär. Ýöne seniň dowzaha düşjegiň anyk. Sebäbi sen öz ýurdyňda Allatagala tagat-ybadat kylyp, adyllyk bilen höküm sürüp, parahat oturmaga derek, näçe ýurtlary basyp aldyň, näçe gan dökdüň. Sen bu etmişleriň jogabyny ahyretde bermeli bolarsyň ähbetin! Men bolsa kesekiniň ýurdyny basyp almak üçin däl, öz ýurdymy sen basybalyjydan azat etmek üçin halypa bilen birleşdim. Al indi, meni asypmy, çapypmy nädip öldürmelisini-de bu jellatlaryňa aýdyp goýberäý! Beýle söze garaşmadyk Horezmşa oňa bir salym dikilip galdy. "Hakykaty boýun alsam, munuň aýdanlary hak. Ýöne zamana, döwür şeýle bolsa men günäkärmi?. Men basyp almasam, meni basyp alarlar. Şonuň üçin biriniň astynda bolandan üstünde bolan gowy dälmi?” diýip içini gepleden Tekeş soltan dogry sözi aýdyp, mertlik edeni üçin onuň günäsini geçmek kararyna geldi. Soňra: -Emir, şeýle sözi menden başga hökümdaryň ýüzüne aýtsaň, seni deň ikä böldürerdi. Emma seni nädip öldürmegi indi men aýtmaýyn, ony özüň aýdaý. Sen näme aýtsaň men razy bolaýyn-diýdi. Janyndan umydyny üzen Gökçeniň Horezmşanyň bu sözünden soň umyt gaýdyp gelen ýaly bolup, ak esgä dönen ýüzüne birneme gyzyl çaýyldy. Ol: -Aly hezret, patyşalaryň agzyndan çykan her bir sözüne Alla şaýat diýýärler. Siz häzir Allanyň şaýatlygynda meniň aýdanym bilen razylaşjakdygyňyzy aýtdyňyz. Indi men aýtsam, meni asyp hem, çapyp hem öldürmäň-de, gylyçdan hem ötkür söz bilen öldüriň-diýdi. Horezmşa güldi: -Emir, men seni öldürjek bolsam, “özüň aýdaý” diýip oturmazdym, günäňi geçenim üçin şeýle diýdim. Şonuň üçin saňa soran sözüñi hem aýtjak däl. Men seni ölümden azat edýän, ýöne ýesirlikden däl. -Aly hezret, Siz “günäňi geçdim” diýdiňiz ahryn... -Men seniň pitnä baş bolup, eden günäňi geçdim. Sen duşman urşujysy hökmünde biz bilen söweşe girip, ýeňilip, ýesir düşdüň. Bu öňki etmişiňden aýry iş - diýip, Horezmşa serbazlara Gökçäni ýesirleriň arasyna eltip goýmagy buýurdy. Gökçe ýesirleri goşun bilen bile Yspyhana sürmezlerinden öň ýesirlikden gaçyp gutuldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |