13:37 Gürgenç / 3-nji kitap -2 | |
II BAP
Taryhy proza
Il-Arslan dört ýylyň dowamynda Jentde başga-da bolan wakalary göz öňünden geçirip, uzak ýoluň menzillerinden hyýal atynda aşyp, Seýhunyň boýuna gelip ýetdi. Güýzde suwy birneme gaýdyşan derýadan agyr goşun sallarda bir gijede geçdi. Şuňa çenli üstüne leşger gelýäninden bihabar bidinler gapyl galyp, garşylyk görkezip bilmän gaçdylar. Il-Arslan “Gaçany kowujy bolma” diýen pendiň bardygyna garamazdan, olaryň yzyndan goşunynyň bir bölüminden ybarat kowgy iberip, baştutanlaryny ýesir alyp gelmegi, galanlaryny gylyçdan geçirmegi buýurdy. Munuň sebäbi ony özüniň bu ýerde goýup giden emeldarlarynyň we bir kowçum leşgeriň ykbaly gyzyklandyrýardy. Olaryň näme edilendigini bidinleriň özünden bilip, olar üçin ar almakçydy. Leşger şäheriň daşynda goş taşlady. Goragyndaky esgerler we wezir-wekilleri bilen şähere giren Il-Arslany köçelere çykan ilat onuň tama edişi ýaly uly şatlyk bilen däl, ýöne bir bilesigelijilik bilen ses-şowhunsyz garşylady. Mundan ol ilatyň bidinlerden hiç hili zulum görmändigini aňdy. Il-Arslan Jendiň köşkünde ýerleşen badyna özüniň wezipä goýup giden ýerli emeldarlary gelip, ony mübäreklediler. Olaryň aýtmagyna görä bidinler olary wezipeden boşatman alty sany horezmli emeldary zyndana salyp, olaryň ýerine öz adamlaryny goýupdyrlar. Muny eşiden Horezmşa derhal zyndana adam iberip, olary boşadyp getirtdi. Bir ýyldan gowurak zyndanda gün görmän oturan, ýüzleri ak esgi kimin, saç, sakallary ösüp giden watandaşlaryny gören Horezmşa olaryň diridigine şükür etse-de, görnüşlerine, ýagdaýlaryna ýüregi gyýyldy. Zyndanda bolsalaram ähli zatdan habarly ildeşleri Il-Arslany mübäreklediler, täji-tagtynyň berkarar bolmagyny dileg etdiler, pederiniň aradan çykanyna gynanç bildirdiler. -Jenaplar, birneme horlanypsyzyň, bu bidinler sizi çaý-nahardan gysanokmy?-diýdi Il-Arslan. Özüniň ýerine waly edip goýup giden ýaşlykdaky dosty, degişgen häsiýetli Seýfiddin Sadyk: -Zyndandaky edilýän hezzet meýlislerdäki ýaly däl eken-diýip, hemmeleri gülüşdirdi. -Ýöne Kemaleddin hanyňky ýaly söýgiliň bolsa, zyndanda-da hor boljak däl ekeniň. Oňa bir zenan her gün üç wagtyna çaý-nahar daşaýar. Bu gep Il-Arslany juda gyzykdyrdy: -Bä! Kimkä ol zenan? Bu ýerde onuň beýle mähriban kimi barka? -Aly hezret, zyndanbanyň aýtmagyna görä ol pederiňiz Atsyz hezretleriniň janyna kast eden zenanmyşyn. -Aý ýoga! Pederim ony jellada tabşyrypdy ahyry. -Aly hezret, bilesiňiz gelse, bir salymdan ol Kemaleddine şamlyk nahar getirýär, ony bäri aldyryp, sorap göräýiň. Il-Arslan Seýfiddiniň aýdany boýunça zyndana adam iberip, ol zenany getirtdi. Gapydan giren zenanyň gözelliginiň entegem solmandygyny gören Il-Arslan pederiniň şu gözelligiň toruna çolaşyp, tas janyndan dynjagyny göz öňüne getirdi. Ol tagzymdan başyny galdyran zenana garap: -Sen Şahyna dälmi?-diýdi. -Hawa, men şol Şahyna-diýip, ol säginmän jogap berdi. -Horezmşa Atsyz hezretleri seni jellada tabşyryp-da, jellatdan nädip sypdyň? Şahyna bir bada "Horezminiň patyşasyndan jellady rehimdarrak ekeni” diýip, jogap bermekçi boldy, ýöne “Munuňam gazabyna uçraýmaýyn” diýen gorkusyna: -Jelladyň özi rehim edip goýberdi-diýdi. "Muny ölümden gutaranam şu üýtgeşik gözelligi bolsa gerek. Eger jelladyň ýerine özüm bolan bolsamam, bu gözellige gylyç urmaga gözüm gyýmazdy” diýip, içini gepleden Il-Arslan indi oňa başga sowal berdi: -Sen Kemaleddiniň kimi bolýaň? -Men onuň magşugy. Biz biri-birimizi çyn ýürekden söýýäris. Şonuň üçinem men ony taşlap gidip bilmedim. Dört ýyl bäri men bir baý hatynyň öýünde hyzmat edip, hyzmat hakyma Kemaleddin hana üç wagtyna nahar getirip berýän. -Sen ömrüň ötýänçä şeýdip gezjekmi? -Alladan umydym bar. Gije-gündiz Allaga mynajat edýän. Mynajadym kabul bolup, bir gün ol azatlyga çykar, onsoň ýurdumyza gidip, bagtyýar ýaşarys. Ine şu umyt hemem Kemaleddin hana bolan söýgim meni ähli kynçylyklara berdaş bermäge mejbur edýär. Il-Arslan bu zenanyň geplerini diňläp, dünýäde şeýle beýik söýgüniň, beýik wepadarlygyñ, beýik berdaşyň bardygyna haýran galýardy. Söýgülisi üçin janyny howp astyna goýup, hökümdaryň janyna kast etmäge synanyşmagy, dört ýyllap hem bu edip ýören işi söýgüsiniň ýolundaky gahrymançylykdygyna ol ten berdi, ýüregi ýumşady. Kemaleddin indi döwlet üçin howply däldi, zyndandan çykdygy Şahyna ony ýurduna Mawerennahra alyp gitjekdigi anykdy. Şeýle pikir öwren Horezmşa: -Şahyna! Seniň Hudaýa eden mynajatlaryň kabul boldy. Men Kemaleddin hany azat edýän -diýdi. Şahyna bir bada gulaklaryna ynanmady, arzuwym ses bolup eşidilýärmikä öýtdi. Onuň aljyranyny duýan Il-Arslan soňky sözüni gaýtalanynda Şahyna şanyň aýagyna ýykyldy, diline gelen ähli alkyşlaryny aýtdy, soňra ýerinden turup, iki elini gursagyna goýup, durdy. Il-Arslan: -Şahyna, zyndan tarapa baraý, häzir Kemaleddini çykararlar, özüňize-de at-ulag, ýol harajadyňyzy bererler-diýdi. Şahyna yzly-yzyna iki gezek tagzym edip, arkasy bilen ýöräp, çykyp gitdi. Patyşanyň bu eden işine haýran galyp, kellelerini ýaýkap duran öňki emeldarlaryna garap Il-Arslan: -Ýeri, jenaplar, bu işimiz dogry boldumy ýa nädürsmi?-diýdi. Seýfiddin Sadyk beýlekilerden öňürtiläp hoşamat etdi: -Juda dürs iş boldy, Aly hezret. “Ýagşynyň köňlünde kine az bolar” diýilýär. Siz taryha girjek beýik rehimdarlyk etdiňiz. Il-Arslan Seýfiddiniň ýaranjaňlyk edip aýdan hoşamadyna kinaýaly gülümjiredi-de: -Indi sizlerem özüňiziñ öňki wezipeleriňize girişiberiň-diýdi, yzyndanam-Ýöne bu görnüşiňizde däl-diýip degişdi. Ýene-de Jendiň köşgüniñ eýelerine öwrülen emeldarlar Horezmşaga tagzym edip, görnüşlerini täzelemek üçin şanyň huzuzryndan çykdylar. *** Bäş gün diýende kowguçylar ellerini arkasyna daňlan alty adamy getirip, Horezmşanyň oturan tagtynyň öňünde dyza çökerdiler. Il-Arslan ýesirlere hyrsyz nazaryny aýlap, soñ kowguçylaryň serkerdesine: -Meniň aýdanymy eden bolsaňyz, uly iş bitiripsiňiz. Hany, habaryňy ber, nähili boldy?-diýdi. Serkerde bir hili ýaýdanyp: -Aly hezret, bir kaşyk ganymy geçiň, Siziň "Başgasyny gylyçdan geçiriň” diýeniňizi edip bilmedik... -Näme üçin?!-diýip Il-Arslan serkerdäniň sözüni böldi. -Biz olaryň yzyndan ýeten badymyza iki tarapdan at salyp, gurşap aldyk. Olar hiç hili garşylyk görkezmän, atlaryndan düşüp, teslim boldular. Görsek, leşger diýeniň ýarysyna golaýy gelin-gyzlar. Jemi üç ýüze golaý adam. Jendi alanlarynda gatnaşan urşujylarynyň köpüsi gidip galypdyr. Baştutanlary-da özlerini äşgär etdiler, ýaşyrynjak bolmadylar. Onsoň olary beýlekilerden aýry ellerini daňyp getirdik, galanlary daşarda. -Gelin-gyzlar diýeniň olaryň maşgalasymy? -Ýok, Aly hezret, olaram urşujylar bolmaly. Billerinde gylyç, hanjar, başlarynda gyrma telpek, erkekçe geýnen. Onda sen olaryň gelin-gyzlardygyny nädip bildiň? -Iki örüm saçlary käbirleriniň öňünde, käbirleriniň arkasynda. Onsoňam ýüzlerindenem belli bolup dur, özlerem üýtgeşik owadan. Il-Arslan kellesini ýaýkap, gülümjiredi: -Sen şol owadanlygy göreniňden, agzyň suwaryp, gylyçdan geçirmäge dözen dälsiň. -Men günäkär, Aly hezret... -Patyşanyň emrini ýerine ýetirmedik günäkär, elbetde. Emma käbir buýruklar ýagdaýa görä ýerine ýetirilmese-de bolýar. Senem şu sapar meniň görmän, bilmän beren buýrugymy ýerine ýetirmän dogry edipsiň. “Egilen başy gylyç kesmez” diýipdirler. Daşardaky ýesirleriň barada soň gepleşeris. Bularyň içinde özüni han diýip, yglan edeni haýsy? Horezmşanyň sowalyna serkerdeden öňürti ýesirleriň ortasynda çöke düşüp oturan daýaw pyýada düşnükli türki dilde: -“Han diýenleri ine men!” diýip jogap berdi. Il-Arslan onuñ gytyk gara sakgal-murtly garaýagyz ýüzüne, ýanyp duran ala gözlerine nazaryny dikip: -Galtamanlaryň hanydygyňy boýun aldyň, indi eden işleriňizi hem boýun alarsyň, belki-diýdi. -Galtamanlar diýeniňizden başga eden işimizi boýun alaryn. Biziň eden işimiziñ hem döwrümiziň basybalyjylarynyň, şol sanda Horezmşalaryň edýän işinden tapawudy ýok. Ilki Jendi siz basyp aldyňyz, bir däl, birnäçe gezek. Indi bize-de nobat ýetendir diýip, ýörüş etdik, açyk söweşde ýeňiş gazandyk. Size gerek boluşy ýaly, bize-de ýer, ýurt gerek. Şonuň üçinem bu işi etdik. Emma söweşde iki tarapdan hem gurbanlar az bolmady. Siziň aman galan esgerleriňiz gaçdylar. Bizde gaçany kowmak adaty ýok. Il-Arslan bir salym lam-jim boldy. Pederiniň Mangyşlaga, Jende, Buhara eden ýörüşleri ýadyna düşdi."Bu zaňgar dogrusyny aýtdy-aýt” diýip, içini gepletdi. Soňra: -Sen ýaman mert gepleýäň-le, eger hakykatdan hem mert bolýan bolsaň, näme biziň gişunyň garasy görnenden garşysyna çykman, derrew teslim bolupsyň? -Üç ýüz adam bilen müňdenem köp leşgeriň garşysyna çykmak mertlik däl-de, akmaklyk. -Akmaklyk diýýäňmi, men muny gorkaklyk diýýän. Mert hiç haçan teslim bolmaýar, mertlerçe söweşip gurban bolýar. -Bu diýýäniňiz bir adamyň gürrüňi. Men ýeke özümiň mertligimi görkezjek bolup, gol astymdaky üç ýüz adamy, onuň ýüzden gowragy gelin-gyzlary gurban edip bilmen ahyryn! Muňa hakym hem ýok. Il-Arslan öz içinden bu adamyň aýdanlarynyň ählisiniň dogrudygyny, onuň mertligini boýun almaly boldy. Ýöne duşmana syr bildirmezlik üçin gaharly gepledi: -“Sen bizde gaçany kowmak adaty ýok” diýip, özüňi ynsanperwer adam edip, görkezjek bolýaň. Eger hakykatdan hem sen şeýle adam bolýan bolsaň, size hiç hili garşylyk görkezmedik biziň alty emeldarymyzy näme üçin bendizyndan etdiň? -Adatda duşmany howpsyzlandyrmak üçin ony ýa öldürýärler ýa-da bendizyndan edýärler. Şonuň üçin biz hem Kemaleddin ibn Arslan hany bendizyndan eden Horezmşa Atsyz hezretleriniň göreldesine eýerip, Siziň alty emeldaryňyzy Kemaleddin hanyň ýanynda goýdyk. Hanyň bu gepi hem dogry bolsa-da, Il-Arslana gödegiräk duýuldy. Ol gahar bilen: -Sen meniň kimdigimi bilýäňmi?!-diýdi. -Bilýän. Siz Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslan hezretleri. -Şuny bilýän bolsaň, şalar bilen gödek gepleşmek ölüm howpludygyny bileňokmy? -Ony-da bilýän. Ýöne Siziň dogry sözlerim üçin meni ölüme buýurmajagyňyzy hem bilýän. -Ony nirden bilýäň? -Biziň kowmumyzda adama bir garanynda onuň içki dünýäsini görýän, ondan nämelere garaşyp boljakdygyny aňýan duýgur adamlar bar. Menem şolaryň biri. Il-Arslan onuň bu gepine täsin galyp, ýylgyranyny duýman galdy. -Onuň ýaly duýgurlygyn bolsa, seniň bilen tanyşlyk açaly, adyň kim? -Adym Baýdur han. Il-Arslan kinaýaly gülümjiredi: -Indi sen han däl-ä. Şonuň üçin Baýdur diýip, aýtsaň dogry bolar. -Men özümi diňe Jendde han dikmedim. Men öňdenem öz kowmumyň, taýpamyň hany bolanym üçin han sözi adyma öwrülip, Baýdur han diýen at öz adym ýaly bolup galdy. Il-Arslana bu dogry sözli, mert adam ýaramanam durmady. “Beýle mert, parasatly adamlar seýrek duş gelýär. Eger bize gulluk etmäge razy bolsa, men muny goşunda müňbaşy edip goýardym” diýip, öz ýanyndan pikir öwren Il-Arslan oňa synçy nazaryny dikip diýdi: -Baýdur han, seniň dogry sözlüligiň, mertligiň maňa makul boldy. Şonuň üçin saňa bir teklibim bar. Eger sen daşardaky adamlaryň bilen Yslamy-biziň dinimizi kabul edip, bize gulluga geçseňiz, men seni goşunda müň esgere han ýagny müňbaşy edip goýaryn. Baýdur han säginmän jogap berdi: - Horezmşa hezretleri! - ol birinji sapar Il-Arslanyň şalyk mertebesini dile alyp, ýüzlendi.-Teklibiňiz gowy teklip, ýöne men ony kabul edip bilmeýän. Sebäbi kowumdaşlarym meni dönüklikde, Horezmşaga satylanlykda günäläp, adymy näletlärler. Ýagşysy, ynsanperwerlik edip, bizi azat edip goýberseňiz Sizi bütin kowmumyz bolup alkyşlarys. Il-Arslan onuň gepine jogap bermezden öň olary getiren serkerdä: -Ellerini çözüň! - diýip buýruk berdi. Soňra elleri çözülen ýesirlere garap bir salym sägindi-de, Baýdur hana ýüzlendi: -Men sizi azat edeýin, ýöne sen, Baýdur han, han bolup sözüň geçýän bolsa, kowmuňy Yslamy kabul etmäge boýnat. Dinimiz bir bolsa, aragatnaşygymyz hem gowy bolar. Siziň kowmuňyzdan biziň goşuna gulluga geljekler hem tapylar. -Biziň adamlarymyzy Yslamy kabul etmäge mejbur edip bolmaýar, Aly hezret. Sebäbi bäş wagt namaz okamak, oraza tutmak ýaly Yslamyň şertlerini berjaý etmäge olaryň wagty ýok. Güzeran aýlamak üçin olar gije-gündiz at üstünde. Mallary bakmak, aw awlamak, gyş üçin ot, ýakmaga odun taýýarlamak işleri garaz başga-da hysyrdylary ýeterlik. -Yslamda ybadaty durmuş zerurlyklary bilen bagly işlerden boş wagtlarda etse hem bolýar. Seniň aýdanlaryň bolsa bir bahana. Sizler külli barlygy ýaradan Hudaýa ynanman, ahyretiňizi oýlaman o dünýäniň dowzahyndan gorkañyzokmy? -Aly hezret, men Siziň “Hudaýa ynanman” diýeniňize jogap bereýin. Biziň Yslam ýaly dinimiz bolmasa-da, Hudaýymyz bar. Biz oňa ynanýarys, oňa sygynýarys. Il-Arslan sözüniň geçmedigine gahary gelse-de, Baýdur hany kesirlikde günälemege esas tapmady. “Nätmeli? Bulary mejbur edip bolanok, çünki Yslamda zorluk ýok. Azat etmek hakyndaky haýyşyny-da ret etmedim. Şonuň üçin bulary boşadyp goýberäýmeli bolýar” diýip, pikir öwren Il-Arslan Baýdur hana garap: -Men sizleri boşadyp goýbersem, biz gidenden soň Jendde ýene çozuş etmermisiňiz?-diýdi. -Ýok, Aly hezret, etmeris. Men Size kowmumyň adyndan söz berýän! Il-Arslan bulary getiren serkerdä ýesirleriň baryny boşadyp, ugradyp goýbermek hakynda buýruk berdi. *** Yslamyň beýik serhedi adyny alan Jendi gaýtadan alyp, ony Horezmiň tabynlygyna geçiren Horezmşa Il-Arslan Gürgenje dolandy. Onýança baş serkerde Aýuphan hem Mangyşlakdan ýeňiş bilen gaýdyp geldi. Iki ýurt Jend bilen Mangyşlak bidin türkileriň elinden alnyp, Horezmiň serhetleri öňküsi ýaly has giňeldi. Bu şatlykly waka mynasybetli köşkde şagalaňly meýlis guraldy. Oňa ähli döwlet işgärleri, emirler, serkerdeler, alymlar, şahyrlar, şäheriň mähelleleriniň kethudalary çagyryldy. Meýlisde Horezmşa Abul Fath Il-Arslanyň, onuň ýeňişli saparynyň şanyna bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlanyp, şahyrlar hamdu-senaly kasydalaryny okadylar. Ýene bir tapgyr aýdym-sazdan soňra Horezmşanyň münşüsi, köşk şahyrlarynyň serweri Reşiteddin Watwat ýerinden turdy, patyşaga tagzym edip, söz sorady. Adyna, şanyna okalan kasydalardanmy, meýdenmi keýpi çag bolup oturan Il-Arslan Reşiteddine söz bermän, özi sözledi: -Jenaplar! Ata mirasy mukaddes hem gadyrlydyr diýilýär. Meniň pederimden galan mirasymyň mukaddesi ata Watanym Horezm bolsa, pederimden galan mirasymyň gadyrlysy ine, şu söz sorap duran Reşiteddin al Umary jenaplarydyr. Şeýle bolansoň bu kişige söz bermän bolýamy. Söz Size jenap Reşiteddin! Patyşanyň özi hakyndaky hoşamaý sözlerine monça bolan Watwat minnetdarlyk hökmünde çuňňur tagzym edip, kellesini galdyranyndan soň, jemagata ýüzlenip, söze başlady: -Muhterem jenaplar, penäkärimiz Horezmşa hezretleri meni gadyrly ata mirasym diýip, depämi göge ýetirdi. Men Aly hezretimiziň pederine nähili hyzmat eden bolsam, özüne-de ömrüm ötýänçä şeýle hyzmat ederin-diýeninden Il-Arslan onuň sözüni bölüp: -Eýle diýmäň, jenap Reşiteddin. Men Sizi özümden soňky şa boljak neslime miras goýup giderin. Siz oňa-da hyzmat etmeli bolarsyňyz-diýdi. (Degişme äheňinde aýdylan bu söz taryhyň güwä geçmegine görä çyna öwrüldi). -Aly hezret, beýle diýmäň, beýle bolmasyn. Men Sizden öň gideýin-diýip, Reşiteddin özelenip aýtdy. -Meniň aýdanym bolýamy ýa-da Siziň dilegiňiz. Bu zatlar Allanyň ygtyýarynda. Şonuň üçin başga aýtjagyňyz bolmasa rakkasalara nobat bereli. -Uzur, Aly hezret, rakkasalardan öň özüňiz bilen ata miras şäheriňiz Jenden gelen istedadly şahyr Gyýaseddin Abul Majd al Jendi jenaplaryna nobat bereli. Meniň söz sorap, aýtjagym şu hakdady. -Ä-hä, jenap Gyýaseddin Jendi nobat soraýan bolsa bereli. Horezmşanyň ejazasyndan soň orta çykan inçesagat, uzyn boýly, sakgal-murty ýaňy taban, bugdaýmeňiz ýaş ýigit tagzymdan soň goltugyndan naý şeklinde dolanan kagyz çykaryp patyşaga ýüzlendi: -Merhemetli Horezmşa hezretleri, men Siziň köşgüňizde birinji sapar çykyş etmek bagtyna miýesser bolanym üçin Size çäksiz teşekkurlerim bar. Ejaza berseňiz, Size bagyşlap ýazan hamdi-senamy okap bereýin - diýip, elindäki kagyzy açdy-da belent owaz bilen okap başlady: Şalar içre Arslandyr, Horezmşa! Älem içre dessandyr, Horezmşa! Il üçin bir döwrandyr, Horezmşa! Jeňde merdu-meýdandyr, Horezmşa! Iskenderi zamandyr, Horezmşa! Çyn şahu-şahandyr, Horezmşa! Alla beren permandyr, Horezmşa! Horezm bir bostandyr, Horezmşa! -Besdir, jenap Gyýaseddin-diýip, Il-Arslan sanap gidip otyran şahyry saklady. -Her näme hetden artyk bolsa ýürege düşer. Men Siziň iň soňky setiriňizden başgasyna ynanmadym. Horezmşa bu sözleri gülümjiräp aýtsa-da, Gyýaseddin Jendiniň ýüzi gyzaryp, endamyny der basdy. Onuň ýagdaýyny duýan Horezmşa: -Şahyryň sylagyny getiriň-diýip buýurdy. Şol zahaty oňa altyn mejimede beýleki şahyrlara berlen mukdarda bir goşowuç tylla hödür edildi. Emma ol mejimede üýşüp duran tylladan birjesini aldy-da, Horezmşaga tahzym edip, ýerine geçip oturdy. Il-Arslan öz ýanyndan “Mertebesini saklaýan namysjaň ýigit ekeni, men muňa artyk geplemäýin” diýip, aýdym-sazly rakslara badalga berdi. Meýlis gyzanyndan gyzyp, gijäniň ýaryna golaý sowuldy. Meýlisden keýpi kök halda çykan Il-Arslan söýgüli aýaly Nazyratyň köşküň çep ganatynda ýerleşen jaýyna tarap ugrady. Onuň bilen gowuşanyna bäş ýyla golaýlap barýanam bolsa, entek ýüregindäki söýgi alawy sönmändi. Ol gijäniň galan ýarysyny Nazyratyň gujagynda geçirmekçidi. Emma onuň bu islegi baran badyna amala aşmady. Ol Nazyratyň otagyna gireninde ol ýerde dört ýaşar ogly Soltanşa bilen onuň enekesi otyrdylar. Bu mahal ukuda bolmaly oglany enegäniň bimahalda bäri alyp geleniniň sebäbini bilmän howatyrlanan Il-Arslan: -Eýgilikmi? Gijäniň bir mahaly nämä geldiňiz?-diýdi. Kakasynyň sowalyna hemmeden öňürti Soltanjyk jogap berdi. -Däde, şizi göýesim geldi, köp gün göýmedim ahyý. Oglynyñ süýji diline mähri imrenen Il-Arslan: -Hany onda gel, “gujak-gujak” edeli, oglum!-diýeninden oglan ylgap baryp, kakasynyň gujagyna girdi. Il-Arslan: -Tüweleme, tüweleme. Akyllyja oglum, batyr oglum - diýip, oglunyň arkasyny sypap söýgüledi. Oglan kakasynyň gujagyndan çykyp, onuň ýüzüne çiňňerilip seretdi-de: -Däde, men seni soýasam, ejem: “Dädeňiň işi köp” diýýä. Şu köp işiňi goýaý, däde, hemişe biziň ýaňymyzda bolaý-da-diýip, garamyk ýaly gözlerini bulduratdy. -Men garrap ýaramasam, şu “köp işi” saňa bererin. Onsoň hemişe ejeňiň ýanynda oturaryn. Şonda sen islän wagtyň gelip, meni görüp bilersiň, oglum-diýdi Il-Arslan. Köpi gören eneke içinden: “Ölmän tagtyny ogluna beren şa barmy-ka. Senem bermersiň” diýip goýdy. -Maňa geýek däl ol köp iş, däde-diýen oglunyň başyny sypap oturan Il-Arslan öz ýanyndan “Entek “köp işiň” nämedigini bilmäniňsoň “gerek däl” diýýäň-dä. Menden soň şu “köp iş” diýýänimiz üçin agaň Tekeş bilen gylyçlaşaýmasaň ýagşy” diýip, uludan demini aldy. Soňra: -Bar indi oglum, gidip ukla. Menem ýadadym, ýatyp dynjymy aljak-diýdi. Soltanjyk kakasyny, ejesini ogşap, hoşlaşan kişi bolup, enekesi bilen çykyp gitdiler. -Nazyrat, ogluňyň aýdýan şu “köp işi” meniňem janyma degdi. Kä mahal oturup oýlanýan: Bir çola ýerde, akyp duran bir zylal suwuň boýunda bag-bakjaly ýönekeýje öýümiz bolsa, hiç kim biziň durmuşymyza päsgel bermese, ikimiz dynç-asuda, hezil edip ýaşasak... Bu jeň-jedeller, egniňde demir, başyňda demir, eliňde demir... Aý walla, bu durmuş däl-le! -Diýýäniňiz näme, dädesi! Bu hakyky şahana durmuş, bu täji-tagt, bu hökmürowanlyk, hökümdarlyk! Bütin dünýäniň gözi Sizde, näçe ýurtlar Siziň emriňize tabyn. Siz şu asman bilen barabar beýikligi bir ýabyň boýundaky ýönekeý durmuş bilen çalyşmak isleýäňizmi?! -Bäh! Nazyrat, seniň düşünjäň başgaça eken-ä! Gel gowusy, ikimiz jedelleşip oturmaly-da ýataly, giç boldy. Atyň üstündäki gaty eýerden ýatalganyň üstündäki ýumşak düşek ýagşy. *** Il-Arslan gije Nazyratyň otagynda "Atyň üstündäki gaty eýerden ýatalganyň üstündäki ýumşak düşek ýagşy" diýen sözüni ertesi irden baryp, tagtyna oturan badyna ýadyndan çykardy. Indi ol gije Nazyrat atly gözel aýalyň gujagynda aram alyp ýatan söýülýän we söýýän adam däldi. Ol indi hakyky hökmürowan hökümdardy. Hökümdarlara bolsa hemişelik parahat, rahat ýaşaýyş ýok. Olaryň gözleri hemişe uzak-ýakyn ülkelere dikilen bolup, amatly pursat gelende şolara tarap at sürülýär. Horezmşa Abul Fath Il-Arslan hem şol hökümdarlaryň biri bolany üçin bu adatdan daşda däldi. Mangyşlak bilen Jendi gaýtadan alanyndan soň, ol Mawerannahra ýörüş etmegiň hyýalyna münýär. Şu arada ýüze çykan bir waka onuň hyýalyny hakykata öwürdi. Il-Arslan paýtagtda alyp barylýan abadançylyk, gurluşyk işleri boýunça degişli döwlet işgärleri bilen geçiren ýygnagyny jemläp adamlara ýaňy jogap beren wagty huzuryna baş serkerde Aýuphan bir hili ekabyrsyrap girdi. -Ýeri, Şemseddin, näme gep? Bolup gelşiň bir hili. Bir üýtheşik habar bar ýaly-la. -Aly hezret, aýdyşyňyz deý garaşylmadyk üýtgeşik habar.Mawerannahrdan kowlan, has dogrusy, Samarkandyň hökümdary Jelaleddin Çagry han bilen bolan jeňde ýeňilen garlyklar emirleri Laçyn beg başlyklaýyn bizden pena sorap, gaçyp gelipdirler. -Şeýlemi?! Juda saz!-diýen Il-Arslanyň kellesine şo bada Mawerannahra ýörüşinde garlyklardan peýdalanmak pikiri geldi. -Köp adammy, nirede ýerleşipdirler? -O zatlary bilmedim. Laçyn beg şu ýerde. Kabul etseňiz, hemme zady özi aýdar. -Häziriň özünde çagyryň, onuň kimin myhmany garaşdyryp bolmaz. Aýuphan çykyp gidip, köp eglenmän, orta boýly, ýagyrnlak, sakalsyz ak ýüzünde gelşip duran ösgün gara murtly, gözleri adyna laýyk laçynyňky ýaly ýiti, ýanyp duran otuz ýaşlaryndaky ýigidi tirkäp geldi. Ýigit giren ýerinde aýak çekip, çalarak egilip tagzym etdi. Il-Arslan adamlaryň özüne tagzym edişine garap, häsiýetini kesgitleýärdi. Has egilip tagzym edýänleri ýaranjaň, gowşak adamlar saýyp,, çalarak egilip tagzym edýänleri bolsa özüne göwni ýetýän, mert kişiler hasaplaýardy. Ol: -Horezmine hoş geldiňiz! Hoş gördük, jenap Laçyn beg!-diýip, güler ýüz bilen garlygy garşy aldy. -Merhemetli Horezmşa hezretleri, Mawerannahr şeýle giň sebit bolsa-da, garahanylar bizi ol ýere sygdyranoklar-diýip, çalgyrdyrak türkide geplän Laçyn beg biraz säginip, -Sizi penakärimiz bolarsyňyz diýen umyt bilen ýurdyňyza geldik-diýdi. -Meniň eşitmişime görä, garahanylaryñ sizleri sygdyrmaýanlyklarynyñ sebäbi: Buharanyň golaýyndaky söweşiňizde Samarkandyň hökümdary Tamgaç han Ibraýymy öldürip, jesedini çöle taşlapsyňyz. Şu gep dogrumy?-diýip, Il-Arslan gatyrnybrak sorady.. -"Jany ýanan taňrysyny gargapdyr” diýýärler. Olaryň zulymy etimizden geçip, süňňümize ýetensoň baş götermeli bolduk. Bu sapar hem şeýle bolardy, ýöne Jelaleddin Çagry han hojasy gara hytaýlardan ýardam alyp, biziň goşunymyzy syndyrdy. Ýitgimiz az bolmady. Her iki tarapdan hem müňe golaý adam gurban boldy. Musulman musulmany şeýdip gyrsa, Alla muňa nähili seredýärkä?!... -Musulman bolsaňyz Allatagala şek ýetirmäň-diýip, Il-Arslan oňa sözüni dowam etdirmäge maý bermedi. -Şek ýetirmekçi däldim, Aly hezret, janym ýanandan aýdýan. -Janyňyz ýanmasyn, Laçyn beg, bilelikde aryňyzy alarys. Näçe adamyňyz bar? - On müňe golaý, ýarysy atly, ýarysy pyýada serbaz. -Nirede ýerleşdiňiz? -Daş däl, derýadan geçen ýerimiziň günbataryndaky uly meýdanda çadyrlarymyzy dikdik. -Onda üç gün dem-dynjyňyzy alyň. Dördünji gün Mawerannahra ýörüşi başlaýas!-diýip, Il-Arslan Laçyn bege gitmäge rugsat berdi. *** 553-nji hijriniň tomusynda (1159 iýul) Horezmşa Il-Arslan garlyklar bilen elli müň adamly agyr leşgeriň başynda Mawerannahra ýörüşe atlandy. Munuň habaryny eşiden Samarkandyň hökümdary Jelaleddin Aly Çagry han Gara köl bilen Jendiň aralygynda ýaşaýan göçmençi türkmenlere hem-de öz hojasy-gara hytaýlara ýardam sorap ýüz tutýar. Şeýlelikde Ilek Türkmen atly serkerdäniň başçylygyndaky Mawerannahryň goşuny Horezmşanyň goşunynyň garşysyna ýola çykdy. Zerefşan derýasynyň sag kenaryny ýakalap gelýän Ileg Türkmen Samarkandyň golaýynda derýanyň çep kenarynda giň meýdany tutup ýatan agyr goşuna gözi düşende ortada derýanyň barlygyna şükür etdi. Ol öz güýji bilen duşmanyň güýjüni deňeşdirip görüp, eger bu goşun bilen söweşe girse doly derbi-dagyn boljagyna göz ýetirdi. Ol goşunyň on müň gara hytaýlardan ybarat bölüminiň serkerdesine maslahat saldy. Gara hytaý “Abraýymyz barka etegimizi ýapaly” diýen manyda pikir bildirdi. Şundan soň ýaraşyk soramak üçin Horezmşanyň ýanyna adam ibermeli diýen karara gelindi. Indi bu karary Jelaleddin Aly Çagry han bilen ylalaşmalydy. Onuň razylygyny alman, duşmana ýaraşyk teklip etmek hökümdara hormatsyzlyk bolardy. Şonuň üçin hökümdaryň ýanyna Ileg Türkmeniň özi gitdi. Baryp ýagdaýy düşündirdi: -Ejaza berseňiz ýaraşyk sorap, Horezmşanyň ýanyna adam iberäýeýin. Aly Çagry han Ileg Türkmene kinaýaly seredip: -Kimi ibermekçi?-diýdi. -Gara hytaýlaryň serkerdesi bilen ýaşulyrak serbazlaryň birini iberäýjek. Çagry han ajy ýylgyrdy: -Ileg beg, Horezmşa diýenleri seniň sähraňdaky taýpalaryň biriniň baştutany däl. Ol beýik bir döwletiň hökümdary. Ol seniň iberjek iki sany garamaýagyň gepini diňlär öýdýäňmi? Olaryň yzyna it salyp kowar. Gaharyna-da derýadan geçip, goşunyň bir çetinden darar. -Onda nätmeli?-diýip, Ileg beg naýynjar dillendi. -Ondamy, onda onuň mertbesine laýyk gymmat bahaly sowgatlar bilen Samarkandyň atly-abraýly ulamalarynyň azyndan dördüsini ibermeli. Ine şonda ol ulamalaryň sözüni syndyrmaz. Ýöne ýaraşyga-da belli bir şertleri goýar. Onuň goýan şol şertlerine biz razy bolsak, ol ýaraşyga razy bolar. Indi düşündiňmi, Ileg beg!-diýip, Jelaleddin Aly Çagry han başyny atdy. -Düşündim, han hezretleri. Biz bir sähraýy türkmen bolansoň şalaryň beýle edähetlerini nirden bileli. Biziňki hemişe-de gönümel gepleşik, gönümel gatnaşyk. Siziň bilen hem şeýle. Gel, kömek et, diýdiňiz, geldik, nyrhymyzy artdyryp oturmadyk. -Sözümizi syndyrman geleniňiz üçin sag bol, Ileg beg. Ýaraşyk hakyndaky teklibiňi hem makullaýan. Näçe çykdaýjy bolsa-da, ony ederis. Gandöküşiklik bolmasyn. Adam ganyndan gymmatly zat ýok. Jelaleddin Çagry han Ileg Türkmen bilen aralarynda bolan şu gysga söhbetden soň Horezmşanyň huzuryna ýaraşyk üçin adam ibermegiň aladasyny edip başlady. *** Zerefşan derýasynyň boýundaky hoş howaly ýerde dikilen çadyrynyň öňünde egindeşleri bilen duran Horezmşa Il-Arslan baş serkerde Aýuphana garap diýdi: -Şemsedddin, derýanyň aňyrsynda görnen goşun bäri geçmekçi däl ýaly-la. Eger şeýle bolsa, biz özümiz geçmeli bolarmykak? -Aly hezret, meniň pikirimçe olar biziň goşuny görenlerinden söweşmek niýetinden el çekendirler. Tizara ýaraşyk sorap gelseler gerek-diýip, Aýuphan ynamly jogap berdi. -Söweş etmän, gan dökmän ýeňiş gazanyp bolsa, oňa ýetesi zat barmy. Biziň şertlerimize razy bolsalar ýaraşyk edäýeris. Il-Arslan hemişe-de urşuň tarapdary däldi. Nirä goşun çekip barsa, ilki meseläni söweşsiz çözmekçi bolýardy. Bir sapar uly ogly Tekeş kakasynyň nobatdaky ýörüşe gitmekçi bolanynda: -Däde, ýene urşa barýaňyzmy?-diýip sorananynda Il-Arslan: -Ýok oglum, urşa däl ýaraşyk etmäge barýan-diýip jogap beripdi. Şonda kakasynyň jogabyna haýran galan oglan: -Ýaraşyk üçin beýle uly goşun nämä gerek, elli-altmyş atly bilen baryp, ýaraşyk edip gaýdyberende bolanokmy?-diýdi. -Ýok, bolanok, oglum. Ine şeýle uly goşun bilen barsaň, ýaraşyk soraýarlar, aýdan şertleriňe-de razy bolýarlar. Muňa ýaraşygyň üsti bilen ýeňiş gazanmak diýýärler. Seniň aýdyşyň ýaly elli-altmyş atly bilen baryp, islän ýaraşygyňy edip bolmaýar, Islege diňe güýç bilen ýetip bolýar. Kakasynyň bu gepi Tekeşiň aňynda bir ömür saklanyp galdy. Il-Arslanyň aýdyşy ýaly, güýçli goşunyň haýbaty bu ýerde hem ýaraşyga ýol açdy. Jelaleddin Aly Çagry han sowgat-salamlar bilen iberen ulamalary arkaly Horezmşanyň şertlerine razy bolup, ýaraşyk gazandy. Il-Arslan bolsa ýaraşygyň bir şertine görä garlyklara Maweranahrda ýaşamaklaryna ejaza alyp berip, Gürgenje dolandy. Horemşa Il-Arslan Mawerannahra eden bu ýörüşini gandöküşiklik etmän gazanylan ýeňiş hasaplaýardy. Garlyklara ýerlerini gaýtaryp alyp bermegi tutuş bir halky öz tarapyna çekmekdi. Indi garlyklar hemişe Horezmiň tarapynda bolar. Onsoňam bu ýörüş, garlyklara edilen hemaýat dünýä döwletleriniň nazarynda onuň abraýyny ýene-de artdyrar. Bu ýörüşden Bagdad habarly bolsa, halyf musulman garlyklary gaýrydin gara hytaýlardan goraýany üçin hoşallyk bildirip, nama iberse gerek diýip pikir edýärdi. Şu arada Bagdatdan habar geldi, emma bu habar onuň garaşýan habary däl-de, halyf al Muktafynyň dünýsini täzeländigi baradaky garaşylmadyk habardy. Bu habar ony gynandyrdymy ýokmy, Alla bilýär, ýöne ol Horezmde üç gün ýas yglan etdi. Bu hakda täze halyf al Mustanjide ýazan hatynda aýdyp, merhumyň jaýlanyşyna baryp bilmänligi üçin uzur sorady. Il-Arslan atasy Kutbeddin Muhammet, kakasy Atsyz kimin Bagdad bilen arasyny gowy saklamaga çalyşýardy. Ol özünden soňky horezmşalar Tekeş bilen Muhammet soltanlar ýaly Bagdada hiç haçan göz dikmedi. Emma bir gözi hemişe Horasandady, şol tarapdan gelip gowuşýan habarlar ony örän gyzyklandyrýardy. *** Beýik hökümdarlaryň ölüminden soň hemişe-de bulagaýlyklar boluşy ýaly, Soltan Sanjar dünýasini täzeläninden soñ Horasanda-da, baş-başdaklyklar başlanypdy. Gol astynda azda-kände goşuny bar emirler merkezi häkimiýeti tanaman, ýer-ýurt dawasyny edip başladylar. Soltan Sanjaryň ýerine Merwiň tagtyna çykan ýegeni Mahmyt han bolsa olary boýun egdirmegi başaranokdy. Soltan Sanjara tabyn bolan Yrak soltanlygynyñ baştutany Gyýaseddin ibn Muhammet soltanyñ ýegeniniň häkimiýetini äsgerenokdy. Bu ýagdaýlara öňki halyf al Muktafi pahyryň hem goşandy ýok däldi. Ol Soltan Sanjaryň adyny Bagdatda hütbeden aýyrdanynda Gyýaseddin Muhammet hütbä öz adyny goşmagy talap edýär. Emma halyf onuň däl, daýysy Süleýmanşanyň adyny goşdurýar. Ony Bagdada çagyrýar, sarpalap, gymmat bahaly serpaýlar ýapýar we üç müň adamly atly goşun berip, Gyýasetdinden tagty basyp almaga küşgürýär. Süleýmanşa bu işi oňarmanyndan soň halyf al Muktafy Horezmşaga nama gönderip ony Horasana ýörüşe ündeýär. Halyfyň namasynyň mazmuny bilen tanyşyp, Il-Arslan bir salym oýa çümeninde onuň ýanynda oturan münşüsi Reşiteddin Watwat: -Aly hezret, Al Muktafy hezretleri seljuklardan alyp bilmedik aryny Siziň üstüňiz bilen aljak bolýar öýdýän-diýdi. Il-Arslan: -Halyf hezretleri biziň Horasana ir-u-giç barjagymyzy bilýär. Bileni üçin hem muny tizleşdirmegi isleýär. Ýöne biz häzir halyfyň islegine “lepbeý” diýip, ýörüşi başlamarys. Entek ol ýerde bolýan işleri synlap, amatly pursata garaşarys. Şonuň üçin Siz halyfa bir nama taýýarlaň. Onda Soltan Sanjaryň ölüminden soň horasanda başlanan bulagaýlyklary ýatyrmak, ýurtda tertip-düzgüni ornatmak üçin halyf hezretleriniň Gyýaseddin bilen tersleşmän, bu işde oňa ýardam bermeginiň gerekdigini nygtaň-diýdi. Arap, pars dillerinde diňe goşgular däl, nämalar ýazmagyň hem ussady bolan Reşiteddin Watwat Horezmşanyň aýdan namasyny şol günüň özünde taýýarlap, halyfyň namasyny getiren ilçilerden berip goýberdi. Emma soltan Gyýaseddine indi halyfyň ýardamy gerek bolmady. Ol Horezmşanyň namasy halyfa ýetip barmazdan dünýäsini täzeledi. Gyýaseddiniň aradan çykanlygy hakyndaky habar Horezmşany tüýs ýürekden gynandyran bolsa, onuň ýerine seljuk şazadalarynyň iň bir gowşagy Arslanşanyñ tagta çykarylandygy baradaky habar geň galdyrdy. Soň görüp otursa, munda geň galarly zat ýok ekeni. Bu iş hökmürownlyga höwesli adamlaryň işi ekeni. Arslanşanyň ady hütbede tutulsa-da, soltanlygyň jylawy atabek Şemseddin Ildeniz bilen onuň ogullarynyň elindedi. Yrak soltanlygyndaky bu ýagdaýa öz garaýşyny Ildenize bildirmegi islän Horezmşa münşüsi Reşiteddin Watnwata: -Jenap Reşiteddin, Yrak soltanlygyndaky bu ýagdaýa Siz nähili garaýarsyňyz?-diýdi. -Aly hezret, bular ýaly ýagdaýlar taryhda ýok däl. Arslanşa hem şolaryň biri bolup taryha girer-dä. -Şeýle bolsa-da, biz Arslanşaga soltan hökmünde hormat goýup, hem ony gutlap bir nama ibereli. Namada bir ýerde-de Ildeniziň ady tutulmasyn. Şundanam ol biziň özüne garaýşymyzy duýar. Reşiteddin namany Il-Arslanyň isleýşi ýaly edip ýazdy. Namany alyp baran ilçilere Arslanşa hormat-ehtiram görkezip, garşy aldy.Ilçilerem Ildenize üns bermediler. Indi Horasana gelsek, bu ýerde aýry-aýry emirleriň özbaşdaklyk hereketleri, merkezi häkimiýete boýun egmezlik meýilleri dowam edýärdi. Horasanyň gündogar sebitini tutup oturan oguzlar, entegem uly güýç bolup, olara hiç haýsy emir barmagyny çommaldyp bilmeýärdi. Şonuň ýaly ýagdaýda has güýçli goşunyň eýesi bolan Horezmşa Il-Arslan ol emirleriň hem, oguzlaryň hem nazarynda belent mertebeli hökümdardy. Şonuň üçin Horasanda biri-birinden öňe geçmek üçin göreşýän emirler aýratynlykda Horezmşanyň hemaýatyny isleýärdiler. Emir Aýbek özüniň garamagyndaky Jürjan hem-de Dehistan welaýatlarynda Horezmşanyň adyny hütbä goşdurdy. Bu bolsa özüniň Horezmşaga tabynlygyny bildirýärdi. Bu emirleriň içinde iň güýçlisi we ýowuzy Muaýýid Aý Abady. Ol Soltan Sanjaryň tagtynda oturan ýegeni Mahmyt hanyň merkezi häkimiýetini agdaryp, Horasanda özi hökümdarlyk etmek maksadynda harby hereketleri başlapdy. Ol Nişapura ýörüş edýär. Mahmyt han özüniň gol astyndaky şäheri goramak üçin Muaýýidiň garşysyna goşun çekýär. Emma uruşda ýeňilip, ogly Jelaleddin bilen ýesir düşýär. Ýesirleri Muaýýidiň öňüne alyp gelenlerinde Mahmut han Muaýýidiň ýüzüne dik bakyp: -Sen beýik soltanymyzyň ruhuny ynjydyp geçirilmejek jenaýatlary edýärsiň. Sen bu edýän işleriňiñ jezasyny bu dünýäde çekmeseň, o dünýäde çekersiň-diýýär. Muaýýid oňa kinaýaly nazary bilen seredip durup: -Muhterem Mahmut han hezretleri, men edýän işlerimiň jezasyny o dünýäde çekýän bolsam, seniň etmeýän işleriňiñ jezasyny bu dünýäde çekdirerin-diýip, ataly-ogul ikisiniň hem gözlerine mil çekdirýär we hutbeden adyny aýyrdyp, öz ady bilen halyf al Mustanjidiň adyny hütbä goşdurýar. Bu ýeňişden ruhlanan Muaýýid Abuwardy, Tusy, Şähristany, Bistam we Demgany basyp alýar. Aradan bir ýyl geçip geçmän Kümis welaýatyny hem özüne tabyn ýerleriň hataryna goşýar. Döwrüň düzgünine görä ejize däl-de, güýçlä gol ýapylýardy. Horasanda güýjüni görkezen emir Muaýýide Yrak soltanlygynyň soltany Arslanşanyň adyndan gelen wekiller gymmat bahaly serpaýlar ýapyp, eline döwlet nyşany bolan baýdak berdiler hem-de ýurtda tertip-düzgüni berkidip, hökümdarlyk etmek bilen hütbä soltanyň adyny goşup okatmagy teklip etdiler. Muaýýid teklibi sözsüz kabul etdi. Çünki ol munuň bilen diňe adyna soltan bolan Arslan şaga däl-de, özüniň dosty Ildeniziň dolandyrýan soltanlygyna garaşly boljagyny boýun alypdy. Haçanda Muaýýidiň Yrak soltanlygyna boýun egendigini, gol astyndaky Kümis, Tus, Nişapur welaýatlarynda hem-de Nusaýdan Tabasa Kaňla çenli bolan sebitlerde soltan Arslanşanyň ady hütbä goşup okalyp başlananyndan habardar edilen Horezmşa Il-Arslan özüne arka tapynyp, güýçlenip barýan Muaýýid Aý Aba degişli ýerleri öz tabynlygyna geçirmek maksadynda agyr goşunyň başynda Horasana tarap ýörüş başlady. 558-nji hijriniň güýzünde (1163) Horezmşanyň goşuny Nişapury gabady. Il-Arslan güýç ulanyp, ýykyp-ýumurmagy islemän şäher öz ygtyýary bilen teslim bolar diýip garaşdy. Onuň garaşýan zadynyň bellisi bolman duran mahaly galanyň derwezesi açylyp, ona golaý atly çykdy-da Horezmşanyň depesi altyn aýly çadyryna tarap gaýdyberdi. Çadyrynyň öňünde hajyplary, serkerdeleri bilen duran Il-Arslan: -Bu gelýänler Muaýýidiň wekilleri bolsa gerek. Aman dilemäge gelýändirler-diýdi. Baş serkerde Aýuphan: -Aly-hezret, atlylaryň başyndaky emir Muaýýidiň özi bolmaly-diýeninde Il-Arslan bir bada ynanmady. Atlylar taýak atym aralyga gelip, atlaryndan düşenlerinde Aýuphanyň gepiniň dogrydygy mälim boldy. Atdan düşenleriň arasyndan biri öňe saýlanyp, çadyra tarap gaýtdy. Gelibem Horezmşanyň öňünde dyza çökdi: -Muhterem Horezmşa hezretleri, Siziň bilen gepleşik geçirmek üçin gelen emirimiz Muaýýid Aý-Aba jenaplary kabul etmegiňizi towakga edýär-diýip, ol ýerinden turdy. -Gepleşik geçirjek bolsa gelibersin-de, öňünden adam ibermek nämä gerek. -Emirimiz Sizden rugsat alman, göni gelmegi biedeplik saýdy. -Onuň ýaly bolsa, bar-da aýt, ol edepli ýigit geläýsin, gepleşik geçirmekçi bolsa geçireris-diýip, Il-Arslan kinaýaly ýylgyrdy. Gelen gitdi. Muaýýid üç adam bolup geldi Gelenleriň ikisi has, Muaýýid çalarak egilip, tagzym etdiler. Bu bolsa Horezmşanyň ünsünden sypmady. Ol Muaýýidiň salamynam çalarak alyp: -Emir jenaplary, sen Soltanşaga tagzym edýäňmi ýa atabek Ildenize?-diýdi. Muaýýide bu kakytma erbet täsir etdi. Ol: -Horezmşa hezretleri, men Siziň bilen beýle ownuk zatlar hakynda däl-de, parahatçylyk hakynda, gandöküşikligiň öňüni almak maksadynda gepleşmek üçin geldim-diýdi. Degerli jogabyny alan Il-Arslan özüni zordan tutdy. Ol: -Bizem parahatçylygyň tarapdary, şäheri parahatçylyk bilen tabşyrsaňyz bir damja-da gan dökülmez-diýdi. -Nişapur biziň karargähimiz, ony Size tabşyryp bolmaz. -Sen haçandan bäri oňa eýe çykyp ýörsüň?! Nişapury biziň pederimiz Alawetdin Atsyz hezretleriniň alanyndan, adynyň näçe wagtlap hütbede okalanyndan habaryň bolsa gerek. -Pederiňiz beýik soltanymyzyň tabynlygyndaky adam bolsa-da, onuň mülki hasaplanýan şäheri bikanun eýeläninden habarym bar. -Sen näme, Nişapury kanuny eýelediňmi?! Soltanymyzyň tagtyna kanuny çykan mirasdary Mahmut handan basyp aldyň-a! Munuň üstesine onuň ogly bilen ikisiniň gözlerine mil çekdirip, kör etdiň-ä! Beýle-de bir zorluk, beýle-de bir zalymlyk bolarmy! Biziň leşger çekip, gelenimiziň sebäbine indi düşündiňmi?! Muaýýid aljyrady. Dili damagyna dykylyp, bir salym dymdy. Il-Arslan indi näme diýerkä diýip, oňa dikilip, gözüni aýyrman durdy. -Muhterem Horezmşa Abyl Fatyh Il-Arslan hezretleri-diýip, ol ýaranjaňlyk bilen dillendi. -Bu dünýäde haýyr-sogap işler bilen bir hatarda zorlugam, zalymlygam bar. Bu işler hem Allanyň eradasy, döwrüň talaby bilen edilýär. Mahmyt han soltanymyzyň tagtyny berkarar saklap bilmedi. Ol tagta çykan gününden başlap ilatda dynçlyk bolmady. Ýurt dagady, baş haýsy, aýak haýsy bilip bolmady. Şonuň üçin ýurtda tertip-düzgün ornatmak gerekdi. Ol hem Allanyň eradasy bilen meniň paýyma düşdi. Hudaýa şükür, ýurtda tertip-düzgün ornadyldy, ilat parahat ýaşap başlady. Indi ikimiziň aramyzda hem jeň-jedel bolman, gan dökülmän, ylalaşyga gelinse Siz Horasanyň ilatynyň alkyşyny alarsyñyz “Altyn alma, alkyş al” diýipdirler danalar... -Alkyşy altyna goşup alsaň gowy bolýar, diýipdir şol danalaryň biri-diýip, Reşiteddin Watwat adamlaryň ýüzünde ýylgyryş peýda etdi. Watwatyň wäşisiräp aýdan gepine Muaýýid hem kellesini ýaýkap, gülümjiredi-de sözüni dowam etdi: -Eger... eger...-diýip, birden sägindi. Il-Arslan gatyrganybrak: -Näme eger? Aýdyber!-diýdi. -Ýok... Men halkyň gargyşyna galman, alkyşyny alyp gidiň diýjek boldym. Ylalaşaly. Muaýýidiň özelenip aýdan sözleri täsir etdimi ýa-da “ylalaşaly” diýen sözüniň aňyrsyndaky zat gyzyklandyrdymy, Il-Arsalan biraz gowşady. Ol: -Ylalaşanda nädip ylalaşjak, bu baradaky teklibiňi hem aýt bakaly-diýdi. -Siz uzak ýoldan goşun çekip gelip, ençeme çykdajy edensiňiz. Biz Siziň şu çykdajylaryňyzy, leşgeriňiziñ hakyny bereli, özüňiziň sylag-serpaýyňyzy edeli. Mundan soňam bizden näme ýardam gerek bolsa ederis, muhterem Il-Arslan hezretleri-diýip, Muaýýid bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. Horezmşa ýanyndaky adamlaryna garady. Hökümdarynyň ylalaşjak ýagdaýynyň bardygyny duýup duran hajyplaryň biri: -Aly hezret, iň gowy uruşdan, iň ýaman parahatçylyk gowy diýipdirler-diýdi. Baş serkerde Aýuphan hem: -Leşgere söwüş hem edersiňiz-dä-diýip, eli, barmaklary bilen goýun çalmagyň yşaratlaryny etdi. Muňa Horezmşadan başgalar gülüşdi. Ol bolsa Muaýýide synçy nazaryny dikip, bir salym sägindi. Muaýýid hem ýüreginiň bükgüldisi artyp, Horezmşanyň soňky sözlerine garaşdy. -Bolýa, men razy-diýip, Il-Arslan başyny çalarak atdy. -Ýöne tölenjek tawan degerli bolmaly. Muaýýidiň ýüzi birneme ýagtylandy: -Bolar, degerli bolar Aly hezret-diýdi.-Biz baryny taýýarlap goýdyk. Ejaza berseňiz, häzir getirdeýin. -Getirdiň, göreli-diýdi Il-Arslan. Muaýýid ýanyndakylaryň birine: -Siz ol duranlar bilen gidip, galadan gatyry getiriň-diýip, buýruk berdi. Buýruk alan taýak atym aňyrda duran ýoldaşlaryna goşulyp, gala tarap ugrady. Şundan soň Il-Arslan Muaýýidi ýanynda galan ýoldaşy bilen çadyryna teklip etdi. Hemmeleri çadyra girip, öňden ýazylyp goýlan bol saçagyň başyna geçdiler. Indi bu ýerde mesawy gürrüň başlandy. Gürrüňiň bir arakesmesinde Il-Arslan Muaýýide synçy nazaryny aýlap: -Jenap Muaýýid, men Sizden bilesim gelýän bir zady soramakçy, ýöne siz çekinmän dogrusyny aýdyň-diýdi -Eger men Siziň teklibiňize razy bolman, galany zabt edip başlasak, Siz näme ederdiňiz? Muaýýid aşak bakyp, çalarak ýylgyrdy-da, soň kellesini galdyryp, Il-Arslana garady: -Muhterem Horezmşa hezretleri, Siz dogrusyny aýt diýdiňiz, aýdaýyn. Eger Siz şähere hüjüme başlanyňyzda, bizem Siziň üstüňize hüjüme geçerdik. Biziň Siziňkiden az bolmadyk leşgerimiz göz ýetimden aňyrda, bukuda. Galanyň depesinde ot ýakylyp, tüsse asmana galdygy leşger at salyp gaýdardy. Belki, biz ýeňerdik, belki Siz ýeňerdiňiz, emma kim ýeňende-de, bihasap gan dökülerdi. Men adam gany altyndan gymmat diýenlerine eýerip, Size ylalaşyk hakynda sala saldym. Muaýýidiň bu gepi Il-Arslanyň ýüregini has ýumşatdy. Ol: -Dogry sözüň üçin sag bol, jenap Muaýýid-diýdi. -Adam gany altyndan gymmat diýýäs, emma adamyň özi peşeçe görlenok, kä wagtlarda adam müň-müňläp gyrgyna berilýär. Şeýle zamana! “Zamana neýlesin päli ýamana”-diýip goýberenini Muaýýidiň özi-de duýman galdy. Soňunda bu gepini Il-Arslan özüne çeker diýip howatyrlandy. Emma Horezmşa oňa garap: -Bu gepiň hem dogry-diýdi. Şol arada Muaýýidiň “gatyr” diýeniniň getirlendigi hakyndaky habar gep-gürrüňiň arasyny kesdi. Oturanlar ýerlerinden turup, daşary çykanlarynda çadyryň girelgesinden bäş ädim aňyrda bir daýaw gatyry her ýanynda bir adam tutup durdy. Gatyryň üstünde iki gözi birneme gabaryp duran haly-horjun, onuň üstünde ak ýüpek mata dolanan nämedir bardy. Muaýýid ýanynda duran öz adamyna ýuwaşja: “Serpaýy getir” diýdi. Ol baryp, gatyryň üstündäki ak mata dolanan serpaýy açyp alyp, Muaýýide getirip berdi. Muaýýid gyralary altyn sapak bilen jäheklenen, ýakalary gymmat bahaly daşlar bilen bezelen lowurdap duran zerbap dony, ejaza sorap, Horezmşanyň egnine ýapdy. Soňra: - Muhterem Horezmşa hezretleri, serpaýymyz az bolsa-da köpüň ornunda görmegiňizi haýyş edýärin. Tawan tölegimizi hem bir gatyra ýük edip, horjunda getirdik-diýdi. “Bu zaňňar altyn ýüwenli ak ata derek bu gara gatyry bilgeşleýin getirdimi ýa bilmän, parhyna barman getirdimi? Indi näme-de bolsa ylalaşyga razylyk berenimizden soň, bu gürrüňi gozgap oturmaly” diýip, içini gepleden Horezmşa: -Ýagşy. Gatyryňy kabul etdik. Horezmine münüp gideris-diýdi. Bu sözi degişme diýip düşünen Muaýýid goluny gursagyna goýup ýylgyrdy. Il-Arslan oňa garap: -Indi leşgerimiz şu ýerde üç gün Size myhman bolup, dem-dynjyny alar, näme hezzetiňiz bolsa ediberiň-diýeninde Muaýýidiň ýüzündäki ýylgyryş zym-zyýat boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |