00:21 Gürgenç / 3-nji kitap -3 | |
III BAP
Taryhy proza
Horezmşa Il-Arslan agyr leşgere üç gün myhmandarçylyk eden Muaýýidi juldan çykaryp, Gürgenje dolandy. Muaýýid bolsa çykdajylarynyň öwezini dolmak üçin Oguzlaryň elindäki Horasanyň şäherlerine ýörüş başlady. 560-njy hijriniñ baharynda (mart 1165) Muaýýidiň goşuny Nusaýy hem gabady. Bu hakdaky habar Horezmşa Il-Arslana ýetip baranda, ol kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy: - Geçiniň taýak iýesi gelse çopanyň taýagyna süýkenermiş. Ýogsa ol biziň serhedimiziň golaýyndaky şähere göz dikermidi-diýip, gündelik işler boýunça maslahata gelen döwlet işgärlerine göz aýlady. Oturanlar şanyň sözünden onuň ýene ýörüşe atlanmakçy bolýanyny aňdylar. Baş serkerde Aýuphan: - Aly hezret, dogrudanam Muaýýid hetdinden aşýar. Ol bir gatyr bilen biziň elimizi daňandyryn öýdýärmikä?-diýdi. Il-Arslan: - Ony şol beren gatyryna ters mündürip goýbermeli boljak. Goşuny ýörüşe taýýarlaň-diýip buýruk berdi. Iki aýlap Nusaýyň galasyny gabap, alyp bilmän ýatan Muaýýid Horezmşanyň leşgeriniň golaýlap gelýänini eşideninden, gabawy aýryp, gelen ýoly bilen yzyna ýelk ýasady. Horezmşa bir menzil ony yzarlap bardy-da, “Gaçany kowujy bolma” diýen pähime eýerip, yzyna Nusaýa dolandy. Galanyň Muaýýidiň leşgeri açyp ýa-da ýykyp bilmedik berkden-berk derwezesi Horezmşanyň öňünde özi açyldy. Ýedi ýyldan bäri Nusaýda hökümdarlyk edýän emir Omar ibn Hamza an Nasawy özüniň wezir-wekilleri bilen Il-Arslany gujak açyp garşy aldy. Bir mahallar gudratly Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy şäher Horezmşalaryň ünsüni hemişe özüne çekip geldi. Muaýýidiň ony gabanyny eşideninden Il-Arslanyň depe saçy dikelip, goşun çekip gelmegi ýöne ýere däldi. Ir-u-giç bu şäheri Horezmiň tabynlygyna geçirmek niýeti bardy. Muaýýidiň bu ýere eden ýörüşi bu niýetiniň amala aşmagyny tizleşdirdi. Nusaýyň emiri Omar ibn Hamza hem Horezmşa kimin güýçli penakär tapyp, beýleki ýagylardan amanlykda dynç ýaşamagyny kem görenokdy. Onuň teklibi bilen Horezmşanyň leşgeri galanyň daşynda goş ýazdyrdy, özi bolsa wezir wekilleri bilen Omar ibn Hamzanyň köşgünde gadyrly myhman hökmünde kabul edildi, agşamyna dostluk-doganlygyň şanyna diýip, meýlis guraldy. Ertesi Nusaýyň ähli metjitlerinde Abul Fath Il-Arslanyň ady hütbä goşup okaldy. Bu bolsa Nusaýyň Horezmiň tabynlygyna geçenliginiň alamatydy. Il-Arslan indi özüne tabyn bolan şäherde üç gün myhmançylykda boldy. Şu üç günüň dowamynda waly Omar ibn Hamza bilen bolan söhbetdeşlikler Il-Aslanda uly täsir galdyrdy. Omar ibn Hamza Nusaýyň geçmişine, taryhyna belet adam eken. Ol Il-Arslana gadymda Nusaýyň gudratly Parfiýa döwletiniň paýtagty hökmünde dünýäniň ünsüni özüne çeken, syýasatda-da, söwdada-da öz ornyna eýe bolan beýik şäher bolandygy, şeýle-de şol döwre degişli käbir wakalar hakynda gyzykly gürrüňler berdi. Şolardan nakgaş Binýat we melike Berkudat baradaky hekaýat Il-Arslany has gyzykdyrdy. Hekaýatda gürrüň berlişine görä melike Berkudat parfiýa şalarynyň biriniň ýeke gyzy bolup, şa ony ogullaryndan hem gowy görýän eken. Gözellikde, dilewarlykda, danalykda onuň öňüne çykan bolmandy. Gyzyň tarypy Parfiýadan daşardaky uzak-ýakyn ýurtlara-da ýaýraýar. Şonlukda şol ýurtlaryň şazadalaryndan sawçylar gelip başlaýar. Berkudat özüne hyrydar şazadalar bilen ýeke-ýekeden duşuşyp, olara dürli ugurlardan dürli sowallar berip, synag edýär. Olaryň beren jogaplaryna kinaýaly ýylgyryp, kellesini ýaýkaýar. - Hezret pederim -diýip, Berkudat synaglardan soň kakasyna ýüzlenýär: - Men ruhy taýdan öz deňimi tapýançam durmuşa çykjak däl - diýýär. Patyşa ýeke gyz perzendiniň islegine garşy çykmaýar, ygtyýaryny özüne berýär. Soňra gyzynyň göwnüni götermek üçin onuň adyna bir kaşaň köşk gurdurýar. Köşgüň içki bezeglerine başlananda Berkudat her gün baryp, bezegçileriň işini synlaýar. Emma edilýän bezeglere syny oturman, olary bozup, gaýtadan etmegi buýurýar. Şu arada şanyň huzuzryna Gündogardan Horezmiň üstünden gaýdan kerwen bilen gelen bir derwüşsypat adam şanyñ huzuryna üç günläp giribilmän, dördünji gün girýär.Sakgal murty ösgün, saçy ýeňsesine düşüp duran bu adamy şa bir dileg, haýyş bilen gelen ötegçidir öýdüp: -Eý mysapyr bende, sen kim we bizden näme haýyşyň bar?-diýip soraýar. -Eý şahy älem, men nakgaş, adym Binýat we Sizden hiç hili haýyşym ýok. Eger Siz menden haýyş etseňiz, gyzyňyzyň köşgüni onuň göwnünden turýan nagyşlar bilen bezäp bereýin-diýip, jogap berýär. Patyşa onuň gep urşyna gahary gelip: -Sen patyşalaryň haýyş bilen däl, buýruk bilen iş etdirýänini bilmeýärmiň?!-dýýär. Nakgaş: - Eý şahy jahan, men ýaňy Sizden haýyşym ýok diýipdim, indi bir haýyşym bar. - Näme haýyşyň bar? -Ýurduma gaýtmaga rugsat bermegiňizi haýyş edýän. - Ýurduň haýsy ýurt? - Ýurdum beýik Horezmin. - Şeýlemi. Gep urşyňa garanda sen özüňe göwni ýetýän ökde nakgaş bolýan bolsaň ýurduňda iş tapylmadymy saňa? Iş gözläp munça daşdan gelipsiň. - Horezminde maňa iş köp. Men melike Berkudadyň köşgüne bezeg edýänleriň işi göwnünden turmaýarmyşyn diýip eşidip, şu gözel gyzyň gözelligine deň gelýän gözel nagyşlar bilen köşgüni bezäp bereýin diýen maksatda gelipdim. Meniňki bolmady, indi ýurduma gaýdýan. Nakgaş sözüni tamamlandan häliden bäri gepe goşulman, kakasynyň ýanynda oturan Berkudat nakgaşa ýüzlendi: - Eý nakgaş, daşky barlygy Siziň ýaly hünärli adamlar bezeýän bolsa, adamyň özüni edep-ekram bezeýär. Siz patyşaga biedeplik edip, söz aýtdyňyz. Men hezret pederimden Siziň biedepligiňizi bagyşlamagyny haýyş edýän. Munuň öwezine Siz meniň köşgümi aýdyşyňyz ýaly edip bezäp berersiňiz. - Melikäm, Siziň sözüňiz hem haýyş däl-de, buýruk boldy. Men hiç wagt buýruk bilen iş edemokdym, emma häzir Siziň sözüňizi syndyrmaga dözemok-diýip, häliden bäri kellesini dik tutup, buýsançly duran nakgaş bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. Ýogsada, gözelligiň öňünde egilmeýän baş barmy. Nakgaşyň günäsi geçildi. Ol köşkdäki bezegçilere ýolbaşçy edip bellendi. Nakgaş köşgiň içini, edilen, bozulan bezeg işlerini bir hatar gözden geçirdi. Bezegçiler bilen tanyşyp, hal-ahwal soraşyp, soňunda: - Hany, ýigitler, kimiň näme hünäri bar ýagny haýsyňyz nakgaş, haýsyňyz suratkeş?-diýdi. Bezegçiler sowaly bir hili görüp, biri-birine seredişdiler. Olaryň biri: - Jenap Binýat, (Nakgaş özüni şu at bilen tanyşdyrypdy) aýdanyňyzyň ikisi-de bir zat dälmi-diýdi. Nakgaş başyny ýaýkap, kinaýaly ýylgyrdy: - Sizleriň eden işiňize melikäniň synynyň oturmandygy ýöne ýere däl ekeni. Siz nakgaş bilen suratkeşiň tapawudyny-da bileňizog-a!-diýdi. Suratkeş tebigatyň döreden janly, jansyz zatlarynyň görnüşini çekýär. Nakgaş bolsa tebigatda ýok gözel görnüşleri özi döredýär. Indiki mesele ýigitler, Içiňizde hem nakgaşlyk, hem suratkeşlik edýäniňiz bolsa, şolaryň birini saýlap, şu ugurda kämilleşmäge çalyşyň. Sungatyň bu iki ugruny kämil derejede eýelemek diňe daha kişilere başardýar. Araňyzda daha kişiniň ýokdygy eden işiňizden görnüp dur. Şonuň üçin häzir hemmäňize jogap. Bezegçiler bu gepe aň-taň bolup duran mahaly melike Berkudat girip geldi. Ol nakgaşdan işe haçan başlajagyny soranynda ol: - Men işe eýýam başladym, melikäm-diýdi.-Birinji eden işim: bezeg üçin gerekli serişdeleri, esbap-gurallary gözden geçirdim, olar maňa makul boldy. Ikinji eden işim: bezegçileriňiziň baryna jogap berdim. Olar maňa makul bolmady. -Eýden bolsaňyz ýeke özüňiz bezeg işini haçan gutararsyňyz?-diýip, melike närazy äheňde sorady. - Melikäm, maňa beýle sorag bermäň. Maňa berjek zadyňyzy aýdaýyn: Müň sany şem, ýatar-turarym üçin düşek, günde birje wagt çaý-nahar. Özüňizem bir hepdeden bäri gelmäň. Berkudat bu öz diýenli adamyň gepine haýran galyp: - Aýdan zatlaryňyz bir sagadyň içinde taýýar bolar. Emma bir hepdeläp gelmän, Siziň eden işiňizi görmän, meniň takadym ýetmez-diýdi. Nakgaş melikä ýylgyryp seretdi-de: (onuň ýylgyrany ösgün sakgal-murtynyň içinde görünmese-de, owadan gözleriniň şöhleleneninden bilinýärdi) - Melikäm, eden işimi görmekçi bolsaňyz her hepdäniň ahyrynda geliň. Eger meniň özümi görmekçi bolsaňyz günde geliberiň-diýdi. Bu söze gahary gelen Berkudat ony şu wagtyň özünde köşkden çykaryp, kowjakdy, emma onuň işine juda gyzygýany üçin sakawyň soňuna seretmekçi bolup, geplemän çykyp gitdi. Melikäniň yzyndan bezegçiler hem “Al şu köşki ýeke özüň başyňa geý” diýen kimin torsaryşyp ýelk ýasadylar. Ýeke özi galan nakgaş sykylyk çalyp, köşgiň içini bir aýlanyp çykdy. Onýança onuň Berkudata aýdan zatlaryny dört adam göterip geldiler. Olaryň üçüsi yzyna dolandylar, galan biri: - Melike meni Siziň hyzmatyňyza iberdi. Siz haçan, näme nahar diýseňiz getirip berýän, ähli işleriňize kömekleşýän, ýatar-turarym hem şu ýerde, Siziň ýanyňyzda bolar-diýdi. Binýat hyzmatkäri boýdan-başa synlap: - Edişiň hem aýdyşyň ýaly bolsa gowy. Ikimiz oňuşarys-diýdi. Şundan soň hyzmatkär nakgaşyň buýran naharyny getirdi. Ikisi bile nahar edinip, gap-çanak ýygnandy. Onýança gün batyp, köşgüň içi garaňkyrap başlandan diwarlardaky şemdanlara şemler goýulyp, ýakyldy. Nakgaş tagtadan edilen belent gurulmanyň üstüne ähli gerek zatlary alyp çykdy-da, aşakda oňa garap duran hyzmatkäre: - Seniň indi maňa geregiň ýok. Isleseň ýorganyňa sümülip uklaber. Men daňdana çenli işleýän. Onsoň düşüp ýataryn. Meni günortan çaý demläp oýar-diýdi. Hyzmatkär irden oýnanda, eýýam daň atyp, köşküň içi ýagtylanypdy. Gapdalynda nakgaş uklap ýatyrdy. Entek ukudan doly açylmadyk hyzmatkäriň gözleri ýokardaky edilen nagyşa düşende ýerinden zöwwe turdy. Ol petikdäki bir çaýbaşy halynyň ululygyndaky nagyşyň aşagyna baryp, ýokary dikileninde haýran galmakdan agzy açyldy. Ol şu ömründe hiç ýerde munuň kimin mugjyzawy nagyş görmändi. Aradan aýdylan bir hepde geçdi. Nakgaş birinji günki tertip boýunça işläp, köşgüň eýwanynyň petiginiň dörtden bir bölegini nagyşlapdy. Iki kenizi bilen gelen melikäni gapynyň öňünde hyzmatkär ýigit iki epilip garşy aldy. Ol: - Melikäm, nakgaş uklap ýatyr. Ol gije daňdana çenli işleýär, günortan çaý içmäge turýar-diýdi. - Şeýlemi? Bezeg, nagyşy nähili? - Melikäm, nagyş däl, mugjyza! - Hany onda girip göreli-diýip, Berkudat nakgaşy oýarmazlyk üçin kenizleri bilen aýak ujunda ýuwaş basyp, içeri girdiler. Petikdäki nagyşlara göz aýlan melike: “Weý-weý!” diýip goýberenini duýman galdy. Ol bir salym nagyşlardan gözüni aýryp bilmän durdy. “Bu adam özüne ynamy güýçli, sungatynyň şeýle üýtgeşik bolany üçin buýsançly gepleýän eken-dä” diýip, içini gepleden melike uklap ýatan nakgaşa seretdi. Sakgal-murty has ösüp, gözünden başga ýeri görünmeýän bu betnyşan göwrede şeýle üýtgeşik zehiniň, inçe duýgynyň bardygyna haýran galýardy. Gyzlar nähili giren bolsalar, şeýle-de aýak ujuna basyp çykdylar. Berkudat özlerini ugradyp çykan hyzmatkäre: - Men indi eýwanyň petiginiň bezegi gutaransoň gelerin. Ol şeýdip, işlese bir aýa bitirer-diýip, kenizleri bilen özlerini getiren paýtuna münüp gitdi. Bu habary eşiden Bünýat ukusyny gysgaldyp, iş wagtyny uzaldyp, hyjuw bilen işledi. bir aý diýende nagyşlary çekip, üstüni syrçalap hem ýetişdi. Binýat melikäniň geler wagtyna diňe köşgüň eýwanynyň depesiniň bezegini däl, beýleki otaglaryñ käbirlerini hem bezäpdi. Garaşylan wagtda iki kenizi bilen Berkudat gelip girdi. Giren badyna eýwanyň petigini tutuşlygyna gaplan mugjyzawi çemenzara nazary kaklyşan melikäniň pisse dodaklary açylyp, gözleri günüň nuruna gamaşan kimin kirpikleri gyrpyldaýardy. Bu nagyşlar onuň birinji sapar göreninden hem üýtgeşikdi. Üýtgeşikliginiň sebäbi ilki göreniniň üsti syrçalanmadykdy. Indi bolsa billur kimin, dury syrçanyň aşagyndaky nagyşlar üýtgeşik öwşün atýardy. Berkudat birnäçe wagtdan soň ýokara dikilen gözlerini aşak goýberip, töweregine äňetdi. Golaýynda hyzmatkär bilen bir ýaş ýigit durdy. Nakgaş görnenokdy. Berkudat nakgaşy diňe bir petigi bezäp, gidip galdymyka diýen howatyr bilen hyzmatkärden sorady: - Nakgaş nirä gitdi? - Ol hiç ýere gidenok, ol şu ýerde, melikäm-diýip, hyzmatkäre derek onuň ýanynda duran ýigit jogap berdi. Ýaňy bar ünsi ýokardaky nagyşlara gönügen melike bu ýerde duranlara esewan etmändi. Indi ol maňa beýle jogap berýän kimkä diýip, oňa siňe seredip, gözlerinden tanady. Danalyk hem-de buýsanç bilen bakýan bu gözler nakgaşyň gözleridi. -Wiý! Bu Sizmi?... - Bildiňiz, bu men, melikäm-diýip, ýigit endigan ap-ak dişlerini görkezip ýylgyrdy. - Siz şeýle ýaş, görmegeý ýigit bolubam näme üçin derwüşana sypata girip ýördiňiz? - Men adamyň daşky görnüşi bilen içki dünýäsiniň tapawudyny görkezmek üçin şeýtdim. - Bä! Siz gaty täsin adam ekeniňiz. - Hiç bir täsinligi ýok, gyzyksyz adam bolandan şeýle täsinräk bolan gowy dälmi, melikäm? - Belki, şeýle bolan gowydyr. Ýöne bu häsiýet hemme kişä berilmändir-dä. - Maňa berlipdir, nätjek-dä. Berkudat ýokardaky nagyşlara ýene bir hatar göz aýlap: - Binýat-diýip, birinji sapar nakgaşyň adyny tutup ýüzlendi-. Siz bu ajaýyp nagyşlaryň nusgasyny nirden aldyňyz? - Melikäm, men bu nagyşlary başga ýerden almadym, olary öz kalbymdan aldym. Kalbymdaky nagyşlary köşgüňiziň petigine göçürdim, başga eden zadym ýok. Nakgaşyň bu sözünden soň Berkudatyň oňa garaýşy bütinleý üýtgedi. - Kalbyňyz şeýle gözelmi, Binýat?-diýip, melike ýüpek kimin ýakymly äheň bilen sorady. - Görüp dursyňyz-a, melikäm-diýip, Binýat petige yşarat etdi. Melike diňe görüp duranokdy, ýüregi bilen duýup durdy, ýürejigi jigläp hem durdy. Ara bir syrly dymyşlyk düşdi. Adatda, şunuň ýaly dymyşlykda dile derek gözler bilen sözleşilýär. Bünýat bilen Berkudatyň gözleri hem biri-birine ýüreklerinde dörän pynhan duýgulary äşgär edäýen bolmaklary ahmal. Dymyşlygy Binýat bozdy: - Melikäm, indi men diwarlaryň bezegine geçýän. Diwarlaryňyza ýokardaky ýaly nagyşlary däl, dürli manzarlary çekip berýän. Bir diwarda jülgeli daglar, beýleki diwarda tolkunly derýadyr deňiz, ýene birinde lälezar baýyrlar, beýlekisinde miweli baglar bolar. Siz her sapar, bu ýere geleniňizde bir wagtyň özünde daglara, miweli baglara, derýadyr deňiz boýlaryna, lälezar baýyrlara seýil eden ýaly bolarsyňyz. Binýat bu sözleri aýdýarka Berkudat ol manzarlary göz öňüne getirmäge çalyşýardy. Binýat sözüni gutarandan melike: - Gaty gowy, Binýat. Aýdyşyňyz ýaly edip çekiberiň-diýip, bir hili sägindi-de - Indi men her günem gelsem bolýamy, işiňize päsgel bermeýänmi?-diýip utanjyrap dillendi. Bünýat: - Melikäm, Siziň bu sowalyňyza men ilkinji gün jogap beripdim-diýip, ýylgyrdy. Şol gün onuň "Meniň eden işimi görmekçi bolsaňyz her hepdäniň ahyrynda geliň. Eger meniň özümi görmekçi bolsaňyz günde geliberiň” diýeni ýadyna düşüp, melike gyzardy, şeýle bir gahary gelmese-de: - Men Siziň özüňizi däl, manzarlaryň çekilişini görmekçi-diýip, melikelik mertebesini aňladýan badyhowa äheň bilen aýtdy. Binýat soňky sözüniň Berkudadyň azajyk degansyna degenini duýup, uzur sorady: - Melikäm, bagyşlaň, men degişip aýtdym. Eger Siz her gün gelip, ýanymda bolsaňyz, manzarlary iki bolup çekeris. -Weý men surat çekmegi bilmeýän-ä-diýip, Berkudat kellesini ýaýkap gülümjiredi. - Meniň “manzarlary iki bolup çekeris” diýenimiň başga manysy bar. Siziň wysalyňyzdan aljak ylhamym maňa bir däl iki suratkeşiň güýjüni, gaýratyny berer-diýip, Binýat Berkudatyň gözlerine aýgytly garady. Bu sözler bilen bu garaýyş söýgi beýanydy. Berkudat muňa düşündi. Emma häzir oňa jogap hökmünde bir zat aýtmaga taýýar däldi. Pederi bilen gepleşmelidi. Gör, ol näme diýer? Şonuň üçin Berkudat köşgüň bezegi bitýänçä pederine-de, Binýada-da hiç zat aýtmaly däl diýen karara geldi. Şunlukda ol Binýadyň aýgytly bakyşyna manysy düşnüksiz, ýöne mylaýym bakyş bilen jogap berip “Men gitdim, ertir gelerin” diýip, çykyp gitdi. Bünýadyň kalbynda melikäniň mylaýym bakyşyndan umyt uçgunlary döredi. Bu uçgunlar aýlaryň dowamynda bile bolmak bilen işiň arasynda dürli mowzuklarda söhbetler edip, birek-biregiň akyl-parasadyna göz ýetirmek arkaly diňe Binýadyň däl, Berkudadyň ýüreginde hem yşk oduny tutaşdyrdy. Köşgüň bezeginiň üç günlik işi galanda Berkudat aýgytly karara gelip, Binýada durmuşa çykmaga razylygyny bildirmek üçin bir aýlawly gürrüň etdi: - Binýat-diýip, melike näzli ýylgyryş bilen ýüzlendi. - Meniñ Size bir sowalym bar. Eger şoňa dogry jogap berip bilseňiz islän zadyňyzy berýän. - Dogry jogap berip bilmesem näme edýäňiz? - Onda Sizi dardan asdyrýan-diýip, melike gülümjiredi. - Onuň ýaly bolsa, meni Siziň sülpleriňiz bilen assynlar. Şonda men özümi dünýäde iň bagtly ölüm tapan bagtyýar kişi hasaplardym. - Entek ölüme dagy barybermän sowalyma jogap berjek boluň! - Aýdyň sowalyňyzy! -Sowalym şeýle: Asmanyň astynda, ýeriň üstünde göze görünmeýän, barlygy bilinmeýän zat näme? - Bu Size hyrydar bolup gelen şazadalara-da berlen sowal dälmi? - Siz muny nirden bilýäňiz?-diýip, melike geňirgenip sorady. - Мen hеm Siziň tаrypyňyzy еşidip, şоl şаzаdalaryň hаtarynda bаgtymy sуnap görmеk üçin gеlipdim. Еmma mеni, şаzada bоlmanym üçin Siziň huzurуňyza gоýbermediler. Оnsoň mеn öz sungаtym bilеn bu bäslеşigiň ýеňijisi bоlup bоlmаzmyka diýip, köşgüňiziň bеzegine bаşladуm-diýiр, Вinýаt sуrуny аçdу. - Be, şeýlemidi häli!-diýip, Berkudat haýran galmak bilen Binýada dikildi-de, gülümjiräp: - Barybir islän zadyňyzy almakçy bolsaňyz, sowalyma jogap bermeli bolarsyňyz-diýdi. - Bererin melikäm, sowalyňyzyň jogaby şeýle: Asmanyň astynda, ýeriň üstünde görünmeýän, bardygy bilinmeýän zat-Ynsan ykbaly. Dogrumy? - Bildiňiz, jogabyňyz dogry, Binýat. -Indi islän zadym meniňkimi, melikäm? - Siziňki Binýat, ýöne men pederimiň razylygyny almaly bolýan. Bu aňsat däl. Siz bezegiň galan iküç günlük işini gutarýançaňyz, menem pederimiň razylygyny alaryn, özüni-de bezegleri görkezmek üçin bäri alyp gelerin-diýip, hoşlaşyp, gidip barýarka-da, melike bagtyýarlyk nury çaýylan gözleri bilen yzyna öwrülip garady. Bünýadyň göwni dag dek beýgeldi. Berkudadyň “Pederimiň razylygyny almak aňsat däl” diýeni dogry çykdy. - Gyzym, saňa hyrydar bolup gelen şazadalaryň birinem halaman, indi bir betnyşan, biedep garamaýak nakgaşa köňül berdiňmi?!-diýip, pederi Berkudat ýüregini açanynda gatyrgandy. - Hezret pederim, Siziň betnyşan, biedep diýýäniňiz betnyşan däl ekeni, biedeplik edeniniň hem sebäbi bar ekeni. Siz şazadalary halaman, garamaýaga köňül berdiňmi diýýäňiz. Ol şazada bolmasa-da, sungatyň şasy, akyl-paýhasyň şazadasy, pederim. Ýadyňyzda bolsa, men Size özüme ruhy taýdan deň adam bolmasa durmuşa çykjak däl diýipdim. Binýat ruhy taýdan mendenem üstün. Onuň çeken mugjyzawy nagyşlary dünýäde taýsyz. Men ondan bu gözellikde taýsyz nagyşlaryň nusgasyny nirden alanyny soranymda, ol hiç ýerden almadym, kalbymyň nagyşlary bular diýdi. Kalby şeýle gözel ynsan dünýäde başga barmyka? Siz köşge baryp, onuň eden işlerini görseňiz, meniň kime, näme üçin köňül berenime düşünersiňiz. Gyzynyň janygyp aýdan bu sözlerinden soň pederi biraz ýumşady. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýipdirler, gel barsam baryp göräýeýin” diýen pikir bilen köşge bararman boldy. Köşgüň iki ganatly belent haşamly gapysynyň öňünde melike bilen şany bir syratly ýigit tagzym bilen garşy aldy. Berkudat pederine ýüzlenip: -Nakgaş Bünýat şu ýigit, pederim - diýdi. Şa öňki göreni-tutuş ýüzüni timarlanmadyk sakgal-murt basan, derwüş sypatly adamyň beýle syratly ýigitdigine haýran galyp, oňa siňe seredýärkä: - Seniň ýetmeziň bir ötgür päki eken-ä-diýip ýylgyrdy, soňundan:-Hany gapyny aç, eden işleriňi göreli-diýdi. Bünýat gapyny açdy, bir elini gursagyna goýup, ýol berdi. Şa içeri giren ýerinde aňk bolup, durup galdy. Ol gözlerini bir ýokary, bir diwarlara aýlaýarka özüni bir ylahy gudrat bilen döredilen jenneti mekanda dek duýardy. Ol özüniň uzak ömrüniň dowamynda beýle mugjyzawy gözelligi görmändi. Ol şeýle gözelligi döredip bilýän adam gyzynyň durmuşyny hem gözel etmegi başarar diýen pikire gelip, Berkudatyň “Siz köşge baryp, onuň eden işlerini görseňiz, meniň kime, näme üçin köňül berenime düşünersiňiz” diýenini ýatlady. Düşündi. Özüne, näme diýerkä diýip, garaşyp duran Berkudat bilen Binýada seredip: “Bagtly boluň, balalarym!” diýdi. Ine şundan soň Nusaýda ýedi gije-gündiz dabaraly toý tutuldy. Binýat toýdan soň gelnini ýurdyna-Horezme alyp gidermen boldy. Berkudatyň pederi “Ýurduňda gyzyma köşk gurup berersiñ” diýip, bir gapyrjak doly altyn pul hödürledi. Emma Binýat “Meniň külbäm köşkden hem gowy” diýip, gapyrjagy almady. Berkudat hem tagtyrowanda däl-de, atda Binýadyň ýanynda, erkek lybasynda gitmekligi isledi. Şeýlelikde olar Gürgenjiň üstünden Çyn-maçyna barýan kerwene goşulyp, ýola rowana boldylar. Bagtyýarlar wagtyň geçenini duýmasalar gerek-iki hepdeläp ýol söken bolsalar-da, olaryň göwnüne Nusaýdan çykanlary ýaňy ýalydy, eýýam Gürgenje gelip ýetdiler. Bünýat bilen Berkudat Horezmde nakgaşlar neslini köpeldip, uzak ýyllar döwranly ömür sürüp ýaşapdyrlar. Gürgenjiň köşklerindäki, metjit-medreselerindäki bezeg-nagyşlary edenler hem olaryň neslinden bolmaly. Bu hekaýat Horezmşa Il-Arslanyň kalbynda öz ýurduna, onuň ussat nakgaşlaryna bolan buýsanjyny has hem artdyrdy. Käte durmuşda niýet eden zadyň galyp, garaşylmadyk zada bil baglanýan ýagdaýlar hem bolýar. Il-Arslan hem indi ýurdyna-Horezme gaýtmaga şaýlanyp duranynda Horezmiň tabynlygyndaky Dehistan bilen Jürjanda adynyň hütbeden aýrylandygy hakyndaky gelip ýeten habar Il-Arslany goşuny Dehistana çekmäge mejbur etdi. Üstüne goşun gelýänini eşiden badyna assa gaçan namart diýip, Muaýýidiň karargähine baran emir Aýbek şol ýerde pena tapdy. Horezmşa Il-Arslan hiç hili garşylyksyz Dehistany eýeledi. Ol Jendi alanynda edişi ýaly ýerli emeldarlardan hem peýdalanmakçy bolup, Aýbek bilen gitmän galanlarynyň baryny köşge ýygnady. Il-Arslany Aýbegiň näme sebäpden üýtgändigi gyzyklandyrýardy. Ol ilki bilen şuny anyklamakçy bolup, özlerini näme maksatda ýygnandyklaryna düşünmän oturan emeldarlara ýüzlendi: - Jenaplar, biziň maksadymyz dostluk, agzybirlik, parahatçylykdy. Emiriňiz Aýbek biziň şeýle ýagşy niýetimize göz ýetirip, Horezmini arka tutundy, biziň adymyzy hütbä goşdurdy. Şeýlelikde Horezminiň howandarlygyndaky ýurt hökmünde daşky howp-hatardan goraglydy. Indi näme üçin bu parahat ýagdaý oňa ýaraman, biziň dostlugymyzy ret edip, adymyzy hütbeden aýyrtdy? Munuň sebäbini meniň bilesim gelýär. Haýsyňyz maňa bu bolan işi düşündirip berjek? Bir salym oturanlardan ses-seza çykmady. Il-Arslan sowalyny gaýtalady. Şunda oturan ona golaý adamyň arasyndan ak sakgally bir moýsepid kişi ýerinden turdy: - Muhterem Horezmşa hezretleri! Men Syrajeddin Seýful Dehistanydyryn, emir Aýbek hezretleriniň geňeşdarydym. Eger bir kaşyk ganymy geçseňiz, sowalyňyza men jogap bereýin-diýip, bir elini gursagyna goýdy, emma başyny egmedi. - Bir kaşyk ganymdan geçseňiz diýmäňiz näme? Ýa-da maňa bir ýaman söz aýtmakçy bolýaňyzmy? - Ýok. Aly hezret, ýaman söz däl, hakykaty aýtmakçy bolýan. Hakykat bolsa hemişe-de ýakymly bolmaýar. - Dehistany diýen tahallusyňyza garanda Siz şahyr bolmaly. Biz şahyrlara aýratyn sarpa goýýarys. Şonuň üçin aýtjak hakykatyňyz ýakymsyz bolsa-da diňläris, aýdyberiň! - Aly hezret, Siz dostluk diýdiňiz, howandarlyk diýdiňiz. Bu gowy sözleriň aňyrsynda başga manylaryň ýatandygyny özüňiz hem gowy bilýärsiňiz. Siziň dostluk diýeniňiz-tabynlyk, howandarlyk diýeniňiz-agalyk etmek. Şonuň üçin emir Aýbek özüniň üstünden biriniň agalyk etmegini we tabyn bolup ýaşamagy islemän, özbaşdaklygynyň alamaty hökmünde adyňyzy hütbeden aýyrtdy. Il-Arslan ajy ýylgyrdy: - Muhterem Dehistany jenaplary, men hem size bir hakykaty aýdaýyn. Ol size ýakymsyz bolsa-da diňläň! Biziň zamanamyzda emir Aýbegiň özbaşdaklyk hakyndaky islegi ýaly islegler nazara alynmaýar. Haçanda bolsa, kiçi ulynyň, ejiz güýçliniň tabynlygyna geçmeli bolýar. Aýbege gaçybatalga beren emir Muaýýidiň özem Yrak soltanlygynyň tabynlygynda dälmi näme! Biziň güýjümiz Yrak soltanlygynyň güýjinden agdyklyk eden mahaly ol hem biziň tabynlygymyza geçer. Başga ýol ýok. Agalyk eden bilen güýjüň deň gelmese, özbaşdaklyga eden sähelje yşaratyň başyňa bela getirer. Ine, görnüp duran mysal. Emir Aýbek özbaşdak boljak bolup, täji-tagtyndan aýryldy. Indi biz Dehistany Horezmiň eýeligindäki ýerleriň hataryna goşarys, bu ýere özümizden baştutan waly goýarys. Siz, muhterem Dehistany gowy geňeşdar bolanyňyzda emiriňize şu zatlary düşündirerdiňiz. - Siziň bu diýýänleriňiz ejize ganymlyk, Aly hezret. Bu adalatdan däl-diýip, Dehistany ýene kesirlik etdi. - Adalatdan dälmiş! Siz, Adalat güýçde diýip eşitmänmidiňiz? - Men güýç Adalatda diýip eşidipdim. - Hä, aslynda bu nakyl Siziň aýdyşyňyz ýaly, ýöne amalda meniň aýdyşym ýaly. Çünki adalat hem güýç bilen ornadylýar. Bu Iskender Zülkarnaýyň döwründe-de şeýledi. Häzirem şeýle. Kim başgalardan güýçli bolsa, oňa adyl hem, sahypkran hem, sahawatly hem, garaz dünýäde näme beýigeldýän at bolsa dakylýar, ady hütbelere goşulýar. Dehistany lam-jim boldy. Hökümdar adam bilen jedelleşmegiň soňy gowulyga eltmejegine düşündi. Il-Arslan: - Indi Size rugsat, jenap Dehistany. Emiriňiziň ýanyna baryp, geňeşdarlyk wezipäňizi dowam etdiriberň. Indi oňa nirä gaçmalydygyny, nirede bukulmalydygyny maslahat bermäge geňeşdar gerekdir. Bize bolsa bu ýerde geňeşdar gerek däl, öz aklymyz özümize ýetýär-diýip, Dehistanyny bir pul etdi. Dehistany eşitjegini eşidip, yraň-daraň ýöräp, çykyp gitdi. Il-Arslan onuň düşen ýagdaýy beýlekilere nähili täsir etdikä diýip, oturanlara bir ýola göz aýlady. Hemmeleriniň başlary aşak, ümsüm otyrdylar. Il-Arslan esasy meselä geçip, söze başlady: - Jenaplar! Men sizi diňe emir Aýbegiň näme üçin üýtgänini soramak üçin ýygnamadym. Esasy mesele başga. Men siziň her biriňiz öz wezipäňizde emir Aýbege däl, Watanyňyza, halkyňyzyň bähbidine gulluk edensiňiz diýip düşünýärin. Şonuň üçin men sizi öz adamlarymyz bilen çalşyrmakçy däl. Eger başga pikiriňiz bolmasa, biziň goýan baştutanymyz bilen agzybirlikde işlärsiňiz diýip, ynanasym gelýär. Horezmşa sözüni soňlanyndan oturanlar ýerlerinden turup, tagzym etdiler. Ine şol günden başlap Dehistan Horezmiň eýeligindäki ýerleriň hataryna goşuldy. Oňa Horezmli emirleriň biri waly bellendi. Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslanyň ady Dehistanyň ähli metjitlerinde hütbä goşulyp okalyp başlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |