08:53 Gürgenç / 3-nji kitap -4 | |
IV BAP
Taryhy proza
Il-Arslan emir Aýbegiň ähdinden dänip, adyny hutbadan aýyrmagynda Muaýýidiň eli bardygyny duýupdy. “Onuň oňa gaçybatalga berip, hossar çykmagy ýöne ýere däldir. Aýbegi hem özüne boýun egdirip, onuň ýerlerine-de eýelik etmek maksady ýok däldir. Bu Muaýýid diýilýäni Arslanşa bilen Ildenizi arka tutunyp, tutuş Horasany eýelemekçi öýüdýän. Ýok, muňa ýol berip bolmaz!” diýip içini gepleden Il-Arslan serkerdelerini çagyryp, goşuny Nyşapura ýörüşe taýýarlamagy buýurdy. Entek goşun ýola çykmanka bu habar Muaýýide baryp ýetdi. Ýeke özüniň Horezmiň goşunyna bäs gelip bilmejegini duýup Muaýýid haýdan-haý Nyşapurdan Hemedana Ildeniziň karargähine bardy. Muaýýidiň habaryny diňlän Ildeniz ýaňy çalaryp ugran gyrçuw sakgalyny sypap dymdy. Onuň Horezmşanyň güýçli goşuna eýediginden habary bardy. Bu hakda, diňe bu hakda däl, jansyzlary oňa başga zatlar hakda-da doly maglumat ýetiripdiler. Şeýle güýçli goşuny bolan hökümdaryň ýerinde parahat oturmajagy bellidi. Ýöne Ildeniz ony Mawerannahra-gara hytaýlaryň tabynlygyndaky ýerlere ýörüş eder diýip çaklaýardy. Çünki ol öňräk Nyşapura goşun çekip gelip, ony alman, Muaýýidden hakyny alyp gidipdi. “Şol sapar alman gidenine armany bar eken-dä” diýip içini gepleden Ildeniz: -Garaz, nätse-de Nyşapury aljak-da-diýeninden Muaýýid janygyp: -Ol diňe Nyşapur bilen çäklenmez, Atabeg hezretleri! Nyşapurdan soň soltanlyga tarap goşun çeker. Eger munuň öňi alynmasa soňy gowy bolmaz. - diýdi. -Bilýän men, soňunyň gowy bolmajagyny. Ýöne, siz, muhterem Muaýýid jenaplary, eden işiňiziň soňunyň gowy bolmajagyny bilmänsiňiz-diýip, Ildeniz kinaýaly gatyrgandy. -Men näme edipdirin, Atabeg hezretleri?-diýip, Muaýýid geňirgenip sorady. -Eden işiňizi bilmeýän bolsaňyz men aýdaýyn. Ol goşun çekip gelip, Nyşapury alman siziň bilen ylalaşyp, gaýdyp gideninden soň Horezmiň serhediniň golaýyndaky Nusaýa eden ýörüşiňiz onuň ýadyndan çykan däldir. Onsoňam Dehistanyň emiri Aýbegiň oňa dönüklik edip, adynyň hütbeden aýyrmagynda siziň eliňiziň bardygyny ol bilmeýändir öýdýäňizmi? Şeýle hem üstüne goşun gelende Aýbege gaçybatalga berip, penakär bolanyňyz, ýene-de oňa degişli Jürjany goramak üçin leşger taşlanyňyz Horezmşaga mälim ahyr. Eger ol Jürjany alaýyn diýse, goýan leşgeriňizi bir demde derbi-dagyn edip, ony alardy, emma ol Jürjany uly olja hasap edenok. Şonuň üçin ol ýere däl-de, Nyşapura gaýdan bolmaly. Eger şu işler bolmadyk bolsa, Horezmşa Horasana däl, Mawerannahra goşun çekerdi. -Atabeg hezretleri-diýip, Muaýýid hökümdaryň ýerinde oturan Ildenize müýnürgenip garady. -Siziň bu aýdanlaryňyz Horezmşa üçin bir bahana bolaýmasa. Onuň esasy maksady ýurt almak, dünýäniň ýarmynda Horezm soltanlygyny gurmak. Şonuň üçin... -Muhterem emir!-diýip, atabek Muaýýidiň sözüni böldi. -Özüniň hökümdarlyk serhetlerini giňeltmek her bir hökümdaryň islegi, arzuwy. Men beýle isleg-arzuw Horezmşada ýok diýmedim. Eger ýaňky aýdylan bahana bolmadyk bolsa, Horezmşany ol islegi Horasana däl-de, Mawerannahra ýollardy diýmekçi boldym. Muaýýidiň saly suwa gidip, bir salym dymdy. Soňra: -Indi nätmeli?-diýip, Ildenize, haraý gözleýän kimin, naýynjar nazar bilen seretdi. -Soltana sala salyp göreli, eger darkaşa gitmeli bolsa, goşunymyz taýýar-diýdi Ildeniz. Tamasynyň çykjagyna begenip: -Siz göwneseňiz soltan näme...-diýip, başlan Muaýýidiň sözüni kesen Ildeniz: -“Soltan näme” diýmäňiz näme! Soltan soltan bolýar! Onuň rugsadyny alman, goşun çekmäge meniň hakym ýok!-diýdi. Ildeniz şeýle diýse-de, erk-ygtyýar onuň öz elindedigini Muaýýid bilýärdi. Häzir näme üçin onuň özüni soltanyň ygtyýaryndan çykyp bilmeýän kişi edip görkezjek bolýanyna ol düşünmedi. Ildeniz başga söz aýtmaga milt edip bilmän duran Muaýýide garap: -Siz häzir gidip, dem-dynjyňyzy alyň. Meseläni ertire çenli çözeris-diýdi. Huzuryndan Muaýýid çykyp gideninden Ildeniz oýa çümdi: “Uruş, gandöküşlik... Eý Alla, bu belalarsyz ýaşap bolmaýarmy bu zamanda? Bizem Horezmşanyň garşysyna goşun çeksek, söweşe girsek soňy nähili bolar... Horezmşany niýetinden gaýtarmaga başga ýol tapylmazmy?...” Ildeniz uzak oýlanyp, soňunda Horezmşa haýbat atyp, hat ýazmagy makul tapdy. Ýöne daşdan durup atylan haýbatyň täsiri bolmaz diýip, goşuny Reýe çekmek kararyna geldi. Şundan soň ol soltanyň huzuryna bardy. Soltan Arslanşa bir nedimi bilen satranj oýnap otyrdy. “Munyňky hezil, dünýäni suw alsa topugyna çykanok” diýip, içini gepleden Ildeniz soltana baş egip salam berdi. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň Ildeniz Muaýýidiň getiren habaryny, özüniň gelen kararyny aýtdy. Arslanşa birhili ardynjyrap, Ildenize seretdi-de: -Il-Arslanam kakasy Atsyzyň yzyndan barýar-ow. Bu Horezmşalar ata-baba bize-seljuklara tabynlygyny unutdylar-a! Baryň, unudan zadyny ýadyna saljak boluň. Alla ýaryňyz bolsun!-diýip, ak pata berdi. Şol günüň ertesi Ildeniz Muaýýidi Nyşapura ugradyp, özi agyr goşun bilen Reýe tarap ýola düşdi. Ol Reýe gelip, Hemedanda ýüregine düwen haýbat bilen Horezmşany niýetinden gaýtarmak maksadynda onuň Dehistandaky karargähine ilçi bilen aşakdaky mazmunda hat ýollady: “Muhterem Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslan hezretleri! Men kim atabeg Şemseddin Ildeniz, soltanymyz Arslanşa hezretleriniň ygtyýar bermegi bilen Size şu namany ýollaýaryn. Biler bolsaňyz, bu Muaýýid Aý-Aba soltanymyzyň sadyk gulamy. Horasan hem edil Horezm ýaly soltanymyzyň ata-babalaryndan miras galan ýurdy. Eger Siz bu hakykaty boýun alman, Nyşapura ýörüş etseňiz, meniň jogabym nagt: Aramyzda aýylganç jeň bolar, bihasap gan döküler. Siz bu hakda oýlanyp görmediňizmi?...” Hat Ildeniziň oýlaýşy ýaly däl, onuň tersine Il-Arslanyň gaty gaharyny getirip, ýörüşi tizleşdirdi. Ol agyr goşuny haýdap barşyna ýol ugruna Muaýýide degişli Sebzewar bilen Baýhaky uly bir garşylyksyz aldy. Reýde hatynyň jogabyna garaşyp oturan Ildeniz bu habary eşiden badyna goşunyny onuň indiki nazarlaýan ýeri-Bistama tarap sürdi. Bistamyň golaýyndaky açyk meýdanda gözýetimde biri-birine gözleri kaklyşan iki goşun sesýetime gelip saklandylar. Iki günlikde mazaly ýagan ýaz ýamgyry meýdanyň boz topragyna siňip, at aýagynyň aşagyndan tozan göterilmez ýaly edipdi. Asman arassady, howa tämizdi. Tebigatyň şunuň ýaly sazlaşykly ajaýyp pursatyndan lezzet alyp, seýil edip gezmegiň deregine bu duran adamlar biri-biriniň ganyny dökmäge şaýlanýardylar, Nätjek, zamana şeýledi. Il-Arslan garşysynda sap tartyp duran goşuna göz aýlaýarka ony aňsat syndyryp bolmajagyna göz ýetirdi. Çünki ol öz goşunyndan agdyk bolmasa kem däldi. Ildeniziň hatyndaky “Aýylganç jeň, gandöküşlik...” diýen sözler ýadyna düşdi. Emma meýdana girensoň yzyňa dönmegi namartlyk bilseň söweş gutulgysyzdyr. Şeýle bolsa-da, taraplar hüjüme geçmäge, has dogrusy ölüme höwluganokdylar. Bir salym bolsa-da, jan saklamak isleýän ýalydylar. Il-Arslan bu dymyşlykdan Ildeniz gandöküşligi islemeýän bolsa jeňsiz teslim boljakmyka diýip pikir edýärdi. Ildeniz, belki, Il-Arslan goşunymyzyň özüniňkiden kem däldigini görüp, niýetinden gaýtmazmyka diýip, tama edýärdi. Eýle däl eken. Birden Ildeniziň öň hatarlarda duran atlylary iki ýan tarapa aýrylyp, yza tarap haýdadylar. Bu hereketi bilmeýän kişi olar gaçyp barýarmyka diýip, pikir etmegi mümkin. Ýok, olar gaçanokdylar, pyýadalaryň öňüni açyp, özleri yza geçýärdiler. Garşydaş tarap, bilmän, pyýadalaryň üstüne at salsa, tikeç kimin naýzalara duş gelip, ýa özi, ýa aty heläk bolmagy ahmaldy. Eger hüjüme geçmän saklansa üstüne kemanlardan peýkam ýagylardy. Atyň üstünde galkan özüni peýkamdan gorasa, aty goragsyzdy. Söweşiň bu usullaryny bäş barmagy ýaly bilýän Il-Arslan atlylaryna iki ýan tarapa bölünip, pyýadalarynyň yzyna geçen duşman atlylarynyň üstüne eňmegi, öňi açylan pyýadalaryna duşman pyýadalary bilen naýzabazlyk, gylyçbazlyk jeňine girmäge buýruk berdi. Şeýle-de edildi. Pyýadalar pyýadalar bilen, atlylar atlylar bilen darkaşa girdiler. Söweş meýdanynda gopan zenzele asman-zemini tutdy. Gün öýleden ýaňy agan mahaly başlanan söweş gün ýaşyp, garaňky gatylyşýança dowam etdi. Iki tarapdan hem ençeme adam gurban boldy. Haldan düşen goşunlar öz goşlaryna gaýtdylar. Ertesi ir säherden ertirligini edinip, aýaga galan horezm leşgeri söweş meýdanyna gelende gözýetimden aňyrda bolaýmasa bärde garşydaş goşun görnenokdy. Bir salymdan gözýetimde ýüze golaý atly peýda boldy. Ellerinde ýaraga derek pilleriň bardygy görnende olaryň gurban bolan urşujylaryny jaýlamaga gelýändikleri mälim boldy. Bu bolsa garşydaş goşunyň indi söweşe girmejegini aňladýardy. Hakykatdan hem Ildeniz horezmlileri ýeňip bilmejegine düşünip, biderek adam ýitirip ýörmezlik üçin söweşi bes etmek kararyna gelipdi. Horezmliler hem özlerinden gurban bolanlary jaýlap, söweş meýdanyndan gitdiler. Indi Il-Arslan goşuny Nyşapura tarap sürdi. Nyşapurda söweşiň netijesine garaşyp oturan Muaýýid Aý-Aba soltanlygyň goşunynyň Horezmşanyň goşunyna bäs gelip bilmän bir günlik jeňden soň söweş meýdanyny terk edenini eşidip, ýaman howsala düşdi. Munuň üstesine Horezmşanyň Nyşapura golaýlap gelýänliginiň habary onuň howsalasyny beter artdyrdy. Ol geregi şy Nyşapur bolsa alsynda dynsyn diýip, wezir- wekilleri bilen Tusa gitdi, dogrusy gaçdy. Adam aljyraňňy ýagdaýa düşende dogry bir karara gelip bilmeýändigindenmi nämemi Tusa gitmek bilen Muaýýidiň utan zady bolmady. Horezmşa gelip, hiç bir garşylyksyz Nyşapury eýeledi. Nyşapuryň ulamalary, kethudalary Horezmşanyň öňünden çykyp, ony hormat-ehtiram bilen garşylap ilata aman dilediler. Il-Arslan ulamalaryň aman dilmegini bir hili görüp, olara ýüzlendi: -Muhterem ulamalar, kethudalar! Sizleriň ilata aman dilemegiňiz biziň niýetimize şübhäňiziň alamatydyr. Biz Nyşapura olja almaga, ilaty talamaga gelmedik. Biziň Nyşapura geçen saparky ýörüşimizden hemmäňiz habaryňyz bardy. Şol sapar hem biz ilata hiç bir zyýan-zeper ýetirmedik. Hatda şähere-de girmedik. Emiriňiz Muaýýid bilen ylalaşyp, dostlarça hoşlaşdyk. Emma şundan soň hem emir Muaýýid dek oturmady. Horasanyň özüne degişli däl ýerlerini basyp aldy. Biziň serhedimizdäki Nusaýy, baryp gabady. Onuň başga-da biziň garşymyza eden işleri ýok däl. Ine, şonuň üçin biz onuň özbaşdaklygynyň mundan soňam peýdasyndan zyýanynyň köp boljakdygynyň öňüni almak maksadynda Nyşapury Horezminiň düzümine goşmaklygy makul bildik. Nyşapur biziň howandarlygymyzda bolsa ilat asudalykda parahat ýaşar, hiç kes onuň dynçlygyny bozmaga milt edip bilmez. Horezmşanyň bu gysga nutkyny ulamalar, kethudalar ýagşy görselerem, ýaman görselerem baş egip, minnetdarlyk bildirmeli boldylar. Şu günden başlap, Nyşapuryň metjitlerinde Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslanyň ady hütbä goşup okalyp başlandy. Nyşapurdaky ýagdaý, Horezmşanyň nutky baradaky habarlar emir Muaýýide ýetip baranda özüniň çykyp gaýdan köşgünde wezir wekilleriniň gurşawynda tagtda gaýşarlyp oturan Il-Arslan göz öňüne gelip, içini it ýyrtsa-da, takdyra ten bermeli boldy. Ol Nyşapury öz güýji bilen gaýtaryp alyp bilmejegine Ildenizden hem indi peýda ýokdygyna göz ýetirip, Horezmşaga boýun egmekden başga çäre ýokdygyna düşündi. Şundan soň ol Il-Arslanyň adyna nama taýýarlatdy. Bu nama bilen Fahreddin al Kufy atly bir hadymyny ilçi edip, Horezmşanyň huzuryna iberdi. Ilçi özüni güler ýüz bilen kabul eden Il-Arslana tagzym edip, Muaýýidiň namasyny gowşurdy. Il-Arslan namany bir ýola gözden geçireninden soň gülümjiräp, ony münşüsi Reşiteddine berdi-de: -Sesli okaň! Muaýýidiň teklibini hemmeler eşitsin-diýdi. Reşiteddin Watwat köşgüň tagtly eýwanynyň ýarymyny tutup oturan wezir-wekiller, serkerdeler, hyzmatdaky hadymlar, Muaýýidden galyp, Horezmşaga boýun egen emeldarlar gowy eşider ýaly batlyrak ses bilen okanynda aşakdaky sözler ýaňlanyp başlady. “Muhterem Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslan hezretleri! Siz gözlän maksadyňyza ýetmek üçin uzak ýoldan renju-ryýazatlar çekip geldiňiz. Maksadyňyza ýetmän Horezmine gaýdyp gitmek Size gelişmez. Indi meni özüňiziň bir gulamyňyz hökmünde kabul etseňiz, men bu ýurdy Siziň emir-permanlaryňyz esasynda dolandyraryn, Siziň adyňyzdan dinarlar, dirhemler zikgelederin. Adyňyz hütbelerde dilden düşürilmän okalar. Ähti-peýmanym şudyr. Siziň sadyk gulamyňyz emir Muaýýid”. Namanyň mazmuny bu ýerde oturanlaryň köpçüligi üçin garaşylmadyk täzelik däldi. Olar Muaýýidiň Horezmşaga boýun egmekden başga çäresiniň ýokdygyny bilýärdiler. Il-Arslan hem Muaýýidiň beýle tiz dyza çökenine begendi. Begeneniniň sebäbi: Nyşapura Horezmden waly belläp, soňunyň näme boljagyny bilmän ýörenden “Her ýurdyň towşanyny özüniň tazysy bilen awlan gowy” diýen nakyla eýerenini makul gördi. OL: -Nädeli, jenaplar, emir Muaýýidiň tekilibini kabul edelimi?-diýip, oturanlara ýüzlendi. Adamlar onuň ýöne soraýanyny, özüniň bolsa, elbetde, kabul etjegini bilyýärdiler. Şonuň üçin hemmeleri bir agyzdan “kabul ediberiñ” diýişdi. Il-Arslan: -Onda parahatçylyk ilçisi bolup gelen Fahreddin al Kufy jenaplarynyň sepaýyny getiriň!” diýip buýurdy. Salym geçmän ilçiniň egnine bir gymmat bahaly don ýapdylar. Ilçi ýeňlerini geýip, Horezmşaga tagzym bilen minnetdarlyk bildirdi. Il-Arslan hadymlaryna ýene täze buýurk berdi: -Fahreddin al Kufy jenaplaryny ugradanyňyzda emir Muaýýide-de bir serpaý hemde eýer-jabduklary bezegli bir at berip goýberiň-diýip, soňundan ilçä garap:-Jenap Fahreddin, emiriňize biziň salamymyzy gowşuranyňyzdan soñ aýdyñ: Ol biziň serpaýymyzy geýip, sowgat beren atymyzy münüp gelsin huzurymyza. Onuň bilen şu ýerde hoşniýetli şertnamalary baglaşarys. Ilçi nähili kabul edilen bolsa şeýle-de hormat bilen ugradyldy. Indi Muaýýide garaşybermelidi. -Jenap Reşiteddin, Muaýýid gelýänçä onuň bilen baglaşyljak şertnamany taýýarlaň-diýip, Il-Arslan kätibine buýuryp -Tölemeli ýyllyk pajynyň mukdaryny juda gorkuzyp bellemäň- diýdi. -Näçeräk bellesekkäk, otuz müň dinar bolarmy? -Ýok, otuz müň bulara agyr düşer. Ýigrimi müň belläýiň. -Otuz müňi gara hytaýlara biz töläp otyrys-a. Şu puly bulardan öndürsek bolmazmy, Aly hezret? Watwatyň bu sözüne Il-Arslanyň ýüregi sanjyp gitdi. Gara hytaýlara tölenýän paç onuň böwrüne hemişe sanjy bolup durdy. Gep çykdaýjyda däl-de, mertebededi. Gaýry dinlere beýle borçly bolmak Horezmiň, Horezmşalaryň mertebesini kiçeldýärdi. Şonuň üçin ir-u-giç bu bergidarlykdan çykmak üçin gara hytaýlar bilen bir uly çaknyşygyň boljagyny Il-Arslan çak edýärdi. Ýöne onuň özi häzirlikçe bu çaknyşyga taýýar däldi. Şoňa görä töläbermelidi. Indi bu tölegi, Watwatyň aýdyşy ýaly Muaýýidiň boýnuna atmagy islemedi: -Ýok, Jenap Reşiteddin, Siziň aýdanyňyzy etsek adalaty, ynsaby unudyp, zulm etdigimiz bolar-diýip Il-Arslan bu meseläni çürt-kesik etdi. Nyşapur bilen Tusuň arasy bir günlik ýol bolany üçin Muaýýid ilçi gideninden iki gün soň ýanynda wezir-wekilleri bilen geldi. Horezmşa ony birazrak kinaýaly ýylgyryş bilen kabul etdi. Muaýýid ýanyndaky adamlary bilen Horezmşaga adatdaky tagzymy berjaý edip, kellesini götereninde Horezmşa: -Geleniňizi hoş gördük, emir! Gowy geldiňizmi?-diýdi. -Teşekkür, Hezreti Alylary! Siziň iberen sowgat-salamyňyz bize ganat bekledip, uçup geldik-diýen Muaýýidiň jogaby Il-Arslana ýarasa-da, kinaýasy aýrylmady, ol: -Emir, “Uzynyň akly giç gelýär” diýýärler, Siz o diýen uzynam däl-diýip soňuny aýtmasa-da, Muaýýid düşünip jogap berdi: -Aly hezret, “Hiçden giç ýagşy” diýipdirler. -Gijiň ýagşy däl tarapy hem bar, emir. Eger Siz öňräk aklyňyza aýlananyňyzda Bistamdaky gandöküşlik bolmazdy. “Kim bir zorlyk görmese biriniň tabynlygyna geçer” diýip içini gepleden Muaýýid Horezmşanyň ýüzüne bir seretdi-de, başyny aşak egip geplemedi. Il-Arslan onuň garaýşynyň manysyna düşünip, gülümjiredi. -Emir, men Siziň geplemän aýdan sözleriňize düşündim. Hany, indi geçip oturyň-diýip, Il-Arslan häliden bäri aýak üstünde duranlara ýer görkezdi. Muaýýid adamlary bilen görkezilen ýere-Horezmşanyň oturan tagtynyň garşysyna geçip oturdy. Il-Arslan hem tagtdan düşüp, aşakda Muaýýid bilen garşyma-garşy oturdy. Muaýýid Horezmşanyň bu hereketini özüne goýlan hormat hökmünde kabul edip, başyny egip minnetdarlyk bildirdi. -Emir jenaplary, Siziň iberen namaňyza laýyklykda bizem bir nama taýýarladyk-diýip, Il-Arslan şertnamany getir diýen manyda kätibine yşarat etdi-de, sözüni dowam etdirdi. -Ine, şu namany okap, möhüriňizi bassaňyz, dostlukly gatnaşygymyz diňe sözde bolman, resminama bilen hem tassyklansa unudylmaz. Reşiteddin Watwat getirip, öňünde goýan şertnamany okaýarka Muaýýidiň ýüzi üýtgäp gitdi. Muňa üns beren Horezmşa onuň pajyň mukdaryny agyr görendigini aňdy: -Emir, näme , şertnama göwnüňize makul bolmadymy? -Makul, Aly hezret. Ýöne ýigrimi müň diýleni biziň üçin agyrrak... -Emir jenaplary!-diýdi Il-Arslan agraslyk bilen - Başda bellänimizi agyrrak görer diýip, ony has ýeňilletdik. Şonuň üçin möhrüňizi basaýyň. Bu buýrukdy. Muaýýid bialaç möhrüni basmaly boldy. Şundan soň Il-Arslan Muaýýide onuň garaşmadyk sowaly bilen ýüzlendi: -Emir, meniň bilesim gelýän ýene bir zat bar. Siziň howandarlyk edýäniňiz emir Aýbek nirede? Muaýýid bir bada aljyrady. Ol Horezmşa Aýbekli meseläni gozgar diýip pikir etmändi. Ol özüni aklamak üçin sözüni hadisden başlady: -Aly hezret, Pygamber hadislerinde: gapyňyzdan bir adam pena sorap gelse... -Men Siziň Aýbege gaçybatalga bereniňizi ýazgaramok-diýip, Il-Arslan Muaýýidiň sözüni böldi. - Onuň häzir nirededigini soradym. -Ol häzirki wagtda Jurjanda bolmaly. -Jurjana iberdim diýseňiz-le. Belki, ol Siziň Jurjany goramak üçin taşlan bir bölek leşgeriňiz bilen Dehistany bizden gaýtaryp aljak bolýandyr. -Ýok, Aly hezret, ol beýle işe het edip bilmez. Dehistan indi Siziňkidir. -Jurjan hem biziňki bolmalydy. Ýöne biz Dehistany garşylyksyz alanymyzdan soň gandöküşlik etmezlik üçin ol ýere sowulmadyk. Eger Aýbek hem gandöküşligi islemese öňküsi ýaly adymyzy hütbä goşduryp, bize tabynlygyny boýun alsyn. Bir gezek men-menlik edip, Dehistany elinden giderdi. Ýene kesirlik etse diňe Jürjany däl, kellesini hem giderer. Şuny oňa düşündiriň. - Düşündirerin Aly hezret. Jürjan hem Siziň ygtyýaryňyza geçer. Il-Arslan Muaýýidiň sözünden kanagatlanyp başyny atdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |