07:29 Gürgenç / 3-nji kitap -5 | |
V BAP
Taryhy proza
Ýaraşygyň şanyna guralan meýlisi sowup, ertesi irden Horezmşa Il-Arslan goşunynyň başynda ata Watany Horezmine tarap ýola düşdi. Nyşapuryň alynmagy seljuklar bilen aranyň düýpgöter kesilmegine getirip, Horezmiň özbaşdak güýçli döwlet hökmünde abraýy has artdy. Şoňa görä sebitde Horezme arka berip, Yrak soltanlygynyň tabynlygyndan çykmak üçin hereket başlandy. Ilkinji bolup, Reý welaýatynyň emiri Ynanç baş göterdi. Ol soltanlygyň gaznasyna töleýän ýyllyk pajy alyp gaýtmak üçin Ildeňiziň iberen adamlaryny kabul hem etmändir. Tabynlygyndaky emiriň paçdan boýun towlamagy Ildenizi gazap otyna müdürdi. Ol Ynanjyň üstüne goşun iberdi. Üstüne gelýän goşunyň sanyndan habardar bolan Ynanç özüniň bir kowçum leşgeri bilen garşylyk görkezip bilmejegine gözi ýetip, Bistama gaçdy. Ol ýerden ýardam sorap Horezmşaga nama bilen ilçi iberdi. Ilçi-de Gürgenje Horezmşanyň yzysüre ýetip bardy. Nyşapura ýörüşiniň üstünlikli geçeninden hoşnut, keýpi kök Horezmşa Ynanjyň ilçisini güler ýüz bilen kabul etdi, onuň getiren namasyny okap, ýüzi has hem açyldy. Ynanç hatynda Horezmşadan özüni bir gulamy hasap etmegini haýyş edip, eger goşun kömegini berse, Yrak soltanlygyny hem alyp, ony Horezmiň tabynlygyna geçirjekdigini ýaňzydýardy. Il-Arslan Ynanjyň namasynyň mazmuny bilen tanyşanyndan soñ münşüsi Reşiteddine hoşniýetli sözler bilen jogap hatyny ýazmagy tabşyryp, ilçä ýüzlendi: -Muhterem ilçi jenaplary, emiriňize biziň salamymyz bilen hoşniýetli arzuwlarymyzy ýetiriň. Biz emiriňize goşun bilenem, pul bilenem kömek ederis. Biziň goşunymyz ýetip barýança ol Dehistana gelip garaşsyn. Biz Dehistanyň walysyna çapar iberip, emiriňizi iň gadyrly myhman hökmünde kabul etmegini hem-de oňa gaça-gaçlykda serişdesiz galan bolsa on müň dinar bermegi tabşyrarys. Horezmşa sözüni soňlanyndan ilçi baryp tagtda oturan şanyň donunyň synyny ogşap, minnetdarlyk bildirdi. Gürgençde birje gün myhman bolan ilçi emiriniň namasyna jogap hatyny alyp, yzyna dolandy. Il-Arslan ilçini ugradan badyna wezir-wekillerini, serkerdelerini ýygnap, uly bolmadyk maslahat geçirdi. Ol maslahatda Ynanjyň namasyna salgylanyp, Horezmiň yklymda ýeke-täk hökmürowan merkezi döwlet bolmagyna oňaýly pursadyň gelendigini, haýal etmän bu pursatdan peýdalanmak gerekdigini aýdyp, munuň üçin Ynanja uly goşun bilen ýardama barmaly diýen pikiri orta atdy. Maslahata gatnaşyjylaryň köpçüligi hökümdaryň pikirini goldadylar. Emma baş wezir Kawameddin başgarak pikir aýtdy: -Aly hezret, düýn Ynanjyň ilçisine aýdyp goýberen zatlaryňyz, Siziň giň göwrümli, sahawatly hökümdardygyňyzyň alamaty boldy. Ýöne, Aly hezret, Sizden uzur sorap, aýtmakçy bolýan zadym... -Muhterem weziri agzam, Siziň aýtmakçy bolýan zadyňyzy aýtmasaňyz hem men bilýän. Şonuň üçin Sizem köpçüligiň pikirine goşulaýyň-diýip, Il-Arslan weziriň sözüni böldi. Wezir özdiýenliligini etdi: -Aly hezret, meniň aýtmakçy bolýan zadymy Siz bilseňizem bu oturan döwletiň işine jogapkär adamlar hem bilmegi üçin ejaza beriň, pikirimi aýdaýyn. -Hop, aýdyň, aýdyň möwlana-diýip, Il-Arslan kiçi göwünlilik bilen ýylgyrdy. -Aly hezret, emir Ynanjyň esasy aladasy namasynda aýdany dek Yrak soltanlygyny Horezminiň tabynlygyna geçirmek däl-de, özüni, öz ýurduny soltanlygyň tabynlygyndan çykarmak. Onuň köpden bäri Ildeniz bilen mäşi bişmeýär. Ol biziň goşunymyzyň güýji bilen ganymyna göz görkezip, özüniň mertebesini götermek isleýär. Onsoňam, oňa şonça dinary näme üçin bermeli? Bu Dehistanyň gaznasyna agyr düşmezmi? -Agyr düşmez. Pul bilen dost gazanyp bolsa gysyklyk etmeli däl, möwlana. -Pul bilen gazanylan dostluk uzaga gitmez, Aly hezret. -Ony görübereris, muhterem weziri agzam. Başga aýtjak zadyňyz bolmasa, gürrüňimizi gutaraýaly-diýip, Il-Arslan weziriň gepleriniň ýokmandygyny äheňinden bildirdi. Emma wezir Kawameddine Horezmşanyň sözüde, sözüniň äheňide täsir etmedi. Göwnibir ýagdaýda sözüni dowam etdirdi. -Aly hezret, meniň aýtjak bolýan esasy zadym, Siziň saglygyňyz barada. Uzak sapardan ýadap, surnugyp, ýakynda geldiňiz. Indem özüňize-de, goşuna-da dynç bermän, ýene ýörüşe gitseňiz saglygyňyzy ýitirersiňiz diýip gorkýaryn. Hekimleriň aýtmagyna görä mundan beýläk uzak saparlar Siziň saglyňyzya dogry gelmeýär. -Meniň saglygym hakynda alada edýäniňiz üçin sag boluň, möwlana. Emma Siziň “Goşuna-da, özüňize-de dynç bermän” diýeniňizi halamadym. Siz Jeýhunyň akman dynç duran wagtyny gördüňizmi? Gören dälsiňiz. Ol suwy barka hemişe akyp durýar. Goşun hem elinde at-ýaragy barka dynç alyp ýatmaly däldir. Ol ýurdy goramakda, ýurt almakda hemişe hereketde bolmaly. Goşun bir göwre bolsa, hökümdar onuň başy. “Baş bolmasa göwre läş” diýilýär. Şoňa görä hökümdara-da dynç ýok. Wezir Horezmşanyň bu gepine göni garşy söz aýtmaga çekinip, dilini dişledi. Ýöne ikinji bir meseläniň üstünden aýlap, öňki pikirini ýene ündedi: -Aly hezret, başga-da bir mesele çykyp dur, onuň hem çäresini görmegimiz gerek. -Ol näme mesele? -Jendiň walysy azypdyr. Maňa gelýän habarlara garanda ol ýerde ilatyň närazyçylygy güýçlenip başlapdyr. Şonuň üçin şazada Tekeşi Jende iberseňiz, şazada ol ýerdäki ýagdaýy tiz düzederdi. Tüweleme ol juda erjel hem dana. Siziň saparda wagtyňyzda döwleti bir kemsiz dolandyrdy. -Şazadany Jende waly edipmi ýa-da ýagdaýy düzedip gelmek üçin ibermelimi? -Aly hezret, Jend ýurduň iň möhüm sebiti, şoňa görä ony şazadanyň özi dolandyrsa gowy bolardy. Il-Arslan häliden bäri gepe goşulman oturan Tekeşe ünsli seredip: -Oglum, seniň pikiriň niçik? Jende waly bolup gitmäge razymyň?-diýdi. -Siz nämäni makul görseňiz, şoňa razy bolmak meniň borjum, pederim-diýip, şazada Tekeş bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. Il-Arslan oglunyň göwün matlabyny özi aýdyp bilmän weziriň üsti bilen mälim edenine düşünip, kinaýaly ýylgyrdy. “Munuň hem öz başyna hökümdarlyk edesi gelýän eken-dä” diýip içini gepletdi, soňra: -Onda näme, menem ikiňiziň bu “dildüwüşigiňiziň” soňy haýyrly bolsun diýip, razy bolaýaýyn-diýdi. Tekeş pederiniň “dildüwüşigiňiziň” diýeninden wezir bilen öň gepleşenini aňanyny duýup, gyzardy. -Aly hezret-diýip, wezir indi esasy pikirini ündemäge durdy. -Şazada Tekeşi Jende iberseňiz, özüňiz paýtagtda bolmasaňyz bolmaz. Ynanja ýardam üçin goşuna serkerdeleriň birini baş edip, iberseňiz hem bolman durmaz. Horezmşa kellesini ýaýkap ýylgyrdy: -Muhterem weziri agzam, Siz meni täze düşen gelin kimin öýden çykarman saklajak bolýaňyz öýdýän. Hökümdar adam eýdip oturyberse bolmaz ahyr. -Aly hezret, hökümdara tylla tagt onda oturmak üçin hem berlendir. Şonuň üçin atyň üsti bilen tagtyň üstüni aram-aram çalşyp dursaňyz saglygyňyza hem peýdalydyr. Il-Arslan wezir bilen özüniň gürrüňini gyzygyp diňläp oturan adamlara gözüni aýlap: -Jenaplar, içiňizde möwlana Kowameddiniň pikirini goldaýanyňyz barmy?-diýdi. Hemmeler bir agyzdan “goldaýas!” diýip seslendiler. -Hökümdar köpçüligiň pikirine garşy gitse, bu adalatsyzlyk bolýar. Şoňa görä menem wezirimiziň pikirini goldaýaýyn-diýdi. Adamlaryň arasyndaky makullaýjy gürrüñ ýatyşansoñ Il-Arslan emir Ynanja kömege gitjek goşuna emir Şemseddin ibn Huseýin Aýýarbegi baş edip, belleýänligi hakyndaky emrini yglan etdi. Soňra muňa begenipmi, gynanypmy uludan demini alan baş serkerde Aýuphana garap: - Aýuphan, eset, Aýýar beg nähili ekezlendi. Ol şu ýörüşde Horezminiň serhetlerini ýene-de giňeldip, baýlygyna baýlyk goşup geler enşalla. Sen bu sapar paýtagty goraýan serbazlaryñ bilen bolyber-diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |