20:28 Gürgenç / 3-nji kitap -6 | |
VI BAP
Taryhy proza
Atabeg Ildeňiz Horezmden gelen haty okap, howsala düşenem bolsa, özüni sowukganlyk bilen tutmaga çalşyp, Arslan şanyň huzuryna bardy. Ol özüni her niçik ýagdaýda-da aljyramaýan merdemsi adam edip görkezjek bolsa-da, içindäki dowul soltanyň nazaryndan sypmady: - Eýgilikmi, Atabeg, bir hili aladaly görünýäňiz-le?-diýdi soltan. - Eýgilik däl, soltanym. Horezmdäki ynançly adamymyzdan hat aldym... Reýiň emiri Ynanç Horezmşanyň tabynlygyna geçipdir. Reýi hem oňa berdim edip, biziň garşymyza goşun sorapdyr. Goşun eýýäm ýola düşüpdir. Bu habar jeň-jedelden keýpi-sapany eý görýän Arslanşanyň keýpini uçurdy. - Ol goşun soltanlygy zabt etmek üçin gelýärmişmi?-diýip, Arslanşa Ildenize “Indi näme etmeli?” diýen manyda garady. - Niýetleri şeýledir. Ýöne zabt edip bilmezler, soltanym. Biziň goşunymyz hem Horezmşanyň goşunyndan gaýra durýan däldir. Eger şu sapar goşuna özüňiz baş bolup gitseňiz leşgeriň ruhy has göterlip, duşmany serhetlerimize golaýlatman derbi-dagyn etse bolar. Soltana Ildeniziň bu teklibi ýokmady. “Goşuna hemişe özi baş bolup gidýän Ildeňiz bu sapar näme üçin meni baş edip iberjek bolýarka?” diýip, içini gepleden Arslanşa bir salym dymdy. Ildeniziň bolsa mundan bir ýyl öň Bistamdaky söweşde Horezmşanyň goşunyna bäs gelip bilmändigi ýadyndan çykaranokdy. Ol bu sapar hem şeýle bolaýsa goý, yzasyny soltanyň özü-de çekip görsün, diýen pikir bilen ony goşuna baş bolmaga yrýardy. Ildeňiziň bu mekrini aňmadyk Arslanşa onuň teklibini hakykatdanam leşgeriň ruhuny götermek üçindir diýip düşündi. Soňunda: -Bolýar, Atabeg. Ýöne ýanymda seniň hem bolmagyň gerek-diýdi soltan. Ildeniz bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Bir bahana tapmalydy. Göwnemeýän zadyny etmezlik üçin mekir adama bahana gyt däl. Tapdy: -Soltanym, men Siziň ýanyňyzda kömekçiňiz bolup gidip bilsem özümi bagtly saýardym. Emma... ýagdaýymy öň aýtmaga çekindim, dogrusy utandym... köne babasyl keselim zarbygyp, at üstünde oturup bilemok. Arslanşanyň bu gepe gülküsi tutsa-da, dertliniň üstünden gülen ýaly bolmaýyn diýip saklandy. Şonda-da çalarak ýylgyryp diýdi: -Onuň ýaly bolsa keseliňi tebiplere bejerdiber. Meniň bilen bolsa ogluň Jahan Pehlawan gider. Ýa onuň hem babasyly barmy? Ildeniz soltanyň bu gepi özüniň keseline ynanmany üçinmi ýa-da degişipmi, haýsy manyda aýdanyny bilip bilmän bir hili boldy. Bu gepden soň ogluny soltan bilen ibermezligiň alajy bolmady. -Siziň bilen bile söweşe gitmek Jahan Pehlawan üçin uly mertebedir, soltanym!-diýdi ol. *** Dehistanda emir Ynanç Horezmşanyň wada eden goşunyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol Horezm goşunynyň güýji bilen näçe ýyllar paç diýip, ganyny soran Ildeňizi dyza çökerip, onuň zulmundan gutuljakdy, oňarsa soltanlygy hem alyp, ony Horezmiň tabynlygyna geçirmekçidi. Şeýdip, Horezmşanyň iň ýakyn adamlarynyň birine öwrüljekdi. Emma goşun Dehistana ýetip gelende onuň başynda duran serkerde Aýýar beg oňa goşunyň ygtyýaryny bermedi. Baş serkerdeligi öz elinde saklap, ony maslahatçy we ýolbeledi hökmünde alyp gitdi. Emir Ynanjyň bu ýagdaý bilen razylaşmakdan başga alajy ýokdy. Ol indi kimiň ýolbaşçylygynda bolsa-da, Ildeňiziň üstünden ýeňiş gazansa, Reýiň Horezmşaga tabyn walysy bolmagyna-da razydy... Goşun Reýden geçip, Sawa säheriniň golaýynda soltanlygyň leşgerine duş geldi. Iki goşun ses ýetimde ýüzbe-ýüz bolup saklandylar. At-ýaragy şaý, urşujylary daýaw leşgerine göwni ýetip gelýän Arslanşa horezmlileriň goşunyna gözi düşenden bir hili hopugan ýaly boldy. Bolsa-da, özüni tutup, ýanyndaky Jahan Pahlewana ýüzlendi: -Pehlewan beg, bularyň goşuny-da biziňkiden az däl öýdýän. -Deňeçeräk bar, soltanym. Ýöne uzak ýoldan ýadap gelen goşuna maý bermän darasak, ýeňiş biziňki bolar enşalla. Öň başa-baş söweşe girip görmedik Arslanşa bir bada razylyk bermedi. -Gyssanma Pehlewan. Ilki olaryň maksadyny, talabyny bileli. Belki, jeňsiz, uruşsyz ylalaşyga geleris. -Jeňsiz-jedelsiz ylalaşyga gelip bolmaz, soltanym. Sebäbi olaryň maksady, talaby mälim, ýurdy Horezmiň tabynlygyna geçirmeli, oljadan, paçdan ýüküni ýetirip goýbermeli. Siz şuňa razy bolarmysyňyz? Elbetde bolmarsyňyz. Şonuň üçin bizem güýjümizi görkezeli. Ýeňip bilmejeklerine gözleri ýetse, ine şonda ýaraşyga razy bolarlar. Arslanşa ýüregi hyjuwly, göwresi güýç-gaýrata doly ýaş serkerdäniň pikiri bilen razylaşmaly boldy. Onýança Horezm goşunynda-da hereket başlandy. Öňde duran atlylar iki ýan tarapa aýrylyp, pyýadalaryň öňüni açdylar. Jahan Pehlewan hem leşgeri edil şeýle nyzama geçirdi. Arslanşa janpenalary bilen söweşi synlap bolýan goşunyň yzyndaky bir depä geçip-geçmänkä horezmlileriň pyýadasy naýzalaryny öňe tutup, ýörüşe başlady. Soltanlygyň pyýadalary hem şeýle herekete geçip, orta ýolda garpyşdylar. Ortada pyýadalar, iki ýan tarapda atlylar aldym-berdimli söweşe girdiler. Urşujylaryň haýkyrygy, gylyçdyr galkanlaryň darkyldysy, atlaryň kişňeşleri goşulup, jeň meýdanynyň asmanyny uly zenzele gaplady. Guşlukda başlanan söweş öýläne golaý hem dowam edýärdi, gurban bolanlaryň sany barha artýardy. Dört sagatlap dyngysyz dowam eden jeň iki tarapy hem ýadadypdy. Şu arada soltanlygyň goşuny tarapda ak baýdak göterildi. Bu ýaraşyga, gepleşige teklipdi. Aýýar beg hem bu söweşde ýeňiş gazanyp bilmejegine gözi ýetip, söweşi togtatdy. Jahan Pehlawan atyny çapdyryp, soltanyň duran depesine çykdy. Dubulgasynyň aşagyndan akyp, ýaňagyndan syrygýan derini eliniň tersi bilen çalarak sylyp, soltana ýüzlendi: -Indi ýaraşyk teklip etsek bolar, soltanym. Arslanşa: -Bolar, diýseň bolar. Ýöne köp adam gyryldy-da-diýip, ahmyrly gürledi. -Söweş gurbansyz bolmaýar, soltanym. -Sen näme, söweşiň gurbansyz bolmaýanyny men bilmeýändir öýüdýäňmi?! Ilki gepleşilende beýle gurban bermänem bolardy, belki. Jahan Pehlawan geplemedi. Ol soltanyň beýle ýuka ýürekdigini bilmeýän ekeni. -Kakaňyň aýtmagyna görä goşunda Horezmşa ýokmyşyn. Adam iber, goşunyna kim başçy bolup gelen bolsa, meniň ýanyma gelsin. Gepleşip göreli, belki bir ylalaşyga geleris-diýip, Arslan şa Jahan Pehlawany aşak ugradyp goýberdi. Jahan Pehlawan soltan “adam iber” diýse-de, ýanyna iki müňbaşyny alyp, özi gitdi. Aýýar beg ak baýdak göterip gelýän adamlara gözi düşenden ýanynda duran emir Ynanja ýüzlendi: -Emir jenaplary, bu gelýänlere näme jogap bereris? -Jogap olaryň berjek sowalyna, etjek teklibine bagly. Gelibersinler, göreris. Jahan Pehlewan ýoldaşlary bilen Horezmiň belentde parlaýan baýdagynyň aşagynda duran Aýýar beg dagylara ýakyn gelip, atlaryndan düşdüler-de, pyýadalap baryp, salam berdiler. -Habaryňyzy beriberiň, jenaplar, diňleýäs-diýip, Aýýar beg ulumsylyk bilen söz gatdy. Jahan Pehlewan: -Ilki habarymyzy kime berjegimizi bilsek gowy bolardy-diýdi. Aýýar beg kinaýaly gülümjiräp jogap berdi: -Dogry, gürrüňi ilki tanyşlykdan başlamaly. Men goşunyň baş serkerdesi Şemseddin ibn Huseýin Aýýar beg. Bu kişi emir Ynanç, Reýiň häkimi. -Biziň soltanymyzyň öňki gulamy-diýip Jahan Pehlewan kinaýa bilen Aýýar begiň sözüniň üstüni ýetirdi-de.-Menem soltanymyzyň goşunynyň serkerdesi Jahan Pehlewan ibn Ildeniz. Indi habarymyzy aýtsak, gepleşik geçirmek, ylalaşyga gelmek üçin sizleri soltanymyz Arslanşanyň huzuryna teklip edip geldik-diýdi. Aýýar begiň ýüzi çytyldy, ösgün gara gaşlary ýokary göterlip, maňlaýynyň ortasyna bardy: -Näme üçin biz barmaly? Ak baýdak göterip, ýaraşyk soran sizmi ýa bizmi? -Jenap Aýýar beg, biziň ak baýdak göterenimizi siz dogry düşünmänsiňiz öýüdýän. Biz ak baýdagy güýjimiz asgynlyk edýänligi üçin däl, gurban bolýanlaryň sanyny ýene-de köpeltmezlik üçin göterdik. -Soltanyňyz esgerleriniň janyny şeýle gaýgyrýan bolsa, gurbanlaryň sanyny ýene-de artdyrmajak bolsa özi gelsin. -Hakdan halatly hökümdarlar meniň bilen siziň ýaly gullukdaky kişileriň huzuryna barmaýarlar. Bu olaryň mertebesine dogry gelmeýär. Siz nä bu kadany bileňizokmy? -Birinjiden ol meniň hökümdarym däl. Meniň hökümdarym Horezmşa Il-Arslan hezretleri. Soltanyňyz gelse menem hökümdarymyň adyndan gepleşerin, ýaraşygyň şertlerini aýdaryn. Eger gelmese biz söweşi dowam etdireris. Jahan Pehlewan kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy: -Jenap Aýýar beg, ýurdyňyz Horezm daşda galdy. Yzyňyzda-da kömege geljek güýç ýok. Biziň ýurdumyz ine eliňi uzatsaň ýetip dur. Bize näçe kömek gerek bolsa eglenmän geler. Meniň inim Gyzyl Arslanyň başçylygynda uly goşun hem golaýda bar. Siz şu ýagdaýy akyl tereziňize salman, uruşy dowam etdirseňiz näme boljagyňyzy bir oýlanyp görüň. Aýýar begiň ýüzi üýtgedi. Näme diýjegini bilmän, Ynanja garady. Ol hem “dogry aýdýar” diýen manyda başyny atdy. Şundan soň Aýýar beg bir salym Jahan Pehlewana synçy nazaryny dikip durdy-da, soňundan dil ýardy: -Jenap Jahan Pehlewan, men dilden diýsemem, ýürekden söweşiň tarapdary däl. Ýöne bize Horezmşanyň bir tabşyrygy bar. Hiç bolmanda şu tabşyrygy amal etmän gitsek bolmaz. -Ol näme tabşyryk? -Soltanyňyz gelse, şu tabşyryk boýunça meseläni gepleşerdik, şertnama baglaşardyk. -Jenap, Aýýar beg, men ýaňy düşündirip aýtdym, soltan siziň huzuryňyza gelmeýär. Eger gepleşik, şertnama baglaşjak niýetiňiz bolsa özüňiz baraýmaly ahyry. Aýýar beg ýüzüni kesä sowup, bir salym dymdy. Soňra Jahan Pehlewana ýiti nazaryny dikip diýdi: -Soltanyňyz gelmese gelmesin. Bizem barmaly. Ýöne soltanyňyz Reý sebitiniň tutuşlygyna Horezmiň tabynlygyna geçenligini, emir Ynanjyň Reýiň Horezmşa tarapyndan bellenen walysydygyny ykrar edip, mundan beýläk şol sebite göz dikmezlik barada ahdnama ýazyp, möhürini basyp bersin. Eger ol muňa-da boýun bolmasa... -Aňyrsyny aýtmak gerek däl, jenap Aýýar beg. Soltanymyz örän ýuka ýürek adam. Ol bir adamyň gany dökülenden on sebiti ýitirenini eý görýär. Eger şeýle ahdnama bilen göwnüňiz bitýän bolsa, men ony şu günüň özünde soltanymyzdan alyp, size göndererin-diýip, ynam bilen aýdan Jahan Pehlawan ýoldaşlary bilen yzyna dolandy. *** Ahdnamany eline alan Aýýar beg emir Ynanjy ýurdyna eýelik etmek üçin Reýe ugradyp, özi goşuny günbatara Azerbaýjan tarapa sürdi. Şol haýdap baryşlaryna horezmliler Azerbaýjanyň Abhar, Janjar atly şäherlerini zabt edip, olja baryny aldylar. Kazwin ýaýlalaryndan bolsa iki müňe golaý ner düýeleri sürüp, alyp gaýtdylar. Şeýle uly olja bilen gaýdyp gelen Aýýar beg Horezmşanyň iň ynamdar harby serkerdesine öwrüldi. Hemişe jeň-jedeller jahangirleri irizdirmese-de, jahangirlik dawasy ýok Il-Arslany irizdirdimi ýa-da weziriniñ aýdanlary täsir etdimi ol hijriniň 563-njisinden 567-njisine çenli hiç ýere, hiç bir ýörüş etmän, parahat durmuşda ýurduň abadançylyk işlerine üns berip, ýaşady, arasynda köşgünde saz-söhbetli meýlisler gurady, muşaýireler geçirdi. Şeýle meýlisleriň birinden keýpi kök halda çykan Il-Arslan söýgüli aýaly Nazyratyň aram otagyna bardy. Ençeme wagtdan bäri ýüregine düwüp goýan maksadyny amala aşyrmak üçin pursat peýläp ýören Nazyrat köpden bäri gelmedik şany ýüz dürli näz-kereşme bilen garşy aldy. "Bir aýalyň mekri kyrk eşege ýük bolýar" diýen aýtgy hemme aýallara degişli bolmasa-da, Nazyrat ýaly öz bähbidini hemme zatdan üstün goýýan aýallar, gerek ýerinde, bir eşekdäkisi bilenem iş bitirýärler. Nazyratyň ýatalgasynda göwün solpusyndan çykyp, aram alyp ýatan Il-Arslandan keýpi kök adam ýokdy şu pursatda Nazyrata-da geregi şu pursatdy. Ol şanyň aýaklaryny owkalap, sypalap oturşyna mylaýymlyk bilen söz açyp, maksada geçdi: -Şahym, men her gün ir säherde Allatagaladan Size uzak ömür, jan saglyk döwletiňiziň berkarar bolmagyny dileg edýärin. Meniň dileglerim Allanyň dergahynda kabul bolar enşalla. Emma biz hernäçe ýaşasagam soňunda bu dünýäni perzentlerimize goýup gitmeli bolýarys. Ine şonda yzymyz parahatçylyk bolsa biziň ruhumyz hem parahat bolar. Şonuň üçin oglanlaryň birini öňünden mirasdüşer belläp, yglan etseňiz, Sizden soň tagt üçin dawa-jenjel bolmazdy. Il-Arslan aýalynyň maksadyny şol bada duýdy. Onuň “oglanlaryň birini” diýmek bilen özüni bitarap görkezmekçi bolýanyny aňdy.“Bu aýal eýýämdan oglunyň täji-tagt aladasyny edip ýören eken-ow” diýip içini gepleden Il-Arslan: -Dogry aýdýaň, Nazyrat. Mirasdüşer bellemeli wagtam bolandyr. Uly oglumyz Tekeş Jendde ýurt dolandyryp otyr, tejribesi bar. Ony mirasdüşer bellesek bizden soň inisi Soltanşa bilen ýurdy agzybirlikde dolandyrarlar öýdýän-diýdi. Şanyň gujagyndan islegini kanagatlandyryp, çykyp oturan aýalyň bägül ýaly gyzaran ýüzi birden ak esgä döndi. Il-Arslan aýalynyň düşen ýagdaýyny duýsa-da, syr bildirmän sorady: -Nazyrat, şeýitsek dogry bolmazmy? Seniň pikiriň nähili? -Şahym, men ene. Ene öz perzendi duranda başganyň tarapyny çalmaz. Siz ata, ygtyýar sizde. Siz halanyňyzy edip bilersiňiz. Ýöne başga bir zat bar. Patyşa boljak adamyň synasynda hiç bir şikeş bolmasa, onuň ýurdy gülläp ösýärmiş. Eger synasy şikesli adam patyşa bolsa... -Bes et! Sen Tekeşiň bir gözi güllüdigini aýtjak bolýaňmy. Seniň ol diýeniň biderek gep. Patyşa boljak adamyň synasynda däl, kellesinde şikes bolmasa, ana şonda ýurt gülläp ösýär. Nazyrat başga geplemedi. Aňyrdan dyňzap gelen gözüniň ýaşyny egnindäki iç köýneginiň ýeňi bilen süpürip äriniň gapdalyna uzaldy. Il-Arslan ony özüne öwrüp, gözüniň ýaşlaryny barmaklary bilen syryşdyryp: -Nazyrat, men entek ýaş, ýaňy ellä bardym. Alla ömür berse ýene on-onbäş ýyl şalyk sürerin, şoňa çenli Soltanşa hem ulalybersin-diýip, ynjan aýalyny köşeşdirdi. *** Wagt geçýär. Onuň dyngysyz akymy adamlary dürli-dürli hadysalar, wakalar bilen ýüzbe-ýüz edýär. Emir Ynanjyň Reýde häkimiýetini gaýtadan dikeldip, höküm süreni bir ýyla hem ýetmän, katyllar bilen ýüzbe-ýüz boldy, ony öldürdiler. Bu habar Gürgenje ýetip gelende Horezmşa Il-Arslan bu işde Ildeňiziň eliniň bardygyny şol bada aňdy. Habary getiren adamyň aýtmagyna görä katyllygy guran Ynanjyň öz weziri Sadaddin al Aşalla, ýerine ýetirenlerem öz gulamlary eken. Emiriň ölüminiň teftişi başlanandan wezir gulamlaryň eden işiniň muzduny hem bermän, Yrak soltanlygyna ýagny Ildeňiziň ýanyna gaçypdyr. Katyl üç gulam hem Reýden çykyp gidipdirler. Habarçy gulamlar Yrak soltanlygyna barsalar weziriň özlerini aman goýmajagyny bilenleri üçin bäri-Horezme gaçmaklary mümkin diýen pikiri bildirdi. Bu pikiri dogry tapan Il-Arslan kerwensaraýlary, myhmanhanalary, daşardan gelýän adamlaryň düşleýän ähli ýerleri gözläp, olary tapmagy ýörite bellenen adamlara tabşyrdy. Patyşanyň emri bilen bir hepdäniň içinde bütin şäheri agtaryp, ellä golaý güman edilýän adamy bir ýere ýygnadylar. Şolaryň içinden Reýden geleni anyklanan üç adamy tutup, Horezmşanyň huzuryna getirdiler. Il-Arslan olar bilen köp gepleşmedi, diňe: -Eden işiňizi boýun alýaňyzmy?-diýip sorady. Patyşanyň öňünde ýalan sözlemäge olaryň hiç biriniň bogny ysmady. -Merhemetli Horezmşa hezretleri, wezir al Aşallanyň keşbine giren şeýtan pälimizi azdyrdy. Bir kaşyk ganymyzdan geçseňiz, günämizi Siziň buýran islän işiñizi edip ýuwarys-diýip, gulamlaryň ekabrragy özelendi. -Özüne iş beren, duz-çörek beren hökümdarynyň janyna kast eden adamlaryň günäsi hiç zat bilen ýuwulmaýar. Alyp çykyň, kellelerini kesip, üçisinem bir çukura gömüň! Horezmşanyň buýrugy agzyndan çykyp-çykman ýasawullar günäkärleri idirdedip, alyp çykyp gitdiler. Şundan soň dürli meseleler bilen öňden gelip oturan döwlet işgärlerine-de jogap beren Horezmşa ýeke özi galyp, ol gulamlaryň eden işi barada oýa çümdi: “Adamzat döräli bäri haýyr hem şer hem onuň hemişelik ýoldaşy bolup gelipdir. Şer işe el uran adam eden gabahatlygyny özüniň nadanlygyndan, açgözlüginden görmän, “Meni şeýtan azdyrdy” diýip, şeýtanyň boýnuna atýar. Nadany, açgözi şer işe yrmak üçin şeýtanyň geregi ýok. Şeýtana derek “altyn” diýen jadyly zat bar. Wezir Sadaddin al Aşalla hem ol gulamlara altyn baryny wada edip, katyllyga yrandyr. Ýöne al Aşallany Ildeňiz näme bilen yrdyka? Bolmasa ol nadan ýa açgöz adam bolmaly däl, okumyşly, döwleti özüne ýeterli adam bolmaly. Beýle adamyň şer işe baş goşmagyna näme sebäp bolup biler?...” Horezmşanyň çöşläp oturan pikir kelebini kabulhanadaky sesler üzdi. Huzuryna giren köşk hadymy: -Aly hezret, Abu Muhammet ibn al Abbas al Horezmi bilen Abul Muaýýid ibn Ahmet al Maky jenaplary huzuryňyza girmäge ejaza soraýarlar-diýip, gelenler barada habar berdi. Şanyň baş atyp ejaza bereninden soň biri-birinden peşeneli, ýüzi-gözünden nur damyp duran, eginleri ýaşyl begres donly, ak selleli iki ak sakgal moýsepid girip geldiler. Horezmşa olary görenden tagtyndan turup: -Märhabo, märhabo! Hoş gördük, möwlanalar, hoş geldiňiz!-diýip, gelenleri güler ýüz bilen garşy aldy. Gelenleriň biri-Abu Muhammet ibn äl Abbas ylahyýet we fikh ylymlarynyň sahyby hem-de taryhçy alym, “Taryhy Hwarazm” kitabynyň ýazarydy. Ikinjisi-Abul Muaýýid ibn äl Ahmat bolsa Mahmyt az Zamahşary Jarullah hezretleriniň halypasy, "Sadr ymam" unwanyna eýe bolan Gürgenjiň baş müderrisidi. Ikisi-de ýurtda tanalýan, mertebeli alym kişilerdi. Olar hökümdara adatdaky tagzymy berjaý edip, soňra saglyk-amanlyk soraşdylar. Il-Arslan olara oturmaga ýer görkezip, özi hem tagtyndan aşakda ýaşulularyň ýanynda oturdy. Horezmşa alymlaryň bir ýumuş bilen gelendiklerini bilse-de, özleri aýdýança, edep saklap soramady, gürrüňi Abu Muhammet ibn al Abbasyň “Taryhy Hwärazmi” atly kitabyndan başlady: -Mäwlana, men Siziň ol kitabyňyzy höwes bilen okadym. Horezminiň biziň müňýyllygymyzdan hem ençeme asyrlar öň beýik döwlet bolandygy, Horezmşa Farasmanyň Iskender Zülkernaý bilen duşuşyp, gepleşeninden soň beýik jahangiriň Horezmine ýörüş edip bilmändigi baradaky setirleri okanymda Watanymyza bolan buýsanç kalbymy joşa getirdi. Siziň bu kitabyňyzy okan her bir horezminliniň şeýle beýik bolan ýurduň perzendidigine kalbynda buýsanç duýgularynyň döremegi şübhesizdir. Halkymyzyň Watanymyza bolan söýgüsini belentlere göterýän şeýle ajaýyp kitap ýazanyňyz üçin Sizden juda minnetdar bolmagymyz gerek. Minnetdarlygymyzyň nyşany hökmünde sylagyňyzy hem ederis. -Aly hezret, men kitaby sylag tama edip ýazmadym, maňa hiç zat gerek däl. Siziň agzyňyzdan çykan şu minnetdarlyk sözleriňiz meniň üçin tükeniksiz altyna barabardyr. Ýöne hazynaňyzyň mümkinçiligi bolsa bir haýyrly işe sahawat etseňiz. Biziň huzuryňyza gelmegimiziň sebäbi hem şu. -Haýyrly iş bolsa, ony hökman goldarys. Aýdyberiň-diýip, Il-Arslan alymlara garap ýylgyrdy. Taryhçy müderrise “Aýdyberiň” diýen manyda başyny atdy. -Aly hezret, ýurdumyzda ylma teşne ýaşlar köpelip medreselerimize sygman başlady. Şonuň üçin ýene-de bir medrese gurup berseňiz Gürgenjimiz ylym-bilim nuruny saçmakda Bagdatdan gaýra durmaz-diýip, baş müderris bir elini gursagyna goýup, başyny atdy. Horezmşa birden jogap bermedi. Alymlar patyşanyň dymmagyny hazynanyň gory ýagdaýlyrak bolsa gerek diýip pikir etdiler. -Muheterem möwlanalar-diýip, Horezmşa dymyşlygy bozdy.-Gerek bolsa bir däl ikisinem gurarys medreseleriň. Ýaşlaryň bilime köpçülikleýin ýykgyn edýändikleri gowy zat ýaly, ýöne “Hemme molla bolsa padany kim bakar” diýen bir gepem bar. Şonuň üçin medresä hakyky zehinlileri kabul etmeli, obanyň zähmetinden gaçyp gelen zehinsizleri-de kabul edibermeli däl. Sur, kamar müň goýunyň içinde bir, ikisi döreýär. Hakyky zehinler hem şonuň ýaly seýrek bolýar. Meniň sargydym: zehinsizleri kabul etmäň, kabul edenleriňizi-de öýli-öýüne gaýtaryň. Goý, olar elinden gelen işi etsinler, daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullansynlar. Ine şonda olaryň ata-enesine, il-güne köpräk peýdasy deger. Siz meniň bu aýdanlarymy medrese gurup bermejek bolup aýdýandyr diýip pikir etmäň. Medrese gurup bereris, ýöne onda-da beýleki medreselerdäki kimin geljekde Horezminiň ylmyna ylym, abraýyna abraý goşjak zehinliler okasyn. Horezmşa sözüni tamamlanyndan alymlar onuň bilen ylalaşýandyklaryny, onuň bu sargydyny özlerine dessuryl-amal hökmünde ulanjakdyklaryny aýdyp., minnetdarlyk bildirip, şanyň huzuryndan çykdylar. *** Uzak wagt parahat ýaşamak şalaryň ykbalyna ýazylmandyr. Il-Arslanyň hem paýtagtynda parahat oturanyna köp wagt geçmän, gara hytaýlaryň Horezme çozuş howpy döredi. Has dogrusy bu howpy Il-Arslanyň özi bilgeşleýin döretdi. Pederi Atsyzyň döwründen bäri gara hytaýlara tölenip gelinýän pajy iki ýyl bäri tölemedi. Mundan beýlägem tölemekçi däldi. Şu sebäpli gara hytaýlaryň ýörüş etjegi ikuçsyzdy. Il-Arslanyň maksady bolsa duşman derýadan geçip-geçmän Gürgenje tarap ýoly suwa basdyryp, ýörüşi saklanyndan soň suw çekilýänçä garaşyp duran leşgere ýeňseden hüjüm edip, ony derbi-dagyn etmekçidi. Şeýdip, gara hytaýlardan belli-külli gutulmakçydy. Emma hyýaldaky zatlar hemişe-de hakykata öwrülibermeýär. Goşunyny Amul tarapa çekip, gara hytaýlara garaşan Horezmşa garaşylmadyk ýagdaýda agyr derde uçrap, ýanyny ýere berdi. Indi söweşe gatnaşyp bilmejegine gözi ýeten Il-Arslan ynamly serkerdesi Aýýar begi goşuna baş edip, gara hytaýlaryň garşysyna ugratdy. “Üstünligem, şowsuzlygam goşa-goşadan” diýenleri ýaly gara hytaýlar bilen bolan jeňde Horezmiň goşuny ýeňlişe sezewar bolup, baş serkerde Aýýar beg hem ýesir düşdi. Bu bolan erbet wakalar hakdaky ýaramaz habar Il-Arslanyň derdini has beterleşdirdi. Gürgenjiň ýolundaky suw birneme çekilensoň bimar şany paýtagta alyp geldiler. Şäherdäki iň güýçli tebipler hem şany dertden halas edip bilmediler. On alty ýyl hökümdarlyk eden, öz döwründe bir näçe ülkeleri alyp, Horezmiň serhetlerini giňelden Horezmşa Abul Fatyh Il-Arslan 567-nji hijriniň rejep aýynyň 19-yndaşini täzeledi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |