07:50 Gürgenç / 3-nji kitap -7 | |
VII BAP
Taryhy proza
Pukara aradan çyksa esasy alada ony jaýlamak bilen bagly bolýar. Patyşa aradan çyksa esasy alada onuň tagtyny eýelemeklige gönügýär. Il-Arslanyň ölümi hem şeýle ýagdaýy ýüze çykardy. Terken hatyn adyny alan Il-Arslanyň söýgüli aýaly Nazyrat ogly Soltanşa Mahmudy pederi mirasdüşer belläpdi diýip gyssagly suratda tagta çykardyp, Horezmşa diýip yglan etdirdi. Bu wagt Il-Arslanyň uly ogly Tekeş Jendde walydy. Tekeş gündizki iş-aladalaryndan dynyp, giçligara dynç alýan wagty özüniň gowy görýän saz guraly Ud çalyp otyrka gapydany Gürgençden çapar gelenini habar berdi. Tekeş sazy goýup, çapary kabul etmek üçin kaddyny rastlap oturdy. Gapydan girip, salam beren çapar Tekeşe tanyşdy. Ol pederiniň goşunynyň müňbaşylarynyň biridi, adyna-da Tanar Kamaç diýýärdiler. -Hoş geldiň, Tanar beg! Geç bäri. Habaryňy berip otur, eýgilikmi beri?-diýdi Tekeş. -Eýgilik däl, şazadam-diýip, görkezilen ýere geçip oturan Tanar beg bolan zatlaryň ählisini gürrüň berdi. Özüni bolsa Terken hatyn Tekeşi täze hökümdara wepalylyk kasamyny etmek üçin Gürgenje gelip gitmegini buýurýandygyny aýtmak üçin iberendigini ýaňzytdy. Bu ýaramaz habar tekeşe juda agyr degdi. Ol uludan demini alyp, ençeme wagt dymyp oturdy. Emma ol şu dymyşlykda diňe gam laýyna batyp oturman, indiden beýläk etmeli işlerini hem meýilleşdiripdi. -Tanar beg - diýdi Tekeş dymyşlygy bozup - Men Gürgenje barsam Soltanşaga wepalylyk kasamyny etmek üçin däl, pederimiň guburyny zyýarat etmek üçin bararyn. Emma häzir häkimiýet eneli-ogluň elinde, baraýsam olar meni aman goýmazlar öýdýän. Sen nähili pikir edýäň? -Menem Siziň janyňyza kepil geçip bilmen, şazadam. Ätiýajy elden bermäniňiz ýagşy-diýip, Tanar beg Tekeşiň pikirine goşulýandygyny bildirdi. - Onda näme diýsene, Tanar beg, Gürgenje gaýdyp baranyňda meniň Soltanşany şa hökmünde ykrar etmeýändigimi, şonuň üçinem oňa wepalylyk kasamyny etmäge barmajakdygymy göni aýdaý- diýip, Tekeş söhbetdeşlige nokat goýdy. Şundan soň Tanar beg ýoldaşlary bilen myhman hökmünde hezzetlenip, dem-dynjyny alanlaryndan soň ertesi yzyna dolandylar. Tekeş bolsa Tanar begiň habaryny diňläp, iňkisli dymanynda meýilleşdiren işini amala aşyrmak üçin gara hytaýlaryň karargähi-Balasaguna gitmegiň şaýyny tutup başlady. Ol gara hytaýlaryň kömegi bilen döwleti eline aljagyna ynanýardy. Bu ynam bilen ol özüni döwletiň eýesi hökmünde duýup, Horezmiň düzümindäki örän möhüm ähmiýetli sebit hasaplanýan Jendi ynançly ellere tabşyrman şeýle taşlap gidip biljek däldi. Öz ýerine waly edip kimi goýjagy barada uzak oýlandy. Ahyrsoňy asudalygy, tertip-düzgüni saklamagy harbylar gowy başarar diýen netijä gelip, goşunyň baş serkerdesine walynyň wezipesini hem tabşyrdy. Şundan soň ol goşunyň içinden elli ýigidi saýlap aldy-da, atynyň başyny Balasaguna tarap tutdurdy. Tekeş atlylary bilen kyrk menzil ýoly söküp, bir aýlyk aralygy ýigirmi günde geçdi. Bu wagt Balasagunda Katawan sährasyndaky jeňde Soltan Sanjaryň üstünden ýeňiş gazanan Gür han Eluý Ta Şiniň gyzy Çen Týan hökümdarlyk edýärdi. Gara hytaýlaryň hökümdarynyň aýaldygyny öňden bilýän Tekeş zenan göwnüni awlamagyň şaýyny tutup gaýdypdy. Ol Jendiň ussat zergärlerine altyn zynjyra baglanan kyrk göwher gaşly gülýaka bejerdip, alyp gelipdi. Ýoldaky düşlegleriň birinde ýigitleriň biri Tekeşe: -Şazadam, hazynasy altyn-zerden doly aýal Siziň bu sowgadyňyzy nähili kabul ederkä?-diýdi. -Rawylaryň aýtmagyna görä jübüsi müň altyn dinarly bir adam ýolda barýarka bir dinar tapypdyr. Ol tapyndysyny elinde mäkäm gysyp, begeneninden asmana bakyp Allatagala hamdu-senalar aýdypdyr. Adamyň gözüne doýma ýok. Onsoňam biziň bu hedýe etjek sowgadymyz ýaly üýtgeşik zat Çen Týanyň hazynasynda ýokdur öýüdýän-diýip, Tekeş sowgat hakynda berlen sowala şeýle jogap beripdi. Indi şu beren jogabynyň Çen Týanyň kabulynda dogry ýa nädogrydygy belli boljakdy. Ol muňa tolgunmanam duranokdy. Çen Týana Horezmiň şazadasy Tekeşiň gelendigini habar edenlerinde ol ýanynda oturan adamsy serkerde Fuma gaşlaryny gerip, manyly seretdi-de: -Horezminiň şazadalary kakasynyň ölüminden soň tagt dalaşyp ýören bolaýmasalar. Tekeş hem näme diýip gelendir öýdýäň, kömek sorap gelendir, başga näme diýip gelsin-diýdi. Fuma: -Kabul et hany, özi aýdar näme diýip gelenini-diýdi. Çen Týan: -Çagyryň şazadany!-diýip, gapydanlaryna buýruk berdi. Çagyrylan Tekeş gapydan giren ýerinde saklanyp başyny egip, salam berdi. Oňa synçy nazaryny dikip oturan Çen Týan: -Hoş geldiňiz, şazada. Çekinmäň, tagta golaýrak geliň, belki, Size-de şunuň ýaly tagt nesip eder-diýip, çalgyrdyrak türki dilde gepledi. “Onuň ähli zatdan habary bar ýaly-la” diýip, içini gepleden Tekeş tagtyň üç ädim bärisine baryp, aýak çekdi. Şa zenan tagtyna golaý gelen ýigidiň zeberdes göwresine, bugdaýreňk ýüzüne gelşip duran gytyk gara sakgal-murtyna, gernelip duran gaşlarynyň aşagyndaky gara gözleriniň biriniň güllidigine çenli synlap: -Uzak ýoldan muşakkat çekip, biziň huzurymyza gelmegiňiziň bir sebäbi bardyr, şazada. Aýdyberiň-diýdi. -Sebäbini aýtmazymdan öň biziň däbimize görä etmelimi etmäge ejaza berseňiz-diýip, Tekeş Çen Týan bilen Fuma ikisine deň ýüzlendi. -Eger däbiňize görä etmeli zadyňyzyň bize zyýany bolmasa ejaza bereli-diýip, Çen Týan ýylgyrdy. -Biziň musulman döwletleriniň biriniň şasy ýa-da şazadasy beýleki bir döwletiň şasynyň huzuryna baranda onuň mertebesine laýyk bir sowgat eltýär. Menem şu däbe eýerip, Size niýetläp bir sowgatjyk getirdim-diýip, Tekeş goltuk kisesinden göwher gaşly gülýakany çykardy-da, ony Çen Týana uzatdy. Şa zenan gülýakany eline alyp, bir salym ony synlady, ýüzi açylyp, Tekeşe ýüzlendi: -Şazada, bu närsäňizdäki göwher gaşlary sanadym. Olar kyrk sany eken. Bu sanyň bir manysy barmy? -Diňe manysy däl, hikmeti hem bar. Manysy Siz şu şaýy dakan günüňizden ýene-de kyrk ýyl hökümdarlyk etmegiňizi aňladyp, hikmeti şu hökümdarlyk döwrüňizde Sizi ähli bela-beterden goraýar-diýip, garaçyny bilen aýdan Tekeş sözlerine şa zenany ynandyrmaga çalyşdy. -Onuň ýaly bolsa, bu şaýyň bahasy ýok eken. Ýöne men eýýam kyrk ýaşadym, ýene kyrk ýyl höküm sürmäge meniň ömrüm ýetermikä? -Siziň ömrüňiz kyrk ýyl hökümdarlygyňyzdan soňam uzak dowam eder. Höküm sürmegi perzentleriňiziň birine berip, özüňiz uzak ýyllar döwran sürüp ýaşarsyňyz-diýip, şa zenanyň hoşamadyny ýetiren Tekeş öz içinden “meniň işim bitýänçä ölmän dursaň bolýa” diýip goýdy. -Ýagşy arzuwlaryňyz üçin sag boluň, şazada. Bu gymmat bahaly sowgadyňyzy bolsa üstüňizdäki iki ýyllyk pajyň hasabyna kabul edýän. Şunuň bilen aramyz häzirlikçe hutma-hut bolýar. Indi öz arzyňyzy aýdaýyň-diýip şa zenan mylaýymlyk bilen dillendi. Tekeş şa zenanyň diňe arzuwlar üçin sag bolsun aýdyp, sowgat üçin aýtmadygynyň sebäbine indi düşündi. Şeýle hem sowgat üçin kömek bermäge borçly däldigini ýaňzydanyny aňdy. Munuň şeýle bolaýmagynyñ mümkindigi öň onuň serinden geçipdi. Şonuň üçin ol aljyramady, arzyny-haýyşyny has täsirli edip aýtmak üçin dabaraly sözler bilen başlady: -Merhemetli, beýik halkyň beýik hökümdary! Allanyň nazary düşen tagt eýesiniň agzyndan çykan keremli söz keramata ýugrulandyr. Siz ýaňy meni tagtyňyza ýakyn gelmäge çagyranyňyzda “Belki, Size-de şeýle tagt nesip eder” diýdiňiz. Indi maňa pederimiň tagtynyň nesip etmegine kömek etseňiz agzyňyzdan çykan şol keremli sözüňiziň keramata öwrüldigi bolar. Şa zenan Tekeşiň öwrümli sözlerine kinaýaly ýylgyryp: -Tüweleme şazada, gepe çeper ekeniňiz. Ýöne bu owadan sözleriňiz bilen işim biter diýip pikir etseňiz ýalňyşýarsyňyz. Tekeş bir hili boldy, emma ruhdan düşmedi: -Merhemetli hanym Çen Týan, Siz meniň owadan sözlerim üçin däl, adalatyň hatyrasyna Horezmiň tagtyny kanuny eýesine alyp berseňiz, Horezmde adalatyň binasyny guran beýik binagär hökmünde adyňyz taryhda ebedi galar-diýip, Tekeş sözüniň täsirini bilmek üçin şa zenana synlap seretdi. Şa zenan içinden “bu zaňňar ýene-de sözlerini owadanlap başladow” diýse-de, bu sapar kinaýasyz ýylgyryp: -Şazada-diýdi.-Biziň eşitmişimize görä häzir tagtda oturan iniñiz Soltanşany pederiňiz öz wagtynda mirasdüşer edip bellän ekeni. Şonuň üçin tagty Size alyp bersek, biz Siziň aýdýan adalat binaňyzy guran däl-de, gurlup duranyny ýykan ýaly bolarys. -Size nädogry maglumat beripdirler. Pederimiz garaşylmadyk ýagdaýda wepat etdi. Ol mirasdüşer belläp ýetişmedi. Bu ýalan gepiň ýaýramagy Soltanşanyň ejesi, özüni Terken hatyn atlandyran mekir aýalyň işi. Pederimiz miras düşer bellemäge ýetişen bolsa, uly ogly duranda kiçisini bellemez ahbetin! Pederimiz adalat... -Şazada-diýip, Çen Týan Tekeşiň sözüni böldi.-Siz entek mekir aýallaryň elinden nämeler gelýändiginden bihabar ýaly-la. Men özüm aýal bolsamam, dogrusyny aýdaýyn. Siziň diýýän adalat binasyny ýykyp biljek güýçleriň biri aýal mekridir. Pederiňiz söýgüli aýalynyň mekir-hilesine çolaşyp, adalaty gözden salan bolmaly. Tekeş ruhdan düşmejek bolup näçe çalyşsa-da, Çen Týanyň bu sözlerinden soň biraz gowşady, Emma onuň şular ýaly kyn ýagdaýa düşen mahalynda ondan çykmagyň ugruny tapýan başarnygy bardy. Bu sapar hem şu başarnygy şa zenany ýumşatjak sözleri diline getirdi: -Merhemetli Çen Týan hanym, bu iş Siziň aýdyşyňyz ýaly mekir-hile bilen amala aşyrlan bolsa, ol haramdyr. Haramy ýok edip, onuň ýerine halaly goýmak hem adalatdyr. Tekeşiň bu mantykly gepi Çen Týany oýlandyrdy. Ol maňlaýyny sypap bir salym dymdy. Soňra adamsyna garap: -Fuma, şazadanyň bu gepine sen näme diýjek?-diýdi. Häliden bäri lam-jim oturan Fuma özüne sala-salnanyna buýsanan ýaly ulumsylyk bilen ardynjyrap, Tekeşe tinkesini dikdi-de: -Şazada, adalat diýdiňiz, haram, halal diýdiňiz, emma edýän haýyşyňyzy biz ýerine ýetirsek, ony näme bilen gaýtarjagyňyz hakda hiç zat aýtmadyňyz-a - diýdi. Fumanyň arassa türkide geplänine haýran galan Tekeş onu asly türki milletden bolaýmasyn diýip, keşbini synlaýarka oňa jogabam berdi: -Muhterem Fuma jenaplary, biziň halkymyzda “Ýagşa etseň ýagşylyk, elbetde gaýdar hem-de müñ gezek aýdar; ýamana etseň ýagşylyk ne gaýdar, ne-de aýdar” diýen nakyl bar. Men özümi ýagşy adam hasap edýärin. Şonuň üçin ýagşylygyňyz menden hökman gaýdar hem-de ömrüm ötýänçä aýdarynam. Indi siziň "näme bilen" diýeniňize gelsek, ony özümiň göwnümdäki zat bilen däl, siziň göwnüňizdäki zat bilen gaýtararyn. Ýogsa meniň göwnümdäki siziň göwnüňize ýaramazlygy mümkin. Meniň gaýtargy hakynda aýtmadygymyň sebäbi-de şu. Tekeşiň özüni ynamly alyp baryşyna, dilewarlygyna gepleriniň ynandyryjy mantygyna syny oturan şa zenan öz ýanyndan “Şa bolmaga mynasyp ýigit ekeni” diýip goýdy. Soňra Tekeşe ýüzlenip diýdi: -Şazada, biziň gara hytaýlaryň bir danasyndan “Dünýäde iň ýüwrek zat näme?” diýip sorapdyrlar. Ol: “Dünýäde iň ýüwrek zat göwündir” diýip jogap beripdir. Hakykatdan hem ol şeýle. Şeýle ýüwrek zady jylawlamak hem aňsat däl. Onsoň biziň göwnümizdäki siziň mümkinçiligiňize dogry gelmezligi mümkim. -Merhemetli hanym, ýüwrek göwni jylawlamak üçin ynsap diýen zat hem bar. Eger göwnüňizdäkini ynsap bilen aýtsaňyz menem mümkinçilik taparyn. Şa zenan Tekeşiň bu sapar hem degerli jogap tapanyna kellesini atyp ýylgyrdy-da: -Bolýar şazada. Ýöne ynsap diýeniňiz biz tarapdan däl-de, Siz tarapdan bolaýsyn. Siziň ynsabyňyza ynanyp, Horezme goşun çekýäs, tagtyňyzy hem alyp bereris. Onsoň aýdyşyňyza görä mümkinçilik tapýan bolsaňyz, şu mümkinçiligiňiziň üstüne ynsap diýeniňizi hem goşup gaýtaraýyň-diýdi. Emma Fuma aýalynyň pikirini goldamady. Ol: -Hanym, sen ynsaby şazadanyň özüne goýan bolsaň, onuň ynsabynyň sözüni eşideli häzir-diýdi. Şa zenan adamsynyň gepine garşy çykmady: -Şazada, indi goşuna baş bolup gitjek serkerdäniň gepine jogap bermeseňiz boljak däl öýdýän-diýdi. Şa zenanyň salym geçmän beýlesine öwrülenine haýran galan Tekeş bir bada näme diýjegini bilmän sägindi. Ol az aýtsa, az diýjeklerini, köp aýtsa köp diýmejeklerini aňyp, ýene-de özlerine sala salmaklygy makul bildi. -Merhemetli hanym, adamyň göwnüni kesekä garanda ýakyn adamy gowy bilýär. Şonuň üçin jenap Fumanyň göwni dolar ýalyny Siz aýdaýyň. Şa zenan Tekeşe gülümjiräp seretdi-de: - Men aýtsam: kyrk müň dinar, kyrk müň düýe, kyrk müň gylýal, kyrk müň dowar, kyrk müň gyrnak, kyrkmüň gul. Aý şular bilenem göwni dolmazow munuň-diýdi. - Dolar, dolar. Şular bolsa dolar-diýip, Fuma güldi. Bu degişmeden soň Tekeşiň özi aýtmaly boldy: - Merhemetli hanym, hormatly jenap Fuma, hökümdaryň agzyndan çykan söz, oýun bolsun, çyn bolsun, teberrik hasaplanýar. Şonuň üçin, hanym, Siziň sanan kyrk müňleriňiziň birinjisine men boýun bolaýyn. Bu öňki otuz müň dinar ýyllyk paç kyrk müň edilip, bökdençsiz tölener durlar. Onsoňam galan kyrk müňleriňize derek Horezminiň goşuny islän wagtyňyz Siziň ygtyýaryňyza berler. Tekeşiň sözi är-aýalyň ikisine-de makul bolan bolsa gerek, olar biri-birine manyly seredişip, baş atdylar. Soňra şa zenan Tekeşe garap: - Şazada, sözüňiz söz bolsa, serkerde Fuma Horezme goşun çeker-diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |