07:13 Gürgenç / 1-nji kitap -3 | |
III BAP
Taryhy proza
Kerwenbaşy bilen hoşlaşyp, şäheriň derwezesinden çykan Ibn Salam atynyň başyny yzyna aýlap, Gürgenji gurşap alan beýik diwara bir salym buýsanç bilen seredip durdy. Soňra obasyna tarap atyny ýorgasyna sürüp baryşyna bu beýik şäherde geçen deslapky talyplyk ýyllary ýadyna düşüp, hyýaly ýatlamalar dünýäsine uçdy. Medresäniň müdderisleri Muhammediň ötgür zehinine, ylyma örän yhlaslydygyny görüp, geljekde onuň uly alym bolup ýetişjekdigine ynanýardylar. Medresede bilim almak, ylym öwrenmek üçin ähli şertler döredilendi. Talyplaryň nahary, bir görnüşdäki egin-eşikleri patşalykdandy. Her iki talyba bir hüjre, ylmy ýa-da edebi döredijilik bilen meşgullanýanlaryň ýeke özüne bir hüjre berlendi. Muhammet hem zehinli talyplaryň hatarynda okuwyň bäşinji ýylyndan başlap, galan iki ýylda ýeke özi bir hüjrede ýaşaýardy. Ol ylym bilen, bir hatarda edebiýata-da berlendi. Ýazýan gazallary talyplaryň arasynda meşhurdy. Ol medresede berilýän sapaklardan daşgary öz beýik Watandaşy Muhammet ibn Musa al Horezminiň ylmy eserlerini çuňňur öwrenmäge köp wagtyny sarp edýärdi. Aýratyn-da onuň «Al jäbr al mukabala» atly eserine uly üns berýärdi. Ol bu eseri beýleki ylymlaryň açary hasaplaýardy. Muhammet bu medresede ýedi ýyl, her tomusda berilýän iki aý tätili hasaplamanda ýetmiş aý okady-bilim aldy, ylym öwrendi. Şu geçen ýedi ýylyň içinde ýaş ýigidiň ýadyndan çykmajak wakalaryň gör näçesi bolupdy. Şolardan bolup geçen bir waka ýadyna düşende ondan bir hili lezzet alý5sSan ýaly ýylgyranyny duýman galýardy. Ol şeýle bolupdy: Bir gün okuwdan soň, öýle namazyny okap, köçä çykan Muhammet köpden bäri okuwa gelmän näsaglap öýünde ýatan bir dostunyň halyndan habar alyp gaýtmak üçin gitdi. Ol hassany soramaga baranda boş barylmaýan däbe görä süýji almak üçin ýol ugryna bazara sowuldy. Muhammet bir bahana bilen Gürgenjiň haýsy bazaryna barsa-da ol ýerdäki bol-elinligi, tertip düzgüni, hatar-hatar giden dürli harytlar satylýan dükanlary, dürli dilde gepleşýän, dürli milletden bolan harydarlary, söwdagärleri görüp, beýik şäheriň bazarlary hem özüne laýyk bolmaly-da diýip, içini gepledip goýýardy. Bu sapar onuň bazara esewan edip ýörmäge wagty ýokdy, ol bakgaldan bäş gadak şahanabady ölçedip alyp, yzyna öwrülende, bir görmegeý oglan oňa salam berdi. Muhammet oglana bir hili bilesigelijilik bilen seredip, salamyny aldy, onuň ýüzi tanyş göründi. Emma nirede görenini ýadyna düşürip bilmedi. -Ýadyňyzdamy, men size «Eden ýagşylygyňyz Alladan gaýtsyn, diýenimde, siz maňa «Özüňizden hem gaýtsyn» diýipdiňiz-diýip, oglan dillendi.-Indi näme ýagşylyk etmeli bolsa, aýdyň, menem edip, karzymdan gutulaýyn... Egnine bili guşakly begres don, kellesine kümüşsöw gyrpykdan tikilen tegelek telpek geýnen bu «oglanyň» Mahynurdygyny Muhammet şundan soň tanady. Hiç haçan oýuna-pikirine gelmedik bu duşuşyk Muhammedi bir hili aljyratdy. -Mahynur... bu nähili... Seni durmuşa çykýar diýipdiler-ä?! -Çykmadym. Çyksam şeýdip ýörermidim... *** Mahynur alty-ýedi ýaşlarynda mahaly kakasy aradan çykypdy. Entek otuz ýaşa-da ýetmedik dul galan ejesi iki ýyl oturdy. Şu arada altmyş ýaşa golaýlan öz obalaryndaky bir baý adam ony aýalynyň üstüne ikinji aýal edip aldy. Öweý atasynyň öýünde Mahynur özüniň ýakymly gylyk-häsiýeti, süýji dili bilen hemmelere özüni aldyrdy. Aýratyn-da özünden bäş-alty ýaş uly Arslan atly öweý agasy ony öz howandarlygyna alyp, hiç kime ynjytdyrmaýardy. Şeýlelikde, Mahynur on alty ýaşa ýeteninde serwi kamatly, görmegeý gyz bolup ýetişdi. Gyzy göz astyna alyp ýören öweý atasy ony özüniň gatnaşýan elli ýaşlaryndaky bir peşenesiz baýa uly puluň hasabyna aýal üstüne berermen boldy. Mundan habar tapan gyz bilen ejesi hünübirýan aglap oturanlarynda entegem howandarlyk edýän öweý agasy gelip, olary köşeşdirdi. Indi eýýäm öýli-işikli bolan ogul kakasynyň niýetine garşy çykdy. Şonda kakasy: -Sen näme diýip goşulýaň bu işe? Senden uly agalaryň biri-de bir zat diýenok maňa. Seniň kimiň ol? Ýa ganyň birmi? Men ony bakdym, kemala getirdim. Bagy-da kemala getirenden soň miwesini ýolup satýarlar-diýip azgyryldy. Kakasynyň ýanyndan lapykeç bolup çykan ogul «Ony ýolup sataýmarsyň» diýip içini gepledip gaýtdy. Ol Mahynuryñ ejesiniň Gürgençde özünden uly doganynyň bardygyny bilýärdi. Ol gyzy şonuň öýüne gaçyryp goýbermegi meýilleşdirdi. Şeýdibem ol özüniň öňki geýimlerini gyza geýdirip, oglan sypatyna girizdi-de daň saz bermänkä atynyň syrtyna mündürip, şäheriň derwezesiniň açylmagyna garaşyp duran adamlaryň golaýyna düşürip gaýtdy. *** Mahynur şu bolan wakany Muhammede gysgaça gürrüň berdi. -Agam atyndan düşürip: «Bar jigim, bagtyňy Alla açsyn» diýeinde gözümiň ýaşlary ýüzümi ýuwup gitdi-diýip, Mahynur agasy ýadyna düşdümi bir hili hamsygan ýaly boldy. Mahynuryň soňky sözlerinden gaty täsirlenen Muhammet: -Be, dünýäde gowy adamlaram bar-ow-diýdi. Mahynur: -Şeýle bet pälli adamdan beýle gowy ogluň döränine özümem haýran galýaryn-diýip gözlerinden al ýaňaklaryna togalanyp düşen iki damja ýaşy donunyň kisesinden çykaran elýaglygy bilen syldy. Muhammet ol ýigidiň şeýle belent adamkärçiligine sarpa goýup, haçanam bolsa onuň bilen bir duşuşmagy ýüregine düwdü-de Mahynurdan: -Ol agaň ady kim?-diýip sorady. -Ady Arslan, Arslan beg. Beg diýseň hakyky beg agam. -Tüweleme adyna laýyk ýigit ekeni. Oglum bolsa ol ýigidiň hormatyna adyna Arslan dakjak-diýip, Muhammet Mahynuryň ýüzüne seredeninde gyzyň ýüzi bir hili üýtgäp gitdi. Ol: -Aýalyňyz göwrelimi?-diýip zordan dillendi. Muhammet: -Diýäniň näme, Mahynur! Eger öýlensem göwreli aýal almaryn-a diýip güldi. Gyzyň ýüzi açyldy. Mahynur Muhammede ähli bolan zatlary aýdanam bolsa, bir zady aýtmady. Ony aýtmaga gyzlyk mertebesi ýol bermedi. Ol daýzasynyň öýüne gelip ýaşap başlanyndan soň küýzesini derýadan alyp çykyp beren ýigidiň şäherde ýaşaýandygyny, medresede okaýandygyny bileni üçin oňa nädip duşup boljakdygy barada oýlanýardy. Şu oý bilen ol iküç gün medresäniň golaýragyna baryp, ondan çykýan talyplary gözden geçirdi. Ine, şu günem ol medreseden çykyp gaýdan Muhammedi daşyrakdan görse-de tanap, onuň yzyna düşüp gaýdyberdi. Şeýdibem bakgalyň dükanynyň ýanynda tötänden duşan kişi boldy. Eger Muhammet gyzyň bu işini bileninde oňa ýüregindäkini gös-göni aýdardy. Emma tötänden duşan gyzyň ýüregini bilmäninden soň, aýlawly gepledi: -Mahynur, ýaňy maňa, "Eden ýagşylygyňyzy menem ýagşylyk bilen gaýtarjak" diýen manyda bir zat diýdiň dälmi? -Hawa, diýdim. -Maňa näme ýagşylyk etjek? -Siz aýdyñ, näme ýagşylyk etmeli bolsa, şony edeýin. Men Size bergidar ahyryn-diýip gyz ýylgyrdy. -Onda maňa bolýan ýeriň, daýzaňlaryň öýüniň salgysyny ber-diýdi. Mahynur ilki Muhammediň ol salgyny näme üçin soraýanynyň sebäbine düşünmedi-de: -Siz ol ýere barsaňyz bolmaz, meni gyjalata goýarsyňyz-diýdi. -Özüm barman, elbetde. Kakam barar. Ýa sen onuň barmagyna garşymyň-diýip, Muhammet gyza garap ýylgyrdy. Gepiň manysyna indi düşünen gyzyň ýaňaklaryna elwan reňk çaýylyp, gözlerini aşak goýberdi. Şonda gyzyň peýkam kimin kirpikleri aşakky ak gabaklaryň üstüne ýaýylyp, şahyr Ibn Salamyň köpden bäri ukuda ýatan ylhamyny oýardy. Onuň kellesine şol bada: Kirpigiň peýkamy dökmesin ganym, Men saňa gurbanam janu-jahanym- -diýen setirler inip geldi. Emma ony diline çykaryp gyzy beter utandyrmagy islemedi. Şu pursatda ykbalyň eradasy bilen duşuşan iki ýürek biri-birine tarap telwas edýärdi, emma adamlardan ejap edip, göwreler saklanýardy. -Salgyny berjekmi, Mahynur? - diýip Muhammet gaýtalap sorady. Gyz bagtyýarlyk şuglasy çaýylan gara gözlerini uýalyp kesä sowdy-da salgysyny aýtdy. Soňra aýaklary ýeňil göçüp, kalby doly guwanç bilen ýöräp däl, uçup gitdi. Muhammet hem ykbalyny kesgitlän bu duşuşyga Mahynurdan kem begenmedi. Bu duşuşykdan soň bir aý geçip geçmän oba Dost Salamyň ogluny öýerýän toý habary ýaýrady. Gelinlik Gürgençden bir müdderisiň gyzymyş diýip, obanyň aýallary biri-birine buşlaýardylar. Ýöne bu gepiň kimden çykanyny hiç kim bilmeýärdi. Dost Salamyň oglunyň gelniniň kimdigini Mahynuryň öweý atasy ol bir çagaly bolanyndan soň bildi. Emma indi onuň etjek alajy ýokdy. Çünki, ol şol wagtda ölüm düşeginde ýatyrdy. Şundan köp geçmänem bendeligi berjaý etdi. Şol arada bir gyzykly ýagdaý boldy. Dost Salam agtygyna at dakmak üçin mollany çagyryp, çaganyň gulagyna azan aýtdyrmakçy bolýandygyny aýtdy we «Näme at dakasyňyz gelýär?» diýip ogly bilen gelninden sorady. Ine, şonda Muhammet Mahynur bilen ilkinji duşuşykda aýdan sözi ýadyna düşüp, aýalyna «Ýadyňdamy» diýen manyda seredip ýylgyrdy. Mahynur aýdylmadyk söze-de düşünýän parasatly zenandy. Ol: -Atamyz makul görse-diýdi. Gelniň gepine düşünmedik Dost Salam: «Men nämäni makul görmeli?» diýip sorady. Muhammet kakasyny Mahynury soratmaga ibereninde oňa gyzyň başyndan geçen ähli wakany gürrüň beripdi. Indi şol duşuşykda Mahynura şeýle uly ýagşylyk eden öweý agasy Arslan begiň hormatyna ogly bolsa onuň adyny dakmak hakynda edilen gürrüňi kakasyna aýtmaly boldy. -Makul oglum. Gowy pikir, ýagşy niýet eden ekeniň. Arslan beg her niçik hormata laýyk ýigit. Ýöne öňden gelýän däbe görä, at eýesiniň razylygyny almak üçin oňa bir gowy serpaý edilýändir-diýip, Ibn Salam içerki otagdan özüne tikdirip goýan silkme possunyny alyp çykdy. –Ine, serpaý, şuny alyp baraý. -Kaka, men başga serpaý alaryn, özüňe niýetlenen zat... -Gepiňi köpeltme. Men ýene tikdirerin, possunçy dostuma. Muhammet serpaýy alyp ýola düşdi. Arslan obadaş bolansoň Muhammedi gowy tanaýardy, ylyma berlen adam bolany üçin ony hormatlaýärdi. Mahynuryň oňa durmuşa çykýanlygy barada diňe onuň özüne gizlin habar gelende biçak begenipdi. Gyzyň çykjak ýerine eglenmän barypdy, özi ak pata berip ugradypdy. Arslan beg bir ýyl bäri kakasyndan bölek çykyp, obanyň bir çetinden gowy jaý salypdy, döwletli maşgala bolup, bol elin ýaşaýardy. Öýleri onçakly daş däldi, atla bir sagatlyk ýoldy. Muhammet atyny jaýyň haýatyna kakylan gazyklaryň birine daňyp, ak mata düwülen içmegi göterip, içeri girdi. Göternip gelen Muhammedi gören Arslan beg: -O-ho! Köreken, gel, gel bakaly-diýip güler ýüz bilen garşy aldy. Muhammet düwünçegi bir çetde goýup, iki elläp görüşdi. Soñra öňden ýazylyp duran saçagyň başyna geçdi. Saglyk, amanlyk soraşylandan soň: -Munyň näme, köreken?-diýip, Arslan beg düwünçege ümledi. -Size serpaý, silkme possun getirdim-diýip, Muhammet çekinibräk ýylgyrdy. -Bu bir ýyldan soň nämäniň serpaýy? Öň «aga don» diýip bir serpaý eden ýalydyň-la-diýip, Arsalan beg güldi. Muhammet düwünçegi çözüp, içmegi Arslan begiň egnine taşlady-da: -Bu siziň adyňyzyň serpaýy-diýdi.-Oglumyza siziň adyňyzy dakmagy niýet edipdik. -Ogluň boldymy?! Ilki şuny aýt, ahry! Näme maňa söýünjiläp adam ibermediň? Buşlukçyňa bir at mündürip goýbererdim. Indi saňa hiç zadam berjek däl-diýip, Arslan beg gatyrganan boldy.- Gutlaýan inim ,ömri uzak bolsun. Indi seniň bu aýdanyňy buşluk hasap etsek, saňa näme bersem bolarka?-diýip, Arsalan beg ýylgyryp Muhammede garady. -Ýegenjigiňize adyňyzy berseňiz, iň uly buşluk şol, biziň üçin. -Onda berenim bolsun, dakyberiň. Ýöne näme üçin ogluňyza meniň adymy saýladyňyz? -Oglumyz siziň ýaly edermen, mert, sahawatly, alyjenap adam bolup ýetişsin diýýäs... -Haý, haý kişini ýüzüne beýle öwmek gowy däl. Bu aýdan häsiýetleriň mende barmy, ýokmy bilmedim, ylahym, ogluňyzda bolsun şu häsiýetler, owmyn-diýip Arslan beg iki elini ýüzüne syldy. Muhammet özüne edilen hezzet-hormatdan soň gaýtmaga rugsat sorady. Arslan beg ony ugratmak üçin bile daş çykdy. Şol mahalam begiň hyzmatkärleriniň biri entek ýaşyna-da ýetmedik bir owadan taýy idip getirdi. -Bu bizden ýegene sowgat, alyp git-diýip, Arslan beg, munuň ýaly zada garaşmadyk Muhammede garap ýylgyrdy. Hakykatdan hem munuň ýaly sowgada garaşmadyk Muhammet bir hili boldy: «Sag boluň! Sag boluň!» diýmekden başga zat diline gelmän gaýdyberdi. Atynyň ýany bilen bir taýy idip gelýän Muhammedi gören Dost Salam: -Hä oglum, içmegi bir taýa çalyşyp gelýäňmi?-diýip güldi. Ol Arslan begiň sahawatly adamdygyny bilýärdi. Ine, şeýdip sowgat berlen taý bilen bile Arslanjyk hem ösüberdi. Aýlar ýyllar geçiberdi. Arslanjyk ýedi ýaşa ýetip, obadaky metjit mekdebe gatnap başlanynda, Muhammet medresäni gutaryp, alym bolmasa-da, köp ylymlardan başy çykýan bolupdy. Bu onuň üçin ýeterlik däldi. Alymlyk derejesine ýetmek üçin entek köp çorba sowatmalydy. Ine, şonuň üçinem ol ylym yzarlap Bagdada gitdi. *** Bagdat. Halyfalygyň paýtagty, gözel şäher. Muhammet ibn Salamy Horezminden uzak ýol geçip gelen mysapyr hökmünde “Islamyýa” medresesinde gowy kabul etdiler. Şäheriň orta gürpünde ýerleşen bu medresäniň binasy özüniň beýikligi, owadanlygy, nakşynkär peştaklary bilen Bagdadyň görküne görk goşup durdy. Ýöne Ibn Salamyň göwnüne Bagdat her näçe owadan, baý bolsa-da Gürgençden ileri däldi. Bu hakykatdanam şeýlemidi ýa-da «her kimiň öz zady özüne, aý görüner gözüne» diýenlerine görämi, garaz Gürgenç oňa gowy görünýärdi. Emma Bagdat halyfalygyň paýtagty hökmünde uly syýasy we ylmy merkez hasaplanýardy. Bu şäher baryp 762-nji ýylda halyfa Mansur tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ilki ol «Mädinät as Salam» (dynçlyk şäheri) diýip atlandyrylyp, Abbasylar halyfalygynyň paýtagty bolupdyr. Soňra ol parsça «Baga»-Hudaý, «dat»-berlen» diýen sözleriň esasynda Bagdat diýilen at bilen äleme meşhur şähere öwrülipdir. Ol indi hünärmençiligiň, söwdanyň, medeniýetiň, ylmyň iň uly merkezi bolup, Asyýa yklymynda uly ähmiýete eýe. Muhammet ibn Salam şunuň ýaly dünýäniň dykkat merkezinde duran säherde ýaşap, şunuň ýaly ylmy merkezde ylym alýandygyna ýüreginde hasyl bolan buýsanç bilen okuwyna has yhlasly ýapyşdy. Ol özüniň on ýyl musapyrlyk çeken döwründe diňe ylym öwrenmek bilen çäklenmän, tätil döwründe «dünýäni görmän, dünýä adamy bolmarsyň» diýen nakyla eýerip, Şam, Rum, Müsür ýaly ýurtlara hem syýahat etdi. Şol ýurtlardaky alyp barylýan işler, syýasat, ijtymagy durmuş, binagärlik, gadymy ýadygärlikler bilen hem gyzyklandy. Ol müň ýyldan bäri adamzadyň aklyny haýran edip gelýän Müsür ehramlarynyň öňünde durup, dünýäde bu taýsyz ýadygärlikleriñ nähili gurulandygy barada oýa çümüpdi. Bu biçak ägirt we beýik desgany gurmak üçin näçe müňläp gullaryň zulum bilen işledilendigini göz öňüne getirdi. Şonda ol zulum diýilýän zadyň zalymlaryň elindäki iň güýçli guraldygyna emma şular yaly beÿik desgalary-da zulmsyz döredip bolmaýandygyna hem göz ýetirdi. Ibn Salam Bagdatda ýaşan döwründe bu şähere has belet bolupdy. Bu ýerdäki tertip-düzgün, asudalyk, adamlaryň birek-birege sylaşygy, baýlarynyň sahawatlylygy, garyplarynyň kanagatlylygy, maýyplara, talyplara berilýän kömekler, Abbasy halyfalarynyň gurduran, häzirki wagtda döwlet tarapyndan saklanylýan ähli şertelere eýe bolan hassahanalar her niçik öwgä mynasypdy. Aýratyn-da onuň özüniň bir sapar nähoşlanynda ýatyp, şypa tapan «Adud ad Daula» hassahanasy onda örän gowy täsir galdyrypdy.Bu erde näsaglara gije-gündiziñ dowamynda seridilmegi, däri-dermanlarynyñ güýçliligi, jerrahlyk usullarynyñ kämilligi, kärine ökde lukmanlaryñ aýratyn täsirli hoşamaý sözleri her niçik derdiñ-de wagtynda dep bolmagyna, hassanyñ derdinden halas bolmagyna getirýardi. Bu hassahana ähli gerekli zatlar, şol sanda Jerrahlyk esbaplary bilen hem üpjün edilendi. “Adud ad-Daula” hassahanasy diňe näsaglary bejerýän tibbi merkez bolman ýaş lukmanlaryň hem tejribe öwrenýän ýeri ekeni. Muhammet ibn Salam şeýle hassahanalaryň şu çaka çenli näme üçin Gürgençde ýokdygy barada oýlanyp, sebäbini tapan ýaly boldy. Araplar Eýrany feth edenlerinde ol ýerde Sasanylar döwründe bina edilen hassahanalary görüp, şolardan nusga alyp gurupdyrlar. Diýmek, fettahlar feth edilen ýurdyň diňe baýlyklaryny däl, medenieýetini, ylmyny hem alyp özleşdiripdirler. Sasanylar döwründe bolsa ylym, medeniýet, tibbiýet ýokary derejede ösüpdir. Arap alymy Al Kifti tibbiýet ylmynyň beýle ösmeginiň sebäbini şeýle düşündiripdir. «Olaryň lukmanlary beýleki ýurtlaryň tibbi usullaryny kabul edip, bu usullary ylmy jähetden has kämilleşdiripdirler, özleriniň täze ylmy açyşlary bilen üstüni ýetiripdirler, tibbi kanunlaryny işläp düzüpdirler we jikme-jik ýazyp galdyrypdyrlar». Umuman alanda, Yslam medeniýetiniň diňe araplaryň döreden medeniýeti däldigine, araplaryň köp ýurtlary fatyh edenligi üçin köp milletleriň medeniýetiniň goşulmagyndan emele gelen medeniýetdigine göz ýetiren Ibn Salam fatyhlyk hem döwrüň we durmuşyň talaby bilen bolýan zat ekeni diýen netijä geldi. Muhammet ibn Salam on ýyl musapyrlyk çekip, çuňňur bilim aldy. Nüjüm, falakiýät, fikh, pelsepe, taryh, jugrafiýa, ylahyýet ýaly ylymlary özleşdirip, alymlyk derejesine-göz öňünde tutan maksadyna ýetdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |