07:16 Gürgenç / 1-nji kitap -4 | |
IV BAP
Taryhy proza
Günortana golaý Gürgençden çykan Ibn Salam on ýyl mysapyrlykda başdan geçirenlerini ýatlap barşyna obalaryna ýetip geleninide, gün öýleden aganyny hem duýmady. Çagalygy, ýetginjekligi, ýigitlik döwrüniň bir bölegi geçen mähriban ojagyna daşrakdan gözi düşende tolgunyp, ýüregi jigläp gitdi. Düýn gije Rugsary alyp gaçyp geleninde ýüreginde başga howsala bolany üçinmi beýle ýagdaýa düşmändi. Ol öýüniň öňüne gelip, atynyň başyny çekeninde murty ýaňy taban syratly bir ýigit ylgap gelip atyny tutdy, atdan düşen badyna ýigit ony garsa gujaklady: -Kaka, kaka jan, geldiňmi... bizi unutmadyňmy? Muhammediň bogazy doldy, bir bada gepläp bilmedi. Oglunyň gujagyndan boşanyp, ony özi bagryna basdy, soňra ýaşly gözleri bilen oglunyň edil özüne meňzeş keşbine seredip durşuna gideninde entek on ýaşa-da ýetmedik oglunyň beýle syratly ýigit bolanyna hem begenýärdi hem haýran galýardy: - Geldim, oglum, diýýäniň näme, men sizi hergiz unudarynmy - diýip, Muhammet beýlesine bakanynda çekgesinde görünýän saçlaryna ýek-tük ak aralan, keşbinde ýaşlykdaky gözelliginiň yzlary saklanan, göz ýaşlaryny başyndaky öýmesiniň ujy bilen süpürip duran aýala gözi düşdi. Muhammet onuň ýeňli bileginden tutup, özüne çekdi-de, gujaklap, maňlaýyndan öpdi. -Mahynurym, sag-aman ýörmüň? Tüweleme, ine Arslanyň hem hakyky arslan ýigit bolupdyr-diýdi. Soňra ýene kimidir gözleýän ýaly töweregine göz aýlap: -Gyzyň görnenok-la Mahynur, sag-amanmy özi? - diýip, Arslanyň yzyndan bolan gyzyny sorady. Mahynur: -Ol hem geler, daşyrak oba durmuşa çykarypdyk. Atam şu gün irden olara-da habar iberipdir. Düýn gije siz gelip gideniňizde bizem toýdadyk, Arslan agam agtygyna sünnet toý berdi. Bize habar baranda olam eşitdi, begendi, özem geler-diýdi. Oglunyň maşgalasy-bilen soraşyp-ideşip duranyna garap, çal bilen kempir bir çetde içinden begenişip durdylar. Bir salymda Muhammediň daşyna adam bary üýşdi. Goňşy-golamlar, olaryň ýakynyrakdaky adamlary Dost Salamyň oglunyň şunça ýyldan soň uly alym bolup gaýdyp gelenini eşidip, ony görmäge hemem göz aýdyňa eňipdiler. Muhammet olar bilen ýekän-ýekän görşüp, soraşyp başlady. Kakasy bilen ejesi bolsa begençlerine iki bolup bilmän adamlaryň arasynda duran ogluna buýsanç bilen seredýärdiler. Bir mahal at aýagynyň sesi eşidildi. Ser salsalar Arslan beg atyny ýorgaladyp, sürüp gelýärdi. Ol gelip saklanan badyna Arslan ylgap baryp daýysynyň atyny tutdy. Arslan beg atdan düşüp, ilki Muhammet bilen gujaklaşyp görüşdi. -Aý, tüweleme, öňki talyp Muhammet indi alym Muhammet ibn Salam boldumy?-diýip, degişip, soňundan soraşdy. Adamlar Arslan begiň sarpasyny saklap, dargaşman durdylar. Obanyň ilaty Arslan begi belent adamkärçiligi, adalatlylygy üçin hem-de Mekke-Medinä zyýarata baryp gelensoň hajy hökmünde örän sylaýardy. Adamlar onuň Dost Salamyň maşgalasy bilen ýakynlygynyň sebäbini bir eýýäm eşidipdiler, bilýärdiler. Arslan beg Muhammet bilen soraşyp-ideşip bolansoň özüne garaşyp duran Dost Salam we adamlar bilen salamlaşyp, soraşdy. Şundan soň Dost Salam adamlara ýüzlendi. -Eý jemagat, eşitdim-eşitmedim diýmäň, eşitmediklere-de habar ediň, ertir günortan çaglary Muhammediň sag-aman geleni üçin Allanyň ýoluna sadakamyz bar. Ýakyn goňşular, sizlerden haýyş: ertir daň agarandan geliň. Mal ýatakdaky öküzçeleriň birini çalmaly, gazanlary atarmaly, adamlar oturar ýaly ýer taýýarlamaly. Adamlaryň biri degişip diýdi. -Dost Salam diýen adam şunuň ýalyda eçiläýmese, başga wagtda mundan zat çykanok. Ýene biri ýaşulynyň balykçydygyny ýatladyp: -Dost aga, palawyň, çorbanyň öňünden balyk gowurma-da bolsun-diýdi. -Onda sen derýanyň ortasyna girip, suwy baglap dur. Menem märekä ýeter ýaly balygy tutup getireýin-diýip, Dost Salam ol adamyň degişmesine degişme bilen jogap berdi. Dost Salamyň öýüniň öňi bir salym gyzan bazara döndi. Bazaryňam ahyr sowulyşy ýaly adamlar hem dargaşyp, özli özleri galdylar. Häliden bäri utanyp gaýynatasyna görünmän ýören gelnini Arslan getirip, kakasyna tanyşdyrdy. Salam berip eda bilen aşak bakyp duran gelniniň ikigatdygyna gözi düşen Muhammet ýakyn arada agtykly boljagyna begendi. Arslan beg köp oturmady, öňden taýýar edilen saçagyň başyna geçip, bir käse çaý içdi-de, işiniň bardygyny, ýetişse ertir sadaka geljekdigini aýdyp, ýerinden turdy. Ol hoşlaşýarka Muhammedi myhmançylyga çagyrdy, “Öýde arkaýyn gürleşeris” diýip, atyna atlandy. Ikindinara gyzy bilen giýewisi geldiler. Ata-enä gyzyň mähri başgaça bolýar. Gelen badyna kakasynyň boýnundan gujaklap, esli wagt boşatman ýürek mährini duýduran gyzyň maňlaýyndan öpüp atalyk mährini bildiren Muhammediň gözlerine ýaş aýlandy. Ol iki elläp, edep saklap görşen giýewisi bilenem mähirli soraşdy. Bir salym Dost Salamyň öýi şagalaňly şatlyga doldy. Erkekler agşam namazyna turanlarynda şagalaň köşeşdi. Agşam namazy okalandan soň şamlyk edindiler. Nahardan soň töwwir galdyrylanda Muhammet şeýle bir owadan kyraat bilen “Tebärek” süresini okady welin oturanlaryň inini dygladyp goýberdi. Dost Salamyň bolsa tolgunmadan gözleri ýaşlandy. -Berekella, oglum, “Tebäregi” okaýşyň hanaýy Käbedäki muazziniň okaýşyndan kem däl-diýip, kakasy buýsanç bilen aýtdy. -Kaka, Käbedäki muazziniň nähili okaýanyny siz nirden bilýäňiz?-diýip sorady. -Arslan begden eşitdim. Gaýynagaň haja baryp geldi, häli seniň mundan habaryň ýok. Ol hanaýy Käbede okalýan süreleri şeýle bir taryplap berdi, edil öz gulagym bilen eşiden ýaly boldum. -Şeýle diýseňiz-le-diýen Muhammet özüniň Mekkåniñ, Medinäniň golaýyndaky ýurtlara baryp, hanaýy Käbä barmandygyna ökündi. Dost Salam oglunyň pikirini aňan ýaly onuň ýüzüne dikilip: -Özüň näme, Mekke-Medinäniň alkymyndaky ýurtda ýaşap, ol mukaddes ýere barmadyňmy?-diýdi. Muhammet ýaýdanybyrak jogap berdi: -Kaka, ol ýerde meniň kelläme ylymdan, ylym almakdan başga pikir gelmändir. Onsoňam Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam “Ybadat diňe namazdan ybarat däldir. Ylym öwrenmek bilen meşgul bolmak hem ybadatdyr. Çünki, ylymly adamyň halka peýdasy köp deger” diýipdir. -Sen indi alym kişi, bu zatlary bizden gowy bilýänsiň-de -diýip, Dost Salam bu hakda başga gürrüň gozgamady. Soňra ertirki beriljek sadakanyň tertibi barada maslahatlaşdylar. Soňunda Muhammet kakasyna ýüzlenip: -Kaka, meni şonça ýoldan alyp gelen, uzak ýoluň dowamynda duz-emek bolan kerwenbaşy bilen onuň ýolbeledini sadaka çagyrsak, soňundanam bir gije myhman alyphezzet etsek gowy bolardy-diýdi. -Çagyr, oglum, çagyryber. Göwnüňde nähili hezzet etmek niýetiň bolsa ediber. Hudaýa şükür, hemme zat bar. Serpaý etjek bolsaň iki sany düýe ýüňden bolan çäkmen aldyrarys. Goňşularda tikip satyp oturanlaram bar. Kakasynyň jomartlyk bilen aýdan bu sözlerinden soň göwni hoşal bolan Muhammet ertesi irden kerwensaraýa ogly Arslany çakylykçy edip iberermen boldy. *** Ertesi irden kerwensaraýa giden Arslan günortana golaý kakasynyň myhmanlaryny alyp geldi. Myhmanlary giň meýdanda aýlaw gurup oturan mähelläniň ortasyndan geçirip, olar üçin ýörüte ýazylan ak keçäniň üstünde oturtdylar. Kerwenbaşy Horezmine ilkinji geleni üçin ýurduň ir-iýmişlerine, içi islimi nagyşly külal tabaklarynda çekilen palawdyr dograma, ulakan tegelek çöreklere gyzyklanyp seredýärdi. Ýolbeledine arapçalap bir zatlar diýärdi. Adamlar myhmanyň arapdygyny bilenlerinden soň arap dilini bilýänleri onuň bilen arapça gepleşip başladylar. Ýeri gelende aýtsak, Horezmde arap dilini bilýänler az däldi. Çünki HorezmI araplar alyp, yslam dinini girizenlerine iki ýüz ýyldan hem gowurak wagt bolupdy. Şu döwüriň içinde arap dili, arap edebiýaty mekdep-medreselerde zor berip okadylýardy. Ähli ylmy, edebi kitaplar arap dilindedi. Muhammediň kakasy hem mekdepde, medresede okany üçin arap dilini gowy bilýärdi. Şeýle-de bolsa ol mollaçylyk etmedi, mollaçylykdan balykçylygy gowy görüpdi. Ondan näme üçin şeýle sowatly adam bolup, mollaçylyk etmän, balykçy bolanynyň sebäbini soranlarynda: Hemme molla bolsa padany kim bakar, Balygy kim tutar, ody kim ýakar-diýip gülýärdi. Sadaka aýdym-saz bolmasa-da, toý ýaly şagalaňly geçdi. Agşam bolsa myhmanlar üçin aýratyn saçak ýazylyp, aýratyn hezzet başlandy. Şu arada Muhammet içerki otagda ejesi, gyzy bilen oturan Rugsardan myhmanlar üçin bir döwür saz çalyp bermegi haýyş edip, kakasynyň diwarda asylgy duran dutaryny alyp, onuň eline berdi. Rugsaryň özi hem saz çalmagy gaty küýsän bolmaga çemeli dutary maňlaýyna degirip, ogşady. Rugsaryñ razylygyny alan Muhammet myhmanlaryñ öñüne çykyp: - Jenaplar, bir salym saz diñläÿsek nädýe?-diýdi. Sazy kimiñ çaljagyny bilýän kewenbaşy: - Gaty gowy bolardy, diñlåli-diýip, ýylggyryp, kellesini atdy. Içerki otagdan eli dutarly çykan Rugsar myhmanlara egilip salam berende kerwenbaşynyň ýolbelediniň gözi tegelenip gitdi. Ol kerwenbaşa "bu, gyrnak bärde eken-ä" diýen manyda seretdi. kerwenbaşy çalaja ýylgyrdy. Ýolbelet kerwenbaşynyň ýüzünde hiç hili alamat görmänsoň “munuňam habary bar eken-ow” diýen netijä geldi. Rugsar görkezilen ýere geçip oturanyndan soň dutaryň gulaklaryny towlap düzüşdirdi. Otagda oturan ähli adamyň ünsi oňa gönükdi. Ol ilki aşakky perdelerden tutup, kem-kemden heňi belentledip ugrady. Bir mahal otagyň içini dolduryp ýaňlandyryp başlan bir jadyly heň ýürekleri elendirip goýberdi. Ýüregiň jümmüşinden çykan nala meňzeş bu heň oturanlara nätanyşdy, täze heňdi. Ol Rugsaryň kalbyndaky hasratyň beýanydy, ýüreginiň nalasydy. Gyzyň elindäki dutaryň beýle zaryn nala çekmeginiň sebäbi düşnüklidi. Rugsar uzak çalan bu heňini soňlap maňlaýynda peýda bolan monjuk-monjuk deri eliniň tersi bilen sylyp, adamlara göz aýlady. Hemmeler sazyň täsirinde doňan ýaly bolup oturdylar. Soňra ol bu doňy çözmek üçin ýeñil heňlerden birki ýol çalyp berdi. Myhmanlar we öý eýeleri gyza alkyş baryny etdiler. Rugsar ýadadymy ýa-da özi çalan sazyň täsirinde bozuldymy rugsat sorap, dynç almak üçin içerki otaga girip gitdi. Şonda Dost Salam myhmanlara garap, olaryň öz dilinde: -Men sazy diňläp, bir zada haýran galyp otyryn-diýdi. -Dünýäde meňzeş ykballar, meňzeş atlar hem duş gelýän eken. Ine şu gyzymyz Rugsaryň mundan ýüz ýyl öň ýaşap geçen atdaşy hem beýik sazandar bolupdyr. Ol gyzyň ykbaly hakynda rowaýata meňzeş bir hekaýat hem bar. -Dost aga, eger ony gürrüň berseňiz, ol biziň horezminden alyp gitjek iň gymmatly zatlarymyzyň biri bolardy-diýip kerwenbaşy Dost Salama ýüzlendi. Dost Salam: -Gürrüň bereýin, ýöne ol uzaga çeker, ýadarsyňyz-diýdi . -Ýadamarys, biz daňdana çenli-de diňlemäge razy-diýip, kervenbaşy yene hayyş etdi. Dost Salam bir salym dymyp, pikirini jemleýän ýaly etdi-de, gürrüňe başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |