09:02 Guýynyñ başyndaky waka / hekaýa | |
Guýynyň başyndaky waka
Hekaýalar
Bu gün howa adatdakylaryndan güýçli gyzandygy üçin maşynyň içi petişdi, daryşganlyk ýalydy. Gara aga-da ýadyna täze bir aw wakasy düşýäňçä, bialaç dymýana meňzäp, ümsüm otyrdy. Biz gumuň ep-esli aralyga uzap gidýän takyrlaç ýerine çykdygam welin, Sapar maşynyň badyny gataltdy. Hol öňümizde tolkun atyp ýatan köl göründi. Onuň salkyn demi hem duýulýan ýalydy. Guma näbelet adam «Çölüň ortasynda beýle giňiş köl mäme işleýärkä?» diýip, haýran galsa-galaýmalydy. Ýöne, ýap-ýaňyja-da suwuň tolkunyp ýatan ýerine ýetýäňem welin, ne suw bar, ne-de köl. Bu salgymdy. —Hanha, öňde salgym bar! –diýip, men «Ýoldaşlarym hem «suwly kölden» habarlymyka?» diýip, dymyşlygy bozdum. —Görýäs... –diýip, Öwez baş atdy. —Şu wagt hakykatdan-da şeýle köl bolaýsady. Suwa düşüp hezil ederdik. —Hiç bolmanda buz ýaly guýy suwy bolsa diýsene! Köýnegiňi çykaragetmäni, biliňden ýokaryňy ýalaňaçlap, guýsaň bir bedresini üstüňden –diýip, Aşyr Öwez bilen ylalaşdy. —Şu takyryň gutaran ýerinde guýy bolmaly –diýip, Gara aga Sapara salgyny berdi. —Suwy içmek üçin-ä şorrajyk. Ýöne, ýuwunmaga bolýar. Şonuň deňinde saklarsyň. Biz ýene-de biraz ýöränimizden soň, ýoluň sag ýakasynda, çäge syrap gömmezlik, içine hapa-hupa gaçmazlyk üçin, agzy adam guşaklygyna çenliräk belentlikde daş örülip halka edilen guýy göründi. Onuň üstünde ýemşerilip, halys könelişen bedre durdy. Öwez maşyndan öňürti düşüp, ylgap baryp: —Çuň guýa meňzeýär –diýip, guýuň agzyndan äňetdem welin, dört-bäş sany guş «güsürdeşip» guýudan çykyp, golaýdaky sazak-sözenli tokaýjyga tarap gitdi. Zähresi ýarylyp, arkan serpigen Öwez hiç zat düşünmän, ýüregini tutup durşuna Gara aganyň ýüzüne soragly bakdy: —Ýaman gorkdum-aý, guýynyň içinde guşlar näme işleýärkä? —Bular gögerçin. Ýabany kepderiler. Guýunyň diwaryna örülen sazaklaryň arasynda höwürtgeländirler –diýip, Gara aga Öwezi gorkuzan wakanyň sebäbini düşündirdi. —Howpsuz ýer. Tomsuna yssydanam gowy goraýar. Onsoňam, biz ýaly ötegçiler suw çekende, guýunyň daşyna döküleni, bedrede galany olara içimlik bolýar. Suw gözläp alys aralyklara gidip ýörmeli däl. Aslynda-ha, bu guşlar oba-şäherlerde, adamlara golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Ýöne, soňky ýyllarda gumda hem şeýdip, käbir guýularyň içinde, suwly kaklaryň golaýynda höwürtgeläp ugrapdyrlar. Biz poslap giden inçejik zynjyr-ýüpe berkidilen bedräni guýa oklap, suw çekdik. Aşyr suwdan owurtlady-da: —Beýle bir şor hem däl –diýdi. —Tomsuň aýaklaryna has şor bolýar. Elbetde, başga suwuň bolmasa, bu allanäme –diýip, Gara aga hem suwdan owurtlap görüp, ylalaşdy. Biri-birimize akydyp berip, hezil edip ýuwundyk. Sowukja suw nepesimizi durlady. Ýanymyzdaky boşan gaplarymyzy hem dolup aldyk. Soňra guýudan biraz daşlykdaky ýaýbaň sazagyň üstüne ýapynja okladyk-da, kölege ýasap, düşleg edindik. Naharlanmak üçin ot ýakyp, biş-düşüň ugruna çykdyk. Ýaňky uçup giden gögerçinler eýýäm yzyna dolanyp, biziň ýuwu-nanymyzda döken suwumyzdan içip ugradylar. Derrew üç-dört sany çöl serçesi hem tapyldy. Bir ýerden ýany kiçijik çagaly ene kirpi gelip, olar hem oýtumjykdaky suwdan içdiler-de, tirkeşipjik derrew gitmek bilen boldular. Birdenem guşlar gorkup uçdular: —Tilki bar! –diýip, Aşyr, bize tarap tiňkesini dikip, «Suw içmäge barmalymy-ýok?» diýip, ýaýdanyp, ýere ýapyrylyp ýatan çägesöw reňk kiçeňräjik tilkini görkezdi. —Gorkma! Biziň seniň bilen işimiz ýok-how! –diýip, Öwez hamana tilki oňa düşünjek ýaly, gygyrdy. —Ol biziň niýetimizi bilmekçi bolýar. Häzir, özüne degmejekdigimize sen aýtmanyňda-da düşüner. Sebäbi, oňa tilki diýilýär –diýip, biş-düş bilen başagaý bolup ýören Gara aga düşündirdi. Dogrudan-da tilki çalasynlyk bilen guýynyň ýanyna gelip, gyýaja gözlerini bizden aýyrman, oýtumda galan suwy içdi-de, sumat boldy. Guşlar ýene-de yzyna dolandylar. Bedräniň düýbi deşik bolansoň, onuň içindäki suw dyngysyz akyp, guşlaryň içýän aýtymjygynyň üstüni ýetirip durdy. Biz çaklaňja kölgä oklan düşegimize geçip, Gara aga naharyny taýyn edýänçä, dynç almaga oturdyk. —Seretseňizläň, ine, ýene-de bir «myhman» suw içmäge geldi –diýip, Aşyr gözi ýok ýaly eňip gelýän zemzeni görkezdi. Ol gele-gelmäne suw içmäge durdy. —Ullakan zemzen ekeni. Suratyny alaýyn-la! –diýip, Öwez fotoapparatyny häzirledi. Krokodil pisint, zolak-zolak geň jandary ýakyndan synlamak üçin bizem Öwezden galmadyk. Biziň barmagymyz zemzene ýaramady. Kuwwatly guýrugyny ýere «tarpyldadyp» urup, haýbat atyp, «haşşyldap» çişip başlady. Çişdigiçe-de zolaklary ýitip, tutuşlygyna gögüş reňke geçdi. Sapar duýdurman yzyndan gelip, elindäki çybyk bilen onuň guýrugyna batly urdy. Zemzen muňa has-da öjükdi. Bize haýbat atmasyny goýup, yzyna çalasyn öwrüldi-de, Sapara topuldy. Düşlänimizde aýagymyz dynç alsyn diýip, köwşümizi çykarýandygymyz üçin, Sapar aýakýalaňdy. Zemzeniň okgunly hüjümi ony aljyratdy. Gaçmakçy bolanda aýagy-aýagyna çolaşyp ýykyldy. Onuň ýykylan ýeri tikenli çöl ýandagynyň bol ösüp oturan ýeridi. Sapar uýlugyna çümen tikenleriň agyrysyna çydaman buruljyraýardy. —Häzir bolmaly ekeniň! –diýip, Gara aga oňa duýgudaşlyk bildirdi. —Kim saňa onuň guýrugyna ur diýdi! –diýip, Öwez Sapara käýindi. —Özüň günäkär. Dogrudanam onuň özi günäkärdi, etmişine görä almytyny alypdy. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |