23:55 Hajy Bekdaş Weli: Hajy Bekdaş. XIII asyr, döwrüň keşbi | |
HAJY BEKDAŞ WELI
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weli XIII asyryň türkmen-türk filosofy, beýik ynsanperwer ýazyjy hem-de alym. Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan bu ynsanyň Ynsançylyk ylmynda örän çuň pelsepelere ýeteni belli. Ynsan Hukuklarynyň Beýannamasy 1948-nji ýylda kabul edilen bolsa, Hajy Bekdaş Weli o prinsipleri, o ýörelgeleri 700 ýylrak öň aýdyp-ýazyp gidipdir. Orta Aziýada nähak unudylan, ady nätanyş eşidilýän bu ägirdi nesiller tanamalydyrlar. Hajy Bekdaş Welini tananlar oňa ýürek berýär, ol biziň günlerimiziň, gelejegimiziň Beýik Ynsany. Oňa patyşalaryň, serkerdeleriň leşger tartyp alyp bilmedik galalaryny gylyçsyz-gansyz, topsuz-tophanasyz alan Gahryman diýýärler. Nesiller şahyrlaryňky, alymlaryňky, halka hyzmat eden Gahrymanlaryňkydyr. • Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri Ynjasaň-da ynjytma. Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň. Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň. Aýal-gyzlary okadyň. Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň. Her näme gözleseň, özüňden gözle. Keramat başdadyr, o täçde däldir. Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme. Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol. Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir. Ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir. Özüňe agyr geleni özgä ýükleme. Gözle, tap. Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir. Iman bir hazynadyr. Rahmanyň asly iman, şeýtanyň asly şübhedir. Köňül beýik bir şäherdir. Gök aglar – ýer güler. Jan – bossan, magryfet suwdur. Teşne bossana suw näme edýän bolsa, magryfetem jana şeýder. Magryfetli köňül – Allanyň uly hazynasy we nazargähidir. Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi – nebsewürlikdir, ikinjisi – ulumsylyk we egrilik, üçünjisi – ýalançylyk we hilegär¬likdir. Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr. Ýerde agajy dik tutýan kökdür. Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile getirmeli däldir. Döwletli kişi – janyny gaflatdan oýaran, halyny bilen kişidir. Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ýyldyza meňzär. Maksada sabyr bilen ýetiler. Aýaga galksaň, hyzmat üçin galk. Sözleşseň hikmetli sözleş. Otursaň hormatly otur. • Hajy Bekdaş, XIII asyr, döwrüň keşbi Türkmen taryhynyň öňki-soňky sahypalarynda XIII asyr aýratyn möhüm orna eýedir. Näme üçin? 1071-nji ýylda Beýik Soltan Alp Arslan Malazgirt söweşinde Wizantiýa imperiýasynyň örän güýçli ýaraglanan we sany ýüz müňden geçýän goşunyny aljyradyp, imperator Roman Diogen IV-ni ýesir aldy. O döwürler Wizantiýa imperiýasynyň dabarasy dag aşýardy. Dünýäde şondan güýçli döwlet ýokdy. Onuň howalasy hem köp-köp döwletleri, milletleri, serkerdeleri dyza çökerýärdi. Alp Arslanyň beýikligi diňe şeýle beýik imperiýany ýeňenliginde däl-de, eýsem şeýle köp goşunly döwleti şeýle az goşun bilen ýeňip bilenligindedir. Bu taýda geň galasy zat köp. Şonuň üçin bolsa gerek, o söweşiň hakykatyna häli-häzir müňkürlik edýänem tapylýar. Alp Arslan şol ýeňişi bilen türk dünýäsiniň gelejegine ägirt uly täsir etdi. Şu çaka çenli Aziýanyň daglarynda, düzlerinde agyp-dönüp, ýeňip-eňilip, barha ulalyp barýan türkler Ýewropanyň gapysyny açmak üçin hut Alp Arslan öz ýeňişi bilen taryhy açar taýýarlady. Şondan soň Anadolyda – biziň jelegaýlarda aýdylyşy ýaly, Rumustanda seljuk-türkmen taryhy başlandy. Bu şöhratly wakalar bolmadyk bolsa, ýagny Alp Arslan Rumustany eýelemedik ýagdaýynda türk dünýäsiniň takdy¬rynyň neneňsi boljakdygyny göz öňüne bir getirip görüň. Elbetde, nesibämizde rowaçlyklar bar ekeni. Emma Malazgirt ýeňişinden takmyn 150–180 ýyl geçensoň, dürli-dürli, ownuk-ownuk begliklere bölünen Seljuk imperiýasy dargamak bilen bolýar. Ýeňşi gazanmakdan, ony soň elde saklamagyň has kynlygy hakda taryhy tejribe bu taýda-da tassyk bolýar. Kosmonawtlar aýtmyşlaýyn, uçmany köpler başarar, ýöne sag-aman gonmakda iş ba-ar. Seljuklylaryň pese düşüşi beýleki köp-köp sebäpler bilen birlikde ahlak sebäpleri bilen-de düşündirilýär. Munuň üstesine mongol basybalyjylygy hem şol ýyllara gabat gelýär. Şeýle ahwalda galan seljuklylar bir ahwal üçin Alla ýüz müň şükür etmelidiler –olaryň şeýle dagynyk ýagdaýynda günbatar goňşular has güýçlenip, jemlenip, düzedilmez zarbalar urmagy başarmadylar. O zamanlar dini parhlara aýratyn bakylýan döwürler ahyry. Hristian papasy musulman türkmen-leriň Anadolyda, araplaryň köp-köp ülkelerinde gutarnykly ýerleşmegini hi-de halajakmy?! Üstesine-de yslam dininiň baş goragçylary, esasan, türkmenlerdi. Şeýle jygba-jygly, duşmanlar bilen gizlin deňeçerlikli, ertirki güne umyt azalan ýyllar gelip ýetdi. Ynha, türkmen taryhy üçin XIII asyryň aýratyn bir asyrlygy şundan gelip çykýar. Möwlana Jelaleddin Rumy Balhdan, Hajy Bekdaş Nyşapurdan, Ýunus Emre, Ahy Ewren Horasanyň bir künjeginden Anadola barýançalar Anadolynyň özünde olaryň derejesindäki erenleriň ýetişmeýşine düşünesim gelýär. Ýogsa, Malazgirt söweşinden soňra Orta Aziýanyň, Kawkazyň, öňräk Azerba¬ýjana göçüp gelen türkmen maşgalalary Anadola müňläp-müňläp göç edipdiler ahyry. Şolar bilen bile giden ylham hem pikir şineleri täze topraga kök ursalar-da orta derejeden ýokary geçip bilmändirler. Bu nämäni aňladýar? Bu öz beýik pelsepesi, original pikirleri bilen jemgyýeti bir ojaga bakdyryp biljek, olaryň pikir-duýgularyna bir toplum sypatyny berip biljek, ýaşaýşa, onda-da täze ýurt edinen topraklaryna baky eýedigine umyt döretjek ruhy liderleriň ýoklugyny aňladýar. Ruhy lideriň zerurlygy bolsa Aýdaky gara tegmil ýaly görnüp durdy. Bu zerurlygy Möwlana Jelaleddin Rumy hem-de onuň beýik atasy, Akyldarlaryň soltany adyny alan Bahaeddin Weled, Nyşapuryň soltany Seýit Muhammet Ybrahym Saniniň ogly Hajy Bekdaş, şahyrlyk joşguny dag sili deý kuwwatly şahyr Ýunus Emre, sosial-ýaşaýyş meselelerini çuň öwrenen Ahy Ewren wagtynda duýupdyrlar hem-de herekete geçipdirler. Bu pelsepeçileriň, akyldarlaryň we şahyrlaryň öz mekanlaryny goýup, göwünleri Rumustana telwas urup, tüweleý deý göterilip gitmeklerini köp-köp alymlar mongol basybalyjylaryndan gutulmak üçin gidipdirler diýip tassyklasa-da, ýagdaý biziň ýokarda beýan edişimiz ýalydyr diýip ynanýaryn. Deliller nämede? Birinjiden, o asyrlaryň adamlary ajaly kimiň berýänligine örän berk ynanypdyrlar, şoňa görä, ajal ýeten bolsa, ondan gaçyp gutulyp bolmajakdygyna, olar aňry jany bilen akyl ýetiripdirler. Iki mysaly ýüzugra ýatladyp gezeýin: mongollar Horezmşalygynyň paýtagty Ürgenji gabanlarynda beýik şeýh, kubrawiýa tarykatynyň başçeşmesi Nejmeddin Kubra hiç ýana çekilmän, ä, şol şäherde galypdyr hem-de mongol serkerdesi gabawly şäherden çykyp gitmäge Kubra ygtyýar berýändigini aýdanda "Kubra: "men ildeşlerimiň takdyrynda näme bar bolsa, menem şony çekerin" diýip jogap beripdir. «Oglum-Azadym» atly goşguda Döwletmämmet Azady Magtymgulyny Owganystana ibermejek bolup: Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr, Ölermiň, galarmyň, gitmegil, oglum! diýende, Magtymguly: Kast edip janymga, ýetse ajalym, Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym! diýýär. Ikinjiden, eger olar mongol howpundan çekilip Rumustana giden bolsadylar, onda mongollar o ýerlere golaýlanlarynda, olar ýene bir ýere göçerdiler. Logika muny salgy berýär. Emma Jelaleddin Rumy hem, Hajy Bekdaş hem, Ýunus Emre hem beýtmändirler. Ýa-da olar: «Bizi mongol kowalap sypdyrjak däl, biz näme bolsak bolaly. Indi çekilmeris» diýen pikire uýdumykalar?! Men şu taýda biziň, siziň güman etmeýän, taryhyň syry bolup galan sebäpleriňem bolup biljekdigini hiç-hiç aradan aýyrmaýaryn. Taryh syrsyz galmaz.Syrsyz bolsa, ol taryh däldir. Jelaleddin Rumy Rumustanda mongollar meselesinde özboluşly, gyzykly hereket edýär. Beýik Türkiýe taryhynyň 1-nji tomunda Ýylmaz Öztunanyň berýän maglumatlaryna görä, türk din adamlary, alymlary mongollara musulman bolaýjak millet hökmünde bakypdyrlar. Bu hakykaty Möwlana Jelaleddin Rumy hem duşundan geçirip goýbermändir. Ynha, onuň aýdany: “Sen tatarlardan gorkýan bolsaň, Taňryny tanamaýarsyň diýmekdir. Men bolsa olara ýüz sany iman baýdagy bilen garşy çykdym”. Musulmançylygy kabul eden mongol serkerdesi Gazan Mahmyt han Rumynyň sözlerini öz hyrkasyna altyn harplar bilen ýazdyrypdyr. Rumynyň ogly Soltan Welet hem-de onuň ogly uly Aryf Çelebi mongol baştutanlary tarapyndan örän uly hezzet-hormata mynasyp bolupdyrlar. Olar mongollara gaty uly ruhy täsir edipdirler. Rumyny düýşünde gören mongol Ilhan Keýhatu Konýany talamakdan saklanýar. Soltan Weled başga bir butparaz mongol serkerdesi Irenjin Noýana musulmanlygy şeýle bir çuň düşündirýär weli, ol musulman-a bolýar, üstesine mewlewiýa tarykatyna-da eýeriji bolýar. Ynha, taryhy hakykat şeýle. Bu ruhy ýeňiş, many üstünligi bütin halka hem oňaýly täsir edýär. Öňki butparaz goşunbaşy, indi musulman goşunbaşy gol astyndaky musulmanlara gazabyny, zulmuny öňküden ýumşadýar. Türkleriň we mongollaryň birgeňsi özara düşünişmesi ýaly bir ahwal ýüze çykýar. «Kimiň medeniýeti ýokary bolsa, ahyrda şol ýeňýär» diýilýän hakykaty şu taýda ýatladasym gelýär. Elbetde, medeniýet sözüne gaty agyr ýük urulýany, gaty giň çäkler we çuňluklar berilýäni bellidir. Gürrüňini edýän zamanamyzda yslam medeniýetiniň, türk medeni¬ýetiniň hem-de bu ikisiniň üstesine Möwlana Jelaleddin Rumynyň şahsy, öz medeniýetiniň birleşmesi ägirt güýç derejesine ýetipdir diýip bileris. 1207–1273-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen bu beýik pelsepeçi takmyn 14-15 ýaşlarynda atasynyň yzyna düşüp Rumustana barypdyr. Birnäçe şäherde ýaşanlaryndan soň o döwrüň din, ylym, sungat merkezleriniň biri bolan Konýada ymykly mesgen tutunypdyrlar. Şol ýyllardan hem Möwlana Jelaleddin Rumynyň jemgyýete täsiri başlanýar, her ýyl saýy onuň owazyna täze ynsanlar, täze ülkeler, täze ýurtlar, hökümdarlar ýürek berýärler. Şeýdip, Anadoly erenleriniň uly hem beýik bir kerweni düzülmäge başlaýar. O kerweniň ýüki ylym, din-sopuçylyk (tasawwuf) hem-de ynsan meseleleri. O kerweniň agyr ýüki akyldan. Bilşiňiz ýaly, akyl–ony göteren başa köp-köp belalar getirýän bir zat. Edil artykmaç baýlygyň janyňy howpa düşürişi ýaly. Emma akyl we baýlyk arasynda uly tapawutlaryň biri: baýlygy taşlap bolar, emma aklyňy welin taşlaýyp bilmersiň. Ozaly, taşlamak islemersiň, soňra taşlamak mümkin bolmaz. Aklyň berýän jebri hakda iki mysal: Uly şeýhleriň biri Şeýh Şibli asylyp öldürilen beýik sopy we akyldar hakda şeýle diýipdir: «Hallaç bilen men aýny pikirdedik, ýöne maňa diwanalyk ýöňkediler, şo sebäpli sypdym, akylly bolmasy ony (Hallajy) heläk etdi». Ýer şarynyň, planetalaryň aýlanýanlygyny aýdany üçin Galileý jebre sezewar bolýar. Edilen sütemlere çydaman ol öz pikirinden dönýänini aýdypdyr, emma geplemäge dili baranda, ýene «Öňi-soňy aýlanýar-la» diýipdir. Bu taryhyň sahypalaryndan. Emma gündelik işinde akyl zerarly neneňsi garşylyklar görmeli bolýandygyny özüni tanaýan ynsanlar bilýändirler. Magtymgulynyň aýdyşy ýaly: «Dünýäde aňlandan aňlamaz kändir». Şol bilmez köplük akylly, bilýän azlyga garşy elmydama hereketdedir. Möwlana Jelaleddin Rumydan soň Hajy Bekdaş Nyşapurdan Rumustana ugraýar we köp-köp şäherlerden soň, Anadolynyň ortarasynda Suwluja Garahöýük diýen kiçijik obada mekan tutunýar. Şol taýdan hem ynsan köňüllerini öwrenmäge, oňa ýagşy täsir etmäge we köňül ýumşadyp adamlary birleşdirmäge başlaýar. Soňra, haýsy şäherden, obadan gaýdanlygy belli bolmasa-da, Horasandan gidenligi anyk bolan Ýunus Emre Anadola aýak basýar. Ol türk şygrynyň gadymdan gelýän asyl lezzetine yslam suwuny garyp halka berýär weli, onuň şöhratynyň öňünde durjak güýç bolmaýar. Ol sada derwüş durmuşynda ýaşaýar. Egin örtüsi bolsa, elinde tesbisi bolsa hemem dür saçyp durka ýürekden diňleýjisi bolsa, başga zadyň aladasyny eden adam däl. Ynha, bu beýikleriň Rumustanda erenlik, ýaranlyk, gamly köňüllere hemdemlik ruhy şol döwrüň jemgyetçilik ösüşine örän uly täsir edipdir. Dini parhlar, tapawutlar, milli özboluşlyklar, deri, dil, toprak aýratynlyklary – ählisi ikinji derejeli zatlar. Esasy zat – Beýik Allanyň huzurynda päk ynsanlar bolup galmak. Şu hakykatyň jemgyetçilik aňynda gaýnap başlamagy, kämilleşmegi, her gelen nesilde kök urmagy, Anadolyny gutarnykly dargamakdan halas edenliginden başga-da, eýsem gelejekki Osman imperiýasynyň döremegine, adamzada belli taryhda iň uly we iň uzak ýaşan imperiýa öwrülmegine sebäp boldy. Hut ýokarky delilleri göz öňünde tutup hem, türkmen taryhynda XIII asyryň aýratyn orny barlygyny aýdypdyk. Oraz ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |