23:08 Halanmaýan gowy adam / hekaýa | |
HALANMAÝAN GOWY ADAM
Hekaýalar
Ol aýal awtobusa tarap gyssansa-da, Nargüle aýtmak islan zatlarynyň esasy bölegini aýtmaga ýetişdi: “Nä meň gül ýaly günümi bulajak bolýaýaňyzmy? Mundan beýläk äriň uzyn dilini dişiniň aňyrsynda saklasyn. Ýogsam…” Soňuna näme tirkeseň tirkäp oturmaly “ýogsamyň” yzyndan nähili harasat gopmalydygyny Nargül ýeňňe eşitmän galdy. Awtobusyň bat bilen ýapylan gapysy “ýogsamyň” yzyndan aýdylan sözleri gürrüldisine dolap alyp gitdi. Emma Nargül ýeňňe ol aýalyň indiki aýtmalylaryny hem eşiden ýaly boldy. Çünki il içinde ýaňsylanyp “Adalat aga” diýen geň lakam göterýän adamsy Ýagmyr bilen ýaşalan kyrk ýyla golaý wagtyň dowamynda ol şu günki waka meňzeş ýagdaýa gabat gele-gele, halys öwrenişibem gidipdi. Iliň ýakymsyz sözleri üçin ol Ýagmyry ýigrenmeýärdem, günäkärem hasaplamaýardy. Ýigrenäýende-de, käýinende-de —“Gan bilen giren — jan bilen çykar” — Ýagmyryň dogabitdi häsiýetini üýtgedip bilmejegine ol akyl ýetirýärdi. Belkem şonuň üçindir, Nargül ýeňňemiz adamsynyň käbirleriň halamaýan gylygyny, gaýtam, halap başlady. Ýagmyr aga-da özüni bileli bäri dowam edýän “Bileniňi bilmeýäne öwretmezlik — hyýanat, kişiniň görnüp duran kemçiligini aýtmazlyk — duşmançylyk” diýen öz kanunyndan dönüp bilmeýär, dönjegem bolmaýar. Bolsa-da, Nargül ýeňňe adamsynyň şol häsiýeti zerarly juda degnassyna deglen pursatlary oňa nägileligini hem bildirýär. Ol saçynyň ýukalyp, çekgesiniň çalarmagyny wagtyň, tebigatyň emri hasaplasa-da, käte ony adamsynyň seýrek gabat gelýän häsiýeti bilenem baglaşdyrman durmaýar. …Içi zatdan doly agyr sumkanyň stoluň üstüne güpläp düşmeginiň sebäbi Nargülüň öýkeli sesi blen düşündirildi: — Sen diliňi saklap bilýäňmi ýa.. Il gepini çekmekden men halys bez boldum. Kitap okap ýatan ýerinden tirsegine galan Ýagmyr aga gözlerini petretdi. — Ýene näme tapyldy saňa? — Näme tapylanyny senden soramaly… Iliň äri görýäninem görmedik bolup geçýä. Sen welin, hiç kimiň görmeýän, hiç kimiň görmejek zadynam hökman göräýmeli. Üstesine diliňem saklaýaňok… — Beýle sözleri men seň agzyňdan müň birinji gezek eşidýän, Nargül. Täzesini tapsana! — Annamyň aýaly köçäň ugrunda üstüme çöwjäp, köpe masgara etdi… Aýaly entek bolan wakany doly aýtmasa-da, Ýagmyr aga ynjaldy. — Näme edäýdimkäm öýdüp, ýüregim ýaryldy. Seň nägileligiň sebäbi diňe şo dälmi? — Özüňçe ýok heleýiň “Äriň diljagazyny ýygnap gezsin” diýen gepini eşitmek azmy saňa? Özem awtobus duralgasynda. Ýat adamlar üýşüp durka. — Ol aýal, dogrudanam, özüňçe ýok, Nargül—diýip, indi hasam ynjalan Ýagmyr arkaýyn gepledi. — Gaýtam, ol minnetar bolmaly ahyryn. Men Annama “Köýnegiň nädogry ütüklenipdir” diýdim. Başga, göwne deger ýaly zat aýdamok. Oň aýaly köýnek ütüklände eginden tä goşara çenli epim goýýa. Köýnegiň ýeňinde beýle epim goýulmaýar. Ynanmasa, telewizorda köýnekçe çykyş edýän mahaly medeniýetli adamlary synlap göräýsin… Göwne deger ýaly bir zat diýäýmekden gaçmak islän Nargül närazylygyny hem öz ýany bilen alyp, beýleki otaga geçensoň, yzyna gaňyryldy. — Iliň heleýiniň köýnek ütükleýşi bilen seň nä iş-şiň? Epimi ýeňinden däl, kebzesindenem goýsun. Saňa näme? Sen öz köýnegiňi bil-dä. — Meň köýnegim dogry ütüklenýä. Ýöne bilýäniňi bilmeýäne öwretmeseň… — Men oňa düşünýän,Ýagmyr — diýip, eýýäm köşeşen Nargüliň sesi adatkysy ýaly çykdy. Umuman, Nargül adamsynyň ýagdaýyna başdanam düşünmek isleýärdi, ýaňky Annamyň aýaly ýaly biri çöwjän mahaly gaharlanaýmasa, düşünýärdem. “Düzelse peýda boljak kemçiligiňi diňe gowy adam aýdyp biler ahyryn. Adamlar näme üçin gowy adamy halamaýarkalar?” Nargül ýeňňe saça çal sepilýän ýaşa ýetse-de, şoňa welin düşünmeýär. — Oýlanýan welin, men gowy adam bolmak üçin ile etmeli ýagşylygymy ilden gizläp saklamaly-da? — Ýagmyr başyny ýaýkady. — Adama ýamanlyk isläp gowy baha alandan, peýda berip erbet baha alanyň gowy dälmi? Nargül ýeňňe öz kalbynyň garşysyna gopdy. — Sen ile ýagşylyk isläp, “Adalat” diýen ýaňsylanýan lakamdan başga näme gördüň, näme aldyň? Köp kişi şony seň çyn adyňdyr öýdýämiş. …Uniwersitetde kandidatlyk işiniň temasy tassyklanjak bolup duran ýaş mugallymka Ýagmyryň redaksiýa işe geçirilmegine-de şol adama gowluk islemek häsiýeti sebäp boldy. Ol bäş-alty sany mugallym bilen durka, fakultetiň dekanyna “Siziň egniňizdäki penjegiňize beýle alabeder galstuk düýpden ters bolýar”- diýdi goýberiberdi. Özüni hiç kimde ýok gowy galstuk dakynan, tibitlikde özünden belent adam ýok hasaplaýan ýaşuly dekan ol belligi ýagşylyk däl-de, kemsitme hökmünde kabul etdi. Dogry, Ýagmyryň uniwersitetden gaýtmagy “redaksiýada sowatly işgärlerleriň ýetmeýäni” bilen düşündirildi. …Şäher bankynyň başlygynyň romanyndan gazýetiň indiki sanlarynyň birinde gitmeli edilen parçany redaktirlän edebi işgär, ony işe ýaňy başlan bölüm müdiriň stolunyň üstünde goýdy. Ýagmyr ýatkeşem bolsa, okumyşam bolsa, romanyň awtorynyň adyna edebiýatçy hökmünde ilkinji gezek gabat gelýärdi. Onda awtor bank işgäri bolany üçin gowy eser ýazyp bilmez diýen pikir ýokdy. Dünýä belli bolup giden ýazyjylaryň arasynda Magtymguly ýaly zergär, Çehow lukman, Ekžýupri ýaly harby uçujynyň bardygyny Ýagmyr gowy bilýärdi, kitaplaryny okapdy. Şäher bankynyň başlygy, belkem, gowy eser döredendir. Ýagmyr başda şeýle aýgyt etdi. Emma ol parçasy çap edilmeli romanyň birinji sahypasyny okan badyna öz çakynyň ýalňyş çykandygyna göz ýetirdi. Eserde ne oňly dil bardy, ne-de dokuzy doly sözlem, ne-de agramly pikir. Ýagmyr on alty sahypany okasa-da, oňa nähili baha berjegini bilmedi, ýöne tutuş okaýanynda-da, çeper eserden parça diýip gazýetde berer ýaly bölek tapylmajagyna welin ynandy. Şonuň üçinem ol hödürlenen bölegiň birinji sahypasyndaky boş ýere: “Haýsy tarapdan alsaňam, çeper edebiýatyň talabyna laýyk gelmeýändigi sebäpli bu parçany çapa hödürlemekden saklanýaryn. Awtor giňişleýin düşündiriş almak islese, bölüme ýüz tutaýsyn” diýen iki sözlem ýazyp, parçany edebi işgäre gaýtardy. Şonuň bilenem mesele çözüldi hasap edildi. Çözüldi, ýöne başgaça çözüldi. Ýagmyryň çig hasaplap gaýtaran bölegi gazýetiň indiki sanynda tutuş bir sahypany dolduryp çap boldy. Onda-da nä çap bolmak! “Romandan bölek” sözüniň aşagyndan “Redaksiýadan” diýen giriş berilýär. Giriş gysgajygam bolsa, badyhowa sözleri okyjynyň kellesini şowhundan doldurmalydy. Asyl bölüm müdiriniň eser hasaplaman gaýtaran roman bölegi, “tutuşlygyna alanyňda, edebiýata täze bir öwüşgin berýän özboluşly” eser eken… Ol waka üçin baş redaktor Ýagmyra ýagşydan-ýamandan söz diýmedi. Ýöne ol redaktoryň täze bellenen bölüm müdire kesen sessiz bahasy boldy. …Оbadan yza gaýdylanda Ýagmyr aganyň bilet alan kupesinde eýýäm iki sany gyz hem otyrdy. Hernä olaryň biriniň ýeri aşaky, ikinjisiniňki ýokarky gatda eken. Dar küpede dört adam bar hem bolsa iki taraplaýyn nätanyşlyk sebäpli gep-sözem alşylyp ötägitmedi… Nargül ýeňňe gyzlara dikanlap seredip oturmakdan dörän ýylgyrşynam elini agzyna ýetirmek bilen goňşularyndan gizledi… Ony ýylgyrdan zat gyzlary synlanda kellesine gelen deňeşdirme boldy. Gyzlaryň ikisem şeýlebir owadandy, şeýlebir geýnüwlidi welin, olara seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Nargül ýeňňe owadan gyzlary-ha iki sany ýaşajyk gumra, özi bilen adamsyny hem gartaşyp ugran garga meňzetdi. Tapan deňeşdirmesi hem ony ýylgyrtdy. “Beýle zat nireden seň kelläňe gelip ýör diýsene!” Irden oýanylyp, barmaly menzile ýetilýänçä galan ýarym sagat çemesi wagt geçýänçä-de şol owadan gyzlaryň hereketleri Nargül bilen Ýagmyra gowy güýmenje boldy. Ozal kemsiz geýnüwlem bolsalar, otludan düşülende ilden saýlanmak isledilermi-nämemi, iki gözel özlerine serenjam bermäge başlady. Ilki bilen-ä bir-biri bilen özlerini görer-gözden çalarak penalap, reňki, güli bir meňzeş, bir biçüw köýnek geýdiler. Soňra uly gara sumkadan elbukja, aýna, darak, üst-başa sepilýän, ýüze çalynýan zatlar çykdy. Gözeller darandylar, sypandylar. Atyryň, dezodorantyň ysyndan ýaňa küpäniň howasy tutuş başgalanandy. Kim ol üýtgän howadan lezzet bilen dem aldy, kimem halaman, seňrik ýygyrdy. Tomaşaça öwrülen iki ýolagçynyň öňünde gyzlaryň beýdip bezenip-beslenip oturuşlary Nargül ýeňňäni birneme geňirgendirse-de, Ýagmyra onçakly täsir ýetirmedi. Onuň ünsüni çeken dört ýolagça-da deň derejede degişli ortadaky stoljugyň üstünde duran iki jüp ak köwüşdi. Köwüşleriň gapdalynda birki sany ýary dişlenen alma, atyr çüýşe bardy. Bezenip-beslenmegi boldum eden gözeller, beýle senedi ýaş wagtlarynda-da ulanmadyk Nargül ýeňňä geň bolup görnen gaty uzyn saply dörtgyraň aýnada gezek-gezegine ýüzlerini synladylar, zülplerini tertipleşdirdiler, pudranyň agdygrak düşen ýerlerini timarladylar. Aýna, darak, gutujyklar elbukja, elbukja-da gara sumka girdi. Emma iki jüp ak köwüş welin öňki duran ýerinde galdy. Ýagmyr aga birden gyzlara ýüzlendi. — Bezendiňiz, beslendiňiz, gowy etdiňiz, keýijekler. Ýöne şeýdip bezenip bilýän halyňyza, nahar iýilýän stoluň üstünde aýak astynda durýan köwüş goýmaly däldigini bilmeýäniňiz-ä birhili bolýar. Ýa siz öýňüzde-de köwşüňizi saçagyň üstünde goýýaňyzmy? Gyzlaryň biri mylaýym ýylgyryp gepledi. — Aýdýanyň gaty dogry, daýy. Nahar iýilýän ýerde aýakgap goýulmaýar. — Onda näme?—diýip, beýle jogap alaýarynam öýtmedik ýaşuly çyny bilen gyzyklandy. Ýüzündäki ýaňky ýylgyryşy galyň çalnan pudranyň aňyrsynda gizlenen ýaly, gyzyň terzi üýtgedi, mylaýym sesiň ýerini hem gödek ses aldy. — Biz şu köwüşleri özüň ýaly medeniýetli hem akyldar adamyň gelip aýyrmagyna garaşyp otyrys. Düşündiňmi, daýy? Gep atyyşmak bolsa känbir ýan berýän adam däldi welin, beýle jogaba gözel gyzdan garaşmanmydy-nämemi, Ýagmyr aganyň dili tutuldy. Şonuň üçinem Nargül ýeňňe adamsyna derek geplemeli boldy. — Daýyň düşündi, keýgim. Daýzaňam düşündi. Elbetde, Nargül ýeňňe dili uzun gyzyň petewilisini hem berip biljekdi. Ýöne beýtse, öňküdenem beterine uçraýmagyny ýatlap, dodagyny dişlemek bilen oňdy. …Ýagmyr aga redaksiýanyň işi bilen demirýol menziliniň golaýyndaky bir kärhana tarap ýönelipdi. Uly köçäniň gapdalyndaky ýolçadan eli çemedanl-u, arkasy haltaly barýan adam kändi. Birdenem ýolçadakylar iki tarapa bölünmäge başladylar. Ýagmyr aga yzyna gaňryldy. Diňe pyýadalaryň ýöremeli ýolçasynda peýda bolan köneje “Žiguli” adamlaryň ýoluny daraldyp gelýärdi. Onuň gyssagly çagyrylýan lukmançylyk kömegine ýa-da ýangyn söndürýän edara degişli däldigi hemmä bellidi. Ýagmyr aga geň galdy. Bolsa-da ol maşynyň tigri ökjesini sydyrdaýmagyndan gorkup, gyra çekildi. Maşyn bary-ýogy on ädim ýaly öňe geçip, ýolçadanam sowulman saklandy. Maşyndan çykan kyrk ýaşlaryndaky geýnüwli syrdam adam iki-üç adimlikdäki gapa tarap ýöneldi. Jaýyň ýüzündäki edaradygyny aňladýan ýazga gözi düşen Ýagmyr aga: — Siz bilen salamlaşyp bolarmy, ýigit?—diýdi. Ýasama ýylgyran adam aýak çekdi. — Bolar. O näme üçin bolmaly dälmiş? — Siz bular ýaly ulag münýän bolsaňyz, edara başlygysyňyz. — Edara başlygydygy ýylgyrylyp hem baş atylyp aňladylandan soň Ýagmyr aga dowam etdi. — Men size bir sowal bilen ýüzlenmekçi. Maşyn ýöremeli köçe bilen şu gapyň arasy on ädimden kän däl. Ýolçadanam arkasy haltaly ýadaw adamlar geçip durlar… — Ýaşuly, özüň nä kär edýäň? — Eýýäm mana düşünen adam gürrüňdeşiniň jogabyndan soň kesgitli gepledi. — Onda şol žurnalistligiň bilenem boluber. Maşyna nirede münmelisi, düşmelisi soralanda aýdarsyň… Men seni tanamasamam, ilki gözüm düşende gowy adammykaň öýdüpdim… Köçä bakyp duran haýbatly gapy aňyrsyndan ýapylanda öz söýesine däl-de, Ýagmyr aganyň ýüzüne degen ýaly boldy. *** Wagt geçýär, durmuş özgerýär. Özgerýän durmuş bilen birlikde Ýagmyr aganyň ýaşaýan şäheri hem özgerýär — belentden-belent kaşaň binalar gurulýar, köçeler abatlanýar, uzak-uzak ýurtlardan getirilýän owadan-owadan agaçlar bilen ýol gyralary bezelýär. Emma Ýagmyr aganyň gelýän netijesine görä, ýurt, şäher özgerse-de, adamlaryň hüý-häsiýeti welin gaty haýal özgerýän ýaly. Ýaşuly islemese-de, onuň şol pikirini tassyklaýan durmuş wakalary, hälimi-şindi bolmasa-da, edil bilgeşleýinden diýen ýaly gabat hem gelip dur. Şol wakalaryň biri hut şu gün hem bolup geçdi. Şäheriň uly şaýolunda gatnaýan awtobus duralgasynda goýlan owadan skameýkanyň üstünde bir ýigit çommalyp otyrdy. Gowy geýnüwli, eli magnitofonly, gapdaly ýantelefonly oglan daşyndan talyp bolsa gerek diýip çak etdirýärdi. Duralgada şol ýaş ýigidiň kakasyndanam ýaşy uly bolmagy ahmal iki sany epeý adam hem özara gürleşip, awtobusa garaşýardy. Emma daşyndan medeniýetli bolup görünýän iki ýaşuly, ýaş ýigidiň skameýkanyň aýak goýmasyz ýerinde aýak goýup oturuşyny adaty bir waka hasaplaýan ýaly, oňa tarap göwnübir seredişip durdy. Iki sany uly adamynyň bir ýigidiň ýalňyşyny aýtman durşy Ýagmyr aga ýigidiň ters hereketindenem beter täsir etdi. Elleri diplomatly, özleriniň ýaş derejesindenem has bärki modada geýnen iki adamy ýokary okuw jaýynyň mugallymlary bolsa gerek diýip çaklan Ýagmyr aga adamlaryň özlerini alyp baryşlary hakda oýlandy: “Çözgüdi öz elimizden gelýän maýdaja kemçiliklerimizdenem dynjak bolmaýanymyzyň sebäbi nämekä? Näme üçin biz özümize uly bähbit getirjek kiçijik işi-de etmeýärkäk? Näme üçin biz gowy ýaşaýyşa derek gowy däl, ýöne arkaýyn ýaşaýyşy saýlaýarkak? Adamlar näme üçin beýlekäler?” Elbetde, žurnalistiň hyýaly sowalyna ilden öňürti jogap gaýtarmaly duralgadaky iki ýaşuly ol barada oýlanmaýan ýalydy. Şonuň üçinem Ýagmyr aga skameýkada çommalyp oturan ýigide özi ýüzlenmeli boldy. — Ýaş ýigit, şu päkize, täze oturgyç adamlaryň arassa eşikleri bilen oturmaklary üçin goýlan bolmaly. Emma sen onuň üstünde hapa köwşüň bilen çommalyp otyrsyň. Edýän hereketiňe özüň nähli baha berýärsiň? Ýa sen ony dogry hasaplaýaňmy? Ýaş ýigit bir ýaşulynyň sowaly üçin iki ýaşulynyňam ol sowala näme jogap gaýtaryljakdygyna gyzyklanma bilen garaşyp durandyklary üçinem skameýkadan düşjek bolmady. Ol ýetip gelýän awtobusa tarap elini salgady-da, özüne söz gatana ýüzlendi: — Awtobusyň geldi, gidiber, ýaşuly! Ýagmyr aga ýaş ýigidiň aýdyşy ýaly etmeli boldy. Ol iki ýaşulynyň yzy bilen awtobusa mündi. Awtobus ugrap-ugramanka, şol iki ýaşulynyň biri Ýagmyr aganyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. — Sakgaldaş, ýaňky ýigidiň bolup oturyşyna-ha siz mertlerçe dogry baha berdiňiz. Ýgmyr aga olara hem hakykaty aýtman durup bilmedi. — Sizem ol mert bahany eşidip, edepli ýaşuly kökmünde, mertlerçe dymmagy başardyňyz. Sag boluň! Iki ýoldaşdan jogap bolmady. Belki olar ýaňsylamanyň manysyna dogry düşünendirler. * * * Kän mahal bäri teatra-da gidilmansoň, adamsynyň uly konserte bilet alyp gelmegine Nargül ýeňňe gaty begendi. Kaşaň köşkde diýseň gyzykly aýdym-saz ýaňlandy. Tomaşaçylaryň keýpi sazyň owazyndanam ýokary galdy. Aýdymçylara, sazandalara gujak-gujak gül gowşuryldy. Nargül ýeňňe-de bu agşamdanam, adamsyndanam hoşal boldy. Konsertden çykylanda daşişikde teatryň direktory duran eken. Ol Ýagmyr aga bilenem, Nargül ýeňňe bilenem gadyrly salamlaşyp, keýpiniň çagdygyny daş çykardy. — Köp wagt bäri beýle şowhunly konsert bolmandy. — Konsert-ä gowy boldy welin – diýip Ýagmyr aga-da öz pikirini gizlejek bolmady. — Medeniýetli adamlar barýan teatrlarda artist aýdym aýdyp duran mahaly, tomaşaçylar sahna çozup gül gowşurylmaýar. Ol ýagdaý aýdym diňlemäge, sahna bezegini synlamaga päsgel berýär. Aýdym gutarmanka zaldan sahna çykmak edepsizlik hasap edilýär. Siz şony biziň tomaşaçylarymyza öwretmeli… Ýap-ýaňy-da ýüzi gülüp duran direktoryň ähli keýpi gaçdy. Ol ýanyndakylar bilen oňly hoşlaşman teatryň gapysyna tarap ýöneldi. Nargül ýeňňäniň ýüzünde bir ýylgyryş emele geldi. Ol ýylgyryşyň aňyrsynda: ”Näme üçin adamlar peýdany zelel hasap edýäkäler?” diýen sowal bardy. Nargül ýeňňe Ýagmyr aga ilki sataşanda dörän şol sowalyna ömri boýy-da jogap tapman gelýär. Atajan TAGAN | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |