07:56 Hakyň hikmeti / hekaýa | |
HAKYŇ HIKMETI
Hekaýalar
Şäher köçesini syryp barýaryn, garnym aç, ýadaw. Bir gel diýip gapysyny açan dostum, güler ýüz beren byradarym bar bolsa, dulundan ýer berse, it ýaly süýnsem. Ertire çenli galman ýatsamdym. Iýip-içmegem gerek däl. Ýatsam bolýa, çünki gaty ýadadym. Aýdyp düşündirer ýaly däl. Ýok, hiç barjak dostum-ýarym ýok, gynansamam. Gynanmasamam öýe gitmeli. Biziň gyşlak daşda. Daglaryň eteginde. Gatnaýan ulag, atly, düýeli hem ýok, negada bir bolaýmasa. Uly ýola çykmaly ilki pyýadalap. Onsoň setanda-seýranda gala tarapdan bir arabaly görünse bagtyň getirdigi. Onsoň ýadaman, ýorulman oba aşaýmagyň ahmal. Şäher köçelerinde dilegçi köpelipdir şu günler. Kileň ýaş çagaly aýallar. Horaşaja geýnen. Çagalarynyň egin-eşijiklerem ýuwkaja. Näme çyndanam eşikleri ýokmuka, ýa bi zandyýamanlar adamlaryň ýüregi awasyn diýip çagalaryna ýuwka geýindirýärlermikä? Şeýdýän bolsalar-a bylary Hudaý urar. Men kisäm kör-köpüksiz, garnymam ap-aç, özümem nalaç, nirä barýanymam bilemok. Bar pikirim näme üçin beýle, ýene bir oýlanýan zadym, Kadyr Alla meniň halymdan habardar dälmikä? Estagfiralla! Estagfiralla, nämeler diýýän men, küfür oýlanmaýyn ahyry. Inha, bu dilegçi biçäreler hem Hakyň bize ylahy alamaty. Bilgenlere sapak, ybrat dälmi? Biziň halymyz bularyňkydanam beter bolup bilerdi läkin? Bada-bat göz öňüme düşege baglanyp ýatan goňşym Hemze geldi. Medresä biraz bilede gatnapdylk. On dört- on bäş ýaşynda ysmaza uçrady neresse. Özümi onuň ýerine goýmaga hem gorkýaryn. Eý-ho-o, Alla jan her demiňe bihasap şükür. Kerwensaraýyň ygynda ýaş çagaly dilegçi maňa ymsynyp garaýar. Elimi kisäme sokýan, iki sany teňňe bolanda, oklap geçerdim diýýän. Wah arman... *** Bermän näme?! Berdim. Gynanmazdym. Etegine oklap goýbererdim. Ýa-da çagajygynyň goljagazyna tutdurardym. “Al balam” diýip. Tä şäheriň gyrasyna çykýançam öz göwnümi hoşladym. Eger pulum bolsady, bererdim şol dilegçi gelne. Ýöne içigar galan, öýe gaýtmaga ýolpulumam ýog-a. Gumak ýol bilen arkama garaman barýan. Arkamda diňe meniň eşek ýaly işleýän şäherim ýatyr. Howwa, soňky wagt dilegçileri köpelýän köne şäher. Birhili pully günlerimiz-ä azalýar, dilegçilerem artyp barýar. Duýdansyz arkamdan çykan güňleç ses, içimdäki gum-guklugy has takygy tukatlygy dyr-pytratdy. Öňüme geçip saklanan şakyrdowuk arbada obadaşym Nyzam otyr, boýnuny sozup: -Yzyňa dagy garaýmaly arasynda – diýip, teýeneli söz atýar. *** Hemişe yzyňa garap ýörseň bir gün büdremegiň mümkin. Hiç bolmanda bir gözüň alnyňda bolmaly. Men geçen güne salawat diýýän. Bir gün geçdi,onsoň ýene gün ýene geçer, ahyr gazanjymy alaryn. Mana şu gün, Huda halasa bir aýlyk gazanç hakym goluma degýär. Şu gün Alla şükür hak-heşdegimi aldym. Pulumy lükgeligine aldymam bergileri berip çykdym. Dükanlaryň Hesap depderinde adymyz birinji sahypada, ýokardan birinji. Oglanlar bilen özara degşip hesap depderine hökgi diýýäs. Näme söwda etsek, hökgä ýaz diýýäs-de çykyp ötägidýäs. Köne şäherde bizi tanamaýan ýok, bergimizi wagtynda berip ýörenimizdenmi hiç bir dükkan eýesi, karzyna zat bermejek bolup duranok. Bizem onsoň hökgä ýazdyryp aýlanyp ýörşümiz. Elgaraz aýlygy-günlügi aldym, ýöne almadyk ýaly, ähli bergi-borçlary berip çykdyk, çagalara çaý-süýji, et-ýag, tüwi aldyk, görsem galan zat ujypsyz. Hä ýadyma düşdi. Şähere durmuşa çykan gyz jigim Medinehan biraz karz sorapdy. Öýlerine sowlup soran puluny gowşurdym. Giýewim derýa ýakasyndaky obalara günlükçilige giden ekeni. Ýaňy dil çykaran ýegenjigimi gujagyma alyp, ony bökdürip oýnatdym. Dünýäm giňäýdi. Soň gyz jigim bilen sagbollaşyp ýola çykdym. Elimi jübime sokýan welin göni iki teňňe galypdyr. Görsene garşymda hem iki sany dilegçi. Bular menden has mätäç. Taňry bulary menden beter gysypdyr. Şu mahal şu iki teňňämi bu iki bäçärýe sadaka etsem, anyk bilýän Ýaradan Allanyň maňa meniň şol iki teňňämi ýigrimi edip yzyna getirjekdir. Men dilegçilere tarap ýöneldim. *** - Men haýsy tarapa barýanymam çaşyrdym. Ýadawlykdan ýaňa gaharym gelýär. Gahar-kapyr. Çyn söz, Hak söz. Galan ikije teňňämi şol iki sany ýeksurun dilegçä bermek nirden kelläňe geldi diýsene. Bolduň meň başyna ynsanperwer biri, yhsan edýän ynsan bol-a. Ine, indi pyýadalap tozaber obaňa. Alla ýaryň baryber. Bu sözler biygtyýar içimden syzylyp öz kellämde köwsarlaýardy. Aý, sen bu jomartsyraýşyň bilen Hatam Taý bolarsyň, paýgamber sahabasy Saad ibn Wakgas düýşüňe girip, ak patyýa berer. Içiňi-bagryňy kesip barýan awuly kinýa. Baý-baý, meň dilimiň duzlujadygyny. Özüme gezek gelse iki paý berilen ýaly. Baý, özümi kötekleýän-ä. Işlemeýän kelle iki aýaga dynç bermez. Heý sen-n, sen juheläýi jahylyn sahyby bolmasaň ahyr, gazanjyň özüňden artmaýan halyna sadaka bermek parz boldumy indi saňa. Ýa sen, takwasyrap başyna giden bejeriksiz biri bolmasaň, iki sany kör teňňäňi sadaka eden bolup, Allahu tealadan ýigrimi teňňäni tamakin bolarmydyň?! Haý gutaran sapyk diýse! Pyýadalap gidip, ýaşaýan gyşlagyma ýetip bilmejegim belli. Şäherde nirä kelle sokmaly. Ýa ýene gyz jigimiňkä aýlanyp baraýsammykam. Ýaňyja karz pul berip, indem myhmançylyga barmak, birhili gelşiksiz däl-maý. Aý ýok, gaty bişekil bolar by. Onsoňam oba gaýtdym diýip, ýene aýlanyp barsam hasam birhili. He-eý iki jan awarasy diýerler maňa. *** Bu şäheriň daş düşelen dar köçeleri, asmana garap oturan minaralary, şähristandan sähel uzakdaky juma metjidi, bary hemişeki aýlanýan ýerlerim. Ýöne bu şäheri Gün ýaşyp barýarka hiç synlamandym. Agşam şapagyna gyrmyzy öwsüp başlan asmanyň gyrak-bujagyndan düşýän gytak şöhle tutuş galanyň diwarlaryna düşüp, ony birenaýy keşbe getirýär. Din Harazminiň ulug paýtagty Hywaýy agzamny peýşin wagty synlasaň, kalbyňa bir ylahy gussa inýän eken. Men şuny şu gün aňladym. Ahyr maňlaýymny urmaga ýer tapdym. Ynha, şu köçäniň tamamlanýan ýeri derwüş hanaka. Dünýe döräp bu derwüş hanakasy hem bar ýaly. Köne derwüşhanaka. Hakyň dostlarynyň meýlis edýän mesgeni. Kim gelse-de, bu ýerde bir bölek jypdanyň üstünden ýer görkezilip, bir okara jöwen kürtük öňüne goýulýar. Soňam diwanalaryň, derwüşleriň daňa çenli dowam edýän söhbetleri. O hudawy söhbetleri diňläp otyrkaň göňüňe uky gelermi?! Ertir ýene işhanama barmalydyr, işiň başynda durmalydyr. Emma bu takwa derwüşleriň edýän söhbetleriniň özi bir dünýä. Derwüşhanaka giräýen ýerimde bu ýeriň hadymy moýsepit goja Mäşerip eke sataşdy. Gadyrly salamlaşyp, hal-ahwal soraşdyk. Haýsy gyşlakdandygymy bilenden soň: - Häk-eý, irräk gelen bolanyňyzda belki obaňyza gidip hem bilerdiňiz. – diýdi. – Siz tamandan Matýakup eke häli ikindi namazdan aldyn ýola düşüpdi, namazy hem nesip etse ýolda okaryn diýipdi. Belki irräk geleniňizde oňa ýoldaş bolardyňyz. Özüni biraz galaty duýýardy, ugurdaş tapylsa, ýeke teňňesem gerek däl, ýanymda gitse bolýar diýip duranyny eşitdim. Içimden menem wah-eý, diýip gynandym. Mätýakup juwazçyny gowy tanaýan-a men, olam meni tanaýan bolmaly. Näçe gezek juwazynda künji çekdirip gaýdypdym. Özleri bir Hudadan gorkuly, bendeden utançly, salyh kişi. Ýetişen bolanymda bileje giderdik oba. *** Gije derwüşler döwre gurap söhbet etdiler. Kämahal olaryň özara gürrüňleri jedele ýazýardy. Şol wagt hiç zada düşünip bilmän başym çaşýar. Derwüşhanakanyň bir burçunda gyşaryp ýatyşyma, eleşan eşikli, emma gelşikli ýüzüni sakgal basan bir ýaş derwüşiň “Hiç şübhe etmäňler, Alla ýüzüňdenem ýakyndyr” diýen sözlerini eşidip, ziňkildäp ukudan açylanymy duýman galypdyryn. Soň uzak gije ýatyp bilmedim. Şeýle ynanç bilen Iki dilegçä eçilen jüp teňňäm hakda alasarmyk gorkudan howpurgap, oturşyma Hudaýjandan dünýe malyny tamakin bolşumam ýatlap çyn dilden toba etdim. Ýa-da toba etdimmikäm diýip özümi aldadym. Bilemok. Herhal dünýäniň gözüňi baglaýan matasyny sypyryp, magrur nebsime bir temmi bersem gowy bolardy diýip, derwüş hanakasynda uklap galypdyryn. Bamdad namazyndan soň assa-ýuwaş iş hanama tarap ugradym. Gije şöwür çekilenden soň uky alyp gaçýar, henizem daň çigregi ukudan biraz daşlaşdyrýr. Işe ýakynlaşyp gelýän. Öňümden han hezretleriniň serbazlary at gorduryp geçip gitdiler. Daş düşelen köçäniň edil gyrajygynda gurlan terseýwanda ýüzi çadyraly iki hatyn özara gepleşip durlar: - Geçen gije galadan bir menzil uzakda Mätýakup juwazçy diýgen bir kişileri galtamanlar öldürip, mal-pullaryny talap gidipdirler. Hudanyň özi asrasyn her ki musulmanny. Olaryň gürrüňini tötänden eşidip birden çuň oýa batdym, ýol ugrunda durup galypdyryn. Naýzalarynyň ujy Güne lowurdap göz gamşdyrýan serbazlar gala derwezesinden çykyp barýardylar. *** Meslekhanama gelibem elim işe barmady. Birtüýsli ruhumy gussa apardy, köňlüm bilen aryp çökü-üp otyryn. Kellämde kelep kimin çolaşan-bulaşan küýlerimem üstesine. Alla dostlarynyň jem bolýan jaýyndan – derwüş hanakadan gyssanmaç çykyp giden Mätýakup eke myradyna gowuşdymyka, ýa-da iki teňňesini diwana sadaka edip, Alladan dünýe malyny tamakin bolýan Salymjan sadakasynyň öwezini derwüş hanakada Hakyň hikmetinden paý edip aldymyka diýip öz-özüme sowal berdim. Sylapberdi MUHAMOW, 15.11.2023 ý. Daşoguz, Garagaç. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||