05:28 Halypa hatyrasy | |
ÖMÜR PURSATLARY
Edebi makalalar
■ HALYPA HATYRASY Biziň gürrüňiniz filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr we terjimeçi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Ahmet Mämmedow hakda bolar. Türkmen okyjylary ony gowy tanaýarlar we onuň döredijiligine uly sarpa goýýarlar. Biziň şu ýazgymyza sebäp hem şol söýgi. Okyjylar onuň döredijiligi bilen içgin tanyş bolsalar-da, onuň şahsy durmuşyna beletligi az. Şonuň üçinem biz onuň durmuş ýoly hakda okyjylara azda-kände gürrüň bermegi makul bildik. Ýeri gelende, şahyr we alymyň şu ýyl 70 ýaşaýandygyny aýtsak, bu okyjylar üçin gyzyklanma döreder diýen umydymyz bar. Ahmet agaly gürrüňe geçmezden owal, ilki bilen onuň kakasy hakynda kelam agyz. Mämmet Gadam ady bilen tanalan ol adam öz döwrüniň çarkandakly ýoluny geçipdir. Has takygy, Mämmet aga bütin ömrüne dürli kärlerde işläpdir, kitaphanaçy bolupdyr, etrap çig-mal taýýarlaýjy kontorasynda hem-de ýerli hökümet-döwlet edaralarynda işläpdir. Daşkentde ýörite açylan dolandyryş-okuw kurslarynda okapdyr. Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky ýyllarda suw hojalyk komissarlygynyň gazy-haşar işleri bölümine ýolbaşçylyk edipdir. Şol wagtlarda Tejen derýasynyň suwuny ekerançylyga ýaramly uzagara tarp ýerleri bejermek bilen bagly işler ýaýbaňlandyrylypdyr. Şu maksat bilen gadymy Tejeniň demirgazygynda bir ýap gazylypdyr. Ol ýap, elbetde, dürli sebäplere görä, soň-soňlar ulanyşdan galypdyr. Şeýle-de bolsa, ol ýap ugur ýerli ilatyň içinde häzire çenli Gadam ýaran diýlip atlandyrylýar. Akdepe etrabynyň Garahoja obasynda Gadam ýer diýen ýeriň bardygyny hem aýtmak gerek. Ol ýeri Mämmet aga birmahallar tehniki ekinler üçin ýörite açdyrypdyr. Akdepe etrabynda kolhoz başlygy, Köneürgençde maliýe bölüminiň ýerlerdäki salgyt ýygnaýjysy, kolhozda brigadir ýaly işleri ýerine ýetiripdir. Uly nesliň wekilleri ony Mämmet Gadam ady bilen şahyr hökmünde tanaýarlar. Ýöne welin ol ýazan goşgularyny çykartmagyň aladasyny etmändir. Şahyr hökmünde onuň goşgulary, pensiýa çykandan soň, ýagny geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryndan başlap metbugat sahypalarynda görnüp başlady. Bu meselede oňa degerli hemaýat eden türkmeniň uly şahyry Kerim Gurbannepesow bolupdy. Ol «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň redaktory bolup işleýärkä gojanyň goşgularyndan nusgalary filologiýa ylymlarynyň doktory, belli edebiýatçy Durdymuhammet Nuralyýewiň ol hakdaky makalasy bilen bilelikde çap edip, okyjylara ýetiripdi. Şu ýerde Mämmet Gadamyň bir goşgusyny dolulygy bilen okyjylara ýetiresimiz geldi: Eý, ýaranlar, size bir söz sözläýin, Günüň güneşidir nuruň ýagşysy. Gyş ýagýan garlara biz mydam kaýyl, Ýöne nowruz gary garyň ýagşysy. Ham adamlar-ýoldaş bolup ham bilen, Zähmet çekmän bezenmekçi şan bilen, Her elinde gazan kimin jam bilen, Düýşde-de nep gözlär piriň ýagşysy. Gargalar-da balasyny gaz eýlär, Samsyk adam ýas ýerinde saz eýlär, Gepe düşmez zenan ömrün uz eýlär, Kalbyňda gam goýmaz ýazyň ýagşysy. Dostdan göwnüň geçer ömrüň zeň etse, Ne gülkünç zat it pil bilen jeň etse, Ylhamlandyr dutar tary heň etse, Ýar saçynyň tary taryň ýagşysy. Wasp eder Watany çalyp depregin, Söýer gül-gunçasyn, näzik ýapragyn, Tä ölýänçä tagam beren topragyň, Saklar sarpasyny äriň ýagşysy. Şeýle maňzyňa batýan goşgular Mämmet agada bir ýa iki däl. Ahmet Mämmedowyň özüniň aýtmagyna görä, kakasy oňa Magtymgulyny, aýratynam Keminäni, Göroglyny, halk dessanlaryny okap, şolardan öwrenmegi elmydama ýatladyp durupdyr. Ol «Çeper sözüň nusgasy şolardyr» diýýän eken. Ahmet Mämmedowyň ýatlamalaryndan: – Men urşuň iň bir gazaply gidýän döwründe doglupdyryn. Soňra bu etrabyň şol wagtlar atlandyrylyşyna görä aýtsam Garahoja obasynda oturypdyrys. 7 ýaşa çenli gören-eşidenlerim ýadyma düşenok. Ýöne 1948-nji ýylda dädemi Köneürgenç etrabynyň bir kolhozyna başlygyň orunbasary we kolhozyň ilkinji partiýa guramasynyň sekretarlygyna belläpdirler. Biz garyp ýaşaýan ekenik. Uruş zerarly türkmen öýlerine mahsus goş-golamlarymyzdanam zat galmadyk bolmaga çemeli. Iki otagly ýegşerip oturanja palçyk kepbämiz ýadyma düşýär. Ullakan bir sandygymyz bardy. Ony kepbede goýup gitdik-de, galan zatlarymyzyň hemmesini 2 sany eşege ýükläp, 1948-nji ýylyň tomsunda Köneürgenje göçüp geldik. Meni-de şol eşekleriň biriniň ýüküniň üstünde oturtdylar. Galanlarymyz – dädem, ejem, iki agam we iki gyz doganlarym pyýadadylar. Şeýdip, biz Köneürgenjiň «Komintern» diýen kolhozyna bardyk. Şol ýerde hem men 1-nji klasa okuwa bardym. Ýöne dädemi başga bir kolhoza – etrabyň günbatar çeträginde ýerleşýän «Iskra» kolhozyna başga işe geçirdiler. Şol kolhozyň «Gyzyl güýç» obasy meniň çagalygymyň esasan geçen ýerleri. Obada 14-nji mekdep (7 ýyllyk) bardy. Şonda okadym. 2-3 ýyldan soň dädem ähli işden boşady. Kolhozçy boldy we biz obadan takmynan 3 kilometr daşlykda ýurt tutundyk. Her ýerde-her ýerde bir hojalyk ýaşaýardy. Okuwlar irden bolansoň biz säher bilen eşekli ýola çykardyk. Az salymdan eşekli okuwçylar uzyn kerwen ýaly sozugyp gidibererdi. 4-nji klasda okaýardym öýdýän. Bir gün agşamara uklap galypdyryn. Tursam, gyp-gyzyl şapak. Günem çalaja görnüp dur. Men düýnki ýatanymdan oýanandyryn öýdüpdirin. Günüň batyp barýan şapagyny bolsa Günüň dogup gelýän şapagy hasaplap, bukjamy egnime atyp, elimi-ýüzümi hem ýuwman, mekdebe ugrapdyryn. Ylgap ýaly barýan. Öýden daşlaşdygymça howa ýagtylman, gaýtam garaňkyraýar. Onsoň, halys garaňky gatlyşyberensoň, ejem dagyň Gün batyp barýar diýip aýdanlaryna ynanyp, yzyma dolandym. Biziň golaý goňşularymyz gazak hem garagalpakdylar. Garagalpak Nurjan bilen her hilije oýunlar oýnardyk. Gazak gyzjagazy Akbilek bilen ownuk mallarymyzy bile (dynç alyş günleri) bakardyk. Onuň 10-12 sany geçisi, meniň bolsa 7-8 sany goýnum bardy. Olar meniň şol dilleri az-kem bilmegime kömek etdi diýip düşünýärin. 1956-njy ýylda dädem ýene Akdepä göçdi. Jaýlary ýykyp, agaçlaryna çenli maşyna ýüklediler. 2 eşekli göçüp gelen bolsak, indi iki ýük maşyn bilen göçüp barýardylar. Martyň aýaklarydy. Men 7-njini gutarmalydym. Okuwyň gutararyna 3 aý köpräk wagt bardy. Meni her näçe alyp gitjek-de bolsalar hem, men okuwy gutarman gitjek däl diýip ýer depdim durdum. Dädem urubam bolsa, alyp gider öýdüp, jaýlary ýykyp ugranlarynda hiç kime bildirmän Akbileklerde gizlendim. Garaz, olar meni tapman, «Aý, bolýa, galsa galar-da» diýip, birje kiçijik otagyň üstüni açman galdyryp gidipdirler. Maňa 1 kündük, 4-5 kg. wermişel (täze çykyp ýören wagtlary), 2 çüýşe çigit ýagy, 3-4 guty gök çaý, bir düşek we 1 ýassyk, 1 keçe goýupdyrlar. Şeýdip 10-15 gün ýeke özüm harabalykdaky otagda ýaşap, gatnap okadym. «Gyzyl güýçde» (men o ýerleriň şindiki atlaryny bilemok. Ýöne olar häzir Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna degişli). Begjan däli diýen biri bardy. Sylanýan, gurply maşgalady, ol bir wagtlar «Gyzyl güýje» başlyk bolupdyr. Aýaly Owadan bolsa oba sowetiniň sekretary bolupdyr. Okuwa gelýärkämem, okuwdan gaýdamda-da ýa şolaryň öýüniň öňünden, ýa arka mellekleriniň çil arasyndan ýörärdim. Bir gün okuwdan soň olaryň mellek ýeriniň çilini-salman boýuny syryp barýardym welin, «Haý seniň bir...» diýip käýinýän ses geldi. Görsem Begjan däli ýorunja orup oturan eken. Säginenimi görüp, ör turdy. – Näme, siz göçüp gitmediňizmi? Nädip ýörsüň? – Men okuw gutarýança diýip galdym, Begjan aga. – Nirede bolýaň? – Şo öňki jaýymyzda. – Ýeke özüňmi? Gorkman ýaşaýşyňy seniň! Ol birden ogluna gygyrdy. – Myrat (Myrat biziň bedenterbiýe mugallymymyzdy), bar eşege mün-de, ynha, şu Gadam (ol dädeme Gadam diýýärdi, şoňa laýyklap, maňa-da Gadam diýdi öýdýän) bilen git-de, ýaşaýan ýerini görüp gaýt. Eger ýaman bolsa, paty-putusyny eşegiňe ýükläp, alyp gaýt. Bu ýerde, bizde ýaşar – diýdi. Soňam ikimize käýinip, ýene ýorunja işine başlady. Myrat meni göçürip alyp gaýtdy. Şeýdip, men galan aýlary Begjan agalarda ýaşap geçirdim. Begjan aganyň akjymak daýaw (at ýaly) eşegi bardy. Şol döwürde 3-4 kilometr uzaklykdaky 2-nji MTS diýen ýerden mekdebiň gazet-žurnalyny Myrat hepdede bir gezek gidip getirýärdi. Azajyk öwrenişemsoň, «Gazetiňi men getiräýsem...» diýdim. Garaz, getirýän boldum. Gazet-žurnaly gowy görýänim üçin indi hepdede iki gezek gidýärdim. Akjymak eşek eşek dagy däldi. Boýunbagyny çala silteseň, silteýşiňden nähili ýöremelidigini bilýärdi. Özem, göwnüme bolmasa, düşbüräkdi hem. Bir gezek, gazet-žurnaly alyp gelýärkäm, ýolda bir gazet okajak bolup haltamdaky gazetleri dörjeläp ugradym. Neneň-niçik öňürdekläp barýan eşekden ýykylaýsam nätjek? Gazet-pazetleriň üstüne düşüpdirin. Hiç zat bolmady. Oňa çenli eşek 20-30 ädim öňe gidipdir. Üstünde meniň ýokdugymy bildimi-nämemi, ol birden durdy-da, yzyna seretdi. Soňam ýoluň gyrasyndaky ot-çöpe güýmendi. Barýançam maňa garaşdy öýdýän. Ýene münüp ugradym. 7-nji klasy gutaranlaryň birine tapawutlanan attestat berilmeli edilipdi. Hemmeler ony sen alarsyň diýýärdiler. Emma ol maňa däl-de, Tirkeş Ýazgylyjow diýen ýoldaşyma nesip etdi. Men matematikadan, geometriýadan gowy bilemokdym. Ol bolsa edebiýat, taryh, jemgyýeti öwreniş, türkmen dili ýaly derslerden gowy bilenokdy. Men Tirkeşi soň Köneürgençden (golaýda) Akdepä gaýdyp gelýärkäm gördüm. Ol meni görüp, gaty begendi hem: – Ahmet, şol tapawutlanan attestata sen mynasypdyň. Neneň-niçik maňa beräýipdirler. Meniň özümiň mundan habarymam ýok – diýdi: – Öýkelemäweri. Şol obada meniň üçin iň tanymal adam Begjan aga, onuň aýaly Owadan eje hem-de ogullarydy, edebiýatdan okadan mugallym Tomman. Soň men Akdepäniň 1-nji mekdebinde internatda bolup okadym. Men edebiýatçy Ogultäç Jumaýewa, matematik Batyr Mätýakubow, geograf Sätguly Galandarow, taryhçy Kyldanow, fizik Ýagşy Allamyradow ýaly kärine ökde mugallymlardan sapak aldym. Akdepede tanymal adamlar köp. Orazgeldi Ärsaryýew, Meretgeldi Gadamow, Toýly Çörliýew, Somak Annaýew, Gurban (hemmesi kolhoz başlyklary bolan). Bagşylar – Bally Mätgeldiýew, Ejegül Annamyradowa, Setdar Rahman (köp ýyl mekdep direktory bolan) we başgalar. 1960-njy ýylda, iýun aýynyň aýagynda Aşgabada okuwa gaýtdym. 10 adamlyk iki parallel ganat samolýotda 3,5-4 sagatda geläýdik öýdýän (AN-2-mi şol?). Gelip, başda bir rus aýalynyňkyda kwartirant bolup ýaşadyk. Ýanymda bary-ýogy 40 manadym bardy. Şonuň bilen tas 2 aý oňşuk etdim. Gündizkiden dilden 4, edebiýatdan 5 aldym. Rus dilinden ýykylyp, soň Aşgabatda gurluşyk dolandyrmalaryň birine işe girdim. Gurluşyk ýatakhanasynda ýaşadyk. Gijeki bölüme (TDU) dokument tabşyrdyk we kabul edildik. Men goşgularym çykan ähli ýerli gazetleri goltugyma gysyp, rektoryň (P.Azymow) ýanyna bardym. Şahyrdygymy aýtdym. Meniň goşgy ýazýanlygyma Ruhy Alyýew hem Halyl Kulyýew güwälik berdiler. Şolaryň güwäligi bilen, P.Azymow meni gündizki bölüme geçirdi. Uniwersitete başda orta mekdeplerde internatda bolup, bile okan ýoldaşym Gurbanmyrat Orazow bilen bile gelipdim. Olam edil meniň ýaly gündizkä girip bilmän, gurluşykda işläp, gijekä girdi we soňra 4-5 aýdan soň, meniň usulyma görä, gündizki bölüme geçdi. Gurbanmyrat bilen uniwersiteti gutaranymyzdan soň, Krasnowodskide (häzirki Türkmenbaşy şäherinde) hem bile işledik. Soňra ol Aşgabada gelip, «Mugallymlar gazetinde» edebi işgär, mekdep bölüminiň müdiri, ondan soň «Sowet Türkmenistany» gazetinde bir bölüme ýolbaşçylyk etdi. Soňra «Tokmak» žurnalynyň redaktorynyň orunbasary, birneme soňrak hem Türkmenistanyň Mejlisinde terjime bölüminde zähmet çekdi. Onuň haty örän owadandy. Bir iş tabşyrsaň, şol iş bir günde bitirip bolýan iş hem bolsa, ol ony 10-12 güne ýetirerdi. Birneme ýaltarakdy-da. Emma ýazan zadynyň kemini goýanokdy. Uniwersitetde meniň dostlaşanlarymyň biri Giçgeldi Aşyrowdy. 60-njy ýyllarda uniwersitetiň uly bir korpusy 2-nji park diýilýäne golaý ýerde ýerleşýärdi. Dokumentlerimizi tabşyranymyzdan soň, bize şol korpusyň sport zalyny ýatakhana hökmünde berdiler. Krowat zat ýok. Ýerde düşek ýazyp ýatyrys. Edil gapdalymda G.Aşyrow. Men ýatamda-da ol okap oturardy. Sagat gije 12-i bolanda hem. Men irden sagat 7-de oýansam, ýene onuň okap oturanyny görerdim. Onuň haçan ýatyp, haçan turýanyny, dogrusy, görüp-anyklap bilmedim. Gepiň gysgasy, ol «Türkmen diliniň grammatikasy» we «Fonetika dil biliminiň bölümi» diýen kitaplary suw içen ýaly ýatlapdy. Oturma-otur, nokatma-nokat, setirme-setir, başdan aýagyna çenli ýatdan bilýärdi. Giçgeldi bilen talyplaryň umumyýatakhanasynda dört ýyllap bile bir otagda ýaşadym. Şonda hem ol öňki endigine görä, hemmämizden giç ýatyp, ir turýardy. Nobatçy bolup, nahar bişirmegi, çaý gaýnatmagy, dükana gidip gelmegi, otagy syryp-süpürmegi gaty kyn görerdi. Ýöne alajy ýokdy. Giçgeldi çagalar üçin goşgular ýazýardy. Onuň ulular üçin ýazan goşgularam az däl. Onuň «Şadyýan çeşme», «Gazojagyň aýdymy», «Pirra ýurdunda», «Mährem ýürek» diýen kitalaryny okyjylar gowy garşylapdy. Giçgeldi obasynda – Darganatada mugallymçylyk etdi, raýonyň «Bilim» jemgyýetinde, raýonoda işledi. Soň pedinstitutda mugallym boldy. Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginden dissertasiýa ýazyp, filologiýa ylymlarynyň kandidaty derejäni aldy. Ol 2002-nji ýylda 60 ýaşynda aradan çykdy. Men soňra ýurdumyzda tanalan, ýa-da umuman zehinli ýaşlar – şahyr hem alym Begmyrat Ussaýew, žurnalist-ýazyjy, telewideniýe işgäri Amangeldi Şyhyýew, TYA-nyň habarçy agzasy, ylymlaryň doktory Aşyr Orazow dagylar bilen bile okadym. Ýene biri – Öre Taganow oňat ýadymda galypdyr. Gulagy agyrrakdy, agzyndan ýekeje-de hapa söz çykmazdy. O döwürde student bolsaň ýeter-ýetmezligem bolaýýardy. Jübimde kör köpük galmadyk günleriň birinde men onuň bilen pete-pet geläýdim. Men «Nireden gelýäň?» diýip sorasam: «Pulum bar!» diýip jogap berdi. Görüp otursam, oňa yzyndan pul gelen eken-de, poçtadan şony alyp gelýän eken. «Nämäň bar!» diýip sorandyryn öýdüpdir. Men onuň yzyndan puluň gelenini öz ýoldaşlaryndan eşidendir diýip oýlap, ýalan sözläp bilmändir. Men «Köpmi!» diýip, gatyrak seslenip aýtdym. – Köp – diýdi. – Aýt, näçe gerek? – Sende köp bolsa bolýar, maňa azrak berseň besdir – diýdim. – Onsoňam, bir ýere gidip naharlanaly. Şonda ol maňa 10 manat berdi we bile nahar edindik. Öre Tagan – şeýle ýigitdi. Dostanasy. Bizi akademikler P.Azymow, A.A.Gurbanow, professor Mäti Kösäýew, ylymlaryň kandidatlary H.Kulyýew, N.Gullaýew, K.Ataýew, G.Mülliýew, H.Taňrygulyýew, ylymlaryň doktory G.Saryýew, TYA-nyň habarçy-agzasy M.N.Hydyrow, professor Ö.Abdyllaýew ýaly öz döwrüniň mertebeli, gadyry bilinýän, ökde mugallymlar okatdylar. A. Ybraýymow, Gurban Sopyýew, Hojaberdi Hanow, Miýan Atajanow kimin ussat dilçiler okatdylar. Men bulary häli-häzirlerem uly hormat bilen ýatlaýaryn. Olar hakda 1985-nji ýylda bir ýatlama goşgy hem ýazypdym... A.Mämmedowyň ilkinji goşgusy Köneürgenjiň «Biziň Watanymyz» atly ýerli gazetinde (1957 ý.) baryp-ha 7-nji klasda okap ýörkä çap bolupdyr. 1958-nji ýyldan başlap onuň goşgulary «Mydam taýýar» gazetinde, «Pioner» žurnalynda çap edilýär. 1960-njy ýylda uniwersitetiň filologiýa fakultetine okuwa girenden soň, onuň dürli temadan ýazan goşgularynyň sany barha gürelýär. Olar metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan çap edilýärdi. Uniwersitetde okan ýyllary ol diňe bir şygyrda däl, täze kitaplara synlar, edebiýata dahylly makalalar ýazmaga hem türgenleşýärdi. Bu ýokary okuw jaýyny tamamlandan soň, ol Türkmenbaşy şäherine (ozalky Krasnowodsk) mugallym bolup işe gidýär. Şäheriň 2-nji türkmen we 4-nji rus mekdeplerinde okuwçylary türkmen dilinden, ene dili we edebiýatdan, taryhdan we geografiýadan okadýar. 1968-nji ýylda Aşgabat Telestudiýasynyň çagyrmagy boýunça bu ýerde işe başlaýar. Telestudiýada ol ses operatory, şol ýylyň ahyrynda «Mugallymlar gazetinde» edebi işgär bolup işläpdir. Iki ýyl metbugatda işländen soň, yglan edilen bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolýar. Şondan bärem ol kyrk ýyldan gowrak wagt bäri şu institutyň işiginden girip-çykýar. Şu ýyllaryň içinde ol kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Ylmy işi bilen baglanyşykly Moskwanyň, Alma-Atanyň, Daşkendiň, Bişkegiň, Duşenbäniň, Nöküsiň kitaphanalaryndan, arhiwlerinden gerekli maglumatlary toplady, meşhur alymlar, ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyp, olardan maslahat aldy. Filolofiýa ylymlarynyň kandidaty A.Mämmedow on kitapdan ybarat «Türkmen edebiýatynyň taryhyny» döreden awtorlaryň biri boldy. Ol bu tomluklara giren Ata Nyýazowa, Beki Seýtäkowa, Naryman Jumaýewe, 1917–1979-njy ýyllaryň edebi hronikasyna degişli bölümleri ýazdy. Bu häli – bu güne çenli ýokary okuw mekdeplerinde iň bir ygtybarly gollanma hökmünde ulanylyp gelinýär. Şeýle hem ol 1980-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edilen «Oçerki istoru sowetskoý-turkmenskoý literatury» diýen kitabyň-da awtorlarynyň biridir. Onyň ylmy makalalary gazetlerde, žurnallarda, köp sanly ýygyndylarda ýerleşdirildi. Olaryň arasynda edebiýatyň teoriýasyna we tankydyna degişlileri-de, öz döwrüniň wajyp meselelerine-de, türkmen edebiýatynyň beýleki edebiýatlar bilen baglanyşyklaryna-da degişlileri bar. Ol halk döredijiligi, nusgawy edebiýat bilen bagly ençeme makalalary-da köpçülige hödürledi. Onuň dil bilimine, türkmen edebiýatyny okatmagyň ugurlaryna, hatda taryha, geografiýa dahylly neşir edilen kitaplara ýazan synlary-da az däl. Ahmet Mämmedow «Türkmen prozasynda Beýik Watançylyk urşy döwrüniň şöhlelenişi» diýen temany ilik-düwme edip işledi. Soňra ol şol temadan ýazan monografiýasynyň we makalalarynyň esasynda ylmy nutuk görnüşinde doktorlyk dissertasiýasyny (1991) gorady. Bu dissertasiýa Garagalpagystanyň Berdak adyndaky Nöküs döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol goralanda Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor S.M.Mamajanow, azerbaýjanly alym, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Abdulazade opponentlik etdiler we işi makulladylar. Awtoryň şygryýetdäki üstünlikleri-de okyjyny biparh galdyrmaýar. Ol ondan köpräk şygyrlar kitabyny okyjylara hödürledi. Olaryň içinde «Otjagaz», «Göwün güzerim», «Gündiziň suraty», «Ýyldyzly köl» ýaly ýaşlar we çagalar üçin ýazylan kitaplaram bar. Şol kitaplary üçin oňa 1995-nji ýylda Türkmenistanyň ýazyjylar birleiginiň Hajy Ysmaýylow adyndaky baýragy berildi. Ahmet Mämmedow gaty kän halklaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini, halk döredijilik nusgalaryny türkmen diline geçirdi. Ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň şahyrlarynyň türkmen durmuşyndan döreden goşgularynyň aglabasynyň terjimesi Ahmet Mämmedowyň galamyna degişlidir. Türki dildäki edebiýatdan edýän terjimelerinde ol gös-göni olaryň asyl nusgalaryna daýanýar. Aýratynam onuň garagalpak nusgawy şahyrlary Günhojadan, Ajynyýazdan, Berdakdan, Garagalpagystanyň halk şahyry Ybraýym Ýusubowdan, Gülüstan Mätýakubowadan, Tolybaý Kabulowdan, Abylkasym Ötepbergenowdan eden terjimeleri, garagalpak ýazyjylary, şahyrlary, umuman, bu edebiýat bilen bagly makalalary, şonuň ýaly-da garagalpak temasyndan döreden goşgulary şahyry bu halkyň okyjylaryna giňden tanatdy. Türkmen-garagalpak edebiýatlarynyň gatnaşyklary meselesindäki hyzmatlary üçin respublikanyň hökümeti ony Garagalpagystanyň at gazanan medeniýet işgäri (1996) diýen hormatly at bilen sylaglady. Zehinli alym hem şahyr Ahmet Mämmedow Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da öndürijilikli işledi. Edebi meseleleri Garaşsyzlyk ideýalary bilen baglanyşdyryp makalalar, tutumly işler ýazdy. Onuň makalalary Türkiýäniň «Bigig», «Türk kultury» ýaly žurnallarynda w türk dilinde neşir edilen ýygyndylarda ýerleşdirildi. Goşgulary bolsa türk dilinde çap bolan antologiýalara, ýörite kitaplara girizildi. Soňky döwürlerde ol Magtymgula, türkmen halk döredijiligine dahylly meseleleriň üstünde köpräk döwneýär. Köne edebiýata, edebi-taryhy döwürlere, ady dünýä belli şahsyýetlere bagyşlanyp, ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň işine yzygiderli gatnaşýar. Onuň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birnäçesiniň gatnaşyjysy bolandygyny hem aýtmaly. Şeýlelikde, onuň eserleri, kitaplary ýaşlarymyzy watançylyk, halallyk, lebze wepalylyk, adamkärçilik, dogruçyllyk ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşup gelýär. Sebäbi olardan mugallymlar, edebiýatçylar peýdalanýar, olary halk okaýar. Bu günki gün ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň Halk döredijiligi bölüminde işleýär. Onuň köp ugurly döredijiliginden nemunalar rus, eston, gazak, özbek, gyrgyz, garagalpak, azerbaýjan, täjik, türk dillerine-de geçirildi. Hertaraply hünärmen hökmünde onuň Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda, medeniýet institutynda esasy işiniň gapdalyndan mugallymçylyk eden wagtlary-da az däl. Ol tas on bäş ýyllap ýokary mekdeplerde gutardyş boýunça döwlet synag toparyna başlyk boldy. Ol edebiýata yhlasly, zehinli ýaşlary tapmaga we olary höweslendirmäge çynlakaý çemeleşýär. Ahmet aga ömründe gabat gelen gowy adamlary ýatlamagy halaýar. Şolaryň biri hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty, belli edebiýatçy Hanguly Taňryberdiýewdi. Hanguly Taňryberdiýew Ahmet aganyň uniwersitet ýyllaryndaky mugallymy. Bir gezek söhbetdeş bolanymda ol mugallymynyň özüne beren öwüt-ündewini ýatlap, şeýle diýdi. – Bir gün Hanguly mugallym bilen ýolda gabatlaşdyk. Ol: – Gazetde bir top goşgyňy okadym. Şolaryň içindäki «Bil, bil!» diýen goşgyňy örän gowy gördüm. Beýleki goşgularyňdaky kemçilikleriňi şol goşgy owazlylygy, şekil täzeligi, täsinliligi bilen örtüp dur – diýdi. – Seniň esasy bir ýetmeziňi aýdaýyn. Goşgularyň başky we soňky bendindäki äheňi tapawutlandyryp bolanok. Goşgy hem saz ýaly, sazda pessaýdan başlamaly we kem-kemden belent perdelere galmaly. Goşgynyň hem soňky bendi güýçli pikir, güýçli duýgy bilen jemlenmeli. Magtymgulynyň goşgularyny üns berip okap görseň, munuň şeýle bolmalydygyna düşünersiň! – Men halypa edebiýatçy mugallymyň bu pendini ýüregime gapladym. Şondan soň goşgy ýazsam, iň soňky bende nähilidir bir üýtgeşik röwüş, üýtgeşik bir many bermäge çalyşdym. Megerem, şol sebäpli bolsa gerek, her gezek goşgy ýazyp, ony tamamlajak pursadym Hanguly mugalymyň şol maslahaty ýadyma düşýär. Ahmet Mämmedow aramyzdan juda ir giden şahyr Halyl Kulyýewi mähribanlyk bilen ýatlaýar: – Halyk Kulyýew biz okuwa giren ýylymyz uniwersiteti tamamlap, mugallym edilip alnyp galynypdyr. Ol bize edebiýat teoriýasyndan sapak berdi. Örän gowy düşündirýärdi. Bir gezek ol tutuş kursy öýüne myhmançylyga çagyrdy. Şol döwürde ol Köşidäki uniwersitetiň okuw korpuslarynyň bir burçunda ýeke gat jaýda maşgalasy bilen ýaşaýardy. Biz toplanyşyp bardyk. Daşaryk keçe ýazdylar, stol-oturgyç çykardylar. Gelni ullakan kastrýulda nohutly çorba, kiçiräk gazanda unaş bişiripdir. Hezil edinip naharlandyk, goşgy okaşdyk, çaý-paý içdik. Soň martyň başynda işe gelýärkäm, sagat 10 töweregi Halyl uniwersitet tarapdan gelýän eken. Meni görüp bir hili begenjek ýaly etdi. – Men şu gün öldüm – diýdi: – Ir bilen, sagat 6-danam ir Akmämmet Hümmedow gapyny kakyp oýardy. Öýe-de girmedi. Onsoň men çalak-çulak ýuwnup, ýukajyk assarsyz kostýumjagazymy geýip çykdym. Şonuň bilen tä uniwersitete çenli pyýada gitdik. Howa çak edişimizdenem sowuk eken. Bagrymdan geçdimikä diýýän. Ekzamenim bardy. 8-de başlap, gutaryp gelşim. Dogrudanam, ol galdyrap durdy. Öňdenem hor-arryk adam özüňe belli. Ynha, kibtini gysyp, boýnuny hem içine çekip duran Halyl – edil bir gysym bolup dur. Men duýdugaşlyk etdim. «Ýoldaş mugallym, men yzyma dolanaýyn. Öýe baraly. Çaý-suw iç, ýylyn, soň gaýdaý» diýsemem etmedi. 8-nji martda bolsa ol ýogaldy. Ol habaryň ajy täsirini men henizem ýüregimde göterip ýörün. Ahmet aga institutda işe başlaýşy hakda şeýle ýatlaýar. Telewideniýede ses operatory (1966) boldum. Az wagt. Soň Beki Seýtäkowyň goldawy bilen «Mugallymlar gazetinde» edebi işgärlige bellenildim. Mekdep, çagalar edaralary bilen bagly köp sanly makalalar ýazdym. 1967-nji ýylyň ortalarynda ýaşlaryň birnäçesini Ýaşlar guramasyna çagyrdylar. Allaguly Mollaýew hem bardy. Anketa berdiler. Doldurmaly. Köp soraglaryň içinde «Alym bolasyň gelýärmi?», «Başga näme bolasyň gelýär?» ýaly sowallaram bar eken. Men «Alym bolasym gelenok, şahyr boljak» diýip ýazypdym. A. Mollaýew «Elbetde, alym bolasym gelýär» diýip ýazdy. Meniň ýazgymy okap, «Be... nädýäň-how, alym boljak» diýmeli ekeniň» – diýdi. Ýeri gelende aýtsam, kandidatlygy men ondan öň goradym. Işe gelşimmi? «Mugallymlar gazetinden» aňsat gaýdyp bolmaz – diýip biri ýüregime howp berdi. «Olar seni goýbermez, barjak ýeriňi aýdaýsaň, şo ýere jaň edip, seni işe almaz ýaly ederler...». Bu gepiň jany bar ýaly bolup göründi. Onsoň men «Oba gitjek» diýip, işden çykdym we 2-3 günden soň (1969, oktýabr) Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýatlanan bölüminde uly laborant bolup işe başladym. Bu bölümde ýaşuly Orazmämmet Abdalow, edebiýat tankytçysy Abdylla Myradow dagy işleýän eken. Men işe gelenimde Baýmuhammet Garryýew direktor eken. Kaýum Jumaýew meni kiçi ylmy işgäriň wezipesini ýerine ýetiriji edip aldyrjak bolýardy. Menem gapyda durup, olaryň gürrüňini diňläp durdum. Ol razy bolup barýardy welin, meniň bir ildeşim (adyny tutup durmaýyn, ol profsoýuzyň ýerli başlygy eken). «Heniz synalyň. Görülmedik, nähilidigi nämälim birini ur-tut ylmy işgär edip bolmaz» diýdi-de, meseläni laborantlyga çözdi oturyberdi. Ýogsam o döwre çenli meniň gazet-žurnallarda 10-15 sany ylmy häsiýetli makalalarym çykypdy. Iki aý geçensoň, bäsleşik yglan edildi welin, kiçi ylmy işgärlige saýlaw arkaly bellendim. 1970-nji ýylda «Türkmen edebiýatynyň hronikasy» diýen görkezijiniň üstünde işledim. Ol «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» 6 tomunda ýerleşdirildi. Moskwada çykan rus dildäki neşirlere girizildi. Soň Aman Kekilow az wagtlyk direktor bolup oturdy. Aman aga küşt oýnamany gowy görýärdi. Yzly-yzyna çilim çekýärdi. Agras, çynlakaý sypatly bir adamdy. Emma käte degşende welin, ony agras diýjek gümanyň ýok. Näme sorasaň, haýyş etseň, şony bitirjek bolup çalyşýar, maslahatyny gysgananok. Institutda B.Ahundow, G.Nazarow, A.Meredow, S.Garryýew, Sary Gökleni, Zylyha Muhammedowa, D. Nuralyýew, S. Atanyýazow, Rahman Rejebow, Ş. Halmuhammedow, M. Öwezgeldiýew, A. Bekmyradow dagylar bilen işlemek maňa miýesser etdi. Bu adamlar azy ýaran edebiýatçylardy. Ylma örän saldamly goşant goşanlardy. Bularyň hem biri bilen bagly başdan geçirmelerim ýok däl. Emma olaryň hemmesini ýatlajak bolsaň, kän kagyz doldurmaly boljak. Men S. Atanyýazowy ýatlaýyn. Men oňa mydama «Agam» diýip ýüzlenýän. Ol bolsa maňa hemişe «Halypam» diýýärdi. Özem menden 8 ýaş uly. Derejesi, ylmy atlary, ordendir medaly, hormatly döwlet atlary bar adam hiç zady ýok bir mysapyr bendä «Halypam» diýip dursa, bir hili bolýan ekeniň. Bir gün men oňa: – Soltanşa agam, maňa «Halypam» diýmesene, men bir hili utanýan» diýdim. Ol: – Men-ä sende utanç göremok. Hany ol? – diýýär. – Bolsa-da, başgalaryň ýanynda-da «Halypa!» diýýäň, olar şonda maňa çiňňerilip serediberýärler – diýdim. – Şolar çiňňerilsin diýip aýdýan-da şony. Meniň halypamy tanap goýsalar, erbetmi näme? 1983-nji ýylyň aýaklarynda ol maňa şeýle diýdi: – Halypa seniň gazallaryňy häzirki zaman poeziýasynyň iň kämil, iň tämiz, iň tolgundyryjy nusgalary hasaplaýan. Özümiň gyz-gelin bolmadygyma şükür edýän. Ol gazallar birhili daş ýürek zenany hem eretjek... Baýrammämmet Ahundow – ýukaýürek, ak köňül adamdy. Emma onuň pikirlerine ýygy-ýygydan garşy çykýardylar. Şonda hem ol opponentlere gaty-gaýrym zat diýip durmazdy. Şeýle «tankytlardan» soň, ol mydama meniň ýanyma gelerdi. Ahmetjan, hany çolarak bir ýere baryp derdinişeli, ýa meniňkä gideli, ýa seniňkä» diýerdi. Köplenç bize giderdik. Çaý-suw başynda ol özüniň mamladygyna kemini goýman meni ynandyryp bilýärdi. – Agam, sen ýygnakda şu diýýänleriňi aýdyp, çykyş edäýmel-ä. – Barybir, olar düşünmezem, düşünmegem islemez. Olar meniňkini dogrudygyny bilip durup, şeýle diýip durlar-a! – diýýärdi. Onsoň men oňa göwünlik bererdim. Ýagşy sözler aýdardym. Meniň ýanymdan göwnühoş bolup gaýdardy. Rahman Rejebow – bir töwra adam, ökde teoretik. Onuň bilen dil tapyşmak kyn. Agyr. 1973-nji ýylda Ö. Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda kandidatlygymy goradym. Gorajak bolup ýörkäm, işimi goltuklap Rahman Rejebowyň ýanyna (ol teoriýa sektorydy) bardym we maňa 1-nji opponent bolmagy haýyş etdim. – Ýap gapyny, ugra – diýip, ol ýogyn sesi bilen aýtdy. – Men seni tanamok, bilemok, opponenti başga ýerden gözle. Men derrew yzyma dolandym. Gapyda säginip: Öde Abdylla sizi maslahat berensoň geläýipdim – diýdim. Gapyny ýapyp, kontorda 10-15 metr ara açmankam, ol «Bäri dur, gel bäri» diýip gygyrdy. Ýene bardym. – Işiňi goýup git. Çykyşymy türkmençe ýazaryn. Ýöne rusça özüň geçirersiň... Rahman Rejebow bilen ilkinji tanyşlyk şeýle. Soň (birki ýyl geçensoň) menem teoriýa sektoryna geçdim. Şeýdip, onuň bilen işleşdim. Garagalpagystan Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew türkmen alymy A.Mämmedow hakdaky ýazgylarynyň birinde şeýle ýazdy: – Hemme zatdan öňürti Ahmet Mämmedow edebiýaty öwreniji we edebiýat tankytçysydyr. Ol şu günki türkmen alymlarynyň görnüklilerinden biri. Bu baryp-ha Ahmet Mämmedowyň elli ýaşy bilen (1992) Türkmenistanda, Özbegistanda, Garagalpagystanda metbugat sahypalarynda peýda bolan makalalarda-da ykrar edildi. Onuň 60 ýaşy bolsa (2002) garagalpak metbugatynda giňden bellenildi. Nöküs telewideniýesinde, radiosynda gepleşikler berildi. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi bar: alymyň ylmy döredijiliginiň bir ugry, şahyrana maglumatlarynyň bir bölegi, terjimeçilik ylhamynyň bir ganaty bu iki halkyň edebiýatçylarynyň halk döredijiligindäki, nusgawy, XX asyr we häzirki zamandaky gatnaşyklaryna, garagalpak halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryna, tebigat aýratynlyklaryna bagyşlanandyr. Alymyň alym hakdaky bu pikirini biz Ahmet aganyň zehinine goýulýan uly sarpa diýip düşünýäris. Onuň zehininiň ykrar edilmesidir. – Garagalpaklar – sada, göwnündäki dilinde diýlen halk. Wäşi, zehinli halk. Olar meni hut özleriniň biri ýaly görýärler. Y.Ýusupow, T. Kaipbergenow, Ş.Seýtow, K. Baýnyýazow, K. Urazyibetow, K. Mombetow, K. Malsetow, K. Kuranbaýew, G.Mätýakubowa, A. Döwletiw, A. Ödetaganow ýaly örän meşhur adamlar meni gujak açyp garşylaýardylar. Garagalpaklaryň halk şahyry Tolubaý Kabulow onuň 50 ýaşy mynasybetli ýazan goşgusynda: Ap-ak bolandan soň ezel-imany, Agzyndan söz çykmaz asla bimany, Ak nura bezemek isläp dünýäni Ol talantly şahyr bolandyr öýdýän. – diýip ýazypdyr. Ahmet aga 1966-njy ýylda öýlenipdir. – Aýalym Jumagül – Akdepeden. Ýöne men heniz öýlenmänkäm «Ogluma» diýip goşgy ýazypdym. Öýlenäýsem ogully bolmagy gaty arzuw ederdim. Bu goşgy 1963-nji ýylda Marynyň welaýat gazetinde çap boldy. Ony ýek-ýarym okan gyzlaryň «Bul-a öýlenipdirem, ogullam bolupdyr» diýip, gürrüň edendiklerini eşitdim. Onsoň men aýallar güni 8-nji marta degişme goşgy ýazdym we onda: Aýalyma arzuwlarym tükenmez, Känbir ýüregimde süýji hyýalym. ... Ýöne welin, gynandyrýar başga zat: Enteklerem ýok ahyry aýalym – Bary ogul bolsun, bolmasyn bir gyz – diýen setirlerim bardy. Bu goşgy «Türkmen uniwersiteti» pudak gazetinde çykypdy. Hudaý meniň dilegimi kabul edipdir öýdýän. Üç oglum boldy. Onsoň gyz hem küýsäp ugradym. Şol goşguda şeýdip ýazanyma puşman etdim. «Goý, bolsun bir gyz» diýip düzedip, arhiwime taşladym. Emma 4-nji hem ogul boldy. Bolany. Dört ogully Ahmet men. Adamzada hormat-sylag, halallyk, mümkingadar dogruçyllyk, diňe ýagşylyk edip ýaşamak, keseden hiç kimiň ýaramaz täsirine düşmezlik, döredijilikli zähmet, kanagatlylyk, minnetsiz ýaşaýşa höwes-ymtylyş, ylma hem çeper döredijilige gadyr goýmak we onuň prinsiplerine elden geldigine görä wepalylyk – ynha, şahyr we alym Ahmet Mämmedowyň durmuş ýörelgeleri. Ahmet Mämmedowyň halamaýan adam häsiýetleri – öwünjeňler, «men-menler», belli bir durumy bolmadyk iki ýüzli-çemeçiler. Ýazyjy-şahyrlardan G.Seýitliniň, K.Gurbannepesowyň, Halyl Kulynyň, Gurbannazaryň, Ahmet Halmyradyň, H.Durdyýewiň, S.Annasähedowyň kyssa eserlerini halaýar. Ylymda edebi tankytda Ö.Abdyllanyň, R.Rejebowyň nazaryýet ussatlygyna, Abdylla Myradyň işjeňligine, S.Myradowyň dogruçyllygyna, Ahmet Bekmyradowyň pikirleniş gerimine, J.Allakowyň öndürijilik ukybyna, A.Meredowyň zähmetsöýerligine sarpa goýýar. Ahmet Mämmedowyň bu günki gün jany sag, başy belent. Erkana durmuşymyzy wasp edip, goşgy-gazal ýazýar. Türkmen edebiýatynyň möhüm meseleleri dogrusyndaky makalalaryny okyjylar höwes bilen okaýarlar. Janyň sag, işleriň rowaç, Ahmet aga! Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ulmy yşgäri. «Daşoguz habarlary» gazeti. 5-7-14.01.2012 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |