13:18 Haýsy yslam | |
HAÝSY YSLAM
Publisistika
Saud Arabystanynyñ Milli gününi gutlamaga häkimiýet uly gyzyklanma bildirdi. Munuñ çäklerinde Ankarada geçirilen resepsiýa Içeri işler ministri Süleýman Soýly we Din işleri ministri Ali Erbaş gatnaşdy. Ýokary Halk Mejlisiniñ başlygy we Daşary işler ministrligi gutlag hatlaryny ugratdylar. Türkiýäniñ wekili hökmünde köşgüñ press-sekretary Ibrahim Kalyn, Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati Jiddä gitdi. Gürrüñi bütinleý başga ugra sowmakçy. Soñky wagtlar Eýran bulaşyklygyna ýa-da Hytaýyñ Beýik Ýüpek ýoluna zyýan etmek üçin dowamly meçew berilýän Gyrgyzystan-Täjigistan konfliktine we başgalara şu "penjireden" seredip, baha beriñ... Size birini tanadaýyn: Baron Maks fon Oppengeým (1860-1946). Oppenheim familiýasy öñ eşitmedik familiýañyz däldir. Nemes taryhynyñ iñ uly banklarynyñ biri. Düýbüni tutujysy-da Salomon Oppengeým... Emma gürrüñimiz bankirlik däl. Maks Oppengeým arheologiýa bilen içgin gyzyklandy. Araçägimizdäki Hasekä degişli Ras al-Aýnda b.e.öñ X asyrda gurlan Tel-Halafy 1899-njy ýylda açdy. 1911-1913-nji, 1927-1929-njy ýyllarda-da gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirdi. Emma gürrüñimiz arheologiýa hakda-da däl! Çünki Oppengeým jedelli şahsyýetdi, ol iñlislerdir fransuzlar tarapyndan içaly hasaplandy. Aýdyşlaryna görä, ol musulmanlary olaryñ üstüne küşgürýärdi. Şeýlemidi? Hawa. Ol nemesleriñ “Nachrichtenstelle fürden Orient/NfO” (Şark Konrtrazwedka gullugy) gullugynda işledi. Esasy ugry yslamdy... Kairde 1892-nji ýylda arap dili we yslam dini boýunça bilim aldy. El-Ezher uniwersitetindäki çekişmelere gatnaşyp, yslamyñ ruhuny añlamaga jan etdi. Şol wagtlar Osmanlynyñ çäklerindäki Siriýany, Yragy, Liwiýany we beýleki ýurtlary aýlandy. Bedewiler (beduin, çarwa araplar) bilen dostlaşdy. 1895-nji ýylda nemes janköýeri Abdylhamyt II bilen duşuşdy. Muhammet Abdo ýaly din alymlary bilen görüşdi. "Ortaýer deñzinden Eýran aýlagyna çenli" atly iki tomluk kitap ýazdy. Birinji jahan urşunyñ öñüsyrasy "Duşmanlarymyzyñ yslam regionlarynda topalañ çykardyşlarynyñ memorandumy" kitabyny neşir etdirdi. Ilki Russiýa, soñ Hindistan, Müsür ýaly iñlis we fransuz koloniýalarynda musulman topalañlaryny turuzmak üçin Stambul merkezli halyf-soltanyñ adyndan yslam dünýäsinde propoganda işleriniñ gurnalmagyny teklip etdi. Osmanlynyñ bu uruşda jihada çagyryş etmegi Oppengeýmiñ teklibidi. Şeýle-de ol, uruşyñ öñüsyrasy gurlan Gündogar Kontrrazwedka gullugynyñ başlygy boldy. Oppengeým 1915-nji ýylda Stambuldaky nemes ilçihanasynyñ binýadynda NFO-nyñ bir şahamçasy hökmünde “Nachrichtensaal”-y (Habar-maglumat bölümi) gurdy. Käbir araplar Oppengeýme Ebu Jihad ("Mukaddes urşuñ atasy") diýýärdi. 1915-nji ýylyñ başlarynda şazada Faýsal bilen tanşyp, ony Germaniýanyñ tarapyna çekmek isledi. Emma Faýsalyñ kakasy Hüseýin iñlisler bilen dil birikdiripdi. Netijede nemesler uly uruşdan ýeñlip çykdy. Oppengeým Berline dolandy, Siriýada gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirdi. Nasistler 1933-nji ýylda häkimiýet başyna gelensoñ, mundan beýläk katolik ynançly Oppengeýmiñ jöhit geçmiş potansial howpa öwrüldi. Emma Oppengeým nasistlere Ýakyn Gündogardaky gazuw-agtaryş işlerinde tapylan käbir heýkelleriñ Gitleriñ öñe süren ariýa medeniýetini subut edýändigini gürrüñ berdi! Işiñ özeninde, Oppengeým bu gezek nasistlere Ýakyn Gündogaryñ musulmanlary boýunça strategiýa ýarajak maglumatlary berdi. Ýagny... Häkimiýetler, režimler çalşyp dursa-da, Oppengeým "yslam kozyryny" ulanyp, Germaniýanyñ kolonial syýasatyna goldaw bermegi dowam etdirdi. Siriýada, Yrakda, Saud Arabystanynda, Iordaniýada "Alynky Aziýanyñ kyrkynjy ýylyñ ortasynda aýaga galdyrylmagynyñ memorandumy" makalasyny ýazdy! Diýjek bolýanym: Yslam ýurtlaryndaky hadysalary, gutlaglary, çaknyşyklary gözden geçireniñizde imperialistleri gözden salmañ. Oppengeýmler hemişe ýadyñyzda bolsun! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||