HAÝWAN-YNSAN ENE, ÄHLI ÝERDE ENEDIR!
Ol wagtlar men talypdym. Okuwdan şol gün ýadow gelip, öýüň düwmesini basdym. Gapy wagty bilen açylman soň, açaryň durýan ýerine seretdim. Görsem, gapynyň iç tarapynda açar ýerinde eken. Öýde ejemiň barlygyna begenip, arkaýynlandym-da, "häzir açar-la" diýilýän tama bilen bir salym garaşyp durdum. Düwmäni ikinji gezek uzak wagtlap basyp duramsoň, ejem gapyny açdy. Men ejemiň gözünde ýaş gördüm hem: - Eje-e...?- diýip, soragly nazar bilen oňa geňirgenip seretdim. Ejem göz ýaşyny gizlejek bolup, ýuwunsa-da, gözüniň entek gyzyly hem gitmän eken. Ol maňa:- Bar, gyzym, ýuwun, men saňa nahar guýjak-diýdi-de, aşhana tarap ýöräberdi. Menem onuň yzy bilen ýöräp barşyma: - Eje, näme boldy, näme üçin agladyň?- diýip, soradym. Ejem maňa nahar guýmak üçin eline gap alyp, taýýarlyk görüp durşuna, girelgäniň töründe görkezip duran wideo görnüşe elini uzatdy-da: "Ene maýmyn.., ene maýmyn..." diýip, dolukdy we ýene gözüni ýaşlatdy...
Saçak başyna geçip, haýwanlar barada edilýän gürrüňler bilen, maýmynlaryň ýaşaýyş durmuşlary barada gyzyklanyp başladym. Maýmynlaryň haýsy görnüşlerine degişlidigin-ä bilmedim welin, ýöne olaryň ählisiniň-de, ownuk-uşaklygyndan çen tutup, bize belli bolan maýmynlaryň görüşlerinden däldigine göz ýetirdim. Sebäbi, bu maýmynlaryň tüýleri ýumşakdan gelen owadan possunjyklary bilen geň enaýydylar. Maýmynlar baradaky gepleşigi alyp barýan adam maýmynlaryň arasynda bir ene maýmyna aýratyn at bilen, ol barada gürrüňi dowam etdirdi.
Ene maýmyn kiçijek çagajygyny edil adam çagasyny söýüşi mysaly, aýratyn üns bilen söýgüleýärdi. Kä ony süýt bilen iýmitlendirse, käte bileje oýunaýardylar. Kä gujagyna alsa, käte-de arkasynda göterip, ondan oňa, agaçlara böküp, miwelerden iýmitlenýärdiler. Çagajygynyň tüýlerini barlaşdyryp, onuň arassaçylygyna esewanlyk edýärdi. Garaz, ene maýmynyň çagasyna bolan söýgüsi çäksizdi.Daşyndan synlasaň, olaryň özlerine görä, özbaldak bagtly durmuşlary bar ýaly görünýä.
Biz ejem bilen, olary bile synlap oturdyk. Ine, birden ene maýmynyň çagasynyň ýaramaýanyny we onuň gyzgynynyň galyp başlandygy hakynda alypbaryjy düşündirip, gürrüňini dowam etdirdi. Dogrudanam, çaga maýmyn süllerjiräp, saglygynyň gowşaýandygyny bildirip başlady. Ene maýmynyň ýüregi syzýan bolarly, ol aljyraýardy. Eýläk-beýläk ylgaşlap, beýleki maýmynlara çagyrýan ýaly birhili ses etdi. Şol pursat garyndaş maýmynlar üýşüp, onuň ýanynda peýda boldular-da, onuň elinden göterişmek üçin çagasyny aljak boldular. Ene maýmyn çagasyny bagryna basyp, ony beýlekilerden gabanyp başlady. Ýene-de ellerini uzadyp, kömek etjek bolýalar welin, bir eli bilen çagasyny bagryna bassa, beýleki eli bilen olary kowýan ýaly halda ellerini hellewletdi. Soňa baka, ene maýmynyň gözünden ýaş akýan görnüşini mawy ekrana golaýladyp görkezdiler welin, ejem görgüli durup bilmän, ses edip aglaberdi. Ene ýüregine ene çalt düşünýän bolarly. Men: - Eje, olar maýmyn ahyry, sen nämä aglaýarsyň?-diýip, ejem jany köşeşdirjek boldum. Ejem maňa :- Gyzym haýwan, ynsan eneleriň hemmesi-de Enedir- diýip, gözýaşyny syldy. Gürrüň dowam edýärdi. Ejemiň ünsüni başga ýana sowjak bolup, widiogörnüşi telewizora geçirjegim barada soradym. Ol maýmyn baradaky gürrüňden gözüni aýyrman synlap durşuna sesini çykarmady. Gepiň gysgasy, ejem jan aglamaz ýalam däl eken.
Ene maýmyn çagasyny döşünden iýmitlendirjek bolup, synanyşsa-da, körpejik bolsa, soňabaka şonam sormana ýaramady. Birde özüni ýitirýän ýaly hereketsiz ýatýardy. Şol halatda ene maýmyn çagasynyň kellejigini sypap,ony adam ýaly gujaklaýardy.Özünw gelen soň bolsa, begenip, oňa mähirli seredär-de, ylla doýup bilmeýän şekilde gaýtalap-gaýtalap, bagryna basýardy.Enäniň yhlasy puja çykdy...
Iň soňunda açlygyndan ýaňa haly gaçan çaga maýmynjyk öz ejesiniň gujagynda jan berdi. Ejesi ony ilki duýmady. Gujagyna alyp, eýläk-beýläk göterdi. Beýleki seredip oturan maýmynlar çaga maýmynyň hereketsizligini duýdularmy nämemi, "Wah, gutard-ow..." diýişýän ýaly, käbirleri haýdap-haýdap, ellerini ýere urýadrdylar, käbiri bolsa, kellesini tutup, ene maýmyna tarap seredişip durdular. Ene maýmyn özüne ýer tapmady. Şeýde-şeýde ene maýmyn üç günläp çagasyny ölen soňam, oňa ynanman hereketsiz körpäni göterdi ýördi. Soňabaka, özümem gözümiň ýaşyny saklap bilmedim. Iň elhenç ýerem, ene maýmyn çagasynyň maslygyny goýup giden ýerine günde gelip, agajyň üstünde şol tarapa seredip oturýardy. Ine, ejemiň aýdyşy ýaly, dogrudanam, haýwan-ynsan hemme ýerde ENE ene bolýandygyna men şonda göz ýetiripdim...
Mylaýym.
Hekaýalar