17:03 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Luhrasp | |
LUHRASP
Luhrasp patyşalyk tagtyna geçip, ýurduň işlerini öz ygtyýaryna geçirensoň, işleri düzgün-tertibe salýar. Diwan eýelerini belläp, esgerleri raýatlardan we bazarçylary başga synplardan aýyl-saýyl edip, oruntutar wezir belleýär we her kimiň derejelerini we çäklerini aýan edýär. Luhraspyň iki sany ogly bolupdyr. Biriniň ady Güştasp, beýlekisiniňki bolsa Zerir. Olar husny-jemallylyk zynaty we kämillik dony bilen bezelendi. Luhrasp olar barada bir gezek ýalňyşlyk goýberýär. Ol bolsa onuň Keýkowusyň perzentlerini öz çagalaryndan ýokary saýmagy we olara girdejili welaýatlary hem-de uly wezipeleri bermegidir. Ol perzentleri we garyndaşlary barka, bigänelerden kömek soramagyň patyşalyk parasatyndan daşdygyny bilmändir. Şeýlelikde, Güştasp kakasyndan ynjap, oňa garşylyk görkezýän hökmünde, ol ýerden Ruma gidýär. Ol ýerde Peridunyň perzentlerinden bir adam bar eken. Ol Güştaspy öz öýüne getirip, mysapyrperwerlik we myhmanparazlyk şertlerini berjaý edýär. Rumda şeýle bir däp bolupdyr: Haýsydyr bir patyşanyň gyzy ýetişip, nikalaşmaly wagty gelip ýetende, bir üýşmeleň edip, oňa taý bolup biljek ýigitleri üýşmeleňe çagyrýar ekenler. Soňra gyz eline bir desse gül alyp, olaryň içine baryp, kimi halap, gül dessesini berse, gyzy oňa nikalaýan ekenler. Bu ýerde maksat, gyz bilen oglanyň arasynda ysnyşygyň we ylalaşygyň döremegi eken. Güştaspyň Ruma baran wagty Kaýsaryň uly gyzynyň nikalaşmaly wagty gelip ýeten eken. Däp bolşuna görä, üç günläp ýigitleri toplaýarlar. Güştasp hem olaryň içinde eken. Şazada gyz Güştaspyň husny-jemalyny, berdaşlydygyny, çalt hereketlidigini we gözel görküni görüp, ony saýlaýar we gül dessesini onuň üstüne oklaýar. Beýt Ömrümde ençeme gözellik gördüm, Dünýäde öňüňde bialaç durdum. Saga-sola kän bakdyrdym ýüregi, Gözellerden sen ekeni geregi. Güştaspy ol ýerde hiç kim tanamaýardy we onuň mer-tebeli zynaty ýokdy. Şol sebäpden Kaýsar gyzyndan ynjap: – Ony şol egnindäki köne lybasy bilen äre beriň we oňa aýdyň, goý, olar şäherden çyksynlar – diýýär. Ol gyzy Güştaspa berensoňlar, Güştasp oňa şeýle diýýär: – Sen nazy-nygmata öwrenişen we soltanlyk köşgünde terbiýelenen. Men bu ýerde ýat hem-de artykmaç barlygym ýok. Seniň meniň bilen ýaşamagyň kyn bolmagy mümkin. Eger özüň maslahat bilseň, Kaýsaryň ýanyna gidip, bu ygtyýaryňdan ýüz dönder – diýýär. Şazada gyz oňa: – Men mal-mülki goýup, seni saýladym we beden arkaýynlygyny goýup, ruhumyň rahatlygyny ygtyýar etdim. Men takdyra razy we Hudaýtagalanyň hökümine boýun, arkaýyn bol – diýýär. Olar el-ele berip, Güştaspyň otagyna girýärler. Şazada gyz özi bilen getiren göwherlerinden satyp, şäherden çykmagyň taýýarlygyny görýärler. Olar şäheriň daşynda göwnejaý bir ýer saýlap, şol ýerde mesgen tutýarlar. Güştasp gaýta-gaýta aw-şikara çykar eken. Bu habar Kaýsara ýetýär. Onuň buýrugy bilen, ony çagyryp, ony hemmetaraplaýyn synag edip görýärler. Olar onuň her bir hünärde kämildigini we her bir işde ussatdygyny görýärler. Kaýsar ondan ötünç sorap: – Biziň seniň halyňdan habarymyz ýokdy hem-de seniň uly barlygyňdan hiç zat bilemizokdyk. Eger sen babatda kemçilik we kemkärlik edilen bolsa, öz keremiň bilen bizi bagyşla – diýýär. Soňra Kaýsar oňa ýene-de: – Bir adam hünärde we edepde başarjaň bolsa, ondan: «Seniň aslyň nireden we haýsy nebereden» diýip soralýar – diýýär. Güştasp aslyny Kaýsara beýan edýär. Kaýsar onuň aý-danlaryny goldap, köp mähribanlyk edip, mynasyp sylag-serpaý berýär. Ol gyzyny şeýle ýigit saýlamagy bilen öwgüleýär we Güştaspy hormatlamakda we oňa sylag-serpaý bermekde keltelik etmeýär. Bir gün Kaýsar Güştaspy myhmançylyga çagyrýar we oňa: – Eý, şazada, eger men mülkdarlygy saňa ýetirmek we Eýran patyşalygyny seniň ygtyýaryňa geçirmek üçin dalaş etsem näme diýersiň? – diýýär. Güştasp oňa: – Perman seniň eliňde – diýýär. Şeýlelikde, Kaýsar ilçi taýýarlap, Luhraspyň ýanyna iberýär we oňa gödek sözler aýdyp, şeýle diýýär: «Men seni özümden ýokary saýmaýaryn. Sen her ýyl nähak ýere menden salgyt alýarsyň. Eger menden alan zatlaryňy yzyna gaýdyp berseň, ikimiziň aramyzdaky ylalaşyk berkidiler. Eger kabul etmeseň, onda seniň ülkäňe leşger çekip, birnäçe ýylda alan zatlaryňy birnäçe esse artyk edip, gaýdyp alaryn». Bu nama Luhraspa ýetensoň, ol Kaýsaryň sebäpsiz ýere beýle batyrgaýlyk etmejekdigini aňýar. Şeýlelikde, ol ilçini hormatlap, ony diýseň sylaglaýar, oňa hoşamaýlyklar edip, birnäçe kişä duýuş jylawuny akylyň elinden gidirýän şerap mejlisinde, ondan bu barada doly düşündiriş sora¬maklaryny tabşyrýar. Olar giýewlik we mülkdarlyk ýaly Güştasp bilen Kaýsaryň aralarynda bolan gatnaşyklary bilip, bu habarlary patyşanyň huzuryna ýetirýärler. Şeýlelikde, patyşa öz patyşalygynyň bähbidini Keýhysrowyň däbine eýermekde hem-de mülkdarlygy ogluna bagyşlamakda görýär. Ol Güştaspa tutuş mähremligi we mylaýymlygy öz içine alýan bir hat ýollaýar. Ol hatyň mazmuny şeýledi: – Sen meniň üçin ähli älem-jahandan hem ezizsiň. Adamlar özleriniň tenleriniň bir bölegi bolan çagalaryny gowy görmekde günäkär däldirler. Patyşa jahanda hoş ahlakly, tejribeli we sowugy-yssyny dadan adam bolmaly. Häzir sen şeýle öwgüli häsiýetler bilen bezelipsiň. Indi seniň işe girişmegiň wagty geldi. Meniň bolsa, ybadat etmegi ygtyýar edip, zikirlere we toba etmäge meşgul bolmaly wagtym gelip ýetdi. Seniň tiz gelip, işi ýöretmegiň we adamlaryň hem leşgeriň gamyny, meniň bolsa ahyretiň gamyny iýmegim gerek. Ol Güştaspyň doganyny ilçi edip, onuň ýanyna iberýär. Bu hat Güştaspa ýetende, hoşal bolýar we Kaýsar bu ýagdaýdan şat bolýar. Kaýsar hoşlaşmak we ugratmak şertlerini berjaý edip, köp sylag-serpaý bilen gyzyny oňa hemra edip iberýär. Güştasp ol ýere ýetensoň, Luhrasp ony garşylaýar we öz ähtinde durup, wadasyna wepalylyk görkezýär we mülki oňa tabşyrýar. Özi bolsa Balha gidip, ybadata meşgul bolýar. Ol ýüz ýigrimi ýyl patyşalyk edipdir. Güştasp patyşalykda gowy ýörelgeleri we ýagşy resimleri goýup, älem-jahany abat edipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |