12:31 Hem öwülen, hem ýepbeklenen Gorbaçýow | |
HEM ÖWÜLEN, HEM ÝEPBEKLENEN GORBAÇÝOW
Sowet mülküni ýer bilen ýegsan eden Gorbaçýowy öwýän Günbataryñ tutumlaryny Ukraina bilen Russiýanyñ urşup ýören şu döwründe ýañadan gözden geçirip oturmagymyzyñ geregi ýok. Bärde derwaýys zat - onuñ Russiýadaky obrazy.
Birnäçe tanymal rus nasionalistleriniñ pikirine görä Sowet Soýuzynyñ ýykylmagyna sebäp bolan iñ soñky lideri, şol bir wagtyñ özünde günbatarpy liderleriñ pikirine görä Günbataryñ we halkara parahatçylygyñ dosty saýylýan Mihail Gorbaçýow 91 ýaşynda aradan çykdy.
Özi uzak wagtdan bäri syýasy sahna-da gara bermese-de, jedelli şahsyýetligine galýardy.
Emma Sowet Soýuzy diýilýän rus sosialist läheñiniñ çöküş pursaty, Berlin diwarynyñ çöküşi we Gündogar blogunyñ ýeñlişe uçran pursaty Gorbaçýowyñ ýoluna taýak oklan pursatlardyr.
Şeýle-de, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin 2021-nji ýylda ýokarky agzalan pursatlaryñ Russiýa üçin XX asyrda emele gelen iñ howply ýagdaý bolandygyny aýtdy.
Gorbaçýowyñ şahsyýetiniñ üstünde aýlanyp-dolanyp duran bu çekişmeler onuñ ölüminiñ yzysüre berilen düşündirişlere we pikirlere-de syçrady.
Kreml ilki Gorbaçýowyñ aradan çykandygy zerarly Putiniñ gynanç bildirýändigini mälim edipdi. Ýöne onuñ Gorbaçýowyñ jaýlanyş dabarasyna gatnaşmajagy aýdyldy!
Putin Moskwanyñ Merkezi Kliniki hassahanasynda SSSR-iñ öñki döwlet ýolbaşçysy M.Gorbaçýowyñ tabytynyñ öñünde soñky hormatyny bildirýär. 01.09.2022 ý. Fotosurat: AP
Putin ilki Gorbaçýowyñ ýöreden taryhy syýasy ugurlaryny tankytlady, Gorbaçýow hem öz gezeginde Putini tiranlykda aýyplap, ukran konfliktine garşydygyny aýdypdy.
Gorbaçýow başga ugurlarda bolsa Putiniñ işlerinden öwgi bilen söz açyp, ony rus döwletiniñ we bähbitleriniñ howandary hasaplapdy.
Sowet mülküni ýer bilen ýegsan eden Gorbaçýowy öwýän Günbataryñ tutumlaryny Ukraina bilen Russiýanyñ urşup ýören şu döwründe ýañadan gözden geçirip oturmagymyzyñ geregi ýok.
Bärde derwaýys zat - onuñ Russiýadaky obrazy.
Gorbaçýowyñ iññän çylşyrymly, köp taraply, köplenç halatda bolsa gapma-garşylykly adamdygyny aýdan Kremliñ press-sekretary Dmitriý Peskow şol bir wagtyñ özünde "Ýöne ol biziñ taryhymyzyñ bir parçasy" diýdi.
Russiýanyñ Daşary konrrrazwedka gullugynyñ (Служба внешней разведки - CBP) başlygy Sergeý Naryşkin bolsa "Gorbaçýow - dogry jogabyny tapyp bilmändigi üçin birnäçe daşarky we içerki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hasabyny Hudaýa özi berer" diýdi.
Hökümetiñ garamagyndaky "Новости" habarlar gullugy bu düşündirişi syýasatçylaryñ Gorbaçýowyñ çyzan taryhyndan sapak almalydygy, watana wepalydyklaryny görkezmelidigi bilen baglanyşdyrdy.
Gorbaçýow hakda oñyñ pikirlerini aýdanlaram bar. Bulardan biri-de Gorbaçýowa minnetdarlygyny bildiren meşhur rus žurnalisti Wladimir Pozner.
Pozner Gorbaçýowyñ hyzmaty bilen häzirki söz azatlygyna ýetilendigini, adamlaryñ azatlyga çykandygyny nygtady.
Gorbaçýow hakynda aýdylan ýa-da indi aýdyljak her bir söz uly taryhy wakalar bilen baglanyşykly subutnamalar talap edýär.
Sowet Soýuzynyñ otuz ýyl mundan öñ çöküşi ýaly, taryhda hemişe barlygyny saklap galjak, öwüsdiren şemallarynyñ duýlup duran taryhy wakalaryna...
Mişari ZEÝDI,
Saud Arabystanly žurnalist.
03.09.2022 ý.
Publisistika
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |