* * *
Dor alaşasyny säpjedip gelen Baba gözi düşenden çalamydar edilen agylyň gapdalynda alaja güjüjek bilen oýnap ýören Saragt oňa tarap ylgady:
-Kaka-a, kaka menem ata mündüräý-dä!
Bady bilen tas alaşanyň aşagyndan geçip giden ogluny kakasy garbap aldy. Jylawam eline berdi:
-Çüw diý, oglum. Ine, şeýdipjik gidiber.
-Ýo-o, meň gaty çapdyrasym gelýär-ä.
-Beýderden sen gaty kiçijig-ä. gaty loňkuldasa eýerden agdaryp uraýmasa birden.
Içi erňekli agaç okara gaty-guty çörekleri dograp, gazanyň ýanyna gelen Aýna eje olara çalaja gol bulady:
-Gyý-w, balalam, geliň-ä, çaýyňyz sowap gitdi, ynha naharam gyýjak.
Saragt weli kejine tutdy:
-Ýo-ok, kä-än aýlanmasam, naharam iýjek däl, çaýam içjek däl.
Az salym gezim etdirse-de, öňünde joňkarypjyk, hamana aty özi sürýňn ýaly käte daş-töweregine keýerjekläp goýberýän oglunyň eýerden düşmejegini aňan Baba gowşak damardan tutdy:
-Saragt jan, häzir atam ýadatmaly, özümizem ýadamaly. Men saňa ertir bir kiçijik taýçanak getirip bereýin, bomy!
Garaşylmadyk habara guşy uçan Saragt yza öwrülip, kakasynyň sakgal basyp giden ýüzünden ogşady:
-Çynyň gerek, kaka, baý, hezillik bor-aý. Onda men Alabaý bilen däl-de, taýçanagym bilen oýnaryn, özümem hi-i-jem ýadaman.
Baba aňyrsy birküç günden gapa taý getirdi. Onuň melemtil ýallary boýnuny ýapyp duran dor reňk enesem bardy. Taýçanak Saragta derrew öwrenişdi. Enesini käwagt emýänini görüp, çaga öz okarasyna guýlan süýdem dökän-saçan edip, onuň tumşugyna tutdurdy. Burnuny uran ýalam etse-de, taýçanak garny doklukdanmy ýa-da sygyr süýdüne öwrenişmändenmi, garaz, ony içmedi. Del maly, onda-da iň ýakyn dostuny öz elinden alyp barýan taýçanagy görüp, „jöw-löwleýän“ Alabaýjyk weli, okara ýere ýetenden „şap-şaplap“ ugrady.
-Öňem-ä bu çaga tabagyna guýlan aşy, eline berlen çöregi iti bilen bölüşip iýýädi, indi gapdalyndan taýçanagam tapylan bolsa...
Nurbibiniň kinaýaly hüňürdisi hiç kimiň gulagyna ilmedi.
Saragtyň bolşy weli „Öň bu çaga taýçanaksyz nädip oňňut edibildikä?“ diýilýändendi. Hatda ýarygijeler myrlap ýatanam bolsa ýalpa gözüni açyp, „Akýalymy görüp geljek“ diýip mizzildeýärdi. Taýçanaga bu ady inçemikden dartgynly göwresini has owadan görkezýän ýaý ýaly boýnunda seçelenip duran agymtyk ýaly üçin dakypdylar. Reňki weli hünni garady. Oýunbaz janawerem Saragta şeýle bir höwrügipdi, hatda ol irden wagtynda oýanmasa ýatan gapysynyň işigini toýnaklary bilen deper, bardy-geldi daşarda peşehananyň içinde uklanam bolsa „Tur how, gel, ir bilen bileje ylgaşaly-la“ diýýän ýaly, horgurar durar.
Taýçanak bilen deň çapyşyp ýören agtygyny Aýna eje gysganardy:
-Gyý-w, Saragt jan, beýdip aýagyňa bat berip ylgamaweri köşek, demiň içiňe dolup, daljygyp ýykylarmyň, nädermiň.
Baba bolsa gülerdi:
-Aý, ýok , meň oglumyň aýagyna ýelýüwrük çalmagam gerek däl, şeýdip ädimini Akýaly bilen dň urup ýörse.
Nurbibem durup bilmez:
-Ulalanda ýüwrüklikde öňüne adam geçirmez-ow meň bu balam.
Ine, çagalygyň bigam şu hezil günleri bilen Saragta ýene bir ýaşady, Akýalam yaýçanaklykdan saýlanyp, keýerjekläp duran taýa öwrüldi.
Saragt häzirem tomsuň giç guşlukda aşak sallananam bolsa zireleri ýiti Gününe gözjagazlaryny ýumjukladyp Akýaly göýä ilkinji gezek görýän ýaly siňňin –siňňin synlaýardy. Kiçijik akaryň gyasyndan goparyp alan şykgy laýam elindedi. Näçe jan etse-de, hol aňyrrakda otlap ýören Akýalyň keşbi palçyga geçiberenokdy. Ogalnjygyň weli ony ýasajagy gara çynydy. Gapdallaýyn synlap, soňam bar küýi-köçesini berip, birsellem janygyp haýdaýardy. Göräýmäge boluberjegem ýalydy. Ine, taý bärik öwrülip ikisi gabatma-gabat bolanda, bir-ä keýerjekläp duran Akýala, birem elindäki Akýala seredende eden işinden göwni bitmän, çukurrak gözlerini gyrp-gyrp etdirdi. Nähili bolýar-aý bu?! Gezip ýören Akýalyň aýagy inçejik ahyry. Ýasalan Akýalyňky bolsa ýognas, öküziň aýagy ýaly birhili. Özem gör-le muny, biri gysgarak, beýlekisi uzynrak ýalam-la, haw! Palçygy ýere bulap uranda onuň paňkyldysy töwerege ýaýrap gitdi. Özünden göwni geçen Saragt azapdan däl-de, gahary gelmekden ýaňa maňlaýyna ine deri syljak bolanda, elindäki palçyk ýokundysy çyrşalan ýüzi ýaňky ýasalandanam betgelşik boldy.
-Eý-ý, sen paňkyldawuk ýasaýamyň-aý.
Bu ses gapdal goňşularynadaky deň-duşy Bapbanyňkydy. Saragt hasur-husur ýaba eglip, ýüzüni ýuwmaga durdy.
Öýde bolsa „Bizem yzymyza-Tejene göçäýsek“ diýlen gürrüň bardy. Öň gelenleriň birnäçesi bolsa eýýäm haçan gidipdiler „Towşana dogduk depe“ edip.
-Mallaram yza getirmeli diýýäler, Baba-gapdal taşlap çaý içip oturan Hakberdi aga diklendi-Indi öň çaşgyn oturan obalaram birleşdirip, „Posýolka“ diýilýäni edip ýörler-gytykdan selçeň sakgalyny çala sypalan kelteden tegelek ýüzli ýaşuly gyrasy çeňklenen hum çäýnegi moý atan käsä syrykdyrdy- Biziň öňki „Ýaşlar“ kolhozymyzam gapdal obalar bilen birleşdirip, „Prawda“ kolhozy etdiler, bilseň. Menem iberişleri „Bar-da Baba ýetir ,“ Sen şol ulalan kolhozyň ownuk mallaryna perme edildiň“ diýlen täzeligi. Özem çopany-çolugy, goşy-köteli bilen Tejene ýola düşsün“ diýlen habar bilen.
- Gowam şol göçülse, belli-külli öýli-owzarly borus gaýtam. Gawun dilimläp, kak edeniň özi nämä degmeýär gözüňi açyp gören obaňda. Owaly-ebedi „Çörekli ýurt“ adyny alan mekandyr-la ol ýerler. „O Tejen, bu Tejen, künjüsi çüteje bitenje Tejen“ diýlen tarypynyň özi nämä degenok-diýip, gaýtadan çaý getirşine Aýna eje özbaşyna diýen ýaly gepledi.
-Hawa-da, näme, ýokardakylar bizden gowy bilýändir näme edip, näme goýmalydygyny. Goşumyzy ýygnabermeli bor onda-diýip, ilerdäki dumanlap duran daga nazaryny dikip oturan Baba hem az salymdan dillendi.
Erkekleriň ýanynda jal-jal edip durmagy uslyp görmedik Nurbibi bolsa gaýnenesi gapdalyna gelende ýüregindäkini aýtdy:
-Enesi, men-ä birhili şu ýere öňrenişipdirinem...
Köpi gören Aýna eje yzyny aýtdyrmady:
-Saragt janyň göbeginiň şu ýere gömlenligindendir onyň, gelin baý.
-Şolam biçem däl, ýene syrkaw-sökellik tapsa Hökgi babany tapmagam müşgül boljak däldi-dä bärde.
-Agzyňdan haýyr açaweri, altyn aşygy ýaljak agtyjagym indi beri kesellemäwersin-owalary oýulan gözlerine eýýäm ýaş aýlanan ene has pessaý gepledi- Seň derdiňe düşünýän , gelnim. Garnyňyda göterip, ýagty janany görkezen perzentleriň sany ona baryberdi ahyry. Ýöne Allanyň emridir-dä, hemmesini ajal apardy gidiberdi. Ylahym, jennetiň ak guşy bolup ýören şol balalaryň ýaşamadyk ýaşam Saragt jana berlen bolsun-da.
Didesinden goşa düwme akan Nurbibi gepine düwündi:
-Wa-ah, aýdanyň gel-gelsin-dä-ä, enesi-i. Hany ýene gujagyma bäbek alaýsam...
Gidiljegine-göçüljegine diňe Saragt begendi. Oglan göwnü-dä. Gezilse, görülse ondan hezil zat barmy näme?!
Şeýdibem ýene-de Tejene aşyldy.
* * *
Ogalanlyk döwri jahyllyga sapdy. Beh, wagtyň beýle tiz geçäýşini! Indi bu ojakda Saragtdan başga Annanur bilen Annadursunam bardy. „Suratçy“ adyny alan Saragt mekdebi tamamlajak bolup ýördi. Mekdebiň diwar gazeti çyakryljak bolsa Hökman Saragt tapardylar. Bezeg işleroişonuň boýnunady.
Ine, bir günem sapak gidip durka mekdebiň direktory Muhy mugallym işigi çalaja açdy.
-Babaýew, hany bärik çyk!
Işigiň agzynda äm-säm bolup duran çybyk ýaly uzyn, inçesagtdan garaýagyz ýigdekçe gulagyna degen buýruga meňzeş sese geň galdy:
-Ýör hany, seni kolhozyň başlygy çagyrar diýen habar geldi. Bileje gidibereli.
Bardylar. Konturyň töründäki giň otagyň aňyrsyndaky üstüne gögümtil mahmal düşelen stoluň aňyrsyndaky deşli adamy görüp Saragtyň sussy basyldy. Ol kolhozyň başlygy Çoruş agady. Hemişe çym-gyzyl bolup, haşlap dem alyp ýörensoň onuň „Gyzyl Çoruş“ lakamam bardy. Özi weli ýagdan ýasalan ýaly mylaýym adamdy, „men başlykdyryn“ diýip, sesini gataldanyny ýa-da biriniň üstüne herrelenini gören adam ýokdy. Özüne eşitdiriibem „Biziň başlygymyz gahara derek içine ýag ýygnandyr“ diýşerdiler. Çoruş aga-da bir „ýak, sizem-aý, bir zat tapaýýaňyz“ diýip, gülüp oňaýýardy.
Hamana uly adam gelen ýaly başlyk ýerinden tirup görüşdi. Ilki bilenem Saragt bilen elleşdi.
-Obamyzdan bir atly suratkeş gümanyny edýän men-ä, seň tarypyňy eşidip, inijik-ol ýerine geçip oturanda stul jygyldap gitdi-Gapdal obalardan çykan-da hol-ha ady respublikadanam daşlarda eşidilýän Berdi Kerbaba, Bazar Aman dagy. Ylymda, edebiýatda özüni görkezip ýören Mäti Köse-de bize goňşy obadan-a ynha. Ýarygökje obamyzda ýaşaýanlaryňam içinden çyksyn-a ady eşidilende „be-e“ diýdiribilýänler. Yhlas etseň bir ýerlerden urup çykarsyň, ýöne häzirlikçe Tejeniň bulanyk suwuny içiber, goly gabarýanyň kellesem gowy işleýändir. Seni gaty ýüwrük elli ýygymçy diýibem öwýäler, Baba permäň ogly-başlyk ýene ýerinden turdy-Ýöne men seni häzir mbaşga mesele bilen çagyrdym bärik. Raýkomyň býurosynda düýn „Kolhozlarda çykýan „Ýyldyrym“ diwar gazetlerinde yza galýan brigatlary ýepbeklemeli diýdiler...
Gepe Muhy mugallym goşuldy:
-Beýdäýsek soň gaty görşüp, gürrüňi ula ýazaýmaz-da hernä?!
Loh-loh gülende Saragtyň gözüne Çoruş aganyň göwresi titräp, ýagjymak tegelek ýüzdäki murty uçup gidäýjege meňzedi:
-Ýak senem-aý, direktir, ýelýüreklik ediberýäň-aý. Ýepbeklejek brigadirimiz Halyk kesek bilen ursaňam bärsine seretjek kişi däl-ä. münüp ýören ýabysyndanam ýuwaş şol-a. „Beýdip äwmän ýörseň, ýygyma çykmaýanlaň sany gün-günden artar gider oturar, tijen senem“ diýsem, „Başlyk, atyzda pagta bolsa halk ýerde goýmaz“ diýýä gaýta. Ýerde galmasa-da, gar-ýagşyň aşagynda galjagyna düşünäýmel-ä sähel galjaň bolsa. Hany şonuň mytdyldap barýan ýabynyň üstünde irkiljiräp barýan suratyny bir çekip ber maňa Babapermäň ogly. Goşgusynam raýon gazetinde işleýän hol Silgeldi diýilýän şahyr oglana ýazdyrp aldyrýan bolduk. Adyna-da „çaman münüp çaňda galan“ diýip goýsak näder?
Beýle derejeli tabşyrygy heem berjaý etmän bormy? Saragt gijesi bilen diýen ýaly surat çekdi. „Degişme äheňinde“ diýlensoň hernäçe meňzetmejek bolsa-da, eline galam aldygy göz öňüne Halyk brigat dur ala ýabysyny keserdip. Birküç gezek ýyrtybam zyňdy’juda gözdençykgynç boldy bu-ýa“ diýip. Ahyry boldum etdi. Şonda-da gapdaldan seretseň gep ýassygyna dönjek Halyk pahyr dur-da ýüzýňe mölterilip.
Ýöne ol diwar gazetiň dabarasy-owazasy Ýarygökle obasynyň çäginden çykyp gitdi. Aýdyşlaryna görä, näçe etmejegem bolsa, Goruş aga şol gazeti raýkoma eltdiripdirler. „beýle gowy çekilen suratyň täsiri ýaman gowy bolar, türkmeniň „Ýalaňajy ursak, possunly gorkar“ diýşi ýaly, beýlekilere-de sapak bolar. Şoň üçinem bu suraty raýon gazatinde-de bermeli“ diýlen teklibi eşiden Çoruş aga ýatyp ýalbarypdyr: „Ýoldaşlar, beýtmäliň. Kolhozymy ile peçan etdigim bor ol. Özümi halygyň ornuna brigat goýuň weli, beýtmäliň!“
Baba aga bolsa ogluna bir agyz „Beýle surat çekeniňi dagy-duwara görmäýin“ diýdi, wessalam!
Iki oduň arasynda galan Saragt bolsa bar „gaharyny“ goluna berdi. Okuwçylaryň başlangyç klasdan galany pagta ýygymyna sürlensoň, bar iş-alada şoldy. Saragtyň eliniň ýüwrükligi bolsa zabundy. Eliniň içi hanaly çaňňala girip-çykýanyna göz ilmez asyl. „Menden ökebişmi ol“ diýýän gyzlaram bildirib-u-bildirmän, onuň giren keşiniň gapdal-golýyndan alar. Eli göm-gök körekli pagta düýbüniň şahalarynyň arasyndan ak hana tapyp, fartugyna gapgaryp ugranam bolsa, käte demsalym diklenip, „şu nädýärkä?“ diýip, Saragt tarapa garap goýberer. Ilki deňräk gidip barýan ýalydyram. Uzyn keşiň ahyryna golaýlaberlende gyz eli ýüwrügem bolsa, ýigit gaýraty rüstem geler duruberer.
Iň gyzyklysam„ agşam gapanyň başynda bolar. Gün eňegini ýere dirände maşyna ýa telejka doly ganarlar atylar. Ökde ýygymçy“ diýdirýän gyzlar güýmeň-süýmeň edip, Saragtň ganarlary gapana münýänçä garaşarlar. Özara pyşyrdylaram bardyr özleriniň.
Harmanhana gelen ganarlaryň gabarasyndan, sanyndan eýýäm ertirki ösüşiň näçeräk boljagyny palçykdan galdyrylan pessejik haýatyň üstünde hesipläp oturan Baýly brigät çekimçisine gygyrar:
-Aşyr Saragtyň ganarlaryna goýar ýaly agyr daşlardan getirip goýansyň-la hernä!
Bu beýleki gyz-gelinlere „Olantagam bolsa ýygymda hijiňize başardýan däldir, ynha görersiňiz“ diýlen kinaýadyr. „Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim sen düşün“ boljagyny bilýän gyz-gelinleriň aglabasy bolsa şoň üçin Saragtdan öň çekdirenlerini kem görmezler.
Ynha, Saragtyň adam boýuçarak ganarlarynyň iki-üçüsi gapana müner weli, daşyň bolsa gözläber!
-Ýüz altmyş ýedi kile şu gün-ä!
„Munça pagtany şu ýygdy“ diýseň hiç kim ynanmajak garajürjenje, inçemikden ziňňirt oglan bolsa hyrçyny dişlär: „Hä-k, düýnkimden alty kile az ýygypdyrn-ow“. Ahmyryny bolsa ertesi çykarar. Gyzlar bolsa hem-ä azajyk görübilmezçilik hemem gözügidijik bilen bu günem Saragtdan yza galanlaryny boýun almaly bolarlar.
Gaýdyşynam yzrakdan gelýänem bolsa onuň gulagyna edilýän gürrüňler iler:
-Enesi Aýna pahyram ömrüni atyz-çiliň içinde geçirensoň, başyna baran işini owum-döwüm edibererdi. Pagta ýyganda dagam eliniýň özi ýüwrüp barýandyr görseň. Saragta-da şondan geçen bolmaly işeňňirlik.
-Nurbibinem aýtsana, bitireni nusgalyk, edeni güwälik dälmi nä?! „Dolup oturan gelinkäde öýde oturybilmän, „iş“ diýip gaýdyp, atyzyň içinde çagalady“ diýilänini öz gulagyqyz bilen eşideniňizem az däldir-ä, dogrumy?!
Gapdaldan erkekleriň biriniq ýognas sesem goşular:
-Gepi gysgaldyň-da, „Damary kakasy Baba çekipdir“ diýip gutaraýsaňyzlaň.
Gyz sesi bilenem biri jedirdär:
-Ejesi ýalňyşypdyr, muny gyz edip dogurmaly eken, şonda bizem dili gysga bolmazdyk.
Ýadaw göwrelerden çykan gülki asmana göteriler. Olara goşulyp, yzrakdan gelýän „baş gahrymanam“ çalaja ýylgyrar.
Güne, aýa salym barmy näme? Tüýs „Telpegiňi aýlamankaň geçip barýar“ diýleni. Ine-de, 1965-nji ýylyň tomsunyň başynda Saragt hem eline orta mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnamany aldy. Bar alas-gopaslygam şondan soň başlandy.
-Ýeri, ogul, indiki etsem-petsemim nämedir onsoň?
Agşam şamyndan soň öňe alnan çaý başynda bu sowaly Baba aga berdi. Ýylýyraklap oturan Saragtam göwnündäkini şagladyp goýberdi:
-Hudojnik bolaýjak men-ä, kaka. Okuwa-da şol ugurdan gidäýsem diýýän.
„Hym-m“ diýende Baba aganyň temezligi ýel alyp gitdi. Synçy ogul kakasynyň bäş deşiginiň bir ýere üýşenini görüp, nädürs bir zat aýdaýdymmykam?“ diýip böwrüni diňirgendirdi. Az salymlyk dymyşlygy Nurbibi daýzanyň sesi bozdy:
-Kagyza çekenlerini görseň, „tüýs özüni geçiräýipdir“ diýdirýä, onsoň...
-Tüket, seňki näme bärde!
Çaslydan gaharly sese ejesi tas çaýly çäýnegi elinden gaçyrypdy. Ozalam az gepli Baba aga gepe nokat goýdy:
-Onyňdan kär bolmaz. Mal ugrundan diý, ekin ugrundan diý, iň bolmanda dugtorçylyk ugrundan diý, ýöne başga nysak çykarjak bolma.
Özdiýenliden gönümel Saragtam ýere bakyp oturşyndan kellesini ýokarrak galdyrdy:
-Şo bolmasa men-ä kaka, başgalaryny okajagam däl, işläberjek gulluga gidýänçäm.
-Şeýt onda!
Arzuwy omrulana dönen ýigit şol gijäni uklaman diýen ýaly gapdaldaky akar ýabyň raýşynda oturyp geçirdi.
Ene ýüregi-dä! Balasynyň halyny aňyp, äriniň bolsa raýyndan gaýtmajagyny aňyp elewredi ýördi. Ahyram Baba aganyň inçe damaryndan tutdy:
-Gyý-w, ýeňsäňi tüňňerdip, beýdip gaňryşa tutup oturma. Saragt jan Aşgabada bir gidip görsün, an-ha özi ýaly oglanlaryň-a hemmesi diýen ýaly, bile okan gyzlarynyňam üç-dört sanysy „okuwa“ diýip göterilip gitdiler. Ogluňam bagyny synap göräýsin, ganaty gyrlan guş ýaly bolup oturmasynda, başga okuwam gapyşan däldir-ä, görse, girse..
Düňderilip oturan Baba aga çaýyny ýogyn owurtlap, käsäni düňderip ýerinden tursa-da, geplemedi. Diňe ýabysynyň üzeňňisine aýagyny ildirjek wagty burnuna salybrak:
-Gitsin onda, ýol harjyny kem etme- diýdi. Ýüki ýeňlän Nurbibi daýza ertire-de goýman, şol günüň özünde ogluny ýola saldy. Berkem sargady:
-Saragt jan, barşyňa Aga daýyňy tap, ine, bir tamdyr çöregi, iki sany gowrulan towugam „ejem iberdi“ diýip elin gowşur, irinmesene götermäge. Aýalam bir gowy maşgaladyr, näçe günläp ýatyp-tursaňam ýüksünip, myzaýyk edip durmaz. Belki yhlasyň gowşaýady-da.
Ala daňdan otludan düşen Saragt elindäki pişigiň gulagy ýaljak haty taksistiň eline tutdurdy.
-Hä-ä, „3-nji mkr.“ Diýlip ýazylypdyr eken bärde-hä, jaý nomyram bar ýaly-la. Sen han ogul, bir gökje üçlügiňi kisäňden çykarýançaň bizem ýeteris bu aýdylan ýere.
Aga daýysam, daýzasam ýegenlerini gara-gadyr garşyladylar. Ýöne okuw meselesini birýüzli etmese ýüzüne seredip gultunyp oturan ýigidiň bokurdagyndan zat ötmejegini bilibem ymykly ugruna çykdy.
-Ýör hany, Danişwary bir tapaly, ýegen!
Tapdylar. Danişwar Nuzaffadowiç diýilýän adam çeperçilik uçilişesiniň mugallymy eken.
-Çoh ýagşy, gardaşym! Eli işleýän, zehini maňzyňa batyp duran kişi tapsalar biziň uçilişedäkiler gözüne sürme edip alarlar. Dokumentleri beri düzüwmi özi!
Eýýäm bu gür baglyga bürenip oturan giň howlynyň içinden talyp bolup girip-çykjaga meňzän ýigit ýyrş-ýyrş etdi. Haýp, ir begenen ekeni. Ilkinji synagdan 2-lik alanda murt ýerindäki ganymat garalan tüýleri ütäýjek-ütäýjek boldy.
-Ýegen, seňki bu ýyl-a bolmady. Indiki ýyl gowja taýynlyk bilen geläýersiň-dä, ýöne göwrümiňi giň tutgun!
Şol wagt onuň ýadyna öňräjik Nedir şa hakda okan kitaby düşdi.
... Heniz ýetginjek wagty Hywa taraplaryna ýesir düşen Nedir tüýs ýüňi ýeten ýigit çykanda Hudanyň emri bilen bu zulmatdan halas bolýar. Öz iline gitjek wagty bolsa ol şeýle diýipdir:
-Enşalla, men bu illere şa bolup dolanaryn!
Şondan o diýen köp ýyllar geçmänkä öz ýesir bolup gezen öýüni gözlňp tapypdyr. Ol bir barjamly türkmeniň ojagy ejken. Öňki hojaýyny ady Ňleme düşen hökümdry derrew tanapdyr. Nedir akylly hem adyl kişi eken.
„Sen ýesirlikde wagtyň hor-homsy saklan bolsaň, belki-de öldüren bolsaň men beýle derejeler ýetmezdim, indem aýt näme arzyň bolsa bitirjekdirin!“
Öý eýesem bihal adamlardan däldigini jogabynda aýdypdyr;
„Gözümiz düşüp, gulagymyz eşidip duran ýerde zulmat etmeseň, gan dökmeseň, ýesir sürmeseň, başga dilegimiz, ýumşumyz bolmaz“.
Jogapdan göwni biten Nedir şa ony şol töweregiň begi edip belläpdir...
-Menem hökman gelip okarynam, şu ýerlerde işlärinem.
Saragtyň pyşyrdap aýdan sözleri özüne edilen kasamdy.
Wagona münmänkä bolsa öňki çeken suratlarynyň ählisini jyrym-jyrym edip, zibilhana oklap goýberdi.
* * *
Saragt öýden çykman ýatdy. Daşda-işde biri göräýse „Ah-aw, at nünüp, atam gomlap,“okuwa“ diýip gidibem güwläp gaýdyberdiňmi, gatyrak ýykylyp bir ýerleriňi dagy agyrtmadyk bolsaň bolýa-la, han ogul. Ýer depmäge pi:l, mal bakmaga taýak üçin diplom gerek däldir, ondan ýaňa-ha ýasy ýanyň ýerde bolsun“ diýäýjek ýalydy.
-Beýdip başyňy büräp ýatma, jan balam, me, iý-iç, özüňe gel. „Müň gaýgy bir iş bitirmez“ diýlenidir. Bu ýyl bolmasa indiki ýyl girersiň, maňlaýyňda bolsa. Hah-ha, Hakgy uzynyň oglam, Çary dükançyň agtygam ýykylyp gelipdirler-ä, allanäme gezişip ýörler oba içinde matorlaryny tarladyşyp, müýnleri ýok ýaly.
Ejesiniň bu özelenmesem biderek boldy. Saragt gündizden gorkýan ýaly tä göz baglanýança daşarda görünmedi.
Üçülenji gün diýlende gijara gapyda Begşat aga peýda boldy.
-Ýeri how, Baba agaň dogmasy, garaňky jaýda bus-bus oýnaýaňmy?
Gepiň äheňinden Saragt kakasyndan bir hikmet ýetenini aňdy. Sebäbi brigadirlige geçen Babadan perme müdirligi öňräjik Begşat aga alypdy.
-„Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni“ diýip eşidensiň-ä. Okuwy paşmaýanlaň ähli gam-gussasyny özüň gekjek bolup azara galyp ýatyrmyşyň diýýäler , onyň-a telek seň. Ähli zady zähmet ýňýändir, inim. Meň aýdanymy unasaň-a, Geldimyrat çopanyň golugy ýok nijeme wagt bäri, örüsem Tejen gaýrasyndaky Tuwlyň oýunda eşidesiň belki. Seleň sähra, giň meýdan saňa by ýatan dar kepbäň içi ýal-a däldir, nädersiň ýazlaga çykana dönäýseň. Gaýratyňy gara zähmetde görkezibilseň...
Towsup turan Saragt gepiň yzyny aýtdyrmady:
-Begşat aga, häzir goýbersene şo ýere meni!
-Ertir irdene şaýyňy tutuber, Akmämmediň maşyny gidýä, „düýt“ diýende müngün onda.
Şaýyny weli berk tutdy. Bir daňy kitaplaryň içinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysam, „Görogly“ dessanam, Nurmyrat Saryhanowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň hekaýalardyr powestler ýygyndysam, GaraSeýitli bilen Rehmet Seýidowyň o diýen galyň bolmadyk, ýöne many-mazmun agramy gunt ýaly kitaplaram bardy. Daşynyň sargysy aýrylmadyk bir daňy kagyzam gapdalynda goýuldy. Bir däl, iki gysym ruçka bilen dürli reňkli galamlaram döwülmez ýaly emaý bilen ýerleşdirdi.
Saragt täze Günüň dogşuny „GAZ“-51-iň üstünde ilkinji gezek görýän ýaly gözlrini gyrpman synlady. Ýanyp-ýanyp dogup gelýän şapak onuň ömrüniň zähmete ulaşjak menzillerini buşlaýana meňzeşdi.
-105 kilometr ýol geçmelidiris, loňk-loňky içiňi ala sanjy edäýmesin, hernämede bolsa kabina ýumşagrakdyr, bärik geçäý!
Akmämmet şopuryň bu gepine-de Saragt baş ýaýkady. Häzir onuň dar göwnüne giň sähra, aňyrsy salgyma sapýan gözýetim, dem aldygyňça kükregiňiňi giňeldip barýan tereň howa gerekdi.
Şeýdip irden ugralyşyna agşam göz baglanmanka zordan Tuwlyň oýuna inildi.
Geldimyrat aga kömekçi gelenine aty çykan ýaly begendi. Sözen ýaly syrdam, garaýagyzdan inçesagt, atýüzlüräge-de, tüňňüburun, owasy giňden çukurrak gözli ýigidi siňňin-siňňin synlady-da;
-Çakym aldamasa sen Sähetdurdyň neberesinden bolaýmasaň, dogrumy?!-diýdi.
Saragt çopanyň synçylygyna haýran galdy. Çöl gijesiniň ümsümligini „täze çolugyň hatyrasyna“ diýlip soýlan işegiň bagyr-öýkeni bilen çekdirmesini gömme çörege ýanap garnyny gowy gözän Akmämmät şopuryň gülküňi tutdurýan horruldysy bozsa-da, köne çopan bilen täze golugyň özara hümürdileri gije ýaryma çenli ýatmady.
Ekin içiniň çöli bilen dowar gezýän çölüň tapawudynyň mesaňadygyny Saragt bada-bat aňdy. Dagy nä, oba gaýrasyndaky çölüň beýik depesine çyksaň ilerdäki öýleri säginmän sanabermeli. Bärde weli depe depeden beýik, özlerem dünýäniň ujy tükenýänçä gidip oturan ýaly, aňyrsy görünjek gümany ýok. Oty-çöpem başgaçarak, has merdemsi, öň görülmediklerem bar içinde.
Akrabyň sowuk ýeli degip-degmänkä oduna gitmek ýoňdur obada. Gowaça çöpi diňe tamdyrtowlugyňa, tutaşdyrlugyňa ýaraýmasa, pejiňiňi gyzdyrybilmez. Onsoň garry töňňedir könelen bag bilen oňňut edibilmejegiňem görnüp dur. Özüni oňaran kireýine ýa ýalbar-ýakara tapan maşynyna polat urganyň goşasyny atar-da, deper Garagumyň aýak ýeter ýerine. Barşyna-da ýaňky bilekden ýogyn polat urganyň ujuna pälwanyň biliçeräk, özem çygar sazagy daňarlar-da. maşyny haýdadyp ugrarlar. Tegelek ýasap gidip barýan maşyndaky ýaňky sazak öňüne düşen ojarmy, gandymmy, çerkezmi, çalymy, sözenmi, ýylgynmy... ýapyryp gidip oturandyr. Garrymy, ýaşmy, ösgünmi, gysgamy, tapawudy ýok, öňüne düşdügiň köküň akjaryp ýatandyr. Saragtam giderdi. Oňa köplenç odun basdyrardylar. Şeýlebir sünnäläp, syntgylap ýüklär weli, gapa getirilip düşürilende görenler „Şunçasy bir maşyna nädip sygdy?“ diýip, sykylyklaşyp durandyr.
Gözäňe söweýin Garagum bolsa hujagyna hyzmata gaýym bolup gelenlere bar syryny gysganman açýan eken. Sähel üşügiň bolsa her çöpi bir keramat, her depesi bir aýdylmadyk aýdym, her takyry eşidilmedik heň, her goly-oýy görülmedik gözellik, ýoly-ýodasy çöşläp oturmaly syr. Dagy nä?! Aladaňdan ýola düşersiň 12 kilomerdäki „Gaýraky oý“ diýilýän ýere. Şondaky guýydan içimlik suw getirjek bolsaň hatabyň üstünde esli oturarsyň ýaýkyjyklap. Düýe janawer ýoly-ýodany özi ýasap goýan ýaly gidip oturandyr paşmagyny howlukman başyşyna. Al emma, öýnelige galypmy „ýowuz Garagum“ ady bu sähra. Birden gölejik bulut görner-de, bir sörtüjek „hyz-z‘ eden ýaly bolar. Bir käse çaý içer salymyň içinde bolra gider özem. Töweregiňe garanjaklap ýetişmänkäňem turar bir apy-tupan. Iki gapdalynda suwly bidonlar julkuldaýan düýäni gabarak çöpe gabatlap çökerip ýetişseň zor boldugyňdyr. Akylly janawerem bolsa düýe diýlen janweriň ýüzüni ýelä beresi gelip durandyr. Şonda ýeliň tersine edip çökermeseň işiň gaýtdygydyr. Düýäniň boýnundan gujaklap ýüzüňi ýere, ýeňsäňi şemala berip ýatyşyňa agzyňa sygan doga-dilegleri okap, ady ýadyňa düşen pirlerden-erenlerden delalat dilärsiň. Mynajatyň huzurlaryna ýetene meňzäp, harasat duýdansyz başlaýşy ýaly, birdenem tapba kesiler. Üstüňe batman bolup siňen çägäni-çaňy kakyşdyryp, töweregiňe garanjaklarsyň. Hälki gelen ýylan yzyna meňzeş ýoluň öň görülmedik ýaly tep-tekiz blup ýatandyr. Düýe janawei turzup, üstüne gonup, egri boýnuna kakarsyň:
-Hany özüň, gaýrat et, janawer1
Boldugy! Azaşmasam, gapdala sowulmazam, göni seni goşa getirer. „Indi boldy“ diýip, gol gowşuryp oturjak gumanyň ýokdur. Çopan-geldimyrat aga sürüni günaşyma äkidendir. Irden örä sürlen dowarlar ertir guşluk hol gündogardaky ýasy papynyň ýüzüni dolduryp, bärik iner. Geldigem gulak ýeter ýeri „mä-ä“ den dolduryp, guýa tarap eňer. Nowa doly duraýmalydyr. Müň goýny suwa ýakmagam dilde aňsat. Häzir ynha, hamyrmaýasyny azam, känem atman, hamyr ýugrup, üstüni gaýym basyrarsyň. Soňam üstünden bidonlary düşürilen düýäni ýene goşarsyň nowany doldurmak üçin. Öwrendeklidir janawer, bo hamyt şekilli geýdirilen nogta ilenden tşoň ujundaky tanaby süýräp guýynyň başyna baryberer. Senem şol ýüpüň ujuna 200 litrlik nowany ildirersiň-de, sallarsyň 30-40 metrlik guýynyň düýbüne. Jülpüldisi gulaga gelmese-de, kiriş ýaly tartylan ýüpe gözüň düşenden „haýt, gaýt‘ diýeriňe mähetdel, werziş bolan düýe öňküje aýlanýan ýerinden aýlanyp ugrar, gowanyň agzy ýokary çykandanam, ahyra tarap sowup, basyp goýberersiň weli, „pag-şş“ bolar. Şeýde-şeýde betondan edilen howzy doldurybilseň, özi nowa guýlup başlar.
Maňlaýyňda monjuk bolan deriňi syryp, „häý,gatyrak alan däldir-dä‘ hernä‘ diýip, yzyňa ylgarsyň. Hamyry wagtyndan köpräk alsa, gömme has galňap gidýär-de, bişmesi hyllalalrak bolýar. Heniz hamyr basyrylgyka oduny boldan ýakarsyň, töňňe bolup giden baldyr ýaly gara sazagyň howruna çydamadyk çäge lasyrdap gaýnap, goňrumtyl-gyzyl reňke geçiberer. Tekiz ýaýyp, üstünden oklawy aýrarsyň-da, giňden ýaýbaň agaç gapagyň üstündäki hamyry közi syrylanam bolsa lasyrdap duran tekiz çägä titredip-titredip goýup gobärsiň weli bir „pyşş-ş“ eden ýaly bolar. Derrewem üstüne gora öwrülen çägäni sürersiň-de, hamyry galyň bolandyr öýtseň, birsellemden owradylan közi ýaýradaýarsyň. „Bişendir, Alla“ diýibem bir çäýnek çaý içer salym boluberende alarsyň weli, ak çägäniň aşagyndan Günüň kiçeldilen görnüşi çykdymyka diýer öň görmedikler. Kakyp alyp, köneräjik saçak bilenem süpürersiň weli, durkunda-süüňinde çägeden zirre galmaz. Ysy dagy daş-töwerekde burk urýandyr, agzyň suwuny saklabilmän, özem gyzgynlygndan ýaňa eliňi ýakyp barýansoň, garatap pyçak bilen şapbat ýalysyny ujundan bölüp alaga-da, elýeterde duran bedräniň buz ýaly suwuna basaňdanam yj-j‘ bolar, dişlemek gerek däldir, bokurdaga degmän öter, diňe tagamy agzyňda galar. Gatasa-da,heňlejek, ajajak gümany ýokdur. Garaja gazanda gaýnap-gaýnap süňki etine garylyp giden çorbany ele güýç bermese, pyçak bilen dogralan çöregiň üstüne gapgararsyň. Erňegi içine edilen agaç tabagyň daşyna iki bolup geçersiň, aňryňa „oba gonýança“ dünýä piňiňe däldir. Soňam agşam garaňkysynda alawy has ýalbyrawuk görünýän otda lasyrdaýan mis tüňçäni ajyja demläp, agzyna-da käse düňderip, birsellemdenem dört gezek gaýtaryp, owurtlap ugrarsyň weli, dili has süýjän Geldimyrat çopan ýaşlygyna gaýdyp gelip, saýrap oturandyr. Galan wagty gagalrakdyr, sögünjeňdir, häzir weli agzyndan bal damýandyr.
-Äl-aý, Saragt jan, ynha, şu Ata çopanyň esasy kömekçisi diýlen işde-dä. Sen gelmänkäň bitiriberýän işlerinden göwbüm bitmänem duranokdy meň. Äl ýöne sen ýaş oganlygyňdanmy ýa işiň gözüni bilýänligiňdenmi, indi how, şuň „ynha, bitirdim“ diýýän işlerindenem göwnüm suw içmän başladymy meň...
Ýagly-ýüzli nahardan, ajy çaýdan süňňi gowşan Ata aga äwmän gepär:
-Geldimyrat bir zat diýäýýäň-aý senem, dil öl ýere biten zat bolansoň. Seň yzyňy basyp barýan ýaşda how bizem indi. Onsoňagyr işlere gezek gelende garry göwräni gozgajak bolsaň lagar düşen düýe ýaly bagyrypm durmaly boluberýär, how. Bular bir Göroglynyň Öwez ogly ýaly zyplaň ýigitler-ä.
Geldimyrat aga diklener:
-Gowy ýatlatdyň-aý, büçe bolanyna görä, Saragt jan sen bize „Göroglyny“ okabam bir hezil ber.
Ata aga-da diklener:
-Özem şo Zulman kempiriň Gyraty ogurlaýan ýerinden tutsana..
Geldimyrat aga käsäniň düýbündäkini owurtlamaz-da hopurdadar:
-Pekgeligiň galman geçjeg-aý seniň, kempir tapsaň başgasy gözüňe görnenok. Saragt jan, Görogly begiň Agaýunus perini alyp gaýdýan wakaýalary bardyr-a, ana, şo ýerini tapyp oka.
Ata aga-da gep oklap galar:
-Şol periden käşgä saňa nep ýetýän bolsa, bizem diňlesek diňläýeris, okaber!
Onsoň panus çyrany ýakyp, kitap okabalysyň gijäniň birwagtyna çenli. Çaýy bolsa indi Ata aga demleýändir, Saragta-da guýupjyk berýändir.
Saragt galan wagtam dek oturmaz. Öňde gara bardygy, öýleriniň gapysynda-da gowaça çöpünden başga zadyň ýoklugy ýadyna düşüp duransoň, eli boşadygy, gözi depseň gopup duran garry ojarlardadyr ýa-da „indi men-ä ýaşamaly möwrütimi paýawlaberdim“ diýýän ýaly gapdala gyşaran ak sazakladadyr.ýogynrak gagşyl-guran ýylgyn görse-de deňinden geçmez. ‚Irden tutaşdyrlyga ýarar“ diýip, onam üýşürer gidiberer. Günde ýarym küderäk boluberýärem ganymat garzynsa. Onsoň her aýda iki gezek gelip duran maşynlaryň şopurlaram agşamlyk ýatymlyga galmaly bolansoňlar sözüni ýykmazlar. „Eltibilsek gaýtam, Baba aga bir „egri boýun“ bilen „bir dogry boýny“ öňümizde goýar, alkyşam üstesine, ýükle, inim!“ diýerler.
Her iki aýdanam bir aý boş. Gideňde-de „ çöldäki zähmet haky üçin“ diýlip her aýda berilýän goýnam atýaň maşynyň nowasynyň içine. Aýlygam şäher içinde ýa-da oba ýerlerinde işläp ýörenleriňkiden ep-eslije tapawutly. „Çopana meýlis haram“ diýlen döwürdäki ýaly däl ýaşaýşyň, güzeranyňam. Öwrenişibilseň Garagum o diýen bir içgysgynjam däl.
Şeýdip Saragt kem-kemden Garagumyň ogluna öwrüliberdi.
* * *
Geldimyrat aga düýp goşda galdy. Sürüni iki kömekçisi äkitdi. „Ýaşuly, sen dem-dynjyňy al, gerek-ýaragyňa seret!“ diýdiler.
„Bikärden Hudaý bizar“ diýleni, dek oturyp bolýarmy nä?
-Gowusy, ýüp işäýeýin-le, geçi çöpüri bolmaly bir ýerlerde.
Şeýle diýip ýekegat kepbäniň içine girdi-de, goýanyny dörüp ugrady. Çaklaňja haltany alyp bäri öwrüljek wagty bolsa aý gören ýaly aňaldy galyberdi. Aýagnyň aşagy „şygyrt“ eden ýaly boldy. Äňetse tertiplije basylan kagyzlar. „Hat ýazardan ulurakmy-aý özem“ diýip birini galdyrdy. Şobada-da „wäh“ diýlene dönüp, yza serpikdi. Öz-özi gepleneneninem bilmedi:
-Ah-aw, häli goýun yzyna düşüp giden ýalydyň-la sen.
Soňam ýerde ýatany eline alyp dikledi. Gulaç boýydan kiçeňräk kagyzyň ýüzünden oňa kömekçisi Ata seredip durdy. Özem şeýle bir çekilipdir weli, lopuşrak ýüzdäki ýaýbaň maňlaýdan akýan derem, ýogynrak bolansoň kelle bilen bile bitene meňzeýän boýnam, gyýkmagrakdan owasy uly gözlerem, taýpy ýaly, ýöne etlek eňeklerem, paşygrak burnam... aý garaz, agyn özü-dä.
-Häzir dil bitäge-de, „Näme ýüzüme jikgerilip dursuň?“ diýäýmänkä ýerinde bir goýaýyn.
Üýtgeşik hezilligiň üstünden barana dönen, şol bir wagtda-da „kişi zadyna özünden bidin dörmek günäbolaýmasyn“ diýipm böwrünem diňirgendiren çopan derrew öz içinden delil tapdy: „Giň çölüň içindäki darajyk goşda seňki-meňki diýlen zat bolmaz, ortalykdyr geýim-gejimiňden galany“. Şeýdip galan kagyzlaram galdyryşdyryp ugrady. Asyl olary goltuklap daşaryk alyp çykdy. Baý-buw! Ýagty ýerde ütgeşik eken-ä bulary synlamak. Ynha, giden oýda biten ojar tokaýlygy. Ýeri, onuň aňry ujundan zymdyrylyp çykyp barýan çalja towşan nireden gözüňe ilip ýetişdi diýsene! Ol eline alan kagyzyna seredenden loh-loh gülenini duýman galdy:
-Aý, zaňňaryň ogly, muny edäýşini!
Kagyzyň ýüzünde hol kybladaky ýapydan bärik inip gelýän süri, Ajdar bilen Basary gapdalyna alyp gelýän Geldymyrat çopan. Ýadawrakdygy ýüzünden bildirip dur, egri taýagam biline söýget edip, her ujundanam bir eli bilen tutupdyr, asmanreňk ýuka kiteliniň çala kirjigenem bärde aýnanyň ýüzündňkidenem aýdyň görnüp dur-aý. Orta boýludan uzynrak, kakçekge, saç-sakgaly gar sepilen ýaly adam özüni indi tanajak bolýan ýaly suraty gabadynda durup bir synlady, gapdala çekilip ýene oňa öwşerildi, soň gözüne degräýjek bolubam gaýta-gaýta esewanlady.
-Muny gör-äý! Itleri dagam gazan kelle, aýy penje, läheň göwre edip çekişi edil özleri-dä. Aý, zeniniňe nur ýagsyn, how, çoluk inim!
Baş çopan soňky jümlesini zowladyp goýberdi özi bilmezden.
-Häý, gije uly ot ýakyp, şoň yşygyna diňe kitap okaýamykaň diýsem, gapdaly bilen beýle hünäriňem bar eken-ow seň!
Göwnüme bir hikmet gelen ýaly ol böwrüni diňirgendirip, ýylgyrjaklady. Soňam çägä gaýym gömlen örä arkasyny berip geçi çöpürinden ýüp işmäge başlady.
Ertesi daň ujy gyzarmanka baş çopan golugyny yralap oýardy.
-Tur, Saragt, tur!
Gözlerini açalak-ýumalak eden ýigit alagaraňkydan bir zat gözleýän ýaly töweregine garanjaklady:
-Sürüni bu gün Ata äkitmleidir-ä, Geldimyrat aga?
-Ol-a şeýle weli, men seni başga zat üçin oýatdym.
-Näme ýumuş bolsa aýdyberiň.
-Ýumuşmy-Geldimyrat aga gündogar tarapa el uzatdy-„Tüwüriň diňiniň üstünde daňdanyň öň ýany jyn görünýämiş“ diýlen bir güürüň bar, bilýämiň şony? Bileje gidip barlap göräýsek diýip oýadyşym boldy.
Saragtyň çepiksi göwresi derrew ýerden üzüldi:
-Oňa sen gerek däl, Geldimyrat aga. Jyn bolsa ozümizem hötdesinden geleris oň.
-Gorkmazmyň?
-Erkek bolsa ýakasyndan, gelin ýa gyz bolsa saçyndan tutup getirip görkezsem bolýa dämi?
-„Şaýly gelin bamyş“ myşy bar, gorkmazmyň.
-Onda dagy-ha gulagyňy gaýym bäri tarapa tutup otyr, şaňňyrdadyp, waňňyrdadyp getirmek biz bilen.
-Ony oňarsaň!
-Gitdim onda!
Gitse-de gitdi weli, Saragtyň sandygyna howpam düşmän durmady. Gaýtmanka golyugyna urup ýetişen galamlarydyr kagyzlaryny barlap gördi. „Ýa-da gözden gizlin gabşalrak bir ýere girip, surat çekäýsemmikäm? Ýak-k, walla senem, şu ýaşda ýöwselleseň, soň nädersiň? Ýelýürekden gelen agzy boşuň tapýan gepleridir ýaňky şow-şow. Ýakadan ýapyşjagam gyz ýa gelin bolsa görüberýäs“.
Ädimini gowşatman depä dyrmaşanam şoldy, ýeňseden eşidilen ses daň ümsümligini bozup goýberdi:
-Inim, okdan, topdan gorkman oduň içinden çykyp gelen Baba permäň ogludygyňy görkezdiň, düşäý indi depeden!
-Düşjek däl, şu ýerde oturyp Günüň dogşunyň suratyny çekjek. Galaň ho gädiginden ýalpyldap bir peri-peýker görnäýse kim bilýär, garaşsak elinden tutup alyp gideris.
-Saragt jan, ýazýan hatlaryňdaky gyzlar köne galada däl, oba içinde gezip ýörler.
-Wä-h-galanyň çür depesinde oturan ýigit içini çekende içegesi üzülendir öýtdi. Ol gije oduň başynda oturyp oba oglanlaryna ýazyp berýän hatlaryny baş çopanyň nireden, haçan tapyp okaýanyna haýran galmakdan ýaňa tas galanyň depesinden gaçypdy. „Dost jan, seň ýazan hatyňy alan gyzlaň erni ýyrşaryberýär, gaýrat et-de meň adymdan şu gyza bir söýgi hatyny gaýrat et!“ diýip özelenýän deň-duşlarynyň raýyny ýykmazdy. Onsoň okalan „Şirin-Perhat“, „Zöhre-Tahyr“, „Şasenem-Garyp“ dessanynlaryndan, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Gara Seýitliniň, Allaberdi Haýydyň... ýat tutulan goşgularyndan magşuk gyza setirlerde „çemen“ baglap, aşagyna-da aşyk ýigidiň adyny goýup, sünnelňp, owadanlap söýgi hatyny ýazyp berer weli, howlukmakdan ýüregi böküp duran kä ýigit şol durşuna gyza gowşurar.
Ine, aşakda sakgalyny owuçlap, kä dogup gelýän Güne, käte köne galanyň çür depesinde oturan çolugyna seredip ýyljyraklap duran çopan bu syry nirelerden bilip ýörkä?! Il bilmän döretmändir-ow „Gizlin gepi bir-ä törde oturan agzy ýaşmakly gelinden, birem çölde gezip ýören çopandan sora“ diýlen nakyly.
Şaýly geline derek Saragt çopany bilen tirkeşip gaýtdy.
* * *
Egni esger eşikli ýigit Daşkentden çykdy.
Baba aga ugratjak wagty bir hyrçyny dişledi:
-Beýle işeňňir ogly ýene birki ýyl ulanaýamda egnim diklenäýjekldi weli...
Ejesi Nurbibi onuň jogabyny berdi:
-Iki ýyl gumda agzyna gäge syradyp gezenini aza görýämiň, balamyň? Her ýyl iki maşyn odun bilen tükel on iki goýny gapa getirip, aýlyjagynam başybütin sanap berensoň agzyň tagam tapandyr seň...
Ejesiniň gepiniň yzyny Saragt doldurdy:
-Kaka, ýigit çykaňsoň diňe bir öýüň däl, Watanyň hyzmatynam etmeli bor-a.
Çykalgasyny aldyran ata çalaja ýylgyryp, bir agyz:
-Onyňam dogry, ejeň agzanlary üçinem sag bol, ogul-diýip oňdy.
Saragtyň bolsa göz öňüne soňky wakalar geldi.
Harby wekilýetiň çakylyk hatyny alansoň ol çolukçylykdan gaýtdy. Özem edil güýzüň başynda. Öýde boş oturmazlyk üçinem ol ýene atyza çykdy. Şol ýyl ýüpek pagta ekilipdi. Ony ýygmagyň kynrakdygynam biline partyk daňyp keşiň içine giren bilýär. Sogurjak bolsaň ujy çömmegräk gozanyň düýbünde magniti bar ýaly aňsat eliňe geläýenok. Sümeklerem nah pagtanyňky ýaly aýaňy dolduryp duranok. Onsoň ganaryňy gözejek bolsaň baý, haýdamalysyň-a.
Saragt guma gidensoň iki ýylyň içinde ýygymdan eli çykyşyandyr öýden gyzlary ol ýene ät goýdy.
-Gapandan düşüräý, 90 kile.
Her gün şonçarak, az bolanda bäş-on kile kem ýygýar weli, özçne göwni ýetýän gyzlar bir ýigitçe bolubilmeýänlerine öz ýanlaryndan „ýanyp-bişäýýäler“.
Bir günem şawwyrak sesli gyzlaryň biriniň aýdan gepi Saragtyň gulagyndan girse-de, ýüreginde galdy.
-Ah-eý, okuwa çöňňe bolsaň, gara zähmete gaýrat etmeli borsuň-da, kelläň işlemese, eliň işlär-dä.
Saragt doňup galdy. Içindenem şeýle diýdi: „Iň soňky pagta ýygyşyň bolsun, okuwa gigbilmeseň seňňem namart boldugyň!“. Şol gün gapana gelen pagta öňküdenem kän boldy. Ertesi weli atyza çykmady.
1969-njy ýylda Daşkentde egni esger eşikli gezip ýören garaýagyzdan inçemik esger ýadyrgamadam, hor-homsam bolmady.
-Içigar, oglanlykdan ädik ýa agyr köwüş geýip öwrenişdirmeli eken, ynha, ökjäm eýýäm gabarçak boldy.
Aýagyny göterip oturan oglana ol dözmedi.
-Hany dolagyňy nähili dolaýanyňy görkez!
Onuň çöňňe hereketine hem-ň gülküsi tutan heme azajyk gahary gelen Saragt baş ýaýkady:
-Dogan, beýdip dolasaň tä gullugy gutarýançaň aýagyň gyzyl jijigi aýrylmaz, ynha, şeýdip gaty tutup, tä ňdigiňi çykarýançaň sypyrylmaz ýaly edip ora, berk tut!
Gapdaldan biri güldi:
-Ýaşlykda zňhmete köýmedik bolsaň, gullukda ädigiňi oňarman sölpüldär ýörersiň.
Saragt bada-bat göze ildi. Bölümiň diwar gazetini öňünden aýrylmaz ýaly edip bezäp berensoň-a, tyýs tarhan boldy. Bölüm serkerdesi kapitan Lededew bir gün soragy:
-Serjant Babaýew, bu şäherde heý, tanaýanyň, gatnaşýanyň barmydyr?
-Ýoldaş kapitan, lunaçarskiý adyndaky teatral institutda ildeşlerim okaýar, içinde bir obada ösen ogalnalaram bar.
-Geljekki türkmen hudojnikleri-dä diýmek?
-Geljekki aristlerem bar içinde.
Sekerdebaşy soragynyň jogabyny çürt-kesik etdi;
-Onda saňa her ýekşenbe uzyn gün rugsat. Ildeşleriň ýanyna git, gümür-ýamyra goýberýändir öýtme, şolardan öwren, eliň nähili türgünleýäninem çykarýan diwar gazetleriňe seredip kesgitlejekdirin. Bek ýadyňda bolsun, inijik, diňe zňhmet hudojnik ýasaýandyr, unutmagyn!
Şeýdip onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Institutyň umumy ýaşayş jaýyna tarap guş bolup uçdy. Babasary Annamyrat Berdi, Täçmyrat Çary, Baýram Lallyk, Artyk Remezan, Ýedi Madat, Annamyarat dagy geljekki hudojnikler, Aman Öde, Sapar .... , Rejep Gurban dagam okuwy gutarsalar teatryň sahnasynda oýnamaly ýigitler. Olar eger eşikli ildeşi gara-gadyr garşyladylar. Ýek-tükün-ä öňem tapap ýör. Bardygam bir käse çaý içse içer-de, ‚hany maňa-da öwrediň“ diýip ugrar. Olaram „ä-ä“ diýmän,kistedir galam bilen kagyza ýapyşarlar. Saragtam „içiniň ýelini“ çykarar. Eli ýadap, maňlaýy düwme-düwme der bolýança gaýra çekilmez. Onuň beýle yhlasyna, jepakeşligine haýran galarlar. Şeýdip iňrik garalyp başlanynam duýman galar.
-Dur how, sallahlaryň üýşüp bişirýňn naharyndan iýip git, esger kaşasyndan tagamlyrakdyr bu-diýselerem etmez.
-Bellenilip berlen wagtdan gijä galmaýyn-diýip, köçä ylgar.
Sylaşyk iki tarapdan bolansoň, serkerdebaşylaram onuň raýyny ýykanokdylar. Lellimräk esgerem eline berseler, edil çapyljak at ýaly edip ýetişdirer, onsoň öň müzzeip duran ýigidem endamyna suw ýöräp, basan ýerinden ot çykaryp ugranyna dylym-dylym eder, serkerdebaşylaram sejant Babaýewiň özlerini bir hupbatdan dyndaranyna begenerler.
Gullugyň ikinji ýylynyň içinde bolsa kapitan lebedew has ezmayşlyk etdi:
-Babaýew, doganjygym, sen hökman hudojnik bolaýmaly, düşdüňmi?! Şonuň üçinem her iki günden instituta gidibilersiň, ir sagat altydan giç sagat alta çenli saňa rugsat. Özüňem bilýämiň näme, bölümiň agaç ussahanasy bar, şoňa-da göz-gulak bolmagy tabşyrýan.
Bu-ýa has hezil boldy. Islän agajyň basylgy dur, palta, çekiç, teşe, dişlew... eliň aşagynda, stanok gerek diýseň olam bar, görkeziber gaýratyňy, başarnygyňy!
Şeýde-şeýde gullugam paýawlaberdi. Kapitan lebedew onuň bilen gujaklaşyp hoşlaşdy;
-Wah, hemme esger seniň ýaly ýüregi alawly, eli işli bolaýsa. Eger nesibe çekip şu töwereklere okuwa giräýseň meniň bardygymy ýatdan çykarmagyn, seni görsem göwnüm göteriliberýňr, ynan şuňa, inijik! Nirede gezseňem sen bu erjelligiň, zňhmetsöýerligiň bilen hijem hor bolmarsyň. Galanynam näme, Alla oňlasyn!
Ers-mers bolup gelen ýigidi obada ilki görende tanamadyklaram boldy. Esger eşigini çykarybildigi onuň küýi okuwa synanyşmakdy.
-Nirä hyýallanýaň onsoň?
„Sag-aman gelipdir gözüňiz aýdyň!“ diýşenler azalyberensoň, begençlerinden beren sadakalry sowlansoň, çaý başynda kakasynyň beren jogabyny ogly pert etdi;
-Hudojniklige gitjek!
-Niýetiňden dänjek däl-ow sen. Başgaragy bolanda bolanokmy?
-„Kim gaýkyny söýer, kim küýküni“ diýlenidir-dň, kaka. Göwün söýeninden dänip bolmaz-a.
Baba aga syýnyny silkip ýerinden turdy:
-Nirä gitseň şoňa git, ýöne şo käriňe men-ň göwneýän däldirin.
Paltasy daşa degse-de, umydy gyrylmadyk ýigit kolhoz başlygynyň gapysyndan bardy. Giriläýen ýerdňki darajyk otagda jygyldawuk oturgyndan turup salamlaşan kätip-kömekçi onuň içindňkini okan ýaly şeýle diýdi:
-Paspyrt üçin ysprawka üçin gelen bolsaň-a giribem oturma, bermez!
Saragt „Atylan ok daşdan gaýtmaz“ etse-de, möhümi bitmedi.
Gyzyl çorş tüýs başlyklygyny edip, agzyny ýokarrak tutup gepledi:
-Birinjiden-ä, ysprawka bermek sawsym gadagan, ikinjidenem, seň ýaly eli işli, zähmetden basylmaýan oglanlar woo-başlyk semizlikden ýaňa çala çommalýan başam barmagyny hatap ýaly bolansoň kelle bilen bile bitene meňzeş bokurdagya ýetirdi-gerek kolhoza. Şondan üçrübem öňki goluklygyňy baş çopançylyga çalşyp seni göle goýberjek. Razymy? Bir ýyl işläp bereňsoň görübiris.
Saragt stulyny şakyrdadyp ýerinden galdy:
-Goýun çopany boljak däl, doňuz çopany boljak, Sergeý daýyň ýanyna kömekçi edäýiň.
Başlyk uly kellesini silkip şyg-şyglap güldi:
-Bir töwra ýigit ekeniň-aý sen-ä Baba brigadyň ogly. Il „doňuz çopany boljak däl“ diýip ýer depse, sen şoňa döwtalab-aý. Bar, onda sen şu günden Sergeýiň kömekçisi.
Saragtyň Sergeý daýynyň ýanyna dyzamagynyň sebäbi bardy. Türkmençäni ýerli halkyň özänden suwara bilýän saryjadan çypar adam „elinden gül dökülýär“ diýdirýän agaç ussasydy. Saragty omrindirýän ýerem onuň görseň „beýle dokuzy düzüwlik bolar eken-ow“ diýdirýän ussahanasydy. Kolhoz diýeniňem ýaýrawy giň, desgasy, ýeri kän. Çagalar bagynyň gapysy döwülse-de, sygyr permesiniň äpişgeleri döwülse-de, myhmanhananyň üçeginden ýagyş geçse-de, „dat, Sergeý ýeteweri!“ bolup dur. Ine, Saragt ozalam çyryrýan şaňňy sesi allaowarradan eşidilýňn jandarlary bilen gije-gündiz mübtela Sergeý daýyny şu hossalardan dyndardy. „Doňuz çopanyň kömekçisi“ diýilse-de, ol diňe ussaçylyk bilen mübtelady. Başyna baran işiniňem görenler aýtmyşlaýyn, „gözüne gül salýardy“. Çygdan-ýagyşdan tagtasy çişip, petlesi ýerine barmangyşaryp, ýapjak bolsaň jygyldap alazenle bolýan penjireleri ýonup, dogurlap ýerine goýar weli, edil bile biten ýalydyr. Çagşap ýatan gapylary söküp, kä ýerini täzeläp, ýogyn ýerini inçeldip, inçe ýerini galyndy tagtadan peteklňp, üçtçndenem bilinmez ýaly agajyň özünden ýasan „çüýüni“ urar, gözüň düşse Hywada ýaslyp geldimikň diýersiň.
Doganoglanlary-Daşjanyň ogullary Öde bilen Gurt hem hakyt „elinden dür dökülýňr“ diýilýňn ýigitlerdi.
-Gurt kaka, maňa-da dutar, gyjak ýasamany öwretsene-diýip, agşamara işden soň ýanyna barar.
-Bakýan janawerliň ýanyndan gaýdaňsoň üst-başyňy çaşyryp, özüňem suwa –zada düşdüňmi! Ýogsam bi dutar-gyjak diýleni pirli zatdyr, gijesi bilen basyrganyp çykaýma-diýip, Gurt kaka degişmä salyp, göwnündňkini aýdar.
-Ýa-k, senem-aý, Öde, Saragt ikimizdenem päkizedir. Sered-ä egin-eşigine şäheriň seýil bagynda gezip ýören ýaly- diýip, gapdaldan biri gürrüňe gyzyk berer.
-Eýle bolsa, gel jigim. Ýöne öňürti men seň argynlygyňy aýyrmak üçin birje heň edip bereýin-diýip, Gurt kakasy elindäki dutaryň perdelerini düzüp ugrar.
-Işleseň syrçaň synanok, gaýtam, keýpiň çaglanyberýär. Ýöne maňa paspyrt, köne dilde aýdaňda, başbilit almak üçin sprawka berilmeýäni ýadadýa diýňýmeseň.
-Eýle bolsa sen Berdiguly daýyň ýanyna baraýsaň bolmaýamy, beýdip kösenip ýörenden.
Saragtyň ýitigini tapana neňzäp erni ýyrşaryp gitdi. Päheý, ýadyna düşmeýşini diýsene! Ejesiniň erkek dogany berdiguly raýonyň baş agronomy ahyry. Kolhoza gelende Gyzyl gorşuň daýysynyň üzeňňisinden üç geçjek bolup elewräberşini Saragtyň özem görüpdi ahyry.
Ertesi irden ol daýysynyň gaşynda gögerdi. Ýegeniniň arzyny-islegini diňlän daýysy meseläni çürt-kesik etdi:
-„Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli müňüni“ diýlenini et, ýegen. Kakaňam bu gün gaňryşa tutup otursa-da, erte sen okuwly, kärli bolaňda hatasyna düşüner. Yspyrawkany bolsa sen bitdi biläý.
Berdiguly aga hasur-husur gulak ýaly kagyza bir zatlar ýazdy-da, Saragta uzatdy:
-Me, şuny gyzlyň eline tutdur!
Powestler