HEÝKEL ROWAÝATY
Öňki hezillik ýene-de başlandy. Uly ýük maşynyndan düşürilýän harsaň daşlaryň üýtgeşik syry bar ýaly baý, çaga bary üýşýär-ow! Ilki-hä şowhun bilen synlaýarlar, soňam özara jedel başlanýar. Soňam ekabyrragy ýa-da ýeserje biri saýlanýar-da, uzynakdan agajeträk, çal saçlary bugdaýreňkden atýüzüne gelşik berip duran adama sowal berýär:
-Saragt daýy, bu daşly nireden getirdiňiz-aý?
Jogap eşidilmänkä-de yzyny beýlekiler alyp göterýär:
-Mundan näme ýasajak bolýaňyz?
-Yzyna-da ýene maşynly äkitmelimi?
-Daşy nädip çapýalar-aý?
Garaz, çaga dünýäsi sowaldan doly.
Ol bolsa haýsy jogabyny bijebaşy etjegini bilmän, ýylgyrar durar. Soňam şadyýandan soranjaň gül meňizlerden özüniň çagalyk keşbini tapjak bolýan ýaly azajyk oýa batar.
...‚Sür-hä-sür“ halys surnukdyrdy. Eý-how, Tejen ýeňseleri kaýda, Gerirut derýasynyň bärik inýän ýeri küje?!
-Urşuň hupbatyndan ýaňy dyndyk diýsek, başymyza düşen bu synag nämäň alamatyka, „Iki göç-bir talaň“ diýleniniň...
Aýna eje howudy howul-hara gurlan düýäniň üstünde yraljyrap oturan hamyla gelni bu janagyryly hühürdilerden goraglajak bolýan ýaly, çal eşegiň gaňňasyny gysymlap, yzyna gaňryldy:
-A gyz, Ogulla, Allaň edenine şükürli bolarlar. „Her iş bolsun, haýyr bolsun“ diýlenidir. Uruşdan özüne derek üçburç haty gelen erkekleriň pyganyny çekip, gözýaşymyz gurap gidipdi. Indi Hudaý gaýtaryp beren gara telpekliler gapdalyňdan direnişip barýarka beri göwnüňi giň tutsana...
Dişini gysyp, dilini dişlän garaýagyzdan hortap gelin Aýna ejä jogap bermedi-de, delalaty asmandan isleýän ýaly depesine seretdi. Saýgylanyp-saýgylanyp lenji çykan ýüňe meňzeş bulutlar aşakdaky göçden galyşman gelýän bolsalaram, olaryň üstüne damja dözmän şo-ol geçip durdular.
Bu gezek sabryny tükeden bir zenan zeýrendi:
-Gurbany gitdigim Burkut baba bulutdan suw berýän sanajyny biz illere gaýdanda ýadyndan çykarana däldir-dä...
1947-nji ýylyň ýeke nem dammadyk alabaharyndan kem galmajak bolýana meňzän güýzem gaharjaň kişiniň ýüzi ýaly çaňjaryp durdy. Asmandan nem dammansoň zynç ýaly gatan meýdanlar ylla ýylan ýalan ýalydy. Üstesine-de gaýra-günbatardan bat alyp gelýän sörtük şemal ýeriň barja yzgarynam sokga sorup ýelk ýasaýýardy.
Hany saňa şaglap ýatan ýol, üstünden topbagyň bilen säginmän otüp gidiberer ýaly köpri?! Gadymy kerwen ýolu-da gytçylyk, gahatçylyk ýyllary az ýörelensoň, inçelip-inçelip, üzülere-ýitere gelipdir. Ondanam sürü-süri dowaryň, molaşyp, patanaklaşyp, giň dünýäni dar görüp gelýän boz padaňy-gara mallaryňy, „öňki örümizden, guýymyzdan aýryp, bizi nirlere sürüp barýarsyňyz, how?!“ diýýän ýaly uzyndan egri boýunlaryny tälewledip, patarrakyny uraýaslary gelip duran düýeleri geçirjek bolsaň gara görgi. Ho-ol salgym bolup görünýän gara daglaram dumanyňmy, çaňyňmy içinde kä görnüp, kä ýitip, özem ýöredigiňçe aňry süýşüp barýan ýaly.
Ogly babanyň ýabysyny säpjedip ýetip gelýänini gören Aýna eje kaddyny dikledi:
-Golaýlamadykmy, oglum?
Bugdaýreňk ýüzi ýadawlykdan, uly göçüň endişe-aladasyndan ýaňa garaört bolan yzyndan agajet, urşa gidip gelenini aýagyndaky mele galife balagyndan biläýmeli adam özüne çiňerilen göreçleriň göwnüni götermek üçin ýylgyryp gepledi:
-Derýanyň hol görünýän gury olumyndan geçsek, Saragtyň düzlügi başlanýar, eje. Gaýrat ediň, az galdy.
Mäleşip Älemi göçüräýjek bolýan asyr sürüniň yzyndaky tot-tozandan ýaňa diňe bäbenegi akjaryp görünýän adam egri taýagy bilen ujy çiş telpeginiň etegini göterip, horlukdan ýaňa has uzalana meňşeş elini şol tapa kölegeletdi:
-Beh, gurbanygitdigim, tebigat boganda şeýle bolýandyr-da bu. Mundan bäş-alty ýyl ozal bärden mal äkidemizde-de edil häzirki ýaly Nowruzyň yzýanydy. Şonda kenarlaryny opuryp barýan derýadan bäri ötübilmän dört gün garaşypdyk. Indi Gerirudyň olumy çaňap ýatyr-la..
Kimdir biri umytly gep urdy:
-Ýöne how, baýyrlary-ha gök öwüsýän ýaly-la.
„Ýer ala, ýurt ala“ diýleni. Derýadan geçildem weli, toprak täzelenen ýaly bolaýdy. Muhy ilki bilenem garny hepbik bolan dowarlar duýdy. Gulagyny ýelken ýaly edip, şahy bilenem ýer süsjege meňzäp hemmelerden öň güpürdini uran gäre gözi düşen Baba öz ýanyndan ýylgyranyny duýman galdy: „Öňküleriň irret gepi ýog-ow. Muny gör, tüýs „Geçiniň öň aýagy ýaly“ diýleni şudur“.
Gözläp ýörlene gözi düşende ynsan bendesiniň ýüzi ýagtylyp, ýüregi suwlanyberýär. Göçe baştutan bolansoň Baba perme aýgytly sözüni aýtdy:
-Hol howalanyp görünýän gowşut hanyň galasy bolmaly. Eger makul görseňiz, öňem nijeme bendeleri bela-beterden goran, türkmeniň agzybirlik tugunyň belent pasyrdan ýeri bolan şo galany etekläp ýerleşäýsek niçik bolar...
Aýdan gürrüňinden özem gorkan ýaly ol çal kiteliniň çep jübüsini elläp goýberenini duýman galdy. Partbileti sessiz höküm bilen „Ýeri how, frintçy bolaňda-da hanly , milletli gürrüňe ýetibermäge kim saňa hukuk berýä ýoldaş ....? diýen ýaly çalaja tisginip gitdi. Ýüreginiň çuňundan çykan söz çala galpyldy düşeb göwrä teselli berdi: „Bu adamlaryň içinde „göz‘ ýa „gulak“ ýokdur, hemmesi agzyna gaýym adamlardyr. Köpüsi-hä „baý-kulaklygy“, Sibire sürülmegiň jebri-jepasyny çekenleriň ýa özüdir ýa-da bala-çagalarydyr. Onsoň saç-sakgaly wagtndan ir agardan öl aýylganç görgüleriň özgeleriň başyna düşmegine kes-kelläm garşy boljak adamlar-a bular“.
-Ynsan kowmunyň birek-biregiň başyna salýan zulmatyny merdi-merdanalyk bilen, gaýrat bilen ahyrsoňy ýeňip bolsa-da, tebigatyň görkezýän görgüsine boýun bolmaly eken-ow.
Muny näme üçin aýdanyna gapdaldakylar gowy düşündi.
-Perme, saýlan ýerimiz-ä biçem däl. Gerirut derýasynyň gündogar ýüzi, galanyňam günbatar-kyblasy, ýazylyp-ýaýrap oturmaly giňişlik ällenäme.
Güýzän ota agyz uran goýun-geçileri, çökerilip, käsi sagylyp ugran, käsi duşalyp, örä kowlan düýeleri, „egnimizden ýük düşensoňam bir aýak ýazaly“ diýişýäne meňzäp jytlaşýan, aldygyna aňňyrýan eşekleri synlap durşuna Baba bäri gaýdylmanka bolan wakalarydyr gep-gürrüňleri aňynda saldarlady.
... Urşuň jan bilen hasaplaşylýan darkaşly jeň meýdanynda „Ýeňiş“ diýlen arzyly pellehana ýetmek nenňsi kyn boldy! Ol ençeme öýleri boşadyp, nijeme gelinleri ýanýoldaşsyz, nijeme eneleri ogulsyz, dogansyz goýdy.
Fronta gidenleriň yzyndakylaryňam güni ‚it görse gözi agarjak“ diýleni boldy. Bili bekemedik gyzlar, göwreli gelinler, saçyna ak giren, bili bükülen enelr billerini berk çekip gazy gazdylar. Heniz oglanlykdan saýlanmadyk möngöz çagalar orak,ordular, harmana desse çekdiler, purgon sürdüler. Aýagynyn içmege dolap, agtyk-çowluklaryna „ony eýt, muny beýt‘ diýip, oturmaly garrylar sakgallaryny sallaşyp, dowar yzyna düşdüler, pada bakdylar, gijelerine ekine suw tutdular, goza sogurdylar, gündizlerine döwek döwdüler...
Urşuň gutaranyna iki ýyl geçiberenem bolsa onuň ýüreklere salan ýarasam, güne-güzerana salan selteňem juda haýal bitýärdi. Dogry, parahat günleriň hözüri başgady. Ýöne ýeter-ýetmezgiligiň „deşigi“ näçe ýamasaňam, başga bir ýerden „jyklap‘ çykaýýardy. „Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter“ diýleni bolubam, birden gelen garahassalyk diri galanlaram „çöpläp“ ugrady. Ondan aman sypanlaryň ýakasyndanam ynha, „gurakçylyk“ diýlen bela ebşitläp tutdy.
-Baharyň beýle „gury aýak“ gelenini gundagdan saýlanalymyz bäri gören däldiris-diýip, alty-ýedi müçäni ýaşan garrylaram ýaka tutuberdiler-Nowruzda beri yrymyna geçiniň şahyny ezerlik ygal asmandan inäýmeli ahbetin...
Tomus weli kyýamat yssysy bilen geldi. Gerşine yzgar degmedik toprakda çöp-giýä gögermedi. Entegem Tejen aýagy bolansoň öň eňen sil suwlarynyň galyndylarydyr oýtaklaryň yzgaryna gögeren meýdanlar az-owlagam bolsa maňlaýdan diredi. Saryja tomsa alyn direlende weli, olam teýim-takyr tükendi.
-Was töwerekleri otluk-suwluk diýýärler. Akmolla, Böwrüdeşik, Damla guýularyny ýakalap, şoňa sürübersek mal-garany.
-Duşak, Gowşut töwereklerem bärdäkiden ýaman bolmasa, gowy dälmiş gözi bilen görenleriň aýdyşyça. Aksuw, Babadurmaz taraplarynda garza, mal alar ýaly ot-çöp baram bolsa, toýnaklysynyň özüne ýetse zor boldugy diýýä başlyklar.
„Türkmeniň öňem Was, soňam Was“ diýlenini edibersek näder, adamlar.
Ine, kolhoz konturynda şeýdip „biçip-kesip“ otyrkalar raýkomyň wekili atyny säpjedip geldi. Demini dürsäp-dürsemänem kolhoz başlygyna ýüzlendi:
-Raýkomyň büurosynyň karary bilen siziň kolhozyňyzyň mallary Saragta sürülmeli edildi.
Bolany! „Kötek güýçli bolsa, ýük gazyk ýere girer“ etmänem gör-dä! Ine, ady rowaýata öwrülen Göwşut hanyň ençe darkaşlardyr pelegiň ajy-süýji gerdişlerini gören galasyny penalap, bärde Gerirut, Gaňňalynyň oýundan aňyrda Tejen diýlip atlandyrylýan derýanyň hanasyny ýassanyp.
* * *
-Bu balamyzam çyrçykdan gözi açylmaýan çaga bolup dünýä inen oguşýa...
Aýna eje uludan dem alanda agzyndan ýalyn çykyp giden ýaly boldy. Aglap-aglap ysgyn-deramatdan düşensoň usurgana meňzäp ýatan bäbejigiň agzyna Nurbibi emme berjek bolsa, ol almady. Garabagyr ene bozlap goýberdi;
-Enesi, bu-ýa indi emjeginem alanok, garabagtym.
Dört burçuna agaç dikilip, daşyna hyşadyr gamyş tutulyp, onuňam üç tarapy saman garylan toýun bilen suwalan kepbäniň öň tarapy açykdy. Depesi hem egri-dogry agaç goýlup, çalamydar basyrylyp, eşekgeriş edilip, suwalandy. Beýle „jaý“ tä akrabyň hazlawuk şemaly ýüzüňi dalaýança oňşuk ederlikdi. Ondan soň bolsa ortasyndanda ot ýakylyp, dik depesine-de ‚demçykar“ edilýän ýerdölä göçülerdi. Oňa köplenç „öýsün“ diýlerdi.
-Hemişede edeniňe şükürlidirin weli jan Allam, bu çagamyň beri ömrüni uzak edeweri, hernä.Ady dakylan Amangylyç jandan kesilen ömrem muňa bagyşlaweri, Biribar-Aýna eje bäbegini döşüne gaýym gysyp, yranjyrap oturan Nurbibä seretdi- Ýa gelin, bujagaz öýsüniň içinde kyrk çiläni geçirende içine ajy tüsse dagy gapdyraýan-a däldiris-dä .
-Enesi, bilmedim-dä, ýa şol şada çygly öýsüniň içinde dümew degenem bolsa biri...
-Öňki bagyr awusy azmydy ikimize-goşa düwme çöňňelişen gözleriň öňi ýellenip duran owalaryndan üzüldi-de, Aýna ejäniň hamy ýukalmakdan gurap giden joýa-joýa ýaňaklarynyň arasyna siňip gitdi. Jigeriniň düýbünden bir damar üzülip gaýdan ýaly „hyk“ edende, gury çybyga dönen göwresi yranyp gitdi. Gözlerini çalaja ýumanda gabaklarynyň aňyrsynda eli bilenjik urşa ugradyp, gözüni girýan, bagryny pygan etse-de, dolanmadyk ogullary salgym atyp gitdi.
Alty sany çynar! Gurt gaýratly, arslan ýürekli ogullar! Ol çynarlary ajy kysmat ýat illerde, dörülmedik ýurtlarda ýykyp, tapylmaýan mazar edip taşlady, heýhat! Egninde goşa öweji säginmän göteribilýän pälwansypat iner ogullaryň ýaşamaly ýaşyny içi gurşunly gülle kertdi. Olaryň içinden diňe Baba dolanyp geldi...
Ajy gözýaşa gark bolup oturan ene birden süýji ýatlamalaryň gujagyna düşdi.
...Bir gezek obada uly toý boldy. Beýlesi Mäne-Çäçeden, eýlesi Mary töwereklerinden, gaýrasy Akmolladan baý, myhman gelendir-ä şonda. At çapdyrma, goç uruşdyrma, horaz uruşdyrma, ýaglyga towusma, keçe-keçe... baý-ow, tomaşa bolsa, oýun-bezm bolsa görkezilme kemi galmady. Bagşy dagy üç günläp aýtdy. Iň soňunda-da jarçy gyryrdy:
-Indi göreş boljakdyr-la, how. Bili güýçli, baldyry ýogyn pälwan bolsa orta gelibermelidir-le, how!
Depesi çürelip gidýän uly depäniň etegindäki giň meýdana eňdiler tomaşa görjekler. Bilini çalyp, gyňajyny guşagyna gysdyryp hyzmat edip ýören Aýna hem „gel, menem göreýin-le“ diýip, bärräkdäki beýik çäge alaňyna münen gyz-gelinleriň arasyna goşuldy.
Baş baýraga kükräp duran iner goýuldy. Gum içinden gelen pälwan billeşenini agdaryp urup dur. Soňam abşarylyp orta geçip, gäberilip otyr. Jarçy bogazyna sygdygyndan gygyrýar:
-Özüne göwni ýetýän bar bolsa gelip guşagy alybersin, how!
Baldyry digir ýaly, ýagyrnysy aş tagtasy ýaly pälwan bolsa „Hany tizräk eýe çykyň maňa!“ diýýän ýaly käwagt „Bul-bul“ edýän mele inere gözüniň gyýtagyny aýlap, äwmän, özem diýseň göwnüýetijilik bilen ak çägä çöküp otyr. Ahyry obanyň kethudasy Mollak aga çydamady:
-Gylyçdurdy, çyk orta! Ýykylsaň çäge göterer. Ýyksaňam obadaşlaryň seni depesine göterer.
Boldy! „Ýok-wagyna“ garaman, aýdylaryna mähetdel Gylyçdurdyny orta itip-idenekläp diýen ýalty çykardylar. Şonda göýä nowbahar ogly däl-de, özi göreşe çykarylan ýaly Aýna duran ýerinde baý elewrändir-ä:
-Gyý-w, beýdäýmeli däl-ä, oglany. Hany, kakalary nirede ahyry. Oňa sered-ä, telpejigini gyşardan bolup, äwmän durşuny, ýeri, ogluň bir ýerini döwse, çykaraýsa nätjek diýsene...
Oňa çenli billeşdiler. Aýna bolsa hem jibrinýär, hem gözi bilen ortadaky her bir hereketi yzarlaýar. Pälwanlar bolsa bir-biriniň güýjüni aýak bilen saldarlap, goşar bilenem ölçäp görýäne meňzäp, ak çägede tozan turzup, şol müňzeşip ýörler. Birdenem „gürp“ boldy. Aýna bir-ä aşakda ýatany guşagyndan turzup ýerinden galdyran Gylyçdurdyny görüp, birem asmana galan şowhun-galmagaly eşidip ýetişdi. Birden kiparlan ümsümlikde bolsa ýykylan pälwanyň tutuksy sesi eşidildi:
-Eý-ho, göwresi daşdan ýasalan ýaly eken-äý munuň!
Agşam kiçeňräk toý-şagalaň mele iner daňlan gapyda dowam etdi. Ogullary atly pälwany ýykansoň Sähetdurdy-ha begenjinden çebiş soýupdy, Aýna bolsa çorba gaýnaýan, palaw bugarýan gazanlaryň töwereginde eli kepgirli pelesaý urýardy.
Ine, şol günden başlabam olaryň ilki gözi düşen perzentleri Gylyçdurdynyň gulagyna azan bilen gygyrylan adyny tapba ýatdan çykardylar-da, Daşja diýip tutup ugradylar. Ondan ösüp-örňän ogul-gyzlaryň başbiletlerine-pasportlaryna hem „Daşjaýew“, „Daşjaýewa“ diýlip ýazyldy...
„Ine, iki sany naçary sermi-sal edip duran bäbejige-de „ady ýerde ýatmasyn“ diýip Gylyçdurdy dakdyk. Wah-h, küpür geplemäýin weli, „ölüm“ diýlen ady ýitmiş dadanyň süňňüni sökýän zährimardan ýasalan bolmaly. Ynha, her gezek balalarymyň „öldi“ habary gelende bagrymyň bir bölegi paralanýar. Diýmek, bala bagyrdan gaýdýan bolmaly“.
-Adynyň yzyna „yzçy“ dakylanymyň gözsüz batyrlygyny aýtsana...
Nurbibi özüne bir zat diýilýändir öýdüp, başyny galdyrdy;
-Ymyzgandymyka ýa bu enesi, aglanogam-a indi...
Hasam howsala düşen ene bir-ä ýorgana derek atalarynyň şineline dolanan agtygyna seretdi, birem üzlem-saplam ýatlamara ulaşdy.
...Keremli Biribar olaryň sallançagyny diňe ogul bilen üwretdi. Ilki Gylyçdurdy, yzýany Öwez, soň Aly, Gara, Annak, iň soňunda-da Baba garyp ojagy ala-ýaz edipdir. Sähetdurdy bilen Aýna bolsa öňküleriň „Ýedi ogully ýetdirmez baý“ diýleniniň bäri ýanragy bolansoň, göwni bitin, mädesi goklardandy.
„Iki aýakly-iki günde‘ diýleni bolup, yzly-yzyna ýigit çykdylar hemmesem. Perzentleri elinden işini alsalar, gerşi sowan ata ýigdelen ýaly bolaýýan eken asyl. Sähetdurdy diňe donuny däl, göwnünem täzeledi. Bu jelegaýlarda tapdyrygsyz agaç ussasy bolansoň ady beýlede Marynyň „Ýolbarsly“ çaýhanasy, eýlede Kakanyň gök bazary aralygyna çaw salypdy. Eý-ho, gözi düşen elinden aýrasy gelmezdi ahyry agaçdan ýasalan tabagy, “Sähetdurdy ussanyň elinden çykan işmi?!“ diýip. Garrap giden tal, garagaç, söwüt bolup onuň goluna düşen özüň bolma. Sähetdurdy ussanyň paltasynyň, soň byçgysynyň, ahyrynda-da kiçijik teşesiniň aşagyndan gözüň ýaly kiçijikgä çaga okaralaram, iki-üç bolup orta alaýar ýaly tabaklaram, uly toýlarda bir gazanyň eti sygýan kersenlerm baý, çykandyr-a. Onsoň öýüň gapdalyndaky kepbäniň-ussahananyň gapy kilimi hemişe göterilgi durandyr gelýän-gidýäniň azara galmazlygy üçin, içindenem Çün ujy gyzarandan tä göz baglanýança ululy-kiçili gurallaryň agaja degýän tyrkyldysy eşidiler durar, daşdeşeniň sesine meňzäp.
Bile kuwwat, kalba kuwwat berýän, onda-da „oguldyr döwletiň başy“ diýilýän perzent dälmidir eýse! Ussanyňam eli işde bolsa-da, iki gözi elmydama çagalaryndady. Ah-aw, özlerem, tüýs „Gitse getirýän, ýapyşsa bitirýän“ zeberdes ýigitler bolup ýetişip barýar-a ömri uzak bolmuşlar.
Aly aýak bitenden gapan gurup, towşan awlamany, duzak gurup käkilikmidir sülgün awlamany pişe edindi. Düýe bakmaga, goýun kowmaga ýaransoň bolsa yz görse ýalňyşman kesgitläbilýän boldy. Murty taban uçurlaram bir ýerlerden gadymy hyrlyny tapyp getirdi öýe.
-Ogul, bu ojak demirden däl-de, agaçdan, okdan däl-de okaradan bereket, abraý tapandyr. Onsoňam ýarag diýilýän bimährew zat atylaga, ýaralamaga, öldürmäge niýetlenen zatdyr. Muny süýräp getirmeli däl ekeniň.
Kakasynyň sözüne Aly bir ýylgyraýdy. Soňam şeýle diýdi:
-Biz munda adam däl-de, möjek awlarys, kaka.
Älhepus, aýdyşy ýalam ol hakyt “uçup barýan guşuň gözünden urup bilýär“ dýilýän mergen bolup ýetişäýdi.
Ine, kyrk çilläniň tüýs kükreýän günleriniň birinde-de başyndaky buýrasy oýnap duran gara silkmesi gözüne düşüp duran, bagana possunyň üstünden ýuka çäkmen çeken biri gapa geldi dor alaşasyny parladyp. Saglyk-amanlygam gowlukmaç soraşyp, derhal habaryny berdi:
-Ussa aga, adyňa aşna bolup ýörendiris.Gum içindäki Mamur, Çetin obalarynda toý-märeke bolsa „Sähetdurdy ussanyň elinden çykan okara guýlan naharyň berekedem, tagamam artykdyr“ diüýilýändir...
Dyz epişinden yzyna howlugýany aňdyryp duran myhmanyň aýdanyna öý eýesi myssa ýylgyrdy;
-Iliň ýagşysyna ýarabilsek ne armanymyz inim...
Myhman onuň gep arçap bereninden peýdalandy:
-Eýle bolsa, ussa aga, indi oglyňyzyň ile-güne hemaýaty gerek bolup dur. Men şonuň üçin geldim, ýol söküp.
Haýsy oglunyň näme üçin gereklenýänini heniz aňşyrmadyk ata töweregine seretdi. Munam hyzmat bilen gelen aňdy.
-Aly gerek bize. Sürülere möjek aralaşdy. Özlerem iki. Agzy tagam tapansoň her gün bir sürüni harap edip, teý günümize goýanok. Onsoň obanyň aksakgallary maslahatlaşyp, meni bärik iberdiler.
Ogluny synaga salyp görmäge ebeteýiň gelenini aňan ata çürt-kesik etdi:
-Il derdine ýarabilýän bolsa, ahna, Aly, al-da ötägit. Gapyda ýandak küdesini gütürdedip duran alaşa bardyr, münsün-de depibersin.
Myhman ýeňillik bilen ýerinden galdy.
Garabagyr ene-dä. Eýýäm atynyň irişmesini bilegine orap duran oglynyň ýanynda Aýna eje häzir boldy.
-Oglum, ýüzüňizi ýele-yga tutut gitseňiz , üşäýmersiň-dä hernä. Içmegiňi egniňden aýyrmagyn. Gyý-w, özüňem ägä bogunyň, möjek bilen erişeňde...
Gapa çykan Sähetdurdy aga keýwanysyny gyjyklady:
-Gundap goýberibersne gowusy.
Aly atyna böküp mündi:
-Ejemogly däldigimi gelemde göresiň, eje.
Güpürdeşip giden atlylaryň yzyndan seredip galan Aýna eje içinden bir zatlar sanap, ellerini ýüzüne syldy.
Aly kakasyny däl-de, ejesini garaşdyryp-garaşdyryp, üçülenji gün dolandy. Özem alaşanyň yzyna gyzyl burç ýaly bugurçyny tirkäp. Onuňam hatabynyň üstünde taýly atylan iki sany öweç bar. Saglyk-amanlyk soraşylmanka oglunyň iş bitirip gelenini magat aňan Sähetdurdy aga beýleki ogullaryna tabşyryk berdi:
-Biriňiz-ä derrew bu janlynyň birini soýuň-da, şakgalap gazana atyň. Biriňizem oba aýdyp çykyň: „Sähetdurdy aga agşamara kiçeňräk sadaka berýär“ diýip. Biriňizem ejegiňize tamdyrtowluk getirip beriň, gyzgynjak çörek ýapary ýaly.
Beýlekilerden şahandaz Baba durup bilmedi:
-Büçe bolanyna görä, Hommat bagşynam çagyraýalyň-la. Aly her gün möjek awuna gidip durmy näme.
-Olam bolman durmaz, ogullar.
Şol agşam tä daň atýança diýen ýaly bu işikde aýdym-sazyň sesi eşidildi durdy. Adamlaram diňe gulak posuny däl, göwün posuny açma kemini goýmadylar. Säher çaýyny içip, ugramakçy bolan bagşa bolsa näçe „gerek däl“ diýse-de, beýleki öweji berip goýberdiler.
Gep arasynda „hany nätdiň, aýtsana?“ diýlen sowala Aly agzyndan gan aljak ýaly aňkarylyp oturanlary ýagşy gyzykdyryp jogap berdi:
-Möjekler iki eken. Çagalarynyň bardygy taň bolaýdy. Ýogsam kowalaňda aldyrjak däl olar. Bagtyma baran gijämiz ýukarak gar düşdi. Olara-da geregi şeýle howa-da, ýarygijeden geçiberende çozdular gabat ýatan iki sürüniň birine. Ite aldyrardan daýaw eken zalymlar. Hersi bir toklynyň boýnundan dişläp, onam arkalaryna atyp, zut gitdiler. Bizem Gün dogaryna howlugyp, ýer ýagtylyp-ýagtylmanka mündük söbüklerine. Yzarlap gidip otyrys. Möjek diýeniň, onuňam gartaňlyga ýetibereni diýseň hilegär-dä. Dört-bäş depe aşylansoň, bir-birinden aýrylyşan ýaly etdiler-de, yzy böldüler. Iki gol geçibem ýene birikdiler. Onuň bilenem oňman, gür çöplüge siňen ýaly edip, ýene ondan çykdylar, özem hersi bir ýerden. Aňyrrakdaky adyra ýetibem, siýdiklediler. Beýdilende adatça it bilen yzarlap oturan bolsaň, möjegiň beýleki jandarlaryňkydan has ýiti ysly siýdigi ozalam daljygyp gelýän itiň burnuna urýar-da, demligine haplap gidensoň, ol janawer gelýän yslara parh goýubilmän, çyňsap, guýrugyny bulaýar duruberýär. Adyrlykda-da siňe seretmeseň yz ýok ýaly bolup durandyr. Garaz, gepiň keltesi, iki wagşynyň alyna-hilesine çolaşman, yzy alyp gidip oturşymyza ahyry ýetdig-ow sürenine. Sürene sümen bolsa diýmek, güjüklerem bolaýmaly. Ýaman ýerem, läşi aýagy bilen gazan çägesine gömüp, geregini goparyp alyp, sürene bir sümdügi gündiz-ä çykmaýar. Adam ýa at-ýaby ysyny aldygam, ony syzanyna-da güman ýok, öldür kellesini yzyna çykarjak gümanyndan el üzäý. Onsoň ýeke ýol galýar. Olam tüsse berip almak. Bu pirimiňem ýaman ýeri, tüssä gözüň gapylyp, görmän durkaň atylyp çykan, özem öljegini duýan, çagalarynyňam eýýäm tüssä bogulyp, pida bolanyny görensoň bar gazabyny jemläp çykan möjegiň öňünde duran özüň bolma! Ahmal galsaň janyňdan el üzäýmeli. Hernä, hyrlym ýanymda. Ýöne ony atmaga puryja tapsaň. Iki sany dembermez gylyç bilen iki sany garatap pyçagam alypdyk ätiýaçdan ýanymyza.
Çygar çöpleri süreniň agzyna basyp, aşgyna dykan gury odynymyza çakmak degrip goýberdik. Çep elime kendir ýüpüni gaýym sarap, köne çäkmeniň ýeňinem geýdim. Özem goýnuň guýruk ýagyna gowja eýlenen. Sebäbi gurt-möjek giýeniň ete-ýaga şatladyp agyz uranda dişi-dişiniň içinden geçip äňi doňup galyberýär, Esli wagt açylanok onsoň. Iň ýiti ýaragam dişi-dä olaň. Birimiz hyrlyny gezäp süreniň ýeňsesinde durus. „Zyrmyldap çykdygy ýazzy maňlaýyndan çüýlegin“ diýibem tabşyrdym. Birsellemden bir hassyldy eşidildi. Ilki tumşugy, soňam zyplaň göwräň ýarysy görnenden berdim elimi hatap ýaly açylyp, gyzyl dil sallanyp duran agza. Hatyladyp dişlände, dişleriň şatyrdysy eşidildi. Diýşim ýalam boldy. Dişler birigip, agzy gulp bolaýdy. Özem erkek möjek. Menem inderdim bykyndan çemläp duran garatap pyçagymy. Janhowluna bir zarp uranda togalanyp gidipdiris ikimizem. Tarsa ýerimden turjak bolsam elim agzynda. Oňa deňiç çopan taýagyny salyp bir gaňyrdylar weli, äňi açylaýdy. Pyçagy sogurmanam, tüpeňe ylgadym.Zordan ýetişäýdim agzyna bir çagasyny alyp, çykyp gelýän ene möjegi görmäge. Kelläni nyşanalap, mäşäni gysdymam, şonda-da ol ganyny sarkdyryp, ylgap barýar. Ene-dä, haýwanam bolsa. Janajygyna agzyndaky çagasyny o ýan, bu ýan silkeleýär, ölüdigini, diridigini bilmekçi bolýan ýaly. Beýleki peşeňem boşatdym weli, edil ýagyrnydan girensoň, bir uzyn uwwylda-da, süýnäýdi.
Soň çarwalaryň aýdyşyna görä, garaw görmänsoň iki höwür kiçeňräk ogşukdyr toruma-da erişip, parçalap gidiberýän ekenler. Garaz, şu gidişim bir kör abraý-a boldy...
-Kör abraý diýip kiçigöwünlik eden bolmasana, how. Beýdibilseň tüýs gurduňky ýaly ýürekli, gaýratly boldugyň.
Örüşip ugranlar bu gepi kimiň aýdanyny aňşyrşagam bolmadylar.
...Nurbibi ine, şeýle ýigitler ýetişen ojaga gelin bolup düşüpdi.
Gaýnenesi baý, süýjedip gürrüň bererd-ä, süňňüne ajy, horluk, ýeter-ýetmezçilik siňen günleri. Sebäbi ol günleriň gujagynda durmuşyň islendik kynçylygyny „saglyk bolsa galanynyň bir alajy bolar“ diýip ýeňibilýän, ýeňibilmeselerem, kynçylygyň öňünde hiç wagt müzzermeýän mert, edenli balalary bardy.
-Saragt janymyňam düýp köki şolardan gaýdýar ahbetin. Onsoň muňa döwem çalmaz, dert-beýlekiňe ýanam bermez bu çaga.
Onuň bu sözüni eşiden ýaly öýüň öňünde bir gara göründi. Başyny galdyran Nurbibi gaýnenesini çalaja hürsekläp goýberdi;
-Enesi, äňet, bu şol Hökgi baba diýýänleri ýaly-la.
„Ýalt“ eden enäniň ýüzi ýagtylyp gitdi:
-„Derdi dep boljak bolsa tebibi üstüne geler“ diýleni...
Dynman iňläp aglaýan çaganyň sesine bir öwşerilen, bili bükürräk bolansoň eplenip ýöreýän, jowur ak sakgaly şonuň üçin has uzyn görünýän, kellesine sellä neňzeş edip uly ak ýaglyk oran hortap adam bärik ýöneldi. Gaýnene bilen gelin gapdala çekidiler. Salam bermägede salym galmady. Boýundan uzyn hasasyny tyrkyldadyp çalaja uran dili dogaly, Il içinde aýdylşyna görä, erenler, pirler bilen gaýbana sözleşibilýän gudratly kişi ýatan çaganyň kellesini sypady, ýeňsejigine basyp goýberdi. Soňam gapdala öwrüldi;
-Enşalla, bu çaga il içinde adykjak, zor işleri bitirjek adam bolup ýetişer, adyna-da Saragt dakyň, çüf!
Şeýle diýdi-de, gidiberdi. Ogalnjygam edil doga-tumar edilen dek tapba sesini goýaýdy. Hasanaklap gelen Nurbibi agzyna emme gysdyrandanam ýedi ýylyň ajy ýaly sokjap ugrady. Barha-da solgun reňki gyzgylt öwsüp, maňlaýynda burçak-burçak derjagazlar göründi. Balalary däl-de, özleri gaýtadan dünýä inene dönen gaýyn bilen gelniňem didelerinde begenç ýaşy buldurady.
* * *
Şeýdip onuň ady Saragt boldy. Türkmençilikde gulagyna azan bilen aýdylan ady aýryp, soň başgasyny dakmak oňlanylyp durulýan nysak dälem bolsa, soňky bolan ahwalat kakasy Babanam begendirmän durmady.
-Ät galan mahalymyz agzymyz aşa ýetdi Saragta gelip. Onsoň bir ogluň adyny bagyşlasaňam bolubir bu keremli mekana.
Aýdylyşyça-da bardy. Süýegini süýräp zordan ýeten mallary indi tanar ýaly däldi. Bärik aşylanda zordan gyrmyldaýan toklularyň guýrugy tegelenip, ýetik otuny alansoň endamy suwlanan ene goýunlaryň beren guzularyndanam nalar ýaly däldi. Her ýeriň Taňry tarapyn berilýän yrsgy, berekedi aýratyn bolýan çemeli. Onsoňam derýa diýlen gurbany gitdigiiňem ediberýän oýny bärde göze görnüp dur. Hawa-da, derýanyň jylaw ýazdyryp gýdýan ýerinde oturmak bilen onuň pellehana ýetip halys usurgaýan, badynyň gaýdyp, hanasynyň inçelip, ýitere gelýän ýerinde oturmak bir başga. Ata-babalaryň oturanda-turanda „Asmana nur, Zemine bereket bereweri, Biribar!“ diýen dilegleriniň nähili jaýdardygyny gözüň bilen görseň, bilýäň. Tejen aýaklarynda-da derýa joşanda bärden badyny saklabilmän barýan suw gumuň oýtak ýerlerine urýar. Tomus başlarynda taba gelýän meýdan çymgyzyl bolup ýatandyr onsoň, Sürmeki gawun-garpyz, kädi ekseňem, düme sepseňem baý, biter-ä başyna gören ýaly bolup. Akrapda hasylyny ýygnap tükedibilmersiň. Ekiniň içinden Hydyr ata hümmet hasasyny süýräp geçip giden ýalydyr. Güýz ahyrynda „indi-hä boldy-la“ ediliensoň eňňere bolar. Şonda-da gijräk etişen ala garpyzlardyr ýaltarak ýeriň çagalarynyň „bişen däldir entek“ giýip ýolman giden kädileri çynyňy edip gözleseň düňderilişip öňüňden çykaýar. Ýöne olar indi „mal-garanyňam rysgy bardyr bärde“ diýleni bolandyr. Eňňerä kowlan mallaram gyşyň sowugy gazabyna tutýança idelmez. Diňe sagymlygy agşamara gapa daňlar, galanlary bolsa tarhandyr. Onsoň garagyş başlanda aglaba öýde „huruşlyk üçin“ diýlip soýulýan tüweleriň, ikibir, üçbir bolup paýlaşylýan uly öküzleriň tüýüni çekseň ýagy çykjak bolup durandyr...
-Perme, gyrkylan goýunlaryň ýüňüni äkitjek maşyn geldi.
Çasly sese ýatlamalarynyň arasy üzülen Baba başyny galdyrdy.
-Ýörüň onda,ir günümizi giç etmän, ölçäp ugradyp başlalyň „zagotkontora“ tarap.
Emedekläp ýören Saragtjyk jaýlaşykly ýeleşen dyzyndan düşürilenini myzaýyk edip, kakasynyň yzyndan eljagazlaryny galgadyp izzildejek boldy. Apgyrdynyň bir gapdaly gyşaryp giden mata ädigini aýagyna sokup duran ata yzyna gaňryldy:
-Aglama oglum, agaşam seni derýa boýuna gezdirmäge äkiderin, bomy!
Ýöne gijäniň birwagty dolanan kakasy gelende süýjüje ukynyň düýşini görýän oguljygy käte bir ýylgyryp, myrlap ýatyrdy.
Ertesi weli sözünde durdy. „Bal süýji, baldanam bala süýli“ diýleni. Boýunmündük edililende hezil edýän Saragtjygyň jykyr-jykyryna Babanyň diňe ýüzi däl, ýüregem gülýärdi. Birdenem ol doňup galana döndi. Boýnundan sallanyp duran näzijekden inçejik aýajyklaryň sypyp giderinden hopugýan ýaly has berk gysymlady. Bir-biri bilen kowalaşyp, hyzzyn atyşyp ýören at-ýylky sürüsi derýa suwa inipdi. Ýaşyp barýan Günüň zireleri olaryň hersiniň suratyny suwuň ýüzüne çekene meňzeýärdi. Ol owadan görnüşi synlamak hezildi. Ine, birdenem ýaşajyk taýçanaklaryň biri bezzatlyk etdi-de, gapdala öwrülip, müji aşygy ýaljak, goňrumtyl reňkine maňlaýyndaky sakary juda gelşik berip duran özi ýaljak taýyň berdi böwrüne goşa toýnagy bilen. Ýapaşak, onda-da paşmagynyň aşagy palçyk ýerde badyny saklabilmedik janawerem gaýtdy pagşyldap aşaklygyna. Tolkunlary bir-biriniň üstüne münen suwdaky häki gelşikli görnüşiň ýiteni hiç, taýçanak akyp barýardy. Ýüregi hopugan Baba egninde çaga oturanynam unudyp, tas özüni suwa urupdy. Hernä, hol bärräkdäki saý ýere ýetende gark bolaýmakdan gorkan taýçanak dyzanyp-dyzanyp, kenara toýnaklaryny goýdy. Gürre silkinibem „gorkandyr öýtdüňizmi näme, görseňiz çykaýandyryn“ diýýän ýaly çalaja kişňäp goýberdi. Şonda zire-zire suw düwmeleýän mele endama düşen Gün şöhlesi ony şeýlebir zyba, öwüşginli görkezýärdi weli, oňarsaň säginmän suratyny çekibermelidi.
Göýä özi suwdan çykana dönen Baba maňlaýyna inen deri duýmady. Şol pursatam ony ýatlamalar alyp gaçdy-da, owalary çukurrak gözleriniň nemleni gidenini duýdy. Wa-ah, alty dogan bolup ajalyň agzy görnüp duran ajy urşuň gujagyna gidip, ýalňyz öýzüň diri bolup yzyňa dolansaň, diňe gözüňden däl, bagryňdanam ýaş çykyberer.
...Söweşip-söweşip, ahyry Oder derýasynyň kenaryna ýetildi. Faşistleriň derýanyň aňyrsyndaky berkitmesini zabt edip almalydy.
Şol gezekki garça-da-garça juda zabun boldy. Yza serpikdirilen duşmany goranyş berkitmesini öljek-ýitjek, ýöne gergiz berjek däl bolup çytraşýardy.Gyş ahyrynyň howasam diýseň çytawundy. Pürkülip ýagýan gar gözüňi açdyranokdy. Iň ýamanam çapgyn şemal içiňden-bagryňdan geçip barýardy. „Oder derýasyndan ötmeli“ diýlen buýruk bolsa hökman ýerine ýetiriläýmelidi. Baba iki at goşulan purgon sürmek tabşyryldy. Atlaram daýaw, ýaly boýnuny ýapyp ýatan «Orýol tohumy» diýilýän paşmaklak ýabylar. Suwy doňan derýanyň çalymtyl syýa reňk hanasy çapgyn şemalyň zarbyna sykylyk çalyp, üstünde boragan oýnaýardy. Aňry kenaryna göz ýetmeýän derýanyň iki hanasyny birikdirýän köprem telli-pelli, diňe pyýada goşun hem araba-paýtun, ýeňilräk maşyn geçmek üçin howul-hara edilendi. Baba üsti goşdan doly paýtuny haýdadyp ugrady. Şol barmana dyknyşyga düşüldü-de, az-maz saklanmaly bolundy. Burnuny parryldadyp, agyr paýtunyň zarbyna garader bolup gelýän janawarlaryň biri tagta köpriniň erňeginde buzy döwlensoň çalaja buldurap duran suwa eňegini ýetirjek boldy. «Suwsan bolsa içsin-le, hany» diýip, Baba hem irişmäni gowşatdy. Şol barmana ýabynyň paşmagy sypdy-da, ýaňky buzuň çalaja döwlen ýerine gitse nädersiň. Saklap bolýamy näme?! Gitdi gübürdäp, badyna beýleki ýabynam alyp, paýtun-saýtun bilen derýanyň düýbüne tarap. Boşadaýyn, boýunbagyny keseýin diýseňem eliň baglanan ýaly teý alaç ýok. Sebäbi atlary paýtuna birikdirýän ýüp däl-de, ýogyn polat zynjyr. Ýeri ony nädip üzersiň! Bar, jana töwekgellik edip, başararyn diýseňem, düýbi görünmeýän, buzy gyýçak bolup ýatan derýa nädip girjek! Ýogsam dagy sähel delalatynyň degjegini bilse doňup ýatan derýanyň teýine Baba özüni säginmän urjak. Janawarlaryň ikisi gezekli-gezegine buz ýaly suwy galkyndyryp, parlap-parlap ýokary zyňýa janhowlujyna. Endamlaryndan göterilýän bug tütün bolup dur. Ahyry biri halys mejaldan gaçyp, derýanyň düýbüne gitdi. Beýlekisi has daýaw eken, hem paýtuny, hem ölen ýoldaşyny göterip-göterip, asmana zomaýar. Şol görnüş heem göz öňüňden gidermi ahyry! Hem aljyrap, hem şo janawarlaryň pajygasyna gynanyp, gözünden boýur-boýur ýaş goýberip duranyny Baba duýanogam. Şol wagtam rotanyň serkerdesi haýdap geldi. Babanyň elewräp, boýurganyp durşuny görüp, agzyna sygdygyndan sögündi-de: «Görýäň-ä, näçe adam okdan, bombadan, snarýaddan ölüp gidip otyr, senem iki sany ýaby üçin gözýaş edip dursuň» diýdi. Şonda Baba hernäçe çydajagam bolsa bolmady. Kellesini heser bilen silkip, berk ýumulan dodaklaryny açdy. Onyň agzyndan gaçan gep serkerdebaşyny doňňara daş etdi:
-Men Türkmenistan ýoldaş kapitan. Türkmen balasynyňam gözüniň açyp, ilki görýäniniň at bolany üçin şeýdýän. Türkmen nähili mert millet bolsa-da, at-bedew ölende aglaýandyr, gardaş.
Müýnüni duýan kapitan ony „Bagyşla, nälet siňen urşuň düzgüni şeýle bolsa men nädeýin ahyry şeýdendirin“ diýen manyda çalaja gujaklady-da, aňyrlygyna ylgady.
...Ony depregiň owazyna meňzeş ses ýatlamalardan açdy. Gör-le muny! Höwesi içine sygmaýan taýçanak toýnaklary bilen ýyldyz gaçyraýjak bolup şeýle bir çapýardy weli, hut uçup barýan ýalydy. Aňyrsy salgyma urýan giň gözýetime siňen atlaryň özleri görünmese-de, toýnak sesleri toprakda darbaz oýnadýardy.
(dowamy bar)..
Powestler