14:10 Hezreti Pygamberimiz we pişikler | |
HEZRETI PYGAMBERIMIZ WE PIŞIKLER
Haýwanat dünýäsi
■ HEZRETI PYGAMBERIMIZ (s.a.w) WE PIŞIKLER Yslam dininde pişiklere "arassaçylygyñ" simwoly hökmünde garalýar. Uhud söweşinde goşunyñ öñünden çagajyklaryny emdirip duran pişik çykypdyr. Şonda pişigiñ aýak astyna düşüp depgilenmezligi üçin pişigiñ ýanynda ýörite bir esger nobatçy goýup, goşun aýlanyp geçer ýaly edilipdir. Söweşden soñra garawul goýlan esgerden pişigi getirmegi soralýar we adyna "Müezza" (hormatlanan, at-abraý beren) goýulýar. Pişigiñ bokurdagynda tegmiller bar ekeni. Seýrek duş gelýän bokurdagy tegmilli pişikleriñ "Müezzanyñ" neslinden gelýändigine ynanylýar. Pygamberimiz bakyýete göç edenden soñra ol pişige howandarlyk edilipdir we onuñ neslinden gelen pişikler goralypdyr. Rowaýat edilmegine görä Osmanly soltany Ýawuz Soltan Selim hem Müsüri eýeländen soñra "Mukaddes amanatlary" Stambula getireninde "Müezzanyñ" neslinden bolan pişikleri getirenmişin we olary belli-belli tekkelere ýerleşdiripdir. Hezreti Pygamberimiziñ özi "Müezzany" şeýle bir gowy görýän ekeni, bir gezek Müezza Pygamberimiziñ donunyñ syýynda uklap galypdyr. Ne gözel bolup uklap ýatan pişige dözmedik Pygamberimiz "Müezzany" oýandyrmajak bolup donunyñ syýyny usullyk bilen kesmegi makul bilipdir. Hezreti Muhammet (s.a.w) bir gezek pişigi "Müezzanyñ" içen gapdaky suwundan täret aljak bolanda, sahabalardan Ebu Nuaým (r.a) "Ýa Resulalla, ol suwa pişik agyz urdy" diýipdir. Şonda Pygamberimiz “Olar iñ arassa agyza eýedirler” diýýär we ol suwdan täretini alýar. ■ "PIŞIKLERIÑ ATASY" Abdyrahman ibn Sahr atly bir sahaba köçede galan pişikleri öýüne äkidip, olary iýdirip-içirermiş. Sahabalardan biri bu barada Pygamberimizi habarly edýär: "Hapa pişikleri toplap külbesinde saklaýar!” Şol wagt sesini çykarmandyr. Pygamberimiz soñra Abdyrahman ibn Sahry köçede görýär. Şol wagt bu sahaba bir pişigiñ çagasyny tapýar-da, özi barada hem Pygambere aýdylandygyny bilensoñ, Pygamberimiziñ özüne bir zatlar diýmeginden çekinip, pişigi derrew donunyñ içinde bukýar. Pygamberimiz oña donunyñ aşagynda näme bukandygyny sorap, dony açýar. Görse, kiçijik bir pişik çagasy! Pygamberimiz pişijegi eý görüp ogşaýar we sahabasyna: “Ebu Hureýre mundan utanma, gaýtam buýsan. Sen pişikleriñ kakasysyñ” diýýär. Şol günden başlap Abdyrahman ibn Sahra edil Pygamberimiziñ (s.a.w) ýüzlenişi ýaly “Ebu Hureýre" ("Pişikleriñ atasy") diýip başlaýarlar. (Ymam Buhary: 5, 811). ■ PIŞIGI SÖÝMEK IMANDANDYR Bir gün sahabalary bilen söhbet edip otyrka Resululla Serwerimiz (s.a.w) ýanyndakylara: ”Hubbül hyrraty minel iman” ("Pişigi söýmek imandandyr") diýýär. “Näme üçin?” diýip soranlarynda, “Ebu Hureýre biler” diýýär-de, başga hiç zat aýtmaýar. Pişikleriñ mährem dosty bolan we Pygamberimiziñ köp sanly hadyslaryny aýdan Ebu Hureýre Hezreti Muhammediñ (s.a.w) pişik söwdasyny gadagan edendigini hem aýdypdyr. Hatda Ebu Hureýräniñ aýdan hadyslarynyñ birinde “pişigini aç saklan aýalyñ dowzahda çekjek jezasyndan” gürrüñ gozgalýar. ■ PIŞIKLERIÑ NÄME ÜÇIN ARKASY ÝERE DEGENOK? Köpüñiz bilýänsiñiz. Pişikleriñ hiç arkasy ýere degýän däldir ! Bir gün namaz okap durka bir ýylan Hezreti Muhammediñ (s.a.w) arka tarapyndan golaýlaşýar we Pygamberimizi çakjak bolýar. Ynha edil şol wagtam şol ýerden geçip barýan bir adamyñ pişigi ýylana topulýar we ony bogýar. Bilşiñiz ýaly ýylanyñ iñ gorkýan jandary pişikdir. Zäherli ýylanyñ howpundan halas bolan Pygamberimiz pişigiñ arkasyny sypapdyr. Şol günden bäri pişikleriñ arkasy hiç ýere degmeýärmişin. ■ PIŞIKLER AÑSYZMY? "Gurhanyñ" birnäçe aýatlarynda janly-jansy hemme zadyñ Allanyñ adyny zikir edýändigi aýdylýar. “Ýedi gök, arz we bularyñ içinde bolanlar, Ony tesbih ederler. Ony öwgi bilen tesbih etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryñ tesbihlerine düşünmersiñiz. Ol Halymdyr, örän bagyşlaýjydyr” ("Isra" süresi, 17/44). Käbir alymlar pişikleriñ çykarýan myrryldylarynyñ “Ýa (Er) Rahym, Ýa (Er) Rahym” görnüşindäki bir dogadygyny, pişikleriñ munuñ ýaly görnüşde şükür we zikir edýändigini aýdýarlar. Rowaýat edilmegine göra itler ryzkynyñ öz hojaýynynyñ elinde diýip düşünýändigi üçin eýesine örän wepalydygyny, pişikleriñ bolsa ryzkynyñ Alladan gelýändigini bilýändigi üçin käte eýesine añsyz hasap ediläýjek hereketleri edýärmişin. ■ TÜRKMEN HALKYNYÑ PIŞIGE GARAÝŞY Pişigiñ türkmen halkynyñ arasyna haçan aralaşandygy barada meniñ özümde-hä häzire çenli suwytly toplan maglumatym ýok. Şeýle-de bolsa, türkmen halk ertekilerinde dürli obrazlarda hereket edýän pişik gahrymanlardan we patyşalar baradaky hekaýatlarda hökümdaryñ tagtynyñ gapdalynda myrryldap duran pişik barada agzalanýanlardan çen tutup, pişigiñ ir döwürlerden bäri biziñ halkymyzyñ arasynda bolandygyny bilmek bolýar. Şol sanda pişik bilen baglanyşykly birnäçe yrymlar hem döredilipdir. Mysal üçin barýan adamyñ ýoluny gara pişik kesip geçse, şol gün şowsuzlyga uçramakdan çekinip, başga köçeden aýlanyp geçipdirler ýa-da pişik geçensoñ ýedi gezek pişigiñ geçen ugruna bakyp tüýkürinjiräp soñ ýoluna dowam edipdirler. Yrymlara näderejede ynanjymyñ bardygyny ýa-da ýokdugyny aýtmagy bu ýerde ýerliksiz hasaplaýaryn. Her kim babatda-da şeýle, islan adam ynanybam biler, ynanmanam biler. Yrymam bolsa, bu halkymyzyñ döreden zady, halkyñ ynanýan zadyna hormat goýmak we olary öwrenmek gerek. Bu biziñ taryhymyz. Her näme-de bolsa, pişige türkmen halky ýöne göz bilen-ä seretmändir. Hut häzirem eger pişigi bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen öldüren bolsañ, öldürilen pişigiñ hamyny gyzyldan doldurmaly, ýogsa günäñ geçilenokmyşyn diýen düşünje bar. Biz çagakak garrylar pişik öldüren adamyñ ýaş çagasynyñ ölýändigi barada aýdyp, pişik öldürmezligi berk sargaýardylar. Mirasgär alym Nury Seýidowyñ toplan "Türkmen halk matallarynda" pişik bilen baglanyşykly şeýle matallar duş gelýär: "Bir zadym bar tyz-tyz eder, Ýyly ýerde myr-myr eder". (PIŞIK) "Ojak başynda kumgan, Iki gözüni ýumgan". (PIŞIK) "Öýde bir mahluk, Syçana eder saklyk". (PIŞIK)[1] "Edebi düýeden öwren, bolmasa atdan, galyberse itden, iñ bolmanda pişikden öwren" diýen ata-babalarymyz gerek bolsa, pişik ýaly pişikdenem käbir asylly hüý-häsiýetleri öwrenmegi ündäpdir.[2] Pişigiñ hiç haçan ýatan ýerine täret etmezligi şol aýdylýan aýratynlyga üns berilmegine getiripdir. ■ TARYHDA PIŞIKLER Pişigiñ asyl gelip çykan watany Efiopiýa bolupdyr. Bize mälim bolan maglumatlara görä pişik ilkinji gezek b.e.öñ 2200-3000-nji ýyllarda gadymy müsürliler tarapyndan eldekileşdirilipdir. Efiopiýanyñ eýelenmeginden soñra Müsüre getirilen pişikler bu ýerde eý görülip, hatda mukaddes hasaplanyp başlanypdyr. Şol wagtlar söýgi, we gözellik hudaýlarynyñ wekilleri hasaplanyp pişikleri öldürmek düýbünden gadagan edilýär, hatda seresapsyzlyk bilenem bolsa pişigiñ ölümine sebäp bolan kişi ölüm jezasy bilen jezalandyrylypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen gadymy müsürlileriñ dininiñ aýrylmaz bölegine öwrülen pişikleriñ ölümi üçin matam tutulypdyr we ýas tutýandygyñy bildirtmek üçin gaşlaryny syrypdyrlar. Öli pişikleriñ meýitleri mumyýalanypdyr, hoşboý yslar sepilipdir we hoz agajyndan ýasalan sandyklara ýerleşdirilip jaýlanypdyr. Gadymy müsürlileriñ pişiklere bolan söýgüsinden habardar bolan Pers imperatory Kambiz b.e.öñ 525-nji ýylda Müsüre ýöriş edende Feluse şäherini zabt edip almak üçin goşunynyñ öñüne pişik sürüsini çykarypdyr. Şeýlelikde müsürliler şäheri söweşsiz-zatsyz Kambize tabşyrýarlar. Kem-kemden Arabystana we Ýewropa ýaýran pişikler baran ýerlerinde edil Müsürdäki ýaly eý görülmändirler. Hususanam Ýewropada iñ köp zulum-sütem gören haýwanlaryñ biri pişik bolupdyr. Gadymy german kowumlarynda pişige jelepçiligiñ we erkinligiñ simwoly hökmünde garalypdyr. Papa Innokentiý III-iñ geñeşdarlaryndan Saint-Dominikäniñ şeýtany gara pişigiñ sypatynda şekillendirip ony şowsuzlygyñ we bela-beteriñ simwolyna öwürmeginden soñra bu garaýyş köp ýerlere ýaýraýar. Şol wagtdan başlap, hususanam orta asyrlarda şeýtanyñ ady bilen ýatlanyp başlanan pişikler hökümet we buthana wekilleriniñ gatnaşmagynda geçirilen resmi dabaralarda kapasalara, sebetlere salynyp ýa-da gazyklara dañylyp ýakylypdyr. Hut XVII asyryñ ortalaryna çenli Fransiýanyñ birnäçe şäherlerinde "Saint Jeane" baýramçylygynda pişik ýakma dabaralary gurnalypdyr. Halkyñ arasynda "ýoluñy gara pişik kesip geçse şowsuzlykdyr" diýen yrymyñ gözbaşy belki-de, ýewropalylaryñ bu bolgusyz däbinden gelip çykandyr. Satanistleriñ pişik öldürme däbi hem şundan gelip çykan bolaýmaly. Medeniýetleriñ sallançagy hasaplanýan Ýewropanyñ geçmişde aýallary şeýtan yglan edip diriligine ýakandygy göz öñünde tutsak, olaryñ pişik ýakmasy dagy nämejik!.. ● Çykgyt: [1]http://www.kitapcy.ga/news/turkmen_halk_matallary_9/2018-12-15-3944 [2]http://www.kitapcy.ga/news/edebi_kimden_owrenmeli/2018-09-30-2692 # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||