10:15

Hikmetli hekaýalar

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 656 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Bagabat  
43
Iki perişde

Dördünji gat asmanda iki perişde sataşypdyr. Olaryň biri beýlekisine gürrüň bermäge başlapdyr:
-Men Keremli Allatagalamyzyň täsin emrini berjaý kylyp geldim. Men Hakyň buýrugy bilen demini sanap ýatan bir takwanyň ýanyna ýollandym. Ol bende ölüm pursadynda bir owurt süýt içmegi küýsedi. Menem şol süýdi ol bende içmänkä dökmek üçin iberildim. Çünki, ol takwanyň ömründe birje sany tobasy kabul bolmadyk ýazygy bar ekeni. Keremli Perwerdigär hem şonuň soňky küýseginiň kabul bolman, onuň şu dünýäde eden günäsi üçin şu dünýäde ezýetini alyp, baky dünýäsiniň abat bomagyny we onuň aýatda hemme günälerinden saplanyp, gaýyba geçmek bagtyny oňa bagyş etdi.
Şonda ikinji perişde gürrüň beripdir:
-Meni bolsa Ýaradan Biribar, ömürboýy günä baryny edip, indem ölüm ýassygynda ýatan bir günägaby bendäniň alnyna ýollady. Ol günägaby ölüminiň öň ýanynda gowrulan balyk küýsedi. Menem onuň isleýän balygyny deňizden tapyp, ony şol günägabynyň ýaşaýan şäheriniň ýakynyndaky köle goýbermelidim. Soňam şol balygyň şol şäherde ýaşaýan balykçynyň çeňňegine ilmegini we şol balykçynyňam hut şol balygy günägabynyň aýalyna satmagyny üpjün etmelidim. Çünki, şol günägaby terslikden doly ömründe ýekeje gezek ýagşy iş edipdir. Hak Biribarymyzam onuň şol birje sogabynyň eşretini şu dünýäde, heniz dirikä görmegini, eden günä işleriniň jogabyny bolsa gaýyby dünýäde bermegini onuň maňlaýyna ýazypdyr...

0
2 myhman  
732
Meni bolsa Ýaradan Biribar, ömürboýy günä baryny edip, indem ölüm ýassygynda ýatan bir günägaby bendäniň alnyna ýollady. Ol günägaby ölüminiň öň ýanynda gowrulan balyk küýsedi. Menem onuň isleýän balygyny deňizden tapyp, ony şol günägabynyň ýaşaýan şäheriniň ýakynyndaky köle goýbermelidim. Soňam şol balygyň şol şäherde ýaşaýan balykçynyň çeňňegine ilmegini we şol balykçynyňam hut şol balygy günägabynyň aýalyna satmagyny üpjün etmelidim. Çünki, şol günägaby terslikden doly ömründe ýekeje gezek ýagşy iş edipdir. Hak Biribarymyzam onuň şol birje sogabynyň eşretini şu dünýäde, heniz dirikä görmegini, eden günä işleriniň jogabyny bolsa gaýyby dünýäde bermegini onuň maňlaýyna ýazypdyr...
bir sözi köp gaýtalamajak bolmaly.
gaty göräýmäweri, Serdar.

0
3 myhman  
732
@Şasenem, meň akyllysyramagymdan, akyl satmagymdan ýadansyň öýdüp jogap bermedim. ýogsam "akmaga iň gowy jogap dymmakdyr" diýendir öýdäýme.

bir düşündirjek bolup synanyşaýyn:
"özbek özüne bek" diýen sözde özbek doganlarymyza garşy hiç hili negatiw düşünje yok(myka diýýän). ýa bamy?
özüňe bek bolmak gowy zat dälmi? maňa biri "sen özüňe bek-aý" diýse men-ä begenjek. "starayus" diýjek.
onsoňam özbekler-ä biziň hem din taýda doganymyz hem millet boýunça garyndaşymyz oň üstünede ýurtlary goňşymyz, men hytaýlaram bolsa, afrikanlaram bolsa adam diýip garaýan. şolara-da erbet zat diýesim gelenok.

seň agzaýan postuňda-da, ýadyňa düşse, seň tarapyňy çalyp ýazypdym. "ýaňsylap soramaýan bolaýmasyn, men-ä ýaňsylaýanyny aňmandyryn" diýip. senem meň üstüme gaýdyberdiň. şol gezek göwnüňe degjek bir söz ýazanam bolsam, ötünç soramagy kiçilik saýamok, BAGYŞLA!

adyňy Şasenem diýip baş harp bilen ýazandyryn.

0
4 Bagabat  
43
Cogitationis poenam nemo patitur - Hiç kim pikirleri üçin jezalandyrylmaly däldir!
specool

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]