12:07 Hoşlaşyk / hekaýa | |
HOŞLAŞYK
Hekaýalar
Osman Ödäýewe Hoşberdi çopanyň ömür tanapy segsen ýyla golaý wagt bäri çözlene-çözlene, gulaçlar ýalysy däl, garyşlar ýalysy galypdy. Ojagaz ölçegiňem hut şu gün yzyndan ýetdirmegem ahmaldy, ertire çekmegem mümkindi. Alty ganat ak öýüň töründe, gat-gat ýorganyň üstünde goşa ýassyga kebzesini berip ýatan gojanyň ýakyn hossarlary daşyny galdap otyrdylar. Tomsuň örküjidi. Daşardaky telim sany howa sowadyjy oturdylan giň jaýyň otaglarynyň biri Hoşberdi aganyň diňe özüniňkidi. Ýöne ol ýaşamaly günleriniň barmak basyp sanaýmaga diränini aňdymy-nämemi, düşeklerini ak öýe geçirtdi. Ýaşuly bäş ýyl myndan ozal çöl bilen hoşlaşyp, oba ymykly gelensoň, ýaşlygyny küýsän ýaly, uly ogluny Köneürgenje ýörite ýollap, şol ak öýi, harç-harajadyny gysganman, gadymy türkmen öýçüleriniň mekdebini geçen atly ussalara buýurduryp ýasatdy. Ol ene-atasynyňam, ýedi arkasynyňam dünýä bilenşeýle öýde hoşlaşandyklaryny ýatlan bolsa gerek, ýogsam, salkyn otagyny taşlap, daşaryňky bilen deňeçerräk howaly gyzgyn öýe göçüm etmeginiň manysyna ýaşulyny saklap oturan ogul-gyzlary-da düşünmän galdylar. Hoşberdi aganyň kerpiç tamdan öýe göçüm eden gününiň hut ertesi ýene bir düşnüksiz ýagdaý döredi. Durlugygiňden açyk gözenegiň öňünde giç öýlän bir garry köpek peýda boldy. Onuň gözenege gaty golaý gelip ýatmagy hassany saklap oturanlaryň hemmesiniň ünsüni çekdi. Onuň bu obanyň iti däldigini, süňňüniň irimçikdigindenem bilmek bolýardy. Obada beýle daýaw it ýokdy. Eýesinden azaşyp, ideg-yssuwatsyz galana meňzeýän haýwanyň haly teňdi, hordy, tüýleri düýbi gopan ýaly guraksydy hem jansyzdy. Itiň garrap sandan galyp ýörendigi bildirip durdy. Ýöne ullakandan ýadaw gözleri welin akyllydy. Haýsydyr bir entäp ýören ýat itiň bu öýe sowlup, ullakan kellesini öň aýaklarynyň üstünde goýup, gözenekden hantama nazar bilen garap ýatyşy içerdäki adamlar üçin hem geňdi, hemem düşnüksizdi. Itiň özi welin, oňa düşünýärdi. Ol janawar adamlara düşnüksiz boljak şol ýagdaýa sataşmak üçin aç-suwsyz halyna ölmän iki gün ýol ýöredi, ölmän oba aralaşdy. Şol it öýüň gözenegine gelip ýatan badyna, garap oturan hossarlary hiç zat duýmasalaram, Hoşberdi aganyň solak ýüzünde taze bir alamat peýda boldy. Onuň öňündäki garany saýgarýandygy-saýgarmaýandygy hem belli däl ýarym ýumuk gözleriniň kirpikleri gymyldan ýaly boldy, nemsiz dodaklarynda ýylgyryşa çalymdaş yşarat göründi. «Akbilegim, sen eýäň bilen hoşlaşmaga geläýdiňmi?» Goja biraz gymyldady, kellesini çalarak galdyrdy, gözlerinde uçgun peýda boldy. «Seni görmäge geldim, Hoşberdi. Sen bassyr-bassyr üç gezek düýşüme girdiň. Men bu ýöneligiň alamaty däldir, ölsemem çyn eýämiň obasyna eltýän ýolda öleýin diýip gaýdyberdim». «Obany, bu öýi nädip tapdyň?». «It bir gören ýerini unutmaz diýýädiň özüňem, Eýäm. Ýadyňdamy?». Akbilegiň bolýany Hoşberdi aganyň ýadyndady. On ýyl töweregi mundan ozal, sekiz-dokuz ýaşly Akbilegiňem dogumyna bäs gelip bilmeýän wagtydy. Gyş paýawlaberende, ýene bir hepdeden howanyň gaty erbet sowajakdygy, agyr garyň düşjekdigi, doňaklygyňam on gün dagy saklanmagynyň ahmaldygy barada ýokardan howply duýduryş berildi. Agyr gar düşensoň, ýol-ýodasy ýokýüz ýigrimi kilometr aralyga obadan bede daşap iki sany agyr sürini ýarym aý töweregi aman saklamagyň gaty kyndüşjekdigi hakda oýlanan ýolbaşçylar, mallaryň özüni ot-iýmiň üstüne getirseň ämatly bolar öýtdüler. Şeýlelikde çöl çagasy, gum perzendi Akbilegem Hoşberdi çopanyň sürüsi bilen oba aralaşypdy. Dowarlar obanyň edil gapdalynda saklanýandygy üçin, çopan her gün öz ýyljak öýüne çaýa-nahara aýlananda Akbilegem onuň yzyna düşüp telim çezek gelipdi. Akbilek şol gören ýerlerini, şol ýörän ýodalaryny unutman eken. Kysmatyna ýetim güjük bolmak paýy ýazylan Akbilek haýwanda-ynsanda özüne iň ýakyn hossar diýip diňe Hoşberdi çopany tanaýardy. Ony ölümden halas edenem, aýaga galdyranam şol çopandy. Akbilek haçan, nädip öz enesinden aýra düşenini bilmese-de, çöp-çalamyň içinde ýalňyz galandygyny ýadyndan çykaranok. Aç-suwsuz, enesiz, goragsyz galan heniz iki aýam ýaşamadyk güjük ölüm halyndaselmeligiň içinde çala çyňsap ýatyrka, mal bakyp ýören Hoşberdi çopan tötänden üstündengeläýmedik bolsa ertire çykaryndan çykmazy golaý Akbilek goýun iti hem bolmazdy, oňa bu obany görmegem miýesser etmezdi.Akbilek enesinden azaşmanka nähili at göterendiginem bilenok.Çepki öň aýagynyňtopugynda sähelçe sekilbardygy üçin Hoşberdi çopan oňa Akbilek diýen at dakypdy. «Ýanyma gel, men seň kelläňi sypaýyn, Akbilegim!» — Adamlar meni seň golaýyňa etmezler, Eýäm. Şu ýerden kowmasalaram razy. Seni görüp ýatsamam bolýa. Menem indi garradym. Biziňkiler ýigrimi ýaşdan artyk ýaşabam ýörenoklar. Menem şo töwerek bardyryn. Näçe gün ýaşajagymy Hudaý bilýä. Men seni ýene görýänime şeýlebir begenýän… «Ahyrky demiň öň ýany seni görýänime menem gaty şat. Sen meň ymgyr çölüstandaky höwrümdiň, Akbilegim. Maňa ýalňyz hemradyň, Akbilegim». «Senem meň howandarymdyň, hossarymdyň». «Ýadyňdamy, Akbilek, käte süriň yzyndan barýakak, ikimiz gürleşerdik. Käte men erteki aýdardym, dilli tüýdük çalardym, senem höwes bilen diňlärdiň». «Ýadymda, ýadymda. Maňa özüň bilen adam dilinde hyýaly gepleşmegi öwredenem sen ahyryn. Kiçijikkäm meni körpeje zyňanyňam ýadyňdamy?» «Şol-a ýadymda ýok. Näme üçin körpeje zyňdymkam? Gaharymy dagy getirensiň-dä. Senem kiçijikkäň bezzatjadyň. Urulmajagyňy bilip, her hili hokga-da çykaryberýädiň.Ýogsam güjügiň körpeçde ne işi barmyş. Körpeçde guzy saklanýar-a…» «Özüm ýatladaýaýyn. Sürä möjek çozdy. Menem uly agalamma öýkündim-de, jöw-jöwläp, möjeklere topulan iki itiň yzyna düşdüm. Senem bir eliň tüpeňli ylgap barýakaň, beýleki eliň bilenem meň boýnumdan ebşitläp tutduň-da, gapdaldaky çuň körpeje taşlap goýberdiň. Oň içem tümgaraňky ekeni. Ýokardan tüpeň sesi geldi. Men şol gezek ömrümde ilkinji sapar tüpeň diýilýän zadyň sesini eşitdim. Esli wagtdan soň senmeni körpeçden çykardyň-da, goltugyňa alyp, başymdan sypadyň. Şonda men gowy adamyň özüniňem, eliniňem ýakymly bolýandygyny duýdum. Yzyndanam «Haý, samsyjagym! — diýdiň. — Beýdip batyrsyramagyn!» — diýdiň. Menem şo mahal «Adamlaň çopan-çoluggyna çenli hemmesi iki aýakly bolsalaram, dört aýakly itden akyllymyşyn» diýip içimden ýaňsyladym. «Samsyjak» bolanymyň manysyna bolsa, soň düşünip galdym. Şonda sen meni körpeje zyňmadyk bolsaň, möjeklere şam bolaýmagymam ahmal eken-dä». «Adam bolsun, it bolsun, ýalňyşyna düşünse, günäsini ýuwan ýaly bolýa». «Edilen ýamanlyk unudylsa-da, edilen ýagşylygy ýatdan çykarmaly däl. Ýöne haýwanlar oňa düşünse-de, adamlaryň köpüsi ony tersine edýäler, Eýäm. Dogrumy?». «Dogry diýesimem gelenok, ýalanam sözlemek islämok, Akbilek». Hoşberdi aganyň başujunda oturan silkme telpekli adam, ilki-hä gözenekden daşaryk gahar bilen seretdi, soňam gapdalyndaky ýigdekçä ýüzlendi. «Bar, şol haram iti gözenege gelmez ýaly et!» Hoşberdi aga ol sözleri eşidip, Akbilegiň tarapyny çaljak boldy. Ýöne onuň adamlara garşy gopmaga, söz aýtmaga ragwaty ýokdy dili diýen etmeýärdi. Gojanyň öz itine howandarlyk etmek isläp ähli edip bilen herekedi diňe çalaja tisginmek boldy. Oňa-da it düşünsede, adamlar düşünmediler. «Adamlaryň bilmeýän zatlary hakda-da öz pikirini aýtmaga nä haklary barka? Näme üçin men harammyşym-da ol halalmyş?» sowala jogap tapylmanka, köne şypbygyň atylyp gelen bir taýy Akbilegi gözenekden gopmaga mejbur etdi. Akbilek islemese-de, gözenekden ara açmaly boldy. Ol öz ýagdaýyna düşünýärdi hem adamlaryň «Ýat itiň guýrugy ýamzynda» diýen gepini ýadyndan çykarmaýardy, şonuň üçinem obanyň köçelerinde arkaýyn gezip ýörmäge heder etmänem duranokdy. Şonuň üçinem ol Hoşberdi aganyň tamynyň ýeňsesindäki gatnalansoň ýoda öwrülen çil bilen ilerligine ýöredi. Gür tutlugyň aňyrsyndan peýda bolup, bärligine gaýdan gartaşan aýal Akbilegiň özi hakynda eden çakyny ýalana çykardy. Ol çilden bir ädim gapdala sowuldy-da, ite geçmäge ýol berdi, hemem «Biýem-ä bir aç-suwsuz aýlanyp ýören haýwan eken. «Me!» diýip öňüne oklaýmaga-da zadym ýok-da» diýip, içini gepletdi. Öňüne oklamaga zady bolmasa-da ondan razy bolan Aklbilek adamlaryň: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýen nakylyny ýatlady. Çil gutaryp barýarka, öňden ýene bir adam çykdy. Golaý gelen ýaş ýigidiň ýakymsyz nazaryna gözi düşen Akbilegiň özi çilden düşüp, oňa ýol bermeli boldy. Şonda-da ol ýigit: «Bular ýaly kaňkap ýören aç iti bir peşeňe tabşyrmaly ahyryn» — diýip, içini gepletdi. «Men saňa ýol berdim, adam diýip hormat goýdum. Şonda-da sen meni atyp öldürjekmi? Aç bolamda nä men senden nan diledimmi?» Tutly ýabyň paýapylyndan geçilen ýerde giň ýatan peseňräk ýer bardy. Ol ýerde on-on bäş sany adam halka bolup bir zady synlaýan ýalydylar. Birdenem ol ýerdenitleriň wagyrdysy eşidildi. Akbilek öz kowumdaşlaryna tarap sowulman geçip bilmedi. Hiç kim ünsem bermänsoň, ol adamlara golaý baranda, özüň üçin agyry-yza bolup duýlan bir ýagdaýa şaýat boldy. Adamlar iki sany iti uruşdyrýardylar. Bir-birini çeýnän itleriň ýüz-gözleri gara gandy. «Ana saňa adamçylyk! Iki jandary biri-biri bilen uruşdyrmakdan lezzet alýan hallaryna bular ýene özlerine adam diýen bolýalar. Itler welin iki adamy çakyşdyryp gynamakdan keýp çekip bilmezdiler. Özleri-de ýaramaz adamlary ite deňeýäler Biz erbet iti adama deňämzok ahyryn. Ýogsam adamlar durmuşda gazanýan günäsi itiňkiden has çökder ahyryn. Aslynda durmuşyň, ýaşaýyşyň ykbalyny adama ynanmak bilen Hudaýam uly ýalňyşlyk goýberen bollaýmasa” Akbilek gandan lezzet alynýan ýerden derrew gitdi. Gitse-de,kän daşlaşman, ýene yzyna aýlandy, sebäbi ol aňyrsyndan iň ýakynynyň ýüzi görnüp duran gözenege tizräk dolanmak isledi. Hoşberdi aganyň kebzesine-de ýassyk goýup birneme dikelden ekenler. Içerde başga üýtgeşiklik ýokdy. Indi näsag arkan gaýşyp oturan ýalydy. Akbilek özi bilen öýdäkileriň gözüni öwrenişdirjek bolýan ýaly gözenekdeneýläk-beýläk geçen boldy, soňam öňki ýatan ýerinden birki ädim yzrakda adamlaryň «it oturyşy» diýýänini edip, artaýaklarynyň üstünde oturdy. — Biý-ä ýene geldi — diýip, ozalam iti kowmak üçin tabşyryk beren adam gepledi. «Gelemde name? Seni görmek isläp gelemok ahyryn. Ýa men saňa päsgel berdimmi, üýrdümmi, waňkyrdymmy?— diýip, içini gepledenden soň, Akbilek näsaga ýüzlendi. «Ýagdaýyň nähili, Eýäm?» «Seni göremsoň halym birneme gowulandy, Akbilegim». «Menem saňa gözüm düşüp, birneme gurplanan ýaly bolaýdym». Giň öýüň içinde ýene bir zat Akbilegiň ünsüni çekdi. Ol hem dulda tärimiň ujundan asylgy duran köne çäkmendi. Çäkmen köne-de bolsa, Akbilegiň gözüne tüp-yssy bolup göründi. Çünki ol kän gezek şol çäkmeniň gapdaljygyndan ädim urupdi. Çünki ol Hoşberdi çopan bahar aýy baýryň üstünde aşakda otlap ýören mallary synlap oturýan mahaly kän gezek şol çäkmeniň syýyndakellesini goýup ymyzganypdy. «Bir gezek sen meni iki gün aç saklap, üçünji günem öňüme bir okara çakyr süňk döküpdiň, Eýäm. Ýadyňdamy? Men aç bolamsoň, ýalaňaç süňkleri bir sagat ýaly şakyrdadyp gemirdim. Şunça gazasamam, dişime ilýän, aňryma gonýan zat ýokdy. Soň sen süňkleri öňümden alyp gitdiň-de, meni ýuwaş-ýuwaşdan naharladyň. «Şeýdip men mahal-mahal seň dişleňňi çarhlaýardym». «Men ony soň bildim. Bir saçagyň başynda oturmadyk diýäýmesek, ikimiz naharam bile iýerdik. Öňürti meň oňümde ýalagymy goýup, özüň soň nahara oturardyň. Naharmahaly men goşda bolmaýsam, gygyryp gözlär ýörerdiň. Sen çeýle adamdyň. Şoň üçinem men saňa sarpa goýdum, Hoşberdi. Ikimiz dostduk, dogandyk… «Senem bir suwumsyz ýa hajymelik köpek däldiň, Akbilegim. Bir sebäp bilen aç galaýsaňam gazany, tabagy ysgajak bolmazdyň». «Bir gezek Mämmet çoluk ýalagyma ýuwundy guýjak bolanda sen onuň alpetinden alyp, üstüne gygyrypdyň. «Ýuwundyny maňa ber, Akbilege berme» diýipdiň. Hemme zat ýadymda, Hoşberdi. Aýlanmaga baranda başlyk bir gezek maňa: «Tur, güm bol şu ýerden!» — diýende näme jogap gaýtaranyňy biýäňmi?» «Näme diýenim huşumda galmandyr, Akbilegim». «Men ýatladaýaryn. Sen oňa: «Akbilek«güm bol» diýilýän itlerden däldir, başlyk» —diýip, sesiňi gataldypdyň. Hemmesi ýadymda, Eýäm, ýadymda. Bir gezek oba gaýtmaly bolaňda, sen mallaň aladasyny etmän: «Akbilegi hor edäýmegin!» diýip çoluga sargap gaýdypdyň. Item bolsaň, hossarly it bolsaň gowy-da. Sen barkaň men mydam arkalydym. Adamlar ýöne ýere «Arkalyköpek gurt alar» diýmän ekenler. Arkaly köpegem mendim, gurt alýanam, gurtdan gorkmaýanam mendim. Sebäbi möjegiň üstüne topulamda yzymda eli goşa nilli daýanjymyň bardygyna ynanýardym. Sen nähili gowy adam, Eýäm». «Ýeri, ýeri… Çig süýt emen adamy gaty öwübermegin, Akbilegim. Azdyrarsyň». «Adamlar öwülse gowy görýäler». «Bir gezek möçek bilen garpyşyp,aýagyma ýara düşende eden aladaňy ölýänçäm unutman, Hoşberdi. Ýaralanany öz çagaň däldir öýtmändiň. Sen maňa köp zat öwretdiň, Halypa, köp zat». «Menem sendenbir uly zat öwrenip galdym, Akbilegim. Biwepa adam bolup ýaşanyňdan wepaly it bolup ýaşamak abraýly eken. Sen maňa ynanaý. Men şolaň ikisi bilenem iş salyşdym. Ynan-aý... Sen açsyň, Akbilegim. Seni naharlaýanam ýokdur...» «Sen şu ýagdaýyňda-da meň aladamy edýäň-dä. Adamlar meni şu ýerden kowmasalaram naharlançalar görjek. Men agyr ýoly açgarnymy doýurmak üçin geçmedim-de, seni görmek üçin geçdim…» Hoşberdi aganyň öňki ýatyşybolsa-da, onuň ýüzüne garap oturanlar birden tebil tapdylar. Akbilek bir üýtgeşikligiň bolýandygyny aňdy. Şol mahalam iküç sany adamyň uly illeri bilen gygyran agy sesi Akbilegi düýrükdirdi. Kim öýe girdi, kim öýden çykdy. Akbilek gözenekden daşlaşmaly etdi. Şol mahal ol gözenegiň aňyrsynda duran uzyn boýly, arryk adamyň özüne tarap gyzyklanma bilen seredenini duýdy. Ol adamyň gözünde ýaş bardy, ýöne ite bolan ýigrenç alamaty ýokdy. Ol Hoşberdi çopanyň uly ogly Zamandy… Akbilek näderini bilmedi. Öýe golaý barsa, öňýeten ony daşlap, kesekläp kowjakdy. Ol ýagdaýa görä hereket edip, Hoşberdi aganyň mellegindäki mekgejöwenlige özüni atdy-da, adamlaryň gözüne dürtülmän, ak öýe tarap seredip ýatdy. Ertir gün dogar-dogmazda ak öýüň töwereginiň gurul-çuruly köpeldi, ulagl-u-pyýada gelýän adamlaryň sany artdy. Uly guşluk mahallary ak öýden üsti owadan ýorgan bilen bezelen tabydy alyp çykdylar-da, işikdäki giň aýmançadakeltejik bäş-alty hatar bolup duran adamlaryň öňünde goýdular. Akbilek beýle hereketi ömründe ilkinji gezek görýänem bolsa, manysyny çaklady. Birdenem uly bir wagyrdy turdy-da, erkek adamlar tabydy göterip ugradylar. Ilki nätjegini bilmän aljyrap duran Akbilek, birdenem gaty ýöräp märekäniň yzyndan ugrady. Ol ýoluň kä sagyna, kä çepine geçip, tabytdan gözüni aýyrman barýardy. «Seni nirä alyp barýalar?» diýip, Akbilek sowal berýärdi. Emma tabyt tarapdan hiç hili jogap gelmeýärdi. Oňa derek zyňylan gaty kesek gelip Akbilegiň kebzesine degdi. Öwlüýä ýetilýänçä şolar ýaly kesek degse-degmese-de, dört-bäş gezek zyňyldy. Emma kowulsa-da, urulsa-da, Akbilek gölegçilerden daşlaşmady. Gonamçylykdaky üýşmek gumuň ýanynda adamlar esli eglendiler. Eglenselerem Akbilek märekäniň töwereginde aýlandy ýördi. Adamlar yza gaýdanlarynda olaryň egninde tabyt görünmedi. Şonuň üçinem gölegçiler gaýtsalaram, Akbilek öwlüýäni terk etmedi. Akbilek Hoşberdi aganyň ýedisi bellenýänçä, ak öýüň gözeneginde birki gezek gara berdi. Emma öňki çep aýagy sekilli garry köpekde merhumyň uly ogly Zamandan başga hiç kimiň gözi eglenmedi. Görenlerem ony kaňkap daşarda bişýän naharyň ysynagelen aç it hasapladyar. Akbilegiň açdygy hakykatdy, ýöne ol entäp ýören däldi. Akbilek hakda diňe Zaman başgarak çaklama gulluk etdi. Üstesine-de, öwlüýäniň töwereginde mal bakýan oglanlar aýagy sekilli bir itiň ýaşulynyň mazaryny ýassanyp ýatandygyny telim gezek Zamana habar berdiler. Oglanlar kesekläp, daşlap kowsalaram, olaýlanyp-öwrülip,ýene şol mazaryň başyna gelip ýatýarmyşyn. Beýle habar ozalam şol aýagy sekilli kopek gözenekde peýda bolaly bäri özüçe, belkem, durmuşda bolup bilmäýjek bir ýagdaýy çak edýän Zamanyň iňkisini artdyrdy. Obada ýedi arkasynyň hemmesi diýen ýaly çopançylyk eden, özi hem ömrüniň köp bölegini gumda geçiren Hezret aga diýen bir ýaşuly bardy. Hezret aga Hoşberdi çopanyň ýedisine gelende, Zaman ony ýola salýan kişi bolup, adamlardan biraz saýlananlarynda, öz edýän çakyny derňemekçi boldy. Köne çopan edilýän çaklamada müňkür bolunmaga tutaryk ýokdugyny tassyk etdi. — It bilen düýäň duýgurlygyna näme diýseň, bärden gaýdar, Zaman, inim. Bir öwra, iki çelegimem düýä ýükläp guýa barýakam, orta ýola ýetemizde, şeýlebir harasat gopdy welin, men başymyzdan ahyrzamana inendir öýtdüm. Ürgün çäge gazanda gaýnaýan suw ýaly bolup, terslin-oňlyn köwlenýärdi. Asman nirde, zemin nirde, ileri kaýda, gaýra küje-çak eder ýaly bolmady. Ardurja şehit boljag-ow diýip, kelemämi öwreýin diýip durkam, kakam pahyryň şun ýaly güne düşülendenätmelisi hakda eden pendi ýadyma düşdi-de, owsary düýäň boýnyna taşlap, hatapdan ýapyşdym oturuberdim. Bir sagat dagy geçendir-dä, düýe aýak çekdi. Gözümi açsam, janawar guýyň nowasynyň alkymynda dur… It-ä düýedenem duýgurdyr, Zaman inim. Ozalam bu obany bir gezek dagy gören bolsa-ha… Iki günlük ýol diýýäňmi, akylly, düşbi it bäş günlük ýoldanam geler… Akbilek gijesi-gündizi gonamçylykdady. Ýöremäge kän ragwaty bolmasa-da,mazar gumuny ýassana-ýassana aýaklary gurşanda, kyrk-elli ädimlige gezim edip, ýene öňki ýerine dolanýardy. Onuň entek Hoşberdi çopana aýtjak zatlary, berjek sowallary, küýseşjek gowulyklary kändi.Indi bu dünýäde Akbilek bilen geçeni ýatlaşjak, Akbilege akylly mslahatlar berjek, Akbilek blen derdinişjek, asyl Akbilegiň diline düşünjek adamýokdy. Seň bilen gepleşilmeýän dünýäde, seň diliňe düşünilmeýän dünýäde, Hoşberdi ýaly sözlemedik sözüň manysyny alýandost ýok dünýäde nähili süýjülik, nähili lezzet, neneňsi gyzyk bolsun. Dünýä diýilýän zat iç döküşýän, janyň ynalylýan, sarpaňa düşünýän, oňa baha berýäniň barka dünýä eken. Sen sarpa goýmasaň,saňa sarpa goýulmasa, özüňhiç kime dönüp, giň dünýäňem manysyz boşluga öwrülýär eken. Öten agşam, hut sarpaly adamyň jaýlanan, ölenlere-de gabrynda rahat ýatuw bermedik ýakymsyz galmagala meňzeş saz daň agarýança diýen ýaly öwlüýäniň üstünde-de ýaňlandy durdy. Şol şatlyk alamaty hasap edilýän saz sesini, iň bolmanda, adam jaýlanan güni öwlüýä ýetmez ýaly, öleniň garyndaşlary eşitmez ýaly edip bolmaýarmyka? Ýa adamlar adam ölende şatlanmalymyka? Özlerem «Ölüsini sylamadyk dirisini sylamaz» diýen gowy nakylam döredipdirler. Döredenlerinde näme. Hoş-berdi halypa ýaly goňşusy ölen güni saz çalyp, şahandazlyk etmäge bogunlary ysýanadamlarölen bilen diriniň ikisinem sylamaýan bolaýmasalar. Ýa olar özleri ölmeris öýdýämikäler? …Akbilekli mesele Zamana ynjalyk bermedi. Ol kakasynyň ýedisiniň bellenen gününiň ertesi, öýündäkilerdenem nirä, name üçin gidýändigini ýaşyryp, gonamçylyga gitdi. Dym-dyrslyk bolup ýatan gonamçylygyňgulagyňy şaňladyp barýan ümsümliginde çöp-çalamyň başy şemala gymyldaýan bolaýmasa, dem alýan janly jandar ýokdy. Emma bolup ýatyşy oglanjyk däl Zamanyňam ýüregini jigleden bir haýwan entek dem alýar eken. Akbilegiň mazar gumuna degip duran öň aýaklarynyň üstünde kellesini goýup gymyldaman ýatyşyelli ýaşdanam geçen adamy gözüne ýaş aýlamaga mežbur etdi. It diridi, kellesini öwürmese-de, gelen adama tarap göz gytagy bilen garap ýatyrdy. Adam golaýlasa-da ol düýrükmedi, adam gapdaljygynda otursa-da ol biynjalyk bolmady, adam kellesini sypasa-da ol gorkmady. Gaýtam, nijeme ýyldan soň birinji gezek adam eli başyny sypanda Akbilek çöli ýatlady, Hoşberdi çopany göz öňüne getirdi. Zaman itiň ýanynda uzak oturmady-da, aňyrrakda goýup gaýdan maşynyna tarap gitdi. Kän mahal geçmänkä, Akbilegiň başujunda çörek dogralan etli nahar bilen içi sowuk suwly ullakan gap peýda boldy. It ol zatlary görüp ýatyrdy, ýöne üns bermeýän, gyzyklanmaýan ýalydy. Ýene bir gezek mylaýymlyk bilen başyny sypan eliň eýesi ýakymly ses bilen: «Iý, janawar!—diýdi.—Seň üçin ýörite getirdim ahyryn». Itden hiç hili hereket bolmady. Asla garaşylmadyk ýerden itiň ýanynda peýda bolan rehimdar adam ony ýeke goýmak üçin maşyna tarap gitdi. Ol ulaga münensoňam, mazara tarap seretdi. Itiň şol bir ýatyşydy. Ýöne ol «Entek dünýäde hakyky adamlar gutarman ekeni»diýip, aýgyt etmäge welin ýarady… Nahar iýlen bolsa, suw içilen bolsa täzelemek meýli bilen şol günüň ertesi Zaman ýene gonamçylyga gitdi. Ol ýolda barýarka, eýesiniň mazaryny ýassanmakdan ýadansoň, iti gonamçylykdan alyp gaýdyp, öz öýünde saklamagyň pikirini etdi, «Dura-bara biz bilenem öwrenişer gider» diýip içini gepletdi. Şeýdiläýse, Zaman üçinem, it üçinem ynjalyklysy boljakdy. Emma Hoşberdi çopanyň uly ogly ol maksadyna ýetmedi. Zaman baranda, köpek düýnküje ýatan ýerinde ýatyrdy, düýn getirilen nahara agyz degmändi, düýn goýlan suw egsilmändi. Akbilek jansyzdy. Ýöne ol ölen pursady janhowluna-da aýagyny mazar gumundan aýyrman eken. Atajan TAGAN. | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |