20:06 Garaşsyzlygyñ ataşy şol gün ýakylypdy... | |
GARAŞSYZLYGYÑ ATAŞY ŞOL GÜN ÝAKYLYPDY...
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, grek goşuny 1919-njy ýylyñ 15-njj maýynda Izmire girip, şäheri basyp alypdy... Osmanly gözgyny ýagdaýa düşüpdi. Basybalyjylaryñ garşysyna göreşmäge güýji-kuwwaty ýokdy. Žurnalist Hasan Tahsin ýaly birnäçe gahryman gorandylar, şehit edildiler. Her ýere grek baýdaklaryny asdylar, duşman goşunyna moral bermek üçin metropolitler we poplar öñe çykdy. Grek goşuny Egeý sebitinde öñe süýşmäge dowam edýärdi. * * * Osmanlynyñ paýtagty ondan öñräk kese ýerlileriñ elindedi. Bu okkupasiýa müddetine indi Izmirem goşulypdy. Anadoly diýseñiz, bu ýerlerde-de buýr-bulaşyklyk dowam edýärdi. 1918-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda Mondros ýaraşyk şertnamasy bilen boýun even döwlet Anadolyda hem doly täsirini ýitiripdi, adamlaryñ janynyñ we malynyñ goragy nola diräpdi. Bir topar Pontus Rum bandasy esasanam Garadeñiz sebitinde edenlerini edip ýördi we olaryñ hötdesinden gelmek mümkin däldi. Bütin bularyñ barsy Birinji jahan urşundan ýeñilip çykmagyñ netijeleri bolup garşymyza çykýardy. * * * Ahyrsoñy bir iñlis gämisine münüp ýurtdan gaçan haýyn patyşa Wahdetdin bialaç galypdy. Ol iñ bolmanda Anadola adatdan daşary ygtyýarlyklar berilen serkerdeleriñ birini ugratmagy makul bildi... Dürli sebäpler bilen Mustapa Kemal paşanyñ ady öñe çykdy... "Baş inspektor" (“Genel müfettiş") unwany bilen bir hatarda tutuş sebitiñ serkerdesi edilip bellendi. "Dolmabahçe" köşgünde geçirilen gepleşiklerden soñ Mustapa Kemal paşa öz saýlap-seçip Alan topary bilen birlikde köne "Bandyrma" parahodyna atlandy. Izmiriñ basylyp alynmagynyñ ertesi - 1919-njy ýylyñ 16-njy maý günüdi... Paşa 19-njy maýda Samsuna aýak basdy. * * * Şu ýerde size bir goşmaça maglumat bereýin... 19-njy maýy, şondan öñ we soñ bolan zatlar, nämeleriñ bolup geçendigi bilen gyzyklanmak we muny resmi maglumatlary bilen öwrenmek isleseñiz size bir kitaby okamagy maslahat bereýin: "Döwlet operasiýasy. 19-njy maý" (“Bir Devlet Operasyonu: 19 Mayıs" ("Turkuvaz Kitap" neşirýaty). Kitabyñ awtory biziñ žurnalist dostumyz, ýakyn taryhymyzyñ ussat galamgärlerinden bolan Myrat Bardakçy. Kitap hökmany suratda okalmaga degişli. * * * Myrat gardaşymyzyñ berýän maglumatlaryna görä "Bandyrma" parahodynda ýola çykan Mustapa Kemal paşanyñ toparynda ýokary düzümden 24 ofiser - polkownik bolupdyr. Ýok Stambulda kesgitlenen toparda üç harby lukman, polkownikler, ofiserler, adýudantlar, leýtenantlar, hatda buhgalterler hem bat eken. Şeýle-de toparda 25 sany seržant we rýadowoý bolupdyr. "Bandyrma" parahodynyñ ekipažyna bolsa kapitany bilen birlikde ýene 25 adam giripdir. * * * "Uly nutugy" Mustapa Kemal paşanyñ hut özi ýazypdyr we 1927-nji ýylda Mejlis kürsüsinde okalmaga başlanypdyr. Nutugyñ ilkinji jümlesi şeýle başlaýar: "1335-nji (1919-njy) ýylyñ maý aýynyñ 19-na Samsuna çykdym." 19-njy maý hem Atatürk, hem soñky boljak zatlar nukdaýnazaryndan iññän möhüm başlangyç sepgididir. Anadolyda çopan otlarynyñ, azatlyk we garaşsyzlyk fakelleriniñ ýanmaga başlan senesidir. Soñky bolan zatlary hemmämizem bilýäris. Uruşda ýeñmegimiz, Lozan şertnamasy, kapitulýasiýalaryñ ýatyrylmagy, Respublikanyñ yglan edilmegi we öwrülişikler... Juda kynçylykly geçen döwür. * * * Söýgüli okyjylarym, 19-njy maý biziñ iñ möhüm döwlet baýramlarymyzdan biridir. Kalendar yzygiderliligi boýunça seredilende birinji nobat şeýle: 1919-njy ýylyñ 19-njy maýy, 1920-nji ýylyñ 23-nji apreli,1922-nji ýylyñ 30-njy awgusty, 1923-nji ýylyñ 29-njy apreli. Biz öñler bu baýramlarymyzyñ her birini uly joşgun bilen bellärdik. Mysal üçin, 19-njy maý güni Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport günüdi. Ilatly nokatlaryñ ählisi özüne ýaraşýan biçüwde ýaşlaryñ we okuwçylaryñ sport-gimnastika çykyşlary bilen aýdym-saza beslenip bellenerdi, göze gelüwli çykyşlar bolup geçerdi. * * * 30-njy awgustda we 29-njy oktýabrda dabaraly paradlar geçirilerdi. Şindi bu häkimiýet döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklaryñ bellenmegini gadagan etdi. Dabaraly paradlar ýatyryldy. Goşunymyz döwlet baýramlaryna gatnaşmakdan çetleşdirildi, "Onunjy ýyl", "Izmir marşy" ýaly gimnlerimizi ýerine ýetirmek gadagan edildi. Özüñiz pikir edip görüñ, bu gamblers eşitmänimize näçe ýyl boldy! * * * Indi şol gahryman serkerdelerimiziñ atlarynam bilemzok. (Özüñiz ýada saljak bolup görüñ hany, Baş Ştabyñ başlygy kim bolupdyr, ady näme!..) Şindi bar zat öz ugrundan, göz öñüne tutulan maksadyndan üýtgedildi, hemme zat gadagan! Atatürküñ mawzoleýine gitmegem çäklendirildi. Türkiýe respublikasy "Millet ýok, ymmat bar" diýip gygyrýanlaryñ ynsabyna galdy. Ine, biz häzir şular ýaly şertlerde ýaşaýarys... Hernäme-de bolsa, baýramyñyz gutly bolsun! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |