22:11

Hudaý bolýan bolsañ, subut et!!!

Geň-taňsy wakalar
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 664 | Добавил: Moýsepit | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
1
1 Myhman0430  
778
Rahman akgaň ýagşy niýetine düşünýän. amallar niýetlere görämiş.

käşgä gowy düşündirp biljek derejede ylmym bolsa.
käşgä gowy düşündirp biljek derejede dilewarlygym bolsa.
käşgä gowy düşündirp biljek derejede "çeşmäm" bolsa.

gynansakda ýok. onda-da bolanjasyndan synanyşaýyn.

1. Pygamberler Alladan subutnama islemedilermikä diýýän. olar doglanlarynda zannyna Pygamberlik guýulýamyka diýýän. belli bir ýaşa ýetenlerinde-de, wezipelidikleri aýdylýa diýip düşünýän. çünki Pygamberlik ýetilýän dereje däl-de, Alla tarapynda berilýän zat. şoňüçin olar çagalykdan puta çokunma, ýaranjaňlyk etme, ýalan sözleme diýen ýaly zatlardan uzak bolupdyrlar.

2. "Hudaý bilen iş çalyşma", "Dogrysy Hudaý hem subutnama soralany üçin känbir gaty görýäne meňzänok" jümleleri gulaga ýakymly däl.

3. häzirki döwürde metafiziki barlyklar bilen iş salyşma hakynda soňraga goýaly.

4. Pygamberleriň görkezen adatdan daşary hadysalaryna mugjyza diýilýär. mugjyzalar Pygamberler üçin däl-de, olaryň ymmaty üçin görkezilýär.
mundan daşgary "keramat", "ikram" diýen zatlar hem bar. olar welilere degişli (temadan uzaklaşmaýyn).
kyýamatdan öz käbir Pygamberleriň görkezen mugjyzalaryna ýakyn zatlaryň adamlar tarapynda ediljekdigi hakynda hem aýdylýa. hatda mugjyzalaryň köpüsi adamlar üçin bir maksatdyr. beý diýilse gönüden-göni şo şekilde bolmaly diýildigi däl. gowusy mysallara seredeliň.
Süleýman Pygamberiň (a.s) tagtynyň uçmagy - samalýotlaryň uçmagy.
Süleýman Pygamberiň (a.s) bir (jyn) hyzmatçysynyň Belkysyň tagtyny göz açyp ýumasy salymda ýanyna getirmegi - telewideniýe (kä kişiler telepatiýaň tapyljagyna-da ynanýa. dogrusy men-ä şoňa gaty ynanamok. ýöne oýlap tapylynsa geň görjek däl).
Musa Pygamberiň (a.s) deňzi ýaryp geçmegi - deňizleň, uly derýalaň aşagyndan çekilen tuneller, üstünden çekilen köprüler.
Isa Pygamberiň (a.s) ölüleri direltmegi - az wagt ýüregi duran kişileň elektroşok bilen ýürekleri urar ýaly edilmegi.

hälki aýdyşym ýaly: gönüden-göni şo mugjyzaň özi däl-de, şoňa ýakyn zatlar.
bu zatlar Alla bolan ynanjy gowşatman, oňa derek güýçlendirýä diýip ynanýan.

elbetde, Pygamberimiziň (s.a.w) mugjizeleri bulara degişli däl.
mübärek barmagyny yşaraty bilen aýyň ikä bölünmegi
mübärek ellerinden suw akmagy
mübärek owuçlaryna alyp oklan çagyllarynyň garşydakylaryň hemmesiniň gözüne gitmegi
az iýmite köp adamyň doýmagy, şonda-da iýmitiň egsilmezligi (berekete degişli mugjyza kän)
ajy suwly guýulaň süýji suwa öwrülmegi
töňňäniň aglamagy
çagyranynda agaçlaryň gelmegi
......
.......
.......
.....
.....

5. dogry käbir multiklerde çagalaryň aňassyna hüjüm edilýär. esasanam "disneýiň" önümlerinde. bu eýýäm başga tema.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]