IKI HARPLYK
Harplyk baýramynyň öň ýanydy. Bägül mugallymyň stolunuň üstünde iki sany "Harplyk" kitaby ýatyrdy.
Sag gapdalda ýatan "Harplyk" kitaby birden ýerinden turdy-da, geň galmak bilen ýoldaşyna seretdi.
--Weý, weý, "Harplyk" dost, bu senmidiň, asyl - diýip, ol howsalaly sorady. - Sen nähili bolaýypsyň. Ýüzüň-gözüň reňki öçüp, üýtgäp gidipsiň-le, asyl. Seni tanar ýaly däl-ä.
-- Hawa, meni tanamarsyň- diýip, ýatan "Harplyk" ynjyly seslendi.
--Hany, ýeriňden bir tur ahyryn. Görüşel-ä, ikimiz - diýip, ýüzi gülüp duran harplyk aýtdy. Emma ýatan harplyk asyl ýerinden turarly däldi. Ol gussaly sözledi.
--Meniň ýerimden turmaga halym ýok, dostum. Her sahypam bir ýerde, içim-daýym sal-sal bolup ýatyr ahyryn.
--Hany, göreýin, näme boldy saňa, -- Ol "Harplygyň“ elinden çekip, ony galdyrjak boldy. Bolmady.
--Wah, wah!
Kirlije "Harplyk“ dady-perýat etdi.
--Ýok, ýok, dost jan meni gozgama. Içki sahypalarym sahabymdan beterdir. Ýytyk-ýyrtyk, çyzym-çyzymdyr. Adama görnere ýüzü ýokdur. Gowusy, sen meni indi bir gepletme.
Ýüzi arassalykdan ýaňa lowurdap duran "Harplyk“ oňa geň galyp garady.
--Beýle bolar ýaly, başyňa näme iş düşüp ýör, dost jan!..
Sahaby, sahypalary düýdüm-düýdüm, ýyrtyk-ýyrtyk "Harplyk“ gözüniň ýaşyny saklap bilmedi. Ol agyly sesi bilen gürrüň berip başlady.
-Birinji sentýabr güni biz nähili bagtlydyk, arassajadyk, owaanjadyk. Şol gümn meni Gelgi Myradow diýen 1-nji klas oglana berdiler. Ol oglan örän garagol hem-de geleňsiz , hapysa eken. Okuwdan soň öýlerine baryp,Meni otagyň burçuna taşlap goýberdi. Onsoň, onuň bäş ýaşly jigisi meni eline alyp, jirim-jirim edip başlady. Ýyrtyp oýnýardy. Geldiniň özem okasy gelmedik mahaly maňa her dürli suratlary çekýärdi. Meni gören ýerine taşlap goýberýäri. Suratlaryma ruçka bilen gulak, murt ýasaýardy. Kirli, hapa eli bilen öňem ýyrtyk-ýyrtyk sahypalarymy açyp, ýapyp oýnaýardy. Käte ýoldaşlary bilen zyňyşybam oýnady. Şeýde-şeýde, onuň elinde çagşap galdym. Herne, dagtyma Bägül mugallym ýetişäýdi.Indi ýagdaýymy özüň görüp dursyň. Meniň-ä halym harap, sen-ä ganymat ýaly.
--Tämizje „Harplyk“ hem gama batdy.
--Meni bolsa 1-nji sentýabrda Jennet Osmanowa berdiler. - diýip, ol özi hakynda gürrüň berip başlady - Jennet Osmanowa edepli, akylly gyz eken. Meni janyndan ezizläp, juda päkize saklady. Şonuň üçin, nesip bolsa, men 1-nji sentýabrdan ýene-de okap başlaryn. Ýöne Jennetden aýrylyşjagyma gaty gynanýaryn-da. - diýip, ol buýsançly aytdy...
Klasa Bägül mugallymyň girmegi bilen, iki dostuň gürrüňi soňlanman galdy.
14-nji sentýabr 1999 ý.
Hekaýalar