13:01 Iki ömür - bir ykbal | |
IKI ÖMÜR BIR YKBAL
■ Berdi Kerbabaýew Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, uly söz ussady Berdi Kerbabaýew bütin ömrüni halkymyzyň ruhy medeniýetini ýokary götermäge bagyşlady. Ol diňe bir çeper döredijilik bilen meşgullanman, eýsem,ýurdumyzyň syýasy, medeni we jemgyýetçilik ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda netijeli zähmet çekdi. Ýazyjynyň galamyndan çykan eserler halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Gaýgysyz Atabaý», «Suw damjasy altyn dänesi»,«Öten günler» ýaly romanlary, «Gyzlar dünýäsi», «Kepän dodak». «Ýaz möwsüminde bir gözel» ýaly poemalary ýazyja uly şöhrat getirdi. Berdi Kerbabaýewiň ömri we döredijiligiedebiýatyň we sungatyň ähli ýaşdaky wekilleri üçin nusga bolup hyzmat edipdi. Ýazyjynyň terjimehalyna, döredijilik hem-de jemgyýetçilik işine degişli taryhy sahypalara ser salanyňda olarda hakyky edebiýatçynyň, uly söz ussadynyň uzak şöhratly beýany seni haýran galdyrýar. Ol ýazgylar, wakalar hiç kimi biparh goýanok. Şoňa görä-de okyjylarymyza ýazyjy baradaky uly göwrümli işiň käbir parçalaryny hödürlemegi makul bildik. ■ Uly ýoluň başlangyjy Kazandan gelen söwdagär tejenli dosty Batyr Burun oglunyň öýünde uzak eglendi. Şäheriň orta gürpünde ýerleşýän dükanda ownuk-uşak harydyny – çaýdyr halwasyny ýerleşdirdi. Işi bitensoň ýola düşmekçi bolup, öý eýesine ýüzlenende, Batyr Burun oňa matlabyny düşündirdi. — Bu gezek beýle tiz goýbermeris, sizi, ependim. Ynha Gowküzereňden Kerbabany — köne dostuňam çagyrdym. Myhmany uzatmagyň gürrüňini şondan soň ederis. Tatar söwdagäri ýylgyrdy. Onuň ýylgyryşyndan Batyr Burun: «Näme, bu gezek söwdasy oňansoň, aýratyn bir nysak çykarmakçymysyňyz, ýa-da ýene bir söwüşläýsem diýýäňizmi?» diýen garaýyşy aňdy. Onsoň myhmany köp oýlandyrmazlyk maksady bilen pikirini ýaňzytdy. — Ependim, döwletli bir maslahat üçin bu ýerde bir-iki gün galmagyňyzy Kerbaba aga-da towakga etdi. Myhman dillendi: — Her niçigem bolsa, ozaly bilen maslahat barada bir zatlar aňyp otursak, ynjalykly bolmagy ähtimal. — Dürs aýdýaňyz ependim - diýip, Batyr Burun myhmanyna jaýyň töre geçmegi mürähet etdi. Edil şol pursatam Berdi bilen Garaja olaryň ýanynda häzir boldy. Batyr Buruna pikirini ýaňzytmaga puryja tapyldy. — Siziň ýene birki gün gonaklykda galmagyňyza sebäp bolan oglanlar şular — diýip, Batyr Burun uzyn boýly, öz ýaşyndan hem uly görünýän oglana — Berdä elini uzatdy. Myhman ýerinden turup oglanlaryň ýanyna bardy. Olary içgin-içgin synlap: — Bu ýigitler bilen biz ozaldan tanyş - diýdi. Myhmanyň sözünde nämedir bir syryň bardygyny aňan Batyr Burunyň soragly nazary myhmana «Yzyny aýt» diýip buýruk berene döndi. Ol çalt-çalt gepledi. — Bi, çagalar gaty okumyş. Men bulara her gezek Bakuwda çykýan «Hoja Nasreddin» žurnalyny getirip berýärin. Bular ony waraklap çykýar. Onda köp zat dogrusynda ýazýarlar. Tatar söwdagäriň žurnal getirýäninden habarsyz bolsa-da, Batyr Burun «Habarym bar, habarym bar» diýip, az-kem batlyrak aýtdy. Onuň näme üçin beýle diýenini oglanlar özleriçe ýordy: «Eger şeýtmese, del myhman atasynyň çagasyndan habary ýok diýer, bu-da gowulyk däl». Söhbet tamamlanmanka gapyda egni haly horjunly Kerbaba aga peýda boldy. — Geleweri, geleweri – diýip, Batyr Burun onuň bilen gadyrly görüşdi. Myhmanam olara goşuldy. Saglyk-amanlykdan soň, çaý başynyň gürrüňi başlandy. — Bizem soňky wagtlar bu jelegaýlara az düşemzok, Kerbaba efendim — diýip, tatar dosty —gepbaşy, bolar-da diýen pikir bilen aýtdy. Kerbaba aga oňa bada-bat jogap gaýtardy: — Bizde myhmanyň gelmegi ýük görülýän däldir. — Ýok, ýok, men gepiň ýük görülýän manysyndan daşdadyryn, efendim. — Tatar bilen gatnaşyk gadymdan bäri ahyry, siz indi gonag-a däl, dostdanam geçirdiňiz, dogan bolduňyz — diýip, Batyr Burun söze goşuldy. Üç dostuň — köne tanyşlaryň arasynda gürrüň uzaga çekdi. Iň soňunda garaşylýan meseläni Batyr Burun orta atdy. — Ependim — diýip ol söze başlady. — Indi okuwsyz, aň-bilimsiz mydar azaljag-a çalym edýä. Onsoň biz Berdi bilen Garajany okatmagyň aladasynda. — Siziň olary okatjak diýmegiňiz meniň başymy ösdürýär — diýip, myhman eli bilen depesini görkezdi. Soňam: — Alyp okadyberer ýaly ýeriňiz barmy ýa menden gözügaramy, siz? — diýdi. Myhmanyň gönümelligine öňden belet Kerbaba aga sypaýçylygy elden bermedi. — Geňeşli biçilen don gysga bolmaz diýen bir söz bar, biziň milletimizde. Bizem şondan ugur alyp. Kerbaba aga yzyny aýtmady. Myhmanam bu iki ýaşulynyň öňünde uzak söz «güjükledip» oturyp bilmedi: — Elimden gelen ýagşy işi sizden aýamaryn. — Berekella, myhman, biz bir göwnümizdäkini orta ataly, onsoň galanyny görübermeli bolar-da – diýip, Batyr Burun Kerbaba aga ümledi. Kerbaba aga soragy gönümel goýdy: — Şu iki oglany köneden has düýpli ylym alar ýaly Buhara ibermelimi ýa Gazana? — Baý-bow, gardaşlar, siz giç oýanýarsyňyz. Siz bulara indi «haýt» diýmekçi bolýaňyzmy? Bularyň aýagyna tyrryk jalbar geýip başlaly bäri aýlar ötüpdir. Size bolsa olar başgaça görünýär — diýip, tatar mollasy başyny ýaýkady. — Indi şo «ýarsgynyna» gidibersinler. Kerbaba aga gatyrganjak ýaly etdi: — Entek agzysary oglan-a bular. Hanjak itekleseň, şoňa gider. — Gider, gider, ýöne... diýeniň çykmaz. Bular başyna selle orap takwa bolar öýtmäň. Diýmek mollalyk, din ylmy hezil bermez öýtýäň-dä?! — Elbetde — diýip, myhman söze başlady: — «Gazanyňam Buharanyňam, Orsýetiňem nähili dem alýandygyny bular eýýäm bilýärler». — O nähili — diýip, Kerbaba aga Batyr Burundan delalat isläp, onuň ýüzüne seretdi. — Myhman dürs aýdýar — diýip, Batyr Burun onuň sözüni makullady. Soňam ýerinden turdy-da dükanyň kömekçi jaýyndan «Hoja Nasreddin» žurnalynyň birnäçesini getirip, orta goýdy-da: — Ine, sebäbi — diýdi. Hemme zat düşnükli boldy. Şeýle-de bolsa Kerbaba aga ogluny köne ylymdan daşlaşdyrmajakdygyny aýtdy. Şeýlelikde Berdi ilki obalaryndaky, soňra Gorjawda, Hywadyr Buharada hem okap geldi. Emma ol kakasynyň göwün islegini berjaý etmedi. Ylym aldy, ýöne ylahyýete ýykgyn etmedi. Geçen asyryň başyndaky özgerişliklerden çetde galmadyk Berdi Kerbabaýew Tejende dürli edaralarda, dürli wezipelerde işledi. Emma onuň edebiýata, edebi mirasy has çuňňur toplamaga we öwrenmäge bolan yhlasy ony Aşgabada alyp geldi. Ilkinji goşgusy 1923-nji ýylda şol mahalky «Türkmenistan» gazetinde çap edilenden soň onuň ähli ümdüşigi edebiýatda boldy. Ykbal oňa edebiýatyň ähli žanrlarynda işlemek bagtyny eçildi. Ol ilki galama ýapyşyp, şygyrdyr poemalar döredip başlan hem bolsa,kyssa žanrynda hem ilkinjileriň biri bolupdy. Edebiýatçy alymlaryň tassyklamagyna görä ilkinji iri göwrümli powestdir romanlar hem onuň galamyna degişlidi. Bu ýerde gep, kimiň ilkinji ýa soňkulygy barada baranok-da başyna baran žanrynda öz ornuňy tapyp bilmekde. Ýiti zehinli ýazyjynyň oçerk, hekaýa, powest, roman žanrlarynda galamyny ezber işledip bilendigi hakynda az ýazylmady. Edebi mirasyň aladasy Berdi Kerbabaýew düşünjeli ömrüniň hemmesini türkmen edebiýatyna bagyşlady. Onuň ýazyjy hökmünde-de, guramaçy, ýolbaşçy, çeper kerwenbaşy hökmünde-de türkmenden özňe düşen ýekeje güni hem ýok. Bu görnükli söz ussady Türkmenistanyňwe ozalky soýuzyň metbugatynda ýüzlerçe gezek türkmen edebiýatynyň ykbaly, halklaryň arasyndaky edebi gatnaşyklar, gadymy miras hakynda dynuwsyz çykyşlar edip, görelde görkezdi. Edebiýatymyza şahyr hökmünde gelen Berdi Kerbabaýewiň ozaly bilen, edebi miras meselesini ilkinji orunda goýmagy kanuny ýagdaýdyr. Sebäbi ol belli bolşy ýaly, iki asyryň sepgidinde ýaşady we döretdi. XIX asyryň ahyry, XX asyryň başy öňki jemgyýetçilik gurluşlaryň çagşan döwri, ylym-bilim ulgamynyň özgerýän mahaly dünýä, durmuş baradaky, ahlak-edep baradaky garaýyşlaryň täzelenýän mahalydy. Döwründe mazaly köne sowady çykan, arap-pars dillerinden geregiçe peýdalanan, 20-nji ýyllarda Sankt-Peterburgda Gündogar seminariýasynda okan (1927-1928) B.Kerbabaýewiň edebi garaýyşynda iki sany uly çeper dünýä açylýar. Olaryň biri köne türkmen edebiýaty we taryhy bolsa, ikinjisi öz döwrüniň real edebiýatydyr. Edebi mirasa ýazyjynyň garaýşy öz döwürdeşleriniňkiden her taraplylygy we çuňňurlygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de B.Kerbabaýew 20-nji ýyllaryň iň uly taýýarlykly wekili hökmünde gönüden-göni türkmen medeniýeti institutynyň tabşyrygy boýunça birinji gezek beýik Magtymgulynyň eserlerini 1926-njy ýylda çapa taýýarlap okyjylara ýetirýär. Munuň şzi şol döwür üçin ägirt uly işdi. Asyrlar boýy şygyrlary halkyň göwün keşdesine öwrülen Magtymgulynyň şygyr diwanyny elden-ele geçdi. Türkmen klassyky mirasyna ses goşmak, onuň meseleleri bilen gyzyklanmak B.Kerbabaýew üçin diňe Magtymguly bilen çäklenenok. Ol Kemine, Mollanepes, Garajaoglan hakynda-da öz garaýyşlaryny beýan etdi. Bulardan başga-da ol edebi mirasyň umumy meselelerine-de ünsi çekipdi. Her bir wekiliň döredijiligi barada pikir ýöretdigiçe B.Kerbabaýewiň edebi mirasa garaýşy şonça-da çuňlaşýar, giňeýär, onlarça meseleleri öz içine alýar. Magtymgulynyň agyr oý-pikirli poeziýasyndan soň, ýazyjy ukudan oýanan ýaly hala düşýär. B.Kerbabaýew 200 ýyl ozal dünýä inen Keminäniň garyp pukaralara has ýakyn durmagyny, olaryň ähli ünjüsini, aladasyny duýmagyny, şahyryň edebi hem rehimli jahankeşdä öwrülip, ýüreklere barýan ýoly tapmagyny ertekilerdäki Alybabanyň öňünde lagly-merjenlerden doly gowaklaryň öz gapysyny açyşy ýaly göz öňüne getirýär. Keminäniň degişgenligi, durmuşa bolan ruhubelent garaýyşy, dünýäniň «panylygy», «oýunbazlygy» adamyň mazmuny şularyň hemmesi bir keşpde jemlenýär. Eger B.Kerbabaýew Magtymguly hakda oýlanýan, ol hakda ýazýan mahalynda köplenç gapdalynda dini düşünjeleriň «jyklap» duranyny, ony açykdan-açyk aýtmagy edil ellinji ýyllaryň ygtyýar bermeýändigini, özüniň hem şol «keselden» gözüniň gorkandygyny bilýän mahalynda, Keminä gezek gelende ol örän dogumly pikirleri, erkin duýgulary eçilmäge mümkinçilik tapýar. Bu makalada ozal biziň edebiýat ylmymyzda lenç edilen sanama, guraksylyk ýok-da, täzeçe çözgüt bar. Ýazyjy XIX asyr Türkmenistanyň ýagdaýyny Russiýa, Fransiýa bilen deňeşdirmäge synanyşyk edýär. «Şahyryň ýaşan we döreden döwrüni doly göz öňüne getirmek üçin Puşkiniň Russiýada, Beranjäniň bolsa Fransiýada ýaşan döwrüni ýatlamaly» diýen mahalynda awtor ýurtlar, jemgyýetler arasynda ýagdaýa ser salýar. Ýöne Günbatar Ýewropa we Russiýa buržuaz gatnaşyklaryň ösen ýurdy bolan bolsa, Türkmenistanda patriarhal düzgün höküm sürýärdi. Ony B.Kerbabaýew görýär we oňa gowy düşünýär. Bu ýerde esasy zat Keminäniň döredijilik ruhuna düşünmekde. «Onuň iki sany açary bar» diýýän ýazyjy mamladyr: satira we şorta söz. Oňa göz ýetiren awtor şeýle netijä gelýär. «Kemine öz döredijiliginde Gündogaryň beýleki nusgawy şahyrlaryndan batyrgaý hem açyk peýdalanmagyň hötdesinden geldi...» Bu ýokary synçylyk bilen berlen bahady. Hakykatdan hem satirasyz, şorta sözsüz Keminäni göz öňüne getirmek mümkin däl. Edebi miras B.Kerbabaýew üçin hazyna, ojak bolup hyzmat edipdir. Ondan hem özi peýdalanypdyr hem bilýänlerini il-halka ýetiripdir. Ony ýazyjy Garajaoglanyň goşgylary barada söhbet açanda hem görkezýär. Uzak ýyllaryň dowamynda edebiýaty öwreniş ylmy Garajaoglan hakynda dymdy. Diňe Ýurt garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň edebiýatçy alym A.Mülkamanow şahyryň mirasyny giňişleýin öwrenmek bilen meşgullandy. Bu işiň başyny bolsa B.Kerbabaýew tas ýarym asyr ozal başlapdy. B.Kerbabaýewiň edebi mirasymyza degişli toplan maglumatlarynyň arasynda «Myraly bilen Soltansöýün» baradaky hekaýalar ýygyndysy aýratyn orun tutýar. B.Kerbabaýewden öň türkmen edebiýatynda bu ugurdan hiç iş edilmändi. Galyberse-de, bu hekaýalar toplumynyň henize-bu güneçenli edebiýat ylmy tarapyndan derňelip, ondaky bir topar taryhy wakalar, şahslar barada ylmy taýdan netije çykarylmandygyny aýtmak gerek. «B.Kerbabaýew uly türkmen taryhçysy bolupdy. Ol gadymky türki we parsy traktatlary köp bilipdir. Onuň «Myraly bilen Soltansöýün» hakyndaky ýazgylary şol taryhy kitaplaryndan, türkmen halk döredijiliginiň maglumatlaryndan toplanandyr. «Myraly bilen Soltansöýün» hakyndaky hekaýalar türkmen halkynyň arasynda ozaldan hem meşhur bolup, ol ilki alym Penji Agalyýew tarapyndan toplanyp başlapdyr. Soň bolsa B.Kerbabaýew onuň bilen ýörite meşgullandy. B.Kerbabaýew Myraly bilen bagly hekaýatlary işlän mahaly şu taryhy çeşmeleri görüpdir, öwrenipdir. Türkmenler bolsa Nowaýy hakynda iň köp rowaýatlary saklap gelen janly kitapdyr. B.Kerbabaýew bu ýazgysynda taryhy we edebiýaty tebigy birikdiripdir. Meşhur ýazyjylaryň hususy döredijilik tejribesi hakynda söhbet açylanda onuň çeper döredijilik bilen meşgullanýanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedigi mälimdir. Şu babatda uly söz ussady Berdi Kerbabaýewiň döredijilik dünýäsiniň köptaraplylygy hakynda aýdara zat juda köp. Ýazyjynyň ezber galamyndan çykan çeper eserlerinden başga-da, onuň çuň mazmunly makalalary häli-häzire çenli okan adamlary biparh goýanok. Ylaýtada hem ýazyjynyň çeper döredijilik hakynda ýazan makalalary edebiýatymyzda ýüze çykan belli-belli ýagdaýlara bagyşlanyp ýazylan hem bolsa olar, ol makalalar hemme döwürler üçin ýol görkeziji hökmünde kabul edildi. Ol makalalaryň mazmunyny gaýtalap oturman olardan käbir bölekleri okyjylarymyza ýetirsek, ýazyjynyň öňe süren meseleleri aýan bolsa gerek. Söz ussadynyň «Ýazyjynyň jana-jan arzuwy atly makalasyndan: «Ýazyjy kitaby özi üçin hem,öz garyndaşlary üçin hem öz iş otagyndaky kitap tekjesini bezemek üçin hem dostuna peşgeş bermek üçin hem ýa-da diňe bir at galdyrmak üçin hem ýazanok. Çeper sözüň eýesi öz kitabynyň üsti bilen halka özüniň ömürlik tejribesini, öz düşünjesini, pikirini hem öz duýgusyny hödürleýär. Ýazyjy ýönekeý haý-howaýy zat barada gürrüň açman, özüniň hakyky ynanjyna görä öz okyjylaryna örän ähmiýetli hem derwaýys zat hakynda gürrüň berýär. Ol okyja şeýle diýýär: «Gadyrly dost, ynha seret, durmuşda gör nähili zatlar bar. Şolar saňa-da degişli, sen şol barada oýlan, sen ony öz duýgy tereziň bilen ölçäp gör, goý, ol seniň işiňe, döredijiligiňe, söýgiňe, bütin islegiňe kömek etsin, ähli halk bilen belent maksada ýetmek üçin goltugyňdan söýget bersin... Hakyky ýazyjy belent maksat ugrunda okyjy bilen ýüzbe-ýüz, ýürekdeş, göwündeş sözleşmek üçin zähmet çekýär. Şeýle ýazyja mugallym hem terbiýeçi diýmek mümkin». Ýazyjy Berdi Kerbabaýew beýik Magtymgulynyň 225 ýyllyk toýunda «Beýik şahyr hem akyldar» atly makala bilen çykyş edýär. Bu çykyşynda ol şahyryň döredijiliginiň henize — bu güne çenli öz goýulmaly derejesinde goýulmandygyny turuwbaşdan şeýle belleýär. «Gündogaryň poeziýasy bize köp wagtdan bäri mälim. Firdöwsini, Rudakyny, Saadyny, Hafyzy, Nyzamyny bütin dünýä bilýär. Şol şahyrana ýyldyzlaryň arasynda türkmen edebiýatynyň klassygy bolan gözel şahyr hem pikir ýörediji Magtymgulynyň ady öz tutmaly ornuna garanda öçügräk ýaldyraýar». Soňra B.Kerbabaýew Magtymgulynyň dürli ýurtlarda öwrenilişi, aýry-aýry alymlaryň işleri, olaryň şahyra garaýyşlary hakynda ýazýar: Ol sözleriniň üstüni Gündogar edebiýatynyň görnükli nazaryýetçisi akademik Ý.Bertelsiň Magtymgula beren bahasy bilen ýetirýär. Alym Magtymgulyny Jemşidiň jamyna meňzedýär. Ol şeýle bir jam bolup, dünýäniň ýüzünde bolup duran wakalaryň hemmesini öz ýüzünde görkezip durýar. Berdi Kerbabaýew beýik şahyra berlen bahalary adalatly hasap edýär. Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürlerde B.Kerbabaýew şol mahalky SSSR ýazyjylarynyň wekilçilikli toparynyň düzüminde Owganystana we Afrika syýahat edýär. Şol syýahata bagyşlanan ýol ýazgylarynyň birinde Kabulda taryh institutynda taryhçy, professor Kohzade bilen bolan duşuşykda Magtymguly bilen bagly meseläni orta atandygyny ýazýar: «Agai Kohzat bir zada güýmenende Magtymgulynyň Ahmet şa barada ýazan şygry ýadyma düşdi, men oňa sowal berdim: — Agai Kohzat, siz Owganystanyň taryhyny ýazýan adam, Ahmet şa Dürrany barada sizde kitap ýokmy? — Ahmet şa Dürrany? — diýip, ol maňa birhili geňirgenjilik bilen garady. Men oňa näme üçin soraýanymy mälim edenimden soň, enaýy ýylgyrdy-da dowam etdi: — Men ýazyjylaryň häsiýetini onçakly bilemok. Emma alymlaryň häsiýeti, birhili, ýyrtyk kisä çalym edýär. Ýyrtyk kise-de teňňä durmaýany özümize mälimdir. Alymlarda-da kitap duranok. Belki, öýde bir ýerde bukup galan bolmagy mümkin, garap görerin. Ol birdenkä stoluň üstündäki münderilgi kitaplary agdaryşdyryp, ýukajyk žurnal ýaly bir zat çykardy-da, maňa bakan uzatdy: — Pereň... jemgyýeti şuny maňa iberipdi. Onuň haýsy jemgyýetdigini unudypdyryn. Dogrusy, men oňa heniz jogap-da gaýtaryp bilemok. Kitabyň daşky ýüzünde Ahmet şa Dürranynyň köp reňkli owadan suraty bardy. Men oňa minutlarça gaýtalap garadym. Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli gerek boljakdygyny ýadyma salyp, dilemek küýüne düşdüm. Garşylyk görkezilmejegine-de akylym ýetdi, emma ýygralyk, ýaýdanjaňlyk gurap galsyn. Men oňa zat diýip bilmänime, Dürranynyň owadan suratyny almanyma henize çenli hem ökünýän». Ussat ýazyjynyň bu sözlerinden çen tutsaň, onuň haýsy ýerde, haýsy ýurtda bolýanlygyna seretmezden, öz halkynyň beýik akyldary, şahyr Magtymguly bilen baglanyşykly pikirlerinden el üzmeýändigini görmek bolýar. Mahlasy, beýik Magtymgulydan 170 ýyl çemesi soň doglan uly söz ussady Berdi Kerbabaýewiň edebi dünýäsi Magtymgulydan başlanýar, Magtymgulyda-da gutarýar. Ony ýazyjynyň beýik ynsana, akyldara ençeme makalalary, çeper eserleri bagyşlandygy hem görkezip dur. Magtymguly temasy ony bütin ömrüne erkine goýmandyr. XX asyryň uly söz ussady nirä gitse-de, haýsy derejedäki adamlar bilen duşuşsa-da beýik Magtymgulynyň ykbalyny yzarlapdyr, ondan nyşan agtarypdyr. Ol bütin ömrüne Magtymgulyny öz halypasy hasaplap, onuň edebi mirasyna sarpa goýdy. Umumadamzat medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan dana şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligine, pikir-garaýyşlaryna, bu günki gün goýulýan gadyr-gymmat, ony ýene-de mukaddeslige öwürýär. Beýik Pyragynyň, ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň edebi çeper döredijiligi zamandaşlary üçin ýol görkeziji, ruhlandyryjy çelgi bolup hyzmat etdi. Olaryň galdyran edebi mirasy bu günki nesiller üçinem mekdepdir. Geljekde-de şeýle bolar. ■ Garaja Burun diýlende... Ozal obadaky köne mekdepde, soňra Kakadaky medresede arap elipbiýini kemsiz öwrenen Garaja Tejendäki dilmaçlary taýýarlaýan ýerli rus mekdebinde okuwyny dowam etdi. Bu ýerde iki ýyl okady. Rus dilini öwrendi. Dünýä edebiýatynyň aýry-aýry nusgalaryny özbaşdak öwrenmäge mümkinçilik tapdy. Onuň üstesine-de çeper döredijilik bilen ilkinji synanyşyklary edip başlady. Ýerli rus mekdebini gutaran hem bolsa Garaja entek belli bir käriň başyny tutup bilmändi. Oňa şol döwrüň galagoplygy sebäp bolupdy. Şonuň üçinem ol tä 1918-nji ýylyň aýagyna çenli kakasynyň söwda işlerine kömekleşdi. 1919-njy ýyldan tä 1921-nji ýyla çenli Tejeniň wolost ispolkomynyň sekretary bolup işledi. Soňra 1923-nji ýyla çenli ilki şäher magaryf bölüminiň, soňra durmuş-üpjünçilik bölüminiň müdiri wezipelerinde zähmet çekdi. Metbugat işinde ilki «Türkmenistan» gazetiniň edebiýat bölüminiň müdiri, soňra gazetiň jogapkär kätibi bolup işledi. Gazet işi Garaja Burunowyň syýasy taýdan kämilleşmegine, edebi döredijilik işi bilen içgin gyzyklanmagyna has giň ýol açýar. Üç ýyllap Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) Gündogary öwreniş institutynyň edebiýat bölüminde okap, bilim almagy onuň çeper döredijilige ymtylyşyny düýpli özgerdýär. Bu gyzykly hem irginsiz zähmeti talap edýän ýol oňa ilkinji üstünlikleri bagyş edýär. ● Berdi Kerbabaýewiň ýatlamalaryndan: «Garaja Burunow ikimiz bir obadan bolsak-da, olar şähere golaý bir ýerde, biz Garagumuň kenaryndaky sährada ýaşaýanymyz üçin, biz ýaşlyk, ýetginjeklik günlerimizde bile ýaşamandyk. Emma rewolýusiýa günlerinden başlap, bilelikde gadam urupdyk. Biz «Türkmenistan» gazetinde edebi işgär bolup işlemäge, ýigrimi üçünji ýylyň ýazynda bir günde gelipdik. Biziň ýaşaýan öýmüz-de birdi, iýmitimiz-de birdi, niýetimiz-ykbalymyz-da birdi, hatda biziň gazanjymyz, gün görşümiz-de ortakdy. Biz goşgy ýazmakda, gazetiň günsaýyn gowulanmagynda, göýä diýersiň ýaryşýan ýalydyk. Şol wagtda biziň höwesimiziň hiç bir ölçegi ýokdy. Gündizki işden soň, Garaja ikimiz kä bir otagda oturyp, gijäniň bir wagtyna çenli pikir ýörederdik: Ol «Tirýekkeş» poemasyny, men «Gyzlar dünýäsini» ýazardym. Ýazan zadymyzy ýa gije ýatman, ýa-da ertir ir bilen biri-birimize okap berýärdik, biri-birimiziň ýetmez ýerimizi düzedýärdik. Biziň dostlugymyz obadaş dostlugy däl-de, döredijilik dostlugy, maksat dostlugy, ideýa dostlugydy. Leningradda Gündogar institutynyň «Türkologiýa seminariýasynda okan günlerimiz hem meniň hiç wagt ýadymdan çykanok. Garajanyň magnit ýaly yhlasy okuwyň, ylmyň baryny birden demine dartaýasy gelýärdi. Onuň galamy şol ýerde-de öz döredijilik ukybyny ýitirmändi». Geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda döredijilik işine başlan ýazyjy-şahyrlaryň paýyna hupbatly döredijilikden başga-da, birnäçe guramaçylyk hem ýolbaşçylyk işi düşüpdi. Berdi Kerbabaýewdir Ata Gowşudow, Hojanepes Çaryýewdir Oraz Täçnazarow, Garaja Burunowdyr Kemal Işanow dagylar edebiýatyň ody bilen girip, küli bilen çykýardylar. Şu döwürde Garaja Burunow ýiti sözli, çeper dilli žurnalist — gazetçi hökmünde orta çykýar. Onuň galamynyň astyndan onlarça, ýüzlerçe goşgular, felýetonlar çykýar. Şol mahalky «Tokmak» žurnalynyň iň işeňňir habarçylarynyň biri hökmünde tanalýar. Şeýlelikde türkmen metbugatynda felýeton žanrynyň döremegi we ösmegi belli bir derejede Garaja Burunowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol döwürde jemgyýetiň ösüşine aýakbagy bolýanlary ýaňsy astyna alýan eserler köpçülik tarapyndan gyzgyn garşylaýardy. Diňe 1925-nji ýylda G.Burunow «Türkmenistan» gazetinde 30-dan, «Daýhan» gazetinde 10-dan, «Tokmak» žurnalynda bolsa 20-den gowrak felýeton çap etdirýär. Şahyr döwrüň gözüdi, gulagydy. Durmuşy öňe iterýän, onuň ösmegine goşant goşýanlar wasp edilse, ýaltalar, işýakmazlar ýazgarylýardy.Ol döwürde gazet sahypalarynda batyrgaý çykyş etmäge päsgelçiliklerem az däldi. Şahyryň her setiri, her sözi göz astyna alynýardy. Onuň döredijiligi hakynda bir taraplaýyn pikir ýöredilýän pursatlary hem bolýardy. Şeýle ýagdaýda şahyryň nähak töhmediň pidasy bolan pursatlarynyň hem bolandygyny gizläp oturasy iş ýok. Ýöne şahyryň tutanýerliligi, batyrgaýlygy has anygy dogruçyllyk bilen döreden eserleri ony bu «bulançaklyklardan» halas edipdi. ● Edebiýatçy alym Bäşim Şamyradowyň ýatlamalaryndan: «Garaja aganyň Pişgemurt, Leňňeç, Neşter, Synçy, Garajyn, Batrak ýaly lakamlar bilen 20-nji ýyllarda döreden eserleri sanardan köpdür. Garaja aganyň durmuş ýoly kynçylyklaryň, göreşleriň, täze-täze açyşlaryň, guwanç hem lezzetleriň içi bilen başyny dik tutup geçen merdana ýigidiň, zehinli hem işeňňir adamynyň durmuş ýoludyr».[/] Geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda özüni şahyr hökmünde ykrar etdiren Garaja Burunow soňam bu ugurda wepaly bolup galdy. Ol döwrüň sesine sesini goşup bir topar eserler döretdi. ● Edebiýatçy, alym Tejen Nepesowyň beren gürrüňlerinden: [i]«Garaja Burunowyň döredijilik ussahanasy giňdi. Ol çeper döredijiligiň entek doly açylmadyk taraplaryny işlemegi gowy görerdi. Men şonda özümi erkin duýýan, haýsydyr bir iş bitirip bilsem, şondan ylham alýan» diýerdi. Şygyr bilen felýeton ýazmak onda-da ilkinjileriň hatarynda onuň paýyna düşdi. Onlarça opera librettosyny ýazan başga bir awtor onuň döwürdeşlerinde ýokdy. Dünýä edebiýatynyň W.Şekspir, N.W.Gogol, F.Şiller, A.S.Puşkin ýaly läheňleriniň eserlerini türkmen diline terjime etmek Garaja Burunowa başardypdy. Onda-da ýokary derejede. Bu ýazyjynyň ussatlygyndan habar berýärdi». ● Meşhur sahna ussady, dramaturg Bazar Amanowyň ýatlamalaryndan: «Türkmen sungaty üçin bahasyna ýetip bolmajak hyzmat eden adamlaryň biri Garaja Burunow özüniň zehinli şahyrlygyndan daşgaram ökde dramaturgdy, dünýäniň nusgawy dramaturgiýasynyň kössüz terjimeçisidi». Dogrudanam terjimeçilik işinde Garaja Burunow ymgyr köp iş eden adam. Onuň A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» eseri boýunça rus dilinde döredilen opera librettosyny terjime edişi hakynda şahyryň inisiniň ogly Magtymguly adyndaky TDU-nyň umumy fizika kafedrasynyň dosenti Amanmuhammet Gurbanmuhammedow şeýle gürrüň berýär: «Garaja kakama ol eseri gyssagly terjime etmegi tabşyrýarlar. Saglyk ýagdaýy onçakly gowy bolmasa-da, ýanyna ýegre dosty kompozitor Daňatar Öwezowy goşsalar, işiň başa barjakdygyny aýdypdyr. Şeýlelikde olar bu işe girişýärler. Olaryň işleýşiniň şaýady bolmak maňa-da miýesser etdi. Garaja kakam terjime eden bölegini Daňatar Öwezowa okap bererdi. Ol hem öýüň içinde gezmeläp, şol hiňlenip ýörendir. Birdenem: «Dost, aýyr şusözi, başgasy bilen çalyş, heňe gelenok» diýerdi. Onsoň oturyp ikisi başga söz gözlärdiler. Tapdyklaram çaga ýaly begenerdiler». ● Belli türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň ýatlamalaryndan: «Sulhumyz alşyp, juda gowy görüşýänimiz üçin men oň adyny «Garajaşka» diýip tutýardym, olam maňa «Daň» diýýärdi. «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Gül-Bilbil», «Ýusup-Ahmet», «Kemine-Kazy» operalarynyň, «Aldar köse» baletiniň librettolaryny Garaja dostumyz ýazypdy. Ol «18 gark edilenler», «Seýdi», «Nurbatlar» pýesalaryňam awtorydy. Ol işiniň il-güne ýaramly bolmagy üçin sabyrly, yhlasly işlärdi. Garaja ikimiz birentek aýdymam ýazypdyk. Onuň goşgulary aýdym üçin gelüwlidi...». ● Şahyryň aýaly Dessegül Ýomudskaýanyň beren gürrüňlerinden: «Garajanyň saglygyna gören görgüleri, horluklary kän zyýan ýetiripdi. Onuň bir aýagy, bir eli doly hereket etmeýärdi. Oturyp-turmasy kyndy. Öýmüzde ullakan agaç sandygymyz bolardy. Şonuň üstüne düşek oklap, ýazuw stoluny hem golaýjagynda goýardym. Dik oturmaga kömekleşerdim. Çep eliniň tirsegine ýaplanybrak oturyp ýazardy. Sag eli diňe çepe hereket ederdi. Onsoň alaçsyz arap elipbiýinde ýazardy. Menem soň rus hatyna geçirerdim. Ol ynjyk däldi, mertdi. Ýazan zadynda kem goşmazlyga çalşardy. Onuň «soň düzederin» diýip, gaýra süýşüren eserini görmedim. Garaja bilen ýaşan 30 gowrak ýylymda onuň şatlygyna şatlandym, gaýgysyna gyýyldym».[/i] 1965-nji ýylyň martynda Garaja Burunowy soňky ýoluna ugradanlarynda Berdi Myradowiç Kerbabaýewiň aýdan sözleri üýtgeşik ýaňlandy. Ol mähriban dostunyň tabydynyň başynda: «Dostum Garaja biz seni şu gün soňky ýola ugratsak-da, sen gelmesiz gidýän dälsiň. Seni halk söýýär... diýipdi. Uly söz ussadynyň söwer dosty, galamdaşy Garaja Burunow hakyndaky welilik bilen aýdanlaryny döwür, wagt tassyklady. Täze Galkynyş, beýik Özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi Garaja Burunowyň hem köpgyraňly döredijiliginiň ähmiýetini ýene-de ýokary galdyrdy. Şahyryň 1943-nji ýylda ýazan «Şasenem-Garyp» opera-librettosynyň täzeden sahnada goýulmagy bu sungat eseriniň hemme döwürleriň talabyny ödäp bilýän, şowly eserdigini äleme äşgär etdi. «Şasenem-Garybyň» sahnada täzeden goýulmagy milli mirasymyza, gadymy sungatymyza, zehinli artistlerimize, dramaturglarymyza çäksiz hormat goýuldygy» diýip, düşünen halkymyzyň buýsanjy artdy. Döredilenine, sahnada goýulanyna 65 ýyl geçenem bolsa opera edil şu gün ýazylyp, şu günem sahnada goýulýan ýaly bolup dur. ● Zähmet Gahrymany, belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň beren gürrüňlerinden: — Garaja Burunowyň teatr sungatyny ösdürmek barada çeken zähmeti uçursyz köpdür. Ol diňe bir drama, libretto ýazmak bilen, terjime işi bilen meşgullanman, eýsem, teatryň ähli işinde öz ýüzüni görkezip, öz gepini düşündirip bilýän adamdy. Teatr üçin eser ýazanda haýsy keşbi haýsy artistiň oýnajagyny bilip ýazýan ýalydyr. Diýer, aýdar, ýerine düşüp durandyr. Ýüz görmesi ýokdur. Režissýoryň pikirinem okap oturandyr. Ýadamasy, ýaltanmasy bolmazdy. Saglygynyň o diýen gowy däldigine garamazdan teatrdaky her çykyşy hol bir çetde oturyp synlar. Öz pikirini gümürtiksiz aýdar welin, göwnüňe jaýdyr. Garaja aga uly halypady. Artistleriň iň ýakyn dostudy. Ýaşlaryň howandarydy».[i] Çeper eser, edebiýat diýilýän zat ýürekden sazlyp çykanda onuň many-mazmuny kalba ýakyn bolýar. Üstünden ýyllaryň geçmegi ony köneltmeýär. Ol çyn göwher ýaly bolup, uzak-uzak ýyllardan soňam öz nuruny, ýalkymyny talapkär okyjynyň kalbyna çaýyp bilýär. Ol eserleriň gadyr-gymmaty barha artýar. Hawa belli şahyr, dramaturg, terjimeçi Garaja Burunowyň döredijilik dünýäsini bezän eserleriniň ýalkymy täze Galkynyş beýik özgertmeler eýýamynda ýene-de lowurdap başlady. Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen geçmişde iş bitiren şahsyýetlerimize goýulýan sarpa barha artýar. Şol şahsyýetleriň arasynda Garaja Burunowa-da mynasyp orun bar. ■ Edebiýata baglanan ömür Aşgabatdan dolanyp gelen Ataly aga öýüne girip girmänkä aýalyna ýüzlendi: — Hüýrjemal, mende bir pikir bar, ýaşamaga bizde ozalam ýer ýok däl. Ine, şu täze jaýymyzda oglan okadar ýaly mekdep açaýsak nähili bolar? — Oňa ýetesi sogap iş bolmaz, kakasy, men-ä gaty oňlaýan. Şol günüň ertesi, Aşgabady etekläp oturan Gökje obasynda Ataly Garryýewleriň giň howlusynda täze gurlan jaýyň maňlaýynda «Mekdep» diýen ýazgy peýda boldy. Bütin ömrüne halal zähmet çekip, öz daban azaby bilen ýaşan, ile-güne ýagşylyk baryny eçilen adamyň bu başlangyjyny bütin oba goldady. Ataly Garryýewiň ak mekdebine oba oglanlarynyň bir topary höwes bilen gatnap başlady. Olaryň arasynda Baýmuhammet hem bardy. Mekdepde sapak bermek üçin Aşgabatdan ýörite är-aýal Iwanowlary çagyrypdylar. Olaryň biri rus dilinden, beýlekisi bolsa geografiýadan okadýardy. Ataly aganyň aýaly Hüýrjemal eje-de gaty sowatly aýaldy. Ol arap, pars dillerini edil «suw içen» ýaly bilýärdi. Şeýle bolansoň, täze mekdepde okuwyň her güni, her sagady gyzyklydy. Ataly aga mekdebiň işini ýekeje gün hem nazardan syrdyranokdy. Ýörite derslerden daşary türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, edebi we taryhy mirasyny öwretmek baradaky alada bu ýerde aýratyn orun tutýardy. Ol döwürde şeýle etmek üçin aýratyn başarnyk, sowat gerekdi. Ataly Garryýewdir onuň aýaly Hüýrjemal eje-de bolsa şeýle häsiýetler jemlenipdi. Ilkinji başlangyç bilimi öz maşgala mekdebinde alan Baýmuhammetde bilim almaga bolan höwes, hyjuw barha güýçlendi. Ol soňra okuwyny rus mekdebinde dowam etdirdi. 1929-njy ýyldan başlap, ýaňy 15 ýaşyndaka dürli edaralarda terjimeçi, mugallym bolup işe başlaýar. 1938-nji ýylda bolsa işiniň daşyndan Aşgabat pedinstitutynyň filologiýa fakultetini tapawutlanan diplom bilen, 1939-njy ýylda şol okuw jaýynyň taryh, 1940-njy ýylda bolsa geografiýa fakultetini ekstern görnüşinde tamamlaýar. ...Onuň bütin ömri edebiýat, edebiýaty öwreniş ylmy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylymdaky ösüş basgançaklary hem edil işlänindäki ýaly çalt we täsin. Ýurdumyzdaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri, şol institutyň direktory ýaly wezipelerde işlemek bilen edebiýat ylmynyň ösüşine önjeýli goşant goşdy. 1942-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. Soňra dosentlik derejesine eýe boldy. Ozal hem ylmyň üç ugrundan ýokary bilim hakyndaky diplomynyň barlygyna garamazdan, 1945-nji ýylda Türkmen döwlet medisina institutyny hem okap gutarýar. Şeýlelikde, bir topar hünäriň eýesi bolup, şol ugurlaryň her birinden hem ýeterlik işler bitirýär. Ensiklopedik düşünjeli adamyň ylymdaky bitiren işleri oňa bu ugruň ähli hormatly atlaryny, derejelerini bagyş edýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, akademik. Ine, bu atlar onuň ylym basgançaklary, sylag-hormaty. Bulary oňa resmi taýdan berlen – ykrarnamalary hasap etsek, onda Hak tarapyndan berlen, ganyna guýlan beýik adamkärçilik, Watanperwerlik, halallyk, sadalyk hem jemlenipdir. Bu zatlar onuň ýiti zehinli, ýadawsyz zähmeti bilen utgaşyp, türkmeniň edebiýat ylmyny belent derejelere göteripdi. Beýik Galkynyşlar we täze Özgerişler eýýamy türkmen ylmynyň we biliminiň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň şan-şöhratyny beýgelden ogullaryna sarpa goýmak baradaky ýörelgesi belent ynsanperwerlikden nyşandyr. Şeýle şahsyýetleriň arasynda akademik B.Garryýewiň hem adynyň tutulmagy Watan üçin, il-gün üçin iş bitirseň, hemişe ýagşylykda ýatlanjakdygyna güwä geçýär. Hawa, Baýmuhammet agany bu gün ýagşylykda ýatlaýarlar. Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň ýolbaşçylygynda ylmy işi ýazyp, dissertasiýa goran edebiýatçy Öwlüýäguly Ylýasowyň beren gürrüňi ýadymdan çykanok. ...Men ylmy işi ýazyp başlan döwrümiň yz ýanlarydy. Halypam Moskwada işleýärdi. Her hepde-de diýen ýaly hat ýazýardy, ýagdaýlarymy soraýardy. Ylmy işimiň her bölümi bilen aýratyn gyzyklanýardy. Bir gezek ol maňa «Işi ahyrlaberipsiň. Indi Leningrada git. Döwlet kitaphanasyna bar-da, işe dahylly materiallary ýene-de bir gezek degşirip gör» diýdi. Maňa iş ýerimden 20 günlük rugsat berdiler. Gitdim Leningrada. Baran ýerim dünýäde iň uly hem baý kitaphanalaryň biri bolansoň, gelim-gidimi ýetik eken. Özümiň iş salyşmaly bölümime bardym. «Ine şu ýerden şeýläk seniň gyzyklanýan bölümiň bolmaly» diýdiler. Men kitaphana 2-3 gün gatnap, gözleýän zadymdan uç-derek tapmadym. Eger wagty şeýle ulansam, onda 20 günä däl, bir aýda-da aljak galam ýokdy. Entek ol materiallary tapaňsoňam iş ýetikdi ahyry. Dördülenji gün ýürege daş baglap, Moskwa Baýmuhammet Atalyýewiçiň işleýän ýerine — kafedra jaň etdim. «Alym sapakda. Eger juda zerur bolsa ýene-de ol minutdan arakesme, jaň etseňiz bolar» diýdiler. Men aýdyşlary ýaly etdim. Halypa sesimi eşideninden tanady. Görmeli, tanyşmaly, bukjalarymdan derek tapmaýanymy, olaryň nirede ýerleşýän ýerine anyklamagy başarmaýanlygymy, hatda ony kitaphananyň hünärmenleriniň hem gözläp tapyp bilmeýändiklerini aýtdym. Şonda halypam: — Hany, eliňe kagyz-galam al-da, belle — diýip, şu aşakdakylary aýtdy: — Eger üýtgetmedik bolsalar — diýip, maňa 920-den başlap, birnäçe bukjanyň belgisini, onuň haýsy gatda, haýsy bölümde haýsy bölümçe-de, bukjalaryň göwrümine, reňkine çenli çalt-çaltdan ýazdyrdy welin, kitaphanaçy aýal haýran galmakdan ýaňa doňup galdy. Halypa bilen gürrüňiň gutararyna mähetdel, ol meni şol salgy boýunça bukjalaryň saklanýan ýerine alyp bardy. Görsek, halypanyň aýdyşy ýaly, ähli zat ýerbe-ýer eken. Şonda Baýmuhammet Atalyýewiçiň şeýle ýatkeşligi hakynda men-men diýen hünärmenler haýran galdylar. Onsoň ol ýerde şu hili gürrüňler boldy. — Men ömrümi şu işe bagyş etdim. Ähli zada beletmikäm öýdüp ýördüm welin, siziň ylmy ýolbaşçyňyzyň ýatkeşligine baş egdim. Aýtsaňyz-la, ol bu ýerde soňky gezek haçan bolduka? — Beýik Watançylyk urşundan-a öň — diýip, anyk aýdyp bilmedim. — Diýmek, 25 ýyl ozalky gören zady onuň üçin edil düýn, şu gün görlen ýaly-da onda. Hawa, Baýmuhammet Atalyýewiç aýratyn zehinli, ýatkeş adamdy. Oňa alym bolup, daýhan ýa talyp bolup edebiýat ylymyna degişli islendik sowaly beräý. Kagyza seretmez, kitabada bakmaz, säginmezem, jogabyňy berer goýberer. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bahasyna ýetip bolmajak miras galdyran Baýmuhammet Garryýewiň işeňňirligi hakynda ony gören, onuň bilen bile işlän adamlaryň gürrüňlerini ýatlamak gyzykly bolsa gerek. Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Sary Durdyýew şeýle gürrüň beripdi. ...Ol wagtlar Baýmuhammet Atalyýewiç Moskwada işleýärdi – diýip, Sary aga gürrüňe başlapdy. Menem döredijilik sapary bilen ol ýere barypdym. Ine, bir gün okalgada gabat geldi-de: — Bo-how, hany ýör, agşam öýe gideli. Şol ýerde bolarsyň, işlärsiň, arasynda gümür-ýamyr ederis diýip, meni alyp gitdi. Moskwanyň etegindäki bir howluda ýaşaýar eken. Uly howly. Bir topar otagy bar. Asudalyk. Işlemäge hemme mümkinçilik bar. Agşamlyk edindik. Az-kem dynç aldyk. Soň işläp başladyk. Maňa-da işlemäge ýer görkezdi. Halypa uzyn gije işleýärdi. Giň otagyň içinde dürli kitaplar, ýandepderçeler, dürli ýazgyly kagyzlar sergi bolup ýatyrdy. Ol wagtal-wagtal olara seredýärdi, agdaryşdyrýardy, bellikler edýärdi. Öýüň ortarasynda bir hamyr jam doly suw durdy. Sähel gözleri bürlüp ugrasa, şol suwa ýüzüni-gözüni ýuwardy. «Öwhülläp» süpürinerdi. Ýene-de ýazyp başlardy. Gije ýarymdan agyberende beýleki jaýa geçerdi. Ol ýerde-de edil şonuň ýaly ýagdaýdy. Her otagda, ýöne başga-başga ylmy işler ýa-da makala ýazardy. Garaz, ullakan üç otagyň üçüsem, onuň iş otagydy. Bir otagda ýadasa, beýlekä geçip, ýazardy. «Şeýtsem, ýadamok, ukym hem tutanok, öndümli hem işleýän» diýip aýdardy. Men her näçe: «Bärde bol-da, işläber» diýse-de, halypanyň iş usulyna çydap bilmedim. Ol gaty işeňňirdi, birbada üç sany iş ýazyp oturanyny gördüm. Belki, Hakdan içen alymlar şeýle bolýandyr». Türkmen halk döredijiligi aňyrsy-bärisi görünmeýän, çyrpynyp ýatan umman. Şol ummanyň yşgyna düşen Baýmuhammet Garryýew onuň taryhyny öwrenmek bilen baglanyşykly köp agtaryşlar, gözlegler geçirdi. Alyma bu ugurda eden işleri üstünlik getirdi. Entek maşgala mekdebinde okap ýörkä, halk döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Ertekileri, nakyllary, atalar sözlerini ürs edip ýygnaýar. Dessanlary ýat tutýar. Olary köpçülige okap berýär. Soň-soňlar ylymdan ýüki ýetensoň, ol ýaşlykda öwrenen dessanlarynyň, halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan bolan eserleriň manysyny açmak, olaryň taryhy wakalar, geçmiş bilen baglanyşygyny ýüze çykarmak barada ýadawsyz işleýär. 1940-njy ýyldan başlap meşhur alym XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Aşykynyň, Seýdiniň, Abdysetder Kazynyň, Kätibiniň, Magrupynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň, Zynharynyň eserlerini çapa taýýarlady. Olara sözbaşy ýazdy. «Hüýrlukga-Hemra», «Asly-Kerem», «Totynyň hekaýalary», «Melike-Dilaram», «Saýatly-Hemra» ýaly meşhur eserleri çapa taýýarlap, neşir etdirdi. «Türkmen halk aýdymlary», «Türkmen halk döredijiligi», «Nakyllar we atalar sözi», «Monjugatdylar», «Türkmen nakyllary», «Türkmen hüwdüleri», «Gorkut ata» kitaby ýaly halk döredijiliginiň dürdäneleri Baýmuhammet Garryýew tarapyndan syntgylanyp köpçülige ýetirildi. Alymyň köptaraply işinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan makalalaryň, ylmy derňewleriň giden bir ummandygyny aýtmak gerek. Dürli ýyllarda beýik akyldar şahyrymyz hakynda 60-dan gowrak ylmy makala ýazdy. Şol işleriň jemi 800 sahypadan hem gowrak bolup, «Magtymguly we onuň çeper dili» diýen atly düýpli ylmy monografiýa dünýä indi. Alymyň tagallasy bilen beýik Pyragynyň döredijiligi, şygyrlary dünýäniň birnäçe halklarynyň diline terjime edilip, özbaşdak kitap hökmünde neşir edildi. Akademik B.A.Garryýew manyly ömrüniň bütin dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekden daşlaşmady. Bu bolsa oňa uly abraý getirdi. 1993-nji ýylda oňa (aradan çykandan soň) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. * * * Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň ylym dünýäsi umman ýaly giň hem çuň. Onuň özüniň akabalary, şaglap ýatan dury çeşmeleri bar. Onuň ylym daragtynyň miwelerine guwanyp bilen halypalary, ondan susup alyp, ganmagy başaran şägirtleri bar. Gündogar edebiýatyny öwreniji meşhur alymlar W.A.Gordiýewskiý, N.K.Dmitriýew, Ýe.Bertels, A.P.Poseluýewskiý ýaly alymlar bilen ýakyn gatnaşykda bolup, türkmen ylmyny ösdürmekde köp işler alyp bardy. Onuň ýolbaşçylygynda 120-den gowrak ylymlaryň doktorlary we kandidatlary ýetişdi. Hawa, ylym akabasy olaryň maşgala mekdebinde başlanypdy. Ol akabanyň gözbaşynda Baýmuhammet Atalyýewiç duran bolsa, onuň doganlary Seýit Garryýew — filologiýa ylymlarynyň doktory, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, iňňän uly açyşlaryň awtory Nury Garryýew, pedagogiki ylymlaryň kandidaty Aba Garryýew dagylar, onuň yzyny alyp göterdiler. Ylym dünýäsine aralaşmak, onda önleýji iş bitirmek bu maşgalada däbe öwrüldi diýse bolar. Çünki akademik B.Garryýewden başlanan ýol dowam edýär. Bu ýolda Aýnadyr Amangül, Enejandyr Dürli, Şirin Garryýewalaryň, Myrat, Maksat, Adyl Garryýewleriň aýdyň hem il bähbitli, ýurt ähmiýetli maksatlary bar. Garryýewleriň maşgalasynda hem ylmyň gadyr-gymmaty birjik-de peselenok. Maşgalanyň gadymdan gelýän ylym akabasy beýik ummana şol goşulyp gidip otyr, gidip otyr. ■ Söz sungatynyň senetkäri 1972-nji ýylyň tomsudy. Uniwersitetde okuw ýylynyň jemlenip ýören döwürleridi. Iň soňky synagdan çykyp, okalgadan alan kitaplarymy tabşyryp gelýärkäm, mejlisler zalynyň öňüne ýygnanan adamlarda nazarym eglendi. Biziň gazet-žurnallarada, okuw kitaplarynda suratlaryny görüp, eserlerini okan, gaýybana tanap ýören adamlarymyzyň bir topary özara gürrüň edişip durdular. Olar şadyýandylar, degişýärdiler, gülüşýärdiler. Men olaryň gapdalyndan synlap esli durupdyryn. Birden özüme tarap ýylgyrjaklap gelýän dekanymyz, belli alym Öde Abdyllaýew: — Näme, dursuň, gir zala, ökünmersiň – diýip maňa oturmaly ýerimi salgy berdi. Az salymdan çäre başlandy. Görüp otursam, ol uly alym, belli şahyr Aman Kekilowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan döwlet derejesindäki dabara eken. Şol dabarada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň aýdan sözleri şu günki ýaly ýadymda. «Ahmyrsyz geçen ýyllar, ýagny öz halkyň, Watanyň ykbalyna täsir edip bilen ýyllar onuň gününiň gowulaşmagyna, güýjüniň artmagyna, paýhasynyň durlanmagyna goşant goşup bilen ýyllar – seni ýüz ýaşaňda-da ýigit görkezip bilýär». Ussat şahyryň baryp kyrk ýyl ozal aýdan bu sözleriniň hakykatdygyna bu gün ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. Doglan gününe bir asyr geçen Aman Kekilowyň şahyr hökmünde-de, belli alym, uly jemgyýetçilik işgäri, belent adamkärçilikli ynsan hökmünde-de ady dilden düşenok. Aman Kekilow döredijilik işine gaty ir başlaýar. Ol heniz mugallymçylyk tehnikumynda okap ýörkä, has anygy ýaňy 15-16 ýaşlaryndaka çeper döredijilik bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Onuň «Oglanlar hem kitap» atly meşhur şygry okuw kitabyna girizilip, özünden sähel kiçileriň iň söýüp okaýan goşgusyna öwrülendigini soň-soňlar bilip galdyk. Alyp kitap elime, Okap berýär Çaryjyk. Gulajygny keýerdip, Diňläp otyr Nuryjyk. Şeýle setirler bilen başlanýan goşgyny kimler bilmeýär. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň sözleri bilen aýtsak «Bizde ajaýyp, ajaýyp sözler bar: çynar, dag, dere, jülge we başgalar. Biz bu sözleri häli-şindi gaýtalap ýörenimiz üçin, olara şeýle bir endik edipdiris, hatda olaryň manysyny aňlasagam ýaly bolýas. Meselem dag sözüni gaýtalanymyzda ol bize hemişe üýtgeşik bir täsir edip durmaýar. Emma biz tötänden dagyň içine düşsek, onuň kert-kert kemerlerine, uçut-uçut gaýalaryna täzeden nazar salsak, ol biziň endik eden aklymyzy ýaňadandan haýran galdyrýar, irkilen duýgularymyzy täzeden oýarýar. Aman Kekilow diýlende-de biz onuň manysyna hemişe üýtgeşik bir üns berip baramzok. Ata, ene, suw, çörek diýenimizde ýöne aýdyp goýberşimiz ýaly, onuň adyny hem gürrüň arasynda Aman Kekilow diýip, agzap goýberýäs. Emma ol endige öwrülen adyň aňyrsynda tutuş halkyň taryhynyň ykbalynyň ýatandygyna mazaly oýlananymyzdan soň, pähim aýlanymyzdan soň düşünip galýas». Edebiýat meýdanynda juda ir adygan Aman Kekilow XX asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun tutýar. Onuň hem özüne ýetik sebäpleri bar. Onuň «Oba mugallymlaryna» atly ilkinji goşgusy 1928-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde çap edilýär. Şondan soň ol döredijilik işine ykjam girişýär. Ol 1928-1929-njy ýyllarda döwrüň keşbini açyp görkezýän birnäçe eserleri bilen gazet sahypalarynda çykyş edýär. Aman Kekilow eýýäm 20 ýaşynda goşgular kitabynyň awtory bolýar. Täze görnüşli türkmen edebiýatynyň ýaňy döräp, aýak üstüne galyp başlan döwründe onuň ilkinji wekilleri bilen deň gadam urmak, döredijilige tutuş süňňüň bilen berilmekden başga-da tebigy zehiniň, başarnygyň bolmalydygy edebiýatyň taryhyna seredeniň-de şeýle kesgitlemäniň juda dogrudygyna göz ýetirmek kyn däl. Iňňän kyn, jogapkärli şertlerde döredijilik işine başlan Berdi Kerbabaýewe-de, Garaja Burunowa-da, Hojanepes Çaryýewdir, Oraz Täçnazarowa-da olar bilen bir hatarda Aman Kekilowa-da nusga alara mekdep ýokdy. Olar şol mekdebi özleri döretmeli bolupdylar. Edebiýat ýaňy özüni görkezip başlan hem bolsa onuň hyrydary – okyjysy köpdi. Şol köplük «şahyr men» diýip, orta çykanlaryň iň ýakyn howandarydy, hossarydy, olaryň üstünligine guwanyp bilýän mekdepdi. Aman Kekilowyň tebigy zehini ýitiligi, aýratynlygy onuň wakalary duýup, saýlap bilmegi, ony okyja ýöne bir habar bermek görnüşinde ýetirmek däl-de, eýsem duýgy dünýäsine gaplap, ýatdan çykmaz ýaly edip hödürläp bilmegidir. Hut şonuň üçinem şahyryň tutuş döredijiligine ser salanyň-da, onuň döwürleriň synagyndan geçip bilmän, taryhyň öwrümlerinde galan, ýatdan çykarylan, ýitip giden eserleriniň ýek-tük bolandygyny hem aýtmalydyrys. Şu ýerde her niçigem bolsa Aman Kekilow edebiýata turuwbaşdan kämil şahyr hökmünde geldi diýen pikirden daşdadygymyzy ýatlamasak, onda onuň şahyrana ukybynyň kämillik derejesine ýeten pursatyny inkär etdigimiz bolar. Bu bolsa onuň döredijilik ýolundaky zähmetine, aýgytly ädimlerine, ýokary derejedäki şowlulyklaryna üns bermedigimiz bolar. Ýok. Aman Kekilow döredijilik ulgamynda uçursyz köp zähmet çekdi. Nusgawy edebiýaty, halk durmuşyny juda çuňňur öwrendi. Ony öz eserleriniň süňňüňe özüçe, gaýtalanmajak äheňde, tärde siňdirmegi başardy. 1934-nji ýylda ýazyjylaryň Bütinsoýuz gurultaýyna gatnaşan türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň iň körpesi Aman Kekilowdan: – Halk döredijiliginden, nusgawy edebiýatdan näçeräk setir goşgyny ýatdan bilýäň diýenlerinde ol ýaýdana-ýaýdana 12 müň setir diýip aýdypdy. Elbetde bu san az däl. Ýöne ýaş şahyr ony az hasaplansoň, birbada aýtaga ýaýdandy. Bu sorag başgalarymyza-da berlipdi. Ýöne amanyň jogaby hemmämizi haýran galdyrdy – diýip, şahyr mugallym Ruhy Alyýew gürrüň beripdi. Edebiýatçy alym Öde Abdyllaýew uly alym, uly şahyr Aman Kekilow barada şeýle ýazýar: [i]«Aman Kekilow diýlende uly ýazyjy, uly alym göz öňüne gelýär. Hem uly ýazyjy, hem uly alym bolup tanalybermegem aňsat iş däl. Munuň üçin çeper döredijiligiň, hem ylmy döredijiligiň gazanynda gaýnamaly. Bir ýylyň, iki ýylyň dowamynda däl, gaty köp ýyllaryň dowamynda irginsiz oýlanmaly, irginsiz okamaly, irginsiz döretmeli. Çeper döredijilikde, ylymda diňe bir irginsizlik bilenem uly netije gazanyp bolmaýar. Onuň ýaly netije gazanmak üçin, ukyp, talant gerek. Aman Kekilow ukybyny, talantyny, irginsiz zähmeti bilen birleşdirip, çeper döredijilikde-de, edebiýat hakyndaky ylymda-da uly üstünlikler gazandy. Aman Kekilowyň zehinli şahyr hökmünde döredijilik aýratynlygy onuň «Watan», «Kawkaz» ýaly goşgularynda, «Söýgi» romanynda mese-mälim ýüze çykdy. Şahyryň «Kawkaz» atly eserinde liriki gahrymanynyň azat, erkin ýurda bolan söýgüsi, ýeňşe bolan ynamy şeýle beýan edilýär: Derýalar, deňizler gana dönse-de, Faşistler süňkünden daglar önse-de. Aý-ýyldyz çaknyşyp, ters öwrülse-de, Asman aşak inip, ýer çöwrülse-de, Gonmaz garaguşlar bagyňa seniň, Münmez ýyrtyjylar dagyňa seniň, Gyş gara görkezmez hemişelik ýaz, Sen azat ýaşarsyň, söýgüli Kawkaz! Bu goşguda ägirt uly duýgynyň, güýjüň, hyjuwyň bardygyny her bir okyjy duýýan bolsa gerek. Beýik Watançylyk urşy döwründe döredilen şeýle ýokary çeperçilikli goşgularyň onlarçasy şahyryň galamyna degişlidir. Her bir ýazyjynyň, şahyryň tutuş döredijiliginde uly orun tutýan, oňa at-abraý, şöhrat getirýän eserler bolýar. «Söýgi» romany hem şeýle eserleriň hilindendir. Bu eser türkmen edebiýatynda şygyr bilen döredilen roman hökmünde aýratyn orna mynasypdyr. Aýratyn orna mynasyp bolmak romanyň diňe bir goşgy bilen ýazylmagydyr diýip düşünsek, bärden gaýtdygymyz bolar. Bu eser şahyryň köp ýyllaryň dowamynda döredijilik güýjüni, talantyny sarp edip, sünnäläp döreden eseridir. «Söýgüde» hereket edýän begenç, Ogulnabat, Akmyrat çuňňur watançylyk, ynsanperwerlik, döwrüň belent ideýasy bilen ruhlanyp zähmet çekmek, ýokary medeniýetlilik ýaly ajaýyp sypatlary özlerinde jemlemek bilen okyjylar köpçüliginiň söýgüli gahrymanlaryna öwrüldiler." Bu barada meşhur türkmen şahyry Mämmet Seýidow şeýle gürrüň beripdi. «Men goşun hatarynda gulluk edip ýörkäm Aman Kekilowyň meşhur «Söýgi» poemasynyň ilkinji kitaby elime düşüpdi. Biz şol mahal Täjigistanyň Gulab şäherindedik. Harby okuwdan boş wagtymyz, gullukdaky türkmen oglanlaryň hemmesi diýen ýaly bir ýere ýygnanyp, şol kitaby keýp edip okaýardyk. Kitaby her gün biri diňläp äkiderdi. Ol her gün bir esgeriňkide myhmandy. Bir gezek şeýle boldy. Üýşüp otyrkak soňrak gelen esgeriň biri: «Bir aýagy ýokmuş, balam dyzyndan, Eneň entek iren däldir gyzyndan» — diýip seslendi. Oturanlaryň biri şo bada jogap gaýtardy. «Dyzyna berýärmiň gyzy oglanyň, Maňa gerek zady ýüregi onuň. Garşylyklaýyn başlanan aýdyşyk dowam etdi. Biriniň säginen ýerinde beýlekisi alyp göterdi. Şeýdip poemanyň şol bölümini ýatdan okadylar. Men şo mahallaram goşgy ýazan bolýardym. Oglanlar maňa: «Ine şahyr goşgyny şeýdip ýazarlar» diýip gyjalat berýän ýaly edip aýdýardylar. Olar «şahyr» diýen sözi näçe kinaýa bilen aýtsalar-da bir zada meniň gözüm ýetikdi. Olar goşguny diýseň gowy görýärdiler. Akmyradyň Ogulnabada ýazan hatyny şo mahallar näçe gyzyň, näçe gelniň alandygyny aýdyp biljek däl. Ýöne biziň polkumyzdan şol setirleri göterip giden bukjalaryň bir ýa iki däldigine güwä geçip bilerin». Ine, meşhur eseriň täsirini şundan gowy, şundan täsirli aýdyp boljakmy? Elbetde ýok. Şahyryň meşhur romany esasynda döreden dramasy uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň baş teatrynyň sahnasyndan düşmedi. Oňa tomaşa etmedik bardyr öýdüp pikir edemok. «Söýgüde» Ogulnabadyň keşbini döreden, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly baýragynyň eýesi, meşhur sahna ussady Oguljeren Işangulyýewa şeýle ýatlaýar: [i]«Sahnada gaty köp keşpleri döretdim. Ýöne Ogulnabadyň keşbi maňa aýratyn mähriban, aýratyn ýakymly. Sebäbi onda öz halkynyň asylly, at-abraýly, Watançy gyzynyň keşbi bar. Ol keşp maňa maksada ýetmek üçin göreşmegi öwretdi. Şeýle gahrymany biziň ruhy ýoldaşymyz eden adamyň Aman Kekilowyň adyny hemişe buýsanç bilen tutýaryn».[i] Edebiýata, sungata, ylyma gaty köp tanymal şahslary beren sahawatly Köşi obasyndan ýaňy on ýaşanda okuw-ylym diýip çykan Aman Kekilow Aşgabadyň pedagogik tehnikumynda (1925-1928), Türkmenistan Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky aspiranturanyň taýýarlyk bölüminde (1930-1933 ýý.), soňra Moskwanyň taryh, filosofiýa, edebiýat institutynda (1935-1938 ýý.) okuwyny dowam etdirdi. 1939-1942-nji ýyllarda aspiranturanyň doly kursyny geçip, 1943-nji ýylda ylymlaryň kandidaty diýen ada eýe bolan Aman Kekilow ylymda juda öndürijilikli işleýär. Ol ilkinji bolup edebiýatdan ylymlaryň doktory bolýar. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, yşk mülküniň şasy Mollanepesiň döredijilik aýratynlygyny öwrenýär. Onuň «Zöhre-Tahyr» dessanynyň syrlaryny açýar. Elbetde iň köp zähmeti, agtaryşlary talap edýän iş. Ol Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanýar. Oňa Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakylýar. ● Meşhur edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýewiň ýatlamalaryndan: [i]«Edebiýat älemine, ylym dünýäsine höwes bildirýän, oňa gelip goşulýan kişiler san taýdan seredeniňde az däldir. Ýöne şol edebiýaty, şol ylmy bir başa göterip ýören adamlar welin, barmak basyp sanaýmalydyr. Ine, şol zehinleriň ýerini hiç bir zat dolduryp bilmeýär. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujylardan bolan Aman Kekilow şeýle adamlardandy. Çünki, türkmen edebiýatyny, onuň şygryýetini, nazarýetini we tankydyny Aman Kekilowsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl». Edebiýaty öwreniş ylmynyň iň kyn bölümi bolan teoriýnyň —nazarýetiň düýbüni tutmak, ony aýaga galdyrmak, özbaşdak ugur hökmünde ykrar etdirmek ilkinji gezek Aman Kekilowyň paýyna düşýär. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-barlaglarynyň, derňewleriniň özenini nazaryýet düzýär. Onuň edebiýat nazaryýetinden ýazan kitaby türkmen ýazyjy şahyrlary üçinem, alymlary üçin hem gysga döwrüň içinde esasy ugur görkeziji gollanma bolup hyzmat edip başlady. Ol edebiýat nazaryýeti boýunça dünýä we rus tankydy ylmynyň gazananlaryny türkmen okyjysyna ýetirmegiň üstünde dynuwsyz zähmet çekýär. Munuň daşyndan hem Türkmenistanyň özünde edebi tankydy pikiriň döreýşi barada ilkinji bolup jemleýji netijä gelen Aman Kekilowdyr. 1970-nji ýylda neşir edilen «Söz sungaty» atly saldamly kitaby Aman Kekilowyň ençeme ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy derňewleriniň agramly bölegini özünde jemleýär. Kitapda estetiki pikirleriň Günbatarda we Gündogarda döreýşi hem ösüş ýollary, çeper edebiýatyň hakykaty şöhlelendirýän bir formadygy edebi obrazlaryň tebigaty, goşgy düzmegiň kada-kanunlary baý faktlar esasynda sada dilde düşündirilýär. Bu barada edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýew şeýle ýazýar: «Aman Kekilowyň üç tomdan ybarat «Söz sungaty», «Söz syrlary», «Edebi žanrlar we edebi metod» atly kitaplarynda çeperçilik dünýäsiniň iň gadymy nusgalaryndan biziň günlerimize çenli geçirilen uly derňewde biz beýik Aristoteliň, Gegeliň dünýäsine diň salýarys. Belinskiniň, Çernyşewskiniň, Dobrolýubowyň sesini eşidýäris. Nyzamy, Nowaýy, Magtymguly ýaly beýikleriň pähimine uýýarys, Gorkiniň, Fadeýewiň, Kerbabaýewiň täsin döredijilik ýoluny täzeden geçen ýaly bolýarys». Aman Kekilow islendik eserini isle ol çeper eser bolsun, isle-de ylmy iş ol ony hemmelere düşnükli bolar ýaly sada dilde beýan etmegi başarýardy. Onuň ylmy makalalaryndaky şahyranalyk mese-mälim duýlup durandyr. Çeper eserlerindäki çuňňur ylmylyk, pähim-parasatlylyk eserleri has çeper, has duýga baý görkezýärdi. Bu hakykatdan hem şeýledi. Şahyryň «Söýgi» romanyny alyp görseň bu aýratynlygy her ädimde görmek bolýar. Uly alymyň, uly şahyryň özgelere meňzemeýän häsiýetleriniň bardygyny onuň bilen işleşen, bile ýoldaş bolan, oňa halypa hökmünde ýüz tutan adamlar gürrüň berýärdiler. «Ol halk adamydy, mydama il bilendi. Iliň içindedi, özüniň uly alymdygyny, uly şahyrdygyny syzdyrman, oňa birjigem eselmän ýönekeýden sada bolmagy başaryp bilýän adamdy» diýen sözleri heniz-henizlerem eşitse bolýar. Aman Kekilowyň birnäçe ýyllap bile işlän alymlarynyň biriniň ol barada aýdan sözlerini bolsa köp adam gaýtalady: «Daşdan howalanyp görünýän daglar ýanyna golaýlaşdygyňça kiçelibir. Aman aganyň giň ýüzünde, äwmezlik bilen garaýan nazarynda nähilidir bir sussuňy basyjy alamat bardy. Ol özi bilen işleýän işgärlere hiç hili gaty-gaýrym söz diýmezdi, onuň ýöne garaýşy besdi. Emma işdeşi, kärdeşi, şägirdi bilen her bir meseläni maslahatlaşyp oturan bu adamyň juda kiçigöwünlidigini, jaýdar bir maslahat berip bilseň onuň çäksiz buýsanjyny duýmak juda ýakymlydy?! Hawa Aman Kekilow türkmen edebiýatçy alymlarynyň tutuş bir neslini terbiýeledi. Şonuň üçinem uly alymyň mekdebini döredendigini edebiýatçylar minnetdarlyk bilen ýatlasalar Aman agadan çeper döredijilikde goldaw alanlar ony taýsyz halypa hasaplaýarlar. Şu ýerde meşhur şahyrymyz Mämmet Seýidowyň halypa barasynda ýene bar gürrüňini okyjylara ýetiresim gelýär. «Men aman Kekilowy ýaş şahyrlaryň soňky nesliniň ösmegine-de uly goltgy beren halypalaryň biri hökmünde tanaýaryn. Bir wagt men ondan gazetde çap edilen goşgymyň nähilidigini soranym ýadyma düşýär. Şeýle uly şahyryň gazet-žurnallarda çap edilýän goşgulary okaman sypdyrmagy mümkin däl diýip, ynanýardym. Ajaýyp halypa şol ynamymy tassyklap: — Ol entek goşgy däl-de goşgynyň sudury ýa-da suratkeşleriň aýdyşy ýaly şekili — diýdi. Ýüregiňden syzdyryp ýazan zadyňa şeýle baha berilmegi elbetde, gynandyrýar. Ýöne halypanyň aýdany hakdy. Şonuň üçinem ol şägirtlerini gaty dözümli tutupdy. Bir topar ýaş şahyryň goşgudan-goşga ösüp gitmegi şol dözümlilikden dälmikän? Goşgularymyzyň guraksy çykýandygy hakynda ol maňa soň-soňlaram telim gezek igenipdi. Goşgynyň şireli, sklet däl-de, eti-gany ýetik, janly goşgy bolmagy üçin näme gerek? Halypa bize ilkinji nobatda şahyryň ýüregi, türkmen diliniň baýlygy, çeper meňzetmeler gerek – diýip aýdardy. Aman Kekilow çyn zehine aýratyn sarpa goýup bilýärdi. Ony goldaýardy, munuň şeýledigine şahyryň Pýatigorskide dynç alyp ýören mahaly Çärjewdäki (häzirki Türkmenabatdaky) türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektoryna iberen bir telegrammasy hem şaýatlyk edýär. «Meniň adyma 5000 manatlyk zaýom ýazdyrmagyňyzy we Jora Allakowy kafedrada alyp galmagyňyzy haýyş edýärin». Kekilow. Uly şahyryň, uly alymyň okadan, terbiýe beren adamlarynyň baryny ýatlamak, olaryň ählisiniň halypa hakynda aýdanlaryny bir gazet makalasynyň çäginde gürrüň bermek asla mümkin däl. Alymyň bize galdyran edebi ylmy mirasy özüniň gymmatyny hiç mahal ýitirmez. Ol mirasyň gadyr-gymmaty hakynda ýene-de düýpli ylmy işler ýazylar. Nesiller ondan ruhubelentligi, Watanperwerligi, il-ýurt, Watan üçin zähmet çekmegiň asylly däplerini öwrenerler. Talyplyk ýyllarynda aman Kekilowyň ömrüne we döredijiligine dahylly uniwersitetimizde geçirilen şol dabara gatnaşmak, onda uly halypanyň şanyna aýdylan hatyraly sözleri eşitmek meniň üçin ýatdan çykmajak waka bolup galdy. Şol wakadan 20 ýyldan gowrak wagt geçensoň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowa bu barada gürrüň beren wagtym Çary aga: «Aman bilen Şaly meniň ýakyn garyndaşlarym. Amanyň «Oglanlar we kitap» atly goşgusyndaky «Okap berýär Çaryjyk» diýilýänem men bolmaly — diýip aýdany ýadymda. Hawa, Aman Kekilowyň ykbaly edebiýatyň ähli ugurlarynyň ykbaly bilen berk bagly. Onuň ykbaly halkyň, Watanyň ykbaly bilenem aýrylmaz baglanyşykly. Ol baglanyşyk şu günem aýdyň aýdyň duýulýar. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |