15:48 Iki ömür - bir ykbal / dowamy | |
■ Çary Aşyrly günler
Ýatlamalar
XX asyr türkmen edebiýatyny Berdi Kerbabaýewsiz, Ata Gowşudowsyz, Agahan Durdyýewsiz, Nurmyrat Saryhanowsyz, Çary Aşyrowsyz, Hydyr Derýaýewsiz, Beki Seýtäkowsyz, Şalydyr Aman Kekilowlarsyz, Kerim Gurbannepesowsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz sungatynyň bu uly wekilleriniň hersiniň öz döredijilik aýratynlygy, ussatlyk mekdebi, galam ýörediş usullary bar. Olar bir döwürde ýaşap, işläp, eserler döreden hem bolsalar biri beýlekisiniňkä meňzemeýän, biri-birini gaýtalamaýan ägirt uly edebi mirasy öz halkyna bagyş edipdiler. Olaryň ýaşan, döreden döwürlerinden bäri ýyllar kerwen gurap, ötse-de olaryň döreden eserleri edil göwher daşy ýaly barha has güýçli şugla saçýar. Okyjylary özüne barha köp imrindirýär. Uly söz ussady, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow hem şeýle adamlaryň biri. Bütin ömrüni türkmen edebiýatyna, çeper döredijilige bagyş eden Çary Aşyrow tapylgysyz halypady, zehini daş ýarýan ýazyjydy. Gaty köp durmuş tejribesini başyndan geçiren janly taryhdy. Çary aganyň islendik eserini alyp görseň, onuň aňyrsynda durmuş hakykaty ýatyr. Onda toslanyp tapylan wakalar ýok. Bu bolsa ýazyjynyň hakyky durmuşdaky wakalary jemläp, umumylaşdyryp, okyjysyna ýetirip bilýändigine şaýatlyk edýär. Oglankak Çary Aşyrowyň meşhur «Ermeni gyzy» goşgusynyň taryhy barada aýdylýan gürrüňlerden gulagymyz ganansoň, orta mekdebiň okuw kitabyna giren ol goşgyny ýat tutupdyk. Asla şol goşgyny ýatdan bilmeýän bir barmyka, megerem ýok bolsa gerek. Şeýle eserler bolsa Çary Aşyrowda bir ýa iki däl. Olar gaty köp. Çary Aşyrowyň ady döreden eserleri bizi ýokary okuw mekdebinde hem biparh goýmady. Onuň döredijiligi barada professor mugallymlaryň uly joşgun bilen berýän gürrüňleri soň-soňlar hem gulagymyzda ýaňlandy durdy. Ine, bir gezegem hut ýazyjynyň özi bilen duşuşyp, gyzykly gürrüňleriniň şaýady bolmak bagty miýesser etdi duruberdi. Ol mahallar, ýagny geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda men Tejen etrap partiýa komitetinde işleýärdim. Bir gün raýkomyň birinji sekretary çagyrdy-da: — Şu gün Çary Aşyrow gelýär. Ýaşulyny özüm garşylaryn, sizem şu töwerekde bolaýyň diýdi. Garaşylmadyk waka meni öz dünýäsine gaplap aldy. Şeýle beýik ýazyjynyň etraba gelmegi, üstesine-de meniňem oňa gerek bolaýmagymyň ähtimallygy meni hem begendirdi hemem agyr oýa batyrdy. Ýaňy bir 25-26 ýaşlaryndaky oglanyň uly ýazyja näme gerek boljakdygy köp oýlandyrdy. Ahyry: «Halypa gazet-žurnallara ýazýanja zatlarymy okaýdymyka? diýen pikire gümra bolup, wagtyň nähili geçenini hem bilmedim. Ine-de, diýlen wagt gelip ýetdi. Edil şol pursat «Gaz-24» maşyn gelip, edaramyzyň işiginde saklandy. Ondan biziň garaşýan Çary agamyz düşdi. Şol mahallar ýaşy 70-e ser urup ýörenem bolsa, Çary aga daýawdy. Ädimleri, aýak urşy dogumlydy. Bir hili ýogyndan güňlenjiräk sesi özüne gelşip durdy. Özüni garşylamaga çykan adamlar bilen ýeke-ýeke görüşdi. Her biriniň ýüzüne ýitirip tapan ýaly çiňňerilip, owurdyny dolduryp, saglyk-amanlyk soraşdyrdy. Biz hol beýleräkde durup synlaýardyk. «Gel» diýmeseler baryp biljek däldik. Maşynyň gelip saklanan ýerindäki bagyň aşagynda söhbet uzaga çekmedi. Şeýle-de bolsa bir zatlar diýip, Çary aga töweregindäkileri gyzyl-gyran gülüşdirýärdi. Garaz, şol gün men Çary aga bilen etrabyň Garryçyrla obasyna gitmeli boldum. Maşyn şäherden çykyp günbatara gönügenden Çary aga: — Hany inim, ýol keseli — diýip, ýüzüme seredip, ýylgyrdy. Soňam gürrüňe başlady: - Garryçyrlalylar hakynda roman ýazýan. Gahrymanlarymyzyň birnäçesi şu obada ýaşaýar. Men seni olar bilen tanyş edeýin. — Şeýle diýdi-de ýazyjy ep-esli diňşirgenip oturdy. Soňundanam: — Uly göwrümli eser ýazmak üçin kän maglumat toplamaly. Köp adam bilen gepleşmeli. Arhiw maglumatlary bilen tanyşmaly. Esasy zat aýagyňy ýerden üzmeli däl. Halkdan alanyňy taraşlap, timarlap berseň bolany şol. Eser-de esasy zat dil, wakalary biri-birine sepläp bilseň, bar mesele çözüler. Hemme kişiniň bilýän zadyny gürrüň berip otursaň, töweregiňde okyjy galmaz. Halypa sägindi. Meniň ýüzüme birhili mylaýymlyk bilen seretdi. Soňundanam: — Eser ýazmaga alňasamaly däl, wakalary elekden geçir, onsoň wagty geler eser ýazmagyň. Ynha, men eserlerimiň köpüsini 60-dan soň ýazdym — diýdi. Halypanyň gürrüňleri, maňa aýratyn täsir edýärdi. Howlukmaçlyk bilen ýazyp, redaksiýalara ýollan zatlarym ýadyma düşüp müýnürgeýärdim. Halypada edil – şony oňarmansyň, beýtmeli däl ekeniň diýip, meniň bilen sapak geçip oturana çalym edýärdi. Ýaşulynyň sözlerine, döredijilik baradaky maslahatlaryna gümra bolup Gowkuzeriň obasyna ýetenimizem duýmandyryn. Ýazyjy: — «Maşynyň tizligini peseltde, şu oba sow, Suhanberdi Gotjagyň —Gurbanowyň halyndan habar alaly. Ol romanyň esasy gahrymanlarynyň biri ahyry» — diýdi. Ýat obanyň ýollaryna bäş barmagy ýaly bilýänligine haýran galaýmaly. Edil şu gün şu ýoldan geçen ýaly. Her öwrümi, her burçy, her jaýy tanap barýar. Obanyň ileri çeträginde onçakly uly bolmadyk bir öýüň işiginde saklanmagy haýyş etdi. Suhanberdi aganyň myhmany görüp keýpi çaglandy. Ýazyjy bilen gadyrly görüşdi. Soň ol girmegimizi haýyş etdi. Çary Aşyrow ýöräp barşyna yzyna seretdi. Meniň az-kem yzrakda gelýänimi görüp ümledi: «Seret, seret, göwresine, ýüzüne gözüne, heý ýaramazlyk çykjaga meňzeýärmi? Ine, şu adam menden 10 ýaş uly, eseriň baş gahrymany bolsa, armany näme diýip, degişdi. Uzyn boýly, eginlek, ap-ak sakgaly döşüni ýapyp duran atýüzli adam loh-loh güldi, «Bizden gahryman ýasamak aňsat düşesi ýok, Çaryjan! Iň gowusy öňki bolşumyza galybersin diýip, myhmanyna öýe giriber diýen yşarat bilen bir gapdala çekildi. Öýe girildi. Saçak ýazyldy. Nahar çekildi, orta içi çaýly hum çäýnek gelensoň gürrüňiň hörpi üýtgedi. Çary aga haýsydyr bir wakanyň soňunyň näme bilen gutaranyny soraýardy. Suhanberdi aga edil bir ýerden okaýan şekilli säginmän jogap berýärdi. Suhanberdi aganyň gulagy agyrdy. Şeýle bolansoň, Çary aga gaty gygyrmaly bolýardy. Arasynda-da maňa-da «Ker bilen gepleşmäge ökdedir görseň» diýip, tassykladýardy. Soraglar degerlidi, jogaplar gysgadan takykdy. Ýazyjynyň özüne gerek maglumatlary çintgäp soraşyna haýran galaýmalydy. Gürrüň uzaga çekdi. Köp meseläň başy agyrdyldy. Iň soňunda Çary aga: —Suhanberdi aga, şu zatlary bize azar edip ýörmän özüň ýazaýmaly welin — diýip degişdi. Aksakgallar gülüşdiler. Daş çykyp hoşlaşyldy. — Sorag bolsa, gelmäge ýaltanman — diýip, Çary aga aýtdy. — Belki, şeýle bolsun-da — diýip, Suhanberdi aga myhmanyny ýola saldy Garryçyrla obasyna baranymyzda garaňky kemsiz düşüpdi. Ýazyjyny oba ýaşulusy Öwezmämmet Japarow garşy aldy. — Çary jan, «Ynha gelerin» diýip gideliň bäri, näçe wagt geçenini hasaplap gördüm welin, ýoňsuzja wagt bolupdyr – diýdi. — Näme, kitap ýazylmaz öýdüp, gorkýaňmy? Şöhratparaz bolupsyň öýdýän – diýip, Çary Aşyrow ýylgyrman degişdi. — Wah, Çaryjan, bize şöhrat gerek däl-de öz taryhymyz, obamyzyň, obadaşlarymyzyň taryhy gerek bolany üçin alada edýäs. Tutuş obanyň aksakgallary «Haçan gelýä-de, haçan gelýä». Alty Burun dagy her gün bir gezek sorap gidýär – diýip, Öwezmämmet aga güldi. — Kitaba ýazylyp gutardy, indi kem-käsine syntgy beräýmeli. Ony hem şu gije oňarsak gerek — diýip, Çary aga sözüni soňlamaka, oba adamlarynyň birnäçesi onuň bilen didarlaşmaga geldi. — Sakgaldaş, entek kitaba nokat goýdurmasak gerek, size aýtmaly gürrüňlerimiz içimizde hüjre-hüjre, hany otur bakaly, bizem gürrüňe başlaly diýip, Alty Burun hemmeden öň başlady. — Hawa ýazyjy Çary Aşyrow bilen ilkinji duşuşygym meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz. Ýazyjynyň ýönekeýligi, ummasyz zehinliligi, türkmeniň däp-dessuryny, taryhyny juda gowy bilýändigi, diliniň çeperligi özüne bendi etse, adamlar bilen dil tapyşy, olary gürletmegi, diňlemegi başarşy, özüne çekip bilşi gaty geňdi. Onuň soraglary ýadatmaýardy. Biri-birinden täsindi. Gapdalynda otursaň, edil çeper eser okap oturan ýaly bolýarsyň. Şol duşuşykdan soň ep-esli wagt geçensoň «Garryçyrlalylar» romany neşir edildi. Men höwes bilen romanyň sahypalaryny agdaryp başladym. Şonda Suhanberdi Gurbanyň-da, Öwezmämmet agadyr Alty Burnuňam, beýleki adamlaryň hem romandaky keşpleri maňa ol adamlaryň özlerini ýatlatdy durdy. Ýazyjy ussat bolanda onuň döredýän eserleri ýürege ýakyn bolar eken. Ussat ýazyjy Çary Aşyrow bilen şondan soňam birnäçe gezek duşuşmak, onuň gürrüňlerini diňlemek bagty miýesser etdi. 1981-nji ýylyň bahary bolsa gerek. Tejeniň «Oba durmuşy» etrap gazetiniň redaksiýasyna meşhur şahyr Kerim Gurbannepesow geldi. Redaksiýanyň işgärleri üçin ol gün ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Zähmet ýoluna şu gazetiň redaksiýasyndan başlan şahyra sowal üstüne sowal berildi. Şahyr keýpiçaglyk bilen her sowala jogap berýärdi, degişýärdi, «jykyr-jykyr» gülýärdi. Edil şol pursat redaksiýa Çary Aşyrow bilen ýene-de birki sany ýaş ýazyjy girdi. Gapydan girişine Çary aga Kerim şahyra degip başlady: — Seniň bu hereketiň ýurdy belet çapar etdigimi ýa-da «Ýaşlyk dramasyny» ýazyp Gaňňalyň oýundan çykyp bilenok diýýänleriň gürrüňini tassykladygyňmy. Kerim aga hezil edinip güldi. — Ýetmiş bilen 50-iň arasy ep-esli bolansoň biziň yzymyzy eýermek ýeňil iş däldir, halypa — diýip, Kerim aga degişdi. Çary Aşyrow çyny bilen: — 50-ä 70-iň yzyny eýermek aňsat düşmez. Biz şol bir çapuw bilen gider oturarys — diýip, güldi. Garaz iki halypanyň şol gezekki degişmeleri, aýdyp beren gyzykly gürrüňleri redaksiýanyň darajyk otagyny ala-ýaz etdi. — Kerim, ýör, menem Gaňňala gitjek. Şol ýerde «Garryçyrlalylar romanymyň bir gahrymanynyň ýurt ýeri bar. Şony görüp gaýtjak – diýip, Çary aga ýerinden gowsundy. Kerim aga oturanlara gözüni gypyp: — «Ýaşlyk dramasyny» okansoň, Gaňňaly diýip, durşuny görýäňizmi? diýdi. Halypalar UAZ-469 bilen Gaňňala tarap ýola düşdüler. Şäherden çykyp gündogara tarap ýola düşen maşyn Tejen derýasynyň köprüsinden geçen badyna: — Sakla-da, sakla bolşup — Çary Aşyrowdyr Kerim Gurbannepesow ýerli-ýerden sürüjä buýruk berdiler. Maşynyň duraryna mähetdel iki ussat çaltlyk bilen düşdüler. Soňam derýanyň üstünde ir mahal gurlan agaç köprä çykyp, ellerini kölegeledip, çar tarapa seretdiler. — Baý-ba, şu köprüniňem-ä taryhy taryp ederden kändir — diýip, Kerim aga dillendi. — Ony Berdi Kerbaba saňa-maňa ýetirmändir öýdýän – diýip, Çary aga köprüň demirgazyk gaýrasyndaky oba seredip durşuna sözüni dowam etdi: — Hanha, gadymy Maşatköwem otyr, barsaň Bäşim Pürli bardyr, menden bir müçe ýaly kiçidir welin, bilýän zady on adamlykdyr. — Onuň bilmeýäniniňem üstüni Ata Pürli ýetirer – diýip, Kerim aga jykyr-jykyr güldi. Çary aga Kerim Gurbannepesowyň ýüzüne çiňerilip garady-da teklibini aýtdy: — Ýör, Bäşim Pürlülere. Bu ýerik gelip, ony görmän gaýtsak, ol ikimizi bagyşlamaz. Çary aganyň teklibi Kerim aga-da ýaraman durmady. Bäşim aga myhmanlaryny ýitirip-tapan ýaly garşylady. Günortanky başlanan söhbetdeşlik gijäň bir wagtyna çenli dowam etdi. Çary aga ertesi ir bilen çaý başynda Kerim aga ýüzlendi. — Ine gördüňmi, Bäşim Pürli bilen bir gijeki söhbetdeşlik, bar zady aýan etdi oturyberdi. Indi Gaňňala gidip ýöresi iş ýok. Kerim Gurbannepesow halypanyň sözüni baş atyp makullady. Iki ussadyň köne dostlaryň biri-birine sarpasy, sylag-hormaty, gör nähili belent eken. Degişmegem, gülüşmegem şol adamlar ýaly oňaraýsaň – diýip, henize bu güne çenli ýatlap ýörüs. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň döredijiligi hakynda belli edebiýatçy, alym Tejen Nepesow bilen söhbetimiz hem uzaga çekdi. Geçen asyryň edebiýatyny diýseň gowy bilýän. Tejen aga şol gezek: — Çary aga diri hazyna. Ol özünde tutuş bir asyryň ýatlamalaryny jemläp bilen adam. Men bir gezek oňa: «Çary aga, ýatlama ýazsaňyzam, sizde ýatlara zat juda kän» diýdim. Şonda ol: «Ýazyjy durmuşda gören-eşidenlerini syntgylap, saýlan eserlerine siňdirmeli. Edebiýatda ýatlama diýen žanr ýok» diýip, gaty jaýdar aýtdy. — Dogrudan hem Çary aga ussatdy. Onuň eserleriniň söýlüp okalmagyna wakalara baýlygy, okyjylara ýakynlygy, durmuş hakykatyna dogry gelýänligi sebäp bolýar — diýip, Tejen aga hemişe aýdardy. Çary Aşyrowyň döredijilik aýratynlygy barada türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda köp gürrüň edildi. Ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan goşgudyr poemalar, powestdir romanlar ep-esli bar. Gep olaryň sanynda däl, hilinde. Çary aganyň galam işledip, eser döreden wagtyny 80 ýyla golaý diýip hasap edip, onuň şol döwürde döreden eserleriniň tas ählisiniň diýen ýaly henize-bu güne çenli okyjylar tarapyndan söýlüp okalýandygyny ýene bir gezek nygtamak isleýäris. Meşhur şahyr aman Kekilow özüniň «Söýgi» romanyny tutuşlygyna goşgy bilen ýazyp, häzirki zaman türkmen edebiýatyna täzelik girizen bolsa, halypa ýazyjymyz Çary Aşyrow «Ganly saka» atly trilogiýany döretdi. Munuň özi edebiýatda täzelikdi. Ýeke bu hem däl, Çary aganyň edebiýata girizen täzelikleri başga-da köp. ■ «Mekdebimi» ýazan şahyr Döredijilik kuwwaty her kime bir hili berilýär. Türkmeniň meşhur söz ussatlarynyň biri Nury Baýramowyň ylham dünýäsi tereňligi, joşgunlylygy, tebigylygy bilen saýlanýar. Şahyryň galamyndan çykan eserlerde türkmen tebigatynyň täsinligi, gaýtalanmajak gözellikleri,halkymyzyň milli aýratynlyklary, nesil terbiýesindäki özboluşlylyklar, çaga durmuşynyň, çaga psihologiýasynyň inçe taraplary ussatlyk bilen beýan edilýär. Goşgular akgynlylygy, diliniň çeperligi, aňlatmalara we öwüşginlere baýlygy, ýitiligi bilen tapawutlanýar. Ýazyjynyň kyssa eserlerini okanyňda, onuň diliniň ýeňilligi, şirinligi akylyňy haýran edýär. Göräýmäge ýönekeý ýaly bolup görünýän sözlemlere, söz düzümlerine dykgat berseň, durmuş hakykatynyň dogruçyl beýany seni özüne bendi edýär. Heniz mekdep okuwçysykak, ýazyjynyň «Döwli guýy», «Gatlada saklanan zäher», «Düşege baglanan gerçek» atly powestlerini okap, onuň döreden ajaýyp goşgularyny ýat tutup ýörkäk,ýazyjyny görmek baradaky arzuwlarymyz geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda hasyl boldy. Tejen topragynda meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň doglan senesinde geçiren ýatlama günümize gatnaşmaga gelen ýazyjy-şahyrlaryň arasynda Nury Baýramow hem bardy. Kelte boýly,ýöne diýseň gujurly şahyryň töwereginde adam köpdi. Ol assaja gepläp, uly söz ussady Berdi Kerbabaýew hakynda diýseň täsirli gürrüň berýärdi.Meşhur ýazyjy bilen bile işleşen döwürlerini, ýurt içine giden döredijilik saparlaryny ýatlaýardy. Ol gürrüňler oba adamlary üçin diýseň gyzyklydy. Adamlar sowal yzyna sowal berýärdiler. Şahyryň döredijilik maksatlary hakynda soraýardylar. Halypa ýekeje sowaly hem jogapsyz goýanokdy. Edil şol pursat etrapda ýaşaýan ýaş şahyrlaryň biri oňa şeýleräk sowal berdi:«Halypa, türkmen ýazyjylaryndan ilki kimler bilen dostlaşdyňyz?» Şahyr biraz oýlanyp durdy. Soňam: «Heniz mekdep okuwçysykam, Ata Gowşudow bilen dostlaşyp ýetişdim» — diýdi-de, köpmanyly ýylgyrdy. Ýazyjynyň bir wakany ýatlamakçy bolýandygyny töweregini gallap duranlar aňyp, şahyrdan nazarlaryny sowmadylar. Şahyr söze başlady: «Mekdepde okaýarkam, her günde diýen ýaly, redaksiýalara ýazan zatlarymy iberýärdim. Olaryň gapdaly bilenem sorag baryny sugşurýardym. Bir gezek Aşgabada gelip, şol mahalky «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasyna bardym. Maksadym Däde Haly görüp, goşgujyklarymy okatmakdy. Ol ýerde ilki gabat gelen Ata Gowşudow boldy. Ol meniň bilen gyzyklandy.Men Marydan gelendigimi, adymyň Nury, atamyň adynyň Baýramdygyny aýtdym. Halypa meni yitirip tapan ýaly garşylady. Yzyna düşürip, iş otagyna alyp bardy. Stoluň üstünde münderlenip duran hatly bukjalary görkezip:«Ine, şular seniň hatlaryň. Jogap ýazmaga ýetişemok. Oňat geläýdiň. Indi saňa jogap ýazyp oturjak däl. Gelip dur! Goşgujyklaryň oňatjalaryny bereris» diýdi. Şol mahal ýazyjy täze romanyň üstünde işleýär eken. Şondan soň ýazyjy bilen gatnaşyp başladym... Gürrüň gyzyklydy. Oňa goşulýanlaryň sany barha artýardy. Bu ýagdaýy gören ýazyjy Anna Paýtyk durup bilmän, gürrüňe goşuldy: — Hany, Nury jan, Berdi Gul bilen obaňyzdaky Çilburç galasyny taryp edişiňizi aýdyp bersene! — Aý, how, gazetde ýazanja zadymyz çap edilip, adymyz görnensoň, gaty höweslenendiris-dä. Wekilbazaryň Halyl obasynda ýerleşýän Çilburç galasyny ýüz gezeg-ä ýazandyrys. Ahyry obadaşymyz Gylyç Hezret: «Siz,han ogullar, şol Çilburçly gürrüňi indi goýmajak bolsaňyz, Aşgabada göçüräýseňiz nädýä» diýensoň, başga zat ýazyp ugradyk. Berdi Kerbabaýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäräniň şol gezekki örüsi garaşylandanam giň boldy. Ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar toparlara bölünip, etrabyň dürli ýerlerinde zähmetkeşler bilen duşuşyklar geçirdiler. Men Nury Baýramow, meşhur ýazyjynyň ogly, görnükli alym Baky Kerbabaýew bilen etrabyň Garryçyrla, Gowkyzereň obalarynda geçirilen duşuşyklara gatnaşdym. Baky aga köp gürlemeýärdi. Berlen sowallara gysgadan-anyk jogap bermek bilen çäklenýärdi. Nury halypa bolsa gürrüňe ökdedi. Okyjylar oňa sowal yzyna sowal berýärdiler. Sowallaryň köpüsi Berdi Kerbabaýewiň ömrüne we döredijiligine degişlidi. Şahyr uly halypa bilen bolan duşuşyklary, onuň döredijilik mekdebinden alan täsirleri hakynda täsirli gürrüňler berýärdi. Ilçilik-dä. Duranlaryň biri şahyra ýüzlendi: — Nury Baýramowiç, Berdi aga bilen ilkinji tanyşlygyňyzy ýa-da ýatda galan has täsirli pursatlaryň birini ýatlaýsaňyz! — Ýazyjyny ilki gezek haçan görenim-ä anyk ýadymda däl. Ýöne halypa bilen ilkinji sapara gidenim ýadymdan çykanok. Berdi aga Saragsa döredijilik saparyna gitmekçi bolupdyr. Şonda ondan: «Berdi aga, ýanyňyza kimi almakçy» diýip sorapdyrlar. Şonda Berdi aga adymy ýadyna salyp bilmän, sag elini dyzyna çenli uzadyp, aýasyny gerip: «Şony goşaýyň» diýipdir. Bu meniň uly halypa bilen ilkinji sapara gidişimdi. Şondan soň ussat bilen köp gezek döredijilik saparynda boldum. Şol duşuşykda şahyrdan: — Halypa, çagalar üçin döreden şygyrlaryňyzyň meşhur bolmagynyň esasy sebäbi näme-de — diýip sowal berenem tapyldy. Şahyr mähirli nazaryny sowal berene tarap öwürdi-de, şeýle jogap berdi: —Edebiýatyň esasy ýaragy — söz. Söz ýerbe-ýer bolmaly. Gerekmejek, artykmaç sözleri golaýyňa getirmeli däl. Köpsözlülik eseriň täsirini azaldýar. Ýasamalyk eseriň ähmiýetini peseldýär.Wakany tebigy bolşy ýaly beýan etmeli. Çaganyň ünsüni owadan söz bilen sowjak bolmaly däl-de, onuň aňyna täsir edäýjek ahwalaty beýan etmeli. Meselem, «Bir guşjagaz şahajyga çykyp saýrady» diýip, goşgy ýazyp bolar. Eger goşgy şol guraksy habar bilen gutarsa, onuň täsiri az bolar. Şol guşjagazyň saýranyny eşidip, şahada bir pyntyjagyň dörändigini aýtsaň, eýýäm çagada başga bir duýgy, pikirleniş emele gelýär. Diýjek bolýan zadym, çagalar üçineser ýazylanda, olaryň ýadynda galjak zatlar hakynda oýlanmaly. «Siz döredijilik bilen haçan meşgullanýarsyňyz?» diýen sowala şahyryň beren jogaby ýaş galamdaşlary üçin sapak boldy: «Men goşgy ýa kyssa eserini ýazanymda, ýer, wagt saýlamak diýen zady bilemok. Goşgyny ýatan ýerimde-de, stoluň başynda-da, radio-telewizor işläp durka-da, çagalarym gülşüp-oýnaşyp otyrka-da ýazyp bilýän». Nury Baýramowyň döredijiliginiň agramly bölegini çagalar barada döreden eserleri tutýar.Indi ýarym asyrdan bäri mekdep partasynyň aňyrsyna geçen okuwçylaryň şahyryň «Mekdebim» atly goşgusyny bilmeýäni ýokdur. Ýeke bir bilmegem däl, ony ýat tutup, aýdym edip aýdýarlar. Şu ýerde bu meşhur goşgynyň täsiri hakynda birýatlamany getirsek ýerine düşse gerek. Bir gezek türkmeniň meşhur şahyry Gurbannazar Ezizow galamdaşyna ýüzlenip şeýle diýipdir: «Mähriban dost! Men seniň «Mekdebim» diýen goşgyň haýrany. Ýürekden gutlaýan! Şahyr galamdaşyna soragly nazaryny dikýär. Onuň garaýşyndan many okan Gurbannazar dowam edýär, «Geň galma, dost, eger çynym. Mekdebe gatnaýan gyzjagazym ýanyma geldi-de: «Kaka, saňa aýdym aýdyp bereýinmi?» diýdi. «Aýdyp ber, gyzym!» diýdim. Şonda ol bu goşgyny şeýle bir buýsanç bilen aýtdy welin, heziller edindim. Çaga owazy bilen ýaňlanan goşgynyň manysy maňa diýseň ýarady. Heý goýaý! Gyzjagazymy bagryma basdym. Çözümden bolsa ýaş paýraýar—begenç ýaşy. Saňa hem gyzjagazyma bolan begenç... Gör-ä muny: Eý, mekdebim, jana-jan, Saňa bolan söýgim kän. Sen misli enem deýin Bakdyň maňa mähriban. Kitap berdiň elime, Aýdym berdiň dilime. Ýene öňe gitmäge Ýagty saçdyň ýoluma. A-a-eý... E-e-eý.. Ýagty saçdyň ýoluma...». Meşhur şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň başyndan geçiren şeýle ajaýyp pursatlary ýaly pursaty, gör, näçe ata- ene başyndan geçirdikä? Ýazyjy Şadurdy Çaryýew öz ýatlamalarynyň birinde şeýle ýazýar: «Mekdebim» Gurbannazar Ezizow bilen Nury Baýramowy ysnyşdyrdy, olar ýürekdeş dostlara öwrüldiler ötägitdiler. Günleriň birinde Gurbannazar täsin bir teklip aýtdy: —Nury dost, sen maşynly adam. Men pyýada. Ýürek daglary küýseýär. Meni daglara äkitsene! Nury ilgezik dillendi: — Gürrüňi bolmaz. Ýöne bir şert bilen! — Aýt şertiňi! — Ýanymyza Täşli Gurbanam alsak nädýä? — Wah, näsini aýdýaň, Nury Halmämmädem alalyň! — Ýüregim bolduň, Gurbannazar jan.Oňa ýetesi näme bar? Asyl tüýs Japbaklar bolaýýan ekenik! Gurbannazar muňa hoşal bolup ýylgyrýar hem begenjini daşyna çykarýar: — Japbaklar, Japbaklar.. Bir-biriniň ýüreginden Gopjaklar... Şol gezekki gezelençden soň Nury Baýramow «Aşgabat» poemasyny, Täşli Gurbanow meşhur «Tylla ýüzük» hekaýasyny, Nury Halmämmedow Mylly Täçmyradowa bagyşlap döretjek bolup ýören «Dutaryň owazy» atly saz eseriniň ilkinji nusgasyny, Gurbannazar Ezizow bolsa «Daglar» diýen meşhur goşgusyny döredipdir. Ýazyjy Anna Paýtyk ýatlamalarynyň birindeNury Baýramow hakynda şeýle ýazypdyr: «Nury bilen köp gezek döredijilik saparynda boldum. Ol saparlaryň her biri ýatdan çykmajak täsirleri galdyrypdy. Nurynyň özümiz barada uzyn gijeläp,gyzyl-gyran gülüşdirip beren gürrüňleri soňra ençeme gülküli hekaýajyklaryň döremegine sebäp bolupdy. Ol kime öýkünse, agyn şoň özi bolardy... Nury Baýramow uly ýürekli, kiçi göwünli adamdy. Ony hemmeler gowy görerdiler. Onuň bilen degşerdiler, gülşerdiler. Ol dostluga, dosta gadyr goýup bilýän adamdy. Edebiýatyň läheňleri Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Pomma Nurberdiýew Berdi Soltannyýazow, Berdinazar Hudaýnazarow,Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow,Ata Atajanow ýaly söz ussatlary bilen ýakyndan gatnaşardy. Olaryň döredijiligine hormat goýardy, üstünliklerine begenerdi. Dürli neşirleriň redaksiýalarynda edebi işgär, baş redaktor bolup işleýärkä bolsa, ýaş döredijileriň iň ýakyn hossary bolmagy başarypdy. Onuň ak patasy, halypalyk goldawy bilen döredijilikde öz ýoluny tapanlar bir ýa iki däldir. Döredijiligi güýmenje ýa-da gazanç çeşmesi hasap etmedik Nury Baýramowyň galamy ezber işledi. Ol türkmen edebiýatyna uly goşant goşdy. Çagalar edebiýatynyň ösmegine, kämilleşmegine yhlasyny siňdirdi. Onuň galamyndan çykan eserleriň gahrymanlary körpe okyjylaryň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Şahyryň ilkinji goşgusy 15 ýaşyndaka 1948-nji ýylda şol mahalky «Ýaş kommunist» gazetinde çap edilýär. Şahyryň «Bagt hakynda rowaýat» atly ilkinji goşgular kitaby 1958-nji ýylda neşir edilýär.Ilkinji kyssa eseriniň— «Döwli guýy» powestiniň birinji kitaby 1962-nji ýylda, ondan iki ýyl soň bolsa powestiň ikinji kitaby neşir edilýär. Nury Baýramow türkmen edebiýatynda tebigat temasyny iň köp işlän şahyrdyr. Onuň galamyndan çykan «Mähriban tebigat» atly kitap bu temadan döredilen eserleriň iň gowularynyň hatarynda okuw gollanmasyna öwrüldi. Tebigat onuň üçin diňe bir çeper eseriň temasy bolman, eýsem, ylmy işiň hem temasy boldy. Şahyr 1972-nji ýylda «Türkmen poeziýasynda çöli özgerdijiniň keşbi» atly temadan kandidatlyk işini ýazyp, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe boldy. Şahyryň tutuş döredijiligi barada bir makalanyň çäginde gürrüň bermek mümkin däl. Onuň tükmen, rus, özbek, täjik, gazak, belarus, moldawan, eston, latyş, bolgar wenger, nemes, ýugoslaw we beýleki dillerde çykan ýüze basalykly kitaby şahyryň öz okyjylaryna uly hazynany miras galdyryp gidenligine şaýatlyk edýär. Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähine her gezek baranymda, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, žurnalist, alym, terjimeçi Nury Baýramowyň nurana heýkeliniň öňünde aýak çekýärin. Onuň nazary «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beren bagtyna guwanyň, ony wasp ediň» diýýän ýaly. Nirelerdendir bir ýerden bolsa näzijek çaga sesiniň saza goşulan owazy gelýär: Eý, mekdebim, jana-jan, Saňa bolan söýgim kän. Sen misli enem deýin, Bakdyň maňa mähriban. Kitap berdiň elime, Aýdym berdiň dilime. Ýene öňe gitmäge, Ýagty saçdyň ýoluma. A-a-eý... E-e-eý... Ýagty saçdyň ýoluma... ■ Adam bardyr Zehin diýlen zat her kime bir hili berilýär. Guýmagursak zehinli diýilýän adamlar başyna baran islendik işiniň kemini goýman, ony sünnäläp, sungat derejesine ýetirýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Alymlar sungat diýlen düşünjä ozal nähili kesgitleme berenem bolsalar, men-ä oňa gözellik, owadanlyk, ynsanyň içki dünýäsine aralaşyp bilýän mylaýymlyk diýip düşünýärin. Sungatyň juda köp dürlüligem şonuň üçin bolsa gerek. Bu söz sungaty barada-da şeýle. Onuň bossanyna girip, öz halky üçin, diňe bir öz halky üçinem däl, eýsem, bu sungatyň islendik muşdaklary üçin çemen baglap bilen ussatlaryň ady hemişe hormat bilen tutulýar. Türkmen edebiýatyny öwreniji belli alym, pedagog, ýazyjy, şahyr Kakajan Durdyýew hem şeýle adamlaryň hilindendi. Kakajan mugallym bilen ilkinji tanyşlygymyz biziň talyplyk ýyllarymyzdan başlady. Şol mahalky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýan talyplary birinji ýarym ýyldan soň dilçi, edebiýatçy, žurnalist diýip bölüp, ýörite sapak berýärdiler. Şonda biziň paýymyza žurnalistika ugrundan tälim almak düşüpdi. Bize türkmen metbugatynyň taryhyndan belli alym, bu ugurda kän çorba sowadan Mämmetdurdy Annagurdow, žurnalistikanyň esaslaryndan Kakajan Durdyýew sapak beripdi. Mämmetdurdy aga juda talapkär, berk adamdy. Ol gaty resmi bolmagy halaýardy. Ýaş, gujurly alym Kakajan Durdyýew bolsa onuň tersine, resmilikden juda daşdy, bizi edil öz deň-duşlarynyň biri ýaly hasaplaýardy. Biz talyplara bu iki alymyň hem häsiýeti, sapak beriş tärleri ýaraýardy. Olaryň öwredýän zatlary gyzyklydy, diňläp doýamyzokdyk. Ylaýta-da talyplar Kakajan mugallymyň töwereginden diňe bir sapak mahaly däl, ondan soň hem aýrylmazdylar. Ol sadady, hoşgylawdy, zehinlidi, ýatkeşdi. Eşiden zadyny, bir gören adamyny hiç ýadyndan çykarmazdy. Ol türkmen edebiýatynyň we sungatynyň döwürdeş wekilleriniň ençemesi bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamdy. Elbetde, olaryň arasynda türkmen metbugatynyň hem köpsanly wekilleri bardy. Şeýle bolansoň her sapakda diýen ýaly ýakymly duşuşyklar, mähirli gürrüňler bolardy. Bu bolsa o mahallar biziň üçin ähli zatdan gymmatlydy. Çünki nazaryýetde öwrenilenleriň iş ýüzünde berkidilmegi ýa-da ykrar edilmegi ylym öwrenmegiň esasy talaplarynyň biridi. Men Kakajan mugallymyň ýazgy ýazyp sowgat beren «Şahyryň ýüregi» atly kitapçasyny her gezek elime alan pursatym, bu mähriban adamyň keşbi göz öňümde peýda bolýar. Ol kitap maňa hormatly mugallymymyň ýüregini açyp, onuň belent adamkärçiligini, halypalara hormat goýmagy biriçe başarandygyny, edebiýat, döwür, wakalar, adamlar hakynda jaýdar pikir ýöredip bilendigi hakynda köp zatlary ýatladýar. Çaklaňja kitabyň saralan sahypalaryndan ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň döredijilik mekdebiniň esasy ugurlary, onuň ezber galamyndan çykan eserleriň taryhy çeşmeleri, gahrymanlarynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda, belli ýazyjy-şahyrlarymyz Kerim Gurbannepesowyň, Gurbandurdy Gurbansähedowyň, Ata Atajanowyň, Mämmet Seýidowyň, Nazar Gullaýewiň döredijilikleri barada inçelik bilen söhbet edýär. Olaryň döreden eserleriniň gymmatyny gysgadan düşnükli beýan edýär. Şu ýerde bir zady nygtamagymyz gerek. Ol hem alymyň öz pikir ýörediş aýratynlygydyr. Alym ozaldan belli zatlar hakynda gürrüň edýän mahalynda hem şol birlenç edilen sözler ýa-da garaýyşlar bilen däl-de, düýbünden täze pikirleri orta atýar. Bu bolsa gürrüňi edilýän awtoryň döredijilik usulyny ýa-da eseriň özboluşly aýratynlygyny ýüze çykarmaga şert döredýär. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýew halk dessanlary esasynda drama eserlerini ýazanda haýsy tärleri ulanandygy edebiýaty öwrenijiler üçin gyzykly bolsa gerek. Ine, edebiýatçy alymyň işlerinden şeýle sowallara jogap tapmak bolýar. Bütin ömrüni edebiýaty öwreniş ylmyna bagyş eden Kakajan Durdyýewiň saldamly işleri edebiýatymyzyň belli-belli döwürlerine, aýry-aýry ugurlaryna bagyşlandy. Alym haýsy meseläniň üstünde döwnese, onuň kemini goýanok. Şeýlelikde gozgalan mesele tutuşlygyna diýen ýaly açylyp görkezilýär. Ynha, biziň elimizde alymyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň filologiýa fakultetleriniň talyplary üçin taýýarlan «XIX asyr türkmen edebiýaty» atly kitaby. Bir halkyň bütin bir asyryň dowamyndaky edebiýaty hakynda pikir ýöretmek ýeňil iş däl. Şeýle-de bolsa, alym bu işe köp zähmet siňdiripdir. ● XIX asyr. Bu asyrda türkmenleriň ata Watanyndaky jemgyýetçilik ýaşaýşy, edebiýatyň ýagdaýy nähili bolupdyr? Bu asyryň edebiýaty nähili esaslarda kemala gelipdir? Döwür hem-de edebi akym haýsy alamatlary bilen häsiýetlenýär? Ine ylmy işiň öňünde duran meseleleriň bir topary. Bu kanuny sowallara jogap tapmak üçin alym köp çeşmeleri gözden geçirmeli bolupdyr. Şol döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň ömri we döredijiligi hakynda ýazylan işleri seljerip, belli bir netijä gelipdir. Kitapda Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlar bilen birlikde, edebiýatyň Talyby, Misgingylyç, Zynhary ýaly wekilleriniň ömri, galdyran edebi mirasy hakynda giňişleýin söhbet açylýar. Edil jemgyýetde bolşy ýaly, XIX asyrda hem edebi öwüşginler tiz-tizden üýtgäp, ol ýa-da beýleki görnüşde ýüze çykandygyny alym örän jaýdar belleýär. Işde şol döwrüň edebiýatynyň baş wezipesini kesgitlemek, durmuşyň has çylşyrymly taraplaryny degşirmek, umumy zady aýratyn alnan zatda açyp görkezmek, bütewi zady umumy zatda derňemek, žanr baýlygy, diliň çeperçilik serişdeleriniň gaýtalanyp duran ulgamy, gadymy edebi däplere täze ýokundy bermek meseleleriniň goýluşy-da, çözlüşi-de ünsden düşürilmändir. Munuň özi alymyň sowatlylyk derejesiniň kämilliginden habar berýär. Alymyň «XVIII asyrdaky türkmen milli şygryýeti özüniň merkezi obýekti bolan adamy gökden inderip ýere düşüren bolsa, 19 asyryň edebiýaty şol real adama anyk sosial many, milli alamat we jan, dil bermeklige çalyşdy. Bu babatda şeksiz uly üstünlikler gazandy, adam işjeň jemgyýetçilik güýçdür diýen manyny aldy, işjeň göreşmegiň nusgasy bolmaga taýýar hala salyndy. Şu häsiýetler şol taryhy döwürdäki edebi döredijilik işiniň agtaryşlarynyň, derňewleriniň oňyn netijesi, sungat hökmündäki miwesi boldy» diýen kesgitlemesiniň hakykata laýykdygyny edebiýaty öwreniş ylmyndaky barlaglar ykrar etdi. Kakajan mugallym juda öndümli işlemäge turuwbaşdan endik edinen adamdy. Bu barada hemişe onuň bilen bile okanlar, işdeş ýoldaşlary aýdardylar. Onuň elinde tälim alan talyby bolanymyz üçin mugallymyň işeňňirliginden biziňem habarymyz bardy. Ol köp okardy, ýöne bir okap geçmek däl, okan zadynyň düýp manysyna düşünerdi. Isle çeper eser bolsun, isle-de ylmy iş tapawudy ýok, Kakajan mugallym göwnübölek okamazdy. Tutuşlygyna oňa berlerdi. Şeýle janypkeşlik oňa hemişe üstünlik getirerdi. Alymyň galamyndan çykan eserleriň täsirli bolmagynyň ilkinji sebäbi şudy. Diňe bir edebiýaty öwreniş ylmynda däl, çeper döredijilikde hem Kakajan Durdyýewiň bitiren işleri ýatlamaga mynasypdyr. Onuň «Şahyryň ýüregi» atly kitabyny edebi hatyralar diýip hasap etsegem, olaryň oçerk žanryna has golaýdygyny aýtmagymyz gerek. Awtoryň «Salamdan soňky sözüm» atly kyssalar kitaby göwrüm taýyndan onçakly uly bolmasa-da, mazmuny boýunça gymmatyny peslär ýaly däl. Kakajan mugallymyň «Ömür örküm» atly saldamly kitabynda bolsa uzak ýyllaryň dowamynda döreden şygyrlary, poemalary orun tapypdyr. Zehinli alym, pedagog, ýazyjy, şahyr Kakajan Durdyýew diýseň mylaýym, ynsanperwer adamdy, ol köpleriň halypasydy. Ýagşy adam ýatdan çykanok. Haýsy ýerde edebiýat, edebiýaty öwreniş ylmy hakynda söhbet açylsa, Kakajan Durdyýewiň ady hem ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Özüniň halal zähmeti, ýiti zehini bilen tanalan mugallym hemişe ýagşylykda ýatlanylýar. Pendiden ýaňlanan owazlar Kakasynyň ýasap beren naşyja dutaryny goltugyna gysyp gelen oglanjyk öý işlerine gümra bolup ýören ejesiniň donunyň synyndan tutup, oňa sorag baryny ýagdyryp ugrady: — Eje, eje, aýtsana, kakam meniň bagşy bolmagymy oňlamaýarmyka? — Näme üçin indi kakam hemişelikleri ýaly maňa: «Ýör oglum, dutar çalaly diýenok?». — Näme üçin? Ene oglunyň ýüzüne hoşamaýlyk bilen seretdi. Onuň başyny sypalady. Soňsuz soraglaryna bolsa jogap gaýtarmaga howlukmady. Edip ýören işlerini goýup, sekiz ganat ak öýüň ortasyndaky ojagyň başyna özüni goýberdi. Ogluna-da gabat garşysynda oturmaga ýer görkezdi. Ojakda bir gapdaly ýanyp köze öwrülen çygar sazagy beýlesine öwürdi. Ätişgir bilen daşy küle öwrülip ugran közleri kakyşdyryp, sazagyň aşagyna dykyşdyrdy. Ýiti gora çydamadyk sazakdan çal tüsse burugsap, Jumasoltan ejäniň üstüne tarap towlam-towlam bolup gaýtdy. Onuň gözlerini ýaşartdy. Ojakdan biraz gaýra süýşüp, ýaşaran gözlerini ýaşmagynyň ujy bilen süpürdi. Ojakdaky çygar sazak şat-şat edip ýanyp başlady... — Goýaweri, balam, heý-de kakaň seň bagşy bolaryňy islemezmi? Islemeýän bolsa ýumruk ýalylygyňdan yzyna düşürip, giden ýerine alyp gidip ýörmezdi. Perde basyşyňa, şelpe kakyşyňa guwanyp, ugruňda pelesaň kakar ýörermidi? Ýok oglum, kakaň senden tamasy gaty uludyr. Ýöne bular bir begenen, şatlanan ýa-da gynanan zadyny daşyna çykaryp, ile ýaýyp ýören adamlar däl-dä. Ataň pahyram şeýledi. Kakaňam şo pisint. Ýuwaş tap adamlar-da. Sözlerini gulak bolup diňlese-de Ödenyýazyň jogapdan kanagatlanmaýanyny ene aňýardy. Onsoň oglunyň ýene-de sorag berip, gepi uzaltmagyny isleýärdi. Enäniň isleýşi ýaly hem boldy. Ödenyýaz ejesiniň ýüzünde bir galagoplugyň bardygyny aňdy. Her niçigem bolsa ýene-de sorady: — Kakam, düýnem, şu günem, ýüzüme seretdi-de, sesini çykarmady. Eje, şo islemedigi bolmaýamy? — Ýok, balam. Bu günler kakaň azajyk aladasy bar. Onsoňam, ýaňyja aýtdym-a guzym, bular bir ony bilýän, muny bilýän diýip, öwnüp ýa-da şägirtlerini gyssap «eýt-beýt» diýip oturmany bilmezler. Edil gara ýer ýalydy bendeleriň ötenlerem. Bar güýçleriniň ýetýäni dutarlarydyr. Şonuň welin, kemini goýmazdylar çalsalar, aýtsalar. Şägirtlerine-de «Çal» diýerler, diňlärler. Kemi bar bolsa seslerini çykarman özleri çalyp görkezerler. «Aljak adam alar» diýerdiler. Onsoň sen nämä gyssanýaň oglum, senem şägirt ahyry. Kakaň bolany bilenem ony gyssaberme. Ol köpüň adamy. Menem oňa «eýt-beýt» diýip akyl berip bilmen. Ýöne onuň çalaň islendik sazyny başga biri, şägirdi çalsa, ýetmezini, artygyny, kakaňçarak aýtmagym ahmal, oglum. Ene ýylgyrdy. Kiçijik soragçynyň göwnüni galkyndyrjak bolup köp gürrüň etdi. Köp-köp wakalaryň ýumagyny çözledi. Ogly az-kem köşeşdi. Ylaýta-da ejesiniň «Senem şägirt ahyry» diýmesi onuň çaga göwnüni ganatlandyrdy. Ýöne... Hawa, bu gürrüňlerden kän wagt geçmänkä 1938-nji ýylyň galagoply günleriniň birinde Ödenyýazyň kakasy Nobat entek ýaşa-da ýetmedik bagşy özi bilen aýdym-saz sungatynyň indi ile ýaýylmaly uly bir ummanyny alyp gitdi. Ýaňy 8 ýaşa ýeteňkirlän Ödenyýaz bolsa çyrpynyp ýatan ummanyň içinde ýalňyz galan ýelkenli gämi ýaly nirä urunjagyny bilmän galyberdi. Ykbalyň salan ýarasy ýuwaş-ýuwaş bitişdi. Ödenyýaz kakasynyň ýasap beren dutaryny birmahallar Gelenje ussanyň ýasap, Nobat bagşa sowgat beren dutary bilen çalyşdy. Özem aýdym-saza şeýle bir imrikdi. Ejesi Jumasoltan eje: «Gözden-dilden saklawersin balamy, dutar tutuşy, perde basyp, şelpe kakyşy agynjak Nobat pahyryňky-da. Oňa berilmedik ömrem Ödenyýazyma berlen bolsun-da «Hudaýym!» diýip, otursa-tursa dileg baryny ederdi. Bir gün selälik wagty oýanan Jumasoltan eje öýüň töründe dutaryny goltuklap, oturan ýerinde uklap galan Ödenyýaza gözi düşenden: «Wiň, balam, eneň bar bolsun, saňa tur, ýeriňe geç beýlekem diýmän, özüm ýatyp galaýsam nätjek» diýip, ony yralady, oýardy. Soň Ödenyýazyň ukusy tutmady. Ol ejesi bilen ýene-de kakasyny ýatlady, onuň çalan sazlarynyň aýdan aýdymlarynyň käbirlerini gylyny gymyldatman gaýtalap berdi. Jumasoltan eje ogluny üns bilen diňledi. Onuň el urşuny synlap, käbir öwrümlerde entejik bärden gaýdan ýerlerini «Kakaň pahyr-a şu ýerini şeýdäýerdi» diýip, dutary oglunyň elinden alaga-da düzeden wagtlary ozalam bolupdy. Bu gezegem şeýle boldy. — Oglum, saňa merdemsi halypa bolsa kem bolmajak ýaly. Halypasyz bagşy ýa-da sazanda baş öwredilmedik taý ýaly bir zat bolar diýerdi ataň pahyr-a. Hak aýdylan söz. Eýýäm eliň kakaň ýoklugyny duýup gödekleşjek bolaýýan ýaly. Saz gödekligi halamaz. Ol näzik bolmaly ahyry. — Hanha, maşyn bagşyda kakaň çalan sazy, aýdan aýdymy bar. Şony bir diňläp gör. Ol ýyl Meskewe ýörite çagyryp «Owadan gelin», «Amman-amman», «Şirmaýy darak» ýaly meşhur aýdymlary grammofon plastinkasyna ýazypdylar, şony – diýip, Jumasoltan eje 1935-nji ýylda Nobat bagşynyň sesi ýazylan grammofon ýazgysyny «maşyn bagşa» goýup, onuň burmasyny towlap goýberdi. Nobat bagşynyň ýakymly sesi ak öýüň içine nur sepilen ýaly bolup ýaýrady. — Kakasynyň gideli bäri sesini eşitmedik Ödenyýaz hamsykdy. Onuň çaga ýüregi atasyny küýsedi. Ol hernäçe mertlige saljak boldy. Emma ata mähriniň küýsegi bar zatdan güýçli bolup çykdy. Jumasoltan eje-de bozuldy. Ol gözýaşyny oglundan zordan gizläp, özüni ele aldy. — Balam, selälik wagty, ýagşyzadalaryň aýlanyp ýören pursaty gam çekip otursak, hezili bolmaz. Gel gowusy biraz ymyzganyp, gözümiziň ukusyny alaly, hemem ýagşy dilegler edeli – diýip, «maşyn bagşyny» diňdirdi. Eneli-ogul biraz wagtdan daňdanyň süýji ukusyna çümdi. Ödenyýazyň düýşüne kakasy girdi. Ol: — Oglum gamlanma, men duýdansyz gaýtmaly boldum, kysmatdyr-da. Ondan çykma barmy? Men birki ýola seň bilen goňşy oba gidipdim. Bir halypa-ussadyňka barypdyk. Ana sen, şol halypany tapda oňa Nobatyň ogly diý. Galan işi Alla oňarsyn, oglum! – diýip, gözden gaýyp boldy. Ödenyýaz tisginip oýandy: — Men ony tanaýan kaka! — diýip gygyrdy. Oglanyň sesine ejesi hem oýandy. — Näme boldy, balam?! — diýip, Jumasoltan eje ogly ukudadyr öýdüp, ony yralady-da, ýene: «Näme, balam?!» diýdi. — Eje ol adam Garly bagşy, men ony tanaýan – diýdi. Ejesi düşünmedi. Ödenyýaz bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berdi. Ene begenjinden ýylgyrdy. — Ana, gördüňmi balam, seniň yhlasyňa perişdeler «omyn» diýipdir – diýdi-de haýal etmän onuň ýol şaýyny tutup, goňşy oba – Garly bagşynyňka ýola saldy. Garly bagşy Ödenyýazy edil uly adam garşylan şekilli garşylady. Onuň bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Ýüzüne gaýta-gaýta çiňerilip: — Haý, özüň-ä daş ýeriň oglany-ha dälsiň welin, alyp bilmedim-ow – diýdi. Ödenyýaz pert-pert jogap berdi: — Men Baýraçdan, Nobat bagşyň ogly. — Hä, boldy, boldy. Wah, Nobatyň ogly diýsene... Häý, Nobat, Nobat. Ýigidiň gülüdi. Eli diýseň süýjüdi, labzy janyňa ornap barýan bagşydy. Bu jelagaýlarda onuň deňine ýetip bileni enteg-ä göremok. Belki, ata kesbi saňa başardar, ogul! Garly bagşy Ödenyýazy şägirtlige ikirjiňlenmän kabul etdi. Şeýdibem aýdym-saza suwsan oglanyň ykbalynda ýene-de bir uly halypa peýda boldy. Ödenyýaz 1942-nji ýyldan tä 1948-nji ýyla çenli Garly bagşynyň tälimini aldy. Garly bagşy şol döwürlerde 64-65 ýaşlaryndady. Ol özüniň bagşyçylyk ýoluna Ödenyýazyň eždatlarynyň biri Gurban bagşydan şägirtlikden başlapdy. Olaryň zehin eleginden geçen sazlaryny kemsiz öwrenip, Pendi sährasynda öňüne adam geçmeýän halypalyga ýetipdi. Garly bagşy Ödenyýaza aýratyn üns berýärdi. Onuň ýiti zehinine, çäksiz yhlasyna haýran galýardy. Oňa guwanýardy. Garly bagşy tä ömri paýawlaýança Ödenyýazyň bagşyçylyk sungaty bilen häli-şindi gyzyklanýardy. Onuň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdi, onuň eýýäm ýaşlygyndan tanymal bagşylaryň hataryna goşulanyna begenip, iki bolup bilmezdi. 1943-nji ýylyň güýz aýlarynda entek 15 ýaşy hem dolmadyk Ödenyýazy radioda konsert bermek üçin Aşgabada çagyrýarlar. Şonda onuň ýany bilen halypasy Garly bagşy hem bile gidýär. Ýaş bagşynyň şol gezekki çykyşy diýseň şowly bolýar. Näzikden ýakymly sesi, mahmal owazy bilen ýerine ýetiren «Dilber», «Söwdügim», «Gözelim», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary bütin türkmen topragyna ýaýraýar. Onuň sesini, ýakymly owazyny eşitmedik diýýäne duşaýmak çetindi. Ödenyýazyň aýdym-saz ummanynyň joşy gitdigiçe artýardy. Onuň hyrydary köpelýärdi. Ýaş bagşynyň ady ýurda ýaýraýar. Onuň aýdymlaryny diňlemek üçin uzak-uzak ýerlerdenem gelerdiler. Özüni alyp giderdiler. Ödenyýazyň durmuşynyň iň bagtly pursatlarynyň biri onuň Türkmenistanyň edebiýat we sungat işgärleriniň uly topary bilen Moskwada türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügine gatnaşmagy boldy. Şonda onuň ýerine ýetiren «Maru-Şahu-Jahany», «Şirmaýy daragy» şeýle bir üýtgeşik ýaňlandy welin, tomaşaçylaryň gozgalaň tapyşyny söz bilen suratlandyrar ýaly bolmady. Adamdan ýaňa «hyň» berip duran zalyň içinde bagşy üçin göýä hiç kim ýok ýalydy. Bagşy bir düýrülip, bir ýazylýardy, aýdym üstüne aýdym, bagşyny ýadatmaýardy. Ödenyýazyň barha kämilleşýän sungatyna meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň hem guwanjynyň çägi ýokdy. Özem oňa birnäçe wagtlap tälim berensoň, onuň her hereketine beletdi. «Ödenyýaz eline bat berip, çalýan sazanda däl, ol äwmän çalyp oturandyr. Dutaryna gözüň düşmese, «Şu adam çalýarmyka bu sazy» diýdirerdi. Aýdym aýdyşam şeýledir. Ýüzüni göge tutup, gözlerinem pugta ýumup aýdyp oturandyr. Bokurdagynyň damarlaryny dartyp aýtmasa-da, ondan çykýan ses bir gudrat ahyry». Bagşyçylyk, aýdym-saz barada söhbet açylanda Ödenyýaz bagşy şeýle diýerdi: «Güzap kemi ýokdur, bu kesbiň, kämillige ýetdigiňçe, ejiriň köpeler, jogapkärçiligiň artar. Näzirgäp oturmaga onsoň ynsabyňam çatmaz, ilem ygtyýar beräýmez. «Suw küýzesi suwda synar» diýenleri bolýar. Öýkeniňe agram berip, içiňi näçe çekseň, şonça-da abraýyň artar. Duýgyňy aýdyma garyp, owadanlap bilersiň onsoň». Ata-baba gelýän, kesp-käre wepaly Ödenyýaz Tagtabazar etrabynda ilkinji saz ansamblyny döretdi. Oňa birnäçe höwesjeň ýaşlary çekip, baştutanlyk etdi. Täze-täze aýdymlaryň, sazlaryň üstünde işledi. Onuň döreden ansambly ýurt içinde meşhurlyga eýe boldy. Başga şan-şöhrat getirdi. Oňa 1960-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1964-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly atlar dakyldy. 1966-njy ýylyň ýazynda doganlyk azerbaýjan halkynyň aýdym-saz sungatyny öwrenmek, tejribe alyşmak maksady bilen ugradylýan topara goşulandygy baradaky habar Ödenyýaz bagşyny diýseň begendirdi. Onuň özüne ýetik sebäbi bardy. Nobat bagşy 1928-nji ýylda zähmet rugsadyna çykyp, bir dosty bilen Bakuwa gidýär. Olar Azerbaýjanda konserte tomaşa edýärler. Şonda Nobat bagşy pursat arap, sahna çykýar hem-de alypbaryjydan özüne tapda azerbaýjan heňlerini çalmaga rugsat bermegini soraýar. Alyp baryjy geň galyjylyk bilen Nobat bagşa seredip: — Gardaş, bu size kyn düşer, türkmen sazyny çalaýyň! — diýýär. Bagşy ylalaşmaýar. Garaz, oňa tar getirip berýärler. Bagşynyň çalan sazy märekäni haýran galdyrýar. Zal doňup galýar. Bagşy bolsa gitdigiçe gyzýardy. Gara dere batyp, şeýle bir çalýardy welin, adamlar durşuna gulaga öwrülen ýalydy. Şol günüň ertesi saz gurallary satylýan uly dükandan tar satyn almakçy bolup, ony çalyp görüp başlaýar. Bir salymdan onuň töweregi adamdan ýaňa taýak oklasaň ýere düşmejek ýagdaýa dönýär. Bagşy taryň bahasyny soraýar. Satyjy elini döşüne goýup, bagşynyň öňünde baş egýär-de: — Türkmen balasyna ene süýdünden halaldyr alyň! – diýýär. Nobat bagşy onuň ýalbar-ýakaryna garaman taryň bahasyny berip, alyp gadýar. Şol tara gözi düşen Ödenyýaz mähriban kakasynyň bolan ýerlerine gitjekdigine begenip, guş bolup uçdy... Kompozitor Çary Nurymow, sazanda Annageldi Jülgäýew dagy bilen ýola düşen Ödenyýaz azerbaýjan halkynyň sungaty we medeniýeti bilen içgin tanyşýar. Şol ýerde ýurduň radiosynda konsert bilen çykyş edýär. Ol türkmen aýdym-sazlary bilen bilelikde azerbaýjan mukamlarynyň birnäçesini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Olar Azerbaýjanyň teatrlarynyň birinde «Asly-Kerem» operasyna tomaşa edýärler. «Operadan soň Ödenyýaz Nobatow operada azerbaýjan saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlary öz dutarynda şeýle bir ussatlyk bilen çalyp berdi welin, oturanlar haýran galdylar» diýip, belli sazanda Annageldi Jülgäýew häli-häzirem ýatlaýar. Gürrüňçilikde Ödenyýaz bagşynyň sazandarlygyny bagşyçylygyndan pesde goýup bolmaz diýerdiler. Diýmezçe hem däldi. Ödenyýaz halypanyň çalan «Daraýy donlusy», «Uzuklary» hakynda gürrüň etmek üçin saz sungatyndan kemsiz başyň çykaýmasa eýgerder ýaly däl. Her perde, her kakuw, her öwrüm gepläp dur-a onda. Göz öňünde giden bir durmuş, giden bir waka janlanýar. Olarda inçelik, ýiti synçylyk bar. Olarda duýgy bar. Olar gurak bir saz däl. Olarda ynsan kalbynyň owazy, mähremliligi, sadalygy, edep-ekramy, joşguny bar. Ödenyýaz halypa sazanda. Özem diňe bir dutarda däl, ol islendik halkyň saz guralyny saýratmagy başarýar. Onuň eline gyjak berseň her kimçe çalardy. Onuň eline gargy tüýdük berseň uçup barýan durnalary gondurardy. Onuň eline azerbaýjan taryny berseň mugamlar joşardy. Onuň eline rubab berseň sen, gör, nähili begendirerdi. Özem türkmen, özbek, azerbaýjan, owgan, täjik sazlaryny edil bir kökene düzülen ýaly edäýerdi. Hakyky ussatlar, hakdan içen bagşy-sazandalar şeýdip bilýändirler muny. Ynsana, zehin, başarnyk sanagsyz berilse-de ömür diýlen zadyň öz müddeti bar ahyry. Ömrüniň soňky ýyllarynyň biridi. Ahaldan gelen köne dostlary bilen kän-kän wakalaryň başyny agyrdyp, ýatladylar, güldüler. Bagşy joşup aýdym aýtdy, saz çaldy, baryny orta dökdi, zehin ummanynyň akabalaryny birin-birin görkezdi. – Göwnüm şeýle pursaty gaty küýsän eken-ow – diýip, özem haýran galdy. Çaga ýaly begendi. Şol mahalam ara salym bermän bir mahalky wakany ýatlady... «Ol ýyl, Sarahsa Muhy bagşynyňka gitdim, ýörite göreýin diýip, garran eken bende. Biziň baranymyzy eşidip, Sarahsyň uly-kiçi eli dutar tutany ýygnandy. Oturdyk, saz söhbet etdik. Şonda Muhy halypa, sütün, sütün ussatlaryň gol beren kärini ýaşlara öwredişiňe gaty begenýän» diýdi. Bular ýaly öwgä hemişe gulak gabardyp durmaýamykak diýýärdim welin, indi-indi kem ýaramaýan ýaly. Eken bagyň miwesini dadyp görmegiňem lezzeti bardyr-da. Halypamyz Garly bagşyňkyda Aman Arnagylyç, Agamyrat Ýagmyr dagymyz bileje tälim alypdyk. Olaram bu senede göwün berip, ýagşy at goýup gitdiler. Siz bilseňiz bilýänsiňiz. Bilmeýänem bardyr belki. Ogullaryma, agtyklaryma gürrüň bersem derrew göwünlerine bir zat getirýärler. Hamana, kakalary hoşlaşyp gidip barýan ýaly. Her niçigem bolsa aýdan ýagşy. «Atamyza Aansähet bagşy diýer ekenler. Onuň kakamdan – Nobat bagşydan başga-da dört ogly bar eken. Kakamdan kiçileri Döwlet bilen Bäşim belli sazandadylar. Olaryň biri gargy tüýdük, beýlekisi gyjak çalýardy. Uly ogullary Sapar bilen dördünji ogly Çary ömürlerini çarwaçylyk, daýhançylyk bilen ötürdiler. Aýdym-saza ähli maşgalamyz keramat hökmünde garaýar. – Han-ha, oglum Töre gezmäge gelipdir. Ýanynda-da agtyklarym. Dutar görseler başga zat küýsänoklar. Sadyk, Nobat (kakamyň ady dakylan) Nobatyň ýanyndakyja oglanam bir tejenli dostumyzyň ogly Gurbanmyrat, her ýyl 3-4 aýlap, bärde bolup, tälim alýar. Tüweleme özlerem, Nobat bilen aýdyşdyrýan kä mahal, şulara guwanjymyň çägi ýok. Adam perzent ýetişdirse ýitenok, şägirt ýetişdirse ölenok. Rahmet Arnagylyjow hem meniň şägirdim. Tüweleme, sesi bar, endigan büdür-südüri ýok, bolawersin. Ödenyýaz halypa sözüni kesdi. Myhmanlarynyň ýüzüne birin-birin seretdi-de: – Sizi ýadadaýdym öýdýän – diýdi. — Ýok, bagşy aga biz ýadar ýaly däl. Edil ýazlaga çykan ýaly bolduk. Seniň süýji labyzly aýdymlaryňdan, şirinden ýakymly sazlaryňdan aýrylyşar ýaly däl welin, nätjek, iş, alada, öý, maşgala bar. Gelenimize iki gün. Indi bizi ýola salaýsaň — diýip, myhmanlaryň ekabyrragy dillendi. Bagşy myhmanlaryny ugradyp, olaryň yzyndan esli garap durdy. Soňam ogly Töräni ýanyna çagyrdy: — Oglum, öýläne ýazar welin, meni hol baýyrlyklara bir aýlap gaýt — diýdi. Töre razylaşdy. Bagşy gülli-gülälekli sährada ýeke özi ep-esli eglendi. Pendi sähralygynyň her otuny, çöpüni, gülüni, ýapragyny mähir bilen synlady. Göýä diýersiň ýaşyl begres ýapynan ýaly baýyrlaryň üstüne çykyp, uzaklara nazaryny aýlady. Asmandaky lemmer-lemmer bulutlar göýä goş ýazdyrara ýer peýleýän ýaly, iki-baka göç eýleýärdi. Käte bir damjyklaýan sowujak ýagyş gök otlaryň ýapraklaryna düşüp bulduraşýardy. Hol-ha ýapynyň ýüzünde agyp-dönüp ýören dowarlaryň yzynda çopan taýagyny goltugyna gysyp, aýdyma gygyrýan ýigidiň ýakymly owazy jülgäni doldurýardy. Zeminiň lälesi, asmanyň aýy, Dünýäniň göwheri – käni, Ogulbeg, Gözüm röwşen tapar gördügim saýy, Aýyň, Günüň sen-sen taýy Ogulbeg. Ogulbeg-eý, Ogulbeg-eý, Dünýäniň göwheri – käni Ogulbeg. Bagşy çopan ýigidiň aýdymyny diňläp heziller etdi. Ol aýdyma şu pursat edil özi aýdan ýaly ganatlandy. Ýigdelen ýaly boldy... Ondan bäri Pendi sähralygyna ýaz iki gezek geldi. Ony bagşy görmedi. Ýöne bagşynyň belent söýgi bilen waspyny ýetiren topragy gül açýar. Baýraç obasynyň adamlarynyň rysgal-berekedi artyp, eşretli günlerde ýaşaýarlar. Aýdym-saz sungatynyň hörpi bu ýerde bir durkuny ýitirenok. Bu ýerde adamlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özlerine bagyş eden bagtyna buýsanyp ýaşaýarlar, döredýärler, gurýarlar. Olaryň arasynda meşhur bagşymyz Ödenyýaz Nobatowyň nesilleri hem bar. Köňül keştisini küreklän Haýdar mugallym bilen tanyşlygym talyplyk ýyllarymyň ilkinji günlerinden başlapdy. Oba mekdebini tamamlap, şol mahalky M.Gorkiý adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girip, ylymlar dünýäsine aralaşyp başlanymyzdan biziň maňlaýymyz çüwdi diýsem öte geçdigim bolmaz. Sebäbi bu ýerde türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň hem-de dil biliminiň meşhur alymlary sapak berýärdi. Akademik Baýmuhammet Garryýew, professorlar Mäti Kösäýew, Öde Abdyllaýew, Mämmetnazar Hydyrow, Bäşim Şamyradow, Nazar Gullaýew, Hojaberdi Hanow, Gumman Saryýew, Haýdar Muhyýew, Sapar Güjükow ýaly mugallymlaryň sapak okadyşlary-da, özlerini alyp baryşlary-da bize aýratyn täsir edýärdi. Olaryň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna, dil bilimine goşan goşantlary ummasyzdyr. Ylmyň bu iki ganatynyň täsinlikleri, bahasyna ýetip bolmajak çuňluklary hakynda olaryň biziň beýnimize guýan düşünjelerini hiç-haçan undup bolar öýdemok... Haýdar Muhyýew orta boýlydy. Onuň boýuna gelşip duran çeýe göwresi bardy. Göräýmäge agras görünýän ýüzi «Be, bu adam bilen sözümiz alşarmyka» diýdirse-de, onda gysga wagtyň içinde gürrüňdeşini özüne kökerip bilmek ukyby bardy. Derrew bir gep tapardy. Gürrüňdeşiniň adynyň soňky bognuna basym beribräk ýüzlenerdi. Şeýle etdigi onuň nämedir bir zat diýip degişmek isledigidi. Soňam «Hawwa» diýip gülüp başlardy. Şonda kiçijik gözleri boldumly ýüzünde ýitip giden ýaly ýagdaý emele gelerdi. Ajaýyp alymyň bu bu keşbini bir gezek gören ony unutmazdy. Hemişe küýsärdi. Gürrüňdeş bolasy gelerdi. Bäş ýyllap Haýdar mugallymyň elinde sapak aldyk. Onuň umumy dil bilimine giriş ylmynyň aýratynlyklary barada beren dersleri bütin ömrümize sapak boldy.Diňe bir beýan sapaklary däl, eňsem, mugallymyň sapakda, sapakdan soň, köpçülik ýerlerinde, dost-ýarlary, işdeş ýoldaşlary bilen duşuşanda özüni alyp barşy biziň üçin göreldedi. Mugallymyň ähli taraplaýyn oýlanyşykly hereketlerinde parasatlylyk, maksada okgunlylyk, ýadamazlyk, ýaltanmazlyk, tutanýerlilik, kesbe wepalylyk, yhlaslylyk bardy. Onuň hereketlerinden durmuşda ýüze çykýan islendik meselä jogap tapyp bolýardy. Talyplyk ýyllarymyzdan bäri kyrk ýyldan köpräk wagt geçenem bolsa, bize mugallymyň ylmy hem-de durmuş sapaklar edil düýn berlen ýaly bolup dur... Haýdar mugallymyň ýatkeşligi hakynda hem aýdara zat köp. Bize-hä soňam onuň bilen 10-15 ýyl bir ulgamda zähmet çekmek miýesser edensoň, häli-şindi duşuşyp, pikir alşyp durmaly bolduk.Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde iş saparynda bolanymyzda mugallymy tanaýan adamlaryň şeýle köpdügine göz ýetidik. Nirä barsak Haýdar mugallymy soraýan adamyň hetdi-hasaby ýokdy.Kim onuň jan saglygyny sorasa, başga biri salamyny ýetirmegimizi haýyş edýärdi. Biregne 40 ýyldan gowrak wagt ýurdumyzyň iň uly okuw jaýynda — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sapak beren talyplary soraýandyr diýip eden pikirimiz ýalňyş bolup çykdy. Halypany diňe bir dilçiler ýa edebiýatçylar soraman dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar soraýardylar. Ol pedagog-terbiýeçi, dilçi alym, edebiýatçy, ýazyjy, terjimeçi hökmünde, iň esasysy hem hoşgylaw, belent adamkärçilikli adam bolany üçin soralýardy. Beýle bagt hemme kişä ýetdirýän bagt däldi. Ol bagta Haýdar mugallym mynasypdy. Haýdar mugallym hakynda onuň kärdeşi, ýakyn dostlarynyň biri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapar Güjükow şeýle gürrüň berýär: «Haýdar aga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň dosenti bolup işlän döwründe sowatlylygyňam, adamkärçiligiňem ülňüsini görkezip bildi. Dogrusyny dogry aýtmaly bolsa, talyplaryň arasyndan köpüsi bilimi, şeýle hem adamkärçilik sypatlary boýunça-da oňa meňzejek bolýardy. Olaryň ep-eslisine beýle höwes başardypdam. Ine, mugallym halkynyň ýetjek bolýan derejesi!Saňa meňzejek bolýan bolsalar,saňa öýkünýän bolsalar,nusgalyk derejä ýeten bolsaň, mundan artyk bagt at nämä gerek!». Haýdar mugallym hünäri boýunça dilçi bolsa-da, ol özüni edebiýatdan aýra tutmady. «Erdem başy dil» diýen nakyl onuň üçin ýörelge boldy. Ýöne edebiýat diýen düşünjäniň edep-terbiýeden üzňe däldigine göz ýetiren mugallym, bütin ömrüne bu ugra hem akýürekden hyzmat etdi. Asyrlar boýy türkmeniň milli aýratynlygynyň, onuň gylyk-häsiýetiniň nusgalyk derejede saklanmagyna sebäp bolan türkmen diliniň we edebiýatynyň ähli kada-kanunlaryny meşhur alymlar Pygam Azymowdan, Aman Kekilowdan, Baýmuhammet Garryýewden, Mäti Kösäýewden, Mämmetnazar Hydyrowdan, Maşşan Hamzaýewden we beýlekilerden öwrendi. Öwrenenlerini egindeşlerine, talyplaryna öwretmegi bütin ömrüne kesp edindi. Biziň halkymyzyň terbiýe ulgamynda işi rowaç bolan adama baha berlende «Göternip bilýän adam» diýen bir kesgitleme bar. Ol hemmelere aýdylmaýar. Haýdar mugallym barada welin, şol sözi häli-şindi eşiderdik. Alym ylym-bilim ulgamynda ençeme wezipelerde zähmet çekdi. Ol Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň aspirantura bölüminiň müdiri, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň deňeşdirme grammatika bölüminiň müdiri, TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetiniň türkmen dili kafedrasynyň müdiri wezipelerinde işlände-de belent adamkärçiligi bilen özüni aldyrdy. Pälipeslik, kiçi göwünlilik, sypaýylyk, adamlara hormat goýmak, onuň hemişelik ýörelgesi boldy. Hiç-haçan men-menlik, gopbamsylyk, öwünjeňlik onuň golaýyna gelmedi. Nirede zähmet çekse-de onuň baş maksady ýurda, ile-güne peýdaly, ýokary ahlakly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat boldy. Ine, şu ajaýyp sypat oňa egsilmez abraý, üstünlik getirdi. Ol 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.Hünär kämilligi üçin bolsa «Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýen nyşana eýe boldy. Ýadyňyzda bolsa ýurt Garaşsyzlygymyzyň öň ýanlarynda has takygy 1990-njy ýylda türkmen diline döwlet dili derejesi berlipdi. 1993-nji ýylda bolsa türkmen milli dili özüniň döwlet dili derejesine mynasyp täze türkmen milli elipbiýine geçipdi. Halkymyzyň taryhynda möhüm orun tutan şu iki uly çäräniň üstünlikli berjaý edilmeginde Haýdar mugallymyň hem ýeterlik paýy bardyr. Ol bu meselede döwlet derejesindäki abraýly düzümiň hatarynda bolup, oňa uly goşant goşdy. Şol döwürde ol öz kärdeşi Sapar Güjükow bilen «Elipbiý barada söhbet» atly ajaýyp kitap ýazdy. Ol kitabyň gadyr-gymmaty hakynda häli-häzirem ýagşydan ýagşy sözler aýdylýar. Meşhur alymyň kärdeşi belli dilçi alym Sapar Kürenow bilen bilelikde taýýarlan «Türkmen dilçileri» atly ensiklopediýa häsiýetli kitaby hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmen diliniň taryhy ösüşine özboluşly baha berýän maglumatlara juda baý bolan bu kitapda dil biliminiň dürli ugurlary bilen iş salyşan adamlaryň 90-a golaýynyň ömriwe ylmy döredijiligi hakynda habar berýän şeýle kitap bu ugurdaky ilkinji synanyşykdyr .Şeýle-de bolsa onuň gymmaty peslär ýaly däl. Soň-soňlar Haýdar aganyň Magtygulyşynaslygy hakyndaky hakykat aýan bolup başlady. Onuň: «Goşa dil-goşa ganat», «Bendesi men söze hyrydar guluň», «Mukaddeslige mukaddes garamaly», «Söz mülküne syýahat», «Magtymgulynyň belentligi hakda söz» ýaly makalalary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Haýdar mugallymyň bu makalalaryny okap, bir zada aýdyň göz ýetirip bolýandygyny bellemek gerek. Ol hem alym üçin Magtymgulynyň ähli zada akyl ýetirmegiň, hakykaty beýan etmegiň ölçeg birligi bolup durýanlygydyr. Alymyň makalalaryndan onuň beýik akyldara bolan söýgüsiniň nä derejededigini bilmek kyn däl bolsa gerek. Ýeke bu hem däl, alym edebiýat hakynda nirede, haçan söhbet etse-de ol Magtymgulyny bir gapdalyndan goýmazdy. Ol akyldar şahyryň döredijiligi hakynda söhbet açýan eserleri hem bäş barmagy ýaly bilýärdi. Olar hakynda pikir ýöretmegi gowy görerdi. Eger çeper eser göwnünden turaýsa, ol barada kärdeşlerine, talyplaryna aýdyp, şol eseri okap görmekligi maslahat bererdi. Bir gezek sapak wagty Haýdar mugallymdan: «Mugallym, siz käbir ýazyjylaryň eserleri hakynda örän jaýdar bellikleri aýdýarsyňyz welin, özüňiz şahyr hakynda çeper bir zat ýazmadyňyzmy» diýip soradyk. Şonda ol özüne endik edinen owadan gülküsi bilen jogap berdi. «Magtymguly hakynda ýazsaň beýik zat ýazmaly. Täsirli, edil şahyryň öz goşgulary ýaly kalbyňy owazdan dolduryp biljek zat ýazmaly. Owaz diýýänim, döwrüniň ahwalatyny görkezip bilýän eser ýazmaly. Eger şeýle etmejek bolsaň, akyldaryň ruhuny ynjytmaly däl. Magtymguly biziň ruhy pederimiz. Milletiň ýüzüniň tuwagy». Magtymguly şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ajaýyp hekaýalaryň birnäçesiniň alymyň galamyndan çykandygyny özi aýtmasa-da, soň bilip galdyk. Haýdar mugallym nusgawy edebiýata imrinişi ýaly, türkmen halk aýdym-sazlarymyza hem gadyr goýýardy. Ylaýta-da ol Magtymguly Garlyýewiň mahmal owazyna maýyldy. Hut şoňa görä-de hemişe: «Halkymyza beýik Taňry tarapyndan peşgeş berlen iki gudrat—Magtymguly Pyragy bilen Magtymguly Garly mukaddesligiň aňrybaşydyr. Olaryň döredijiligine deňeşdirmäge zat tapylar öýdemok»diýerdi. «Iki gudrat» atly ajaýyp kitabyna Haýdar mugallym bu iki ägirde bagyşlanan iki hekaýasyny girizipdi. Munuň özem zehinli halypanyň ussatlaryna goýýan sarpasyndan ybaratdy. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||