02:16 Iki uly öwrülişik | |
IKI ULY ÖWRÜLIŞIK
Publisistika
Käbir taryhy seneler göräýmäge ähmiýetsiz, ýönekeý ýaly bolup görünýär. Meselem, 1979-njy ýyl... Şol ýyl dünýä syýasatynda möhüm ähmiýetli öwrülişik başlady. Sowet Soýuzynyñ Owganystana girmegi onuñ soñunyñ başlangyjy boldy. Şol ýyl ABŞ-nyñ eli ýaragly "jihatçy yslamçylary" dünýäniñ başyna bela etmeginiñem başlangyjydy... Galyberse-de: ABŞ şu maksat bilen Päkistanda 1979-njy ýylda ekstremistik dinçi harbylara döwlet agdarlyşygyny gurnadyp, demokratik-dünýewi režimiñ tarapdary Zülpükar Aly Buttony öldürtdi... Şol ýyl Pol Pot agdaryldy, Idi Amin agdaryldy, Somoza agdaryldy... Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyñ arazynda "wekilçilik urşy" gidýärdi we "Sowuk uruş" döwrüniñ belki-de dünýäde iñ ganly gegemoniýa urşy şol döwür bolup geçdi... Uzatmaýyn: Bu ýazgymyñ temasy 1979-njy ýylfa iki ýurtdaky düýpli öwrülişigi ýazmak: Angliýa we Eýran... Ikisiniñem dünýäde häzirem jedeli gidýär. Tötänlige seretseñizläñ, ýakynda iki ýurtda-da saýlawlar geçirildi... Kir Starmer * * * 1979-njy ýylyñ 4-nji maýy. Neoliberalizm Margaret Tetçeriñ Konserwatiw partiýasy bilen Angliýada häkimiýet başyna geldi. Şol ýyla çenli Angliýada sagçylyk, iş taşlaýyşlary basyp ýatyrmak, profsoýuz duşmançylygy, zähmetkeşlere garşy çykmak, sosial döwlete garşy gitmek ahlaksyzlyk hasaplanýardy! "Demir leýdi" Tetçer hemmesini owup geçdi. Ähli "günäleri" gözüni gypman etdi. Hususylaşdyrma syýasatyna "tetçerizm" diýip başladylar... Bu sagçy konserwatizm bilen Ronald Reýgan ABŞ-da häkimiýet başyna gelenden soñ döwrüñ agalyk ediji düşünjesi şu düýpli reformalar boldy. Taryhyñ iñ uly ýalanyny sözlediler: "- Jemgyýetçilik ýarylma köp pul gazanýanlar bilen az pul gazanýanlaryñ arasynda bolanok, gününi dolamak üçin işleýänler bilen döwletden peýdalanýanlaryñ arasynda bolýardy". Sosial döwlet şeýdip biçildi... Bazar hemme meseläni çözýän "hudaý" mertebesine şeýdip göterildi... Bu bolsa segseninji ýyllarda intellektual at-abraýa eýe çepçi pikirleriñ garşysyna güýçlenmelere sebäp boldy. Utanylýan sagçylyk "täze konserwatizm" ady bulen agalyk ediji garaýyş bolmaga başlady. Çepçi partiýalar "dönük" boldy! Halk 23 ýyldan soñ Işçiler partiýasyny häkimiýet başyna getirdi we diñe Toni Bleýr "Üçünji ýol" ady bilen ýene öñki syýasy ugurlary dowam etdirdi. Halk sekiz ýyl dowam eden bu nikaby syrdy. Häkimiýeti ýene Konserwatiw partiýa berdi. Saýlawçylar 14 ýyldan soñ şu ýylyñ 4-nji iýulynda Işçiler partiýasyny ýene häkimiýet başyna getirdi. Eýsem-de bolsa, 1979-njy ýylda başlan neoliberalizmiñ kyrk bäş ýyllyk häkimiýeti bu täze hökümet - Kir Starmer üýtgedip bilermi? Kyn boljaga meñzeýär, Işçiler (Leýboristik) partiýasy geçen saýlawda has köp ses alan Žeremi Korbin ýaly çepçileri partiýadan daşlaşdyrdy... Mesut Pezeşkiýan * * * Dünýä syýasatyna düýpden täsirini ýetirjek režim ýene 1979-njy ýylda orta çykdy: Eýran Yslam Respublikasy! 1-nji fewralda ýurduna dolanan Homeýni Tähranda kiçijik kinoteatryñ sahnasynda goýlan kürsüde täze režimiñ dörändigini yglan etdi! Döwletiñ dini we syýasy lideri özüdi... Ýanynda Mehdi Bazergan, Ibrahim Ýezdi ýalu reformalary geçirmegiñ tarapdarlary bolan demokratlar hem bardy. Emma aradan geçiren wagtyñ içinde Homeýni režimden diñe çepçileri däl, özüne wepaly adamlary-da gyraklatdy... Ilkinji prezident saýlawlarynda ýeñiş gazanan reformaçy Beni Sadr janyny halas etmek üçin Pariže gaçmaly boldy. Iñ soñky 2024-nji ýylyñ 5-nji iýulynda geçirilen saýlawda reformaçy Mesut Pezeşkiýan üstün çykdy. (Azerbaýjandan gelende wertolýotynyñ heläkçilige uçramagy netijesinde aradan çykan prezident Ibrahim Reisiniñ ýerine onçakly fawori hasaplanmaýan Pezeşkiýanyñ saýlanmagy aýratyn makalanyñ temasy). Saýlawçylar Kir Starmerdenem, Mesut Pezeşkiýandanam umytly... Olar lapykeçlige uçramazlar diýip umyt edýärin. Üstünde durmak isleýän iñ soñky zadym: Dünýädäki 1979-njy ýylyñ öwrülişikleriniñ baş sebäbi nebit krizisidi. Häzirki bolýan häkimiýet çalşyklarynyñam sebäbi neoliberalizmiñ 2008-nji ýyldaky maliýe krizisidir. Häkimiýet çalşyklaryny sagçy-çepçi diýmezden şeýle analiz etmek has oýlanyşykly bolar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |