IŇ SOŇKY KEMPIR
Okuw bireýýäm başlanypdy. Kabinetden direktoryň çykaryna garaşyp, mekdebiň koridorynda duran sypaýy adam wagtynyň nähili öteninem duýman galdy. Ýaşynyň segsendenem agandygy mese-mälim görnüp duran zamanasyna kybapdaş däl pukara geýnen bir kempir sypaýynyň ünsüni özüne çekdi. Kempiriň bolşy üns çekmezçe-de däldi. Günemalygyny tapmaýan adam bolaýmasa, bu ýaşdan soň tam süpürýän bolubam işlemeli däldi. Beýder ýaly indi öte ýatyp ýörenem ýokdy. Ýöne ol kempir tam süpürýäne-de meňzäp barmaýardy, tamam süpürmeýärdi. Sypaýy adam onuň klasdan-klasa girip, partalary şakyrdaşdyryp ýörşi bilen gyzyklandy-da, kempir gabatdaky gapa girensoň, syr bildirmän, ony synlady. Garry mama bir zatdan gijä galyp barýan ýaly, hatar partalaryň arasynda ylgaşlap, zat gözleýärdi. Birdenem, mugallymyň stolunyň üstünde duran köne ýaglyga sypaýynyň gözi düşdi. Ýaglygyň üstünde çörek bölekleri bardy. Kempir çagalaryň mekdebe getirip, iýmän, taşlap giden bölek-büçek çöreklerini ýygnaýardy. Kabinetden çykan direktor sypaýynyň kempiriň hereketlerini synlap duranyny görensoň, myhmanyň dile getirmedik sowalyna jogap berdi:
— Oňa Alma eje diýýäler. — Myhmanyň ojagaz jogap bilen kanagatlanmajakdygyna göz ýetiren direkor dowam etdi. — Gojuk obasynyň ýaşy iň uly kempiri bolmaly.
— Oguly-gyzy ýokmy? — diýip, direktoryň aýtmaga häzirlenip duran sözlerini tizräk eşitjek bolýan ýaly, myhman saklanyp bilmän sorag berdi.
— Pahyrda ne ogul, ne gyz… Ýalňyşmaýan bolsam ýaşy hem segsen üç bolaýsa gerek. Özi hem lal pahyryň…
— Şo ýaşda-da mal saklaýamy? — diýip, oblastdan mekdebi barlamaga gelen sypaýy geňirgenýändigini ýüzünden-gözünden bildirip sorady. — Adam pahyr ölýänçä gydyrdanyp geçmeli-dä. Nebis diýilýän zat gursun! — Sypaýy birdenem ýylgyrdy-da, direktoryň ýüzüne bilesigelijilik bilen seretdi. — Ýaşymyz segsenden geçse, bizem şeýle bolarmykak?
Sowala jogap gaýtarmak islemedimi, nämemi, direktor egnini gysdy.
* * *
…Şol mahallaram ol Alma gelin däldi-de, Alma ejedi. Ýaşy ellini gorkuzyp ýördi. Ýöne ol ömrüniň galan bölegini geplemän geçirmeli boldy. Şoňa çenli bolsa, biri dilli bolsa, Alma eje dillidi. Ogly wepat bolan, gelini garahassalykdan giden Alma ejäniň ýekeje umydy, diregi alty ýaşyndaky Baýram bolsa, daýanjy gara sygrydy. Gara sygryň süýdi çörege çalşylýardy. Alma eje günortana çenli şähere gidip gelýärdi, günortadan soňam kalhoz işine barýardy. Ýagdaýa düşünýän ýolbaşçylar ýarym gün işe gelmeýäni üçin Alma ejä azaram bermeýärdiler.
Şähere daňdanyň ümüş-tamyşlygynda ugramalydy. Bolsa-da, goýara eli boş adam ýokdugy zerarly Alma eje agtygynam öz ýany bilen alyp gelýärdi. Şirin ukudan oýarylan çaga, gaňňadan ýapyşyp oturuşyna esli ýere barýança irkilip gidýärdi. Hemra uzyn poçtalýonyň ogly Wekil uzynam her gün şähere Alma eje bilen bile gidip-gelýärdi. Onuňam süýt tüňňüri Alma ejäniň horjunyndady.
Wekil uzynyň ýanynda bolmagy Alma eje üçin zyýan däldi-de, peýdady. Garry iki tüňňür süýdi ýerleşdirip gelýänçä Wekil uzyn ýüzüne “Nan” diýip ýazylan dükanyň öňündäku öwrüm-öwrüm bolup duran adam haýatynyň gutarýan ýerinden nobat belleýärdi. Gaýdyşynam, köplenç adam-garasyz çola bolýan ýolda Alma eje, herhal, erkek ýoldaşlydy.
Soňky günlerde, galdyrmak islemese-de, Alma eje agtygyny öýde goýmaly boldy. Sebäbi Baýramjyk ýorgan-düşekli ýatmasa-da, ini gyzdyrýardy, saly gowşakdy. Emma ýurt eýesi bolup galan ýalňyz agtygyny öz janyndan eý görýän garry, öz janyndan eý görýänligi üçinem ony obada goýup, şähere özi gatnamaly boldy. Alma eje şähere gatmasa, her gün getirilýän çörek geljek däldi. Çörek bolsa onuň özünden öňürti agtynagyna gerekdi. Alma eje täk özüne gezek gelse, ot-çöp bilenem oňňut etjekdi welin…
Iki ýyl bäri gaýtalanýan, soňky bir hepdesi bolsa Baýramsyz gatnalan ýagdaý bu günem gaýtalanýardy. Içi aç adamlaryň edere ullakan bir gürrüňleri hem bolmany üçin, ýol-ýodanyňam her ädiminiň, her dabanynyňam ýatdan bilinýänligi üçin Wekil uzyn gaty haýallyk bilen deňinden geçýän telegraf agaçlaryny synlaýardy. Gojuk obasyna sowulman, aňryk, nirädir bir ýerlere geçip gidýän telegraf agaçlarynyň şäherden oba çenli bir ýüz togsan ýedi sanydygyny ozalam telim gezek sanan Wekil uzyn edil kişiniň amanat puluny sanaýan ýaly her agajy üns bilen gözden geçirýärdi. Ol uzyn ýoly gysgaltmak, wagt geçirmek üçin tapylan pişedi.
Wekil uzynyň çak edişine görä, şäherden başlanýan telegraf agaçlary hiç ýerde-de gutarmaýardy.
Alma ejäniň gözüne bolsa telegraf agaçlary ilmeýärdi. Ol diňe çöregiň, şol çöregi nähili tizlik bilen agtygyna ýetirmegiň pikirini edýärdi. Onuň göwnüne bolmasa, uruşdan öňki bolçulyk, doly saçaklar ýalam hem düýş ýalydy. Onuň çak edişine görä bu gahatçylyk hiç mahal gutarman, adamlar galan ömri şeýdip, ýarymaç-ýarymýalaňaç geçirmeli ýalydylar. Ol obanyň ilersindäki Akdepäniň deňinden her gezek geçende, şol mähnet gum üýşmeginiň bugdaýa, iň bolmanda zagara ýarar ýaly jöwene öwrülmegini arzuw edýärdi. Arzuwy hasyl bolýan ene il-güne kersen-kersen galla paýlaýardy. Agramy çäksiz depäniň deňinden geçilensoň, ilki bilen gara sygryň ýatagy Alma ejäniň gözüne kaklyşýardy. Soňky günlerde şähere gitmeýän Baýramjyk şol depäniň üstüne çykyp, enesine garaşýardy. Ak eşek bilen ak başbogy görnen badyna çaga elini bulaýardy. Alma eje el bulap, agtygyna jogap bermäge, näme üçindir, utanýardy. Onuň höwesini Wekil uzynyň uzyn elleri amala aşyrýardy…
Şäher bilen obany iki bölege bölüp geçýän egri ýabyň töweregi howply hasap edilýärdi. Tallygyň aňyrsyndan çykagada, ýeke barýan adamy talaýanlaram bar diýýärdiler… Şol gezek dükana mahaly bilen çörek getirilmäni sebäpli, Alma eje bilen Wekil uzyn şäherden gijigip çykdylar. Egri ýaba ýetilende özlerine tarap gelýän adama gözi düşen Alma eje biynjalygam bolmady. Çünki ol adam, birinjiden-ä, aýdylyşy ýaly, tallygyň aňyrsyndan çykmady, ikinjidenem ol ogra-jümrä asla meňzemeýärdi — şol döwürlerde seýrek gabat gelýän gowy geýnüwlidi, üçünjiden bolsa, Alma ejäniň ýanynda Wekil uzyn bardy.
Alma ejäniň çaky çykmady. Ogra düýpden meňzemeýän daýaw adamyň haýbatly hem howply sesini eşiden oglanjyk-ha şol bada doňup galdy. Ýaramaz adamyň haýbatyna gaýtawul bermelem, gara güýjüne garşy durmalam, aýal halyna, Alma ejäniň paýyna düşdi. Emma onuň ýalbarmasam, zarynlamasam betgylygyň ýüregini eretmedi. Gaýtam ol, şäher tarapdan gelýänlerde nähili baýlygyň bolýandygyny bilýän ýaly, başga hiç zadyň adyny tutman, horjundaky çöregi talap etdi. Talaby mahaly bilen ýerine ýetmedik adam elini bir uzadanda çöregiň iki bölegem horjundan çykdy.
— Hanym, ene-atasy ýok agtyjagym şu nana garaşyp, ertirden bäri döläň üstünde garaşyp oturandyr. Şoňa rehimiň insin!
Ýol talamaga çykanyň ýetim çaga rehimi inermi? Gaýtam ol:
— Meňem enem-atam ýok, menem ýetim — diýip, içýakgyç gürrüň etdi.
Agtygynyň ylgap öňünden çykjagy, nebsewürlik bilen çörege agyz urjagy göz öňüne gelende Alma ejäniň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ol bir-ä ogra garady, birem Wekil uzyna. Boýy uzynam bolsa, entek ýaşy boýunça gaty oglan Wekilem elinden hiçzat gelmänsoň gözýaşyny süpürip durdy. Alma eje ýene ogra tarap gazap bilen seretdi.
— Seňen gaty aç bolmagyň ahmal. Şu mahal garny dok adam ýok. Şonuň üçinem, bize rehim et, nanlaň birini al-da, birini goý.
Ogry biçak aç bolara çemeli, edilýän haýyşy eşitmeýän ýaly, çörekleriň bir bölegini goltugyna gysyp durşuna, beýlekisiniň burçundan agyz saldy. Onuň ýiti dişleri çöregiň gyňagyna degenem bolsa, yzasy Alma ejäniň ýüreginde ýaň berdi. Ol dişiň ýürekde dörän awusy enäniň tutuş bedenine ýaýrady. Şol yza hem yzany döredeniň garşysyna gopmaga Alma ejä güýç berdi. Gapdala ýaňy ädim uran ogry enäniň ýere düşensoň ýa-da eşegiň gaňňasynda otyrka öz üstüne towsanymam aňşyryp bilmedi. Ol gapdala ýykyldy, elindäki hem goltugyndaky çörek atylyp, gumak ýoluň ortasyna düşdi. “Al-da, gaç!” diýen sesi eşiden Wekil uzyn çörekleri derrew garbady-da, aýdylanyny etdi. Syryk ýaly inçe uzyn oglanyň yzyndan indi ok bolaýmasaň-a etjek gümanyň ýokdy.
Alma ejäniň gözleri gahara, barmaklary zähere öwrüldi. Ogrynyň myrtar ýüzüne urgudanam beter yzaly gözler garasa, arryk barmaklar bokurdagyny awundyrdy, gulagynda bolsa “Nany beýtmek bolmaz ahyryn!” diýen, näme üçindir, gazaply däl-de, haýyş ediji mylaýym sözler ýaňlandy.
Elbetde, jany bokurdagyna gelen daýaw ogry, özüni dürsänsoň, ýeke aýalyň hötdesinden gelip biljekdi. Emma egri ýabyň aňyrsyndan iki sany atlynyň görünmegi ony gür tallyga kürsäp urmaga mejbur etdi…
Akdepäniň ýanyndan aýlanylan badyna Alma ejäniň ähli ünsi öýüniň gapdalyndaky dölä tarap gönükdi. Gönügen badyna-da onuň ýüregi jigläp gitdi. Döläniň üstünde şemaldan penalanmak üçin goýlan ýaşşik göründi-de, Baýram görünmedi. Ýogsam, hut, öňňunam, ýagdaý bu günküsinden has erbetkä-de, günorta golaýlanda enesini garşylamak üçin döläniň üstüne çykypdy.
Akdepe tarapdan ak eşek bilen ak başbogy görnenden el bulapdy. Bu gezek welin, Wekil uzynyň elleri al-asmanda galgadonsoňam jogap gaýtarylmady. Alma eje kalbyna galyp bolan aýylganç pikirleri kowmak üçin goltugyna gysyp gelýän çöregini ýatlan boldy. Eşekden düşen badyna agtygyna çörek döwüp berjekdigini göz öňüne getirdi, aç çaganyň gara palçyga meňzeş çöregi nebsewürlik bilen iýşiniň kesesinden synlady. Emma ol hyýallaram, göz öňüne getirmelerem enäniň kalbyna teselli bolmady.
— Wekil jan, ýene el bulasana!
Ýene el bulany bilen hereketine jogap almadyk Wekil uzyn, erbet zat barada pikir etmese-de, enäni köşeşdirmek meýli bilen:
— Oýna gyzan çaga bizi ýatdan çykaraýandyr-da — diýen boldy. Emma beýle jogabam Alma ejäni ynjaltmady. Açlyk, garaşmaklyk oýundan, güýmenjeden üstün çykmalydy. Baýramjyk ukudan oýanan badyna düýnki, öňňinki, ondanam ozalky edişi ýaly döläniň üstüne çykyp, Akdepäniň ýoluna seredip oturmalydy.
“Durmuşa näme üçin gowulyk däl-de, erbetlik gerekkä? Alma eje ýaşy durugşaly bäri şol düşnüksiz sowala jogap agtarýardy. Sebäbi ol arzuwynyň hasyl bolşuny barlamak üçin kän-kän synag geçirip gördi. Durmuş onuň bilen edil ekjeşýän ýalydy. Ömri boýy Alma ejäniň howply çaklamalarynyň ählisi diýen ýaly tassyk bolup, ýagşy arzuwlaryň bolsa ýüzden, müňden biri amala aşýady. Ýöne bu gezek welin, ol kalbyna golaýlaşdyrmajak bolup alada edýän erbet çaklamalarynyň tassyklanmajakdygyna halys ýürekden ynanýardy. Çünki ol çaklama tassyklanaýsa, durmuşyň biçak bigaýrat oýun etdigi boljakdy. Ynsany her hili kynçylyklara sezewar edýän durmuş aýny gerek wagty, garaşman, umytsyz duran pursadyň goltugyňdanam göterýär goýberiberýär. Oguldan, gelinden jyda düşen, ýalňyz ýurdeýesine bil baglap, umyt bekläp oturan Alma ejä-de şu mahal goltugyndan gop berilmelileriň biridi. Durmuş diýseň rehimsizem bolsa, ony mundan beter urmaga haksyzdy. Sebäbi durmuşyň keç oýunlary sebäpli aglap, gynanyp, onuň gözýaşy, gynanjy gutaryberipdi.
Bir zady süňňi syzan ýaly eşekden towsup düşen Alma eje diňe iň gymmatlyny — çöregi goltugyna gysyp, dölä tarap ylgady. Döläniň üstünde ýaşşige ýaplanyp Baýramjyk otyrdy. Ol ýanyna gelen enesine däl-de, Alma eje bilen Wekil uzynyň çörek alyp geljek tarapyna seredýärdi. Esli salym mundan ozal ýola garap, ölüp galan çaga ýaşşige ýaplanyp, diri ýaly bolup otyrdy.
Alma eje agtygyna tarap okduryldyda:
— Balam, men saňa nan getirdim ahyryn! — diýdi, şondan başga söz diýmäge ýaramady. Alma ejäniň dili tutuldy.
* * *
Şondan bari kyrk ýyl töweregi wagt geçdi. Şonça mahallabam Alma eje dilsiz gezdi. Ýaş-ýuşlar Alma ejäni dogabitdi laldyr öýtseler, ýaşulylaram onuň lal bolşuny ýa-ha unudupdyrlar, ýa-da ýatlamaýardylaram.
Gojuk obasynda Alma ejeden ýaşy uly adamynyň iň soňkusynyň dünýäden ötenine on bäş ýyl dagy boldy. Şondan bärem Alma eje Gokuk obasynyň iň soňky kempiri bolup galdy. Iň soňky kempiriň soňky kyrk ýylyň içinde gülenini, ýylgyranyny ýa-da aglanyny gören adam ýokdy.
Oňa hiçkim azar bermeýärdi, olam ili azara goýmaýardy. Oňňut bolsa oňup ýören garry yssy-sowugam bardyr öýtmeýärdi. Kalhozyň hasabyna ýylda-ýylaşa jaýynyň üçeginiň, başga kem-käsiniň düzeldilýändigindenem ol bihabar ýalydy. Kiçijik Alma ejäni uly dünýäde hiç zat gyzyklandyrmaýardy. Onuň baş goşýan pişesi ýokdy. Eger-de aýratyn bir ýagdaýy hasaba almasaň, garry ene Günüň dogaryna, Aýyň ýaşaryna-da parhsyz garaýan aňsyz adamdy. Ýöne şol aýratyn hasaplanýan bir ýagdaý welin, ony diňe Gojuk obasyndan däl, megerem, gaty köp ýerleriň adamsyndan tapawutlandyrýardy: Alma eje gaty-guty çörek ýygnaýardy. Obada toý ýa-da başga bir üýşmeleň bolsa, ol ilden öňürti baryp, iliň soňunda gaýdýardy. Galan-gaçan, aýak astynda ýatan çörek bölekleri Alma ejäniň ýaşan ýaşy bilen kybapdaş däl ýiti nazaryndan sypmaýardy. Ol ýygnan çöreklerini öýüne eltip, tamyň ýeňsesinde ozaldan taýynlap goýan sekisiniň üstünde serýärdi, guma gaçan bölekleri-hä ýuwmakdanam ýaltanmaýardy. Ol azap çekip ýygnan çörek böleklerinden hiç hili bähbidem aramaýardy. Alma ejäniň ýygnaýan, serýän çörek bölekleri guş-gumrulara, goňşy-golamyň mal-garasyna şam bolup gidýärdi. Kämahallar-ha onuň öýüniň töweregi guş bazaryna öwrülýärdi. Aç guşlaryň begençden ýaňa towsaklaýyşlaryna, nebsewürlik bilen çörek çokuşlaryna aýnanyň aňyrsynda duran Alma eje üns bilen seredýärdi. Şol pursat onuň gözünde hasrat bardygnam, begenç bardygnam saýgarar ýaly däldi. Garynlaryny göjek ýaly eden guşlar topary bilen uçup gidýärdi. Bir tapgyr guşuň doýany bilen kempiriň ýygnan çöreginiň başy hem bozulmaýardy. Üýşüp ýatan çörek böleklerini synlaýan enäniň nämäni ýatlaýany, nämäni göz öňüne getirýäni düşnüklidi. Alma ejäniň ýeke täk pişesi bolan şol güýmenjesini gojuklylaryň köpüsi akyldan azaşmaklyk ýa-da adamyň bir zada jynynyň düşmek keseli bilen baglaşdyrýardylar. Ýogsam Gojuk obasam-a urşuň derderserini kebzesinde göterip, maýrylan obalaryň biri bolmalydy.
Kalhoza täze bellenen başlyk başga raýondan gelensoň, Gojuk obasynyň adamlary bilen ýekän-ýekänden tanşyp, kimiň-kimdigini öwrenmekçi boldy. Dogry, indi kalhoz işine dahyly ýok Alma ejä gezek gelende onçakly gyzyklanylmaly hem däldi welin, täze başlyk onuň “Iň soňky kempir” lakamyndan başlap, niçiksi ýol bilen lal bolanyny hem bilişdirdi. Täze başlygyň Alma ejäni hut özüniň doktora görkezjek bolýandygynyň habary derrew oba ýaýrady. Ol hem obada her hili hyşy-wyşy, geň galmaklyk, täsinlik döretdi.
Gojuk obasynda köp zatlardan habardar aýallarynyň biri bolan Arzy ýeňňäniň haýsydyr bir akylly-paýhasly adamyň adyna-abraýyna salgylanyp welilik satmagyna görä “Kyrk ýyl lal-jim bolup gezen adamyň gulagy ýa-da dili açylsa, açylan badyna tarka ýüregi ýarylmaly”. Arzy ýeňňäniň ol weliligini goldanam az bolmady. Şonlukda täze başlyk barada erbet pikir edenem tapyldy. Oňa garamazdan, başlyk öz maksadyndan dänmedi. Dogry, onuň tagallasam hiç hili netije bermedi. Bolsa-da başlyk ýigit kempiri tanymal doktorlaryň birine görkezib-ä galdy.
Şeýdip, ol, iň bolmanda, özüni-hä ynjaltdy.
Ömründe eşek bilen düýeden başga ulaga aýagyny atmadyk Alma ejä ahyr soňy ýeňil maşyna-da münmek miýesser etdi. Başlygyň maşyny Alma ejäniň özüni asfalt ýol bilen şähere tarap alyp giden bolsa, hyýalyny welin, nätekiz hem agyr ýolly kyrk ýylyň aňyrsyna äkitdi. Garry kyrk ýyl bäri bu ýoldan geçip görmändi diýen ýalydy. Baýramjyk ölenden soň, Alma eje şähere gatnamasyny bes edipdi. Onuň özünde başga açlyk howpundan gorap saklajagy ýokdy, özüniň bolsa aladasynam etmeýärdi, baryny-ýogunam bilmeýärdi.
Kyrk ýyl bäri ýollar-ýodalaram tanalmaz ýaly üýtgän ekeni. Emma Alma ejäniň gözi bilen seretseň, jahanda üýtgän zat ýokdy. Birmahalky onuň günde gatnaýan şäherem indi tanar ýaly däldi welin, kempiriň pikiriçe hemme zat öňki-öňkülikdi. Pessejik jaýyň öňünde duran adamlaryň uzyn hataram çörek dükana nobata duranlardy. Alma eje ol adamlaryň ýene näçe mahallap nobata durjakdyklaryny bilýärdi. Şeýdip, dura-dura-da aljaklary ýeke bölek çörekdir. Kyrk ýyl bäri gözden gaýyp bolan nobatyň birden peýda bolmagy garryny tolgundyrdy. Ol öňki oturgyçdäki başlygyňy egnine kakdy-da, nobata tarap elini salgady.
— Görýän, garry, görýän! — diýip, baş atan başlyk şofýoryň sakgalsapysyna seretdi. — Şeýdip, wagt baryny ýitirip içer ýörer ýaly şo piwoda näme lezzet barka? Men şoňa düşünmän geçjek-dä. Asyl piwo diýilýän zadyň nobatyny görsem hem gaharym gelýä, hem gülkim.
— Meň-ä piwony halamaýan adamlary görsem gülkim tutýa.
— Her kimiň bir sulhy alýan zady bar-da…
Kempir şofýoryň ýaplanyp oturan arkalygynyň ýeňsesindäki, ol-bi saklamak üçin ýörite tikilen haltajyga siňe-siňe seretdi. Birdenem ol haltadan gyrasyny görkezip duran çöregi çekip aljak boldy. Emma ol näçe synanyşsa-da, haltanyň gyrasyna ilişip duran gaty çörek aldyrmady. Alma eje çöregiň diňe bir gatamak däl, heňläp gidendigine-de göz ýetirdi. Çöregiň beýle derejä getirilmegine haýran galan kempir ýagdaýy düşündirmek niýeti bilen ýene başlygyň egnine elini degirdi.
— Maňa bir zat-ha diýýä bi.
Başlyk yzyna gaňrylanda kempir haltadan sähel saýlanyp duran çörege tarap ümledi. Başlyk baş atdy, ýöne welin, kempiriň dünýäsine girip bilmedi. Ol ýene gara ýüzüň ýaryny tutup duran sakgalsapa seretdi.
— Garrymyz-a ajygaýypdyr öýdýän?
Çörekli meseleden bihabar şofýor köçeden ünsüni bölmän jogap gaýtardy:
— Garrymyz ajygan bolsa, naharhana tarap süräýmeli bolar, başlyk,. Garryny bahanalap, bizem garnymyzy doýrarys. Dogry dälmi?
Başlyk sagadyna seretdi.
— Sürseň süräý! Bolmanda-da doktoryň bellän wagtyna çenli sagat ýarym dagy bar…
Maşyn naharhananyň öňünde saklandy. Alma ejäni iki degenek göterip diýen ýaly ulagdan düşürdi. Her goltugyndan bir ýigit girip diýen ýaly gelýän kempire naharhananyň gapysynda-da hormat bilen ýol berdiler. Ýöne alagalmagala naharhananyň içinde welin, boş oturgyç görünmedi. Birdenem: “Başlyk, bärik gelýiň-u!” diýen ses eşidildi.
Alma ejäniň ýene elinden tutan ýigitler şol tarapa ýöneldiler.
Kempir kürsüde oturansoň, başlyk Arzy ýeňňäniň ýüzüne gaharly seretdi:
— Bir topar ýat adamyň arasynda başlyk diýip zöwledip durmasaň bolmadymy, Arzy ýeňňe? Meňem iliňki ýaly adym bar, familiýam bar. “Başlyk” meň wezipäm. Saňa biz “aşpez” diýip ýüzlenemzoga ahyryn.
Arzy ýeňňe ýaş başlygym petewülisini bermek üçin hyjuwa doldy-da, birdenem saklandy.
— Seň bilen-ä diýişäýmelisi bar welin, arman… Her niçigem bolsa seň ýüregiň gowudyr.
Arzy ýeňňäniň göwnüne degendirip biynjalyk bolan başlyk:
— O name üçin? — diýip ýylgyrdy.
— Şu garryny doktora görkezjek bolmagyňy uly il unady, hanym. Ýüregiň gowy bolmasa beýtmezdiň. Gojugyň iň soňky kempirine kömek etseň, rysgal taparsyň. Kalbyň erbet bolsa, muň ýaly sandan galan garra ünsem bermezdiň. Şoň üçinem sen maňa hyýrsyz seretseňem bagyşlaýan. — Birdenem, öýke-kinesini unudandygyny aňdyran Arzy ýeňňe janlandy. — Ýogsa-da, başlyk, sen Wekil ýegene näme kömek etdiň?
— O näme başlygyň kömegine mätäçmi? — diýip, ýaş ýigit ör-gökden geldi.
— Wiý, obaňda näme bolup geçýäninem bileňokydyň asyl? Wekil uzyn indiki çaşenbede ogul öýerýär ahyryn. Men-ä bir goýun eltäýsemmikäm diýýärin.
— Ogul öýerýän bolsa, oňa ýetesi zat ýok welin… — diýen başlyk gönüsinden geldi. — Wekil uzyn kalhozdan-a kömek sorap ýanyma gelenok. Toýuna goýun eltmäge-de biziň-ä çakymyz ýok.
— O näme üçin? Sen başlyg-a!
— Başlygam bolsam, ýaňy işe başlan başlyk. Içerimizde entek meňki bolsun diýer ýaly düşegmizem ýok…
Üç tigirli, beýik sandykly arabajygyny tigirläp, boşan gap-gaçlary ýygnaşdyrýan aýalyň peýda bolmagy Arzy ýeňňe bilen başlygyň toý hakdaky gürrüňiniň arasyny böldi.
Arzy ýeňňe hoşlaşmazyndan öňürti akja kagyz bilen agzyny süpürdi-de:
— Ine, şäher ýeriniň medeniýeti! — diýdi. — Gör-ä nahar iýensoň agzyňy süpürjek bolsaň akja kagyzam taýyn. Biziň yzagalak obalammyzda beýle medeniýet haçan bolarka?
Şofýor ýigit saklanyp bilmedi:
— Arzy ýeňňe, şol akja kagyzdan medeniýetiň artýan bolsa, şundan çyky-yp çepe aýlansaň, “Medeni harytlar” diýen magazyn bardyr. Şu akja kagyzyň ýüz sanysyny otuz köpüge satylýar. Bir manatlyk alsaň, biziň tutuş Gojuk obamyzy medeniýetden doldurarsyň. Elbetde, şo kagyz bilen medeniýet artýan bolsa.
— Gepi nirä gyşardýanyňy bilýän, Haldurdy jan.
— Düşünseň, şo gaty gowy-da!
Şeýlelik bilen Arzy ýeňňe-de şäherlik iş-aladasy bilen çykyp gitdi. Şonuň yzysüre başlygyňam, şofýoryňam garaşmadyk wakasy boldy. Giň stoluň üstündäki gap-gaçlaryň, gemrilip taşlanan süňk-saňklaryň arasynda ululy-kiçili çörek bölekleri pytraşyp ýatyrdy. Olaryň arasynda dişlenip goýlanam, garyn doýansoň, agyz degirilmedigem bardy. Çörek böleklerinden nazarayny aýryp bilmeýän Alma eje bir gysym göze öwrülilip otyrdy. Ýatan gap-gaçlara seredip oturan kempir bu ýerde Arzydan başgada üç adamyň bardygyna akyl ýetirdi. Heniz görlmedik adamlar kempiriň hyýalyna adam däl, ýigrenç alamaty bolup girdiler.
Arzy ýeňňäniň goýup giden tabagynyň gapdalynda-da, gyrasyndan sähelçe dişlenen bir bölek çörek bardy. Alma eje gazaply nazaryny çykalga tarap gönükdirdi. Emma onuň beýle nazary degmeli adama degmän, belen gapa baryp ýelmeşdi. Çünki Arzy ýeňňe ol gapyny eýýäm aňyrsyndan ýapypdy.
Gap-gaç ýygnaýan aýal garrynyň edil alkymynda saklandy-da, arabajygynyň gapdalyndan asylgy duran bedrä ýapyşdy. Alma eje çörek bölekleri şol bedrä salynjakdyr öýdüp çak etdi. Emma ol bedrä stoluň üstünde ýatan çemçeler girdi. Gap-gaç ýygnaýan aýal şondan soň elindäki kirli suwy syrkyp duran esgini iki gezek aýlanda dişlenibu-dişlenilmän taşlanan nan bölekleriniň hemmesi artyndydan, ýuwundydan dolabara arabajygyň içinde peýda boldy. Iki bölek çöregi hapa-hysyryň içine gaçmanka garbap ýetişen Alma eje, zöwwe ýerinde galdy-da “Hgih!” etdi. (Ol ses kempir biçak gynanan ýa begenen mahaly bokurdagyndan çykaýýan owazdy)
Eger-de şofýor ýigit garry kempir bilen deň-depeleşip turaýmadyk bolsa, gap-gaç ýygnaýan aýal Alma ejeden mazaly paýyny aljakdy.
Bolan wakadan oňly baş çykaryp bilmedik başlyk:
— Bu niçik ýagdaý? — diýip, egnini gysdy. — Gaty ajygandygyn-ha ýolda aňdyrypdy welin…
Indi bu ýerde oturyp, nahar iýip bilmejek Alma eje gapa tarap dyzady.
— Masgara bolmankak gideli başlyk—diýip, şofýor baş atdy. — Bir zada-ha muň gahary geldi.
Gap-gaç ýygnaýan aýal bolsa:
— Köpçüligiň üýşen ýerine barmaga haksyz adamlary öýde saklamak gerek—diýip, şofýor bilen Alma ejäniň yzyndan turup ugran başlyga kinaýasyny aýdyp galdy. Ýöne welin, ol aýal iki bölek çöregi altyn tapan ýaly bolup, bagryna basyp barýan kempiriň özüne gönükdürilen ol sözleri eşitmäninden bihabardy.
* * *
Adamlaryň gözünden sypyp, onda-munda aýak astynda ýatan çörek böleklerini ýygnamak Alma ejäniň indi endigi bolup galypdy. Ol ýagdaý saçaklar çörekden dolansoň galar öýdüldi, emma galmady. Baryp-ha on bäş-ýigrimi ýyl mundan ozal Alma eje derýanyň kenaryndan arkasy bilen şykgy daşap, edil aýnasynyň alkymyndan ini-boýy iki gulaç ýaly seki edipdi. Çoýun kimin mäkäm hem gyzylymtyl şykgynyň ýüzüne tot-tozan siňmeýän ýalydy. Alma eje ýygnan bölek çöreklerini şok sekiniň üstünde serip goýmagy çykardy. Ýel-ýagmyr sekiniň ýüzüni zaýalasa, garry ony ýene täze şykgy bilen ýylmaýardy.
…Bu gezegem ol şäher naharhanasyndan alyp gaýdan iki bölek çöregini şol sekiniň üstünde, ozalky ýatan bölekleriň ýanynda goýup, öýe girdi. Ýeňil maşynly gidip-gelinse-de, bu ýaşdan soň owlaýmaly bedeninde ýadawlyk duýmadyk ýaly, aýnanyň öňünde duran kempir, daşaryk seretmäge başlady. Garrynyň gelýänini görüp, güsürdeşip turan guşlar ýene sekä dolandylar. Olaryň agaja çüý kakýan ýaly bolup çüňklerini aşak uruşlaryny, müň sanysyna iýmit bar halyna nebsewürräk guşlaryň haýsydyr bir bölek çörek üçin bir-biri bilen südüre garry häzir, megerem, telim müňünji gezek synlaýardy. Hemme kişä deňlik, hemme kişä ýeterlik mal üstünde dawalaşmakda guşlaram adama meňzeýärdi. Ýöne adamlardan tapawudy olaryň çüňklerinden ýa-da penjelerinden gaýry ýaraglary ýokdy.
Sekä gelip düşleýän guşlary her günde, iň bolmanda, bir gezek-hä synlaýanlygy üçin Alma eje olaryň köpüsini belläpdem. Ana, hol, çetgi, garnyny doýrup, dähedem-dessemläp gaýşarypjyk ýören böwri ala semiz kepderi öňňilden bäri Alma ejäniň öýüniň töwreginden uzaga gitmeýär. Alna gara tegmilli tokarja torgaýyň geçen ýyl bir sebäp bilen döwlen ýa çykan aýagynyň birnme epmeýändigi henizm bildirýär. Ol torgaý kempire özüni duşman okunmadyk bolsa, gaçmadyk bolsa, Alma eje, megerem, şo mahal oňa em ederdi. Ýöne adamdan diňe adamyň özi çekinmän, guşlaram, haýwanlaram gorkýar-da.
Aýnanyň öňüde gulaçýarym çemeleri tut çybyk söýelgi durdy. Ol çybygyň manysyna bir-ä Alma eje düşünýärdi, birem Arabaçy aganyň gara pişigi. Üç ýyl mundan ozal şol çybyk gara pişigi telim gün ýerinden galmaz ýalam edipdi. Şondan soň-a, ol pişik bu jelegaýlarda gara-da bermeli däldi welin, nebis gursun, nebis!.. Ana, Arabaçy aganyň gara pişigi ogry basyşyny edip, ýene peýda boldy. Gelse gelibersin! Iň soňky kempiriňem saklygy gara pişigiňkiden pes däldir.
Gara pişik gyrasy tutly salmajygyň gyrasynda aýak çekdi. Onuň nämçün beýdýänligi düşnüklidi. Şol salma gara pişigiň aýgytly serhedidi. Pişik şol ýerden ýa-ha yzyna dolanmaly, ýa-da iýmite gümra hem osalrak guşlaryň biriniň üstüne towusmaly.
Gara pişik çöp-çalamyň içinden saýlanan badyna Alma eje ony gördi. Öňki endigine görä, pişik ýapdan geçýänçä garry garaşmaly, ýapdan geçdigem, aýna birden açylmaly. Aýna açylsa-da, kebzesine nämäniň degýändigini, soňunyň näme bilen gutarýandygyny hiç mahal ýadyndan çykarmajak pişik aýnanyň aňyrsynda kempiriň duranyny görse, serhedini bozman, hyrra yzyna aýlanaýmaly. Bu gezegem şeýle boldy. Gara pişik serhedi bozman, aýna seretdi. Onuň düşbi gözleri Alma ejä kaklyşdy. Gara pişik awunmak islemedi.
Gara pişikdenem öwrenmeli zat bar: awunjagyny, ýeňiljegini öňünden bilensoň, ýagdaýa görä hereket edýär. Käbir adamlar welin, ýeňilýänem bolsa, özi sebäpli başgalar heläkçilik çekýänem bolsa, pälinden gaýtmaýar, soňuny pikir etmeýär…
Garynjalar nähili hakyna jür jandar! Ynsaplylyk babatda, tertip-düzgün babatda adamlara garynjadanam öwrenmeli zat kän. Ana, Alma ejäniň sekisine tarap, niredendir bir ýerden iki hatar garynja gelýär. Bir hatarda gara garynja, beýleki hatarda — ýaggarynja. Her hataryň öz gidýän-gelýän ýoly bar, çakyşanoklaram, bir-biregiň ýükünem agdarjak bolanoklar. Ýük almaga barýan güýçli, ýük alyp gelýän ejiziň malynam talajak bolanok. Ýeriň şu giňliginde, dumly-duşdan arkaýyn haýdaşybermeli garynjalar gylyň üsti ýaly inçe ýol bilen ýöreýärler. Ana, şoňa welin, ýyllar boýy synlasa-da, Alma eje akyl ýetirip bilenok. Ýöne sekä tarap barýan garynja hatarlary käte adam hataryna öwrülýär-de, Alma ejäni ýyllaryň aňyrsyna alyp gidýär. Kempiriň eli bilen gurlan seki nan dükanyna, hatar garynjalaram özi aç, yzynda galan bala-çagasy aç adamlara öwrülýärler. Şol garynja meňzeş adamlaryň arasynda Alma eje-de bar.
Obada, döläniň üstünde köne ýaşşige ýaplanyp oturan oglanjygyň gözi enesiniň geljek ýolunda. Şonlukda Alma eje henizem günde bir ýola nobata durýar. Şonlukda Alma eje henizem günde bir gezek agtygy bilen duşuşmagyň arzuwynda… Älhepus, bu açlyk haçan gutararka? Adamlar çörek nobatyna nyzama durmak üçin jahana indilermikä? Betbagt adamlar!..
* * *
Bu gün Wekil uzyn ogul öýerýärdi. Üýşmeleň bolsa, Alma eje-de hökman baraýmalydy. Diňe bir görnüp gaýtmak däl, kempirde tä toý sowulýança garaşmak endigi bardy. Şoňa çenli hem ol oglan-uşagyň dişläp taşlan, iýmän goýan çörek böleklerinden torbasyny doldurýardy. Beýle ýagdaýy ömründe ilkinji gezek görýän myhman-meduwan üşeriläýmese, Gojuk obasynyň adamlary-ha Alma ejäniň torbasynam, bolşunam geň görmeýärdiler, ünsem bermeýärdiler.
Alma eje hiç kime seretmeýän, hiç kime bakmaýan ýalydy. Orta ýaşlaryndaky, gowy geýnüwli, ýöne serhoşlukdan ýaňa zordan aýak üstünde durýan ol adam myhmandy. Gojuk obasynda, megerem, ilkinji gezek görünýärdi. Alma eje-de nätanyşa üns bermese bermezdem welin, myhman gapydan çykanda başga adamlaryň arkaýyn münüp-düşüp ýören sekisine büdräp, tas ýere ýazylypdy. Ol entirekläp-entirekläp, gereginden artyk hereket etdi-de, garşysyndaky tamyň kölegesine zordan özüni atdy. Onuň ýetip, diwara söýenip duran ýeri hem edil Alma ejäniň ýany boldy. Ol tüýkürindi, çaýkandy, ögejek ýaly etdi, düşnüksiz dilde birzatlar diýişdirdi, ýene tüýkürindi.
Alma eje onuň sesini eşitmese-de, tüýkürünişini halamady. Sebäbi, serhoşuň edil gyrasynda duran ýaşşigiň üstünde bir tegelek çörek bardy. Çaky ol çörek iýilmek üçin goýlup, soňam ýatdan çykarylypdy. Alma eje serhoşuň tüýküliginiň şol nana syçramagyndan gorkýardy. Kempir çörege biçak uly hormat goýýanam bolsa, serhoşuň tüýküligi syçrandan soň kürtdürjekdi, guş-gumra bermeli bolaýanda-da, çöregiň ýüzüni telim gezek ýuwmaga ýaltanjak däldi.
Alma eje üsti çörekli ýaşşige tarap ýene bir gezek nazar aýlady. Täze ýaşşik kyrk ýyl mundan ozal döläniň üstünde duran köne ýaşşige öwrüldi. Baýramjyk hem şol ýaşşige ýaplanyp otyrdy. Alma ejäniň gözüne agtygynyň gabaklary ýumuk bolup göründi, garny aç bolup duýuldy. Gözi ýumuk aç çaga çörege tarap elini uzatdy. Emma birdenem…
Birdenem, oglanjygyň eli ýetiberende çörek bir tarapa, ýaşşigem başga tarapa atylyp gitdi. Ýöne, kempire müňkür bolara zat goýmajak ýaly serhoş adam ýaňadandan diwardan aýryldy-da, iki ädimlikde, gumjumak ýerde ýatan tegelek çöregi ýaňadandan depip goýberdi… Soň Alma eje özüni duýmady, nämäniň näme bolýanynam bilmedi. Ol serhoşuň üstüne bökdi. Serhoş ýere ýazyldy. Kempir onuň garnyna mündi.
Ylgap gelen tultuk aýal kempiriň hortaň barmaklaryny serhoşuň bokurdagyndan aýryp bilmän:
— Haý ýetiň, myhmany bogup öldür-duw! — diýip, çirkin gygyrdy. — Myhmany halas ediň-uw!
Hemmeden öňürdip, ylgap gelen Wekil uzyn, ölümiň öň ýanynda gözlerini petredip ýatan myhmanynyň ýagdaýyna geň galmady-da, eşidýän sözlerine haýran galdy. Ol gujaklagada, kempiriň myhmanyň üstünden aýranyndan soňam Alma ejäniň “Nany beýtmek bolmaz ahyryn!” diýen sözlerini eşidenine ynanmaýan aýaly
— Sen näme diýdiň-ä, Alma eje? — diýdi.
— Nany beýtmek bolmaz-a Wekiljan!
— Ýene bir gezek gaýtala, Alma eje… Ýene ýekeje gezek…
— Nany beýtmek günä bolar ahyryn…
— Haý, adamlar, Alma eje dil açdy! Alma eje dil açdy! Gözüňiz aýdyň, adamlar! Wekil ýegen bu geň habary gojuklylara ýetirjek bolup hakyky gygyrýanynam, hyýalynda şeýdýäninem birbada saýgaryp bilmedi. Gojuk obasynyň iň soňky kempiri bolsa, guma garylan çöregi kakyşdyryp, goltugyna saldy-da, hiç zat bolmadyk ýaly, öýüne tarap ugrady. Ol ýolboýy hem “Nany beýtmek bolmaz ahyryn!” diýip, hüňürdäp gitdi. Ýöne ol özüniň dil açanyndan bihabar ýalydy, ähli ünsi torbasyndaky hem goltugyndaky çörekdedi.
Atajan TAGAN.
Hekaýalar