IÑ SOÑKY ÝALAN SÖZ
- Ýalan sözläýmegin! - diýip, onuň kakasy mal ýatakda duran sygyryny oglunyň öňüne salyp durşuna igençli aýtdy. - Akyllyja bolgun. Eger sygryňa seretmejek bolsalar, ýa başga bir gep-gürrüň bolsa, onda sygryňy yzyna al-da gaýdyber.
Oraş sesini çykarmady-da sygryny öňüne salyp, elindäki uzyn ýylgyn çybyk bilen ony birki sapar saýgylady.
- Haýt, maly beýdip, horlam-a! - diýip, oglunyň sygryna çybyk çalmasyny halamadyk ejesi çalarak käýýedi. - Mala azar berseň, günä bolar - diýip, ogluna içi çörekli düwünçegi uzatdy.
Oraş daşyna çykarmasa-da, içinden "Barsaňyzla-aý - diýip, diýşlerini gysdy - Özüm bilerin näme etmelidigini, bolduňyz meniň başyma akyldar." - diýip, ýeňsesini tüňňerdip, ejesiniň uzadan düwünçegini yzyna itdi-de, sygrynyň yzyndan ylgady.
Bu obada Oraşgeldiniň ýörgünli ady "Oraş ýalançydy". Oraşyň özem ýalançylygyndan halys bizar bolupdy. Ol şonda: “Indi, öläýsemen ýalan sözlemen. Ýalan sözlesem, meni çörek kessin!“ diýip, öz-özüne söz berýärdi. Ýöne, nämedendigini bilmän, şol günüň özünde ol on sapar ýalan sözledi. Özüniňem dili şeýle bir zatlar diýýärdi welin, Oraşyň özem oňa haýranlar galýardy. Geň galmaly ýeri, ony çöregem kesenokdy, beýlekem. Ol bu häsiýetini goýaýyn diýdigi saýyn, il içinde beter masgara bolýardy.
Ol häzirem sygyryny daga bakan kowup barşyna, il-günüň özün dakan adyny, kakasynyň akyl satmasyny ýadyna salyp, ýaňaklary gyzaryp gidýärdi. Ol çybyk götermeden derläp giden aýasy bilen ýaňaklaryny gaýta-gaýta süpürdi-de:“Indi, öläýsemem ýalan sözlemen!“ diýip, berk aýtdy.
Oraşyň bu sözüni eşiden ýaly, ýaňy süýtden çykan sygyr dag ýodasynyň kirşenlije aýtymy bilen göwünjeň ýöräp başlady. Bu sygyr indi süýdem bolmansaň, obada maşgala ýükdi.Iller sagymdan çykan sygryny „Ýeke çynar“ diýen ýere äkidip, sähraýy meýdana kowup gaýdýardylar. Ýoz mallar aýlap-ýyllap diýen ýaly şol ýerlerde otlap-suwlap, ýatyp-turup, topar bolup gezip ýördi. Ýöne“Ýeke çynarda“ daýhan hojalygynyň eken üzümi, gok, bakja, ýorunja ekini bardy. Suwa eňen mallar bakja, baga girip, ony zaýalaýardylar. Şol ekiniň garawullary bolsa bu mallaryň eýeleri bilen ur-da bas bolşup, gepe-gürrüňe galyşyp ýördüler. Ylaýta-da garawulyň aýaly Orazbibi daýza şu ýerlere malyny kowýan adamlaryň öýüne, oba ýörite gelip, olar bilen gyrlyşyp gidýärdi.
Orazbibi daýzanyň haýbatyndan, gykylygyndan zähresi ýarylara gelen oba oglanlary daga äkiden mallarynam yzlaryna alyp gaýdýardylar. Obada bolsa, ol-a gara mal eken, iki aýakly adamyň özüniň hem gymyldara ýeri ýokdy. Oba mellek , gowaça, bugdaý bilen doldurylypdy.
- Öläýsinler! Ýalan-a sözlejek däl!Gaty gitse, sygyrlaryny yzyna alyp gaýdaryn.Bu janawar süýt berýärkä-hä idetdiňiz,indem, süýt berenok diýip, baryň gassaba tabşyraýyň...
Oraş hyýalynda kaksyna, ejesine igendi.
- Ýanan sözläýmegin - diýen bolup... Özler-ä, şol ýere mal eltmeli däldigini gaty gowy bilýärler. Orazbibi daýza siziň hak töläp, malyňyzy bakmagy boýnuna alan çopanyňyzmy? Ýok! Onuň bilen malyňyz barada öň gepleş- diňizmi? Ýok! Onda, näme üçin siz meni sygryňyzy öňümime salyp, şonuň
üstüne iberýäňiz!
- Onda näme üçin siz maňa ýalan sözläýmegin - diýen bolýarsyňyz! Hä, aýdyň!
Oraş birinji sapar bütin obany gagşadan ýalany oýlap tapypdy.
Bu şeýle bolupdy. Obada ýaşaýan Anna - ot brigadiriniň indi dokuz guzy bardy. Aýaly ogla garaşýardy. Olar Oraşlaryň duldegşir goňşusydy. Çaganyň bolmaly wagty golaýlanda obanyň garryja aýallaty Anna ot brigadirlere ygam-sagam gelip başlapdylar. Oraşam olaryň öýleriniň ýanynda köw-söw edip ýördi. Çaganyň dünýä inmeli wagty gelýän garry aýal:
- Oraş jan, Annalaň ogul babegi bolarmy, gyz bäbegi“ - diýip, sorady. Ýaş oglanyň aýdan habary dogry gelermiş diýip, il arasynda bolgusyz bir yrym bardy.Oraş ony bilmese-de:
- Ogul bäbegi! - diýip goýberdi.
- Ana, bildiň. Dilleriňe döneýin. Ogul bäbegi bolar. Eýýäm bolan bolsa-da bildiňmi-- diýip, ol garry aýal öz ugruna samraý-samraý gitdi. Oraşam şondan soň çapdy küren oba tarap.
- Buşluk ho-ow, adamlar! Anna ot birgadyň otçy bäbegi boldy-how!
Oňa buşluk haky diýip, pul beren haýsy,süýji-köke beren haýsy. Ol şeýdip özleriniň obasyndan bir welosipetlik pul ýygnap, agşam öýlerione gelse, Anna brigadiriň onunjy gyzy jägildäp, düný inse näme.
Bir gün mekdebe nemis dili mugallymynyň ýogalandygy bardaky agyr habar ýaýrady. Oba ýaňy ýas tutjak bolup durka, nemis dili mugallymynyň özi tigirini idip, mekdebe geläýdi. Oba adamlarynyň gaty gahary geldi. Bu habary kimiň tapandygyny, kimden eşidendiklerini yzarlap ugranlarynda, habaryň Oraşdan çykandygy aýan boldy.
Oraşyň kakasynyň ýüz ýigirmi goýny böldürdi habary, Gözel daýzanyň türmede oturan oglunyň şu gün boşap gelendigi bardaky,Anna agalaryň gelýän ýekşenbede ogluny öýerip, toý etjek bolýandygy baradaky ýalan habary hem ýýradan Oraşdy.
- Indi, öläýsemem ýalan sözlejek däl! - diýip, ol gyssaberselerem ant içip, awy ýalaýardy.Ýöne, onuň ýalan habarlary çyna berimsizdi. Ol şeýle bir ýalan sözlärdi welin, onuň sözünden adamlaryň göwni galkyp, ruhy gül açýardy.
Ejesi bir gün Oraşy aşakky oba Akgül daýzalaryndan sary ýüpek sapagyny alyp gelmek üçin gyssagly iberdi.
- Oraş jan, oglum, tikip oturan keşdäme azajyk sary ýüpek sapak ýetenok. Bar, balam, Akgül daýzaňlara bardajyk, alyp gel. Ýöne, oglum, gidişiň bilen gelşiň deň bolsün. Eglenme, menem sen gelýänçäň, saňa süýjüje gutap bişirip goýaýyn, bormy, oglum!
Oraş göwünjeň razy boldy. Bardam. Akgül gelnejesinden sary ýüpek sapagam aldy. Yzyna-da gaýtdy.Emma,soň suwly köl baryny bulaşdyrdy.
Ol tomusyň güni aşakky obanyň oglanlarynyň suwa düşüp ýörenini gördi.Ilk-ä, olara seredip, soň gaýtmakçydy. Emma, özi bilmezden eşiklerini çykaryp suwa girenini duýman galdy. Soň, oglanlar bilen bile üzüm ogurlamaga gitdi. Ol ýerdenem garawuldan gaçyp, başga bir köle bardylar, Ýene üzüm ogurladylar. Şeýdip, ol nädip günüň ýaşandygynam bilmän galdy. Ylgabam öýlerine geldi. Baryp günortan gelmeli oglunyň garaňka galyşyna näme diýjegini bilmän gargynyp oturan ejesiniň bolşuny bir görsediňiz. Emma Oraşyň azaryna-da däl-di.
- Aý, dogmanlar geçen, men saňa gidişiň bilen gelşiň deň bolsun diýmedimmi. Sen bu wagta çenli nirelerde entediň. “Muňa bir zat bolmasa ýagşydyr“ diýip, meniň gara janym galmady!
Oraş nägile boldy.
- Eje, men günäkär däl. Seniň Meňli diýip bir garyndaşyň bar eken. Baryna şol günäkär.
Sona daýza geň gldy.
- Kim ol Meňli!
Oraş düşündirip başlady.
- Men ony tanamok. Şol obada ýoluň gyrasyndaky tamdyrda birki sany aýal çörek bişirip otyr. Menem olaryň ýanyna ýetenimde, "Salowmaleýkim!“ –diýip, olara salam berdim. Ol aýallar hem: “Wah, salam diýen diliňe döneýin, gowja çaga ekeniň, sen kimiň balasysyň – diýip başladylar. Menem: “Ýokarky obadan Sonanyň oglydyryn „ diýäýmenmi. Bular ylgaşyp gelip, meniň elimden ogşaşyp, soň gujaklap.
- Ýör, balajyk, sen Sonanyň ogly bolsaň, öýe äkitmän, çaý-nahar bermän goýberip bilmen“ diýişip, günüme goýman, meni how, olar çekeleşdirip, süýräp diýen ýaly how öýlerine alyp gitdiler. Barybam her dürli naharlar bişirip, öňümde goýdular.
- Sona jan doganjygym nähili? Pylan wagt boýdaş bolup, dogan ýaljak bolup, bileje işläpdik. Günde-günaşa düýşüme girýär. Tüweleme, nähili gowja ogly bar eken. Ýaşyň uzyn bolsun! - diýip, bir hoşamaýlaýar, gözüme ýaş dolup gitdi, eje jan.
Onsoň “Men gaýdaýyn, Meňli daýza, ejen meni Akgül daýzamlara sary ýüpek sapak getir. Özüňe gaty çalt gidip, çalt gel“ diýdi. Ol meniň munça eglenenimi bilse, meni öýe goýmaz“ diýsemem, "Wah, Sona janym seni günde görüp ýörendir. Eziz boýdaşymyň keýik owlajygy ýaljak balasyny bizem görmel-ä - diýip, gaýta ýene öňümde nahar goýýar.
Oraş ejesiniň gepine ynanyp, birneme ýumşaşanyny görüp, başga ýerden tutdy.
- Eje men-ä şol Meňli daýzany kän halamadym!
- Näme üçin“
- Ol bir-ä, maňa ýöne keýik owlajygy ýaly diýip otyr. Onsaňam, seni bir öwýär. Ýanyňda ejeňi öwselerem gowy däl-ä. Onsoňam, ýöne öňümde nahar goýup otyr. Şunça „iýjek däl, doýdum“ diýsemem. Men seniň maňa gutap bişirip goýjagyňy bilip, olardan iýmän, şunça öýe gaýtjagam bolýan welin, şonda-da goýberenog-a.
Sona daýza oglunuň gija galyp gelenini unutdy.
- Ol meni nähili görerdi. Şonuň üçindir, onuň bu gadyr-gymmaty.Oňarypsyň, oglum. - diýip, oglundan razy boldy.
Oraşy ejesi bilen Meňli daýzanyň arasyndaky mähribanlygy ýalan hem däldi. Käte, Sona daýzanyň özi ol barada ogluna gürrüň bererdi. Oraş, ine, şol geplerden uç alyp ýalanyny gurnaýredy.
Ol öz ýatlamalaryna gyzygyp: "Ýeke çynar" diýen ýere nädip ýeteninem duýman galdy.Gün dik depä çykyp gidipdi.Ol salkyn jülgä düşenden, burnuna suwuň, salkyn öleňiň şypaly ysy urup gitdi. Oraş töweregine garady. Onuň gözleriniň ilki ileni, Orazbibi daýza boldy. Ol aýal depäniň üstüne çykyp, elinem bykynyna urup, bu oglanyň ýakynragyna gelerine garaşyp duran ýalydy.
Oraş bu aýalyň sesýetimine bardy.
- Aý-u-u-uw! Nirä? Nirä getirýäň, ol haram ölmüşiňi! Gaýt diýilýär, gaýt yzyňa. Kermiň, dur, gaýt. Geçme, bäri!..
Oraşyň bu yssydn, uzak ýoldan ýaňa sütüni süýnen, halsyz bedeninde atgarynja ýörän ýaly boldy. Ol sesini çykarmady-da, göni Orazbibi daşzanyň ýanyna bakan ýördi.
--Aý, ýaşy kesilen, gulagyň gapykmy?Saňa diýýän,nirä gelýäň! - Ol geçen ýyl kesilen gury tuduň degerli çybygyny zarp bilen soguryp aldy-da, öňe okduryljak ýaly etdi. - Dur, gelme, ýaşyňy keserin. Bu ýerde ataň goýan sygyr çopany barmy, hä? Seniň haram ölmüş malyň depgiläp, zaýalasyn diýip, ataň ekip goýan ekini, maly barmy, hä? Gaýt diýdim, men saňa...
Oraş bu aýala has golaýlaşdy.
- Salowmaleýkim, Orazbibi daýza!
Orazbibi daýzanyň gykylygy tapba kesildi.
- Näme diýýäň, gaýta, meýdi ýananyň çagasy?!
Oraş onuň ýüzüne garady. Ýaşy bir çene baran gap-gara ýüzli aýalyň gazapdan ýaňa çygjaran lopbuş ýüzündeäki asman reňkli gözleriniň her biri käsäniň agzy ýalydy.Ol gözler ýaş oglany ýuwdarly görünýärdi.
- Salowmaleýkim, Orazbibi daýza!
Oraznini daýza ýene-de möwjäp başlady.
- Salamyňam bilmen, beýlekiňem, ýok bol şu ýerden, yzyňy ýel bozmanka. Özüňem güm bol, malyňam güm et şu ýerden... Men halys bizar boldum, siziň haram ölmüş malyňyzdan...
Oraş Orazbibi daýzanyň aýagynyň ýanyna çökdi.
- Häzir, daýza jan, men sygyrymy yzyna alyp gitjek. Ýöne azajyk dynjyma alaýyn. Bu jöwzada gaty ýadadym. Suwsap, agzym kepäp gitdi. Dynjymy alman, bir owurt suw içmän gitsem, men ýolda hökman ölerin. Şu ýere zordan ýetdim, daýza jan! Ýagdaýym juda erbet!..
"Indi men nätmeli? - diýip, Oraş öz göwnüne sala saldy. - Ýa ýene, iň soňky ýalan sözümi aýdaýsammyka? Ýa sygyry yzyna alyp gitmlimi, Alyp gitsemem, ýene meniň janymyň derdidir, bu haram ölmüş.-- Onuň göwni: —"Ýöne, iň soňky ýalan söz bolsun. Soň, ölseňem ýalan sözlemeli dälsiň!—diýip, maslahat berdi“.
- Ejem size köp salam aýtdy. Men Sapar awçynyň ogly, Oraş - diýdi.
Orazbibi daýza sähel sägindi-de, ýene sorady:
- Kimiň? Kimiň?!
- Ejem size köp salam aýtdy. Ojagaz-bujagaz äkit diýip, size sowgatjygam düwüşdirdi.Şol wagt sygyrymyza bökelek degip, bizi heläk etdi. Şol başagaýlykda baryny ýadymdan çykaryp gaýdypdyryn. Men ony hökman getirerin, sizi men gören badyma gowy gördüm. Men ýene hökman gelerin... Men Soltanbibiniň ogly.
Oraş bu aýalyň diň salýanyny görüp, ýene-de gepläp başlady.
- Men kakama gitjek däl. Näme, Orazbbi gelnejem siziň sygyr çopanyňyzmy? - diýdim. Ol pahyra iliň malynyň azar bereni azmy? –diýdim.—Biz bir ony azara goýmaly däl-ä--diýdim. Emma dädem erbet adam. Özi kösenip görmänsoň, il kösendi, kösenmedi, azaryna däl. Ýogsa men eşidip ýörün-ä, gulagym ker däl-ä, iliň malynyň size azar berýänini. Her kim size malyny taşlap gidýär-ä. Ine, duruň, kakamyň şol edişine görä, sygyryny yzyna alyp barard-da gapysyndaky gazygynda daňaryn. Onsoň, özem bir bu sygyryň azaryny çekip görsün, onsoň biler, siziň nähili kösenýändigiňizi!
Onsoňam, bäri gaýtmagyma ejemem sebäp boldy. Ol:
- Orazbibini gogöresim gelýär. Ol hakda gowy düýş gördüm. Baryp, özüň elin aýt - diýip otyr.
Orazbibi daýzanyň gyňyr gykylygy gowşady.
- O nämäniň düýşümişin?
- Düýşümde Orazbibi jan bir gowy ak ata münüp, beýik dagyň üstüne çykdy.Nesip bolsa, Orazbibi janyň alnynda bir gowy gün-ä bar - diýdi.
Oraşyň ýüzi lap-lap gyzdy-da, soň gyzardy.“Indi galan ömrümde, öläýsemem ýalan sözlemerin“.
- Sen Soltanbibiniň ogly diýsen-e. - Ol sygra garady. - Goý, otlabersin. Ýöri, öýe baraly.
Oraş özi üçin ýazylan düşege geçdi.
Orazbibi daýza iki çäýnegi demläp çaý, bir jam üzüm, bir tegelek çörek bilen käse alyp geldi.
--Gel, bileje çaý içeli.
Oraş Orazbibi daýzanyň beýle basym ýumşaýşyna haýran galdy. „Häk, astynda bir çöpi bar bolmasa..." - diýip oýlandy.
- Ejeň diýdimi: “- Göresim gelýär" - diýip.
Oraş özüne geldi.
--Hawa, ilki ejemiň özi gaýtjagam bir boldy. Ýöne kakam gaty ýarawsyz. Ýogsa, men gelmän ejem gaýtmalydy.
Sygyr ýorunjalyga geçdi. Oraş utanyp, ýerinden syçyrap turup , baryp, sygyryny öleňlige kowup geldi.
- Ejeň diýer, göresim gelýär - diýip.Ol ikimiz dogandan ileridig-ä. Özem, gör, men hakda gowy düýş görüşini.
Gün günorta boldy. Üzüm bilen çaý onyň gözüni ýerine getiren ýaly boldy. Ol ýerinden turdy. - Ol Orazbibä garady:
- Daýza, men näme edeýin. Alyp git diýseň, sygyry alyp gitjek. Goý, özüm göz-gulak bolaryn - diýseňem, Meniň gaýdar wagtym boldy.
Orazbibi daýza ýerinden turdy-da, eýwanda duran sebedi eline aldy.
--Sen, howlukma. Müjükler dag doňuzyny awlapdyrlar. Olar şony getirmäge häli daga geçdiler. Olaryň, indi ýzlaryna dolanara wagt boldy. Olar basym şu ýere gelerler. Şolaryň maşynynda gaýdarsyň.
Gün öýlä agdy. Oraşyň sygry öleňde kölgede, ýaýnap ýatyrdy. Orazbibi daýza howzuň başynda nämädir, bir zatlara gümra bolup ýördi.
Dag tarapdan gelen ýük maşyny işikde saklandy. Ondan düşen ýigitler howlukman suw içdiler, soň maşynlaryna suw guýdular.
--Şu balançugy oba äkidiň - diýip, Orazbibi daýza müjik ýigitlerine gepini düşbndirdi - de,Oraşyň eline saçaga düwülen ep-esli zady tutdurdy.—Münüber maşyna. Ejeňe salam aýt. Gaty göresim gelýär. Özümem, nesip bolsa, basym görmäge bararyn... "Sygyryňdan arkaýyn bol, özüm göz-gulak bolar duraryn" diýdi diý ejeňe.
Oraş gün batmanka öýlerine geldi.Onuň gujagyndaky ullakan düwünçegi görüp, Oraşyň ejesi geň galdy.
- Bu näme, oglum.
- Bilemok, aç-da göräý...
Ejesi onuň ýüzüne garady. Ýene ýalan sözlediňmi? - diýip, kakasy gyňyr nazar bilen ogluna garady.
- Iň soňky ýalan, kaka, iň soňky ýalan. Duz çapsyn, indi galan ömrümde, hiç haçan ýalan sözlemerin - diýip, ol näme üçin ýalan sözlänini iki sözde oňa düşündirdi-de, ýüzüni sallap oturdy.
Soň ol saçagy açdy-da, tutuş bir gazy, ep-esli üzümi, iki sany tamdyr çöregini görüp begendi.
- Orazbib-ä muny oňaraýypdyr - diýdi-de oglunuň ýüzüne ýylgyryp bakdy:
- Onyň gowy ýalan-a oglu-um!—diýdi.
26-njy sentýabr 1999 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar