08:18 Janserek -12: romanyñ dowamy | |
ON IKINJI BAP
Romanlar
Şol gün, garaňky düşüp, aýak ýygnanan mahaly, Gaýratyň uýasy Maraly alyp gaçdylar. Rahman gelende Gaýratlaryň gara öýüniň öňi adamdan doly ekeni. Ol hiç kimden hiç zat soramady, bir çetde durup, märekä gulak asdy. Bu masgaralyk on dördüni dolduryp, on bäşine giden Maral gyz ýatakdaky goýunlara ot dökmäge çykanda bolupdyr. Indiki çaklamalara görä: gelen adamlar amatly pursaty peýläp, ýatagyň gapdalynda duran bolmaly. Olaryň oba beletdiklerine hiç kim şübhe etmedi. Dogrudanam, ýatakdaky iki goýnuň otuna-suwuna köplenç Maral seredýärdi. Mamur eje-de giç duýupdyr. It zynjyryna towsup ugranda öýden çykypdyr. At toýnaklarynyň güpürdisini eşidip, bir betbagtlygyň bolandygyny aňypdyr. Gaýratlaryň öýi obanyň çetinde bolany sebäpli, gyz alyp gaçanlary “gördüm” diýen bolmady, at toýnaklarynyň sesine görä, olaryň iki adamdygyny tassykladylar. “Mamur eje gös-göni Agahandan görýärmiş” diýdiler. Bu pikiri Rahman tassyklamady. “Obanyň ygtyýary tutuşlygy bilen Agahanyň eline geçjek bolup durka, ol beýle masgaralyga ýüz urmaz” diýdi. Emma häzir bu duran adamlar Rahmana ynanmazlar, gaýta, onuň sözlerini Agahanyň mekirligi hökmünde kabul ederler. Islendik günäni ýöňkemek üçin olara Agahandan amatly adam ýokdy. Ol obadan ahmyr bilen çykyp giden adamdy, ony oba duşman hasap edýärdiler. Eger häzir günäni biriniň üstüne ýüklemeseň, adamlaryň pytrap gitmekleri ähtimaldy. Günäkäriň aýdyňlygy märekäni saklaýardy, ony tijenmäge mejbur edýärdi. Adamlar üçin bu masgaraçylyk diňe Gaýratyň namysyna degmek däldi, obanyň namysyna degmekdi. Bu ýagdaýda olary köşeşdirmek başartmaz. Bu ölümdenem has çökder zatdy. Ölüm neneňsi agyr bolsa-da, öleniň hatyrasyna söz aýtmak endik bolup galypdyr. Ölümiň özi endikdi. Emma häzirki ýagdaý namys bilen baglydy. Namysa gezek gelende köşeşdiriji söz aýtmaga adamlar endik etmändirler. Ölüm bilen adamy masgaralap bolmaýardy. Ölüm güýçli tarapyňam, ejiz tarapyňam ýitgisini kesgitleýän takyk ölçegdi. Iki tarapam ölümiň ähtimaldygyna boýundylar. Häzirki ýagdaý ölümden pesdi. Şonuň üçinem oňa “masgaralyk” diýýärdiler. Rahman edil gapdalynda duranlar bolaýmasa, märekedäkileriň köpüsini aňşyrmady. Käbirini sesinden tanady. ─ Hä’k, aýagyň aşagynda Göroglyň Gyraty bolsady!.. Ýaňky galtamanlaryň yzyndan ýetäkgetdänim, kerçgäp-kerçgäp, ite zyňaýmaly edip gaýtda weli... Bu ahmyr edýän Pürliniň kakasy Gandymdy. Ol märekeden çeträkde, donuny düşek edinip, ýeke özi hüňürdäp otyrdy. ─ Adamlar, görýäs weli, bi Nobat ussaň ogly Köseden bize pena bolan ýok. ─ Pena bolmajagyny şu mahal bildiňmi? ─ Bolýa-la, Oraz, ýaşuly adam gürlände gulak asylaýdygam bardyr. ─ Bolduň meň başyma ýaşuly sylaýan! Gulak asar ýaly zat aýdylýan bolsa, biz bir mahal Gaýraty boşatmaly! Gulak asar ýaly zat aýdylýan bolsa, Ýazja neresse ölermidi?! Muhammet aga, sen halys giň ýeriň gürrüňini etmäge öwrenipsiň. Torlyň owsaryndan çekýänem sen, ýaşuly. ─ Sen, haw, inim... adyňam huşumdan gitdi... ─ Oraz! Ata Ýalagyň ogly Oraz. ─ Ata Ýalagyň ogly bolsaň, inim, aýdylan sözi ahyryna çenli diňlemän, bir zat diýiberme. ─ Diňlenen ýaly, ýaşuly. Şu mahala çenli sen dälmi: “Köse köpbilmiş adamdyr, gulak asarlar” diýip gelen? Haçana çenli gulak asaly? Her bir erbetlige sabyrly bolup, munça betbagtçylyga çydap bolmaz-a. Eşegem çydanok, dyngysyz gerşine dürtüberseň, ahyry bir ýerde pylçap urýar. Eger-de, ýaşuly, sabyrlylyk edep-ekram bolsa, walla, men-ä biedep boljak! Mamur eje oňardy! Kösäň ýüzüne öňräk tüýkürmelidi. Hany, indi ýüzüni arassalasyn, göreli. O nejisiň gelip, bizi köşeşdirjek bolýan mahalyny diýsene! Ýaşuly, seň gara gaýgyň ─ ogluň. Torlyny zorlap şähere äkidýän ýok, özi gidermen. ─ Sen-ä, inim, meň başymdan musallat bolup indiň. ─ Indi beri bulary ýoldan saklamalyň, Muhammet. ─ Medet, maňa sen bir igenme-le. Men-ä: “Indi öz başymyzy özümiz çaralyň” diýjek bolýan. Ýöne, hälki, şähere baranlary bilenem, barjak gapylaryny tapman ýörseler, gijäň içinde... ─ Taparys, oň gaýgysyny etmäň. Parahat! Bar, görsene, walla, Torly ýatymlyga gidene döndi. Äl aýt, araba goşmak üçinem bulara bir gün wagt gerek. Setdar, Pürli, taýýarmy siz? ─ Biz taýyn-la, ýöne bi galmagalyň näme-aýt? ─ Setdar jan, galmagaly indi görersiň. Ýaňy men aýtdym-a: indiden beýläk biedep boljak, walla!.. Mamur ejä aýdyň, daş çykybersin. Oraza golaý, inçe ses adam gep atdy, Rahman onuň kimdigini tanamady. ─ Beýdip diýýän-ä, Mamur eje görgülini süýräp ýörenden diýýän-ä, Paltagaçanda Agahanyň çagalary bar diýýär. Duýdansyz, ýaňky özi, güp-basdy edip diýýän-ä, öz edişindenem beterräk... hä-ä!!! Oraz onuň gutararyna garaşmady. ─ Halmyrat, sende tüpeň barmy? ─ diýdi. ─ Tüpeň-ä ýok, Oraz jan, ýöne diýýän-ä, köne gylyj-a bolmaly. ─ Onda sen şo köneje gylyjyňy al, jotda eşegiň bardyr, onam mün. Sürüber, iki günden Paltagaçana ýetersiň. Bar, gidiber, maslygyňy alyp gaýtmak biz bilen. ─ Beh, beh! Oraz azgyryldy: ─ Nämäň nämedigini bilip durkaň, samsyk gürrüň edýäň. Onsuzam öwlüýäde ýatan adam az däl. Medet aga ýene ara düşdi: ─ Adamlar, beýtmäliň, hökümete ýüz tutulmasa, bolmajagyny bilip durus, ýeri, onsoň, şu mahal artykmaç gep-gürrüň gerekmi beri? Märeke dymyp, ulag gelerine garaşdy. Asman taýagatym ýol geçip, göwresini ýere berdi. Ysgyny gaçdy, essi aýyldy. Endam-janyndan buz ýaly der akdy. Birdenem ýaz gijesiniň salkyn howasy ýetişip, gagşap ugrady. Asman aglady, alaçsyzlygyna aglady. Mamur ejeleriň gapysyna ýygnanan märekäniň galmagaly eşidilip durdy, ýöne Asman oňa ýetip bilenok. Sähel gymyldasa, ýiti agyry pyçak kimin içini dilim-dilim gyýyp barýardy. Mamur ejelere barany bilen nähili hemaýatynyň ýetjegini bilmese-de, märekäň arasynda bolanyny gowy gördi, ynsabynyň öňünde arkaýyn boljakdy. Ol häzir Rahmanyň obadalygyna şükür etdi. Olaryň başyna inen agyr günden oba habarlydy, şonuň üçinem hiç kim bu masgaralyga “Rahmanyň dahyly bar” diýmez. Görsene, çagasynyň ölümi Rahmany aýylganç töhmetden dyndarmaly! Eý Hudaý, bu töhmet belasy haçan olaryň depesinden aýrylarka?!. Rahman bütin günüň dowamynda Asmanyň gözüne görnüp bilmedi. Eger ol edeniniň telekdigine düşünip, ökünç ony aldym-berdime salýan bolsa, gapdalyndan garap, onuň özüni horlaýşyna tomaşa etmek Asmanyň oňarjak zady däldi. Bu aýylganç zatdy. Çaganyň ölümini öz maksadyňa tabyn etmekdi. Muny diňe ganhor edip biler!.. Uzakly gün ýene bir pikir Asmanyň serinden çykmady. Ilki Asman bu pikire ýowuz hakykat hökmünde düşündi. Çaganyň aýrylmagy Rahman bilen aradaky baglanyşygy ýok etmelidi. Indi Rahman arkaýynlaşar, ýogsa, bu çaka çenli ol Asmany taşlap gitmäge dözse-de, onuň göwresindäki ogluny taşlamaga dözen däldir. Häzir ony hiç kim saklanok, islän mahaly islän ýerine gidip biler... Bu pikire uýmak Rahmany agyr jenaýatda aýyplamakdy. Bu pikire ynanmak üçin öňi bilen öňki ýaşalan durmuşyň her pursatyndan hile gözlemelidi, geljegi ýok etmelidi. Asman muny başarmady. Gowgaly günde adam özüne has beter raýdaşlyk, goldaw küýseýär, ygtybarly hossar gözleýär. Asman Rahmanyň hossar tapynmagyna hiç mahal garşy bolmandy, emma onuň Agahana gol ýaparyna garaşmandy. Adamlar, adatça, dürli synagdan geçip, kem-kemden birek-biregiň ynamyna girýän bolsalar, Rahman üçin şol ynam diňe garyndaşlyga syrygdy. “Garyndaş garyndaşy goldamaly, kyn günde ýene garyndaşdan ygtybarly hossar tapylmaz” diýen düşünje Rahmanyň gözüni baglady. Rahman Agahandan diňe haýyr işe garaşdy, ýamany ýagşa ýorjak boldy. Ýagşylygyň azdygy, Asmanyň öňünde özüni aklara deliliň barha tükenip barýandygy ony horlady. Asmanyň oňa nebsi agyrýardy. Rahman aýalynyň bu duýgusyna düşünmedi, sebäbi ol Asmanyň ykbalyna-da Agahanyň isleginden ugur alyp, Agahanyň bähbidi bilen garady. Bu ýagdaý Asmany kemsindirýärdi. Boljak iş boldy. Agyr urgy düşündirişe ýer goýmady. Asman dolanyp, öýe golaý gelende içerden hümürdi eşitdi. Säginip durdy, diňşirgendi. Edilýän gürrüňiň mesaýy gürrüň däldigini bada-bat aňdy. Sowuk uran adamyň bokurdagyndan çykýan ýaly, gödeňsiz ses bir zeýilli dowam etdi. Asman näme diýilýänini aňşyrmasa-da, bu sesdäki tutanýerlilik ony gorkuzyp başlady. Ol ses nämedir bir zady ynandyrjak bolýardy, ol Rahmana ýol berenokdy. Rahman bir söz aýtmaga ýetişmän, ýene dumýardy. Gödeňsiz ses dowam edýärdi. Asman gapa golaý gelende ol sesi tanady. Bu gürleýän Gaýratyň kakasy Kemaldy. Obadaky gürrüňe görä, bu adam Gaýratdan ýüz öwrüpdir. Häzirem obanyň aşak çetinde gara öý tutunyp, ýeke ýaşaýardy. Ýeke ýaşasa-da, naharyny edip, kirine seredýän aýaly bilen gyzydy. Asman içeri girmäge ejap etdi, daş bosaga atylan gaty kilimiň üstünde oturdy. Olar Asmanyň gelenini duýmadylar. Indi olaryň agzyndan çykýan söz gowy eşidilýärdi. Kemal zarp bilen burnuny çekdi, kentlewügi titräp, aňsyz ses etdi, bokurdagyny arçap, ýene dowam etdi: ─ Men, ogul, Agahanyň aýagyna ýykyljak, sen maňa Agahany tapyp ber. ─ Kemal aga, men Agahany... ─ Ýok, ogul, “bilemokdan” gürrüň bolmaz. Sen bilýänsiň diýip geldim. Gapyňdan ilki gelşim. Eger ýalbar diýseň, saňa-da ýalbarjak, aýagyňa ýykyl diýseň, ogul, aýagyňa ýykyljak... ─ Kemal aga, Kemal aga!.. Beýtme-le, size gelişjek zatmy?! ─ Onda dadyma ýetiş. Musulman bolan adam maňa “ýok” diýmeli däl. Agahanyň düşünjegini bilýän. Meň oňa eden ýamanlygym ýog-a. Bar bolsa, aýt! Aýdyp bilmez. Näme darkaş gurasy gelýän bolsa, ana, Gaýrat! Et boluşsynlar!.. Bi taýda neresse çagaň günäsi näme?! Beýdip, meň namysymy basgylamaly däl-ä... ─ Kemal burnuny çekip, esli dymdy. ─ Gaýrat zerarly öýümi aýraladym, bilýäň dälmi şony? ─ Bilýän, bilýän... ─ Şony Agahanam bilmeli! Ejesi: “Gaýrat gabawda” diýip bardy. “Çigit ýaly gynanamok” diýdim. Hut, şu diýşim ýaly diýdim! Ejesi gözünden siýdirip ugrady, “Tur” diýdim. Diýdim! “Atasynyň pendini almadyk ogla gynanman!” diýdim... Gaýraty azdyrdylar-la, özem Peleň azdyrdy, Peleň şura. Ölen adama gargap oturmagam-a ýagşy däl weli, men şo Peleňe köp gargandyryn. Gargamaz ýaly etdimi, meni oglumdan azaşdyrdy. Wah, men başdan aýak diremeli ekenim. “Öýden aýagyňy ätme” diýsem, gidermidi eýse?! Gulak asmasa, o mahal eşşek ýaly ýenjip bolýardy, çagady. “Şähere gidip, ylym alar” diýse, ynandym-da... hä-ä’k!.. Ylym nirde, küjä nirde! Asyl, bulary baýlar bilen urşa taýýarlan bolsalar nätjek! Ulalansoň ýenjip bolýamy! Gitdi “goşun” diýdi-de! “Ataň sözüne gulak as ─ diýdim, ─ taşla bu zatlary ─ diýdim, ─ şurany gorajak bolsalar, senden başga-da adam taparlar, sen daýhançylygyňy et, biziň tohumymyzda ýarag göterip çörek iýen ýok” diýdim. Meň diýmedik zadym ýokdur-la!.. Gaýta, ýüzüňe it ýylgyryşyny edip, takal okaýar. Olara okuw okamany däl, takal okamany öwredipdirler. Ahyry bolmady, başga zat diýip ýalbardym. “Jähennem ─ diýdim, ─ beýle şuradan aýrylyşyp bilmeýän bolsaň ─ diýdim, ─ onda ot gorsap ýörme, hol-ha, Köse bar, şoň ýaly ýaşaber” diýdim. ─ Köse ýaly bir diýme, ýaşuly! ─ Ýok, diýjek! Köse iki tarapa-da ýaraýar. Köse uzaga gider. Gaýrat ýaly akmaklar türmä gider, Köse gitmez! Oturandyr! Ogul, “ýiti gyzyl tiz solar” diýip eşitmänmidiň, Gaýrat tetelli adamlar, ana, şol ýiti gyzyl diýlen! Obada meni günertläp ýören akmagam köp, asyl ýüzüme-de aýtdylar. “Gaýrat ýaly oguldan ýüz öwürmek hebesdir” diýdiler. “Şoň ýaly ogul size-de nesip etsin!” diýdim, ýeri, başga näme diýeýin?! Meň başyma düşen masgaralyk, goý, şolaňam başyna düşsün, göreli bakaly, şonda näme diýerlerkä?! ─ Kemal aga, mert boluň, küpür geplemäň. ─ Ogul, sen bir içimi ýakmasana!.. Sen maňa “gepleme” diý, “tur, gideli” diý. Sen maňa Agahany tapyp berjekmi, ýa-da ýokmy? ─ Gitmezden öňürti, kimiň edenini bilmeli. ─ Seni bir pukara ýigitmikäň öýdüp geldim weli... Agahandan başga beýle masgaralyga ýüz urjak barmy? “Agahanyň özi gelendir” diýemok, adamlaryny iberendir. Wah, akmak heleýe diýdimem-le: “Ogluň öýüňde ýokmy, gyzyňam al-da, meň ýanyma gel” diýdim. Etmedi, etmedi, akmak heleý! Onda-da janym durman, häli-şindi köw-söw edip gaýdaýmam bardy. Şu gün halys joýa gazyp ýadadym-da... ─ Ol ahmyr bilen demini alyp, dyzyna şapbat urdy. ─ Her näme diýilse-de, Agahan maňa düşünmeli, Agahan düşüner! ─ Ýaşuly, men gidip biljek däl. ─ Gorkduňmy? ─ Gorkamok! Meni öz günüme goýuň! Bi dünýäň ajysynam datdym, süýjüsinem, gerk-gäbe! Öz derdim özüme ýetik! Öz günüme aglap bilsem, maňa şolam ýeterlik! ─ Rahman gygyranyna ökünen ýaly, birden sypaýy äheňde dowam etdi. ─ Siz Agahany tanaňzok. Beýle masgara işe ýüz urmaz, güwä geçýän! Maňa “hä” diýesiňiz gelmese, özüňiz gidiň-de göräýiň. Salgy bereýin, tapar ýaly edip salgy bereýin. ─ Äl, boldy, näçe-de bir!.. Kemal tasap ýerinden turdy. Rahman gyssandy: ─ Ýaşuly, Paltagaçana diý-de sürüber... ─ Paltagaçanam gursun, teşegaçanam!.. Paltagaçan diýdigiň näme? ─ Guýy. Daýymy şol töwerekden taparsyň. ─ Sendenem bir erkek bormy, gorkak işigaýdan!.. Adam diýip ýüzem tutýan-a. Kemal gitdi, ýöne howsalasyny gara öýüň içinde goýup gitdi. Howsala agyr ümsümlik bilen garyşyp, sowuk howa ýaly, kem-kemden Rahmanyň süňňüne ornady, ýüregine aralaşdy. Dirileriň aladasy ýene ony özüne dartdy. Rahman bir tarapda Agahany, ikinji tarapda ketegine kesek atylan ary kimin ören obany gördi. Hamala, iki tarapyň hem ykbaly Rahmanyň çözgüdine bagly ýaly, ýaýdandy. Oňa ynananoklar! Oba Agahandan görýär, oba bir çukura tüýkürmäge ýetişipdir! “Bu iş Agahandan bidin edilendir”. Rahmanyň kalbynda dörän şübhe oňa garşylyk görkezdi. “Agahandan bidin beýle töwekgellik etmäge kimiň bogny ysarka?” Rahman şübhesini tassyklamaly boldy. Dogrudanam, Agahanyň neberesinden hiç kim het edip bilmez. Olar üçin Agahan ─ pena, arkadag! Olar üçin Agahanyň sözi haram keýpden ýokary!.. Belki, ykbal oýny bu sapar Rahmanyň daýysyny ters ýola salandyr, onuň gözüni baglandyr?! Ykbalyň öňünde Agahany oýunjak saýmaga Rahman endik etmändi, şol zerarlam adamlarda bolýan adaty bir ýagdaýy Agahana ýöňkedi. Kämahal adam belli bir pursat özüni ýatdan çykaryp, şeýtanyň aldawyna gidýär. Öz hakyky bolşuna dolananda bolsa, oňa etmişiniň ökünji ýetişýär. Agahany şeýtanyň elinden almaly! Rahman howlukdy. Ol daş gapyda oturan Asmany görüp sägindi. Howsala bilen onuň diýjek sözüne garaşdy. Asman oňa köp zat diýmeli! Asmanam edil ýaňky Kemal ýaly Agahanyň günäkärdigine ynanýandyr. Has beteri, Rahman onuň öňünde jenaýatkär! Rahman ony oglundan aýyrdy. Häzir Rahmana näme diýseň gelşip dur! Asman hiç zat diýmedi. Onuň dymyp oturmasy Rahmana ýaman degdi. Asman ýüregindäkini diýse gowy! Diýse, köşeşer! Bolmasa, onuň ýüreginde zäher galar!.. ─ Öýe gir, Asman... üşäýme. Asman jogap bermedi. ─ Gelinçäm, Dürnabat daýza göz-gulak bolar... Eglenesim ýok-la. Dürnabadyň göz-gulak boljagy Rahman aýtmanda-da belli, Rahman muny jandurmazlykdan diýdi, sesini çykarman gidibermegi başarmady. Eýse, Asman onuň nirä ýola düşenini soramazmy? Rahman “soramaz” diýdi. Belki, soramany amatlydyr? Eger soraýsa, “Men Agahanyň ýanyna ugradym” diýip jogap bermek baryp ýatan gözçykgynçlyk bolar. “Men Gaýratyň uýasyny halas etmäge gidýän” diýse?.. Onda Rahman bu ýagşylygy bilgeşlän edýän ýaly bolar, haýyr iş hilä öwrüler. Rahman alaşasyna tarap ýöneldi. Ol ýeňseden Asmanyň sesini eşitdi: ─ Rahman... nan-suwsuz gitme. Rahman Asmanyň elinden horjuny alyp: ─ Gyssanjym özüm bilen, Asman ─ diýdi. Asman sesini çykarman yzyna öwrüldi, gönümel gara öýüň içindäki tümlüge siňip gitdi. Onuň ýekeligine Rahmanyň haýpy geldi. “Men ony bu dertden dyndaryp bilermikäm?!” diýdi. Oňa ýene alaçsyzlygyň derdi ýetişdi. Ol aýagy duşaklanan ýaly gymyldaman durşuna, iki egnini silkip, sessiz aglady. * * * Rahman Paltagaçandan Agahany tapmady. Çöle çykany bilen onuň göwün diýeni bolubermedi, ýogsa ol çölden medet isläpdi. Älem ýaly giň çölde gapyrjak ýaly dünýäniň darlygy ýürege agram salmaz öýdüpdi. Rahman hemişeki çopan ýolundaky täsin çöketlikde düşläp, çaý içip geçmekçi boldy. Asyl, meýdan çaýynyň tagamy bir başgady. Ol tagama sähradaky egsilmejek asudalygyň tagamy siňipdi. Şol asudalyk güneş mysaly ähli herekete öz alamatyny çaýýardy. Ýolagçynyň düşläp, ulagyny meýdana kowşunda, töwerekden jagrama odun çöpläp, ot ýakyşynda asudalygy duýmaga taýýarlyk bardy. Soňra oduň ýanşyna syn etmek asudalygyň özüne syn etmekdi. Böwri gyzyp ugran gara taňkanyň şyggyldy sesine diň salmak asudalygyň aýdymyna diň salmakdy. Gara ýandakly çöketlik ─ ýaz otunyň, gelin kömeleginiň mesgeni! Çöketligiň depesinde mollatorgaýlaram köp saýraýar. Ähtimal, olar bu ýeriň sapasyny ýolagça düşündirjek bolýandyrlar?!. Bu sapar Rahman şol arzyly asudalygy hemişekileri ýaly duýup bilmedi. Ýogsa, çöketligiň şol öňki giňligidi. Gara ýandakly meýdanyň otam dyza ýetipdir. Odam öňki ýaly ýandy, gara taňka-da hemişeki şyggyldysyny etdi. Torgaýlaram saýrady. Ýöne olaryň bolşundan kanagat duýmady, gaýta, olar asudalygyň azlygyndan nalaýan ýalydylar. Ol Gün öýleden aganda takyr ala düşdi. Asmany bürän gara bulutlar ýenjilip, ýüzüne mala urlan ýaly tep-tekiz boldy. Şemal ugruna geçdi. Ýagyş ýagyp başlady. Gaty topragyň ýüzi bada-bat derçigdi. Şemalyň güýjemegi bilen ýagşam güýjedi. Aladan aran-jaran suw akyp başlady. Ine saňa gerek bolsa musallat! Rahman howsala bilen töweregine garanjaklady. Gum aňňatlyklarynyň daşdadygynam bilýärdi, şonda-da göwnüniň küýsänini gözi bilen görse, ýüregine ýeňillik aralaşjakdy. Gözýetimde göze ilere gara görmedi. Çaňjaryp duran asmany, ygaldan dokmäde takyrlygy gördi. Indi alaşanyň böwrüne hürsekläninden peýda ýokdy. Üsti adamly janaweriň ýöremesi barha kynlaşdy. Ýygy-ýygydan aýagy taýyp, burny ýere degip gidýärdi. Rahman süllümbaý ezildi. Indi suw onuň bedeninden akýardy. Alaşanyň gulagy sallanyp, ýaly boýnuna ýelmeşdi. Ezildigiçe, ýaby janawer kiçelip barýardy. Ahyrsoňy ala-da gutardy. Gutarsa-da gutardy weli, Rahman bilen ýabysynyň haýynam aldy. Rahmanyň bedenindäki sowuklyk kem-kemden ýüregine aralaşdy, agzyndan ak köpürjik gelip başlady. Ol syrylyp, ýabydan düşdi, emma aýagy göwresini birbada saklap bilmedi, iki dyzy palçyga çümdi. Bedenindäki saňňyldy ýöredigiçe azaldy. Erjellik onuň gan damarlaryny ýylatdy. Ýagyş zerarly ölüm gorkusy öňem kellesine gelmändi, häzirem şeýle howpuň bolandygyny duýmady. Ol diňe ýoluň şowsuzlygyna gaharlandy, ol çölden kine etdi. Çöl bu sapar ony beýle garşylar öýtmändi. “Men bu sapar ýagşy niýet bilen çykdym ahyry!” diýdi. Rahman guma ýetip, çäge alaňynyň böwrüni köwdi, entek gury çäge gutarman ekeni. Aýazda galan adamyň ýyly ýorgana ýetendäki kanagaty bilen Rahmanam gury çägä sokuldy. Sowuk suwuň akymy tapba galdy. Ol tanyş guýa sowlup, çopan goşunda gijäni geçirdi. Ertesi uzakly gün ýol ýöräp, ir ikindinler Paltagaçana ýetdi. Emma iki sany baýyr ulgamyň ortasyndaky jülgä meňzeş çöketlikde ne öý gördi, ne adam. Ýalňyz guýudan başga gara bolmasa nädersiň! Rahman gyssanjyna, “belki ýalňyşandyryn, Paltagaçana meňzeş başga bir guýynyň üstünden gelendirin” diýen ätiýaç bilen töweregine esewan boldy. Yzsyz-sorsuz giden adamlary tapandan, bu çölde guýy tapmak aňsatdy. Ýok, ol azaşmandyr, onuň gelen ýeri Paltagaçandy. Solmaz bilen Läläni getirendäki ýadynda galan alamatlar inkär edip bolmajak delil hökmünde onuň ýalňyşmandygyny tassyklady. Edil maňlaýyndaky baýryň öňki belentligini gördi. Goýunlaryň salan ýodasy äpet baýryň daşyna saralan ýüp ýaly, ýüzi gaýdyp ugran gök otuň arasyndan akjaryp göründi. Baýryň gap bilinden ýokarda otuň bitişi keliň saçy ýaly seýrekläp, depä ýetdigiçe, aksowult reňkdäki toprak ýalaňaçlanýardy. Soňra Rahmanyň daşlara gözi düşdi. Öňki sapar ýoldan taýagatym sowaşyk ýatan üç sany daşy görüp: “Beh, bu taýyk daş nireden gelip ýörkä?” diýipdi. Daşlary hiç kim gozgamandyr, şol öňküleri ýaly ýarty göwresini guma süsdürip ýatyrdylar. Rahman ýurt ýere tarap ugrady. Ýol jülgä girensoň saga dönmelidi. Dönen ýeriňde, garşydaka görä pesräk baýyr böwür berip, ýaý şekilli täsin aýmança emele getirýärdi. Ine şu aýmançada dört sany öý hatar tutup oturmalydy. Häzir öýleriň oturan ýerinde peşehordanyň yzy ýaly tegelenip takyr meýdan galypdyr. Ojaklardaky kül düýnki ýagyşda eräp ýere siňipdir. Adatça, göçülen ýurtda gerekmejek zatlar pytrap ýatmalydyr weli, bu ýeriň arassalygyny görüp, Rahman geň galyp durmady. “Çaky, göçüşlige Şasoltan serenjamlyk eden bolmaly” diýdi. Göze iläýjek zatdan üç-dört düýp ojar galypdyr. “Munam ýüklederdi weli, gyssanan bomaga çemeli!” Rahman at aýagynyň yzyny gördi. Atlylar iki bolmaly, özlerem ýagyş ýagandan soň gelipdirler. Toýnaklardan zyňlan öl gumlaram pytramandyr. Olar guýy tarapdan gelipdirler, ýene guýa tarap gidipdirler. Insizje köne nowanyň töwereginde at toýnagynyň yzy köpeldi, jork batganyň suwy henizem siňmändir. Olar atlary suwa ýakan bolsalar gerek... Rahmanyň gelen netijesine görä, bu atlylar soldat bolmaly. Olar Agahanyň gözlegine çykyp gelipdirler ýa-da tötänden düşüpmidirler, häzir onuň parhy ýokdy, esasy zat ─ olaryň geljeginden Agahan habarly eken. Üstüni gapyl basdyrman sypmak oňa bu saparam başardypdyr. Ol indi nirä gitdikä? Jülgä baýyrlaryň kölegesi düşdi. Ýerden salkyn ýel göterildi. Kölege ýapynyň ýüzi bilen Gün şöhlesini kowalap, ony baýyrlaryň depesine çykardy. Şöhle ýokary galdygyça, kem-kem gyzardy, soňam topragyň süňňüne siňen ýaly, yz galdyrman ýitip gitdi. Rahman bu gijäni Paltagaçanda ýalňyz geçirmekçi boldy. Ýalbyrap Gün dogdy, ýene baýyrlaryň depesine agşamky ýiten şöhle gaýdyp geldi, ol barha ýiteldi, kölegäniň depesinden basyp, ony ýere tarap gysyp ugrady. Rahman alaşa atlandy. Ol indi Garagumdan Agahany gözläp tapmalydy. Jülgäniň içi bilen günorta tarapa gidýän ýola düşmegi esassyz hasap etdi. Bu ýol bilen giden serhede golaýlaşmalydy. “Agahan entek bu ýola düşmäge howlukmaz ─ diýdi. ─ Entek onuň ýagdaýy ganymat. Onuň elinde satlyk, parahor Köse bar. Köse dursa, Agahanyň entekler oba täsiri ýeter. Köse dursa, Gaýrat aňsat-aňsat oba dolanyp gelmez, geläýende-de, Gaýratyň hemişekiligi bolmaz”. Rahmanyň akyl ýetirişine görä, oba dolanmak hyýalyndan Agahan birjigem el çekenok. El çekmeýänini Rahman şeýle bir ýagdaýdan aňýar: Gaýratyň tussaglykda oturaly bäri telim gün geçdi, Agahanyň oba päsgelsiz barmagy üçin amatly pursat döredi. Ol islendik mahal gömüp goýan baýlygyny alyp gaýdyp biljekdi, emma etmedi. Entek şol baýlyk obada durka, Agahan serhede golaýlaşmaz! Weý, onsoňam, Agahanyň giýewisi Şamyrat şura hökümetiniň bendisi bolup otyr ahyry! Ony taşlap, Agahan ýat ýurda gitmez. Agahan gitjek bolaýanda-da, aýaly bilen gyzy iki ýanyndan onuň süňňüni gemrerler. Agahan il ýüzüne näçe hökmürowan, birgepli bolsa bolubersin, Şasoltana gezek gelende, “pişigiň ýyndamlygy samandölä çenli” diýip oturybermelidir. Ýeke ýatmaga mejbur bolaly bäri, Solmazyň ene-atasyna hunaba ýuwutdyrýanyny Rahman aňanokmy näme?! Asyl Solmazyň gaşynyň ýazylýan mahaly bolmasa nätjek, hemişe kyrk çilläniň asmany ýaly ýüzi çytylyp dur. Hawa-da, görgüliň aýny gülüşjek, oýnaşjak wagty. “Şu meselede baý gyzlary hasam ejizräk bolýar” diýip, Rahmanyň gulagyna degýärdi weli, garaz, Solmazda-da şol çydamsyzlyk duýulman duranok. Rahman atynyň ýüzüni günbatara öwürdi. Ol çöl söküp ýadadygyça, obada bolan masgaraçylyga Agahanyň dahyllydygyna ynanyp barýardy. Ynandygyça-da alada galdy. Ol bu pikire ýene dolanyp gelýärdi, ynanmazlyga sebäp agtarýardy. “Ýa bolmasa Ojar ýaly naýynsabyň biri Agahandan bidin edäýdimikä?”. Rahman bu sowala höwes bilen “hawa” diýjek weli, arman, Ýaran baýlarda bolan gürrüňi öz gulagy bilen eşitdi-dä! Beýle ýowuz duýduryşdan soňra, Ojaryň bogny ysmaz! Olar Agahanyň ady-abraýy bilen ýaşap ýörler, Agahanyň garşysyna gidip bilmezler, gitseler, gorpa düşjeklerini bilip durandyrlar. Wah, Ojar bilen Sazak Agahandan birugsat Maral pakyrjygy alyp gaçaýan bolsadylar!.. Beýle ýagdaýda Agahana örän uly utuş, bähbit gujagyny gerip dur. Agahan öz abraýy üçin bu utuşy biderek geçirmez, şeýle bir ulanar!.. Oh-ow, Agahan diýilýän adamy Rahman bu gün tanamaly däl ahyry! Öz bähbidine gezek gelende ol Ojaryňy, Sazagyňy edil ýüplük ýaly towlar! Eger şeýle bolaýsa, wakanyň soňky çözgüdini Rahmandan soraň: Agahan bu masgaralyk üçin hemme zatdan öňürti Ojar bilen Sazagyň ýüzüne tüýkürmeli, onda-da nähili tüýkürmek!.. Agyr günde il-halkyna dönüklik eden adamyň ýüzüne tüýkürilişi ýaly tüýkürmeli! Soňra olaryň ikisiniňem elini arkasyna daňyp, Hemranyň näletkerde agalary kimin atyň öňüne salmaly. Agahan bilen Rahmanyň Maraly, iki jenaýatkäri alyp barýandyklaryny öňünden oba habar etmeli bolar. Goý, adamlar şatlyga garaşsynlar, ýogsa, soňky günler olaryň görýäni, eşidýäni ölüm ýa-da şum habar. Agahan bilen Rahman dabaraly bir ýagdaýda oba bararlar. Halky ýygnap (halkyň özi garaşyp dursa nädersiň!), bolan ýagdaýy bolşy ýaly edip aýtmaly bolar, özem diňe Agahanyň özi aýtmaly. Gerek bolsa, Rahmanam onuň sözüni tassyklamaga taýyn! Gyzyň ene-atasyndan ötünç sorap: “Ine, gyzyňyz” diýmeli bolar. Masgaralyga ýüz uran haramzadalary oba adamlarynyň eline tabşyrmaly. Tabşyrybam: “Bularyň jezasyny özüňiz tapyň” diýmeli. Ine, saňa adalatlylyk!.. Bu umyt Rahmana keýp berdi, ol buşluk habar alyp barýan dek alaşasyny gyssady. Eger Agahan şeýle mertlik görkezip bilse, Rahmanyň daýysy hakda Asmanyň pikiri gowulyga üýtgär. Gaýratam öňküsi ýaly Agahana ýowuz daraşjak bolup ýörmez. Agahanyň oba dolanyp gelmegine onuň özi razylyk berer. Şeýdip obada agzalalyk azalar. Ýazja neressäniň ölümine daýysynyň günäkärdigi hakda hiç kim dil ýaryp bilmez. Heý, beýle haýyr işden soň, nädip dil ýarjak! Ýeke-täk günäkär Köse bolar galyberer. Kösä geregem şol! Köse ýaly ikiýüzli namart adama, asyl, çigit ýaly gynanmaly däl. Köse ýaly dostuň bolandan, goý, Agahan ýaly mert duşmanyň bolsun!.. Tä Agahana sataşýança, bu süýji umyt Rahmanyň kalbyndan çykmady, ýakymly göz öňüne getirmeler ony tolgundyrdy. Ol uzakly gün entedi. Taşlanan guýularyň birinde gijesini ýene ýalňyz geçirdi. Ertesi irden gözlegi dowam etdirdi. Gözleg ony irizmedi, gaýta, umytdan dörän erjellik oňa üýtgeşik bir güýç berdi. Rahman günorta golaý üsti suw çelekli dört sany düýäni gördi. Düýekeş Agahanyň adamy ekeni, Rahmany gowy tanany üçin, ony ýany bilen alyp gitdi. Rahmany göreni bilen Agahanyň ýüzi açylmady, gaýta, duýdansyz peýda bolan ýegenine şübhe hem garasöýmezlik bilen seretdi. Täze dikilen öýüň entek ojagyny suwamaga-da ýetişmän, keçe ýazypdyrlar. ─ Paltagaçana bardyňmy? ─ Bir gije ýatdymam, daýy. ─ Ýolda-yzda kime duşduň? ─ Hiç kime? Agahan ýene Rahmana şübhe bilen seretdi. Rahman: “Daýym maňa ynananok” diýdi, ýöne kemsinmedi. Agahan horlanypdyr. Bäbenegi çukuraryp, tutuş gözüniň owasyna kölege inipdir. Göreçlerindäki ýakymsyz ýiti şöhle, megerem, ukusyzlygyň alamaty bolmaly. Onuň näsag ýatan bolmagam ähtimal. ─ Daýy, ýagdaýlar niçik? ─ Meniň bu taýdalygymy nä bildiň? ─ Entäp ýörenime, şu gün ─ dört gün. Hernä, düýekeşe duşaýdym, ýogsa, geçip gitjek ekenim. Agahan reňki solan ýuka dodaklaryny berk ýumup, sakgalyna elini ýetirdi. Gara sakgalyň arasyna ak gyllar düşüpdir. Täze alamat. Bu alamat agyr günüň alamatydy. Rahman ýolboýy ýüreginde besläp gelen umydyna ýene bil baglady. Daýysyny agyr günden dyndaryp biljegine şübhe etmedi, ýöne öňürti Maraly kimiň alyp gaçandygyny bilmeli! ─ Çaky, dört günüň ýolda geçipdir-dä... Beýle azara galypsyň, näme zerurlyk ýüze çykdy? ─ Aý, ýagdaýyňyzy bileýin diýdim-de... ─ Sen öz ýagdaýyňy bir bilýärmiň? Daýysynyň hemlesine Rahman garaşmandy. Aljyrady. ─ Aý, ýagdaýlaram, daýy, ýöne bir ýagdaý-da... ─ Boýnuňy sallama, ýaş janyň bar, görjegiň öňüňde... Herki zady Hudaý bilip edýändir. Enesi seniň ýörelgäň bilen gidenok, ogly ondan beter bordy! Bu zamanda atasyna çekýän çaga azalypdyr... Gaýratyň dolanyp geleninden, çaky, sen bihabar ýaly-la?.. ─ Gaýratyň geleninden?.. Men gaýdamda-ha gelmändi, eşidip durşum, daýy. ─ Onuň ýaly bolsa, bilip goý: Gaýrat indi şura başlygy! Rahman Agahanyň äheňini halamady. Ol bu habary Rahmana gyýjyt berýän şekilde aýtdy. Megerem, ol Asman barada gep gozgamaga häzirlenýär. Rahmany der basdy. Ol häzir Asman barada ýagşydan-ýamandan ýeke agyz söz aýdylmagyny islemedi. Onuň derdi özüne ýetik. Mundan artyk Asmanyň gulagyny şaňlatmak Hudaýyň öňünde külli günä etmekdi. Rahman başlanmadyk gepi başga ýana sowmaga çalyşdy. ─ Şura başlyk bolup oturan adam bar-a ─ Köse? ─ Köse gapana düşdi. Agahan Kösäniň betbagtlygyny habar bermek bilen birlikde, öz hesretinem boýun alýardy. Ol ajy ölümden soň ýakyn adamyny ýatlaýan ýaly dymdy. Rahmanyň Agahana nebsi agyrmady, asyl, daýysynyň ýagdaýyny seljerip oturmaga eli degmedi. Köse bilen bagly birgiden pikir kellesine ýel kimin haplap urdy. Haýsysyna gynanyp, haýsysyna begenjeginem aňşyrmady. Dogrusy, aljyrady, emma bu aljyraňňylyk oňa ezýet bermedi, gaýta, barha kanagaty artdy. Köse gapana düşen bolsa, indi onuň sözüne gulak asmazlar, ol şyltak ýaýradyp bilmez! Indi Rahmanyň öňünde ýeke mesele galdy, olam Maral! Eger Agahan gulak assa, Rahman Gaýrat bilen daýysynyň arasyndaky duşmançylygy ýok edip biljek. Häzirki ýagdaýynda Agahan oňa gulak asmaly bolar, eýse, her guýyň başynda kül döküp ýörmek ony irizen däldir öýdýärmiň?! Rahman nähili edip bu umydyny Agahana duýdurjagyny bilmedi. Gös-göni Maral hakda soramaga çekindi. Birden agsak adam ýadyna düşdi. Köse ele düşen bolsa, agsak nädýärkä? Agsagyň Kösäň hyzmatyndaky adamdygyny bilenini Rahman häzir daýysyna aýtmalymy? Häzir şony aýtmak Agahanyň ähli tagallasynyň puç bolandygyny nygtamagy aňlatmazmy näme? Gyýjyt bolup duýulmagam ähtimal. Ýeri, şu mahal agsak adam nireden ýadyňa düşdi diýsene! Agsak başaşak gitsin-le!.. Häzir diňe Maralyň gürrüňi edilmeli. Ýöne Rahmanyň Agahana ezýet berip, ony gynasy gelýärdi. Onuň hesretine tomaşa edip bilse lezzet aljakdy. Agahan şeýle jeza mynasypdy. Ol Rahmanyň oglunyň aýrylanyna çigit ýaly hem gynanmandyr. Asyl, ol Rahmanyň başyna inen betbagtlygy hasaba alanok! Ol adamlaryň ýitgisini, gaýgy-gamyny, şatlygyny diňe öz maksadynyň derejesine görä ölçeýär. Agahanyň ýarasyna duz sepmeli! Gürrüňi agsak adamdan başlamaly. Goý, ähli zady berim bilen düzedip bolmaýanyna düşünsin! Eger Agahan şu häsiýeti bilen ýaşajak bolsa, ynha, görersiň, onuň töwereginde bir adamam galmaz! Rahmanam gider! Şuny Agahana duýdurmaly. Agahan öňürtdi. ─ Seniň heleýiňi eýýäm şura çagyrypdyrlar. ─ Agahan, hamala, şol çakylyk üçin Rahman günäkär ýaly äheňde aýtdy. ─ Biziň ýagdaýymyzy gözüň bilen gördüň dälmi?! Indi oba dolan, heleýiň gapdalynda bol. Şura tarap ýörese, aýagyny kes, syryňy paş etjek bolsa ─ dilini! Bu duýduryş Rahmany gyjyndyrdy. ─ Daýy, Gaýratyň uýasyny süýrän kim? ─ Men! Men!.. Nämä gözüňi mölerdýärsiň? ─ Daýy... beýle masgaraçylyk edersiň öýtmändim. Agahan güldi. ─ Akmak, obada ýaşap, töweregiňde nämeler bolýandygyndan bihabar. Heleýiň ýanna barsaň, gözüň gapylýar! ─ Daýy!.. Agahan maý bermedi: ─ Obanyň bozgaklary “Gaýrat, Gaýrat!” diýip ýürege düşmedik bolsalar, azar bermezdim. Sürlenişip şähere bardyklary, Gaýraty boşatjaklaryna gözüm ýetdi. Ýeteni üçinem öňürtdim. Öňürtmedik bolsam, ýel gysymlap galardym. ─ Agahan köşeşen ýaly, soňra mesaýy gürrüň etdi. ─ Iliň halamaýan zadyny biakyl bolup edemok. Men masgaralyga masgaralyk bilen jogap berýän. Olar meniň emlägimi syryp-süpürip elimden aljaklar, dogduk obamdan güm etjekler. Etmişlerini il öňünde aklamak üçin bolsa, oturyp kanun düzdüler, şerigatyň kanunynyň tersine... Eýse, bi masgaralyk dälmi? Şerigatdan ýüz öwren adam Hudaýyň bendeliginden mahrum bolmaly. Ol adama edilen sütem, zorluk üçin hiç kim Hudaýyň öňünde jogap bermeli däldir. Şu jähetden seretseň, meniň etmişime masgaralygam diýip bolanok. Gaýrata gezek gelende, men bigünä adam. Eger adamyň etmişi Hudaýyň öňünde bigünälige syrygýan bolsa, oňa masgaralyk diýip bolmaz-a. Bu pelsepäni Agahan oýlap tapandyr öýtme, men mollalaryň aýdanyny aýdýan. ─ Hany, mollalar halka ikiýüzlüligi öwredýälerem-ä diýýäler? ─ Diýýändirler. Gaýrat diýýändir. ─ Ýok, Köse diýýär. ─ Köse?.. ─ Agahan böwrüni diňledi. ─ Hawa, Köse-de diýmeli. Muny şuraň elindäki adamlaryň hemmesi diýer. Düşünenem diýer, düşünmedigem! Şuraň tarapyna geç, saňa-da diýdirerler... Paltagaçanyň ýolunda Gaýratyň atasy gabat geldi. Aglap aýagyma ýykyldy. “Göteril! ─ diýdim. ─ Şamyrat gapymdan ýylgyryp gelen güni, gyzyň öýüňe barar” diýdim. “Men siziň oýnuňyza goşulamok” diýdi. Diýibersin, Gaýrat şoň dogmasy dälmi ─ gutaran ýeri! Rast, dünýä indereniň güjükmi ─ hemişe adyň it bolar! “Oýna goşulmaýan bolsaň, onda goşulýanlara azar berme” diýdim. Ähtimal, baryp atasam aýdandyr, şonda-da şertimi Gaýrata ýetir! Göreli bakaly, şerigaty şura çalyşdy, indi namysyny näderkä? Agahan öz hilesi zerarly duşmanynyň başyndan injek agyr güne öňünden tomaşa edip, lezzet almaga endik edinipdi. Şol pursat, adatça, onuň ýüzünde ýaňsydyjy ýylgyrma peýda bolýardy. Agahan häzir ýylgyrmady. Agahan häzir howsala düşdi. Gaýratyň gaýdyp gelmegi bilen ähli tagallasynyň puç bolup barýanyny görüp, soňky ýapyşalgasynyň netijesiz gutarmagyndan ätiýaç edeni üçin howsala düşdi. Agahan agyr ýitgini habar berýän äheňde: ─ Gaýrat şu gün obany ýygnaýarmyş ─ diýdi. ─ Kolhoz gurjakmyş. Rahman daýysyny halas etmek umydynyň puçdugyna göz ýetirdi. | |
|
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |