JIGERBENDIM SIZ...
Ah, setirlem, meň ýangynly setirlem,
Ýürekden syzdyrlyp dile getirlen.
Barmaklarmy galam edip gijeler,
Syýa üçin gara bagra batyrlan.
Perim hem permanym, hem perzendim siz,
Ajalyň alnynda guran bendim siz,
Ýagty jahan bilen hoşlaşan günüm,
Ömrüm dowam etjek jigerbendim siz.
Siz meniň abraýym ykbalymsyňyz,
Gören görgim, günüm, ahwalymsyňyz,
Hem ýürekden çykyp derdim ýeňledip,
Lukmamy ýuwtdyran lukmanymsyňyz.
Siz dürtgi beriň siz, ýatyrmaň meni,
Gaýgysyz ukyga batyrmaň meni,
Mes bolup gideýin şerabyňyzdan,
Aýňaltmaň, essime getirmäň meni.
Rahmanguly TUMAÇ.
Türkmensähra, Akgala şäheri.
Goşgular