JOŞGUNLY GOŞGULAR
Belki ile ýaran däldir bolşumyz
Göwün etmän,
başgaçarak bolalyň!
Belki ile ýaran däldir däbimiz
Göwün etmän!
täze däbe uýalyň.
Belki ile ýaran däldir ýolumyz
Biz indiki ädimleri duýalyň.
Belki ile ýaran däldir dogşumyz
Göwün etmän!
başgaçarak doglalyň.
* * *
Köçelere has tapawut goýdular
Ol köçe ses-üýnsiz
Bu köçe şowhun
Ol köçe seslensin.
Bu köçe dymsyn.
Onsoň dymyşlyga
Şowhunlylyga
Dikeltdiler
Köçelerde dürbiler...
Ýöne köçeleriň
Kadasy başga
Olar janly
Keşplere öwrülen
Bolmaýar ümsüm.
* * *
Örän ir ekilen miwe baglaryna
Meňzedesim gelýar
Demokratiýany.
Geçmişi arassa
Suwaranlar kän,
Emma bu toprakda
Eglen pudagy
Şagala şam bolýar
Ýekänme –ýekän.
Bu gün oglum
Ýoljak bolýar almany
Enerjisi ýokar,
hem tamasy kän.
Emma eli hiç ýetmeýär
Neressäň !
Öýümize myhman gelen suratçy
Almaň üç ölçegin
Şekillendirip,
Ruhuna siňýär.
Onsoň bir kagyzda
Teswirlendirip,
Gädilen almany
Ogluma berýär.
***
Sen birden ....
Sen birden,
bogazyňdan Bogulduň!
Diňe diýdiň
Ýandym!
Ýandym!
Ses-sezasyz...
Dymdyň!
Sen aýdym aýtjakdyň
Şol bogaz bilen
Söýgi – wysal Hakda
Aýralyk hakda
Jebri –japa hakda
Uly il hakda
Ýene kän zat hakda
Sen doýga dönüp
Ah!gezjekdiň gursakda...
Seniň kalbyňda
Berç tutup giden
Ahmyrlar
Dertler
Ünjüler
Öjler
Zerre –zerre
Seniň dalgyr
Bogazyňa siňipdir...
Bogazýňda gemre baglanan
Sesler
Bütin nalalar
Bolup hamyla
Bir göwrä dönipdir,
ses dogulupdyr.
Şoň üçin bogazyň
Alnyp nyşana ,
Gapdyrjak boldular!
Ses gapylmady!
A ses bolsa
Has iripdir gapmadan
Bilmedikler bildiler!...
Sesler ýaň atanda
Seniň matamyňa
Bütin gijeler
Giň şäheri yrapdyr ...
Seň dal çynar kamatyňdan, boýuňdan
Ýetişen almalar
Ýaşyl ýaprakly
ýere tänip dir...
■ DILIM
Dilim, dilim
Eziz dilim,
Sen bolmasaň
Biz bolmarys
Niçik geçer aýym – günüm.
Bü türkmeniň dilinde bol
Bu türkmeniň ganynda gal
Her bir gysyş, dartgynlykdan
Boýnuň galdyr galykgyn ok deý
Sen bolmasaň
Biz bolmarys
Gije aýym, gündiz günüm.
Niçik bolar aýsyz –günsiz
Seni gorap, aýap saklan
Türkmenler biz!
Türkmenler biz!
Gapur HOJA.
Goşgular