01:39 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -17: romanyň dowamy | |
BAŞAGAÝLYK WE GÜÝMENJELER
Bu gezek Abdyllany ýeke adamlyk kamera saldylar. Ol başynda köwsarlaýan dagynyk pikirleriň haýsy biri barada oýlanjagyny bilmän, saňsar halda oturdy. Molla Fitrat, özi, Apresýan, Trigulow, Hanalyýew... Haýsy barada pikir etjek? Ol bir pikiri owsarladym diýse, gapdalyndan beýlekisi çykýar. Ahyrynda Abdylla oý-hyýallaryny öz erkine goýberdi. Tomsuň jokrama yssy günleri. Abdusamat topçynyň kapas zyndany. Ýere düşelen pahaldan ýakymsyz bug göterilýärdi. Üç gün bäri huşuna gelmän ýatan Ştoddart kepän hem ýaraly dodaklaryny çalaja gymyldadyp bir zatlary pyşyrdaýardy. Onuň pyşyrdysyndan diňe “Jenni” diýen söz bolaýmasa, galanlary düşnüksizdi. Konolli onuň üstki geýimlerini çykaryp, teninden dömüp çykan çişgin ýaralary ýelpeýärdi, süpürýärdi, ýöne hassanyň ýaralaryndan akýan ganly iriňiň yzy kesilmeýärdi. Bu nähili kesel bolýarka? Buharalylaryň rişta* diýýän keselimikä? Ýok, o kesel aýakda bolýar. Ştoddartyň bolsa bütin bedeniniň ýaralary gurtlapdyr. Konolliniň özi hem ýarawsyz. Aýaklarynda ysgyn-mejal ýok. Başy dyngysyz aýlanyp dur. Indi tenha bir özi akylyndan azaşmasa-da biri... Uaýthollyň bigeleň kagyz zaýaçylary bu iki ofiseri nä güne saldylar! Şa aýalynyň: “Hawa, bular meniň gullugymdaky adamlar, bulary Buhara men iberdim!” diýen bir bölejik haty ýeterlik. Wessalam, iş tamam! Bir-birine salyp, şo haty henize çenlem iberenoklar. Bu iki ofiser bolsa, oňat hyzmat görkezip, özleri agyr günde galdylar. Indi ölüp gitselerem, bularyň hununy sorajak ýok! Konolliniň öýkesi gahara ýazdy. Bütin ömrüni Britaniýanyň şöhratlanmagy üçin şa aýalynyň hyzmatynda geçirdi. Zyndanda gurtlap, tenini mör-möjeklere ýal edip, çüýräp ölüp gitmek – ine, şa aýaly bilen Britaniýanyň taňryýalkasyny!.. Şu ýerde Ştoddart huşuna gelip, “Artur” diýip çagyrdy. – Çarlz, ynha, men ýanyňda – diýip, Konolli oňa tarap egildi. – Artur, doga edeňde meni unutma... Jenni, uýam... – Ol bir zatlar diýmäge synanyşdy, ýöne kellesi bir ýana agyp gitdi. – Çarlz, Çarlz! – diýip, Konolli sesi bilen ony oýarjak bolýan deý güňleç gygyrdy. Emma Ştoddart biparh ýatyrdy. Konolli gulagyny onuň agzyna golaýlatdy. Çarlz dem almaýardy. Artur onuň ýaňaklaryna urdy, gursagyna basyp gördi. Ýok, gojanyň ýüregi togtapdy. – Çarlz... Çarlz... – diýip, ol birdenkä saklanyp bilmän, eňräp başlady. – Meni kime taşlap gidip barýaň, gardaş... Ol ýat illerde başyna düşen horluklaryň hemmesini gözýaşa öwrüp, ýüreginden çykarmakçy bolýan deý ýer bagyrtlap aglady. – Bu ýerde nä günlere düşdük, gardaş... Aglap, birneme göwni giňän Konolli ganguýma gözlerini dik depesine dikip, sesinde baryny edip gygyryp başlady: – Öldürdiň! Öldürdiň, deýýus, dostumy öldürdiň! Ol kalbynda berçigip ýatan ýigrenjini paýyş söze öwrüp, öz dilinde sögünip durka zyndanyň depesindäki gapy açyldy. Ilki topçynyň gotur ýüzli kömekçisi göründi. Ol gapyny ýapmazdan, gykylyklap ylgap gitdi. Az wagtdan Abdusamat naýyp bilen Ezra tebip ylgaşyp geldiler. Ezra tebip Buharada iň ökde tebip hasaplanýardy. Ştoddart degişme bilen: “Ol hatda “antimoniýa” diýen latyn sözüni hem bilýär” diýip degişerdi. Ýöne indi onuň “antimoniýasyndan” ne peýda! Ştoddart öldi... Abdusamat naýybyň özi aşak düşmedi. Ezra tebibi urgan bilen çukura sallady. Soňra urgany çekip aldy-da, ýokardan gözüni aýyrman, tebibiň hereketlerini synlady, arasynda ony-muny soraşdyrdy. Ezra hem Konolliniň eden işlerini gaýtalady: gulagyny Ştoddartyň agzyna golaýlatdy, damaryny tutup gördi, ýüregini diňledi, eli bilen iki öwre gursagyndan basdy. Ýöne ölen adamy dirildip bolýarmy näme? Ýokarda adamlar üýşüp başlady. Olar Ezra bilen maslahatlaşyp, iki sany urgana zemmer daňyp, aşak salladylar. Tebip bilen Konolli Ştoddartyň ýelek kimin ýeňlän meýdini zemmere salansoň, ýokardakylar ony çekip aldylar. Soňra tebibe gandal bilen bir bölek ýüp uzatdylar. Ol Konolliden ötünç sorap, iňlisiň aýagyna gandal saldy, elini ýüp bilen baglady. Ezra tebibe derek başga biri bolanlygynda ähli zatdan umydyny üzen Konolli gandaly onuň özüne salyp, ony girewine alardy. Ýöne häzir tebibiň hoşgylawygyny görensoň, şeýtanyň alyna gitmedi. Sekiz adam zemmerde ýatan eli-aýagy bagly Konollini zordan ýokaryk çekip çykardy. Olaryň altysy Konolliniň daşyna egele bolup garawullasa, galan ikisi urgan sallap, Ezra tebibi ýokaryk çykarmaga girişdiler... *** Ştoddartyň meýdini şäher galasynyň daşynda ýerleşýän rus mazarystanlygynda depin edensoňlar, Abdusamat naýyp Konollä ýüzlenip: “Öz däp-dessuryňy ediber, menlik kömek gerek bolsa-da aýt!” diýdi. Ony biraz wagtlyk öz öýünde garawsyz goýdy. Konolli dürli pikirlere basyrynyp, tenha özi näme ederini bilmedi. Ştoddartyň ruhuna doga okamalymy ýa rus mazarystanlygynda jaýlanany üçin ruslaryň edişi ýaly, Abdusamatdan arak sorap, içip, degsin etmelimi? Ştoddarty bu ýerde taşlap, indi nä ýüzi bilen Angliýa dolanyp barsyn? Çarlzyň uzgun uýasy Jenniniň gözüne nädip görünsin? Nämüçin onuň özi ölüp gitmedi? Ölen bolsa, başyna şeýle söwdalar düşmezdi. Günuzak gussaly pikirlere başyny aldyryp, ol belli bir netijä gelip bilmedi. Ertesi Abdusamat naýyp Konollini öz ýanyna çagyrdy. Sorag etmedi, şeýtany gürrüňe ýol arçap başlady. Gözüni-gaşyny çytyp: – Sen Ştoddarty zäherläp öldürdiň! – diýdi. – Ýogsa, biz ony çüfläp, dem salyp, aýaga galdyrardyk. Ol kelemesini öwrüp, musulman boldy. Bu bolsa saňa ýaramady. Seni bu ýere kim iberdi? – diýip, ol sesini gataltdy. Akyla sygmajak bu gürrüň üçin Konolliniň ilki özi gygyryp başlamakçydy. Ýöne bu zatlaryň aňyrsynda ýörite gurnalýan bir oýnuň ýatandygyna düşünip, gaharyna basalyk berdi-de: – Bu ýere meni Buhara emiri Nasrulla han çagyrdy. Jogabyny hem onuň özüne bererin! – diýdi. – Sen gaty gitme! – diýip, Abdusamat naýyp haýbat atdy. – Ştoddarty zäherläp öldüreniňi emire aýtdygym bes, ol şo demde seni ölüme höküm eder! Menem öz ýakyn adamlarymyň üsti bilen seniň Ştoddarty zäherläp öldürenligiň baradaky habary Kabula, Tährana, Delä, Londona ýetirerin. Seniň gizlin hat ýazan adamlaryň Tedd, Şeýla, agaň Konollä çenli... Konolli bu ýurtda her bir resmi hatyň ýasawullardyr aňtawçylar tarapyndan okalýandygyny bilýärdi. Ýöne onuň ynamdar adamlardan iberen gizlin hatlarynyň hem bu melgun Abdusamadyň elinden geçendigini, ine, şu wagt eşidip otyr. Tüýs şeýtana sapak berenlerden eken bu iňlis duzuny iýen jahankeşde! – Seniň halas bolmagyň üçin ýekeje ýol bar – diýip, bu deýýus öz matlabyny beýan etdi. – Sen kelemäňi öwrüp, musulman bolsaň, men muny emire ýetirerin. Emma janyňy gutaranym üçin Angliýanyň bankynda meniň adyma iki müň funt pul geçirmek barada talap hatyny ýazarsyň! Meniň şu aýdanlarym barada oýlanyp gör! Buýruk berdimi ýa teklip etdimi, belli bolman galdy. Ol Konollini ýeke galdyryp, otagdan çykyp gitdi... Abdylla öz ýagdaýy barada oýlandy. Apresýan ondan näme isleýär? Bularyň edýän oýnunyň maksady näme? Abdylla indi näme edende-de olaryň elinde aýyplaýyş haty bar ahyryn! Ýa aýyplaýyş haty çigräk bolup, Abdyllanyň özüniň boýun almagyny isleýärmikäler? Ol öz halkynyň derdine aglan ýazyjydygyny boýun aldy. Eger muňa milletçilik diýjek bolsaň, onda Şekspirem, Hapyzam, Serwantesem, Tagor hem milletçi bolýar. Haýsydyr bir guramanyň agzasy diýip, subut etmäge dyrjaşdylar. Ýöne guramanyň özi ýok bolsa, Abdylla nädip ýok guramanyň agzasy bolsun? Durmanda ýa Puşkin bagynda edilen gürrüňdeşlige gurama diýip bolmaz-a! Beýle bolsa, öýdäki ertirlik nahary “Milli birlik”, çaýhanadaky palawy “Milli birleşik” diýip atlandyrmaly! “Körpämizi sünnete ýatyrdyk. Şonuň üçin sizi “Milli birlige” çagyrýas!” Ýok, bularyň oýny ýok zady boýnuňa goýmak däl, eýse, biri-biriňi satdyrmak! Özbege özbegi, gazaga gazagy, rusa rusy... Soňam bir-birine garyşyp-gatyşdyrmak! Dönükler milletini, haýynlar internasionalizmini, hyýanatkärler jemgyýetini gurmak!.. Eger bular Abdyllanyň erkini syndyrsa, bütin milletiň, tutuş adamzadyň erkini syndyrdyk diýip hasap ederler... Ozalbaşda Abdylla kyssasyny nähili maksat bilen ýazmakçydy? “Zöhre-Tahyra” meňzeş täze bir erteki toslajak bolan-a däldir? Bir bar eken, bir ýok eken. Adyl hem şahyr ýürekli Omar han aw etmäni halaýar eken. Bir gezek awa çykanlarynda hanyň serkerdesi hem weziri Mahmut beke tötänlikde ok degipdir. Patyşa onuň ýanyna gelip, gara gana boýalan weziriniň başyny dyzyna goýupdyr. Ölüm pillesiniň golaý gelenini duýan Mahmut bek hana ýüzlenip: – Emirim, halym harap, panydan baka göç etmeli wagtym geldi. Size etjek wesýetim şeýle: öýümde ýaşajyk, mähriban gyzjagazym bar. Ony öz köşgüňize, terbiýäňize alyň. Bizi baglap duran garyndaşlyk tarlary üzülmesin! – diýipdir we jan beripdir. Öz dosty we wezirini uly hormat bilen jaýlansoň, Omar han onuň wesýetini berjaý etmäge girişipdir. Merhum weziriň Hanpaşşa atly gyzyny köşge getirdip, baýry aýaly Nodira hanymyň terbiýesine tabşyrypdyr. Toý-tomaşaly, zyýapatly günler we meý-şeraply şygyr agşamlary bilen aradan ençeme ýyllar geçipdir. Bir gün agşamky meýlisden keýpikök çykan Omar han haremhanasyna, Nodira hanymyň ýanyna barypdyr. Görse, Nodira hanym on-on iki ýaşlaryndaky perizat ýaly bir gözel gyza şygyr öwredip oturan eken. Emir gireninden, bularyň ikisem ör turup, tagzym edipdirler. Omar han bu nowça gyzyň görküne aňk bolup, ümezli gözlerini ondan aýryp bilmändir. Nodira hanym emire oturara ýer görkezip, gyza gitmäge rugsat beripdir. Gyz gidenden soň ol: – Bu gyz kim? – diýip, tebsirän dodaklaryny ýalapdyr. – Ýatdan çykaraýdyňyzmy? – diýip, Nodira hanym höwessiz jogap beripdir. – Bujagaz gyz dostuňyz Mahmut bekiň wesýet edip goýup giden naçary ahyryn... Hezretim köşk işlerinden ýaňa haremhanany unudan bolsa nätjek!.. – Aperin! Ýene üç-dört ýyldan bu perişdejik deňsiz-taýsyz gözel bolup ýetişer. Ana, şonda nika gyýdyryp, oňa öýlenerin. Emir sözüni şu beýt bilen jemläpdir: Ýüzleri gülgüne, gözleri nerkes, Jemalyny görse, aňk bolar her kes... Şol gezek Nodira lakamly Mahlar aýym jogap bermän, dodagyny ganjarýança dişläpdir... Bu erteki nire, Abdyllanyň durmuş meýilleri esasynda hyýalynda taslan häzirki kyssasy nire! Kyssanyň ahyry haýsy menzile bardy? Öz atasy, öz maşgalasy, öz söýgülisi tarapyndan satylan bir naçar zenanyň hasratly durmuşyna baryp diredimi? Aýhanpaşşanyň soňsuz jebri-jepalara duçar gelen ömür ýoly milletiň durmuşyny şöhlelendirmeýärmi? Ýöne Aýhanpaşşanyň hasratly durmuşy haçan we nähili ýagdaýda Abdyllanyň öz durmuşyna öwrüldi? Abdyllanyň atasy: “Her dürli hyýallara başyňy berip ýörmegin, oglum, al-arwah kakyp oturybermesin. Jynlaryň bezmi baradaky hekaýatymy ýadyňdan çykarmagyn!” diýip, sargyt ederdi. Enesi Josiýat bibi hem: “Sen, bala, bir günden bir gün däliräp, jynly bolmasaň, öz başyňy özüň iýersiň!” diýip käýinerdi. Gogolyň öz golýazmalaryny oda ýakany Abdyllanyň ýadyna düşdi. Eýse, şo ýagdaý Gogola näme peýda etdikä? Diňe akylyndan azaşdyrdy. NKWD hem Abdyllanyň golýazmalaryny häzire çenli ýakmadyk bolsa, indi ýakar. Bu oňa peýda berermikä? Bu taryh kagyzda däl-de, adamyň kalbynda hem aňynda ahyryn... Romany ýazmaga taýynlyk görüp ýörkä Abdylla ençeme ýazuw çeşmeleri bilen tanşypdy. Olaryň birinde bir rowaýat ünsüni çekipdi. Ir eýýamda bir patyşa özünden has ýaş bir gyza öýlenipdir. Bir gezek ol awdan dolanyp gelende hyzmatkäri öňünden çykyp: – Şahy älem, bir çemçe ganymy geçiň, bikämiziň hereketleri birhili şünheliräk – diýipdir. – Ol içine adam sygaýjak uly sandygy bilen öz otagynda busup otyr. Bu sandyk siziň eneňizden galan sandyk. Emma bikämiziň nämelere gümra bolýany bize aýan däl... – O sandykda bölek-büçek odur-budur zatlar bardyr... – O sandykdan başga-da zat çyksa geň däldir, şahym... Patyşa ýaş aýalynyň otagyna giripdir. Görse, aýaly gaýgyly halda sandyga ýaplanyp oturan eken. Patyşa: – Sandykda näme bar? – diýip sorapdyr. – Muny hyzmatkäriň şübhesi sebäpli soraýaňmy ýa-da maňa ynam etmeýänligiň üçin? – diýip, aýaly jogap ýerine sowal beripdir. – Munça gepiň başyna ýeteniňden sandygy açanyň aňsat dälmi? – diýip, patyşa bitakat bolup ugrapdyr. – Ýok! – diýip, patyşanyň aýaly jogap beripdir. – Gulplumy? – diýip, patyşa sorapdyr. – Hawa... – Açary nirede? – Eger hyzmatkäriňi kowsaň, açary tapyp bereýin – diýip, aýaly şert goýupdyr. Patyşa hyzmatkärini çagyryp, işinden boşadypdyr. Aýaly sandygyň açaryny çykaryp, ärine beripdir-de, özi ökünçli halda otagyndan çykyp gidipdir. Patyşa ýeke oturyp, uzak mahal oýlanypdyr. Ahyry dört sany hyzmatkäri çagyryp, olara sandygy götermegi buýrupdyr. Bagyň bir çetinde çuňňur çukur gazdyryp, sandygy şo ýerde gömdüripdir. Şondan soň ne patyşa, ne-de aýaly sandyk barada hiç haçan dil ýarmandyrlar. Abdylla bu rowaýaty romanyň bir bölüminde peýdalanaryn diýip ýördi. Nähili peýdalanmalydygyny bilmeýän eken. Rowaýaty serinden geçirip oturyşyna ol: “Menem şu kyssamy edil şo sandyk ýaly içindäki baru-ýok zatlary bilen bile gömüp taşlan bolsam, oňat bolardy?” diýip oýlandy. Indi sandygyň ornuna Abdyllanyň özüni gömmekçi bolýarlar... Ýerli-rus mekdebinde okaýarka bolan bir waka Abdyllanyň ýadyna düşdi. O wagtlar Georgiý Ýewstigneýewiç däl-de, Leonid Dmitriýewiç Pugowkin diýen mugallym okadýardy. Bir gün ol surat sapagyna ullakan ýüz görülýän aýna alyp gelipdi. Çagalar özleriniň aýnadaky keşplerine seredip, surat çekýärdiler. Şol gezek Leonid Dmitriýewiç az salymlyk klasdan çykyp gitdi. Çaga çaga bolýar-da, Akmal bilen ýene biri: “Aýnanyň arkasynda näme barka?” diýişip, gyzyklanyp, onuň aňyrsyna kellelerini sokup seredip gördüler. Şonda dik duran aýna ýykylyp, ýere degip kül-pagyş boldy. Ony ýere ýetmänkä tutup saklamak üçin ýerinden syçrap turan Abdylla aýnanyň ýüzünde öz şekiliniň bölek-bölek bolup, pytrap gidenini gördi. Çym-pytrak bolan aýnanyň bir böleginde gulagy, beýlekisinde boýny, üçünjisinde agzy, ýene birinde gözi... Şo pursat Abdyllany haýrana goýupdy: döwlen aýna bölekleri onuň ýüz keşbini bitewi saklajak bolýan ýaly göründi... “Birleşmek, bitewileşmek diýilýän zat, meger, şu bolsa gerek” diýip, ol pikire çümdi. Belkäm, ýaňky sahnajygy Buharada ulanmalydyr? Aýhanpaşşany goşy bilen bilelikde Buhara köşgüne alyp gelen emir Nasrulla han haremhana girse, onuň ullakan sandygyň öňünde oturanyny görüp: “Açary ber, ganjyk!” diýip, Aýhanpaşşanyň näzijek ellerinden açary gaňryp alsa, sandygy açsa, gorky bilen sandygyň içine seretse, o ýerde ullakan ýüz görülýän aýna gözi düşse, aýnada özüniň hyrsyz hem yzgytsyz ýüzüni görse... Guduzlan ýaly bolup, gylyjyny ýalaňaçlap, aýnany çapsa, çapsa, çapsa... Pagyş-para bolan aýnanyň böleklerinde bolsa, emiriň däl-de, Aýhanpaşşanyň gamly ýüz keşbi görünse... *** Ýa bu-da şeýtanyň waswasysymyka? Abdylla ýene-de atasynyň hekaýasyny ýatlady: “Men bezm edilýän meýdançanyň üstünden geçmek üçin haýatdan aşdym. Oh-ho-o, meýdançanyň içi gündizlik ýaly ýap-ýagty, agaçlaryň şahasyndan çyralar asylyp goýlupdyr, ýere ýüpek halylar düşelipdir. Bir çetde äpet mis semawarlar, beýleki bir tarapda uly gazanlar bugaryp dur. Meýdançanyň ortasynda ýüz çemesi adam, garrysy, ýaşy garym-gatym, döwre gurap, dutardyr tamdyra çalyp, deprekdir nagara kakyp, bezm edişip otyrlar. Şol wagt biri ylgap ýanyma geldi-de, bezm edip oturanlara garap: – Ine, Usar eke-de geldi! – diýip habar berdi. Toýçularyň hemmesi maňa seretdi. – Geliň, geliň, Usar eke, işleri azaltdyňyzmy? – diýişdiler. Şonda olara näme diýip jogap berenim ýadymda däl, çünki şo mahal men aljyraňňy ýagdaýdym. Olar meniň haýyma-maýyma bakman, göterip diýen ýaly töre geçirdiler. Adatça mejlise girip oturaňsoň, fatyha* okalýar. Ýöne olaryň sowallary bilen başagaý bolup, fatyha okamak hem ýadymdan çykypdyr. *Fatyha – Gurhanyň birinji süresi. Biraz salymdan özümi dürsäp, mejlisdäkileri gözden geçirdim. Käbirlerini nirededir bir ýerde gören ýaly... Oňatja garasam, olar ömrümde görmedik, tanyşmadyk ýat adamlaryma meňzeýärler. Ýöne olar maňa bilen ýakyn tanyşlary ýaly ýüzlenýärdiler, adymy dogry tutýardylar, eden işlerimi sorap, hatda sargy eder ýaly söwüt çybygyny ýygýanlygymdan hem habarlydylar. Bu ýagdaýa men haýranlar galyp otyrdym. Kimdir biri, bilmedim welin, mejlisiň başlygy bolsa gerek: – Usar ekäme desterhan ýazyň! – diýdi. Törde oturanlaryň biri oňa garşy çykdy. – Öňürti bir bezm edip alalyň, soň hemmämiz bile desterhanyň başyna geçeris! – diýip, ol maňa ýüzlendi. – Sizem köpden bäri bezm edip gören dälsiňiz! Ilki bezm edäýeliň? Garnym aç bolsa-da, myhman bolanym üçin onuň pikirine hä diýmekden gaýry alajym ýokdy. Sazandalar gurallaryny düzüp başladylar. Olaryň içinde tamdyra, dutar, gyjak, rubap, naý ýaly saz gurallary maňa tanyş bolsa-da, henize çenli görmedik, bilmedik birnäçe saz gurallarym hem bardy. Olar sazlaryny düzüp, bir hili gamgyn heňi çalmaga başladylar. Mukam şeýle bir jadylydy... Meni ýere siňip giderlik derejede gaýgy-gussa gaplap aldy, ýüregim tolgunyp, özümi nirä urjagymy bilmän başladym. Sazandalar bolsa, ýaňky gaýgyly heňi gitdigiçe belentden çekýärdiler... Ahyry saklanyp bilmedim, horkuldap aglap ugradym. Nämäni gaýgy edip, nämüçin agladym, özümem bilemok. Uzak agladym. Ahyry saz gutardy. Gutarmasyna gutardy, ýöne meni hem tas dyndarypdy. Degirmeniň iki daşynyň arasynda galyp, mäjum edilen ýaly, gymyldamaga-da mejalym galmandy. Gözümi açdym. Mejlisdäkileriň barynyň gözi mende, gülümsireşip seredýärler. Öz bolşuma utanyp, ýere bakyp oturyberdim. Sazandalar indiki heňi çalmaga taýynlyk görýärdiler. Emma men ýaňky ýaly sazy diňlemekden bizardym. Ýüregim gürs-gürs urýardy. Ýaňky ýaly mukamy ýene bir gezek diňlesem, biajal ölüp, ýer bilen ýegsan bolup gidäýjek ýalydym. Ikinji heň başlandy. Başlandan bütin bedenime dirilik suwy ýaýrap giden ýaly boldy. Özümde nähilidir bir lezzet duýdum. Mukam uçursyz şatlyklydy. Bu ahwaly neneňsi düşündirjegimi bilemok. Şol wagtam ortada on bäş-on alty ýaşlaryndaky bir gyz peýda boldy. Onuň uzyn saçlary tar-tardy. Ýüzleri ter, gözleri mähirlidi, ýaşyl mahmaldan tikilen gelşikli eginbaşy bardy. Ol ortada birnäçe ädim ýöredi, şonda onuň aýaklaryndaky jaňjagazlar bir enaýy owaz etdi. Gyz saza görä tans edip başlady. Şadyýan hem göçgünli sazyň ýelgini tansçy gyzyň hereketlerine joşgun berýärdi. Asmandan ýere bir şady-horramlyk inip, göýä ýer silkinip, ölüler diriläýjek ýalydy, dag-daşlar ýerinden gobsunyp, ýyldyzlar uçup, daragtlaryň şahalary titreşip durana meňzeýärdi. Ahyry bu lezzetli şatlyk gursagyma sygmady. Nähilidir bir güýç erkimi elimden alyp, oturan ýerimden turuzdy. Gyzyň ýanyna baryp, menem tans oýnamaga başladym. Özümem tansda gyzdan galmajak bolup, jan edýärdim. O gyz meň bilen biraz wagt tans oýnanyndan soň, ortadan çykyp, bir çete çekildi. Ýöne men tansdan çykmadym, çykmalydyram öýdemokdym. Adamlar ellerini çarpyşyp, üstümden gülýän ýaly şowhunly gygyryşýardylar. Meniň welin hiç bir zat perwaýyma däl, tansy dowam edýärdim... Näçe wagt geçenini bilemok, entirekläp ýykyldym. Özümi ele alyp, gaýtadan tansa başlamakçy boldum. Ýöne ýene serrelip gaýtdym. Bir zamandan soň özmi dürsäp, ýerimden galdym, gözümi açyp töweregime garadym... Garasam, ne-hä adamlar bar, ne-de saz, hiç kim, hiç zat ýok... Tüm-garaňky meýdanda, bir ýabyň içinde durun...” Abdyllanyň häzirki düşen ýagdaýy hem Usar atanyň ýabyň içinde batga batyşyndan enaýy däl!.. *** Ýaşlyk ýyllarynda Abdylla gören düýşlerini kagyza ýazyp goýardy. Soňabaka argyn zähmetden surnugyp, agyr uka batýardy-da, düýş görmän turýardy. Görse-de, ýadyna düşmeýärdi. Bu günki gören düýşi ilki-hä başly-baratdy, dagynykdy. Soňra bolsa... Hany, dur-la, dur! Ol nähili düýş görüpdi? Düýşüň başy hiç haçan aýdyň bolmaýar, göýä suw içinde otuňmy ýa kiçijek balygyňmy duýdansyz görnüp gidişi dek, bir zatlar ýylp edýär, soňra bar ünsüňi akyma berýärsiň. Düýş aýdyňlaşyp başlaýar. Abdylla şunça çytraşsa-da, ol akymyň gözbaşyna ýetip bilenok. Düýşüne Moskwada okan ýyllary, durmuşyna az salymlyk aralaşyp, soňam gaýyp bolan dostlary Sergeý Berežnoý bilen Serik Saktaganowy giripdir. Olar uly stadiona baryp, içki geýimde akrobatiki maşklary edýärmişler. Abdylla meýdançanyň ortasynda, dostlary bolsa, hersi onuň bir egnine münüp, gan ýaly gyzyl ýyldyz bilen orak-çekiji ellerinde tutup durmuşynlar. Dostlary bir-birinden daýaw, olaryň ikisinem egninde nädip göterip bilşine Abdyllanyň akyly haýran. Olar Abdyllanyň egninden sypyrylyp düşýärler-de, biri-hä Konollä, beýlekisem Ştoddarta öwrülýär, Abdyllanyň gözüniň alnynda bir-ä çekiç bilen ýyldyzy döwüp, kül-owram edýär, beýlekisem oragyň ujy bilen ýere bir zatlar ýazýar... Abdylla nämäniň nämedigine düşünip ýetişmänkä olaryň eli çekiçlisi Winokurowa, oraklysy bolsa Trigulowa öwrülip, ony müňlerçe adamyň öňünde sorag edip başlaýar. – Sen ýazyjymyň? – Hawa... – Özüňi dörediji adam hasap edýäňmi? – Hawa... – Ýokdan bar edip, kimdir biriniň durmuşyny toslap tapýaňmy? – Hawa... – Onsoň şo toslamalaryňa özüňem ynanýaňmy? – Hawa... – Bu dünýäde yzsyz-sorsuz hiç bir zadyň ýitip gitmeýändigini bilýäňmi? – Hawa... – Ahyrete ynanýaňmy? – Hawa... – Waswasa diýen zady bilýäňmi? – Hawa... – Toslap tapanlaryň ahyret güni gelip, bokurdagyňdan ýapyşjagyndan gorkaňokmy? – ... – Sen özüňi Hudaýa deňeýäňmi? – ... – Munuň üçin nähili jeza berilýänini bilýäňmi? – ... – Al onda! – diýip, edil ot oran ýaly, orak bilen onuň kellesini kesip taşlaýarlar. Gürzä öwrülen çekiç bolsa, togalanan kellesini we başsyz göwresini ýepbekläp, ýere sokup barýar. Diýmek, bular Müňkür-Nekir ekeni!.. Ýerde, otuň üstünde maýkaly ýatan Abdyllanyň ýanyna Moskwanyň ak bulutly asmanyndan gözellikde deňi-taýy bolmadyk bir özbek zenany düşüp gelýär. Nätanyş-a däl, o zenany bir ýerde gören ýaly. Abdylla zenany tanamasa-da, ol Abdyllany gowy tanaýar. – Men siz bilen hoşlaşmak üçin geldim – diýip, ol dillenýär. Onuň sözlerinde bu dünýäde ömür eşidilmejek, diňe kitaplarda duşýan nähilidir bir hili süýjülik bar. “Kümüş bilen Rano hem edil şular ýaly bolmalydyr” diýip, Abdylla oýlanýar. – Siz nirä gitmekçi? – diýip, ol oňaýsyz ýagdaýa düşüp sowal berýär. – Meni sizden aýyrmakçy bolýarlar... Zenanyň mylakatly äheňinde näz-de ýok, kereşme-de. Gaýtam, gaýgy-gussa duýulýar. – Ýatlap durarsyňyzmy? – diýip, zenan soraýar. Abdylla: “Nämäni?” diýmekçi bolýar. Ýöne oňaýsyz ýagdaýa düşenligi sebäpli, üssesine-de aýalyň öňünde içki geýimde ýatanlygyndan utanyp, geplemeýär. – Ýeri, bolýar, men-ä gitdim onda – diýip, zenan bikarar ýagdaýda ak ýüpek ýaglygyny oýnaýar, eplenen kagyzy çykaryp, Abdylla uzadýar. Abdylla bir pursatlyk özüni ýitirýär, näme diýjegini, näderini bilmän aljyrap durka arkasyndan kimdir biriniň eli galtaşýar. Tisginip, yzyna öwrülse, aýaly Rahbar! – Barjak dälmi? – diýip, ol aýallaryň ähli duýgusyny bir söze sygdyryp aýdyşy ýaly, öýkelimi, ökünçlimi, gaýgylymy äheňde dillenip, elini bir ýerlere salgaýar. Abdylla onuň görkezen tarapyna ýönelýär, şo ýerde-de oýanýar. Oýanansoň, uzak wagtlap düýşüniň mazmuny, manysy, ýorgudy barada pikir edip ýatdy. Nämüçindir Çolpanyň setirleri ýadyna düşdi: Güm bol, şeýtan, basyrgandym... gorkýaryn, Git! Galkan deşildi, gylyjym syndy. Göreňokmy? Galmaz günde galyp men, Soňsuz bela-beter başymdan indi. Soňky nepes, ahyrky dem, eý, melek, Gel, bir seret, soňra ýykylsyn pelek! Düýşüne giren o gözel melek kimkä? Onuň örän ýönekeý, emma özüne maýyl ediji sözleri näme baradady? Ol Abdylla bir zatlar berjek bolupmydy? Abdylla seredip görse, ine, elinde bir bölek Kokant kagyzy! Ol tarsa dikelip oturdy-da, tanyş hem owadan arap ýazuwynda ýazylan şygry okady: Wa-hasreta halymga, yşkym terk etdi meni, Ýüregim buz deý sowuk, başymda gijäň tüni. Ýolda ýeke galdyrma, goýma zulmat tümünde, Biribarym, çekdirme zary hijran gamynda. Aşyk-magşuk ähliniň bar umydy wysalda, Jigerimi paralap, galmaýyn namut halda. Dost eşitmez, duşman görmez, dökülse meýli bada, Kim halymdan habar tutar köňlüm dolsa perýada. Bu gün çekip-çydardan agyr Aýhanyň derdi, Wa-hasreta, nä sebäbe barçaga wada berdi? *** Şol günden başlap Abdyllanyň ýüregini hiç zat gozgamady, ne ylhamy joşdy, ne höwes döredi, ne-de haýran galdy. Jöwzaly tomsuň kyrk çillesi gutardy. “Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz” diýilýän döwür geldi. Mundan buýana ýylyň ümzügi gyşa tarap. Abdyllanyň ýüreginden bir zat üzülip gaçana döndi. Daşky dünýäde höküm sürýän güýz onuň kalbyna giren ýalydy, dury suwa sary ýaprak gaçan ýalydy... Bir gün ony türmäniň sorag edilýän jaýyna alyp bardylar-da, Trigulowyň öňünde oturtdylar. “Indi nähili oýun turuzjak bolýarkalar?” diýip, Abdylla oýlandy. Trigulow pessaý ses bilen pyşyrdap diýen ýaly Abdylla ýüzlendi: – Seň bilen hoşlaşaýyn diýip çagyrdym... Abdylla Trigulowyň öňünde galyň papkanyň ýokdugyna şu ýerde üns berdi. – Nirä gidýäňiz? – diýip, ol ýasama gyzyklanma bilen sorady. Trigulow: – Meni seň işiňden çetleşdirýärler – diýdi. – Gidermikäm öýdýän. Işiňi Hanalyýewe tabşyrsalar gerek. Abdylla bu habary öňem eşiden dek biparh otyrdy. Trigulow dowam etdi: – Sen, Kadyry, Hanalyýewden seresap bol. Abdylla sessiz geňirgenip, Trigulowa seretdi. – Biz Buharada bile işledik. Men ony oňat tanaýan. Aňyrsy arassa däl... Gybaty halamazlyk Abdyllanyň zannynda bardy. “Gybat etmek öliniň etini iýmeklige deňdir” diýip Gurhanda-da ýazylypdyr. Emma Trigulow Abdyllanyň biparhlygyna garaman, gürrüňiň yzyny aýtmaga howlukdy: – Ol emir Nasrulla han döwründen galan bir maşgaladan çykan. Emir Nasrulla han Kokandy zabt edip alansoň, o ýerden bir näzenini öz nikasyna alypmyş. Aslynda welin, ony Abdusamat naýybyň zyndanynda ýatan iňlis içalysy Artur Konollä berýär. Emir Nasrulla han hiç haçan gyz-gelinlere göz gyzdyrmandyr, onuň bileni-biteni beçebazlyk bolupdyr. Geň zat, başga wagt bolanlygynda bu hekaýat Abdyllanyň süňňüni lerzana getirip, serini oý-hyýaldan doldurardy. Häzir welin ol ne-hä ýüregini gozgady, ne-de aňyna ýetdi. Diňe “Bu deýýuslar şalary, emirleri ryswa etjek gep-gürrüňleri hem ýygnap ýören bolarly” diýen pikir kellesinde aýlandy. – Bu barada hiç kim bilenok. Konolli o näzenini görenden kelemesini öwrüp, musulman bolýar, Hanaly diýen at bilen emir Nasrulla hanyň gizlin maslahatçysyna öwrülýär. Ol ikisi dil birikdirip, Abdusamat naýybyň hem ýoguna ýanýarlar. Hanalyýew, ana, şol iňlis içalysy Artur Konolliniň neberesi... Arman, biraz gijä galdym, ýogsam, men onuň özünem paş edip bilýärdim... – diýip, Trigulow gürrüňini gutardy. Ýok, Abdylla bu gezek Trigulowa ynanmady. Bu zatlaň bary ýalan! Hemmesi oýun! Jynlar bezmi! Erkinlikde wagty ol garrylaryň gürrüňine ynanyp, Aýhanpaşşa emir Nasrulla hany zäherläp öldüripdir diýip ýazmaga-da çemlenipdi. Ýöne ol Çolpanyň romanyndaky Zebiniň Akbaraly müňbaşyny öldürişine çalym edýär diýip, bu pikirinden el çekipdi. Ýok, Aýhanpaşşa hiç wagtam batly bolan däldir! Bolmagy mümkinem däl! Abdylla muny öz durmuşy esasynda bilýär... *** Şol gün Aýhanpaşşa adatdakysyndan ir oýandy. Düýş görüpdi. Kalbynda süýjümtik duýgy köräp, ýap-ýaňy gören düýşüni ýatlajak boldy. Ýöne her näçe jan etse-de, hakydasyna gelmedi. Ol ýatan ýerinden gören zatlaryny huşuna salmaga synanyşdy. Düýşüne kim girdikä? Atasy seýit Gazy hojamy, enesi pahyrmy, Kokant köşgündäki durmuşymy, Buhara göçürilişimi, çagalarymy? Ýok, bularyň hiç birem ýüregini beýle süýjüdip bilmez. Onda näme baradady bu ajyly-süýjüli üýtgeşik düýş? Aýhanpaşşa ýerinden turdy-da, çabydyny egnine atynyp, howla çykdy. Entek hiç kim oýanmandyr, çar ýany garaňkylyk. Ol dalanyň bir çetinde duran kündügi göterdi-de, üzümleriň arasyna geçip, täret almaga oturdy. Şol wagtam bulutlaryň arasyndan bihaýa Aýyň perdesiz ýüzi göründi. Aýhanpaşşa başyny galdyryp, asmana garady. Şonda onuň kirpiklerine bir bölek ýyldyz gaçdy. Ýok, ýyldyz däl eken, ol kirpiklerine degen suwuň Aý nuruna buldurap, ýyldyzlar ýaly öwşün atýan damjalary bolup çykdy. Aýhanpaşşanyň başy aýlanyp gitdi. Edil şo pursatda-da öten agşamky gören düýşi onuň ýadyna düşdi. Hä, hawa, düýşünde ol ýaýbaň ýapraklayň arasynda gizlenip, güýze galan gyrmyzy reňkli üzüm hoşasyny gördi. Ýüregi gürs-gürs urdy, dalbara dyrmaşyp, ony ýolup almakçy boldy. Ilki dalbaryň iň aşaky agajyna, soň ikinjisine, ondan soň üçünjisine aýagyny goýup, ýaňky hoşany ýoljak wagty aýagynyň aşagyndaky agaç döwlüp, Aýhanpaşşa ýokardan ýere ýykyldy. Ýere ýazylyp ýatyrka ol kimdir biriniň “Aýhan! Aýhan!” diýen sesini eşitdi. “Bu kimkä?” diýip, gözüni açyp seretse, garaýagyzdan syratly bir ýigit dur. Seýit Kasym diýse, o däl, Muhammet Şarif ýa Hanaly derwüş hem däl. Gara gaşly, gara gözli, murty taban ýigit onuň üstüne eglip, bägül ysy kükäp duran elýaglygy bilen Aýhanpaşşanyň maňlaý derini süpürdi. Aýhanpaşşa ilki tisgindi, “Bu nämährem ýigit kimkä?” diýip oýlandy. Ýöne üns berip görse, onuň hereketlerinde gorkuly zat ýok, tersine sypaty, syraty ümsüm, ýagşy pälli ýigide meňzeýär. Nämüçindir Aýhanpaşşanyň bu ýigide içini dökesi geldi. Ömrüniň ýürek çuňunda berçigip ýatan lagta-lagta ganyny çykaryp zyňmakçy deý, oňa gussaly nazar aýlady. Ýigit dymma görünýärdi, ol bägül ysly elýaglygy bilen Aýhanpaşşanyň maňlaýyny, ýaňaklaryny süpürýärdi. “Gorkma, men saňa ýat däl...” diýýän ýalydy. Nämüçindir gamgyn gözlerini onuň gözlerinden aýyrmaýardy. – Siz meni tanaýaňyzmy? – diýip, Aýhanpaşşa pyşyrdady. – Tanaýan – diýip, ýigit jogap berdi. – Hemmesini bilýän. – Men nirede? Buharadamy? – diýip, Aýhanpaşşa sorady. Ýigit çalaja baş atdy. – Maňa näme boldy? Ýykyldymmy? Ýigit jogap bermän, Aýhanpaşşanyň ýaňaklaryny, eňegini süpürdi. Aýhanpaşşa nämüçindir: – Sizi han göräýse, çapyp taşlar... diýdi. Ýigit ýuwaşja baş ýaýkady. – Günim Kenagas ýer astynda ýylan gäwüşese-de bilýändir – diýip, ol ýatan ýerinden howatyrlandy. Ýigit ýene baş ýaýkady. Onuň azsözlüligi, özüne erk edip bilmegi, adamlara mahsus bolmadyk nähilidir bir üýtgeşik taraplary Aýhanpaşşada: “Bu asmandan ýere inen perişde bolmasyn?” diýen howsalaly pikiri döretdi. Ýöne şo pursatda onuň çekgesini we eňegini süpürýän ýigidiň ýyly barmaklary tötänlikde Aýhanpaşşanyň dodaklaryna galtaşyp gitdi. Ähtimal, ýigit: “Özüňizi gynamaň, geplemäň!” diýmekçi bolandyr. Aýhanpaşşanyň göwnüne onuň ýüzünde özüniň bütin ömür beýany şöhlelenip görnen ýaly boldy. Bu ýigit dogrudan-da hemme zady bilýän bolsa gerek. Nämüçin ol geplemeýärkä? Nämüçin beýlekiler ýaly özüni mejalsyz ýatan aýalyň üstüne zyňmaýarka? Nämüçin çekeläp, paýhynlap, basgylamaýarka? Aýhanpaşşanyň gözlerinden ýaş syrykdy. Ýigit uludan dem aly, onuň gözýaşyny öz erkine goýberdi, olary süpürmedi, göýä: “Agla, aglaber biçäre zenan, ýüregiň gowzasyn!” diýýän ýalydy. Aýhanpaşşa ümezlän gözlerini onuň arkasyndaky biserhet asmana dikip ýatyşyna, saklanyp bilmän, eňräp aglady. Gören horluklarynyň bary gözýaşa öwrülip çykan ýaly boldy. Dünýä ineli bäri hiç kimiň “Halyň neneň, eý bende?” diýip, küýze dek syndyrylan göwnüni götermändigini ýatlady. Kiçijek gyzka gar üstünde aýakýalaň duran mahaly, saçlary çöşlenip, zorlanan wagty, bagtygara ene bolup, “Owlakgapdy” oýnundaky ýaly elden ele geçen döwri hiç kimiň halyny soramandygy ýadyna düşdi. Bu şormaňlaý aýal ýene nämeleri ýatlasyn? Bu ýigidiň öňünde başga nähili derdini aýtsyn? Aýhanpaşşa köşeşip bilmän, başyny ýigidiň dyzlaryna tarap öwürdi. Ýüzüne uran ýyly howur uzakda galan howpsuz-hatarsyz, asuda hem bigam çagalygyndaky duýgulary oýardy. – Maňa nä döw çaldy? – diýip, ol gözýaşa ezilen ýüzüni ýigidiň dyzyna goýdy. Ýigit aýtmalymy, aýtmaly däl, aýtsam, onuň ozaldanam ýaraly ýüregine köz basdygym bolmazmy diýýän deý agyr dem aldy. Bolup geçen wakalar onuň hyýalynda janlandy. Jokrama tomus. Gün dik depä çykan wagty Aýhanpaşşanyň eňegi bir ýerde durmaýan iňirdewük günisi Kenagas bike peýda boldy. Ol gam-gussa boglup oturan Aýhanpaşşanyň häziriň özünde hanyň huzuryna – melgun Abdusamat naýybyň çarbagyna barmagyny buýurdy. Aýhanpaşşa kölegesini süýräp, köşgüň işiginde duran hanarabanyň ýanyna bardy. Hudaý bu messepsiz mahlugyň kalbyna ynsap salyp, ol Aýhanpaşşanyň iki ogluny yzyna gaýtaryp berer öýdýäňmi? Günüň ýiti tygy çümre bürenjegiň astyndaky Aýhanpaşşanyň beýnisini çogduryp barýardy. Ol zordan diýen ýaly araba münüp, arabakeş ýigidiň çala baş atyp beren salamyny almaga-da gurbaty ýetmän, çog-gyzyl kapas kejebäniň içine özüni atdy. Araba siltenip, ýola düşdi. Aýhanpaşşanyň demi gysyp başlady. Ol ilki bilen başyndan bürenjegini sypyryp taşlady, soňra ýakasynyň bagjygyny çözdi. Emma peýda bermedi. Onuň howasy ýetmeýärdi. Araba köşgüň gapdalyndaky eňňit ýoldan agaç tekerlerini takyrdadyp, aşak inip barýardy. Aýhanpaşşanyň bolsa ýüregi howsalaly gürsüldäp, gitdigiçe ynjalykdan gaçýardy. Nämüçin ol Kokantda zäher içip ölmedikä? Belki, çagalarynyň halyna gözi gyýan däldir? Beýleki şazadalaryň şehit bolan ýerinde gözmonjugy ýaly iki balasyny aman saklamak isländir? Ýöne kim üçin aman saklady? Ine, şu ýigrenji mahluklara aw bolmak üçinmi? Häzir dem alar ýaly howa bir ýetsedi!.. Arabanyň üstünde Güne gowulyp, demigip, agyr oý-hyýallaryň ýesiri bolup oturmakdan agyr zat barmyka? Hawa-da, munuň başyna düşen güni item görmesin, it görse, gözi agarjak... Araba meýdança çykansoň, nämüçindir çepe – şäher tarapa sowuldy. “Çarbaglar adatça şäheriň çetinde bolýar dälmi näme?!” diýip, Aýhanpaşşa öz ýanyndan oýlandy. Ýöne bu pikir ony ne köşeşdirdi, ne-de melhem berdi. Howanyň jokrama yssysyna garamazdan, şäheriň köçelerinden adam sesleri gelýärdi. Kimsi gygyrýar, kimsi çygyrýar. Bu pille köçede näme edýärkäler? Uzakdan aýran satýan adamyň sesine bat berip gygyrýan sesi eşidilýärdi. Aýhanpaşşanyň dodagy kepädi. Arabany sakla diýse näderkä? Arabakeş ýigit gulak asarmyka? Ýaňy onuň beren salamyny-da almady. Indi ar almak üçin diýenini etmezmikä? Ýa bu-da o ýigrenji maklukdan ätiýaç edýärmikä?.. Wah, howasy ýetenok, dem alar ýaly däl. Ýa kalbyndaky bitakatlyk teşneligi üçinmikä? Köçeden aýal gülküsi eşidildi. Ýeri, şu mahal, şu ot-yssyda hikirdär ýaly näme barmyş? “Bul-a asylam meniňki däl!” diýip, ýaňky aýalyň näzirgeýän sesi geldi. Muňa Aýhanpaşşanyň has-da kejebesi daraldy. “Bu dünýede seniň nämäň bar?” diýip, oňa gaty sesi bilen gygyrasy geldi. Ýöne beýnisi sorkuldap çogup gelýänligi üçin dilini dişläp oturyberdi. Araba yzynda insizje tozan zolagyny galdyryp, ululy-kiçili köçeleri boýlap, Aýhanpaşşany nirädir bir ýere alyp barýar. Onuň burnuna çaň urdy, bogazyna tot-tozan ýelmeşip, boguldy. Ýüzüni, boýnuny der basdy. Şol wagt it üýrdi. Ýöne araba onuň üçin äwmän, ýoluny dowam ediberdi. Birdenkä gapdallap üýrüp gelýän it çyňsady-da, yzda galdy. Janawary arabaň tekeri basaýdymyka? Kim bilýä?.. Ýa bu çyňsama Aýhanpaşşanyň garjaşyk hyýallarynda eşidildimikä? Muny kimden sorap bilmeli? Ýeri, bolýar! Gynalsa-da, bogulsa-da, demikse-de, Aýhanpaşşa, goý, şu araba bilen öz ýoluny geçibersin, öz durmuşyny ýaşabersin! Goý, ol hiç haçan Abdusamat melgunyň çarbagyna barmasyn! Hiç haçan ony boşlaň howluda, üzüm agaçlarynyň goýry saýasynda ýa-da Günüň ýiti şöhlesiniň astynda eginbaşy sal-sal, ýüzi-gözi gara gana boýalan, aýagy gandally, boýny zynjyrly derwüş garşy almasyn! Hiç haçan olaryň öňüne iki sany ýigrenji mahluk çykyp, biri beýlekisine Aýhanpaşşanyň derwüşe ýazan hatyny uzatmasyn! Hiç haçan ol beçebaz içeriden Aýhanpaşşanyň iki ogluny alyp çykmak üçin melguna yşarat etmesin! Hiç haçan çagajyklarynyň birini derwüşiň öňüne taşlap, gana suwsan jellat: “Höküm! Bularyň tohum-tijini gyryp tükediň!” diýmesin! Hiç haçan akylyny ýitiren bedibagt aýal näme edýänini-de bilmezden, özüni onuň aýaklarynyň astyna taşlap, ädikleriniň çaň-tozanyna gözýaşyny süpürmesin! Hiç haçan, hiç haçan, hiç haçan... Bu zatlary aýtmaga ýigidiň neneň dili barsyn? Bu biçäre aýalyň dilim-dilim edilen ejizje ýüregine nädip duz guýsun? Ol damagynda düwün bolup duran agyryly sözleri kynlyk bilen ýuwutdy-da, eglip, aýalyň maňlaýyndan öpdi. – Siz meni hiç kime taşlap gitmersiňizmi? – diýip, Aýhanpaşşa zarynlady. Ýigit emaý bilen onuň ýüzündäki gözýaşlary süpürip, başyny ýaýkady. – Meniň bu dünýäde hiç kimim galmady... diýip, Aýhanpaşşa pyşyrdap sojady. – Nädip taşlap gideýin? – diýip, Abdylla boguk ses bilen aýtdy. – Indi biz bile... Ýok, Abdylla muňa-da ynanmady. Çolpan aýdypdyr-a: Diňläp, zülplerini oýnap durşuna, Diýdi: “Bu tymsallaň biderek bary”. Şu sözleri gulagyma eşdildi: “Akdym ganly suwda, köp çekdim zary...” Durmuş, ine, şu ganly, sary-sadyr suwuň akymyndan ybarat... Oňa diňe ýagty aýyň, Aýhanyň şöhlesi düşüp ýylpyldaýar, soňam öçýär... ...Trigulow gürrüňini dowam etdirip: – Ýöne henizem bir pille... Bular entek kim bilen iş salyşýanyny bilenoklar... – diýdi. Onsoň ýerinden turup, Abdyllanyň ýanyna geldi, onuň gulagyna pyşyrdap: – Ýör, saňa soňky sahnany görkezeýin! Ömürboýy ýadyňdan çykmaz! – diýdi-de, ilki bolup özi türmäniň dälizine çykdy. O ýerdäki esgeri başga kamera ugradyp, “Gel bärik!” diýen manyda Abdylla yşarat etdi. Abdylla ýerinden turup, Trigulowyň yzyna eýerdi. Üç kameranyň gabadyndan geçip, ýüzüne “38” belgi ýazylan gapynyň öňünde aýak çekdiler. Trigulow gapyda gözegçilik üçin goýlan ýörite deşijegi ümläp: – Seret! – diýdi. Abdylla deşijekden jyklady. Gözüňe ynanar ýaly däl! Ortada gyzgylt reňkli sakgalyny sypalap Jurat aksakal, onuň ýanynda köne hekaýatlary gürrüň berip Mübärek jöhit, oňa gulak asyp, nurana ýüzli molla Kosoniý, üşügi ýiti professor Zasypkin, çekinjeň Abbas Aly Kazwiniý, arryk molla Şybyrgany dagy otyr! Beýleräkde myrdaryny aşyryp, ogrularyň baştutany Gena Taşkentskiý we onuň ýaranlary öz oýunlary bilen gara başlaryna gaý. Bu jynlar bezminiň arasynda bolsa, äýneginiň aňyrsyndaky röwşen gözlerini ýaşa dolduryp, Abdyllanyň kyýamatlyk dosty, biçäre şahyr Abdulhamid Çolpan otyr... Ýa bular Mübäregiň aýdyşy ýaly, arynyň mumundan ýasalyp goýlan adam şekillerimikä? Abdylla tä ganjarýança dodagyny dişläp, seredip durdy... Güm bol, şeýtan, basyrgandym... gorkýaryn, Git! Galkan deşildi, gylyjym syndy. Göreňokmy? Galmaz günde galyp men, Soňsuz bela-beter başymdan indi. Soňky nepes, ahyrky dem, eý, melek, Gel, bir seret, soňra ýykylsyn pelek! *** Güýz ýetip geldi. Çolpan aýtmyşlaýyn: Güýz... bu ene toprak saralyp soldy, Saralyp soldy güýz bu ene toprak. Tä soňky deme çen ýaprak gyzardy, Gyzardy tä soňky deme çen ýaprak. Baglarda gargalar gagyldaşdylar, Bilmedim, gör, kimiň täleýi keçdir. Baglaň depesinde gaýmalaşdylar, Bilmedim, gör, kimiň umydy puçdur. Eý, sowuk ülkeden buz geýip gelen, Hergiz ýaman päliň ýoldaşyň bolsun! Eý, meniň bagymdan miwämi ýolan, Gara başyň gara ýere garylsyn! Bilmedim, gör kimiň umydy puçdur, Gyzardy tä soňky deme çen ýaprak. Bilmedim, gör, kimiň täleýi keçdir, Saralyp soldy güýz bu ene toprak... Abdylla öz ýanyndan bu şygry pyşyrdap näçe okasa-da, ondan täze-täze many çykyp gidip otyr. Setirleriň ýeriniň çalşyp gelmegi mazmuna mazmun goşýar, saralan ýapraklar, solan topraklar, gargalaryň gagyldysy başyňy aýlap, ýiten umytlary, kesilen ömürleri ýadyňa salýar... Güýz günleriniň birinde Abdyllany ýene-de türmäniň sorag edilýän jaýyna alyp gitdiler. O ýerde, ahyrzaman deçjalynyň ornunda Abdyllany Hanalyýew garşylady. – Trigulow niredekä diýip pikir edýäňizmi, ýoldaş Kadyry? Ol işden kowuldy. Nämüçin diýýäňizmi? Işde galplyga ýol berenligi üçin... Abdylla begenjegini, gynanjagyny bilmedi. Galplyga ýol berenligi üçin işden kowlan bolsa, diýmek, bularyň işine-de gaýtadan seredýän ekenler-dä... – Men ony köpden bäri tanaýardym. Buharada bile işläpdik. Men onuň ata-baba aňyrsyna, gelip çykyşyna belet. Abdylla ýerli-rus mekdebinde okaýarka matematika mugallymy Frol Kowalewskiý “tentek tükeniksizlik” kesgitlemesi arkaly okuwçylary bendi ederdi, gorkuzardy. Her gezek atasy Kadyr bagbanyň jynlar bezmi baradaky hekaýatyny eşidende-de şu “tentek tükeniksizlik” ýadyna düşýärdi. Ynha, indi Hanalyýewiň sözleri hem şo “tentek tükeniksizligi” ýatladýar. Taryhy ýazgylarda okan bir rowaýaty Abdyllanyň hakydasyna geldi. Bir sada obaly adam Damaskamy, Bagdadamy, bir uly şähere baranda ummasyz köp adamy görüp: “Bularyň içinde ýitip gitmesemem biridir” diýip, ätiýaçdan aýagyna gyzyl bagjyk daňypdyr. Gije kerwensaraýda ýatyrka bir degişgen adam onuň gyzyl bagjygyny aýagyndan çözüp alypdyr-da, başga biriniň aýagyna daňyp goýupdyr. Obadan gelen sada adam ertesi seredip görse, aýagynda bagjygy ýok. Töweregine garasa, bagjyk başga biriniň aýagynda diýýär. Ol böküp ýerinden turupdyr-da, onuň synyndan aslyşyp: “Sen-ä men bolmaly! Seret, aýagyňda meniň gyzyl bagjygym bar!” diýipdir. Soň biraz oýa batyp: “Onda men kimkäm?” diýip, dowla düşüpdir... Bularam öz aralarynda şu rowaýatdaky oýny oýnaýaýan bolmasynlar? Ony diýseň, Abdyllanyň özem şo ýagdaýda dälmi näme?! – Onuň aňyrsy arassa däl – diýip, Hanalyýew dowam etdi. – Emir Nasrulla hanyň döwründe Abdusamat şaýy diýen bir jahankeşde bolan. Bi jahankeşdäniň Tirkul diýen tatar guly bar eken. Tirkul Abdusamat şaýynyň Rahil diýen aýalynyň oýnaşy bolupdyr. Rahil hamyla bolup, syry açylyp ugranda bular dil düwşüp, Abdusamadyň eden galplyklaryny emire ýetiripdirler. Emir bolsa, Abdusamat naýyby ölüme höküm edipdir. Trigulow, ana, şolar ýaly orramsynyň ogly... Hanalyýewiň gürrüňi Abdyllany düýbünden gyzyklandyrmady. Oňa: “Oýun gutardy, bagjyk açyldy, seniň aýnaň kül-uşak bolup, ýere gömüldi!” diýmek isledi. Ýöne şony diýmäge-de gurbaty çatmady. Abdyllany haýran galdyran ýagdaý, bu döwsypat Hanalyýewiň sowatlylygy boldy. Dogrudan-da bularyň sowadyna aýratyn üns berilýäne meňzeýär. Bularyň mugallymlary kimlerkä? Jurat aksakalmy, professor Zasypkinmi, molla Kosonimi, Mübärekmi, Aly Abbas Kazwinimi, molla Şybyrganymy? Ýa olar ýönekeý bir hyzmatkärmikä? Onda bularyň mugallymlary has ylymly-bilimli adamlar bolmaly... Kim bolup biler? Abdylla birdenkä öz pikirlerinden gorkup tisginip gitdi. Içinden üç gezek: “Essagpyrylla! Essagpyrylla! Essagpyrylla!” diýdi. Hanalyýew bolsa, hiç zady duýmaýan deý, öz gürrüňini dowam etdi: – Men size bir zady görkezeýin! Ömürboýy ýadyňdan çykmaz! Ýok, Hanalyýew Abdyllany türmäniň başga kamerasyny görkezmäge äkitmedi. Ol öňünde ýatan galyň papkadan jenaýat işine degişli bir kagyzy alyp, Abdylla uzatdy. Rus dilinde ýazylan bu kagyzy Abdylla içinden terjime edip, okamaga başlady: “1932-nji ýyldan başlap, ol Ýaponiýanyň peýdasyna içalylyk hereketlerine başlady. “S” lakamly jansyzyň üsti bilen SSSR Halk Komissarlary Sowetiniň gizlin maglumatlaryny ýetirdi. Şol jansyz arkaly ol milli respublikalarda kontrrewolýusion we milletçilikli guramalaryň ýagdaýlary we hereketleri baradaky habarlary ugratdy”. Abdylla aňk-taňk boldy. Onuň aljyranlygyny gören Hanalyýew: – Bilýäňmi bu kimiň işi? – diýip sorady. Abdylla egnini gysdy. – Dostuňyz Çolpanyňky! Bu haramzadalaryň edýän galplyklaryny görse, şeýtanam agzyny açar... Al, ine, okap gör, ony nähili ýagdaýa eltipdirler! Ol ýene bir kagyz uzatdy. Abdylla ýaşlygyndan bäri tanyş hem takyk ýazuwa göz gezdirdi: “Bu düşündiriş hatymyň ahyrynda şuny aýtmakçy, meniň goýberen hatalarym köpdür. Olar bilen göreşmek gerek. Ýöne meniň hatalarymy olaryň ýok ýerinden we umuman bolmajak ýerinden gözlemegiň hajaty ýok. Olary hiç bir kynçylyksyz görünýän ýerinden gözlemek gerek. Ýogsa, bu ýagdaýda olary paş etmekçi bolýanlaryň hereketleri öz-özlerini aldamakdan başga zat däl...” “Bular ölse-de, Çolpana düşünjek gümanlary ýok!” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. – Muny hem okaň! – diýip, Hanalyýew bir bölek Kokant kagyzyny uzatdy. Ýene şol owadan, tanyş arap ýazuwy. “Haremhana yzgytsyz sowuk şemal kürsäp urdy. Telim jüp tylla küýzeler döwüldi, badalar çat açdy, meýler döküldi, golçalar syndy, käseler moý atdy... Ýeňlişde hem edil ýeňişdäki ýaly lezzet bar. Ýeňlişden aýňalyp, ýeňşe tarap ýörüň! Ganatymyz gyryldy, çyragymyz öçdi, garaňky ýoldan barýas, maksadymyz nämälim...” Soňra ýene bir ýazgy: “Seniň ap-ak ýüzüňi unutmak üçin ak ýüzli näzeniniň gara nikap örtünmegi zerur. Sary derýanyň suwy kerçelen balyklaryň ganyny ýuwudýar...” Abdylla bu sözleri bireýýäm hyýalynda ýazyp gutaran romanynyň sözsoňusy hökmünde kabul etdi. _______________________________________ *Rişta – bedene düşýän sapak şekilli parazit-gurçuk, onuň döredýän ýarasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |